Новости
Belent maksatlary nazarlap

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýän döwletleriň we abraýly halkara guramalaryň sany barha artýar. Munuň şeýledigine şu günler göni wideoaragatnaşyk arkaly yzygiderli geçirilýän dürli derejedäki duşuşyklar, forumlar we beýleki çäreler hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Şu hepdäniň çarşenbe güni BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň wekilleri bilen nobatdaky onlaýn duşuşygy geçirildi. Onuň çäklerinde «Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň statistika we maglumat-tehniki mümkinçiliklerini pugtalandyrmak» atly täze bilelikdäki taslamany işe girizmek boýunça guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňýanynda Statistika baradaky döwlet komitetiniň hem-de BMG-niň agentlikleriniň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara, şol sanda bu taslama gol çekilendigini bellemek gerek.

Duşuşykda nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli daşary syýasy ugruna laýyklykda, soňky ýyllarda halkara guramalary bilen ýola goýlan ýakyn we netijeli hyzmatdaşlyk milli statistika ulgamyny ösdürmekde hem möhüm orun eýeleýär. Halkara ölçeglerine laýyklykda, statistika usulyýetini has-da kämilleşdirmek Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň işiniň esasy wezipesi bolup durýar. Bu bolsa seljermeleri deňeşdirmek üçin möhüm şertdir.

Şol gün Halkara pul gaznasynyň wekilleri bilen onlaýn duşuşyk geçirildi, ol bu gaznanyň işgärler toparynyň Türkmenistana amala aşyrýan wirtual saparynyň çäklerinde guraldy. Duşuşygyň barşynda ýurdumyzyň, şeýle hem jemi içerki önümiň ösüş depginine oňyn täsirini ýetiren milli ykdysadyýetimiziň käbir pudaklarynyň makroykdysady ösüşi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Dünýäniň ähli ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň ösüşini üýtgeden koronawirus pandemiýasynyň (COVID-19) ýaramaz täsirine garamazdan, Türkmenistanyň halk hojalyk toplumy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz wagtynda kabul eden çözgütleri, öňüni alyş çäreleri netijesinde ozalky ýagdaýynda işleýär, bu bolsa beýleki döwletlere garanda jemi içerki önümiň ýokary ösüş depginini saklamaga mümkinçilik berýär.

Munuň şeýle bolmagyna köp babatda soňky ýyllarda işe girizilen iri, orta we kiçi kärhanalar ýardam edýär, olarda içerki sarp ediş üçin niýetlenen, daşary ýurtlara iberilýän dürli önümler öndürilýär.


«Aşgabat».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18866

23.01.2021
Hazar deňziniň baýlygy halklaryň bähbidine

Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň uly dabaralara beslenjek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde bolup geçýän taryhy wakalar ýatdan çykmajak täsirleri bilen kalbymyzda baky orun alýar. Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen durmuşa geçirilýän ägirt uly taslamalar umumadamzat bähbitlerini nazarlaýar. Özara bähbitli, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giň gerimde ösdürýän Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde milli Liderimiziň juda öňdengörüjilik bilen öňe sürýän başlangyçlary hyzmatdaş ýurtlaryň, şeýle hem tutuş sebitiň ykdysady taýdan durnukly ösüşe eýe bolmagyna ýardam edýär.

Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy hem hormatly Prezidentimiziň dostluga hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan ynsanperwer syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini aýdyň görkezdi. Indi Hazardaky iri «Dostluk» ýatagynyň ýangyç çig mal serişdelerini özleşdirmek işleri azerbaýjanly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrylar. Munuň özi Hazar deňziniň sebitde durnukly ösüşi, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmekde, goňşy ýurtlaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda dost-doganlyk deňzi bolup durýandygynyň güwäsidir.

Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde iň baý döwletleriň biri bolmak bilen, özüniň tebigy baýlyklaryndan sebitiň we tutuş dünýäniň halklarynyň bähbidine peýdalanmaga çalyşýar. Hazaryň energiýa serişdelerini özleşdirmek, şeýle hem deňziň gurşawyny goramak boýunça bilelikdäki hereketler üçin täze mümkinçilikleri açýan möhüm resminama gol çekilmegi, hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, türkmen we azerbaýjan halklarynyň we biziň döwletlerimiziň arasyndaky dost-doganlygy has-da pugtalandyrar.

Parça HYDYROWA,

Türkmenbaşy etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18917

23.01.2021
Belent sepgitleri nazarlap

Bagtyýar halkymyz hormatly Prezidentimiziň daşyna has-da berk jebisleşip, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny garşy aldy. Däp boýunça ýurdumyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.

2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem ýurdumyzyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak ýyllaryň biri bolar. Çünki bu ýylda eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň yglan edilenine 30 ýyl dolýar. Bu şanly sene hem şu ýylda uly toý-dabaralara beslenip, giňden bellenip geçiler. Arkadagly ýurdumyzda ýyllarymyz biri-birinden zyýada bolup gelýär. Her ýyl beýik ösüşlere beslenip, raýatlaryň kalbyna egsilmejek şatlyk bagyşlaýar.

Halkymyz hormatly Prezidentimiziň saýasynda ösüşlerden-ösüşlere sary ynamly öňe barýar. Mähriban Arkadagymyz halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak, durmuş goraglylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen yzygiderli tagallalar edýär.

Hormatly Prezidentimiz geçen ýylda, 2021-nji ýyl üçin döwlet býujetiniň taslamasyny seljerende, döwlet býujetiniň çykdajylar böleginiň 70 göterimden gowragynyň durmuş ulgamyna gönükdirilmelidigini nygtady.

Täze ýyl Gutlagynda bolsa, mähriban Arkadagymyz: «Raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak, durmuş goraglylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, biz täze ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň hem-de döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýene-de 10 göterim ýokarlandyrýarys» diýip belledi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamlar hakynda edýän bimöçber aladalarynyň ýene-de bir mertebe aýdyň beýany bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşini has-da öňe ilerletmek üçin iňňän oýlanyşykly döwlet syýasatyny alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, ýurdumyzy ähli babatda ösdürmek barada alyp barýan işleri maksatnamalaýyn häsiýete eýe bolar.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, ykdysadyýetiň köp ugurly ösüşini üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze 2021-nji ýylda hem üstünlikli dowam etdiriler.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» düzgünleriniň yzygiderli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine, işewürligi we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga, dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga ýardam edýär.

Ýurdumyzda ykdysady ösüşi alamatlandyrýan esasy makroykdysady görkezijileriniň derejesi durnukly saklanylýar, pul-karz syýasaty kämilleşdirilýär, önümçilik hem-de eksport ugurly we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän pudaklara yzygiderli goldaw berilýär. Halkara maliýe edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ösdürilýär, bank ulgamyna döwrebap we innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.

Şeýle-de häzirki wagtda Türkmenistan Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Yslam ösüş banky ýaly iri halkara maliýe guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak boýunça syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, bank ulgamy tarapyndan ýeňillikli karzlar we daşary ýurt maliýeleşdiriş çeşmeleriň birnäçe görnüşleri bilen ýurdumyzyň hususy ulgamynyň gatnaşyjylary üpjün edilýär. Her bir güni ösüşlere beslenýän Watanymyzy mundan beýläk hem gülledip ösdürmekde bimöçber alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Parahat MERETLIÝEW,

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň baş hünärmeni.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18854

23.01.2021
Sanly hyzmatlaryň kämil görnüşleri

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ähli ykdysady pudaklar bilen bir hatarda bank ulgamyny sanlylaşdyrmak, hyzmatlary döwrebap talaplara laýyklykda ýola goýmak möhüm wezipeleriň biri hasaplanylýar. Şoňa görä-de döwletimizde bank ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär, ylmyň soňky gazanan innowasion tehnologiýalaryny peýdalanmak arkaly hyzmatlaryň täze görnüşleri döredilip, pul-karz bazarynyň gerimi giňeldilýär, ilata hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň hili has-da ýokarlandyrylýar, elýeterliligi üpjün edilýär.

Bank ulgamy milli ykdysadyýeti maýa goýum serişdeleri bilen üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Bu ulgamyň sanlylaşdyrylmagy işewürlik mümkinçiliklerini artdyrmaga, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, nagt däl hasaplaşyklar ulgamyny ösdürmäge, sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Galtaşyksyz töleg», «Halkbank terminal» arkaly hyzmatlary ýerine ýetirmäge, netijede bolsa, ilatyň gymmatly wagtyny we pul serişdelerini tygşytlamaga ýardam berýär.

«Internet-bank» hem-de «Mobil-bank» hyzmatlary müşderiniň bank amallaryna we hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, şol sanda pul geçirimlerini ýeňilleşdirmäge hem-de çaltlaşdyrmaga, hasaplaşyklar geçirilende, wagty tygşytlamaga amatly mümkinçilikleri döredýär. Karz edaralary tarapyndan berilýän dürli görnüşli karzlaryň esasy bergilerini gaýtarmak we olara hasaplanylan göterimleri tölemek, aragatnaşyk hyzmatlarynyň töleglerini tiz we amatly usulda geçirmek üçin «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlary uly ähmiýete eýe bolýar. Internete birikdirilen kompýuter ýa-da planşet arkaly «Internet-bank» hyzmaty esasynda berlen karzlaryň, şol sanda uzakmöhletleýin ýeňillikli karzlaryň esasy bergilerini we göterimlerini, «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk, internet, IP-telewideniýe, şäher telefon ulgamynyň hyzmatlary üçin tölegleri özbaşdak töläp bolýar. Häzirki wagtda şeýle bank hyzmatlaryndan peýdalanýan ýaşaýjylaryň sany günsaýyn artýar.

Mundan başga-da halk köpçüligi «Internet-bank» hem-de «Mobil-bank» hyzmatlary arkaly öz hasaplaryndaky geçirilýän amallaryň yzygiderliligi baradaky maglumatlaryny gözegçilikde saklap bilýär. Şeýle hem internet ulgamynyň üsti bilen öýlerinden çykman, harytlar we hyzmatlar üçin tölegleri, ýagny, dürli egin-eşikleri, elektronika we hojalyk harytlary üçin internet ulgamynyň üsti bilen özbaşdak saýlap, töläp hem-de olary satyn alyp bilýärler.

Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna täze sanly innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde Türkmenistanyň degişli karz edaralary «Türkmendemirýollary» we «Türkmenawtoulaglary» agentlikleri bilen bilelikde bank kartlaryny ulanyp, demirýol peteklerini hem-de şäherara ugurlarda gatnaýan awtobuslarda petekleri internet ulgamynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde satyn almak mümkinçiligi döredildi.

Hyzmatyň «Elektron söwda» görnüşi hem ýaýbaňlandyrylýar. Ol harytlaryň we hyzmatlaryň internet ulgamynyň üsti bilen şol wagtyň özünde ýerlenilmegidir. Bu hyzmata islegiň artmagy netijesinde nagt däl hasaplaşyk geçirmek arkaly elektron usulda täjirçilik işini alyp barýan telekeçileriň sany günsaýyn artýar.

Nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak we kämilleşdirmek maksady bilen, «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan elektron ýol kartlaryň üsti bilen Türkmenabat şäheriniň şäheriçi ýolagçy gatnadýan jemgyýetçilik awtobuslarynyň ýol töleglerini hasaplaşmak üçin täze hyzmat girizildi. Türkmenabat şäheriniň poçta bölümleriniň üsti bilen hödürlenilýän elektron ýol kartlary şäheriçi ugurlarda işledilýän jemgyýetçilik awtobuslarynda gurnalan enjamlar (walidator) bilen özara galtaşanda pul serişdeler awtomatiki usulda alynýar. Şeýle hem ýol kartlaryndan başga-da degişli hyzmatlar üçin tölegler «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň «Altyn Asyr», «Goýum bank karty», «Maşgala» bank kartlarynyň üsti bilen galtaşyksyz töleg geçirmek hyzmaty hem ýola goýuldy.

Ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan täze, döwrebap «Cash-back» bank hyzmaty ilat köpçüligine hödürlenildi. «Cash-back» bank hyzmaty dünýä tejribesinde soňky ýyllarda uly meşhurlyga eýe bolmak bilen, bank kartlary arkaly tölegler nagt däl görnüşinde amala aşyrylanda kartyň eýesine eden her bir söwda we hyzmat ulgamlarynda sarp edilen puluň möçberine baglylykda bellenilen göterimde puly yzyna gaýtaryp bermek bolup durýar.

Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, sanly amatlylyklaryň elýeterliliginiň ýokarlandyrylmagy, sanly serişdeleriň ykdysadyýetde giňden ornaşdyrylmagy we peýdalanylmagy ýurdumyzyň dünýäniň sanly giňişligine işjeň goşulyşmagyny, onuň halkara bazarda bäsdeşlige ukyplylygynyň düýpli ýokarlandyrylmagyny we milli ykdysadyýetimiziň ösüşiň täze innowasion tapgyryna geçirilmegini üpjün edýär. Şeýle hem sanly ykdysadyýetiň ösüşi işewürlik we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga, ylmy köp talap edýän pudaklarda iş bilen üpjünçiligi gowulandyrmaga, döwrebap maglumat tehnologiýalarynyň jemgyýetiň ähli ugurlaryna giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna täze mümkinçilikleri açar.

Zarip BEŞIMOW,

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat şahamçasynyň kassa hyzmatlary we kassa amallaryna gözegçilik bölüminiň başlygy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18847

23.01.2021
«Dostluk» — türkmen-azerbaýjan dost-doganlygynyň we netijeli hyzmatdaşlygynyň nyşany

21-nji ýanwarda türkmen paýtagtynda Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Ilham Aliýew onlaýn görnüşde bu möhüm resminamanyň kabul edilmegini mübäreklediler. Bu resminamada gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly türkmen-azerbaýjan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesi beýan edilýär.

Gol çekmek dabarasynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowy kabul etdi.

Işjeň, netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda möhüm ugurlaryň ençemesinde, şol sanda ýangyç-energetika hem-de ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda iki ýurduň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygynyň şu günki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy.

Soňra Azerbaýjanyň wekiliýeti ýurdumyzyň Daşary işler ministrligine ugrady. Şol ýerde ýokarda agzalan Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ösüşinde täze tapgyry alamatlandyrýan bu möhüm resminama gol çekmek dabarasyna göni wideoaragatnaşyk arkaly iki döwletiň Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew gatnaşdylar.

Ilki bilen, Türkmenistanyň Prezidentine söz berildi.

Döwlet Baştutanymyz azerbaýjanly kärdeşi bilen salamlaşyp hem-de onlaýn görnüşdäki duşuşyga gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, şu günüň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryndaky örän wajyp gündügini belledi. Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilýär.

Bu resminama biziň ýurtlarymyzyň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy we özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmäge, iki iri energetika döwletleriniň ägirt uly özara mümkinçiliklerini açmaga, Hazar deňziniň sebitinde durnukly energetika ösüşi, giň we özara bähbitli halkara gatnaşyklar üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen işleriniň netijesi bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, iki ýurduň hünärmenlerine we bilermenlerine, şeýle hem bu resminamany taýýarlamaga goşant goşanlaryň hemmesine çuňňur minnetdarlyk bildirdi.

Hazar meselesi boýunça özara gatnaşyklar türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudyr. Biziň ýurtlarymyz Hazar deňziniň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek we netijeli hyzmatdaşlyk zolagyna öwrülmegine ägirt uly goşant goşýar. Hazarýaka ýurtlaryň ählisiniň belleýşi ýaly, Hazar deňzi parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk deňzidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine söz berildi. Ilham Aliýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we dabara gatnaşyjylaryň ählisini mübärekläp, şu wakanyň örän wajypdygyny nygtady.

Biziň ýurtlarymyzyň arasynda ähli derejelerde, ilkinji nobatda bolsa, Prezidentleriň derejesinde ysnyşykly syýasy gatnaşyklar bolmazdan, şu günki resminama gol çekmek mümkin bolmazdy diýip, Azerbaýjanyň Baştutany nygtady.

Azerbaýjanyň Lideriniň aýtmagyna görä, “Şu günki gol çekişlik Hazaryň uglewodorod serişdelerini özleşdirmekde täze sahypany açýar. Bu taslama biziň ýurtlarymyzyň hem-de olaryň goňşularynyň energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga ýardam eder. Ol şeýle hem uly eksport mümkinçiliklerini açýar we şeýlelikde, halklarymyzyň abadançylygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder”.

Iki döwletiň Baştutanlarynyň çykyşy tamamlanandan soň, Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky möhüm taryhy resminama gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri J.Baýramow Ähtnama gol çekýärler.

Resminama gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara jemleýji söz bilen ýüzlendi.

Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Prezident Ilham Aliýewi we ähli azerbaýjan doganlarymyzy Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Hazar deňzinde “Dostluk” uglewodorod ýatagyny bilelikde barlamak, işläp taýýarlamak we özleşdirmek barada özara düşünişmek hakyndaky taryhy resminama bolan Ähtnama gol çekilendigi bilen gutlap, munuň biziň ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň durmuşynda dostlugyň we hyzmatdaşlygyň berkidilmegine gönükdirilen ähmiýetli wakadygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz bu resminamanyň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda energetika pudagy ýaly strategik taýdan möhüm ugurdaky hyzmatdaşlykda hil taýdan täze tapgyry açýandygyna ünsi çekdi.

Munuň üçin bolsa bizde ähli zerur meýiller — syýasy erk-isleg, tehniki we tehnologik üpjünçiligiň ýokary derejesi, ýokary hünärli işgärler hem-de nebitgaz pudagyndaky işler boýunça ägirt uly tejribe bar.

Türkmen we azerbaýjan halklarynyň arasyndaky köp asyrlaryň dowamynda bar bolan berk doganlyk gatnaşyklary Hazar deňzindäki bilelikdäki işiň üstünliginiň baş kepili bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Hazar sebitinde berk parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek hem-de hyzmatdaşlyk esaslaryny döretmäge Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň goşandyny we ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryny aýratyn belledi.

Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe söz berildi.

Azerbaýjanyň Baştutany hemmeleri şanly waka bilen gutlap, bu günki gol çekişligiň sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine oňyn täsir etjekdigine ynam bildirdi.

“Hazarýaka ýurtlaryň köpýyllyk çekişmelerden soň hoşniýetli syýasy erki netijesinde, Hazaryň energiýa serişdelerini özleşdirmek, şeýle hem deňziň gurşawyny goramak boýunça bilelikdäki hereketler üçin täze mümkinçilikleri açýan Konwensiýa gol çekildi. Biz bilelikdäki tagallalarymyz bilen bu ajaýyp deňzi goramalydyrys. Ol biziň halklarymyz üçin ägirt uly bähbit getirýär” diýip, Azerbaýjanyň Prezidenti aýtdy.

Şu gün gol çekmek çäresini synlap otyrkam, biziň pederlerimiziň bu günki dabarany görmek mümkinçiligi bolan bolsa, olar muňa örän şatlanardylar diýip oýlandym. Halk arasynda aýdylyşy ýaly, “Olaryň ruhy şat bolardy”. Olar iki doganlyk halkyň egin-egne berip, birek-biregi goldap, öz halklarynyň geljeginiň bähbidine ynamly we netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýýandyklaryna, ýurtlarymyzyň köp onýyllyklara uzajak okgunly ösüşini üpjün edýändiklerine buýsanardylar diýip, Azerbaýjanyň Lideri sözüni dowam etdi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti özüniň wideoçykyşyny iki goňşy dostlukly halkyň umumylyklaryny tassyklap, Türkmenistanda we Azerbaýjanda düşnükli “Ýaşasyn Azerbaýjan — Türkmenistan dostlugy!” diýen sözler bilen jemledi.

Iki döwletiň Baştutanlary onlaýn dabaranyň ahyrynda mähirli hoşlaşyp, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň halklaryna parahatçylyk, hoşniýetlilik hem-de abadançylyk arzuw etdiler.

*  *  *

Şol gün Daşary işler ministrliginde türkmen-azerbaýjan Daşary işler ministrlikleriniň syýasy geňeşmeleri hem geçirildi. Onda däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň şu günki ýagdaýy hem-de geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Balkan»



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18919

23.01.2021
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 22-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taýýarlanylan taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer «Aşgabat şäherinde ýerleşýän käbir binalary hususylaşdyrmak hakyndaky» Kararyň taslamasy hem-de Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak hem-de olary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça degişli işleriň geçirilendigi aýdyldy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Aşgabat şäherinde ýerleşýän degişli söwda dükanlaryny, restorany we söwda öýüni olaryň işiniň esasy ugurlaryny we iş ýerlerini saklap galmak şertinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna göni (salgyly) hususylaşdyrmak baradaky Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hasabatyň dowamynda Merkezi bankyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetiniň işi barada habar berildi. Bu komitet gymmat bahaly metallaryň hem-de gymmat bahaly daşlaryň çig mal, bölekler we taýýar önümler görnüşinde hasaba alynmagyny, saklanylmagyny hem-de gaýtadan işlenilmegini üpjün edýär. Şeýle hem ol gymmat bahaly metallardan we gymmat bahaly daşlardan zergärçilik hem-de beýleki önümleri taýýarlaýan we öz işinde peýdalanýan fiziki hem-de ýuridik şahslaryň işine gözegçilik edýär.

Degişli edaralar bilen bilelikde, onuň Düzgünnamasynyň gaýtadan işlenilip taýýarlanylandygy habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bu döwlet edarasyny «Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar gaznasy» diýip atlandyrmak baradaky teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda durmuş ugurly ykdysadyýetiň okgunly ösdürilýändigini belledi. Munuň özi eýeçiligiň dürli görnüşlerine esaslanýar hem-de bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmegi göz öňünde tutýar.

Hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň, halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň kärhanalaryny dolandyrmak boýunça eýeçiligiň dürli düzümlerini kemala getirmegiň esasynda bu ulgamda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen, desgalar tapgyrlaýyn hususylaşdyrylýar.

Milli Liderimiz bu ugurda amala aşyrylýan çäreleriň milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamynyň paýynyň artmagyna ýardam edýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän käbir kärhanalary hususylaşdyrmak hakyndaky Karara gol çekip, ony wise-premýere elektron resminama dolanyşygy arkaly iberdi we degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi bankyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar gaznasy diýip atlandyrmak meselesine ünsi çekip, bu teklibi makullady hem-de wise-premýere degişli edaralar bilen bilelikde zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer G.Müşşikow gözegçilik edýän toplumynda hem-de Daşoguz welaýatynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabatlanylan baýramçylyk desgalaryny öz wagtynda ulanmaga bermek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly senesine gabatlanylyp, paýtagtymyzda hem-de Daşoguz welaýatynda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşygynyň barşyny berk gözegçilikde saklamak barada anyk görkezmeleri berdi. Nygtalyşy ýaly, gurluşyk işleri ýokary hilli hem-de bellenen möhletlere laýyklykda alnyp barylmalydyr.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmak, uglewodorod çig malynyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän mukdaryny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna turbalary satyn almak baradaky kararyň taslamasy hödürlenildi.

Şeýle hem Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň gurluşygynyň taslamasynyň üstünde alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. 2018-nji we 2019-njy ýyllarda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen ýapon kompaniýalar toparynyň arasynda bu gazhimiýa toplumynyň taslamasyny işläp taýýarlamak hem-de gurmak baradaky degişli resminama gol çekildi.

Mundan başga-da, wise-premýer Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň barşy hem-de gözegçilik edýän Lebap welaýatynda eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmegiň wezipelerine ünsi çekdi. Şol wezipeleriň üstünlikli çözülmegi milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine, senagatlaşdyrmagyň depgininiň ýokarlandyrylmagyna hem-de ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegine ýardam eder. Şolaryň hatarynda dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň köp görnüşlerini çykarýan täze, gazy gaýtadan işleýän döwrebap önümçilikleri döretmek wezipesi bar.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň mundan beýläk-de pudaga ýokary netijeli tehnologiýalary, öňdebaryjy ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary işjeň ornaşdyrmagy göz öňünde tutýandygyny nygtap, bu ulgamda dünýäniň esasy kompaniýalary, şol sanda Ýaponiýanyň kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň wajypdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň Ahaldaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod ýaly döwrebap desgalaryň gurluşygynda toplan tejribesini ulanmagyň zerurdygyny aýdyp, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda ýangyç-energetika toplumyny tehniki we tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmakda uly üstünlikleriň gazanylandygyny aýtdy. Innowasion kärhanalar işe girizilýär, şu maksatlar üçin uly möçberde maýa serişdeleri gönükdirilýär.

Şonuň netijesinde ýurdumyz üçin täze önümleriň — polipropileniň, polietileniň dürli görnüşleriniň, ekologiýa taýdan arassa sintetiki awtoulag benzininiň önümçiligi ýola goýuldy, öňden öndürilýän nebit önümleriniň hili hem yzygiderli gowulandyrylýar.

Umuman, bularyň ählisi türkmen hünärmenleriniň ýokary hünär derejesine, Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň uly kuwwatyna şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz hünärmenlerimiziň hem-de alymlarymyzyň Ahal welaýatynda tebigy gazy gaýtadan işläp, benzin öndürýän ikinji zawodyň taslamasyny taýýarlamaga ýapon hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde gatnaşmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmennebit” döwlet konserniniň dürli ölçegli buraw turbalaryny satyn almagy hakyndaky” Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi we degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamanyň durmuşa geçirilişiniň ýokary depginini kanagatlanma bilen belledi. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny kemala getirmek, ählumumy durnukly ösüş üçin şertleri döretmek babatda möhüm ähmiýete eýedir.

Milli Liderimiz TOPH gaz geçirijisiniň gurulmagynyň sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berjekdigini, durmuş hem-de ynsanperwer häsiýetli meseleleriň çözülmegine, parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigini belledi. Bu gaz geçiriji boýunça tebigy gaz uzak möhletleýin esasda Günorta — Gündogar Aziýanyň iri ýurtlaryna iberiler.

Hormatly Prezidentimiz Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda gol çekilen Ähtnamanyň ähmiýetini aýratyn belledi.

Döwlet Baştutanymyz munuň biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň durmuşyndaky hakyky taryhy wakadygyny nygtady. Bu waka Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň täze tapgyryny alamatlandyrýar. Ýakyn geljekde azerbaýjanly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan bu giň möçberli taslama iki iri energetika döwletiniň ägirt uly kuwwatyny açmaga ýardam eder.

