Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş Umman sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş Komissiýasynyň (UNESCAP) 2021-nji ýylyň 26-29-njy apreli aralygynda göni wideo aragatnaşyk arkaly 77-nji Ýokary derejeli mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti gatnaşdy.
Bu Komissiýanyň 77-nji mejlisi «Aziýa we Ýuwaş Umman sebitinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň esasynda «öňküden has gowy» ýörelgesine eýermek bilen çökgünlik döwründen soňraky dikeldiş» atly mowzuk bilen geçirildi.
Mejlisiň ikinji gününde ýagny 2021-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow wideoýüzlenme arkaly çykyş etdi.
Ministr öz çykyşynda pandemiýadan soňky döwürde ykdysadyýetiň has durnukly ösüşini üpjin etmek üçin tagallalaryň birleşdirilmeginiň zerurdygyny nygtady. Şunda goşmaça maýa goýum işjeňligini artdyrmak ykdysady, durmuş we ekologiýa durnuklylygyny ýokarlandyrmagyň wajyp şerti bolar diýip bellenilýär.
Umuman mejlisiň işi netijeli häsiýete eýe boldy. 2021-nji ýylyň 29-njy aprelinde mejlis öz işini jemledi. Mejlisiň işine göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet maliýesini jemleýji we ykdysady syýasaty müdirliginiň, Strategik we durnukly ösüş müdirliginiň, Ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşi we maliýesi müdirliginiň we Durmuş-medeni ulgamynyň ösüşi we maliýeleşdirilişi bölüminiň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň jemleýji gününde ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçilikleri, zerur şertleri döredip berýänligi, tutuş dünýäde ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende götermekde bimöçber işleri amala aşyrýanlygy üçin Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak belent başynyň aman, il-ýurt bähbitli umumyadamazt ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi