Bedew bilen alabaý: dört pursat

2-nji pursat. Häsiýet

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň geçen sanynda).

Köpetdagy etekläp oturan bir obadan iki adam öz hojalyklaryndaky dowarlary gezekleşip bakardylar. Bir gün olaryň biri, ýalňyşmaýan bolsam, onuň ady Ata bolmaly, öz gezeginde dowar bakýardy. Agşamara oba gaýtmakçy bolan mallar, hemişekileri ýaly, ýüzlerini oba tarap öwrüpdiler. Asmanda onda-munda görünýän kiçiräk gara bulutlar diýäýmeseň, hemme zat gowy. Irgözinden oba aşyp boljak. Oba baransoň etmeli işlerini aňynda aýlan Ata aga goş-golamlaryny ýygnamak üçin eglende, birden bir ýana agyp gaýtdy. Näme bolanyny özi-de bilmedi, ýöne ne gepläp bilýär, ne-de gymyldap. Kysmatyňa kaýyl bolup ýatybermekden başga alaç ýok. Ýöne onuň tejribeli, örän duýgur Garagözi bar-a, ol dowaryň ýanynda bolsa-da, bir zadyň bolanyny syzdy. Gaýta-gaýta goşa tarap seretdi. Goşda Ata aganyň özi-hä görnenok, eşegi welin gazygynyň daşynda dur. Ana, Ata aganyň çygly-ýagynly howada egnine atýan ýapynjasy-da gaňňanyň üstünde. Garagöz arkaýynlaşsa-da, ýüregi bir zat duýýan ýaly, bir gözi Ata aga tarapda. Ahyr gelip görmese, durup bilmedi. Gelse, ynha, Ata aga serlip ýatyr. Howa-da gamaşyp ugrapdyr, ýagyş ýagaýmagy-da ähtimal.

Garagöz üýrüp, Aždary çagyrdy. Ol entek ýaş bolsa-da, Garagözüň yzyna düşüp ýöreni bäri, köp zatlary öwrenipdi. «Gaýtar!» diýip-diýmänkäň, ol eýýäm süriniň öňüni gerekli ugra aýlap durandyr. Özi-de jöw-jöwläp, ýadamasy ýok hem-de gaty düşbüjedi, akyllyjady. Özüň «al» diýip beräýmeseň, her näçe aç bolsa-da, çörege-beýlekä agyz urmazdy, kemteresinden ysgajak bolup, sümsünibem ýörmezdi. Elbetde, Ata aga dagy itlerini hijem aç saklamazdylar, özleri iýmän ilki itleri ýallardylar, soň özleri nahara oturardylar.

Güjükliginden saýlanyberen Aždaryň bu zatlary Garagözden öwrenýäni belli. Garagöz türkmeniň alabaý itlerinden. Ol juda dogumly we diýseň akylly. Bir gepläp bilenok diýäýmeseň, ondan başga aýyp tapjak gümanyň ýok. Ol hakyky ýoldaş. Aždar geleli bäri Garagöz özüniň hakyky «mugallymdygyny» hem görkezdi. Garagöz Aždar üçin hakyky nusgady, ol hemme babatda Garagöze meňzemäge çalşardy. Hatda Garagöz güneşlemek üçin Gün düşýän ýere geçip ýatsa, olam jaýlaşykly ýatan ýerinden turup, Garagözüň ýanyndan ýer peýlärdi. Ýatan ýerinden aram-aram kellesini galdyryp, Garagözüň daş-töweregi synlaýşy ýaly, synlamagy-da çykardy. Garagözüň arasynda turup, dowarlaryň töweregine sagdan çepe aýlanmasy bardy. Aždar hem başda şeýtjek boldy, soň welin çepden saga aýlanyp başlady. Beýtmegi oňa Garagöz öwreden bolarly, olar ho-ol aňyrda, dowarlaryň tegelenişip ýatan ýeriniň aňrujunda sataşýardylar. Soňam şol ýerde bagyrlaryny ýere berip, birsellem ümsüm ýatardylar. Ine, şeýdip gün yzyna gün geçip, aýlar aýlanyp durdy.

...Hawa, Garagöz Ata agany görmedi. Biynjalyk bolan Garagöz goşa geldi. Görse, ol ýatyr gymyldaman. Ysgady, çekeläp gördi, dem-düýt ýok. Garaňky-da gatlyşyp barýar. Garagöz üýrüp, Aždary çagyrdy. Ol derrew häzir boldy. Bolan işi görübem, Garagöze seretdi.

Garagöz dowarlary öňüne salyp, oba tarap ýola düşdi.

Aždar çopanyň ýanynda galdy. Onuň bolsa şol ýatyşy, gymyldanogam. Ýagyş bolsa çisňäp başlady. Şu bolşuna has güýjäýmegi-de ahmal. Aždar gazygynyň daşynda aýlanyp duran eşegiň üstündäki ýapynjany dişläp, ýere gaçyrdy, süýräp getiribem çopanyň üstüne, başardygyndan, ýapdy. Indi ýagyş ýagaýanda-da Ata aga eziljek däldi. Ol eýesiniň başujunda iki aýagyna ýassanyp ýatyberdi.

Garagöz gyssagyň özi bilendigine düşünýän ýaly, dowarlary üýrüp hem kowalap diýen ýaly oba eltdi. Olary agyla gabap, üýrüp başlady. Ata aganyň ýoldaşy Gurban çykyp seretse, işikde Garagöz dur, özem daga seredip, howsalaly üýrýär. Bir bolmasy işiň bolanyny aňyp, Gurban Garagözüň yzyna düşüberdi. Garagözüň ümzügi daga — dowar bakylýan ýere tarapdy. Ýolugra goňşy-golamlardan hem birnäçe adam bulara goşuldy. Şeýdip, birtopar adam Garagözüň yzyna düşüp, wakanyň bolan ýerine geldiler. Aždar olary garşy aldy. Gelenler Ata aganyň ysgynsyzja bolsa-da, damarynda tirsildiniň bardygyny görüp, ony gyssanmaç oba hassahanasyna alyp gitdiler. Ol ýerde birnäçe gün ýatandan soň, çopan öýlerine gaýdyp geldi.

Şol wakadan soň, obada Garagöz bilen Aždaryň abraýy artdy. Eden işleri özlerine-de ýaran bolarly, olar ýygy-ýygydan bolmasa-da, käwagt obanyň uly köçesinden tirkeşip, Garagöz-ä öňde, Aždaram yzda, başlaryny dik tutup, nyzamly geçmegi çykardylar. Şunda Aždar ädim urşuny Garagözüňkä meňzetjek bolup, azara galardy. Sebäbi Garagöz ýöremek üçin öňki aýagyny galdyranda, ony ýokarda az-kem saklap, soň ädimini äderdi. Şuny welin Aždar entek başaranokdy, şol sebäpli-de nyzam bozulardy. Ýöne Garagöz onuň bu başagaýlygyna üns bermeýärdi, sebäbi ol halypady, şägirdiniň ahyry bu nyzamy öwrenjegine ynamy uludy.

(Dowamy bar).

Seýitguly GELDIÝEW.

“Türkmenistan”.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/26521