Hazar sebitine iri daşary ýurt maýasynyň çekilmegi üçin goşmaça oňaýly şertler döredilýär, bu milli ykdysadyýetleriň okgunly ösüşine, täze iş orunlarynyň döredilmegine, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna kuwwatly itergi berer diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer M.Meredowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Lebap welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary hökmünde ýurdumyzyň gündogar sebitinde ulanylmaga beriljek täze önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda, hususan-da, elektroenergetika we gurluşyk pudaklarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçýän 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda möhüm desga — Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgam ulanylmaga tabşyryldy.

Şanly sene mynasybetli Energetika ministrligi boýunça ýene-de bir möhüm desgany — Lebap welaýatynda kuwwaty 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik bekedini hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan howa elektrik geçirijisiniň türkmen bölegini ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Olaryň ulanylmaga tabşyrylmagy Lebap welaýatynyň sarp edijileriniň energiýa üpjünçiligini gowulandyrmaga hem-de Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän türkmen elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga ýardam berer.

Pudagyň hünärmenleriniň bu desgalar gurlanda tehnologiýa kadalarynyň berjaý edilmegini yzygiderli we berk gözegçilikde saklaýandygy, bu ýerde alnyp barylýan işleriň depginleriniň bolsa olaryň bellenilen möhletinde ulanylmaga tabşyrylmagyny üpjün edýändigi bellenildi.

Mundan başga-da, elektrik energetika pudagy döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna sowgat hökmünde Ahal — Balkan hem-de Balkan — Daşoguz welaýatlarynyň arasynda gurluşygy alnyp barylýan halkalaýyn elektrik ulgamynyň we podstansiýalar toplumynyň Ahal — Balkan aralygynyň birinji tapgyryny ulanmaga tabşyrmagy meýilleşdirýär.

Wise-premýer goşmaça ylalaşyklary baglaşmak hakynda kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistany 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenilen wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň elektroenergetika ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň örän wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, pudagyň kuwwatynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy ilatymyzy hem-de ýurdumyzdaky durmuş we senagat maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek bilen birlikde, türkmen elektrik energiýasynyň goňşy döwletlere, ilkinji nobatda, Owganystan Yslam Respublikasyna eksport edilişini artdyrmaga hem ýardam berýär.

Türkmenistan öz goňşusyna hemmetaraplaýyn goldaw berip, birnäçe möhüm taslamalary amala aşyrmak arkaly Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümleriniň täzeden dikeldilmegine ýardam berýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur bolan enjamlary, serişdeleri we awtoulag tehnikalaryny satyn almak barada goşmaça ylalaşyklary baglaşmak hakyndaky Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de onuň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak, şäheriň inženerçilik-tehniki we ýol-ulag düzüminiň kämilleşdirilmegi hem-de şanly sene mynasybetli açylmagy meýilleşdirilen ähli desgalarda tassyklanylan hil kadalarynyň we işleri ýerine ýetirmegiň möhletleriniň berjaý edilmegi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygy barada wise-premýere görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny taýýarlamak meselesi barada hasabat berdi.

“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, täze maksatnamanyň kabul edilmegi “Elektron hökümet” ulgamyny döretmek boýunça ýerine ýetirilmeli wezipeleri kesgitlemegi, sanly bilim we sanly lukmançylyk ulgamyny kämilleşdirmegi, bu ugurlarda hünärmenleri taýýarlamagy, şeýle hem döwlet hyzmatlar portalyna sanly hyzmatlary tapgyrlaýyn ýerleşdirmegi göz öňünde tutýar.

Maksatnamany amala aşyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasynda ýerine ýetirilmeli işleriň anyk ugurlary, ýerine ýetirijileri we möhletleri kesgitlenildi.

Şeýle hem wise-premýer Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulag-aragatnaşyk toplumynda hem-de gözegçilik edýän Balkan welaýatynda ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hödürlenen taslamasy babatda birnäçe maslahatlary berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzir ýurdumyzda umumymilli maksatnamalar durmuşa geçirilýär, şolaryň hatarynda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy hem ileri tutulýar. Döwlet dolandyryş edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegi, «Elektron hökümet» ulgamynyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny hem-de Garaşsyz Watanymyzy we jemgyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmegi göz öňünde tutýan beýleki maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmaga ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sanlylaşdyrmak işleri has oňat guramaga, utgaşdyrmaga hem-de netijeliligine we hiline gözegçilik etmäge ýardam edýän netijeli dolandyryş guralydyr hem-de döwrüň wagty gelen zerurlygydyr.

Döwlet Baştutanymyz maksatnamany taýýarlamagyň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere geçirilýän işleriň depginini çaltlandyrmagy hem-de bu ugurda bellenilen çäreleriň amala aşyrylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna, gözegçilik edýän toplumynda hem-de Balkan welaýatynda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda işleriň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagyň möhümdigini aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow dokma önümleriniň elektron söwda binýadyny döretmek barada geçirilýän işler hakynda hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda elektron söwda binýadyny döretmek işleri dowam edip, onuň sahypalarynda dokma nyşanlary, marketing hyzmatlary barada degişli maglumatlary ýerleşdirmek, şol sanda çykarylýan dürli dokma önümlerini satyn almak üçin elektron görnüşdäki sargytlary resmileşdirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem birinji tapgyrda sargyt edilen dokma önümleriniň ýurdumyz boýunça eltilmegini, geljekde bolsa daşary ýurtlara iberilmegini guramak meýilleşdirilýär.

Elektron söwda binýady ýörite programmalar bilen üpjün ediler. Geljekde onuň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy söwda ulgamlary hem-de ýurdumyzyň bu ugurda üstünlikli iş alyp barýan söwda ulgamlary bilen hyzmatdaşlygyny ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Bu taslamany Dokma senagaty ministrliginiň “Altyn asyr” harytşynaslyk merkeziniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikdäki tagallalary bilen amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem wise-premýer milli Liderimize Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli söwda toplumynda hem-de gözegçilik edýän Ahal welaýatynda ulanylmaga beriljek desgalarda işleriň barşy hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda ulgamynyň bazar gatnaşyklaryna geçmegiň şertlerinde milli ykdysadyýetimiziň gazananlaryny açyp görkezýän esasy pudaklaryň hataryna girýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, haryt dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmak, haryt bolçulygyny üpjün etmek hem-de içerki bazary zerur bolan önümler bilen doldurmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Eksport ugurly önümleriň öndürilişini artdyrmaga aýratyn üns berilmelidir.

Milli Liderimiz çykarylýan önümleriň hilini, görnüşlerini artdyrmaga we gowulandyrmaga üns bermegiň möhümdigini aýdyp, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Täze elektron söwda binýadynyň işe girizilmegi “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” hem-de “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” kesgitlenen işleri ýerine ýetirmäge, şeýle hem nagt däl hasaplaşyklar toplumyny giňeltmäge ýardam etmelidir.

Sanlylaşdyrmagy ilerletmek hem-de intellektual ulgamlaryň işini üpjün etmek, şol sanda milli ulgam giňişligini, internet hyzmatlaryny artdyrmak boýunça kanunlary işläp taýýarlamak, bu babatda wezipeleri geljekde hem ýerine ýetirmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz dokma önümleriniň elektron söwda binýadyny döretmek boýunça işleri çaltlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze gurulýan desgalaryň üstünlikli amala aşyrylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň aýdyň subutnamalary bolup durýandygyny bellemek bilen, desgalarda dowam edýän gurluşyk işleriniň hiline hem-de bellenilen möhletlerde tamamlanylmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Täze desgalaryň, şol sanda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçýän ýylda obasenagat toplumynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan täze desgalaryň ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň sebitlerinde ýaýbaňlandyrylan, bereketli türkmen topragynda ýetişdirilen önümler bilen bazarlary doldurmak boýunça döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilen özgertmeleriň netijelidigine şaýatlyk eder.

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň telekeçileri azyk howpsuzlygynyň esaslaryny pugtalandyrmakda möhüm orun eýeläp, döwrebap ýokary tehnologiýaly ýyladyşhana toplumlaryny gurmak bilen, önümçilikde gaýtadan işleýän senagatyň täze, döwrebap enjamlaryny ulanýarlar.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde telekeçileriň guran ýyladyşhanalaryny ýaz paslynyň ilkinji aýynda ulanmaga bermegiň azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz şol dabaralaryň çäginde güneşli ülkämiziň sahawatly topragynyň berekedi bolan oba hojalyk önümleriniň — gök-bakja, miwe önümleriniň we ir-iýmişleriň giň gerimli sergisiniň guralmagynyň möhüm ähmiýetiniň boljakdygyny belläp, wise-premýerler Ç.Gylyjowa hem-de E.Orazgeldiýewe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berip, degişli kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Bu maksatnama türkmen sportuny goldamak we raýatlaryň saglygyny berkitmek, ösüp gelýän ýaş nesli sporty söýmek, halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemegiň bitewi ulgamyny kemala getirmek hem-de türkmen milli sportuny dünýä derejesinde ýokary götermegiň ygtybarly hukuk, guramaçylyk we maddy-tehniki esaslaryny kämilleşdirmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy.

Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, daşary ýurtlaryň degişli sport guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de bu ugurda sanly we innowasion tehnologiýalar babatda dünýä tejribesiniň gazananlaryny ýurduň sport ulgamyna ornaşdyrmak, ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäni hem-de sporty ösdürmek, halkara derejeli ussat türgenleri taýýarlamak, bedenterbiýe we sport babatdaky ylmy ösdürmek hem-de beýleki wajyp çäreler maksatnamanyň esasy wezipesi hökmünde kesgitlenildi.

Bu çäreleriň hemmesi ilatyň saglygyny berkitmäge, keselleriň öňüni almaga hem-de türkmen sportuny dünýäde öňdäki orunlara çykarmaga gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işleriň ähmiýetini belledi, ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de sebitlerinde häzirki zaman sport-sagaldyş, saglygy goraýyş merkezleriniň gurulmagy şol işiň möhüm ugurlarynyň biridir.

Milli Liderimiz häzirki zaman türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek hem-de ornaşdyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sportuň dürli görnüşlerini hemmetaraplaýyn ösdürmek, beden hem-de ruhy taýdan kämil ýaş nesli ösdürip ýetişdirmek boýunça geçirilýän işlere aýratyn ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi.

Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin ýurdumyzda köpugurly düzüm döredildi. Munuň özi halkara ölçeglere kybap gelýän milli sport ulgamynyň döredilendigini görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamany makullap, Karara gol çekdi hem-de ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberip, onda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän Ministrler Kabinetiniň mejlisine Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowy çagyrdy. Ministr daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda Germaniýanyň öňdebaryjy klinikalary we olaryň tejribeli professor-lukmanlary bilen ýola goýlan gatnaşyklar barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, şu günler onlaýn-teleköpri arkaly saglygy goraýyş boýunça IX türkmen-german forumy geçirilýär. Onuň çäklerinde häzire çenli alnyp barlan işlere ser salnyp, öňde durýan ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenilýär.

Forumyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” ýörelgesinden ugur alnyp, urologiýanyň we zenanlaryň saglygyny goramak boýunça lukmançylygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.

Saglygy goraýşyň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäre iki ýurduň hünärmenleriniň lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça keselleri anyklamagyň hem-de bejermegiň täze usullaryny we ölçeglerini bilelikde işläp taýýarlamaga hem-de amaly lukmançylyga ornaşdyrmaga itergi berer.

Şonuň bilen birlikde, lukmançylygyň wajyp meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy nemes kärdeşlerimiziň baý tejribelerini öwrenmäge we ornaşdyrmaga hem-de bu ugurda döredilen Türkmen-german mekdebiniň işini dowam etmäge ýardam berer.

Hasabatyň çäklerinde milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigi barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan öz çäklerinde “Sputnik V” sanjymynyň ulanylmagyny resmi taýdan oňlan Merkezi Aziýadaky ilkinji döwlet bolup, bu sanjymy bellige alan ýurtlaryň ilkinji onlugyna girdi. Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda bu sanjymyň synag işlerini geçirmäge girişildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, dünýäniň ösen ýurtlary, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň ýurdumyzyň saglygy goraýşyny has-da kämilleşdirmek üçin möhüm bolup durýandygyny aýtdy. Şol işler milli lukmançylyk ylmynyň, biliminiň we tejribesiniň Ýewropa ölçeglerine laýyklykda ösdürilmegine uly goşant goşýar.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky işleri dowam etmegiň zerurdygy barada aýdyp, geçirilýän türkmen-german forumynyň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Enäniň sagdynlygy sagdyn çagalaryň dünýä inmegini kepillendirýär, bu bolsa milletimiziň sagdyn geljegini üpjün edýär diýip, milli Liderimiz birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Russiýanyň Türkmenistanda bellige alnan “Sputnik V” sanjymy barada durup geçip, ýokanç keselleriň garşysyna göreşmek we olaryň öňüni almak boýunça işleri dowam etmegiň möhümdigini aýtdy.

Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynda üstünde işlenilýän “EpiWakKorona” diýen täze sanjymy, şeýle hem beýleki hyzmatdaş ýurtlaryň derman serişdelerini we sanjymlaryny Türkmenistanda bellige almak boýunça işleri dowam etmek babatda saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda ynsan saglygynyň pugtalandyrylmagy, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi we ýokary derejeli dynç almagy üçin amatly şertleri üpjün etmek durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň hemişe ileri tutulýan ugry bolar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli döredijilik bäsleşiklerini yglan etmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, şanly senä bagyşlanan dürli bäsleşikler yglan edilýär. Döredijilik bäsleşikleriniň birnäçesi gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalary tarapyndan yglan edildi. Bu ugurdaky işler dowam etdiriler.

