Новости
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maksatnamalarynyň baş ugry — mähriban halkymyzyň abadançylygy

Jemgyýeti has-da demokratiýalaşdyrmak, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy, eziz Watanymyzy ylmy gazanylanlara, innowasiýalara esaslanan bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetli ösen döwletleriň birine öwürmek, türkmen halkynyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmek — milli Liderimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän özgertmeleriniň umumy maksatnamasynyň hut şu esasy ugurlary geçen hepdäniň wakalaryny şöhlelendirdi.

25-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyryp, birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmak boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy, şeýle hem milli buýsanjymyz hasaplanylýan alabaý itler we olary ösdürip ýetişdirmegiň dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilişi bilen gyzyklandy.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň toplumynyň baş meýilnamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz türkmen alabaý itleriniň baýramyny Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen utgaşdyryp geçirilmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, bu şanly seneler mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy bilen tanşyp, bäsleşigiň jemleri boýunça ýeňiji diýlip yglan edilen alabaýa “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen derejäniň berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny, bu jümlede alabaýlara mahsus häsiýetleriň jemlenendigini belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde bina edilýän we Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän Söwda we dynç alyş merkezli desgalar toplumynyň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen taslamalar bilen tanşyp, täze toplumda iri Söwda merkeziniň işini guramagyň öňdebaryjy çözgütleriniň hem-de döwrebap bezeg pikirleriniň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi we toplumyň içki bezeginde gündogar nagyşlarynyň görnüşleriniň ulanylmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz şäheriň gözel künjekleriniň birinde bina edilýän we birnäçe durmuş maksatly desgalary özünde jemleýän bu toplumyň “Aşgabat” diýlip atlandyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi hem-de munuň paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna mynasyp sowgat boljakdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz ak mermerli Aşgabada bagyşlanyp dörediljek aýdymyň goşgusynyň, sazynyň we ýerine ýetirilişiniň sazlaşygyndan döremelidigini aýdyp, Aşgabat hakynda dörediljek aýdymlaryň paýtagtymyzyň gözel keşbini suratlandyrýan şekiller bilen utgaşdyrylmalydygyny, bäsleşigiň ýeňijileriniň Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi hökmünde yglan edilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparynyň dowamynda “Türkmenbaşy” Döwlet täjirçilik bankynyň hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binalarynyň gurluşygynda işleriň barşy bilen tanyşdy. Olar şäheriň günorta böleginde gurlup, bu ýerde işewürlik merkezi kemala gelýär.

Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda ýurdumyzyň bank-maliýe düzümine möhüm ornuň degişlidigini belläp, milli Liderimiz bankyň gurluşygynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, onda häzirki zaman ösen tejribeleriň ulanylmagynyň, bankyň işine döwrebap sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy.

26-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça nobatdaky iş saparyny amala aşyryp, şäheriň demirgazyk böleginde gurulýan, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän täze desgalarda işleriň barşy bilen tanyşdy. Bu ýerde köpugurly işewürler merkezli kaşaň “Garagum” myhmanhanasynyň we onuň golaýynda ýerleşen seýilgähiň hem-de söwda-dynç alyş toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hil derejesinde alnyp barlyp, milli öwüşginleri özünde jemlemelidigi barada nygtap, seýilgähiň döwrebap atlandyrylmalydygyna ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, ony “Laçyn” diýip atlandyrmagy teklip etdi. Milli Liderimiziň bu teklibi paýtagtymyzyň ganatlaryny ýaýyp duran laçynyň şekilindäki Halkara howa menziliniň bu ýerde ýerleşmegi bilen baglylykda, ýerine düşen teklipdir.

Durky doly täzelenýän bu etrabyň durmuş düzüminiň üstüni Söwda-dynç alyş merkezi ýetirip, onuň gurluşyk meýdançasynyň umumy meýdany 9 gektara barabar bolar.

“Garagum” myhmanhanasynyň esasy aýratynlygy — onuň daşky keşbi. Binanyň merkezi böleginiň hem-de onuň gapdalyndaky iki binanyň keşbi çäge tolkunlaryny ýatladýar. Binagärlik toplumynyň üstüni ýetiren ak öý bolsa, milli keşbi ýatladýar.

Milli Liderimiz myhmanhananyň zallarynyň we otaglarynyň içki bezegleriniň milli derejede özara utgaşmalydygyna ünsi çekdi we şol işleriň halkara ülňülere doly laýyk gelmelidigini belledi. Bu ugurda ýerine ýetirilýän işlerde iň döwrebap we täzeçil tehnologiýalar ulanylmalydyr.

Bu myhmanhana türkmen halkynyň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däpleriniň aýdyň nyşany bolmalydyr. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyza gelýän syýahatçylar we daşary ýurtly myhmanlar üçin bu ýerde ýörite medeni maksatnamany işläp taýýarlamak zerurdyr. Şol maksatnamada paýtagtymyzyň ajaýyp ýerleri boýunça tanyşlyk gezelençlerini guramagy göz öňünde tutmak gerek.

Şeýle hem şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uzynlygy 600 kilometre golaý bolan ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtoulag ýolunyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Onuň taslamasyny düzmek we gurluşygyny amala aşyrmak Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine tabşyryldy.

Taslama laýyklykda, awtoulag ýoly Türkmenistanyň çäklerinden geçýän ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmaga we tizleşdirmäge gönükdirilendir. Aşgabat — Türkmenbaşy ýoly bilen birleşmeginiň netijesinde, ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen birleşdirýän awtoban ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna göni çykalgany üpjün eder, ondan aňryk deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa tarap, Russiýanyň günortasyna, Eýranyň demirgazygyna, Pars we Oman aýlaglaryna çykmaga mümkinçilik döreder.

Milli Liderimiz ýoluň geçjek ugurlaryny görkezýän çyzgylar, uly töleg terminalynyň hem-de kiçi töleg nokatlarynyň görnüşleri bilen tanyşdyryldy. Mundan başga-da, çyzgylarda ýangyç guýujy bekediň, söwda nokatlarynyň, ulag serişdelerine hyzmat ediş bölümleriň, dynç alyş meýdançalaryň, çatryklaryň, köprüleriň görnüşleri we beýlekiler görkezildi.

Halkara ölçeglere kybap gurulýan bu ýoluň hyzmatyndan peýdalanjak sürüjiler töleg terminallary arkaly töleg geçirenlerinde daşary ýurt walýutasynda hasaplaşmaly bolarlar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýokary derejeli şeýle awtobanyň gurulmagy bilen baglylykda, Halkara awtomobil ulaglary birleşigi, “Ýewropa — Kawkaz — Aziýa” ulag geçelgesini gurmak boýunça Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaş ýurtlaryň arasyndaky Halkara hyzmatdaşlyk maksatnamasy bolan TRASEKA hem-de bütin dünýä boýunça ýük daşamak bilen meşgullanýan logistika guramalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak gerek.

Şol gün hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň Çoganly ýaşaýyş toplumyna bardy, bu ýerde 3 we 4 otagly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Milli Liderimiz häzirki wagtda gurluşygy ýaýbaňlandyrylan ýaşaýyş jaýlaryny synlady. Şolarda ýaşaýjylar üçin hemme zerur bolan durmuş üpjünçiligi döredilmelidir diýip aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, şu ýyl 25-nji maýda belleniljek Aşgabat şäheriniň gününde paýtagtymyzyň döredilmeginiň 140 ýyllygy hem-de Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 140 hojalygyň täze öýlerde jaý toýuny toýlamagynyň olar üçin hakyky toý sowgady boljakdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz iş saparlarynyň barşynda ýurdumyzyň telekeçileriniň öňünde wezipeleri kesgitledi, hususan-da, gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagy, öňdebaryjy tejribeleriň ornaşdyrylmagy, taslama, gurluşyk we beýleki işleri ýerine ýetirmegiň möhletleriniň berjaý edilmegi üçin ähli şertleriň döredilmegi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň merkezi binasynda geçirilen maslahatyň esasy meselesi boldy.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge aýratyn üns bermegi netijesinde, gurluşyk pudagy telekeçilik işiniň has netijeli ugurlarynyň birine öwrüldi.

Gündelik sarp edilýän harytlar, ulag, söwda we hyzmatlar, logistika türkmen telekeçileriniň işleriniň sanawynda esasy orunlary eýeleýär. Olar milli ykdysadyýetimiziň obasenagat toplumy, dokma we himiýa pudaklary, elektron senagaty ýaly, ähmiýetli ugurlaryna işjeň gatnaşýarlar.

Ýurdumyzyň telekeçileri işewürleriň syýasy partiýasynyň binýadynda Diýarymyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna hem işjeň gatnaşýarlar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň giňden goldaw bermegi, hususy işewürligi ösdürmek üçin döwletimiz tarapyndan amatly şertleriň döredilmegi telekeçileriň geljege ynamly garamagyna, eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, türkmen halkynyň abadançylygyny artdyrmagyň bähbidine joşgunly zähmet çekmäge, olaryň öňünde goýlan belent wezipeleri üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär diýip, bir pikire geldiler.

27-nji ýanwarda, ýurdumyzda Watan goragçylarynyň gününiň giňden we dabaraly bellenilýän güni Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine seredildi hem-de olaryň üstüne ýüklenen möhüm we jogapkärli wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak boýunça wajyp çäreleriň toplumy kesgitlenildi.

Mundan başga-da, harby düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň alyp barýan işlerini kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, ýolbaşçylary wezipelere bellemek meselelerine seredildi.

Mejlisiň çäklerinde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Permanlara gol çekdi, olara laýyklykda, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir topary Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglandy, harby düzümleriň işgärlerine bolsa, harby we ýörite atlar, şeýle hem çin derejeleri berildi.

28-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçiren iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak hem-de eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şu ýyl belleniljek şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy baradaky meselelere garaldy.

Hususan-da, döwlet Baştutanymyza Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň buýurmasy esasynda gurulýan desgalar toplumynda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Milli Liderimiz toplumdaky alabaý itleriniň sergi meýdançasynyň taslamalary bilen tanşyp, alabaýlaryň gözellik bäsleşiginiň geçiriljek meýdançasy babatda belliklerini aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen derejä eýe boljak ýeňijä gowşuryljak medalyň hödürlenen şekil taslamasyny makullap, halkara talaplara laýyk gelmelidigini, ony has-da kämilleşdirmek boýunça belliklerini aýdyp, medalyň Düzgünnamasyny taýýarlamak barada tabşyryklary berdi.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygynyň barşy, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyny bellemäge görülýän taýýarlyk barada hem habar berildi.

Şeýle hem Aşgabat dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň ýurdumyzyň durmuşyndaky ähmiýetini nazara alyp, dabaralary ýokary derejede geçirmek hem-de degişli meýilnamany taýýarlamak barada tabşyryk berdi.

Döwlet Baştutanymyz täze desgalaryň ikisiniň — döwrebap lukmançylyk enjamlary hem-de täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hem-de Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň taslamalary bilen tanşyp, olary gurmak barada halkara bäsleşigi yglan etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokanç keselleriň garşysyna göreşmek we olaryň öňüni almak boýunça işleri geçirmegiň, öňümizde ýetip gelýän ýaz-tomus pasyllary bilen baglylykda, zerur bolsa, olary güýçlendirmegiň möhümdigini aýtdy.

Şeýle hem milli Liderimiz daşary döwletlere okamaga gitjek talyplarymyza barýan ýurtlarynda ulanylýan sanjymlara görä, sanjym geçirmegiň üpjün edilmegini hem-de Türkmenistana gelýän daşary ýurtly raýatlaryň öz ýurtlarynda degişli sanjym alandyklaryny tassyklaýan güwänamany olardan talap etmegi tabşyrdy, şeýle hem isleg bildirýän sanjymlaryny biziň ýurdumyzda hem ulanar ýaly mümkinçiligi döretmegiň möhümdigi barada degişli ýolbaşçylara görkezme berdi.

Şunda döwlet Baştutanymyz keseli bejereniňden, onuň öňüni almagyň has möhümdigi barada aýdyp, häzirki döwürde ýokanç keselleriň öňüni almagyň ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýandygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, geçen hepdede Türkmenistanda Russiýanyň “EpiWakKorona” ikinji sanjymynyň bellige alnandygyny bellemek gerek.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýanyndaky dermanlyk serişdeleri bellige almak we döwlet hil gözegçiligi merkeziniň seljermeleriniň netijeleri boýunça bu sanjymy satyn almak we peýdalanmak barada şahadatnama gowşuryldy. Täze sanjym synagdan geçirilip, onuň ýokary howpsuzlyk derejesine eýedigi tassyklanyldy. Şonda onuň netijeliligi 100 göterime deň boldy.

