«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bank ulgamyna hem degişlidir.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý senesiniň giňden bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň karz edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmakda alnyp barylýan döwrebap işler, ilata hödürlenýän paýnamalar we oňa eýe bolmagyň düzgünleri, olaryň ykdysadyýete ýetirýän oňaýly täsirleri barada Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Ylmy-önümçilik geňeşiniň baş hünärmeni Ýusup TAŇRYGULYÝEW hem-de «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň meýilnama-ykdysady iş bölüminiň esasy hünärmeni Azat GYLYÇHANOW bilen söhbetdeş bolduk. Onuň mazmunyny okyjylara ýetirmegi makul bildik.
— Söhbedimize gymmatly kagyzlar hem-de paýnama, oňa eýe bolmak hukugy, paýnama alanyň jogapkärçiligi we ykdysadyýete oňyn täsirleri baradaky gürrüňden başlaýsak!
Ýusup TAŇRYGULYÝEW:
— Gymmatly kagyzlar döwlet tarapyndan düzgünleşdirilen şertlere laýyklykda goýberilen we belli bir emläge bolan hukuklary tassyklaýan resminamadyr. Paýnama bolsa eýesiniň paýdarlar jemgyýetiniň diwidendler görnüşindäki girdejisiniň bir bölegini almaga, paýdarlar jemgyýetiniň dolandyrylmagyna gatnaşmaga we ol ýatyrylandan soň galýan emlägiň bir bölegine bolan hukugyny berkidýän gymmatly kagyz bolup durýar. Paýnamalara eýe bolmak hukugyna görä, gymmatly kagyzlar bazarynda olaryň aňsatlyk bilen birek-birege geçirilip bilinmegi maliýe serişdelerini çekmäge şert döredip, jemgyýetiň guramaçylyk-hukuk görnüşiniň özüne çekijiligini artdyrýar. Şunda paýdarlar umumy jogapkärçilik çekmeýärler we jemgyýetiň işi bilen bagly ýitgiler emele gelende, diňe özlerine degişli paýnamalaryň gymmatynyň çäklerinde jogapkärçilik çekýärler.
Gymmatly kagyzlar ykdysadyýete özüniň birnäçe oňyn täsirlerini ýetirýär. Dolanyşyga goýberilen gymmatly kagyzlary edara-kärhanalaryň we raýatlaryň arasynda ýerleşdirmek bilen, goşmaça serişdeleri çekmäge, önümçiligi döwrebaplaşdyrmak üçin zerur bolan maýa goýum binýadyny giňeltmäge mümkinçilik döreýär. Bulardan başga-da, döwlet eýeçiliginiň ýuridik şahslarynyň we paýdarlar jemgyýetleriniň paýnamalarynyň maýa goýum girdejililigi ýurduň içerki durmuş-ykdysady ýagdaýlarynyň durnuklylygyna oňyn täsirini ýetirýär, düýpli ykdysady görkezijileriň gowulanmagyna alyp barýar we korporatiw gatnaşyklaryň ösüş derejesini ýokarlandyrýar. Şeýle-de milli maliýe-ykdysady ulgamy yzygiderli kämilleşdirmäge, düýpli özgertmeleri netijeli durmuşa geçirmäge itergi berýär.
— Azat, bilşimiz ýaly, «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky ýurdumyzda ilkinji paýdarlar jemgyýeti hökmünde esaslandyryldy. Bu bankyň esaslandyrylyşy, çykarýan paýnamasynyň görnüşi, paýnamalary çykarmak bilen ýetilen sepgitler we geljekki meýilnamalaryňyz barada giňişleýin gürrüň beräýseňiz!
Azat GYLYÇHANOW:
— Hawa, «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky Türkmenistanda esaslandyryş gaznasynyň 100 göterimi ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň gatnaşmagynda döredilen ilkinji açyk görnüşli paýdarlar täjirçilik banky bolup durýar. Ol guramaçylyk-hukuk görnüşi boýunça paýdarlar jemgyýetidir. Ýönekeý söz bilen aýdanymyzda, paýdarlar jemgyýeti — bu esaslandyryş maýasy paýnamalaryň esaslandyryjylar tarapyndan kesgitlenen sanyna bölünen hojalyk jemgyýeti görnüşindäki edaradyr.
2011-nji ýylda «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda banklaryň iň pes esaslyk maýasyna bildirilýän talaplara laýyklykda döredildi. Şol döwürden bäri bankyň esaslyk maýasy 2013-nji ýylda 20,81 million manada, ýagny 37 göterime çenli, 2015-nji ýylda 30,0 million manada, ýagny 98 göterime çenli, 2016-njy ýylda bolsa 40 million manada, ýagny iki essä golaý ýokarlandyryldy.
2020-nji ýylda «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň esaslyk maýasyny 60 million manada çenli ýetirmek maksady bilen, biriniň bahasy bir müň bäş ýüz manada barabar bolan, on üç müňden gowrak ýönekeý atly paýnamanyň 5-nji goýberilişi yglan edildi we bellenen tertipde hasaba alyndy. Çykarylan paýnamalaryň bir bölegi bankyň häzirki paýdarlarynyň arasynda ýerlenildi, paýnamalaryň ýerlenilmedik bölegi bolsa «Aşgabat Gazna biržasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň guraýan söwdalaryna çykarylyp ýerlenildi. Netijede, bankyň esaslyk maýasy dördünji gezek köpelip, 60 million manada ýetirildi.