Şu ýyl geçiriljek halkara çäreleriň hatarynda daşary döwletleriň estrada aýdymçylarynyň gatnaşmagynda meşhur türkmen aýdymyny ýerine ýetirmegiň ussatlygy boýunça halkara bäsleşigi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş dizaýnerleriniň arasynda bezeg işleri boýunça halkara bäsleşigi yglan etmek göz öňünde tutulýar.

2021-nji ýylda türkmen paýtagtynda geçiriljek halkara sport ýaryşlaryny ýokary derejede açyp görkezmek we teswirlemek işlerini ýola goýmak maksady bilen, şu ýylyň maý aýynda sport ýaryşlaryny teswirleýjileriň arasynda bäsleşik yglan etmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täze zehinleri ýüze çykarmakda ilaty, aýratyn hem ýaşlary döredijilige çekmekde döredijilik bäsleşiklerini geçirmegiň ähmiýetini nygtady.

Şunuň bilen birlikde, eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara bäsleşikleriň guralmagy ýurdumyzyň häzirki döwürde dürli ulgamlarda gazanýan üstünliklerini, halkymyzyň baý medeni-taryhy mirasyny wagyz etmäge ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere degişli çäreleri türkmeniň ruhuna mahsus ýagdaýda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň dowam edýändigi, gowaça hasylynyň düýbüni tutmak boýunça ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleriniň geçirilýändigi barada hasabat berdi. Şunda ýerleri gowaça ekişine taýýarlamak, pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk çigitleri taýýarlamak işleri utgaşykly alnyp barylýar.

Ýurdumyzda gowaça ekişini talabalaýyk geçirmek we oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça işleri bellenilen möhletlerde ýerine ýetirmek maksady bilen ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny hem-de gurallaryny abatlap, möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler dowam etdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna kararyň taslamasy hödürlenildi, oňa laýyklykda, şu ýyl 620 müň gektar meýdanda gowaça ekip, 1 million 250 müň tonna hasyl ýygnamak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem wise-premýer obasenagat toplumynda hem-de gözegçilik edýän Mary welaýatynda gurulýan desgalarda işleriň barşy hakynda hasabat berdi. Hususan-da, Aşgabat şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň hem-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň binalar toplumynyň we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda onuň şahamçalarynyň gurluşyk işleriniň barşy, şeýle hem şu ýyl Mary welaýatynda geçirilmegi meýilleşdirilen Türkmen bedewiniň milli baýramyny ýokary derejede guramak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, meýdan işlerini bellenilen möhletlerde we ýokary hilli geçirmek üçin agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegine uly üns bermegi tabşyrdy. Şunda döwlet Baştutanymyz oba hojalygynda bugdaýyň, pagtanyň we beýleki ekinleriň bereketli hasylyny almaga ýardam edýän ylmyň soňky gazananlaryny hem-de döwrebap tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň möhümdigine aýratyn üns berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumyny we beýleki pudaklary sazlaşykly ösdürmegiň hem-de daşky gurşawy goramagyň, halkymyzyň amatly durmuş şertlerini üpjün etmegiň möhüm şerti bolan suw serişdeleriniň netijeli ulanylmagynyň döwlet durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda 2021-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda» Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi we degişli görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasynyň amala aşyrylmagyny, şol sanda şanly baýramçylyk mynasybetli obasenagat toplumynda hem-de gözegçilik edýän Mary welaýatynda ulanmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen möhüm desgalaryň gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz halkymyzyň asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten buýsanjyny we milli mirasyny — ahalteke bedewlerini hem-de türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ähli şertleriň döredilmelidigine degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly senesi mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalaryň ähmiýetini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredow Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň BOMСA we CADAP Maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Halkara guramalar we döwletara bileleşikler, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary ösdürmek hormatly Prezidentimiziň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda parahatçylyk we howpsuzlyk, durnukly ykdysady ösüş, saglygy goraýyş, bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda sebit we milli derejede amala aşyrylýan uzak möhletleýin maksatnamalar we taslamalar möhüm ähmiýete eýedir.

Olaryň hatarynda 2003-nji ýyldan bäri durmuşa geçirilýän «Merkezi Aziýada we Owganystanda serhetleri dolandyrmak» atly (BOMCA) maksatnamany hem-de «Merkezi Aziýada neşe serişdelerine garşy göreşmek» (СADAP) maksatnamasyny görkezmek bolar.

Häzirki wagtda 2021 — 2025-nji ýyllara gönükdirilen СADAP maksatnamasynyň 7-nji tapgyry we BOMCA maksatnamasynyň 10-njy tapgyry boýunça maliýe ylalaşyklarynyň taslamalary taýýarlanyldy we ýurdumyzyň degişli edaralary tarapyndan seredildi.

BOMCA maksatnamasynyň çäklerinde geljek 5 ýylyň dowamynda serhet we gümrük howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň we Owganystanyň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmek babatda ýardam bermek; serhetýaka sebitlerde ýerli ykdysady ösüş arkaly ilatyň durmuş şertlerini gowulandyrmak; serhet dolandyryşy ulgamynda öňdebaryjy halkara tejribeleri we maglumat-tehniki usullary ornaşdyrmak; transmilli jenaýatçylygy ýüze çykarmak we derňemek üçin hukuk goraýjy edaralara goldaw bermek; harytlaryň serhetlerden geçirilmeginiň sanly amallaryny kämilleşdirmek we bu babatda sebit söwdasyny pugtalandyrmak boýunça çäreleriň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär.

CADAP maksatnamasynyň çäklerinde geljek 5 ýylyň dowamynda amala aşyryljak çäreler halkara tejribelere esaslanyp, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça milli kanunçylygy kämilleşdirmäge we durmuşa geçirmek babatda goldaw bermäge; sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny berkitmek üçin neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň öňüni almaga; sebit derejesinde neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça bütewi maglumat ulgamyny döretmäge, milli maglumat torlaryny emele getirmäge; ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşigi, Birleşen Milletler Guramasynyň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.

Wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2021 — 2025-nji ýyllara gönükdirilen СADAP maksatnamasynyň 7-nji tapgyry we BOMCA maksatnamasynyň 10-njy tapgyry boýunça maliýe ylalaşyklarynyň taslamalaryny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly ösýändiginiň ähmiýetini nygtady. Bilelikde amala aşyrylýan hem-de durmuşa geçirilýän taslamalaryň we maksatnamalaryň onlarçasy, şol sanda BOMCA hem-de СADAP maksatnamalary munuň aýdyň subutnamalarydyr. Şol maksatnamalar ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ählumumy howplara hem-de häzirki döwrüň wehimlerine garşy durmak ýaly möhüm ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň bu möhüm ulgamda giň hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýändigini belläp hem-de hödürlenen teklipleri makullap, wise-premýere, daşary işler ministrine bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasat başlangyçlaryny ilerletmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

Häzirki döwürde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň deputatlaryň öňünde goýan anyk wezipelerini durmuşa geçirmegiň çäklerinde birnäçe täze kanun taslamalary işlenip taýýarlanylýar, üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegini talap edýän hukuk namalary seljerilýär.

Şeýle hem milli parlamentiň ýolbaşçysy Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna guramaçylykly taýýarlyk görmek boýunça Mejlisiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

Mejlisiň wekilleri Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyndan hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek maksady bilen, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary bilen duşuşyklary geçirdiler.

Deputatlar iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna taýýarlyk görmek hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler bilen baglanyşykly maslahatlara, iş duşuşyklaryna işjeň gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş-ykdysady özgertmeleri depginli ösdürmäge, türkmen jemgyýetini demokratiýalaşdyrmaga, ýurdumyzy innowasion taýdan ösdürmäge gönükdirilen möhüm wezipeleri çözmek bilen baglylykda, kanunçykaryjylyk işiniň ähmiýetini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary barada durup geçmek bilen, ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň möhümdigini belledi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň saýlawlar bilen baglanyşykly işlerde welaýat, etrap we şäher halk maslahatlaryna guramaçylyk-usulyýet kömegini bermegi zerurdyr. Şol saýlawlar jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmakda möhüm ädime öwrülip, jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna, öz konstitusion hukuklarynyň amala aşyrylyşyna halkymyzyň işjeň gatnaşýandygyny görkezmelidir.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurdumyzda jemgyýetçilik durnuklylygyny saklamak, giň gerimli harby özgertmeleriň durmuşa geçirilişiniň barşy barada hasabat berdi. Şol özgertmeleriň esasy ugurlary Milli goşunyň goranyş kuwwatyny döwrebaplaşdyrmakdan we pugtalandyrmakdan, tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmakdan, harby işgärleriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmakdan hem-de harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakdan ybaratdyr.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda 27-nji ýanwarda bellenilýän Watan goragçylarynyň gününi baýram etmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň parahat, asuda durmuşynyň we döredijilikli zähmetiniň kepili bolan Ýaragly Güýçleriň goranyş kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmagyň hem-de harby mümkinçiligi artdyrmagyň örän wajypdygyny nygtap, Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine hemişe ygrarly bolandygyny we şeýle boljakdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge degişli anyk tabşyryklary berip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň sütünlerini berkitmekde hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň ählisiniň üstünlikli amala aşyrylmagynyň gözbaşy bolan jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy saklamakda bu düzümleriň eýeleýän uly ornuny aýratyn nygtady.

Milli Liderimiz Watan goragçylarynyň gününi baýram etmäge degişli meselelere geçip, bu senäni ýokary derejede geçirmegi hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygyny mynasyp garşylamaga ykjam taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň agzalaryna ýüzlenip, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly ýubileý ýylynyň ähmiýetini belledi.

Geçen 30 ýylyň içinde mähriban halkymyzyň giňden goldamagynda eziz Diýarymyzda köp işler amala aşyryldy. Köp sanly möhüm wezipeler çözüldi, şäherlerimiz we obalarymyz döwrebap derejede düýpli özgerdi.

Döwlet Baştutanymyz bu taryhy we uzak maksatlary nazarlaýan tutumly işleri durmuşa geçirmekde her bir ýolbaşçynyň mynasyp goşandynyň bardygyny belläp, olaryň işine mynasyp baha bermegiň hem-de baýramçylyk mynasybetli tapawutlananlary döwlet sylaglary bilen sylaglamagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu işlere dogry baha bermek üçin, her bir ýolbaşçynyň işjeňlik we zähmet sypatlaryny, şeýle hem Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ösüşine goşan hakyky goşandyny anyk görkezýän häsiýetnamany taýýarlamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň hemmesine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk

23.01.2021
Bagtyýarlyga beslenen menzillerde

Biz «Dünýä biziň gözlerimiziň öňünde ösýär, özgerýär» diýmäge endik edinipdiris. Bu, elbetde, dogry, ýöne döwür öz-özünden ösüp-özgeribermez. Islendik närse beýleki bir närsäniň täsiri bilen hereketde bolýar.

1991-nji ýylyň güýzünde türkmen halky özüniň ençeme asyrlap arzuw eden Garaşsyz döwletini esaslandyrdy. Ilkinji ädimler her bir täze dörän döwletden eserdeňligi, hatyrjemligi we şol bir wagtda-da öz öňünde aýdyň maksatlar goýup, şol maksatlara tarap okgunly we ynamly hereket etmegi talap edýär. Elbetde, Garaşsyzlyk halkymyzyň häzirki zaman döwletliliginiň syýasy-hukuk şertlerini döretdi. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi. Bu wakalar taryhy ähmiýetli wakadyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ösüşiniň hem-de kämilliginiň hukuk esasydyr. Konstitusiýa biziň syýasy, ykdysady we medeni durmuşymyzyň baş görkezijisi.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» eserinde: «Türkmenistan bitewülik ýörelgelerine ynsanperwerligiň nukdaýnazaryndan baha berýär we onuň umumy esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda öňe hereket etmäge çalyşýar. Munuň özi umumadamzat bähbitli tagallalarymyzda öz beýanyny tapýar. Olar bolsa biziň özboluşly medeniýetimizden, döreden milli gymmatlyklarymyzdan gelip çykýan ýörelgelere esaslanýar. Hut şonuň üçinem her bir halk üçin ösüş dünýäniň gymmatlyklaryny kemala getirmegiň usuly hökmünde öz milli gymmatlyklaryny we paýhasyny, aňyýetini kämilleşdirmäge ymtylmagyndan başlanýar. Şular barada söz açmak bilen, taryhyň dowamynda ýurdumyzyň çäginde dürli ösüşleriň we medeniýetleriň gülläp ösen döwürleriniň hut şol ýagdaýa itergi berendigini bellemek isleýärin. Häzirki wagtda hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň aýdyň ösüş ýollary dünýä ösüşlerinde öz ornuny tapmaga gönükdirilendir» diýlip beýan edilýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, täze döwletiň halkara gatnaşyklaryndaky ugry 1992-nji ýylyň 2-nji martyndan Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagyndan başlanypdy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda bolsa Garaşsyz Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň düzümindäki döwletleriň goldamagy, dünýä bileleşigiň ykrar etmegi bilen dünýäde baky Bitarap döwlet hökmünde öz ýoluny aýdyňlaşdyrdy.