Iş maslahaty baradaky gürrüňe gaýdyp gelmek bilen, milli Liderimize Hökümetiň mejlisinde Lebap welaýatyndaky Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen desgalarda işleriň ýagdaýy barada habar berlendigini bellemek gerek. Olaryň hatarynda “Türkmeniň ak öý binasy”, sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenen döwrebap Kerki howa menzili hem-de Çärjew etrabynda gazturbinaly elektrik bekedi bar.

29-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde döwletimiziň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gün tertibine halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmegiň netijeleri we meýilnamalary, şeýle hem Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hem-de şu ýylyň şygarynyň, türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň hormatyna geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamasy girizildi.

Ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň eksport kuwwatyny berkitmek, gurluşyk we senagat toplumyna degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň düzüminde “Maglumat howpsuzlygy we sanly tehnologiýalar” bölümini açmak, awiasiýa pudagynyň dolandyryş ulgamyna täze iş usullaryny ornaşdyrmak, ylym ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, möwsümleýin meýdan işleriniň barşy, milli parlamentiň kanunçykaryjylyk işi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek boýunça geçirilen işler barada habar berildi.

Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa harytlaryň gelip çykan ýerleri bilen baglanyşykly meseleleri tertipleşdirmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, munuň özi milli önüm öndürijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň hukuk taýdan goralmagyna, harytlaryň hiliniň kepillendirilmegine, şeýle hem olaryň eksportunyň möçberini artdyrmaga ýardam eder.

Azyk we oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenip, onuň çäklerinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň önümçilik taslamalarynyň 88-sini amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Munuň özi diňe bir içerki bazarlary ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň eksport möçberini artdyrmaga-da mümkinçilik berer.

Milli Liderimiz Hökümetiň öňünde durýan wezipeleri kesgitläp, şanly ýylda jemi içerki önümiň ösüşiniň ýokary derejesini üpjün etmek barada degişli görkezmeleri berdi.

Şunuň bilen baglylykda degişli ýolbaşçylara dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýaramaz täsirini peseltmek hem-de durnukly makroykdysady ýagdaýy saklamak boýunça çäreleri işläp taýýarlamak tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek boýunça önümçilikleri döretmek işlerini çaltlandyrmagy, şeýle hem içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýerli önümleriň eksport edilýän möçberlerini artdyrmagy talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz Hökümetiň agzalarynyň ünsüni zähmet bazary bilen bagly işlere çekip, zähmet gorlaryny döretmek hem-de maksadalaýyk dolandyrmak, şeýle hem milli statistika ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek hem-de statistiki hasabatyň görnüşlerini tükellemek, dünýä tejribesiniň esasynda bu ugurda gazanylan oňyn netijeleri peýdalanmak barada degişli tabşyryklary berdi.

Täze bank hyzmatlaryny, şol sanda nagt däl hasaplaşyklary we karzlaşdyrmak ulgamyny ornaşdyrmagyň möhümdigi barada aýtmak bilen, milli Liderimiz hususy ulgamyň fiziki we ýuridiki taraplaryndan goýumlary çekmegiň we bermegiň tertibini ýeňilleşdirmegiň, şeýle hem banklaryň arasynda bäsdeşligi döretmek maksadynda hyzmatlar üçin töleglere gaýtadan seretmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet — hususy pudak hyzmatdaşlygynyň esasynda kiçi we orta telekeçiligi goldamak üçin halkara maliýe düzümleriniň serişdelerini çekmek, maýa goýumlarynyň beýleki çeşmelerini ösdürmek boýunça işler has-da güýçlendirilmelidir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Dördünji senagat öwrülişiginiň» ykdysadyýetimiziň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlaryna täsir edip başlamagyna üns bermegi, şuny nazara alyp, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda durmuş-ykdysady wezipeleri çözmäge bütinleý täzeçe çemeleşmegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Hökümetiň agzalaryna bazar usullaryny doly derejede ösdürmegiň üpjün edilmelidigini, döwlet eýeçiligine degişli desgalary hususylaşdyrmak boýunça netijeli çäreleri işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgininde döwlete dahylly bolmadyk pudagyň paýy 70 göterime barabardyr. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň bu pudagyny ösdürmek üçin ähli zerur şertleri döretmek, 2021-nji ýylda jemi içerki önümiň düzüminde bu pudagyň paýyny 70,6 göterime ýetirmek üçin zerur tagallalar edilmelidir.

Mejlisde Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi, resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komiteti şu düzümiň Gaznasy diýlip atlandyryldy we ol baradaky Düzgünnama tassyklanyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararlary bilen welaýatlar boýunça 2021-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň hem-de önümleri öndürmegiň meýilnamasy tassyklanyldy, şeýle hem Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasyny işläp taýýarlamak we onuň durmuşa geçirilmegine gözegçilik etmek boýunça Pudagara topar döredildi.

29-njy ýanwarda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň açylyş dabarasy boldy. Duşuşyga daşary ýurtly diplomatlar, ýurdumyzda işleýän abraýly halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Foruma gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi halkara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini berkitmäge çagyrýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň netijesi boldy.

Bellenilişi ýaly, geljek döwürde hemmeler möhüm ugurlaryň birnäçesine aýratyn üns bermeli bolar. Ol halkara hukugy berkitmek, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy goldamakda BMG-niň ornuny tassyklamak, strategik durnuklylygy goramak we ýaragsyzlanmak hem-de köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny ýaýratmagyň öňüni almak, halkara terrorçylyga garşy göreşmek, öňüni alyş diplomatiýasyny goldamak we pugtalandyrmak, energetika, ulag, suw, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, bosgunlaryň we migrantlaryň meselelerini çözmek bilen bagly işlerdir.

Wirusly pandemiýa garşy göreşmek we onuň netijelerini ýok etmek boýunça halkara tagallalaryň birleşdirilmegi möhüm wezipe diýlip kesgitlendi.

BMG-niň, beýleki abraýly sebit we halkara guramalaryň iri düzümleriniň ýolbaşçylarynyň onlaýn çykyşlarynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletleriň we halklaryň arasynda özara düşünişmegi we raýdaşlygy ilerletmek, öçmejek umumadamzat gymmatlyklaryna hem-de umumy abadançylygyň bähbidine kybap gelýän netijeli gatnaşyklary we köpugurly hyzmatdaşlygy ilerletmek işinde öňe sürýän başlangyçlarynyň aýratyn möhümdigi bellenildi.

Dabaranyň dowamynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde bilelikdäki çäreleri geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, özara gatnaşyklary ösdürmek, şol sanda sebit we halkara guramalaryň çäklerinde işleri giňeltmek hakynda pikir alşyldy. Forumyň jemleri boýunça Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmegiň «Ýol kartasy» kabul edildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde onlaýn görnüşde türkmen-belarus daşary işler ministrlikleriniň özara geňeşmeleri geçirildi. Taraplar syýasy-diplomatik ulgamda, şeýle hem söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň jemleri boýunça “Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021 — 2022-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň maksatnamasyna” gol çekildi.

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpur bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi, onuň dowamynda ählumumy howplar ýagdaýynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan sebitde söwda-ykdysady, iri ulag we energetika taslamalarynyň başlangyçlary bilen çykyş edip, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maksatlaryna ýetilmegine düýpli derejede ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika, ulag we aragatnaşyk ýaly pudaklary goşmak bilen goňşy Owganystanyň ykdysadyýetiniň möhüm ulgamlaryny ösdürmekdäki işjeň orny munuň aýdyň mysallarynyň biridir.

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde onlaýn görnüşde Halkara pul gaznasynyň (HPG) bilermenler topary bilen duşuşyk geçirildi. Natalýa Tamirisanyň ýolbaşçylyk eden bilermenler topary bilen duşuşygyň dowamynda ykdysady ösüşiň orta möhletli geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, türkmen ykdysadyýetiniň şu günki ýagdaýyna seljerme berildi.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň işgärleri bilen HPG-niň wekilleriniň wideoduşuşygynda iş usullaryny halkara ölçeglere laýyklykda kämilleşdirmek esasy mesele boldy.

Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryň we halkara ynsanperwer hukugyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Gün tertibine bu düzümiň 2020-nji ýyl üçin ýerine ýetiren işleriniň netijelerini hem-de “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýyl üçin iş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak girizildi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ýurdumyzy has-da demokratiýalaşdyrmaga hem-de döwletiň hukuk esaslaryny berkitmäge gönükdirilen çäreleriň birnäçesi amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty bilen baglylykda, milli parlament hakynda konstitusion kadalaryň kämilleşdirilmegi munuň subutnamasy bolup durýar.

Gender deňligi, şeýle hem döwlet ýaşlar syýasaty babatda kanunçylyk kepilliklerini netijeli durmuşa ornaşdyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalaryň hem-de olary amala aşyrmak boýunça hereketleriň meýilnamalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamaga aýratyn üns berildi.

Şeýle hem Mejlisde Halkara ynsanperwer hukugynyň ornaşdyrylmagy babatyndaky 2018 — 2020-nji ýyllar üçin Meýilnamanyň ýerine ýetirilişiniň netijeleri jemlenildi hem-de 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Halkara ynsanperwer hukugy babatda iş meýilnamasynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçen hepdede, “Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň arasynda “Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi” ulgamlaýyn nominasiýasy boýunça milli ýadygärlikleriň birnäçesini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmegi teklip etmek hakynda ylalaşyga” gol çekmek dabarasy boldy.

Teklip edilýän ýadygärlikleriň hatarynda Türkmenistanyň çäginde ýerleşen Amul galasy, Mansaf galasy, Könegala, Akjagala, Gyzyljagala kerwensaraýlary, at-Tahmalaj duralgasy, Kuşmeýhan orta asyr şäheri bar.

Döwletleriň onlarçasyny söwda, maglumat we medeni gatnaşyklar bilen birleşdiren bu orta asyr ýolunyň taryhy özboluşlylygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda we daşary döwletlerde meşhur bolan “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen kitabynda düýpli açylyp görkezilýär. Onda diňe türkmen halkynyň taryhy mirasy däl-de, eýsem, Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda ýerleşen ýurdumyzyň geljegi baradaky pikirler-de beýan edilýär.

Türkmenistan ÝUNESKO bilen gatnaşyklary işjeň ösdürmek bilen, halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine mynasyp goşandyny goşýar.

ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine BMG-niň bu iri ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýerine ýetirilen çäreler, şeýle hem şu ýyl üçin meýilleşdirilen çäreler bilen bagly meseleler girizildi.

30-njy ýanwarda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy hem-de geljekde geçirilmeli işleriň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Mejlisiň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň hatarynda Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitine taýýarlyk görmek, şeýle hem ýurdumyzyň Hazarýaka döwletler we sebitdäki guramalar bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Hazar deňzinde alyp barýan işleri bilen bagly meseleler boldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça dowam edýän jemgyýetçilik-syýasy çäräniň çäklerinde milli synçylary hasaba almak işi geçirildi. Olar şu pursatdan başlap, özleriniň hukuklarynyň çäklerinde saýlaw işine syn etmegi amala aşyrarlar.

Şu günki wagta çenli Demokratik partiýadan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, Agrar partiýadan, jemgyýetçilik guramalaryndan, şonuň ýaly-da raýat toparlaryndan 436 synçy, şol sanda Ahal welaýaty boýunça 61, Balkan welaýaty boýunça 88, Daşoguz welaýaty boýunça 80, Lebap welaýaty boýunça 83, Mary welaýaty boýunça 92 hem-de Aşgabat şäheri boýunça 32 synçy hasaba alyndy.

Şeýlelikde, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylyň geçen hepdesi möhüm wakalara baý bolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasatynyň uly üstünliklere beslenmeginde, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda öz beýanyny tapdy.

(TDH).


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19660?type=feed

01.02.2021
Täze tehnologiýalara daýanyp

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan sanly ulgama geçmek babatdaky strategik maksatnamalary bu ugurda kämil hünärmenleriň ýetişdirilmegini talap edýär. Şunda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde guralýan okuw-tejribelik, tälimçilik işi ýokary hilliligi bilen tapawutlanyp, baý many-mazmuna eýe bolýar.

Ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda hem alnyp barylýan okuw işleri hut şu möhüm özgertmeler bilen berk baglanyşygy emele getirip, sazlaşykly ösüşe ýardam edýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen kabul edilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» orny örän ýokarydyr. Çünki bu resminama Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ylym-bilim, ösen tehnologiýalara erk edýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, sanly ulgama çekmek ýaly aýdyň maksatlary öňde goýýar.Şu nukdaýnazardan hem häzirki wagtda institutymyzyň binýadynda ornaşdyrylan sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň gerimi has-da giňeldilýär.

Okuw binasynyň döwrebap mümkinçiliklere eýe bolan okuw otaglarynda, amaly bilimleri nazaryýetde berkitmek maksady bilen döredilen tejribehanalarda, elektron maglumatlary, internet aragatnaşygy üpjün edilen kitaphanalarda, ýaş alymlar merkezinde hem-de «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen bilelikde institutymyzyň ýanynda döredilen «Sanly Çözgüt IT meýdança» Hojalyk Jemgyýetinde talyp ýaşlarymyz özleriniň bilim derejelerini artdyrýarlar.

Hukuk binýady we döwlet kadalaşdyrylyşy taýdan kepillendirilen sanlylaşdyrmagyň ähmiýetine, milli bilim ulgamyna ýetirýän oňyn täsirine başarnykly akyl ýetirýän, innowasiýalary işläp düzmegi we täze taslamalary durmuşa ornaşdyrmagy başarýan hünärmenleriň alyp barýan işlerinde aýdyň görmek bolýar. Munuň özi sanly ulgamyň ornaşdyrylyşyny düýpli derejede kämilleşdirmegiň çäklerinde bilim bilen önümçiligiň sazlaşygyny emele getirip, medeni aň-bilim edaralarynyň maddy-tenhiki taýdan enjamlaşdyrylyşynyň, kämil maglumat tehnologiýalarynyň üpjünçiliginiň ýokary derejededigini alamatlandyrýar.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýaşlarymyza internet tory arkaly dünýäde giňden ýaýran habarlar ulgamyna bada-bat aralaşmaga we ylym-bilim boýunça dünýäniň täzelikleri, tejribesi bilen ýakyndan tanyşmaga, gazananlaryny dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

Belent maksatlar esasynda işlenip düzülen sanly bilim portalynyň düýpli ornaşdyrylmagynyň çäklerinde ýola goýlan onlaýn arkaly sapaklara, göni widoaragatnaşykda geçirilýän umumy we amaly okuwlara talyp ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy bolsa ýokary bilimli, döwrebap hünärmenleriň kemala gelmegine şert döredýär.

Ähli ulgamlar bilen bir hatarda, döwrebap bilimli, sagdyn ruhly, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly we işjeň, başarnykly nesilleri ýetişdirmek we döwletli döwrümize mynasyp hünärmenleri taýýarlamak üçin zerur bolan ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Meýlis GARADURDYÝEW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19523

01.02.2021
Bank ulgamynyň hukuk binýady

Häzirki wagtda ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda bank ulgamy hem kämilleşýär. Bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak ykdysady ösüşimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezilýär. Bu ulgamyň işiniň yzygiderli ösdürilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyply innowasion ösüşini üpjün etmegi, dünýä ykdysady giňişligine goşulyşmagy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň derejesine ýetirmegi üçin wajyp bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz: «Bank ulgamy bazar ykdysadyýetiniň esasy düzümleriniň biridir, türkmen ykdysadyýetiniň özgerişliklere taýýardygyny görkezýän aýnasydyr» diýip, belleýär. Şu nukdaýnazardan, bank hyzmatlary babatda geçirilýän özgertmeler bank bazaryna gatnaşyjylaryň we müşderileriň arasyndaky gatnaşyklaryň düýpli üýtgemegini aňladyp, ilkinji nobatda, hyzmat ediş tizligini artdyrmagy hem-de hyzmat etmegiň dürli ugurlaryny peýdalanmak arkaly müşderileriň wagtyny tygşytlamagy göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, hödürlenilýän hyzmatlaryň tizligi hem-de elýeterliligi banklaryň we müşderileriň arasyndaky gatnaşyklary düýbünden täze derejä çykarýar.

Ýurdumyzda dünýä tejribesine laýyk gelýän bank kanunçylyk binýady kemala getirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 138-nji maddasynda: «Türkmenistanyň bank ulgamy Türkmenistanyň Merkezi bankyny we karz edaralaryny öz içine alýar. Türkmenistanyň Merkezi banky ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatyny geçirmegi, nagt pul dolanyşygyny guramagy, hasaplaşyk-töleg ulgamynyň işlemegini, karz edaralarynyň algydarlarynyň we goýumçylarynyň bähbitlerini goramagy, şeýle hem Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklarynyň dolandyrylmagyny üpjün edýär we kanunda göz öňünde tutulan gaýry wezipeleri ýerine ýetirýär» diýip kepillendirilýär. Şu konstitusion kadadan gözbaş alýan, 2011-nji ýylyň 25-nji martynda kabul edilen, «Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda» Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işiniň, döwlet häkimiýet edaralary, karz edaralary bilen onuň özara gatnaşyklarynyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär hem-de Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Merkezi banky, milli we dünýä ykdysadyýetindäki bolup geçýän özgertmeleri göz öňünde tutmak bilen, döwrüň talabyna laýyk gelýän pul-karz syýasatyny işläp düzýär we ony yzygiderli kämilleşdirýär. Bu öz gezeginde pul toplumynyň düzümini kämilleşdirmäge ykdysady ösüşde karz pullarynyň ornuny we ähmiýetini ýokarlandyrýar.

Kanunda netijeli ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatyny geçirmek, nagt pul dolanyşygyny guramak, hasaplaşyk-töleg ulgamynyň netijeli işlemegini üpjün etmek Türkmenistanyň Merkezi bankynyň esasy maksatlary bolup durýar. Şeýle hem ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleri amala aşyrmak, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda daşary ykdysady gatnaşyklarda pul kadalaşdyrmasyny we pul gözegçiligini özbaşdak we bank ulgamynyň üsti bilen guramak hem-de amala aşyrmak, Türkmenistanyň çäginde nagt pul dolanyşygyny guramak bu kanunyň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyryp ösdürmekde, öňde goýlan sepgitlere üstünlikli ýetmekde döwlet maksatnamalarynyň ähmiýeti örän uludyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011—2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019—2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» kabul edildi. Bu maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzda bank ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak hem-de bu ulgama halkara bank tejribesiniň iň öňdebaryjy usulyýetini, innowasion tehnologiýasyny ornaşdyrmak, pul serişdeleriniň kadaly dolanyşygyny üpjün etmek, töleg ulgamlaryny kämilleşdirmek işleri baş wezipeleriň biri hökmünde öňe çykýar.

Ýurdumyzda programma-tehniki serişdeler, maglumat serişdeleri we maglumat ulgamlary dürli döwlet edaralarynda bank ulgamynda, bilim ulgamynda, ylymda, senagatyň aýry-aýry pudaklarynda işjeň peýdalanylýar. Bank ulgamynda hem innowasion syýasaty girizmek arkaly karz bermek, maýa goýumlaryny maliýeleşdirmek we dürli tölegleriň çalt we öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek, kassa-hasaplaşyk amallarynyň ähli görnüşlerini we nagt pul geçirimlerini gysga wagtyň içinde amala aşyrmak, bank kepilligini bermek, karzlara bolan islegleri yzygiderli ýokarlandyrmak ýaly işler döwrebaplaşdyrylýar. Şeýle-de milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda hem-de bank ulgamynda düýpli öňegidişlikleri gazanmaga, ähli pudaklary ösen döwletleriň derejesine ýetirmäge, işleriň we hyzmatlaryň hilini geljekde has-da ýokarlandyrmaga giň ýol açyldy.

Ösüşiň häzirki zaman şertlerinde ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, bank ulgamyny sanly ykdysadyýete geçirmek üstünlikli amala aşyrylýar we maksatnamalaýyn üpjün edilýär. Bank amallaryny sanlylaşdyrmak bolsa öz gezeginde diňe bir müşderilere hödürlenýän hyzmatlaryň sanyny köpeltmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň hilini ýokarlandyrmaga, wagtyny gysgaltmaga we harajatlary kemeltmäge hem mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde bank tarapyndan puluň hereketine gözegçiligi ýola goýmaga we ýokary netijeli çözgütleri kabul etmäge amatlyklary döredýär.

Innowasiýalar eýýamynda geçirilýän çäreleriň netijesinde, milli pul birligi häzirki zaman elektron serişdelerinde işjeň peýdalanylýar. Ilat tarapyndan «Altyn asyr» bank kartlarynyň, «Visa» we «Master Card» halkara töleg usullarynyň ulanylmagy pul dolanyşygyny ösdürmegiň täze tapgyryny açdy. Bu bank kartlary ýurdumyzyň raýatlary tarapyndan harytlar we hyzmatlar boýunça hasaplaşyklar, syýahatçylyk, okuw we beýleki maksatlar üçin işjeň ulanylýar.

Türkmenistanda hereket edýän milli kart ulgamy hem ýokary ösüş depginler bilen adamlaryň gündelik durmuşyna girýär we olara dürli maksatly hasaplaşyklary ýerine ýetirmekde mümkinçilik berýär. Sanly ulgama geçmek müşderilere edilýän bank hyzmatlarynyň gerimini we milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, karz edaralarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Şeýle hem ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan ilata hödürlenilýän nagt däl hasaplaşyklaryň hilini ýokarlandyrmak we gerimini giňeltmek boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde,

QR-kod hyzmaty, galtaşyksyz töleg hyzmaty arkaly hasaplaşyklary ýerine ýetirmek üçin hem degişli işler alnyp barylýar. Munuň özi islendik satyn alnan zat üçin smartfon arkaly töleg geçirip bolýar.

Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler türkmen manadynyň durnukly ösüşe täsirini ýokarlandyrmaga, halkara gatnaşyklary täze derejä çykarmaga, döwletiň ykdysady kuwwatyny has hem berkitmäge giň ýollary açýar. Şeýle hem raýatlaryň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejelerini dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmäge ähli amatlyklar döredilýär.

Arslan MÄMMETORAZOW,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19641

01.02.2021
Döwrebap energetika toplumy

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň ýangyç-energetika ugruna degişli uly möçberdäki maýa goýumly taslamalaryň ençemesi alnyp barylýar. Şolaryň aglabasy türkmen döwletiniň nebitgaz pudagynyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ählumumy energiýa howpsuzlygynyň berkidilmegine degerli ýardam berýär. Şeýle-de Türkmenistanyň halkara energetika bileleşiginiň öňdebaryjylarynyň biri hökmündäki derejesiniň has-da belende galýandygyny görkezýär.

Gahryman Arkadagymyzyň ulag, energetika ulgamlarynda öňe sürýän başlangyçlaryna, tekliplerine halkara derejede has uly üns berilýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan milli Liderimiziň tekliplerine, başlangyçlaryna uly goldaw berilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Durnukly ösüş babatda maksatlara ýetmek üçin energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ygtybarly üstaşyr geçirmek, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda gatnaşyklary berkitmek boýunça Türkmenistanyň işläp taýýarlan we öňe süren rezolýusiýalarynyň taslamalary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edildi.

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmagy we daşary ýurt maýadarlar üçin hyzmatdaşlyga amatly şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň dünýäde iri energetika döwlet hökmünde ykrar edilmegine getirdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen tebigy gazyny halkara bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda bu hyzmatdaşlyk oýlanyşykly işjeň we maksada okgunly alnyp barylýar. Şeýle il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli döwletli işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Nurbibi TAŇŇYÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19640

01.02.2021
Hususy ulgamyň eksport mümkinçilikleri artýar

Welaýatymyzyň telekeçileri hormatly Prezidentimiziň halkymyzy ýylyň dowamynda ter gök önümler bilen ýeterlik üpjün etmek, şol önümleriň daşary ýurtlara ugradylýan möçberlerini artdyrmak barada öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine goşant goşmaklyga gönükdirilen giň gerimli işleri amala aşyrýarlar. Häzirki dowam edýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda olaryň bu ugurdaky işleriniň günsaýyn öňe ilerleýändigini bellemeli.

Munuň şeýledigini S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginiň çäginde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Altyn tug» hususy kärhanasyna degişli ýyladyşhanada durmuşa geçirilýän çäreleriň mysalynda hem görmek bolýar. Şu günler bu ýerde ýetişdirilen bereketli pomidor hasylyny ýygnamak, ony içerki we daşarky bazarlara ugratmak işleri ýokary depginde alnyp barylýar.

Ýeri gelende aýtsak, bu ýyladyşhana mundan 1,5 ýyla golaý wagt öň ulanylmaga berildi. Geçen ýylyň tomsunda hormatly Prezidentimiz welaýatymyza iş saparynyň barşynda bu ýerde hasyl ýetişdirmek boýunça berjaý edilýän çäreler bilen ýörite tanyşdy. Şondan bäri geçen döwürde ýyladyşhananyň işgärleri has-da yhlasly zähmet çekmek bilen, bildirilen ynamy ödemek üçin has oňat netijeleri gazanýarlar.