Geçen ýylyň 12-nji dekabrynda biziň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň ilkinji gezek ykrar edilenine 25 ýyl doldy. Ondan bäri geçilen menzillerde baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan wezipe-borçlaryna ygrarlylygynyň netijesinde baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ikinji gezek ykrar edildi. Gahryman Arkadagymyz: «BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» baradaky Kararnamanyň kabul edilmegi parahatçylygyň hem-de dostlugyň berkarar bolmagy ugrundaky tagallalarymyzy bütin dünýä äşgär edip, Bitarap Türkmenistanyň abraýyny has-da artdyrýan taryhy waka öwrüldi» diýip belleýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinden şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk mynasybetli meýilnamalaýyn esasda amala aşyrylýan işler bedew badyna beslendi. Geçilen menzillere ser salsaň, kalbyňy buýsanç duýgusy gaplap alýar. Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk menzilinde ata Watanymyz uly ösüşlere eýe boldy. Ýurdumyz özboluşly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda Ginnesiň rekordlar kitabynda orun alýan binalaryň sany barha artýar. Hatda paýtagtymyz Aşgabadyň özi dünýäde ak mermere beslenen binalaryň iň köp bolan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyndan mynasyp orun eýeledi. Aşgabat şähergurluşygyň meýilnamalaryna laýyklykda tapgyrma-tapgyr binalar toplumy bilen barha giňeýär. Çünki her tapgyr özboluşly şäherçe. Diňe bir Aşgabatda däl, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda il-ýurt ähmiýetli binalar yzygiderli artýar. Şäher bilen bäsleşýän, özünde zerur ähli mümkinçilikleri göz öňünde tutulan täze obalar peýda boldy. Olar hakykatdan hem täze zamanyň sowgatlarydyr. Bu taryhyň 30 ýyllyk menzilinde uly öňegidişlikdir.

Ýurdumyzda jemgyýet gatnaşyklary ösdi. Milli syýasy ulgamda köp partiýalylyk döredi. Indi her bir partiýa ýurdumyzyň syýasy wekilçilikleriniň saýlawlaryna işjeň gatnaşýar. Bu özgertmeleriň netijesinde halkyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy we durmuş taýdan goraglylygynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagy, ýurdumyzda uzak möhletli meýilnamalaryň we milli maksatnamalaryň kabul edilmegi Konstitusiýamyzyň kämilleşdirmegi, döwrüň talabyny aýdyňlaşdyrdy.

Bilşimiz ýaly, 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň işini kämilleşdirmek bilen, ýurdumyzyň kanun çykaryjylygynda iki palataly gurluşy döretmek başlangyjyny öňe sürüp, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak, seljermek hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion topary döredip, onuň düzümini tassyklady.

2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Karary bilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny makullamak hakynda we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryny bellemek hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işini ýola goýmak bilen bagly guramaçylyk işlerini geçirmek hakynda Karar kabul edildi.

Şu ýylyň 8-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisini geçirdi. Mejlisde milli parlamentiň ýolbaşçysy milli kanunçylygy mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Häzirki wagtda döwletimizi we jemgyýetimizi ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça işleriň dowam edýändigi bellenildi. Mejlisiň deputatlary Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary bilen baglanyşykly kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamaga uly üns berilýändigini, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň şu ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesine bellenilen saýlawlaryna taýýarlyk işlerine badalga berlendigini belledi.

Mejlisiň deputatlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasynyň iki palataly gurluşyny döretmek hakynda çözgütleriniň ähmiýetini hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçýän 2021-nji ýylyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti öňde duran wezipeleri dogrusynda ilat arasynda düşündiriş işlerini geçirýändikleri aýdyldy.

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanmagy dogrusynda döwlet tarapyndan amala aşyrylýan başlangyçlaryň, bagtyýarlyga beslenen menzillerde gazanylýan her bir zähmet ýeňişleriniň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Bäşim ANNAGURBANOW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň agrar partiýasynyň başlygy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18812

22.01.2021
Döwrebap özgertmeler

Mälim bolşy ýaly, 14-15-nji ýanwarda bolup geçen taryhy wakalar — Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijiniň, Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlarynyň hem-de Lebap welaýatynyň çägindäki «Malaý» käninde täze gaz gysyjy desganyň işe girizilmegi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinden halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Şeýle taryhy wakalaryň many-mazmunyny hem-de ähmiýetini wagyz etmek boýunça indi birnäçe gün bäri ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda geçirilip gelinýän maslahatlaryň jemleýjisi düýn Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde boldy.

Ýokary ruhubelentlige beslenip geçirilen maslahata ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda, çykyşlarda ata Watanymyzyň täze taryhy döwürde ýeten belent sepgitleri buýsanç bilen wasp edildi.

Taryhyň ähli döwürlerinde-de türkmen topragynda parahatçylyga we asudalyga örän uly ähmiýet berlipdir. Ata-babalarymyz parahatçylyk söýüjilige, ynsanperwerlige, dost-doganlyk gatnaşyklaryna uly sarpa goýup, olary halkymyzyň döwletlilik ýörelgeleri hökmünde nesillere miras galdyrypdyrlar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna gadam basylan ilkinji günlerde ýurdumyz dünýä döwletleri, ilkinji nobatda, goňşy ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny barha pugtalandyrýandygyny ýene bir ýola äşgär etdi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilen iri taslamalar munuň aýdyň subutnamalarydyr. Maslahatda şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Harby gullukçylar mundan beýläk hem parahatçylygyň goragynda sarsmaz gala bolup durup, hormatly Belent Serkerdebaşymyza, ata Watanymyza, mähriban halkymyza ak ýürekden gulluk etjekdiklerini nygtadylar. Parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty bilen milletleri dostlaşdyrýan, ynanyşmaklygy kalplara guýýan hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan dünýä nusgalyk işleriniň diňe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Kerim MYRADOW,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18824

22.01.2021
Nusgalyk dostlukly gatnaşyklar

Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen mähriban halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna dünýä we sebit parahatçylygynyň, dost-doganlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine täze itergi berýän nusgalyk işler bilen gadam basdy.

Iki goňşy, türkmen we owgan halklarynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmaklarynda täze ulanylmaga berlen, uzynlygy 30 kilometr bolan Akina — Andhoý demir ýoly, 153 kilometre deň bolan Kerki — Şibirgan elektrik geçiriji ulgamy, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara aragatnaşyk ulgamy türkmen-owgan gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açdy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen başy başlanan halkara ähmiýetli bu iri desgalar diňe iki doganlyk halklaryň durmuş-ykdysady ösüşine itergi bermek bilen çäklenmän, eýsem, sebit döwletleri üçin hem halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitleýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bitaraplyk syýasatymyzyň aýdyň ýörelgeleri dünýä döwletlerine uzaýan dost-doganlyk ýollarymyz arkaly tutuş adamzadyň ýagty geljegini nazarlaýar. Goňşy Owganystana dostluk goldawynyň nobatdaky nyşany hökmünde, ýeňillikli esasda iberilýän elektrik energiýasy dostlukly halkyň öý-ojaklaryny nurlandyryp, ýurduň ösüşine kuwwat berýär, nobatdaky demir ýol şahasy bolsa hyzmatdaşlygyň, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagyň aýdyň ugruny döredýär.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy esasynda bütin dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji günlerinde özara ynanyşmagyň we dost-doganlygyň mizemez nyşany bolan şeýle dünýä ähmiýetli işleriň durmuşa geçirilmegi baky Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny has-da belende göterýär.

Täze taryhy döwürde ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän netijeli işler milli we sebit ösüşine itergi berip, parahatçylyk söýüjilige, halklaryň bähbitlerine gönükdirilen ynsanperwer daşary syýasatymyzyň ýörelgeleri bilen utgaşýar. Halkara dostluk gatnaşyklaryny işjeň ösdürmek bilen, ýurdumyzyň dünýä derejesindäki abraýyny barha belende galdyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri elmydama rowaç bolsun!

Parahat diýarymyzyň gujagynda, bagtyýar durmuşda uly baýram edilip bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli hormatly Belent Serkerdebaşymyzy, merdana Watan goragçylarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Watan goragçylarynyň güni watanperwerligiň, mertligiň we borja wepalylygyň, ata Watanyň gullugyna barlygyň bilen berilmegiň baýramydyr.

Akmuhammet SULTANOW,

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18808

22.01.2021
Ulag ulgamynyň ösüşi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiziň döwrebap ulag-üstaşyr logistik düzümini hem-de aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamyny çalt kemala getirmek babatda Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça soňky ýyllarda durmuşa geçirilýän işler diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşine däl, eýsem, sebit we dünýä ösüşine kuwwatly itergi berdi.

Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda demir ýol ulaglary pudagynyň goşandy uludyr. Bu pudak güýçli depginler bilen ösdürilip, täze demir ýollary gurup, ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak boýunça öňdebaryjy orny eýeläp, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna uly ýardam berýär. «Demir ýol ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 4-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda, umumy peýdalanylýan demir ýol ulagy Türkmenistanyň ýeke-täk ulag ulgamynyň düzüm bölegi bolup durýar. Demir ýol ulagy ulagyň beýleki görnüşleri bilen özara baglanyşykda hereket etmek bilen, fiziki şahslaryň, ýuridik şahslaryň döwletiň demir ýol ulagynda gatnatmaga (daşamaga) bolan zerurlyklaryny öz wagtynda we oňat hilli üpjün etmäge, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösmegi üçin şertleriň döredilmegine ýardam etmäge niýetlenendir. Ýurdumyzda Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça köp şahaly ulag ýollaryny döretmäge gönükdirilen hem-de dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan halkara ähmiýetli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan şu ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň gatnaşmaklarynda Türkmenabatda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýolunyň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralaryň bolandygyny bellemek juda buýsandyryjydyr. Bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy iki döwletiň we doganlyk halklaryň däbe öwrülen dostlukly, netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny, şeýle hem Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşini işjeň goldaýandygyny nobatdaky gezek äşgär etdi.

Biz hem umumadamzat ähmiýetli beýik başlangyçlara badalga berýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw edýäris. Şeýle hem hormatly Prezidentimizi, asudalygyň goragynda durýan ata Watanymyzyň polat galkanlary hasaplanylýan Milli goşunymyzyň ähli harby gullukçylaryny, işgärlerini Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Maýsa KURBANOWA,

Mary welaýatynyň prokurorynyňhukuk üpjünçiligi boýunçauly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 2-nji derejeli ýurist.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18807

22.01.2021
Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygynda täze tapgyry açdylar

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew möhüm resminama gol çekilmegini mübäreklediler

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň nyşany astynda geçýän şu baýramçylyk ýylynyň ilkinji günleri möhüm wakalaryň ençemesine beslendi. Şol wakalaryň hatarynda golaýda Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina — Andhoý beketleriniň arasynda uzynlygy 30 kilometre barabar bolan demir ýoluň, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt, uzynlygy 153 kilometre barabar bolan elektrik geçiriji ulgamyň, Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň hem-de «Malaý» ýatagynda täze gaz gysyjy bekediň açylyş dabaralary bar. Bularyň ählisi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň giň möçberli taslamalarynyň başyny başlaýan we yzygiderli durmuşa geçirýän milli Liderimiziň döredijilik syýasatynyň aýdyň netijesidir. Örän gysga möhletde amala aşyrylan taslamalar goňşy ýurtlar bilen öňden gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini pugtalandyrmaga, hyzmatdaş ýurtlaryň, şeýle hem tutuş sebitiň ykdysady taýdan durnukly ösmegine ýardam etmelidir.

Hazardaky iri «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça täze giň gerimli taslama hem şuňa gönükdirilendir. Bu taslama ýakyn geljekde azerbaýjanly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrylar. Şeýlelikde, biz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly meýilnamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň şaýatlary bolýarys. Milli Liderimiziň baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda «Açyk gapylar» hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Aşgabat, 21-nji ýanwar (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Ilham Aliýew onlaýn görnüşde bu möhüm resminamanyň kabul edilmegini mübäreklediler. Bu resminamada gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly türkmen-azerbaýjan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesi beýan edilýär.

Gol çekmek dabarasynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Azerbaýjanyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny nygtady.

Milli Liderimiz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm resminamasyna gol çekmek üçin Aşgabada gelen Azerbaýjanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysyny mübärekläp, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda dostlukly Azerbaýjan Respublikasy bilen däp bolan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge ygrarlydygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda hut özara ynanyşmagyň we düşünişmegiň ýokary derejesiniň hem-de taraplaryň sebitiň we dünýäniň gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça çemeleşmeleriniň we garaýyşlarynyň ýakyndygynyň köpugurly hem-de örän netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup durýandygy bellenildi.

Prezident Ilham Aliýewiň 2018-nji ýylda Aşgabada bolan resmi saparynyň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýylyň martynda Baku şäherine bolan resmi saparynyň barşynda ylalaşyklaryň 39-syna gol çekildi. Şol ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi iki döwletiň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine hyzmat eder.

Işjeň, netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda möhüm ugurlaryň ençemesinde, şol sanda ýangyç-energetika hem-de ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda iki ýurduň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygynyň şu günki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy.