Ýyladyşhananyň ýolbaşçysy Çarymämmet Garabaýewiň aýtmagyna görä, geçen ýylyň ahyrlarynda bu ýerde pomidor hasylynyň täze tapgyry ýetişipdir hem-de ony ýygnamaklyga girişilipdir. Şu mahala çenli onuň 450 tonnadan gowragy ýygnalyp, bellenilen ýerlere ugradylypdyr. Şol sanda üstümizdäki ýylyň başyndan bäri hyrydarlara ýetirilen pomidoryň mukdary 200 tonna golaý bolupdyr. Öndürilen bu önümleriň esasy böleginiň daşary ýurtlara goýberilendigini hem bellemek gerek.

— Biz öz öndürýän önümlerimizi, esasan, Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Owganystan ýaly ýurtlara ugradýarys — diýip, ýyladyşhananyň ýolbaşçysy nygtady: — Biziň önümlerimiziň geçginliligini olaryň hiliniň ýokarylygy, halkara ölçeglerine doly laýyk gelýändigi bilen düşündirmek bolar. Biz ýurdumyzyň abraýynyň artmagyna, ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna goşant goşýandygymyza diýseň guwanýarys.

Elbetde, önümleriň hiliniň, görnüşiniň oňat bolmagy bu ýerdäki işleriň talabalaýyk ýola goýulmagy bilen baglanyşyklydyr. Sebäbi, pomidor nahallaryna ideg etmekde, olaryň hasylyny ýygnamakda, ugratmakda ähli zerur düzgünleriň pugta berjaý edilmegi şeýle netijeleri berýär. Şoňa görä-de, ýyladyşhananyň işçi-hünärmenleriniň ýadawsyzlygyny, öz jogapkärçiligine birkemsiz düşünýändiklerini nazara almak artykmaçlyk etmez.

Mundan başga-da, ýyladyşhanada önümleriň ýygnalyşyna, ugradylyşyna welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň, welaýat gümrükhanasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat komitetiniň işgärleri hem yzygiderli gözegçilik edýärler, bu babatda usuly hem-de beýleki degişli kömeklerini berýärler. Şeýle agzybirlikli aladalar üstünlik getirýär.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».

Surata düşüren Ilaman ÖWEZOW.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19541

30.01.2021
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 29-njy ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi.

Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetini şu düzümiň gaznasy diýip atlandyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyrygyna laýyklykda geçirilen işler barada hasabat berdi we degişli Kararyň taslamasynyň taýýarlanandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa harytlaryň gelip çykan ýerleri bilen baglanyşykly meseleleri tertipleşdirmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berildi.

2019-njy ýylda kabul edilen «Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, harydyň gelip çykan ýeriniň adyny ulanmaga bolan hukuk goralýar we şahadatnama bilen tassyklanylýar.

Ýurdumyzyň çäginde aýratyn häsiýetleri şu geografik ýer üçin mahsus bolan tebigy şertler we etnografik ugurlar bilen kesgitlenen harydy öndürýändigini tassyklaýan resminamany bermäge ygtyýarly döwlet edaralary Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan degişli düzümler bilen bilelikde harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlaryna degişli meseleleri düzgünleşdirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi milli önüm öndürijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň hukuk goraglylygynyň ýokarlanmagyny üpjün eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bank-maliýe ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça häzirki zaman ýagdaýlaryny we halkara ülňüleri nazara alyp, amala aşyrylýan işleriň, bazar ykdysadyýetiniň täzeçil usullaryny ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Merkezi bankyň gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetini degişli gazna öwürmek barada aýdyp, bu düzümiň täze derejesiniň onuň işine bildirilýän talaplara laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine ýardam berjekdigini belledi.

Milli Liderimiz hödürlenen Karara gol çekip, resminamany elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi we onuň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz harytlaryň gelip çykan ýerleri bilen baglanyşykly meseleleri tertipleşdirmek barada aýdyp, Türkmenistanda senagat toplumyny ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi işjeňleşdirmek, şol sanda gaýtadan işleýän düzümi ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň içerki bazarlary dürli görnüşli we bäsdeşlige ukyply önümler bilen doly üpjün etmäge gönükdirilýändigini aýtdy.

Munuň özi ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň we sarp edijileriň hukuk goraglylygyny üpjün etmek, harytlaryň ýokary hil derejesini kepillendirmek hem-de eksport möçberlerini artdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreleriň ähmiýetlidigini görkezýär diýip, milli Liderimiz belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etmek boýunça wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem “2030-njy ýyla çenli döwür üçin nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň EСO-93 kysymly benzini orta möhletleýin esasda daşarky bazarlara ýerlemek we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen degişli şertnamalary baglaşmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm orun eýeleýändigini belläp, pudagyň kärhanalarynyň eksport mümkinçiliklerini yzygiderli berkitmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň işini mundan beýläk-de köpugurly esasda ösdürmek, onuň düzümlerini täzeçil usulda döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly islegden peýdalanýan nebithimiýa önümleriniň önümçilik möçberlerini artdyrmak babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz iri maýa goýum taslamalarynyň, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, gurluşyk we senagat toplumyna degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň düzüminde maglumat howpsuzlygy we sanly tehnologiýalar bölümini açmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 27-nji awgustynda ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek hakynda gol çeken Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Gurluşyk we binagärlik, Energetika ministrlikleriniň hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň merkezi edaralarynda degişli düzümi döretmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek boýunça öňde durýan wajyp wezipelere ünsi çekip, sanly ulgamy ähli düzümlere giňden ornaşdyrmak boýunça wise-premýerler Ş.Durdylyýewe hem-de B.Öwezowa tabşyryk berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, howa ulaglary düzüminiň dolandyrylyşyna häzirki zamanyň täzeçil usullaryny giňden ornaşdyrmak meselelerine ünsi çekdi. Munuň özi şu günki ýagdaýa laýyk gelmelidir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere bu pudakda alnyp barylýan işleriň ýokary derejesini üpjün etmek we iş meýilnamalaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow raýat awiasiýasynyň ýurdumyzyň sebitlerini baglanyşdyrmak we halkara logistik giňişlige goşulyşmagyny üpjün etmek arkaly ýurdumyzyň ulag ulgamynyň möhüm bölegidigine ünsi çekdi.

Welaýatlarda ýolagçylara ýokary derejeli hyzmatlar ulgamyny hödürleýän hem-de dürli görnüşdäki uçarlary kabul etmäge ukyply uçuş-gonuş zolakly häzirki zaman howa menzilleriniň gurulmagynyň wajypdygy bellenildi. Munuň özi howa ulaglarynyň ösen düzümini kemala getirmek, täze enjamlaryň we tehnikalaryň ygtybarlylygyny ýola goýmak boýunça amala aşyrylýan strategiýanyň möhüm bölegidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow azyk we oba hojalyk önümleriniň önümçiligini artdyrmagyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilýändigini habar berdi. Şeýlelikde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikler döredilýär, degişli önümleriň möçberleri yzygiderli artdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzda häzirki zaman maldarçylyk we guşçulyk toplumlary, ýyladyşhanalar, gaýtadan işleýän kärhanalar gurulýar. Şeýle hem täze önümçilik kuwwatlyklary işe girizilýär.

Mundan başga-da, miweli bag nahallary ekilýär. Munuň özi ýokary hilli ir-iýmişleriň önümçiliginiň artmagyna we içerki bazarda bolçulygyň üpjün edilmegine mümkinçilik berdi. Şunuň bilen baglylykda, miweçiligi ösdürmek üçin berilýän ýer bölekleriniň möçberlerini artdyrmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem ýurdumyzda ekologiýa taýdan arassa gök we miwe önümlerini ýetişdirmek üçin suw tygşytlaýjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap ýyladyşhanalar gurulýar hem-de olary saklamaga niýetlenen sowadyjy ammarlar işe girizilýär.

Azyk we oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň çäklerinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň önümçilik taslamalarynyň 88-sini amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Munuň özi diňe bir içerki bazarlary ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň eksport möçberini artdyrmaga-da mümkinçilik berer.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer milli Liderimiziň garamagyna degişli Maksatnamanyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde, onuň senagat we eksport mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrmakda milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz pudagyna möhüm ornuň degişlidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek, oba hojalygy pudagynyň işini kämilleşdirmek, gaýtadan işleýän önümçiligi we ýurdumyzda öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini artdyrmak boýunça başy başlanan işiň netijeli dowam etdirilmegi zerurdyr diýip belledi we bu babatda wise-premýerler Ç.Gylyjowa hem-de E.Orazgeldiýewe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz söwda toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, ilatyň azyk önümlerine bolan isleglerini öwrenmek we ony doly kanagatlandyrmak, alyjylara edilýän hyzmatlaryň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow ýurdumyzyň ylym ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, hususan-da, 2021-nji ýylda aspirantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmegiň meseleleri boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanda ýokary hünärli işgärleri we ylmy işgärleri taýýarlamak, ylmy taslamalara döwlet tarapyndan maliýe goldawyny bermek hakyndaky Kararyna laýyklykda, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş düzümleriniň, ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň zerur ugurlar boýunça teklipleri seljerildi.

Netijede, 2021-nji ýylda aspirantura we kliniki ordinatura kabul ediljek adamlaryň sanawy kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň täzeçil ösüşinde möhüm orun eýeleýän ylmyň hemişe döwür bilen aýakdaş gitmelidigine ünsi çekdi. Ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin zerur tagallalar edilmelidir.

Döwletimizde kabul edilen möhüm maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi pudagyň işiniň kämilleşdirilmegine kuwwatly itergi berer we netijeli, durnukly hem-de bähbitli sanly, häzirki zaman IT-tehnologiýalaryna esaslanýan ulgamy döretmäge, dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda ylym bilen önümçiligiň arasynda ýakyn gatnaşygyň ýola goýulmagyna mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutanymyz täze we has zerur ulgamlar boýunça ýöriteleşen alymlaryň täze nesliniň taýýarlanmagynyň wajypdygyny belläp, wise-premýere ylma bolan gatnaşyklary höweslendirmek, zehinli ýaşlary ösdürmek, olaryň hünär ukyplaryny işjeňleşdirmek üçin zerur şertleri döretmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy, Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem paýtagtymyzda akyldar şahyryň täze ýadygärliginiň açylmagy mynasybetli wideoaragatnaşyk arkaly medeni çäreleri geçirmäge taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Aşgabadyň günortasyndaky ajaýyp künjekleriň birinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyşy mynasybetli, Daşary işler ministrligi bilen bilelikde, daşary ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda onlaýn tertipde birnäçe duşuşyklar meýilleşdirildi.

Dünýäniň dürli ýurtlarynda oturdylan Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýanynda şahyrlaryň, terjimeçileriň, ylmy işgärleriň gatnaşmagynda çeper okaýyşlary, ylmy maslahatlary, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Bu dabaralardan taýýarlanylan wideogörnüşler Medeniýet we sungat işgärleriniň güni, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli guraljak dabaralarda görkeziler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmeniň beýik akyldar şahyrynyň hormatyna guralýan çäreleriň, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda belleniljek Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna guralýan dabaralaryň aýratyn ähmiýetli bolmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi, şeýle hem dürli ýurtlarda onuň ýadygärlikleriniň dikeldilmeginiň dünýäniň dürli halklarynyň türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekiline goýýan hormatynyň we onuň baý edebi mirasynyň çuňňur öwrenilýändiginiň aýdyň nyşanydygyny nygtady. Beýik şahyryň umumadamzat gymmatlyklaryny, ynsanperwer ýörelgeleri wasp edýän pelsepewi eserleri häzirki döwürde hem öz ähmiýetini ýitirmeýär.

Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda çäreleriň geçirilmeginiň Magtymgulynyň bahasyz edebi we pelsepewi mirasynyň giňden wagyz edilmegine we umuman, dünýäniň halklarynyň arasynda özara düşünişmek gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm goşanda öwrüljekdigini belläp, wise-premýere bu çäreleri hem-de şanly seneleriň hormatyna guraljak beýleki dabaralary ýokary derejede geçirmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň belleniljekdigini aýdyp, bu şanly sene mynasybetli, dürli filmleriň döredilmegini, mowzuklaýyn sergileri we döredijilik bäsleşiklerini guramagy tabşyrdy.