Bu gün Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň sebit taslamalarynyň ençemesiniň, şol sanda “Lapis Lazuli” halkara ulag geçelgesiniň taslamasynyň başyny başlan we ony durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan ýurtlardygy nygtaldy. Bu geçelgeden netijeli peýdalanmak döwletara söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de hyzmatdaş ýurtlaryň durnukly ykdysady ösüşine ýardam eder.

Mälim bolşy ýaly, ýaňy-ýakynda, şu ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň pudagara toparynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn görnüşdäki üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Şonuň netijeleri boýunça taraplar Lazurit geçelgesi (“Lapis Lazuli”) boýunça hyzmatdaşlygyň “ýol kartasyna” gol çekdiler.

Milli Liderimiz hem-de Azerbaýjanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň, şol sanda iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde okgunly ösýändigine kanagatlanma bildirip, taraplaryň uzak möhletleýin hem-de özara bähbitlilik esasynda guralýan däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändigini tassykladylar.

Şunuň bilen baglylykda, ýokary hem-de hökümetara derejelerde gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde möhüm orun eýeleýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň işine oňyn baha berildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmekde iki iri energetika döwletleriniň tagallalaryny birleşdirmek boýunça köpýyllyk işiň netijelidigi kanagatlanma bilen bellenildi. Şu gün Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi şol uly işiň aýdyň netijesidir.

Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň belleýşi ýaly, munuň özi hoşniýetli goňşuçylyk, dostlukly döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini hem-de Hazaryň biziň ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan dostluk, hyzmatdaşlyk deňzidigini ýene-de bir gezek tassyklaýan taryhy wakadyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri J.Baýramow bu möhüm resminama gol çekilmeginiň türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynda täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrýandygyny belläp, döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler hem-de türkmen we azerbaýjan halklaryna bagt, parahatçylyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňra Azerbaýjanyň wekiliýeti ýurdumyzyň Daşary işler ministrligine ugrady. Şol ýerde ýokarda agzalan Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ösüşinde täze tapgyry alamatlandyrýan bu möhüm resminama gol çekmek dabarasyna göni wideoaragatnaşyk arkaly iki döwletiň Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew gatnaşdylar.

Ilki bilen Türkmenistanyň Prezidentine söz berildi.

Döwlet Baştutanymyz azerbaýjanly kärdeşi bilen salamlaşyp hem-de onlaýn görnüşdäki duşuşyga gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, şu günüň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryndaky örän wajyp gündügini belledi. Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilýär.

Bu resminama biziň ýurtlarymyzyň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy we özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmäge, iki iri energetika döwletleriniň ägirt uly özara mümkinçiliklerini açmaga, Hazar deňziniň sebitinde durnukly energetika ösüşi, giň we özara bähbitli halkara gatnaşyklar üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen işleriniň netijesi bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, 2020-nji ýylyň mart aýynda Baku şäherine bolan resmi saparyň dowamynda Prezident Ilham Aliýew bilen Hazar deňzinde energetika babatdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy we onuň ugurlary seljerildi. Netijede, Hazaryň iri uglewodorod serişdeleri känleriniň birinde bilelikdäki işi ýerine ýetirmek hakynda ylalaşyk gazanyldy. Şunda, raýdaşlygyň, birek-birege hormat goýmagyň we goldaw bermegiň bu işiň esasy ugurlarydygy nygtaldy. Hut şonuň üçin hem bu käne “Dostluk” diýip at bermek hakyndaky umumy çözgüdimiz çuňňur mana eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýokarda agzalan ylalaşygyň hem-de kabul edilen çözgüdiň hoşniýetli goňşuçylyk, jogapkärçilik we öňdengörüjilik hem-de deňhukuklylyk we birek-biregiň bähbidini nazara almak ýaly asylly ýörelge hökmünde biziň döwletlerimiziň taryhyna aýdyň sahypa hökmünde girjekdigi gürrüňsizdir. Munuň özi, elbetde, türkmen we azerbaýjan halklarynyň we biziň döwletlerimiziň arasyndaky dost-doganlygy has-da pugtalandyrar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Ähtnama gol çekilmegi Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň Hazar deňzinde energetika babatdaky hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze tapgyryny alamatlandyrýar. Pugta halkara hukuk binýady esasynda bilelikdäki işler üçin täze mümkinçilikler açylýar, biziň sebitimize yzygiderli we uzak möhletleýin esasda iri daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin goşmaça, ygtybarly mümkinçilikler döreýär, ýurtlarymyzyň milli ykdysadyýetleriniň sazlaşykly ösüşine kuwwatly itergi berilýär. Bu bolsa täze iş orunlarynyň döredilmegine, adamlaryň ýaşaýyş derejesiniň we hiliniň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, iki ýurduň hünärmenlerine we bilermenlerine, şeýle hem bu resminamany taýýarlamaga goşant goşanlaryň hemmesine çuňňur minnetdarlyk bildirdi.

Çykyşda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli we sazlaşykly ösdürilýär.

Biz ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegi ugrunda halkara giňişlikde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýäris. Biziň ýurtlarymyzyň ählumumy gün tertibiniň energetika howpsuzlygy, halkara energetika akymlaryna goşulmak we umuman, dünýäniň energetika ulgamynyň aýratynlyklary ýaly has wajyp meseleler boýunça çemeleşmeleri umumydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki döwletiň halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklarynyň işjeň we netijeli häsiýete eýedigini aýratyn belledi. Türkmenistan özüniň halkara başlangyçlaryna üýtgewsiz goldaw berýändigi, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňe süren birnäçe Kararnamalarynyň taslamalaryna awtordaşlyk edendigi üçin Azerbaýjana minnetdardyr. Öz nobatynda, Türkmenistanyň Azerbaýjanyň halkara düzümlerde öňe sürýän başlangyçlaryna we tekliplerine goldaw bermäge taýýardygyny tassyklaýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Azerbaýjan Respublikasynyň Goşulyşmazlyk Hereketine başlyklyk etmeginiň netijeli häsiýete eýe bolandygy we onuň Azerbaýjanyň hem-de ýurduň ýolbaşçysynyň belent abraýyny tassyk edendigi bellenildi.

Goşulyşmazlyk Hereketiniň 2019-njy ýylyň oktýabrynda geçirilen sammitiniň dowamynda Türkmenistan goşulyşmaýan döwletleriň adalatly we açyk ýörelgelere, energiýa çeşmelerine we ony ugratmagyň serişdelerine deňhukukly elýeterlilige esaslanýan, energetika serişdelerini öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitlerini nazara alyp hem-de olary ykrar etmek arkaly energetika howpsuzlygynyň ählumumy ulgamyny döretmäge işjeň gatnaşmaklary baradaky başlangyç bilen çykyş etdi.

Nygtalyşy ýaly, Hazar meselesi boýunça özara gatnaşyklar türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudyr. Biziň ýurtlarymyz Hazar deňziniň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek we netijeli hyzmatdaşlyk zolagyna öwrülmegine ägirt uly goşant goşýar. Hazarýaka ýurtlaryň ählisiniň belleýşi ýaly, Hazar deňzi parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk deňzidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

2018-nji ýylyň awgust aýynda bäş Hazarýaka döwletleriň ýolbaşçylarynyň Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýa gol çekmegi köptaraply bilelikdäki işiň anyk netijesi boldy hem-de Hazar deňzinde energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň başlanandygyny alamatlandyrdy.

2019-njy ýylda Türkmenbaşy şäherinde birinji Hazar ykdysady forumynyň dowamynda biz Azerbaýjanyň Hökümet wekiliýeti bilen örän netijeli we bähbitli gepleşikleri geçirdik hem-de birnäçe möhüm ylalaşyklary gazandyk diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bu gün biz ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmagyň, Hazar hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary boýunça uzak möhletleýin bähbitleriň gabat gelmeginiň zerurdygyna düşünmek ýörelgelerine esaslanýarys. Şeýle hem biziň döwletlerimiz, goňşy sebitleriň beýleki deňizýaka ýurtlary we iri halkara işewürligi bilen hyzmatdaşlygyň ägirt uly geljeginiň bardygyny we täze mümkinçilikleriň açylýandygyny bellemek isleýärin diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ulag ulgamynyň hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýandygy bellenildi.

Owgan, gruzin we türk hyzmatdaşlary bilen bilelikde, Türkmenistan we Azerbaýjan bu gün Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda möhüm yklymüsti ugur bolan “Lapis Lazuli” ulag geçelgesiniň netijeli hereketini üpjün etmek ugrunda iş alyp barýarlar. Şeýle hem Türkmenistan bilen Azerbaýjan Hazar deňzi — Gara deňiz ugry boýunça ulag gatnawlar ulgamyny döretmegiň başyny başlaýjylar boldy.

Biz bilelikde örän wajyp hem-de geljegi uly taslamany amala aşyrmaga girişýäris diýip, döwlet Baştutanymyz Prezident Ilham Aliýewe ýüzlenip aýtdy. “Dostluk” käninde Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň bilelikdäki işleriniň üstünlikli we netijeli boljakdygyna ynanýaryn. Men bu taryhy resminama goldaw berendigiňiz, biziň halklarymyzyň hem-de döwletlerimiziň arasynda dostluk, doganlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge hem-de berkitmäge uly üns berýändigiňiz we onuň ösüşine şahsy goşandyňyz üçin Size tüýs ýürekden minnetdardyryn diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewi şu günki şanly waka bilen gutlap, oňa berk jan saglyk we alyp barýan döwlet hem-de syýasy işinde täze üstünlikleri, Azerbaýjanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine söz berildi. Ilham Aliýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we dabara gatnaşyjylaryň ählisini mübärekläp, şu wakanyň örän wajypdygyny nygtady.

Biziň ýurtlarymyzyň arasynda ähli derejelerde, ilkinji nobatda bolsa, Prezidentleriň derejesinde ysnyşykly syýasy gatnaşyklar bolmazdan, şu günki resminama gol çekmek mümkin bolmazdy diýip, Azerbaýjanyň Baştutany nygtady.

Biz çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç bilen ýurtlarymyzyň degişli düzümleriniň hyzmatdaşlyk, dostluk, özara goldaw bermek we gyzyklanma bildirilýän özara bähbitlere dogry düşünmek ruhunda ösdürilmegi üçin ähli tagallalary ederis. Şoňa görä-de, şu günki resminamany taryhy resminama diýip atlandyrmak isleýärin, çünki Azerbaýjan we Türkmenistan Hazar deňzinde ýatagy özleşdirmek boýunça bilelikdäki işe ilkinji gezek girişýärler. Munuň özi biziň ýurtlarymyzy we halklarymy has-da ýakynlaşdyrar hem-de uly peýda getirer diýip, Prezident Ilham Aliýew sözüni dowam etdi.

Aýratyn bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar okgunly ösýär. Munuň üçin ýokary derejedäki özara saparlara göz aýlamak ýeterlikdir. Soňky üç ýylyň dowamynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň özara saparlarynyň bäşisi boldy. Şolaryň çäklerinde resminamalaryň 50-den gowragyna gol çekildi.

Deňeşdirmek üçin biziň özara gatnaşyklarymyzyň tutuş taryhynda resminamalaryň 100-den gowragyna gol çekilendigini aýtmak isleýärin. Şolaryň ýarysyndan gowragyna üç ýylda gol çekildi. Iň esasysy bolsa, olaryň ählisi, şol sanda biziň energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça gazanan ylalaşyklarymyzyň ählisi ýerine ýetirilýär diýip, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti nygtady.

Azerbaýjanyň Lideriniň aýtmagyna görä, “Şu günki gol çekişlik Hazaryň uglewodorod serişdelerini özleşdirmekde täze sahypany açýar. Bu taslama biziň ýurtlarymyzyň hem-de olaryň goňşularynyň energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga ýardam eder. Ol şeýle hem uly eksport mümkinçiliklerini açýar we şeýlelikde, halklarymyzyň abadançylygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder”.

Azerbaýjanyň Baştutany ikitaraplaýyn gatnaşyklar meselelerine degip geçip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara düzümlerde ýurtlaryň ikisiniň hem birek-biregi işjeň goldaýandygy baradaky sözlerini doly tassyklaýandygyny aýtdy.

Pursatdan peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýew özüniň kärdeşini we tutuş doganlyk türkmen halkyny geçen ýyl bellenilen Türkmenistanyň Bitaraplyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Azerbaýjanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky” Kararnamasynyň awtordaşy bolandygyny ýatlatdy.

Döwlet Baştutanymyza Goşulyşmazlyk Hereketine başlyklyk ediji hökmünde Azerbaýjanyň alyp baran işine beren ýokary bahasy üçin çuňňur hoşallyk bildirildi. Başlyklyk etmegiň çäklerinde başlangyçlarymyza goldaw berendigiňiz, hususan-da, Goşulyşmazlyk Hereketiniň sammitini geçirmek, şeýle hem türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň sammiti hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň koronawirusa garşy göreşmek meseleleri boýunça ýörite mejlisini geçirmek boýunça tekliplerimizi goldandygyňyz üçin hoşallyk bildirýärin diýip, Azerbaýjanyň Prezidenti aýtdy.

Şunuň ýaly birek-birege goldaw bermek ýörelgesi gatnaşyklarymyzyň ruhuny we häsiýetini açyp görkezýär. Biz mundan beýläk-de milli bähbitlerimiziň üpjün edilmegi ugrunda halkara giňişliginde işjeň gatnaşyk saklajakdygymyza pugta ynanýaryn diýip, dostlukly ýurduň Baştutany nygtady.