Ak mermerli Aşgabat — biziň buýsanjymyz, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ösüşiniň aýdyň nyşany, biz bu şäheri uly söýgi bilen abadanlaşdyrýarys, onuň adamlaryň ýaşaýşy üçin amatly bolmagyny üpjün edýäris, şanly sene mynasybetli guraljak çärelerde hut şu ýörelgeler öz beýanyny tapmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň sebitlerinde ýazky ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Welaýatlar boýunça 2021-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakyndaky” Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi önüm öndürijiler bilen şertnamalary baglaşyp, önümleri ylalaşylan baha esasynda satyn alar, şeýle hem agrotehniki kadalara laýyklykda, önüm öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy we tehniki hyzmatlar, suwaryş suwy hem-de mineral dökünler bilen üpjün eder.

Umuman, ýurdumyz boýunça dürli görnüşli oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen ýer bölekleriniň mukdary 1 million 393 müň 120 gektara barabardyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda gök, bakja we miwe önümleriniň önümçilik mukdarlaryny mundan beýläk-de artdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Munuň özi ilatymyzyň ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümlerine bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagyny üpjün eder.

Gowaça ekişi bellenilen möhletde geçirilmelidir, ak ekinlere degişli ideg işleri ýola goýulmalydyr. Munuň özi bu ekinlerden bol hasyl almaga mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de zerur agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegi, pudaga öňdebaryjy tejribeleriň we ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygynyň girizilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakyndaky Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi we bu babatda degişli görkezmeleri berdi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň kanun çykaryjylyk işi, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmak we täzeçil ösüşi üpjün etmek boýunça geçirilýän çäreler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar, welaýatlaryň häkimlikleri, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlary bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işlerini dowam edýär.

Saýlawlaryň demokratik esasda geçirilişine syn etmek maksady bilen, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary tarapyndan hödürlenen synçylar merkezi saýlaw topary tarapyndan bellige alyndy. Şeýle hem möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ähmiýetini wagyz etmek bilen baglanyşykly işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň ýurdumyzda syýasy medeniýetiň ýokarlanmagyna, raýat edaralarynyň we demokratik gymmatlyklaryň berkidilmegine gönükdirilen işleriniň esasy ugurlaryna ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasyny işläp taýýarlamak we onuň durmuşa geçirilmegine gözegçilik etmek boýunça Pudagara topary döretmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, ählumumy gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça köptaraplaýyn halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigi bellenildi. Şunda, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine möhüm orun degişlidir.

Milli Liderimiziň bu ugurda öňe sürýän işjeň başlangyçlary dünýä bileleşiginiň hemmetaraplaýyn goldawyna mynasyp bolýar. Şolary iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan degişli işler alnyp barylýar.

Türkmenistan halkara Konwensiýalaryň 20-sine we ekologiýa, daşky gurşawy goramak boýunça köptaraplaýyn resminamalara goşuldy. Şolaryň bäşisine geçen ýylyň dowamynda goşuldy. Munuň özi bu ugurlarda milli, sebit we halkara derejedäki netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin pugta hukuk binýadyny emele getirýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýokarda agzalan ugurlar boýunça öňe süren başlangyçlarynyň hatarynda Aral deňzi we bu zolakdaky ekologiýa ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça teklipleriniň aýratyn ähmiýete eýedigini bellemek gerek. Şolary durmuşa geçirmek maksady bilen, 2019-njy ýylda BMG-niň Aral sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň Konsepsiýasynyň taslamasy taýýarlanyldy. Bu resminama şol ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda geçirilen köptaraplaýyn geňeşmeleriň dowamynda beýan edildi.

Häzir Türkmenistanyň başlangyjy boýunça şol Ýörite maksatnamany döretmek boýunça Kararnamanyň taslamasy Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş toparyna (ESKATO) agza ýurtlaryň garamagyna hödürlenildi. Oňa 2021-nji ýylyň aprel aýynda geçiriljek ESKATO-nyň nobatdaky mejlisinde garamak meýilleşdirilýär.

Aralyň guramagy netijesinde emele gelýän ýaramaz ýagdaýlary aradan aýyrmak boýunça işleri yzygiderli dowam etmek üçin, milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça, ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Aral milli maksatnamasynyň Konsepsiýasy işlenip taýýarlanyldy. Onda Aral sebitiniň durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça milli derejedäki çäreleriň esasy ugurlary kesgitlenildi.

Bu Konsepsiýa ilatyň ýaşaýşy üçin amatly şertleri döretmek, suw serişdelerini dolandyrmagyň we peýdalanmagyň ulgamyny kämilleşdirmek, tokaý zolaklaryny döretmek we biodürlüligi goramak ýaly wajyp wezipeleri öz içine alýar.

Aral sebitinde ykdysady abadançylygy ýokarlandyrmak, oba hojalygy ösdürmek we ýerden peýdalanmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak ýaly ugurlary öz içine alýan ýörite senagat zolagyny döretmek boýunça çäreler göz öňünde tutulýar.

Tassyklanan ugurlaryň hatarynda ýaşaýyş jaýlaryny we durmuş maksatly desgalary gurmak, daşky gurşawy goramakda täzeçil we döwrebap tehnologiýalary peýdalanmak, ylmy-barlag işlerini geçirmek we ilatyň ekologiýa ugry boýunça sowatlylygyny ýokarlandyrmagyň usullaryny kämilleşdirmek ýaly wezipeler bar.

Bu konsepsiýa esaslanyp, Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllarda Aral boýunça Milli maksatnamasyny taýýarlamak we onuň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmek üçin Pudagara topary döretmek teklip edilýär. Ol hemişelik esasda hereket etmelidir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Aral meselesiniň ýaramaz täsirlerini ýeňip geçmek boýunça döwletara gatnaşyklar üçin möhüm binýat bolan we ähmiýeti sebitiň çäklerinden daşyna çykýan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselelerinde möhüm orun eýeleýändigini we Aral meselesiniň çözgüdine uly üns berýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin dünýä bileleşiginiň goldawy, toplumlaýyn halkara çemeleşme, Birleşen Milletler Guramasynyň bu işlere netijeli gatnaşyklary wajypdyr. Türkmenistanyň BMG-niň Aral üçin Ýörite maksatnamasyny taýýarlamak baradaky başlangyjy hut şu ugra gönükdirilendir.

Aral meselesiniň möhüm çözgüdi boýunça netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ykdysady, durmuş, ynsanperwer we ekologiýa ugurlarynda giň möçberli milli maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegine hemmetaraplaýyn goldaw bermek arkaly, ýurdumyz bar bolan oňyn tejribeleri we döredijilikli mümkinçilikleri umumy abadançylygyň bähbidine amala aşyrmaga çalyşýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen, hödürlenen Karara gol çekdi we ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna iberdi hem-de 2021 — 2025-nji ýyllarda Aral boýunça Milli maksatnamany taýýarlamak babatda Pudagara toparyň netijeli işini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hasabatyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça kabul edilen Kararnamasynda yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň açylyş dabarasyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz bu wakanyň wajypdygyny belläp, Bitarap Türkmenistanyň BMG bilen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny aýtdy. Ählumumy ugurda netijeli we deňeçer gatnaşyklary ýola goýmagyň binýady hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini dikeltmegiň we ony tassyklamagyň wajypdygyna düşünip, ýurdumyz 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky teklibi öňe sürdi.

Bu başlangyç dünýä bileleşiginiň goldawyna mynasyp boldy hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen berkidildi. Türkmenistan mundan beýläk-de Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk döredijilikli tagallalaryna mynasyp goşant goşar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we öňde boljak dabaranyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy şu ýylyň 30-njy ýanwarynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işi boýunça Milli toparynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Onuň gün tertibine BMG-niň bu iri ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýerine ýetirilen çäreler we şu ýyl üçin meýilleşdirilen işler bilen baglanyşykly meseleleriň toplumy girizildi.

“Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi” ulgamlaýyn nominasiýasy boýunça birnäçe milli ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmäge hödürlemek boýunça tekliplere garalar.

Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky milli müdirliginiň we “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň hünärmenleri Beýik Britaniýanyň London uniwersitetiniň arheologiýa institutynyň hünärmenleri bilen hyzmatdaşlykda Beýik Ýüpek ýolunyň Amul — Merw şahasynyň ugry boýunça arheologik gözleg-barlag saparyny amala aşyrdylar. Şunuň bilen baglylykda, orta asyrlarda bu kerwen ýolunyň ugruna garaldy. Onuň ugrunda Amul galasy, Mansaf rabady, Könegala, Akjagala, Gyzyljagala kerwensaraýlary, Tahmalaj-at düşelgesi, Kuşmeýhan orta asyr şäheri ýaly ýadygärlikler bar. Olaryň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň ýokarda agzalan nominasiýa boýunça sanawyna girizmäge mynasypdygy tassyklanyldy.

Bu gün Türkmenistanyň çäginden geçýän gadymy kerwen ugry bolan Beýik Ýüpek ýolunyň halkara söwda gatnaşyklarynyň, Aziýa bilen Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesiniň ykdysady we medeni hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine oňyn täsirini ýetiren ugur hökmünde ajaýyp taryhy-medeni miras hökmünde garalýar.

Birnäçe daşary ýurtlaryň ylym-bilim merkezleriniň hormatly doktory, professor, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly meşhurlyk gazanan kitabynda anyk maglumatlara, ähmiýetli dokumental çeşmelere, arheologik we binagärlik ýadygärliklerine, etnografik maglumatlara ylmy taýdan syn bermek usuly bilen ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi hökmündäki ähmiýetine ýokary baha berilýär. Bu ýol tutuş adamzadyň ösüşine oňyn täsirini ýetiripdir.

Orta asyrlaryň bu möhüm ýolunyň taryhda onlarça döwletleri söwda, maglumat we medeni gatnaşyklar arkaly baglanyşdyrandygyny tassyklaýan maglumatlar bar. Kitapda türkmen halkynyň diňe bir taryhy we ruhy mirasy barada däl, eýsem, Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda ýerleşen ýurdumyzyň geljekki ösüşi barada gürrüň berilýär.

Bu möhüm ugruň täzeden dikeldilmegi häzirki zaman ählumumy we utgaşykly ýagdaýlarynyň ösdürilmeginde ägirt uly ähmiýeti bardyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yklymüsti ulag-logistika düzümini döretmäge gönükdirilen giň möçberli taslamalaryň amala aşyrylmagy ýurtlary we halklary ýakynlaşdyrmagyň esasy şertidir.

Zarawşan — Garagum geçelgesini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hödürlemek maksady bilen, teklip edilýän desgalar boýunça resminamalar toplumynyň gutarnykly görnüşini öz içine alýan degişli işler alnyp barylýar. Resminamalar halkara talaplara laýyklykda, bellenilen möhletde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä komitetine hödürlenmeli. Beýik Ýüpek ýolunyň Zarawşan — Garagum geçelgesini bu abraýly sanawa girizmek meselelerine komitetiň 2021-nji ýylyň sentýabrynda geçiriljek nobatdaky mejlisinde garalar.

Şunuň bilen birlikde, Milli toparyň mejlisiniň gün tertibine Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna goşmak boýunça teklipler girizildi. Şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedrasyny döretmek we birnäçe umumybilim berýän mekdepleri ÝUNESKO-nyň mekdepler assosiasiýasyna girizmek bilen baglanyşykly amala aşyrylýan işler ara alnyp maslahatlaşylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, Türkmenistanyň BMG-niň bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça ýöriteleşen abraýly düzümi bilen hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürýändigini we bu ugurda netijeli halkara gatnaşyklaryň berkidilmegine önjeýli goşant goşýandygyny belledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ÝUNESKO-nyň bütindünýä medeni we taryhy mirasyny goramak boýunça Konwensiýasyna goşulmak bilen, ýurdumyz geljek nesiller üçin halkymyzyň bahasyz baýlygy, dünýä medeniýetiniň möhüm bölegi bolup durýan taryhy-medeni gymmatlyklary goramakda ägirt uly işleri alyp barýar.