Azerbaýjanyň Lideri türkmen kärdeşiniň ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň wajypdygy baradaky pikirini goldap, bu gatnaşyklaryň ýurtlarymyz we goňşularymyz üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýandygyny belledi.

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ulag düzümini döretmek boýunça taslamalarynda umumylyklaryň bardygy bellärliklidir. Munuň özi häzirki zaman halkara deňiz portlarynyň işinde has-da äşgär duýulýar. Olar ýygjam gatnaşykda işleýärler we ýurtlarymyzyň çäginden üstaşyr ýükleriň gatnawyny üpjün edýärler hem-de Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda haryt dolanyşygy üçin mümkinçilikleri artdyrýarlar diýip, Prezident Ilham Aliýew nygtady.

Azerbaýjanyň Baştutany geljekde ýurtlarymyzyň arasynda ulag-logistik hyzmatdaşlygyň ösüşiň täze derejesine çykjakdygyna ynam bildirip, sebitimizde emele gelen ýagdaýlary we täze ulag ýollaryny açmak mümkinçiliklerini nazara almak bilen, bu gatnaşyklaryň ähli hyzmatdaşlarymyz we goňşularymyz üçin goşmaça amatlyklary açjakdygyny nygtady.

Prezident Ilham Aliýew Türkmenistanyň ulag-logistika kuwwatyny pugtalandyrmakda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy goşandyny belläp, goňşy ýurtlar bilen özara gatnaşyklary ösdürmezden, üstaşyr gatnaşyklar bilen baglanyşykly meselelerde netije gazanmagyň mümkin däldigini nygtady.

Häzirki döwürde biz ulag-logistika düzüminiň ýokary derejä eýedigini belleýäris.

Munuň özi Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň bu ugurda maksatnamalaýyn işleri alyp barýandygyny alamatlandyrýar. Şeýle hem munuň özi biziň sebitimizde we sebitden uzakda Ýewraziýa giňişliginde ýerleşen ähli ýurtlar üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Ulag pudaklary hem energetika ugurlary ýaly, birek-birege baglanyşdyrylandyr diýip, azerbaýjan Lideri aýtdy.

Onuň pikirine görä, şu gün Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynda uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda ýurtlarymyzyň arasyndaky özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi örän ähmiýetli waka bolup durýar. Munuň özi geljekki gatnaşyklara oňyn täsirini ýetirer.

Prezident Ilham Aliýew döwlet Baştutanymyzyň sebitleýin hyzmatdaşlyk barada aýdan meselelerine degip geçip, häzirki döwürde Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň we Türkiýe, Azerbaýjan, Owganystan bilen Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlygyň üçtaraplaýyn görnüşiniň hereket edýändigini belledi. Bu hyzmatdaşlyk işewürligi alyp barmak ugrunda has oňaýly şertleriň döredilmegine, iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine we anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň okgunly ösýändigi bellenildi.

Siz ýurduňyzy ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýarsyňyz we döwletiňiziň çäginden çykýan wajyp durmuş maksatly wezipeleriň, düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam berýärsiňiz. Men Siziň maýa goýum hem-de goňşy döwletler bilen baglanyşykly syýasatyňyzyň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny bilýärin. Olarsyz häzirki döwürde “Lapis-Lazuli” taslamasyny amala aşyrmak mümkin däldir diýip, Prezident Ilham Aliýew nygtady.

Bellenilişi ýaly, hut Türkmenistanyň goňşy Owganystana maýa goýum boýunça paýhasly syýasatynyň netijesinde demir ýol guruldy, häzirki döwürde Owganystandan Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň üsti bilen beýleki ýurtlara ýükleriň ugradylmagy üpjün edilýär.

Hut şonuň üçin hem bu gün biziň sebitiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga we biz üçin hem-de goňşularymyz üçin täze ýagdaýlary emele getirýän meseleleriň çözgüdine çemeleşmelerimiziň umumydygyny aýratyn bellemek isleýärin.

Prezident Ilham Aliýew milli Liderimiziň Hazaryň häzirki döwürde hoşniýetli goňşuçylygyň we hyzmatdaşlygyň deňzi bolup durýandygy baradaky sözlerini goldap, bu gün biziň garaşsyz energetika döwletlerimiziň Hazarda hyzmatdaşlygyň berkidilmegine ýene bir goşant goşýandygyny nygtady.

Biziň ýurtlarymyzyň arasynda tebigy çäk bolup durýan Hazar deňziniň mundan beýläk-de ýurtlarymyzy we halklarymyzy birleşdirjekdigine ynanýaryn diýip, Azerbaýjanyň Lideri nygtady.

Pursatdan peýdalanyp, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň doganlyk halkyna gülläp ösüş, parahatçylyk we abadançylyk baradaky hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdi.

Iki döwletiň Baştutanlarynyň çykyşy tamamlanandan soň, Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky möhüm taryhy resminama gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri J.Baýramow Ähtnama gol çekýärler.

Resminama gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara jemleýji söz bilen ýüzlendi.

Döwlet Baştutanymyz ilki bilen Prezident Ilham Aliýewi we ähli azerbaýjan doganlarymyzy Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Hazar deňzinde “Dostluk” uglewodorod ýatagyny bilelikde barlamak, işläp taýýarlamak we özleşdirmek barada özara düşünişmek hakyndaky taryhy resminama bolan Ähtnama gol çekilendigi bilen gutlap, munuň biziň ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň durmuşynda dostlugyň we hyzmatdaşlygyň berkidilmegine gönükdirilen ähmiýetli wakadygyny nygtady.

Köp ýyllaryň dowamynda iki Garaşsyz döwlet hökmünde Türkmenistan we Azerbaýjan örän giň ugurlar boýunça gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär.

Ýokary döwlet derejesinde emele gelen açyklyk, netijeli we dostlukly syýasy gatnaşyklar işjeň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasyny düzýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň barşynda ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Şeýle gatnaşyklaryň netijeleri iki döwletiň Hökümetleriniň we daşary syýasat edaralarynyň geljekki işleriniň esasy ugurlary bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen we azerbaýjan döwlet düzümleriniň, Prezidentleriň derejesinde gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmäge jogapkär wekilleriň işiniň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen bellemek isleýärin diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Bu bolsa, öz nobatynda, iki tarapy hem türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga gönükdirilen täze teklipleriň we başlangyçlaryň tapylmagyna we olaryň durmuşa geçirilmegine höweslendirmelidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekilen Ähtnamanyň ähmiýetine dolanmak bilen, bu resminamanyň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda energetika pudagy ýaly strategik taýdan möhüm ugurdaky hyzmatdaşlykda hil taýdan täze tapgyry açýandygyna ünsi çekdi.

Munuň üçin bolsa bizde ähli zerur meýiller — syýasy erk-isleg, tehniki we tehnologik üpjünçiligiň ýokary derejesi, ýokary hünärli işgärler hem-de nebitgaz pudagyndaky işler boýunça ägirt uly tejribe bar.

Türkmen we azerbaýjan halklarynyň arasyndaky köp asyrlaryň dowamynda bar bolan berk doganlyk gatnaşyklary Hazar deňzindäki bilelikdäki işiň üstünliginiň baş kepili bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar sebitinde berk parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek hem-de hyzmatdaşlyk esaslaryny döretmäge Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň goşandyny we ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryny aýratyn belledi.

Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň soňky onýyllygyň dowamyndaky ýokary syýasy hem-de diplomatik işjeňligi netijesinde, Hazarýaka döwletleriň sammitleri we beýleki ýokary derejeli maslahatlary yzygiderli esasda geçirmek mümkin boldy.

Kenarýaka ýurtlaryň şu günki hem-de geljekki ösüşine laýyk gelýän, Hazar deňzinde howpsuzlyk, ykdysadyýet we ekologiýa ýaly möhüm ugurlarda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny kesgitleýän halkara-hukuk binýady döredildi.

Munuň özi Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejä eýe bolmagynyň, ähli Hazar meseleleriniň çözgüdine biziň çemeleşmelerimiziň umumylygynyň netijesinde mümkin boldy diýip, pikir edýärin.

Umuman, türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ýagdaýyna ýokary baha berýärin hem-de ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini we sazlaşykly ösýändigini bellemek isleýärin diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Çykyşynyň ahyrynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewi şu günki taryhy waka bilen ýene bir gezek gutlap, oňa berk jan saglyk, köptaraply döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlik, Azerbaýjanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, bagt, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe söz berildi.

Azerbaýjanyň Baştutany hemmeleri şanly waka bilen gutlap, bu günki gol çekişligiň sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine oňyn täsir etjekdigine ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Hazarýaka ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk özara düşünişmek we birek-birege goldaw bermek ruhunda sazlaşykly ösýär. Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekilmegi onuň aýdyň netijesi bolup durýar.

“Hazarýaka ýurtlaryň köpýyllyk çekişmelerden soň hoşniýetli syýasy erki netijesinde, Hazaryň energiýa serişdelerini özleşdirmek, şeýle hem deňziň gurşawyny goramak boýunça bilelikdäki hereketler üçin täze mümkinçilikleri açýan Konwensiýa gol çekildi. Biz bilelikdäki tagallalarymyz bilen bu ajaýyp deňzi goramalydyrys. Ol biziň halklarymyz üçin ägirt uly bähbit getirýär” diýip, Azerbaýjanyň Prezidenti aýtdy.

Şu gün gol çekmek çäresini synlap otyrkam, biziň pederlerimiziň bu günki dabarany görmek mümkinçiligi bolan bolsa, olar muňa örän şatlanardylar diýip oýlandym. Halk arasynda aýdylyşy ýaly, “Olaryň ruhy şat bolardy”. Olar iki doganlyk halkyň egin-egne berip, birek-biregi goldap, öz halklarynyň geljeginiň bähbidine ynamly we netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýýandyklaryna, ýurtlarymyzyň köp onýyllyklara uzajak okgunly ösüşini üpjün edýändiklerine buýsanardylar diýip, Azerbaýjanyň Lideri sözüni dowam etdi.

Şeýle hem bu günki geçirilen gol çekmek dabarasynyň ýurtlarymyzyň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we ykdysady kuwwatlyklaryny berkitmek boýunça köpýyllyk netijeli tagallalarynyň netijesidigini bellemeli diýip, Azerbaýjanyň Baştutany aýtdy. Bu gün Türkmenistan we Azerbaýjan halkara giňişlikde garaşsyz daşary we içeri syýasaty barada giňden beýan etmäge doly haklydyr. Munuň özi, gynansak-da, dünýä ýüzünde ýygy-ýygydan gabat gelýän ýagdaý däl diýip, Prezident Ilham Aliýew nygtady.

“Biziň ýurtlarymyz özüni doly üpjün edýän döwletlerdir. Olar halkara karz serişdelerine hem-de daşary ýurtlaryň haýsydyr bir görnüşdäki täsirine we kömegine garaşly däldirler. Olar öz milli, ahlak we ruhy ýörelgelerine ygrarlydyrlar. Munuň özi biziň öňe gitmegimiziň ygtybarly binýadydyr” diýip, dostlukly döwletiň Baştutany nygtady.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan we Azerbaýjan ýaş, Garaşsyz döwletlerdir. Biziň ýurtlarymyzyň Garaşsyzlyga eýe bolanyna 30 ýyl geçmedigem bolsa, şu döwürde ägirt uly üstünlikleri gazanmagy başardyk. Bu üstünlikler biziň ynamly öňe gitmegimiziň, durmuş maksatly meseleleri çözmegimiziň, ykdysady ösüşimiziň we ählumumy halkara taslamalary durmuşa geçirmegimiziň baş şertini emele getirýär. Bu ýurtlar maýa goýum üçin açykdyr. Türkmenistana we Azerbaýjana daşary ýurt kompaniýalary ägirt uly maýa serişdelerini ynamly gönükdirýärler. Olar öz serişdeleriniň goraglydygyna we ýurtlarymyzyň syýasy taýdan durnuklydygyna ynanýarlar.

Bu bolsa ösüşiň möhüm şerti bolup durýar. Durnuklylyk bolmasa, ösüş bolmaýar. Durnuklylyk gülläp ösüşe, abadançylyga, maýa goýum syýasatyna, iri halkara kompaniýalaryň gyzyklanmalaryna we ýurduň halkara giňişlikde eýeleýän ornunyň pugtalanmagyna giň ýol açýar diýip, Azerbaýjanyň Prezidenti belledi.

Prezident Ilham Aliýew iki ýurduň taryhy we medeni taýdan garaýyşlarynyň umumylygy, köklerimiziň, dilimiziň, dinimiziň birdigi barada aýdyp, bu oňyn ýörelgeleriň häzirki zaman netijeli hyzmatdaşlygyna öwrülendigini nygtady.

“Biz şu gün Hazardaky ýatagyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek bilen çäklenmän, eýsem, gatnaşyklarymyzyň geljekki ösüşine tarap möhüm ädim ätdik” diýip, Azerbaýjanyň Baştutany aýtdy.

Azerbaýjanyň Lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy bu şanly waka bilen gutlap, milli Liderimize berk jan saglyk, ähli başlangyçlarynda üstünlikler, doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

I.Aliýew şeýle hem milli Liderimiziň ägirt uly tagallalaryny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Aşgabady hem-de Türkmenistanyň beýleki şäherlerini abadanlaşdyrmak boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar.