Türkmenistanda ajaýyp ýadygärlikleriň ýerleşen ýerlerine uly üns berilýär we şolary goramak, rejelemek, dünýäde giňden wagyz etmek boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ajaýyp taryhy-medeni desgalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna girizildi. Şeýle hem Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy ýadygärlikleri toplumlaýyn nominasiýa boýunça bu sanawa girizmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen, ÝUNESKO-nyň işi boýunça Milli toparyň durmuşa geçirýän çäresiniň köpýyllyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde ähmiýetlidigini belledi hem-de onuň nobatdaky mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi, däp bolan we täze ugurlardaky netijeli gatnaşyklary giňeltmek işlerini dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow harby we hukuk goraýjy edaralarda ýurdumyzda parahatçylygy, asudalygy we durnuklylygy saklamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem ýakynda Watan goragçylarynyň gününiň giňden bellenendigi, şu mynasybetli giň möçberli baýramçylyk maksatnamasynyň taýýarlanandygy hem-de harby özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, onuň çäklerinde bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we harby gullukçylaryň hem-de olaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygy hakynda hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanyň öz Bitaraplyk derejesine we halkymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly ýokary ahlak ýörelgelerine hemişe ygrarlydygyny belledi. Ýurdumyzyň tutuşlygyna goranyş we parahatçylyk söýüjilik häsiýetine esaslanýan Harby doktrinasy hut şu ýörelgelere esaslanýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, döwletimiz harby we hukuk goraýjy düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine, harby gullukçylar baradaky aladanyň hemmetaraplaýyn häsiýete eýe bolmagyna mundan beýläk-de üns berer hem-de Watan goragçylarynyň ýokary derejeli gulluk etmegi we amatly ýaşaýşy üçin ähli zerur şertler dörediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belläp, bu mukaddes baýramy mynasyp garşylamak üçin zerur taýýarlyk işlerini alyp barmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz hökümetimiziň öňünde durýan wajyp wezipeleri kesgitledi — şanly ýylda esasy wezipe jemi içerki önümiň durnukly ösüş depginini ýokary derejede üpjün etmekden ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, şu maksat bilen, ähli ýolbaşçylar bu derejä ýetmäge we dünýä ykdysadyýetindäki ýaramaz täsirleri azaltmaga gönükdirilen çäreleri işläp düzmelidirler.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, bolup biljek ykdysady ýitgileriň öwezini dolmak hem-de milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Durnukly pul dolanyşygyny gazanmak we durnukly makroykdysady ýagdaýy saklamak üçin ähli zerur şertler döredilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek boýunça önümçilikleri döretmek işlerini çaltlandyrmagy, şeýle hem içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýerli önümleriň eksport edilýän möçberlerini artdyrmagy talap etdi.

Bellenilişi ýaly, zähmet bazary bilen bagly işler hemişe üns merkezinde saklanylmalydyr. Emele gelýän ýagdaýlar bilen baglylykda, zähmet gorlary döredilmelidir hem-de maksadalaýyk dolandyrylmagy üpjün edilmelidir.

Milli statistiki ulgamy döwrebap ýagdaýa getirmeli hem-de statistiki hasabatyň görnüşlerini tükellemeli. Olary umumylaşdyryp, möhleti geçen we möhüm bolmadyk görnüşlerini gysgaltmaly. Sanly ulgam arkaly iş alyp barmaga geçmek boýunça çäreleri dowam etmeli hem-de dünýä tejribesinde bu ugurda gazanylan oňyn netijeleri peýdalanmaly.

Şeýle hem mejlise gatnaşyjylaryň öňünde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli gurlup, ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan senagat we durmuş maksatly desgalaryň hem-de binalaryň öz wagtynda maliýeleşdirilmegini berk gözegçilikde saklamak wezipesi goýuldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman bank hyzmatlaryny, elektron tölegleri ornaşdyrmagy çaltlandyrmaga ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, nagt däl hasaplaşyk ulgamyny giňeltmeli. Durnukly pul dolanyşygy üçin zerur şertleri döretmeli. Bank ulgamyna ynamy we onuň özüne çekijiligini ýokarlandyryp, berilýän karzlaryň netijeli bolmagyny hem-de wagtynda gaýtarylmagyny üpjün etmeli.

Hususy pudagyň fiziki we ýuridik şahslaryň pul goýumlaryny çekmegiň we olary bermegiň tertibini ýönekeýleşdirmeli. Şeýle hem banklaryň arasynda bäsleşigi döretmek arkaly hyzmatlar üçin töleglere gaýtadan seretmeli diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Şeýle hem hökümet agzalaryna pudaklara walýuta serişdeleriniň gelip gowuşmagyny hem-de olaryň ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygyna edýän täsirini her aýda seljermek tabşyryldy.

Halkara maliýe edaralaryndan (Halkara täzeleniş we ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky) hem-de halkara gaznalardan kiçi we orta telekeçiligi goldamak üçin pul serişdelerini, karzlary çekmek boýunça çäreler toplumyny amala aşyrmak bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet — hususy pudak hyzmatdaşlygy arkaly, garyşyk maliýe ýörelgeleri esasynda maýa goýumlaryň beýleki çeşmelerini ösdürmek boýunça işleri has-da güýçlendirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz «dördünji senagat rewolýusiýasynyň» ykdysadyýetimiziň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamyna täsir edip başlamagyna üns bermegi, şuny nazara alyp, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda durmuş-ykdysady wezipeleri çözmäge bütinleý täzeçe çemeleşmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz döwletiň düzgünleşdiriji ornuny göz öňünde tutup, bazar edaralaryny we usullaryny doly derejede ösdürmegiň üpjün edilmelidigini, döwlet eýeçiligine degişli desgalary hususylaşdyrmak boýunça netijeli çäreleriň işlenip taýýarlanylmalydygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgininde döwlete dahylly bolmadyk pudagyň paýy 70 göterime barabardyr. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk pudagyny ösdürmek üçin ähli zerur şertleri döretmek, 2021-nji ýylda jemi içerki önümiň düzüminde bu pudagyň paýyny 70,6 göterime ýetirmek üçin zerur tagallalar edilmelidir.

Şeýle hem mejlisde döwlet durmuşyna degişli beýleki meselelere garaldy we olar boýunça çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadançylyk we berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19591?type=feed

30.01.2021
Ýagşylygy ýaýýan ýagty ýollar

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda uly üstünlikler bilen garşy alýan her bir ýylymyz şanly wakalara beslenip, bagtyýar halkymyzyň ykbalyna özboluşly öwüşgin çaýýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda 2021-nji ýylymyz hem ady bilen bagly şanly senelere, ajaýyp wakalara beslenýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçýän şu ýylymyz hem ata Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk düzümleriniň ösdürilmegi bilen bagly wakalar hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda milli Liderimiziň asylly başlangyçlary esasynda Türkmenistan döwletimizde ulag-aragatnaşyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy ugrunda uly işler alnyp barylýar. Diýarymyzyň ulag infrastrukturasynyň düýpli ösdürilmegi we Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň geriminiň has-da giňeldilmegi kuwwatly senagat döwletimiziň halkara ulag düzümlerine işjeň goşulyşmagyny şertlendirýär. Bu bolsa Merkezi Aziýa we Hazarýaka sebitinde ýerleşýän ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçirijiligini ýokarlandyryp, iri ulag merkezine öwrülmegine ýardam berýär.

Diýarymyzda 2020-nji ýylda Awtoulag kärhanalar toplumynyň we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkeziniň açylmagy ýurdumyzyň kämil ulag düzüminiň kemala gelýändigini görkezýär. Muny ak şäherimiz Aşgabatda S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygyndaky ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli «Mahabat» binasy ýerleşdirilen toplumyň açylyp, ulanylmaga berilmegi hem ýene bir ýola doly tassyklaýar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ulag diplomatiýasy dabaralanýar we halkara derejesinde iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu babatda 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmagynda iri halkara desgalarynyň açylyş dabarasy boldy. Olaryň hatarynda Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan uzynlygy 153 kilometrlik elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlarynyň işe girizilendigini bellemek gerek. Munuň özi Türkmenistanyň bütin dünýäde «Halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylda ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek arkaly, hakykatdan-da, parahatçylygy we özara ynamy giňden dabaralandyrýandygyny ýene bir ýola aýan edýär.

Ýurdumyzyň ulag diplomatiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýän we ulag-aragatnaşyk ulgamyny has-da belent ösüşlere eýe edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

Şamyrat KURBANOW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19552

30.01.2021
Gatnaşyklar berkidilýär

Ýakynda Daşary işler ministrliginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpur bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi.

YHG-niň binýadynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyp, duşuşyga gatnaşyjylar ählumumy howplar ýagdaýynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ähmiýetini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan sebitde söwda-ykdysady, iri ulag we energetika taslamalarynyň başlangyçlary bilen çykyş edip, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maksatlaryna ýetilmegine düýpli derejede ýardam edýär.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň we YHG-niň Baş sekretary sebit ykdysady goşulyşmazlygyny çuňlaşdyrmakda giň hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler.

Öňňin Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde onlaýn görnüşinde Halkara pul gaznasynyň (HPG) bilermenler topary bilen duşuşyk geçirildi. Pikir alyşmalaryň dowamynda HPG-niň bilermenleri bilen ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de işgärleriniň arasynda geçirilen on günlük duşuşygyň netijeleri jemlenildi. Şolarda ykdysady ösüşiň orta möhletli geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, türkmen ykdysadyýetiniň şu günki ýagdaýlaryna seljerme berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan «Açyk gapylar» syýasatyny amala aşyryp, halkara düzgünler, şol sanda ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda hem-de tehniki we maslahat beriş kömegini bermekde ýurdumyzyň möhüm strategik hyzmatdaşy bolan Halkara pul gaznasy bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär.

Halkara pul gaznasynyň Türkmenistandaky makroykdysady we maliýe ýagdaýyna berýän yzygiderli bahalary hem-de çaklamalary bolup geçýän ýagdaýlary seljermäge, berilýän anyk maslahatlardan peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Halkara pul gaznasynyň hünärmenleri maglumat taýdan netijeli gatnaşyklar üçin Türkmenistanyň döwlet edaralaryna hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň rowaçlygyna, onuň raýatlarynyň abadançylygyna gönükdirilen durmuş ugurly syýasatynyň amala aşyrylmagyna mundan beýläk-de goldaw bermäge gaznanyň taýýardygyny aýtdylar.


«Aşgabat».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19527

30.01.2021
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 28-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Lebap welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, şeýle hem saglygy goraýyş we derman senagaty ministri gatnaşdylar.

Iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly hem-de eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şu ýyl belleniljek şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy baradaky meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewi çagyrdy. Wise-premýer milli Liderimiziň paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyran hem-de Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň buýurmasy esasynda gurulýan desgalar toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşmagyň barşynda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Wise-premýer hasabatynyň çäklerinde alabaý itleriniň bäsleşiginiň jemleri boýunça ýeňiji diýlip yglan ediljek alabaýa “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen derejäniň berilmegi bilen baglylykda, ýeňijä gowşuryljak medalyň taýýarlanan şekil taslamalaryny döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi.

Şekil taslamalarda sekizburçlugyň içinde “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen ýazgy aýlaw görnüşde ýerine ýetirilipdir we onuň aşagynda 2021 diýen ýyl ýazgysy ýerleşdirilipdir. Medalyň ýüz tarapyndaky bu görnüşleriň merkezini alabaýyň şekili bezeýär.

Medalyň arka tarapynda aýlaw görnüşde “Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasy” diýen ýazgy bar. Onuň merkezinde bolsa Ýer togalagynyň şekiliniň ýüzünde türkmen alabaýynyň kellesi — bu assosiasiýanyň nyşany ýerleşdirilipdir. Medal alajalar bilen berkidiler.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň görkezmelerine laýyklykda, toplumdaky alabaý itleriniň sergi meýdançasynyň, olara baha berjek emin agzalarynyň oturjak ýeriniň taslamalarynyň üstünde işlenilişi barada habar berildi.

Milli Liderimiziň görkezmelerinden ugur alnyp, taslamalar taýýarlananda we olaryň gurluşygynda ýokary hil derejesine möhüm ähmiýet bermek ileri tutulýar, olaryň halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän milli binagärlik ýörelgelerine kybap gelmegine aýratyn üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli mirasymyzyň gymmatlygy bolan alabaýlaryň halkymyzyň durmuşynda eýeleýän möhüm orny barada durup geçdi.

Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz Türkmen alabaý itleriniň güni mynasybetli ilkinji gezek geçiriljek baýramçylyk çärelerine ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtap, onuň örän guramaçylykly we ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek babatda wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz hödürlenen taslamalara, hususan-da, alabaý itleriniň bäsleşiginiň geçiriljek meýdançasynyň taslamasyna käbir düzedişlerini girizip, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen derejä eýe boljak ýeňijä gowşuryljak medalyň hödürlenen şekil taslamasyny makullap, ony halkara talaplara laýyk getirmek üçin has-da kämilleşdirmek boýunça belliklerini aýdyp, medalyň Düzgünnamasyny taýýarlamak barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýew hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow çagyryldy. Häkim paýtagtymyzda alnyp barylýan işler, gurluşygy dowam edýän desgalardaky işleriň ýagdaýy, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň gyş döwründe talabalaýyk ýyladylyşy, ilatyň elektrik energiýasy bilen üpjün edilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyny dabaraly belläp geçmäge taýýarlyk görlüşi bilen gyzyklanyp, bu senäni dabaralandyrmagyň maksatnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz şäherde ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşyny we elektrik energiýasy bilen üpjün edilişini berk gözegçilikde saklamak barada görkezme berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew ady rowaýata öwrülen Şükür bagşynyň hormatyna dikeldilen ajaýyp ahalteke bedewine atlanan arkasy dutarly türkmen ýigidiniň heýkeli oturdylan ýol çatrygyndaky ýadygärlik binasynda döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi boýunça hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän paýtagtymyzyň Tähran köçesiniň ugrunda gurulýan Söwda we dynç alyş merkezli desgalar toplumynda milli Liderimiziň beren görkezmelerini ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Şükür bagşynyň heýkeli oturdylan ýol çatrygyndaky ýadygärlikde we onuň töwereginde bagy-bossanlyklaryň döredilip, abadanlaşdyryş işleriniň ýaýbaňlandyrylmalydygyna wise-premýer Ş.Durdylyýewiň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowyň ünsüni çekdi. Bu ýeriň adamlaryň gelim-gidimli ýerine öwrülmegini gazanmak, şol sanda medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi üçin hemme şertleriň döredilmegi barada birnäçe tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz desgalary gurmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň netijeli we maksadalaýyk ulanylmagyny, ýokary hilli hyzmatlaryň ýola goýulmagyny üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli belleýşi ýaly, amala aşyrylýan gurluşyk işleri şol bir wagtda halkara ülňülere, şol sanda hil, estetiki we ekologiýa babatdaky talaplara doly laýyk gelmelidir.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň öňbaşçysy bolmak bilen, Aşgabat Türkmenistanyň yzygiderli durmuşa geçirýän oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň aýdyň nyşany bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz täze toplumda iri söwda merkezleriniň işini guramagyň öňdebaryjy çözgütleriniň hem-de döwrebap bezeg pikirleriniň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi we “Aşgabat” diýip atlandyrmak teklip edilen täze toplumyň bezeginde milli nagyşlaryň görnüşleriniň we ýazgylarynyň ulanylmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu toplumyň ady bilen baglanyşykly hödürlenen taslama şekiline birnäçe düzedişleri girizip, onuň gözellik, ykjamlylyk we amatlylyk, yşyklarynyň öwüşginlilik ýaly ugurlary özünde jemlemegi bilen bagly meseleleri göz öňünde tutmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewe hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowa ýüzlenip, paýtagtymyzyň ýurdumyzyň durmuşyndaky ähmiýetine ünsi çekdi. Häzirki döwürde Aşgabat dünýäniň iň owadan şäherleriniň biridir. Ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, ylmy merkezi bolup durýar. Tehnologik ösüşiň we innowasiýalaryň milli merkezi, şeýle hem döwletimiziň bilim we medeni merkezidir.

Aşgabadyň özboluşly desgalary Ginnesiň rekordlar kitabyna on bir gezek girizildi. Munuň özi ýurdumyzyň baş şäherinde amala aşyrylýan özgertmeleriň tutuş dünýä üçin nusga alarlyk mysaly bolup durýar.

Şu ýyl biz şanly senäni — Aşgabadyň 140 ýyllygyny dabaraly belläp geçeris. Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, häzirki döwürde Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabady ösdürmek — dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan şäherleriniň birine öwürmek boýunça konsepsiýasynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini nygtady. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň paýtagtynyň çäkleri giňeldildi. Aşgabat dünýä derejesindäki iri şäherleriň birine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz diplomatiýanyň we Bitaraplygyň sebit we halkara merkezi hökmünde hem Aşgabadyň abraýynyň barha artýandygyny nygtap, bu ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasynyň, şeýle hem paýtagtymyzda dürli halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýerleşdirilendigini belledi.

Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň gatnaşmagynda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahat geçirildi diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Şeýle hem Aşgabat dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň ýurdumyzyň durmuşyndaky ähmiýetini nazara alyp, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyny ýokary derejede geçirmek boýunça çäreleri guramak barada tabşyryk berdi.

Şu maksat bilen, döwlet Baştutanymyz Hökümet toparyny döretmegi, bu şanly senäni dabaraly geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Çäreleriň meýilnamasynda “Ak şäherim Aşgabat” monumentinde toý dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulmalydyr.

Şeýle hem şäheriň seýilgählerinde baýramçylyk çärelerini guramak, sungat ussatlarynyň çykyşlaryny, sergileri, taryhy-rejelemek işlerini geçirmek meýilleşdirilmelidir. Hormatly Prezidentimiz medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda şanly sene mynasybetli geçiriljek döredijilik bäsleşiginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Aşgabat barada wideofilmleri taýýarlamak, şäherde täze gurulýan binalary we desgalary açyp, ulanmaga bermek bilen bagly dabaralary degişli derejede geçirmeli. Dürli sport ýaryşlaryny, aýlawda at çapyşyklaryny guramaly. Aşgabadyň ýaşaýjylaryna täze iň ýokary derejeli amatlyklary bolan öýleri ulanmaga bermeli. Şol şanly senäni baýramçylyk feýerwerkini geçirmek bilen tamamlamaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyny belläp geçmek boýunça toparyň düzümini we bu şanly sene mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasyny taýýarlap, ýakyn wagtda Ministrler Kabinetine seretmäge bermegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew hem-de göni wideoaragatnaşyga çagyrylan saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow bilen dowam etdi.

Wise-premýer täze guruljak Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň binagärlik taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri bu desgany gurmak boýunça öňde goýlan wezipeler we onuň niýetlenen ugurlary barada habar berdi.

Täze Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezde geljekde ýurdumyzda we sebitde köp duş gelýän keselleri, şol sanda süýjüli diabet, dem alyş ýollarynyň we gan aýlanyş ulgamynyň, madda çalşygynyň kesellerini, Aralýaka sebitiň adamyň saglygyna oňaýsyz täsirini, dermanlyk ösümlikleriň melhemlik täsirini, allergologiýanyň we immunologiýanyň, kadaly iýmitlenmegiň, fiziki işjeňligiň, sportuň we zähmetiň fiziologiýasyny öwrenmek, şeýle hem bu ugurlar boýunça kliniki, okuw, ylmy we barlaghana işlerini alyp barmak meýilleşdirilýär.

Bu merkeziň düzüminde ylmy-kliniki barlaghana, fiziologiýa, diabet we umumy bölümler hem-de Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň degişli kafedralary üçin okuw otaglary we beýleki bölümleri göz öňünde tutulýar.

Bu merkez bäş gatdan ybarat bolup, onuň gurluşyk meýdany 6 gektara barabar bolar. Desganyň ýanaşyk ýerinde 240 orunlyk awtoduralgany gurmak meýilleşdirilýär. Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi ýurdumyz boýunça arid zolagyň meselelerini öwrenýän merkezi bejeriş-öňüni alyş edarasy bolup hyzmat eder.

Soňra wise-premýer Ş.Durdylyýew paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän nobatdaky saglygy goraýyş desgasy — Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň taslamasy boýunça hasabat berdi. Onuň ýerleşjek ýeri hem milli Liderimiziň görkezmelerine laýyklykda, oýlanyşykly saýlanyp alyndy.

Bu taslama bilen baglylykda, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow taslamanyň amala aşyrylmagy babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa lukmançylyk edarasynyň öňünde durýan wezipeler barada hasabat berdi. Hususan-da, 7 gatly merkeziň gurluşyk meýdany 6 gektara barabar bolup, onuň meýdançasynda 240 orunlyk awtoduralgany gurmak meýilleşdirilýär.

Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň düzüminde ýürek-damar, nerw, endokrin, iýmit siňdiriş, daýanç-hereket ediş we beýleki beden agzalarynyň dowamly kesellerinden we operasiýadan soň uly ýaşly adamlaryň hem-de çagalaryň saglygyny ýatymlaýyn we gatnaw şertlerinde dikeltmek üçin aýratyn binalarda ýerleşdirilen bölümler, okuw hem-de kömekçi-hojalyk bölümleri göz öňünde tutulýar.

Bu merkezde derman serişdelerini ulanmazdan, häzirki zaman lukmançylygynyň iň döwrebap tehnologiýalary adamlaryň saglygyny berkitmekde ulanylar. Merkezde edilýän hyzmatlar dürli keseller bilen kesellän näsaglaryň adaty durmuşa gaýdyp gelmegine, ýaşaýyş hiliniň gowulanmagyna we işe ukyplylygynyň dikeldilmegine oňyn täsir eder. Şonuň bilen bir hatarda, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezinde lukmanlaryň bilim derejelerini we hünär kämilligini ýokarlandyrmak üçin ähli şertler dörediler.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, täze guruljak saglygy goraýyş desgasynyň ýerleşjek ýerindäki beýleki desgalar bilen sazlaşykly utgaşmalydygyny, binalarynyň owadan bolmalydygyny belledi. Täze desga ýokary hil derejesinde ýerine ýetirilip, onuň bellenen möhletlerde ulanylmaga tabşyrylmagy üpjün edilmelidir. Ol ýerde ýüz tutýan näsaglar üçin ähli amatly şertler döredilmelidir.

Şonuň bilen birlikde, täze saglygy goraýyş desgasy iň kämil lukmançylyk enjamlary we täze tehnologiýalar bilen üpjün edilmelidir diýip, milli Liderimiz degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen desgalaryň şekil taslamalaryny tassyklap, olary gurmak boýunça halkara bäsleşigi yglan etmek barada görkezme berdi.

Soňra saglygy goraýyş we derman senagaty ministri ýurdumyzda ýokanç keselleriň ýaýramagyna we olaryň öňüni almaga gözegçilik etmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Ministr Türkmenistanyň bellige alan “Sputnik V” sanjymynyň ähmiýeti barada aýdyp, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň öňüni alyş çärelerini geçirmek boýunça alyp barýan işleri barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýokanç keselleriň garşysyna göreşmek we olaryň öňüni almak boýunça işleri dowam etmegiň, öňümizde ýetip gelýän ýaz-tomus pasyllary bilen baglylykda, zerur bolsa güýçlendirmegiň möhümdigini aýtdy. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BSGG tarapyndan ykrar edilen derman serişdelerini we sanjymlaryny bellige almak boýunça işleri dowam etmek babatda saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine birnäçe tabşyryklary berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda ynsan saglygynyň pugtalandyrylmagy, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi we ýokary derejeli dynç almagy üçin amatly şertleri üpjün etmek durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň hemişe ileri tutulýan ugry bolar.

Döwlet Baştutanymyz keselleriň öňüni almak ugrunda ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaýyn çäreleriň barşynda üç halkalaýyn düzgüniň berk berjaý edilişini hem-de agyz-burun örtükleriniň halkara kadalara laýyk gelmegini hem-de bellenilen möhletine çenli ulanylyşyny berk gözegçilikde saklamak hem-de bu babatda ilatyň arasynda düşündiriş işlerini yzygiderli alyp barmak barada tabşyryklary berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow raýatlarymyza hem-de daşary döwletlere okamaga gitjek talyplarymyza barýan ýurtlarynda ulanylýan sanjymlara görä, sanjym geçirmegiň üpjün edilmegini hem-de Türkmenistana gelýän daşary ýurtly raýatlaryň öz ýurtlarynda degişli sanjym alandyklaryny tassyklaýan güwänamany olardan talap etmegi tabşyrdy, şeýle hem isleg bildirýän sanjymlaryny biziň ýurdumyzda hem ulanar ýaly mümkinçiligi döretmegiň möhümdigi barada degişli ýolbaşçylara görkezmeleri berdi.

Şunda döwlet Baştutanymyz keseli bejereniňden, onuň öňüni almagyň has möhümdigi barada aýtmak bilen, häzirki döwürde ýokanç keselleriň öňüni almagyň ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýandygyna ünsi çekdi.