Hut şonuň üçin hem Aşgabada gelenimizde, şäher ilaty üçin döredilen amatly şertlere, paýtagtyň häzirki zaman we owadan keşbine dostlarça, doganlarça begenýäris. Munuň özi ýurdy ösdürmek boýunça Siziň köpýyllyk tagallalaryňyzyň netijesi we halkyňyza wepaňyzyň täsiri bolup durýar diýip, dostlukly döwletiň Lideri aýtdy.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti özüniň wideoçykyşyny iki goňşy dostlukly halkyň umumylyklaryny tassyklap, Türkmenistanda we Azerbaýjanda düşnükli “Ýaşasyn Azerbaýjan — Türkmenistan dostlugy!” diýen sözler bilen jemledi.

Iki döwletiň Baştutanlary onlaýn dabaranyň ahyrynda mähirli hoşlaşyp, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň halklaryna parahatçylyk, hoşniýetlilik hem-de abadançylyk arzuw etdiler.

***

Şu gün Daşary işler ministrliginde türkmen-azerbaýjan Daşary işler ministrlikleriniň syýasy geňeşmeleri hem geçirildi. Onda däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň şu günki ýagdaýy hem-de geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda söwda-ykdysady ulgam, nebitgaz hem-de ulag-aragatnaşyk toplumlary ýaly strategik ugurlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Ilham Aliýew tarapyndan gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.

Hususan-da, şu gün gol çekilen wajyp Ähtnamany iş ýüzünde durmuşa geçirmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu iki ýurduň energetika hyzmatdaşlygynda täze tapgyra badalga berdi. Şonuň ýaly-da, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry boýunça Ýewropa çykýan (“Lapis-Lazuli”) halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerini ulanmak boýunça anyk ädimleriň birnäçesi bellenildi. Bu ugur Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar hem-de Gara deňzi, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen birlikde, däp bolan ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmegiň, bilim, ylym hem-de medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň, türkmen-azerbaýjan dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýän bilelikdäki çäreleri geçirmegi dowam etdirmegiň ähmiýeti bellenildi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18829?type=feed

22.01.2021
Arkadag paýhasyndan binýat bolan dostluk menzilleri

Ählumumy ösüşiň hem-de abadançylygyň ygtybarly köprüsine öwrülip, dünýä halklaryny ýakynlaşdyrýar we jebisleşdirýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz dünýäniň parahatçylyk söýüjilik merkezi hökmündäki derejesini has-da berkidýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şanly wakalar halkymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýar. Akina — Andhoý menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýolunyň ulanmaga berilmegi, Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamynyň, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat —Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi, şeýle hem Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasy Arkadag paýhasynyň dünýä ýol salýandygy baradaky guwandyryjy hakykaty tutuş Ýer ýüzünde dabaralandyrýar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň ilkinji günlerinde äleme ýaň salan bu möhüm wakalar baradaky buýsançly söhbedimiziň özenini yklymlary, ykballary nurlandyran şu belent hakykatyň düzmegi, elbetde, öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Çünki bu taryhy wakalaryň gerim-gabarasy, uly tutumy dünýä dolup, hut Arkadag paýhasyndan kemal tapýan başlangyçlaryň umumadamzat bähbitli beýik işlere gözbaş bolup, halkara jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna hem gyzgyn goldawyna eýe bolýandygynyň subutnamasyna öwrüldi. Şol wakalaryň gözli şaýady bolup ýörkäň, Gahryman Arkadagymyz bilen halkymyzyň mizemez jebisligi, şol bir wagtyň özünde bäş müň ýyllyk şöhratly taryhyna buýsanýan türkmeniň emer-damaryna, ruhuna siňen dost-doganlyk ýörelgelerine hemişe ygrarlydygy baradaky seriňe dolan buýsançly oýlara biygtyýar berilýärsiň. Şeýlelikde, döwletli Diýarymyzda, asyl-ha, herki zadyň bir-biri bilen ajaýyp sazlaşyp, ýerbe-ýerligi, tutumly çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün edip durandygy hakda-da aýdasymyz gelýär. Şol günler howa-da edil türkmeniň nurana göwni ýaly ýaz ýakymyny ýaýradyp, gyşyň örküjidigine garamazdan, edil ýaňy tamdyrdan çykan mele-myssyk nany ýatladyp, sahawatlylyk bilen tylla şuglasyny saçyp duran Gün diňe Zemini däl, ynsan ähliniň kalbyny bagt kuýaşy bolup çoýup, tutuş barlyga ýylylyk, mähir paýlap, guwançdan-şatlykdan doly barça ýürekleri has-da joşa getirdi.

Ýeri gelende aýtsak, paýtagtymyzdan döredijilik iş saparyna ugrap, Hakdan halatly, köňli sahawatly, türkmeniň kalby deý joşgunly Jeýhunyň boýuna — süýjülikde taýy tapylmadyk şekerden datly gülabynyň mekany gadymy Lebap topragyna, has takygy, Türkmenabadyň Halkara howa menziline gelip düşenimizde, özüm-ä türkmen gündogaryna gadam goýandygym barada bagtyýar oýlandym. Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň dünýä derejesinde uly dabaralar bilen belleniljek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň şanly wakalarynyň hut şu sahawata we berekede baý künjekden başlanmagynyň çuň many-mazmuna eýedigi baradaky hakykat göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Watanymyzda «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly şygar bilen geçen 2018-nji ýylda ulanylmaga berlen Türkmenabadyň Halkara howa menzili Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň sebitiň möhüm ulag ýoly bolmak bilen, iri halkara logistik merkezine öwrülýändigi baradaky hakykatyň özboluşly mysalydyr. Ýurdumyzyň gündogar sebitiniň merkezi hasaplanýan Türkmenabat şäheri gadymy Amulyň mirasdüşeri bolup, bu ýerde Eýrana, Hindistana, Gündogar Ýewropa... barýan köp sanly söwda ýollary birigipdir. Ýeri gelende ýatlap geçsek, şol ýylyň altyn güýzünde müňýyllyklaryň jümmüşinden ak ertirlere — geljege ýol salyp, yklymlary-ykballary nurlandyran Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy Amuldan, ýagny hut şu ýerden badalga alan «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine gatnaşyjylar arzyly menzilleri nazarlapdylar. Sahawata we berekede baý Garagumuň Hakyň nazary düşen guba çägelerini hem ak alaňlaryny külterläp, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň çäginden üstünlikli geçip, ýurdumyzyň Günbatar sebitine — Hazaryň kenaryndaky Awaza barypdylar.

14-nji ýanwarda milli Liderimiziň Lebap welaýatynyň «Ruhyýet» köşgünde — Türkmenistanda we Owganystanda dabara gatnaşyjylary birleşdiren teleköpriniň geçirilýän ýerinde eden taryhy çykyşynda belleýşi ýaly, bu iri taslamalar umumy maksada — biziň ýurtlarymyzyň uzakmöhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermäge we bu ösüşi üpjün etmäge niýetlenip, türkmen we owgan halklarynyň gülläp ösmegine we abadançylygyna gönükdirilendir. Şol bir wagtda munuň özi Ýer ýüzüniň bu böleginde ygtybarly, çalt depginler bilen ösýän, sazlaşykly energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamyny döretmek ýörelgesinden ugur alýar. Hormatly Prezidentimiz möhüm ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň köpýyllyk ysnyşykly we netijeli türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň netijesi bolup durýandygyny aýtmak arkaly Owganystan Yslam Respublikasy bilen netijeli, deňhukukly, hakyky doganlyk gatnaşyklaryna biziň ýurdumyzda ýokary baha berilýändigini belledi.

Türkmenistan owgan halkyna köptaraplaýyn goldaw berýär. Owganystana ýeňillikli bahadan elektrik energiýasyny iberýär. Bu ýurduň dürli welaýatlarynda durmuş ähmiýetli desgalary gurýar. Munuň özi Owganystanda asuda durmuşy ýola goýmakda, gatnaşyklaryň yzygiderliligini, ikitarapa bähbitliligini gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir. Elektrik energiýasynyň bu ýurda iberilmeginiň has-da artdyrylmagy baradaky çözgüt ýurdumyzyň dostanalyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine hemişe wepalydygyny, şunuň bilen birlikde, çenden güýçli ykdysady kuwwatyny görkezýär.

Häzirki döwürde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, hususan-da, energetika we aragatnaşyk, ulag-kommunikasiýa ulgamlaryndaky taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly gyzyklanma bildirilýär. Asyryň bu iri gaz geçirijisi sebitiň ýurtlarynyň ykdysady taýdan ösmegine uly itergi berer. Müňlerçe täze iş orunlaryny açmaga mümkinçilik döreder. Elektrik energetikasy, ulag-kommunikasiýa we ýaşaýyş-durmuş maksatly üpjünçilik ulgamlaryny emele getirmäge ýardam eder. Elektrik geçiriji ulgamlaryň çekilmegi bolsa, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň ähli desgalaryndan başga-da, sebitiň ýurtlaryny elektrik energiýasy bilen kadaly üpjün etmekde giň mümkinçilikleri özünde jemleýär. Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Aziýanyň beýleki döwletlerine elektrik energiýasyny eksport etmäge şert döredýär. Bu taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy tebigy gazyň, elektrik energiýasynyň, senagat harytlarynyň we maglumatlaryň üstaşyr geçirilmeginden alynjak serişdeleriň hasabyna Owganystanyň býujetine köp möçberde girdeji getirer. Sebitimizde ýaşaýan halklaryň bähbidine durnuklylygyň we yzygiderli durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm şerti bolar. Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti hem öz gezeginde Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň baştutanlygynda sebitiň merkezine öwrülmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitiň dünýä bilen birleşýän nokadyny döretmekde möhüm orun eýeleýändigini belledi. Onuň türkmen Liderine, biziň döwletimize iri maksatnamalaryň we taslamalaryň, olary maliýeleşdirmegiň we amala aşyrmagyň çäklerinde mäkäm gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy üçin, Owganystanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan çäksiz hoşallygyny beýan etmegi guwandyryjydyr. Owgan Lideriniň Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň derejesiniň kadaly hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan strategik hyzmatdaşlyk derejesine ýetendigini aýratyn nygtamagy bolsa, täze taryhy eýýamda türkmen-owgan gatnaşyklarynyň hil taýdan ýokary derejä ýetendigine şaýatlyk edýär. Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, «Açyk gapylar» hem-de netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek bilen, umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar. Şu maksatlar bilen Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde sebit we dünýä möçberinde durnukly ösüş wezipelerini çözmäge ýardam edýän iri düzümleýin taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Elbetde, Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň dabaraly açylyp, ulanylmaga berilmegi hem ýurdumyzyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim boldy. Bu waka milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Bitarap döwletimiz nebitiň, gazyň ummasyz köp gorlaryna, elektrik energiýasyny ösdürmegiň giň mümkinçiliklerine eýe bolmak bilen, öz baýlyklaryny diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirýändigi baradaky hakykaty aýdyň şöhlelendirýär. Bu bolsa Türkmenistanyň ykdysadyýetini ýokary depginler bilen ösdürmekde we onuň dünýä ykdysadyýetiniň ulgamyna işeňňir girişmeginde örän ähmiýetli hem täsirli orny eýelemegine mümkinçilik berýär.

Aziýa sebiti boýunça goňşy ýurtlarymyz we beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, biz abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde hem köptaraplaýyn esasda depginli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryny ýokary derejede saklamaga gönükdirilen işleri alyp barýarys. Sebitimizde energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmek boýunça netijeli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagynda: «Täze ýylymyz il-ýurt bähbitli uly üstünlikleriň, parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň ýyly bolar. Biz ata Watanymyza belent buýsanjymyz, geljege berk ynamymyz, aýdyň maksatlarymyz bilen has uly sepgitlere ýeteris» diýip belleýşi ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylymyzyň her bir güni, aýy taryhy wakalara beslenýär. Ýurdumyz özüniň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine pugta eýerýär. Şundan ugur alyp, dünýäde syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge uly goşant goşýar. Ýer ýüzünde parahatçylygy berkitmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda ähli tagallalary edýär. Şu maksat bilen, möhüm ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen berkarar döwletimizde il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli amala aşyrylýan ajaýyp özgertmeleriň, milli Liderimiziň öňdengörüjilikli dünýä nusgalyk syýasatynyň Ýer ýüzünde goldanýandygyna hem-de ykrar edilýändigine tüýs ýürekden guwanýarsyň.

Bütin dünýäde ykrar edilen Lider hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýer ýüzündäki belent sylag-sarpasy, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan dünýä nusgalyk beýik işleri Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bedew batly ösüşlerine düýpli itergi berip, bagtdan paýly, rysgal-bereketden serpaýly, çüwen ykbally türkmeniň mähir-muhabbete ýugrulan parahatçylyk söýüjilikli dostana ýörelgesini jümle-jahana ýaýýar. Şonuň üçin hem «Belent başyňyz aman, beýik başlangyçlaryňyz rowan, at-abraýyňyz mundan hem zyýat bolsun, eziz Arkadagymyz!» diýen dogaýy sözler dilleriň senasyna, köňülleriň owazyna öwrüldi.

Ýagmyr NURYÝEW,

«Diýar» žurnalynyň baş redaktory.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18669

21.01.2021