Soňra göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Lebap welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary M.Meredow hem-de Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew çagyryldy. Häkim welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatda ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmegiň, şol sanda gowaça ekiljek meýdanlary möwsüme taýýarlamak işlerini talabalaýyk geçirmegiň, şeýle hem ekişde ulanyljak ähli oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny möwsüme doly taýýar etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, häkime degişli tabşyryklar berildi. Hususan-da, milli Liderimiz welaýatyň pagta öndürijileriniň zerur bolan gowaça tohumlary bilen üpjün edilmegi, ekiş möwsümine çenli ýokary hilli gowaça tohumlarynyň taýýarlanylmagy barada degişli tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň kuwwatyny artdyrmak barada döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýändigini aýdyp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň netijeliligine, ekin meýdanlarynyň üpjünçiligine gözegçiligi güýçlendirmek barada görkezme berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda ýazlyk ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini, tohumlary hem-de ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň möwsüme doly taýýarlanylmagy barada häkime tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemegini üpjün etmegi, şeýle hem etraplarda, şäherlerde we şäherçelerde elektrik energiýasynyň, tebigy gazyň we agyz suwunyň bökdençsiz üpjün edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow Lebap welaýatyna bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berip, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen “Türkmeniň ak öýi» binasynyň, sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenen döwrebap Kerki howa menziliniň hem-de Çärjew etrabynda gazturbinaly elektrik bekediniň gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, desgalaryň gurluşygynyň iş depginini artdyrmagyň möhümdigini belledi hem-de wise-premýere we häkime gurluşyklaryň ýokary hil derejesinde we bellenen möhletlerde ulanylmaga tabşyrylmagyny üpjün etmek barada degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçiren iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy ykdysady taýdan has-da ösdürmäge, mähriban halkymyzyň bagtly we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19479?type=feed

29.01.2021
Türkmen Bitaraplygy — abadançylygyň ak ýoly

Türkmenistanyň halky ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň şanly senesini her ýyl uly buýsanç bilen dabaralandyrýar. Şanly senäniň hormatyna guralýan dabaralar halkymyzyň asylly däp-dessurlary, asyrlaryň dowamynda döreden ruhy gymmatlyklary we ynsanperwer ýörelgeleri bilen utgaşýar.

Türkmen Bitaraplygy haýsydyr bir syýasy bileleşigiň öňe süren taglymaty bolman, eýsem, halkymyzyň döreden köp asyrlyk ýörelgesiniň we häzirki zaman dünýägaraýşynyň özboluşly sazlaşygydyr. Hemmeler bilen hoşniýetli gatnaşykda bolmak, dostanalyk ýaly häsiýetler türkmen halkyna asyrlaryň dowamynda mahsus bolandyr. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi milli jemgyýetçilik aňynda giň goldawa eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen halkyny daşky dünýä üçin has düşnükli we açyk görkezýär.

Milli ykdysady ösüşiň wezipelerini has doly ýerine ýetirmek mümkinçiligi bitaraplyk syýasatynyň möhüm bir ugruna öwrüldi. Ykdysady-hukuk nukdaýnazaryndan, bitaraplyk türkmen topragynyň baýlyklaryny özleşdirmek, ýangyç-energetika serişdelerini dünýä bazaryna çykarmak babatda möhüm ykdysady taslamalary işläp taýýarlamaga daşary ýurt maýalaryny çekmegiň wajyp guraly bolup durýar.

Hemişelik Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan öz borçnamalaryny yzygiderli we birkemsiz berjaý edýär. Dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, Esasy Kanunda berkidilen, umumy ykrar edilen halkara hukuklary goldaýar. Daşary syýasatda beýleki döwletleriň içki işine gatyşmazlyk, güýç ulanmazlyk, harby toplumlara we birleşiklere goşulyşmazlyk ýaly ýörelgelere ygrarly bolup, sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen parahatçylyk söýüjilik, dostluk, birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklary ösdürýär.

Bitarap Türkmenistan parahatçylygy, parahatçylyk dörediji ýörelgeleri goldamak işinde halkara bileleşige hemişe ýardam bermäge taýýardyr. BMG-niň Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylyk dörediji tagallalarynyň çäklerinde Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk konsepsiýasyny iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirmekde BMG bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär.

Türkmen Bitaraplygy deňsiz-taýsyz dereje bolup durýar. Çünki ol döwletiň özbaşdak we hoşniýetli erkine laýyklykda saýlan ýolunyň anyk netijesidir. Ýurdumyz özüniň bitaraplyk ýörelgesi bilen adamzat medeniýetiniň ösüşine özboluşly goşant goşýar. Goňşy Owganystana yzygiderli ynsanperwerlik kömeginiň berilýändigini, bu ýurduň ykdysadyýeti üçin möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini bellemeli. Munuň özi bitaraplygyň, şonuň bilen baglanyşyklylykda, hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasatynyň anyk netijeleridir diýip bolar.

2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy Türkmenistan bilen BMG-niň netijeli we sazlaşykly ösdürilýän hyzmatdaşlygynda täze tapgyra öwrüldi. Merkeziň işi Merkezi Aziýa giňişliginde durnuklylygyň saklanmagyna hem-de netijeli özara gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam berýär.

Halkara işlerde bar bolan jedelli meseleleri we gapma-garşylyklary syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözmäge goldaw bermek Türkmenistanyň üýtgewsiz ýörelgesi bolup durýar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň adalatly we parahatçylyk döredijilikli ýörelgeleri häzirki döwürde ählumumy ykrarnama we hormata mynasyp bolýar. Hormatly Prezidentimiziň «Bähbitleriň köpdürlüligi — maksatlaryň bitewüligi» diýen sözleri ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça halkara tagallalary utgaşdyrmakda Türkmenistanyň eýeleýän ornuny kesgitledi.

Bitaraplyk — munuň özi syýasy, ykdysady, taryhy, medeni ugurlary özünde jemleýän janly we dörediji güýçdür. Hut şonuň üçin hem bu mesele boýunça geçirilýän halkara maslahatlaryň dowamynda Bitaraplygyň täze mümkinçilikleri açylýar we dürli ýurtlaryň wekilleriniň arasynda özara bähbitli gatnaşyklaryň tejribeleri baýlaşdyrylýar. Halkara forumlaryň bilim ulgamyny ösdürmek babatda hem ähmiýetlidigini bellemeli. Şeýle forumlaryň maglumatlary okuw gollanmalaryna girizilip, olary geljekki diplomatlar, ykdysatçylar, hukukçylar, žurnalistler bolan ýurdumyzyň talyplary içgin öwrenýärler. Görnüşi ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy beýleki pudaklar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň bilim ulgamyny hem döwrebaplaşdyrmaga, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ösen ýurtlaryň tejribesini öwrenmäge we işe ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri açdy.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Rezolýusiýa kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edildi.

Türkmen Bitaraplygy döwrümiziň we geljegimiziň ugur görkezijisidir, ähli ugurlar boýunça giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikdir.

Goý, halkymyzy ösüşiň hem parahatçylygyň ýoly bilen alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Ogultäç BALLYÝEWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň dosenti, hukuk ylymlarynyň kandidaty.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19468

29.01.2021
Dünýäniň energetika döwleti Türkmenistan elektrik energiýasyny daşary ýurtlara eksport edýän ýurt hökmünde barha uly kuwwatlyklara eýe bolýar

Ýurdumyz tebigy gazyň gorlary boýunça Merkezi Aziýada birinji, dünýäde dördünji orny eýeleýär. Şonuň üçinde Türkmenistany dünýäniň energetika döwleti diýip atlandyrmak bolar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan döwletimiz häzirki zaman halkara hyzmatdaşlyk ulgamynyň iň bir işjeň gatnaşyjylarynyň biri bolmak bilen, sebitde we dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge öz mynasyp goşandyny goşýar. Garaşsyz döwletimiziň daşary syýasaty oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk kadalaryna berk eýermek esasynda amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde, hormatly Prezidentimiziň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda energetika diplomatiýasy hem ýokarlanýar.

Hormatly Prezidentimiziň ylmy taglymatynyň düýp özeni bolsa ýurduň ykdysadyýetiniň ylmy esasda ösdürilmeginden ybaratdyr. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde esasy orunlaryň birini eýeleýän energetika ulgamynyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ulgamyň barha ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň energetikany ösdürmekde alyp barýan syýasaty we öňe sürýän başlangyçlary, ilkinji nobatda, energetika ulgamynyň kuwwatyny düýpli artdyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň durnukly depginini gazanmak bilen birlikde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini öňküden-de ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Häzirki wagtda döwletara hyzmatdaşlygynyň täze derejesiniň esasynda, çalt depginler bilen ösýän kuwwatly energetika insfrastrukturasy emele gelip, elektrik energiýasynyň ulanylyşynyň netijeliliginiň ýokarlanmagy, energiýanyň aýawly saklanylmagy, pudaga innowasion tehnologiýalaryň we döwrebap dolandyryş usullarynyň girizilmegi, ekologiýany gorap saklamak hem-de energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmaklygyň, energiýa göterijileriň halkara üstaşyr geçirilişini deňhukukly we adalatly esasda amala aşyrmaklygyň netijesinde bu meselelere aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda türkmen energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen dünýäniň dürli ýurtlarynyň sarp edijilerine elýeterli etmek we elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmak, täze energetika kuwwatlyklaryny döretmek, energiýa paýlaýjy ulgamlaryň tehniki ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar.

Ýurdumyz tebigy gazyň gorlary boýunça Merkezi Aziýada birinji, dünýäde dördünji orny eýeleýär. Şonuň üçin-de Türkmenistany dünýäniň energetika döwleti diýip atlandyrmak bolar. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, indi birnäçe ýyl bäri türkmen elektrik energiýasy Owganystan Yslam Respublikasyna üznüksiz ugradylýar. Bu bolsa iki döwletiň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da täze derejä çykarýar. Elektrik energiýasyny daşary ýurtlara eksport edýän ýurt hökmünde Türkmenistan barha uly kuwwatlyklara eýe bolýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem bu pudagy ösdürmek boýunça möhüm wezipeleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzda gurlup işe girizilýän gaz turbinaly elektrik stansiýalarynda öndürilýän elektrik togunyň möçberi we kuwwaty barha ýokarlanýar. Hut şonuň üçin-de, Owganystan döwletine iberýän elektrik energiýamyzy iki esse artdyrmaga giň mümkinçilikler açyldy. Aýdylanlaryň aýdyň mysaly hökmünde 14-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiziň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda türkmen-owgan dost-doganlyk nyşany hökmünde iri taslamalaryň:

Akina — Andhoý menzilleriniň arasynda uzynlygy 30 kilometr bolan demir ýolunyň;

Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan, uzynlygy 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamynyň;

Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmeginiň teleköpri arkaly açylyş dabarasy boldy. Bu dabara türkmen-owgan dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkidýän nyşan hökmünde taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy. Bilelikdäki taslamanyň işe girizilmegi iki döwletiň we doganlyk halklaryň däbe öwrülen dostlukly, netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny, şeýle hem Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşini işjeň goldaýandygyny nobatdaky gezek äşgär etdi. Badalga berlen bu taslama iki döwletiň ulag-üstaşyr, energetika kuwwatyny we kommunikasiýa pudaklarynda netijeli gatnaşyklary amala aşyrmak üçin mümkinçiliklere giň ýol açdy we Owganystanda energetika bazaryny döretmekde möhüm ädim boldy. Bu iri taslama Owganystanyň demirgazyk welaýatlaryndan elektrik energiýasynyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine we ýurduň umumy elektrik üpjünçiligini gowulandyrmaga ýardam eder.

Akina — Andhoý demir ýolunyň işe girizilmegi Owganystanyň we Türkmenistanyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge mümkinçilik berer. Owganystanyň demir ýol müdirliginiň geçiren seljermesine laýyklykda, daşalýan ýükleriň möçberiniň birinji ýylda 20 göterim, ikinji ýylda 50 göterim artjakdygy baradaky aýdylanlar bolsa has-da buýsançlydyr. Çünki bu taslama goňşy ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek üçin goşmaça şertleri döreder, onuň kiçi we orta işewürligini işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleri açar, owgan önümlerini dünýä bazarlaryna çykarmaga mümkinçilik berer. Şeýle-de täze iş orunlary peýda bolar. Ulanylmaga berlen bu iri taslamalar goňşy Owganystan Yslam Respublikasy bilen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyzy has-da berkidip, hyzmatdaşlyk ulgamynyň işjeňligini barha ýokarlandyrar.

Bu taryhy açylyşlaryň yzysüre, ýagny 15-nji ýanwarda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylmagy hem ýylymyzyň ajaýyp wakasy boldy. Türkmenabat şäherinden, takmynan, 70 kilometrlikde ýerleşýän döwrebap desganyň işe girizilmegi bilen 60-a golaý täze iş ornunyň döredilmegi-de halkymyzyň şatlygyny goşalandyrdy. Umuman, asyryň bu beýik taslamalarynyň amala aşyrylmagy Türkmenistan Diýarymyzyň bütin adamzadyň ykbalyna dahylly beýik işleri amala aşyrýandygyny ýene-de bir gezek dünýä aýan etdi.

Goý, dostlukly ýurda ugradylan elektrik energiýasydyr optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr ulgamlary mährem ojaklara ýagtylygy hem ýylylygy paýlasyn. Bize baky bagtyýarlygy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

Merdan AKMUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19456

29.01.2021