Bulardan başga-da, milli Liderimiziň daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky halkara maliýe guramalary we karz edaralary bilen hyzmatdaşlygy giňden ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işleri has-da ýaýbaňlandyrýar.
Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmekde bildirilýän ülňülere laýyk gelmek maksady bilen, «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky özüniň esaslyk maýasyny 2021-nji ýylyň dowamynda 200 million manada çenli ýetirmegi meýilleşdirýär.
— Häzirki wagtda ýurdumyzda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» giň gerimde amala aşyrylýar. Bu ugurda bankyňyz tarapyndan hödürlenilýän sanly hyzmatlar barada ildeşlerimize aýdyp berseňiz!
Azat GYLYÇHANOW:
— Bu ugurda biziň bankymyz hem öz müşderilerine berilýän hyzmatlaryň hil we dessinligi taýdan uly işleri amala aşyrýar.
Dünýä ýurtlarynyň ösen bank ulgamynda giňden ulanylýan QR kod (dessine tassyklanylýan kod) arkaly töleg geçirmek ulgamy işe girizildi. Bu döwrebap elektron töleg hyzmatynyň ulanyşa girizilmegi we giňden ýaýradylmagy ykdysadyýetimize oňyn täsirini ýetirer. Hususan-da, pul dolanyşygynyň tizligini has-da artdyrmaga, ykdysadyýetde telekeçilik subýektleriniň zerur nagt pul serişdeleri bilen ýeterlik derejede we öz wagtynda üpjün edilmegini nagt däl pullaryň hasabyna amala aşyrmaga getirer. Işewürlik subýektleri bilen raýatlaryň arasyndaky hasaplaşyklary ýeňilleşdirmäge, töleg terminallaryny satyn almak, şeýle-de bank kartlaryny taýýarlamak üçin çykdajylary aradan aýyrmaga, nagt pullary saklamak, daşamak, çykarmak we şuňa meňzeşler bilen bagly çykdajylary azaltmaga, nagt däl tölegleriň möçberini has-da artdyrmaga ýardam eder.
Bank tarapyndan işlenilip taýýarlanan hem-de telekeçilik işi bilen meşgullanýan taraplara giňden teklip edilýän hyzmatlaryň ýene-de biri «Elektron söwda» hyzmaty bolup durýar. Ol onlaýn söwda platformalarynda, tölegi kabul etmegi göz öňünde tutýan mobil programmalarda, şeýle-de tölegi bank kartlarynyň üsti bilen geçirmäge mümkinçilik berýän ulgamdyr. Hyzmat onlaýn platformany ýa-da mobil programmany dolandyrýan müşderiler tarapyndan birikdirilip, şol ýerde kartyň eýesi tarapyndan talap edilýän maglumatlar girizilenden soňra, onuň bank kartyndan tölegi kabul etmäge mümkinçilik berýär.
«Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, «Mastercard» halkara kompaniýasy bilen bilelikde galtaşyksyz (PIN kod girizmezden) töleg tehnologiýaly bank kartlarynyň 4 görnüşini, ýagny «Platinum», «Gold», «Standart» we «Maestro» görnüşlerini işe girizdi. Olar şu günki günde özüniň oňyn netijelerini berýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň karz edaralarynda nagt däl hasaplaşyklaryň üsti bilen pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bank kartlary boýunça milli we halkara töleg ulgamynyň ýaýrawyny giňeltmek babatda hem işler alnyp barylýar. Elektron hasaplaşyk kartlarynyň, töleg terminallarynyň, bankomatlaryň sany, «Internet bank», «Mobil bank» ulgamlarynyň üsti bilen amal edilýän elektron hasaplaşyklaryň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Şeýle hem «Cashback» bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak boýunça ençeme işler alnyp barylýar. Bu hyzmat bank ulgamynda, internet söwdasynda giňden ulanylýar. «Cashback» bank hyzmaty — bu bank kartlary arkaly harytlar we hyzmatlar nagt däl görnüşinde satyn alnanda, kesgitlenen göterim möçberinde pul sylagy hökmünde müşderiniň bank kartlarynyň hasabyna yzyna gaýtarylýar. Hyzmat täze müşderileri çekmäge we olaryň bank kartlary arkaly has köp söwda işlerini amal etmegine mümkinçilik döredýär.
— Döwür öňümizde täze talaplary goýýar. Bu şanly baýramlara beslenip gelen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem şeýledir.
Ýusup TAŇRYGULYÝEW:
— Bilşimiz ýaly, XXI asyr — sanly ulgamlaryň giň gerimde ýaýbaňlanýan asyry. Muňa dünýä ykdysadyýetiniň barha ählumumylaşmagy aýdyň mysal bolup durýar. Ýurtlaryň geografik ýerleşişine garamazdan, sanly tehnologiýalaryň hasabyna edilýän işler dessin amala aşyrylýar. Olar bilen aýakdaş gitmek — döwrüň derwaýys talaby. Bu babatda ýurdumyzyň karz edaralary, şol sanda «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky hem täze-täze hyzmatlary hödürlemekde, sanly bank hyzmatlaryny we amala aşyrylýan beýleki işleri has-da ýönekeýleşdirmekde degişli çäreleri durmuşa geçirýär.
Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli ýakynda Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň we «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binalary dabaraly açylyp, ulanmaga berildi. Ýurdumyzda ähli ulgamlarda döredilýän giň mümkinçilikleriň hemmesiniň halkyň iş şertlerini, hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak üçin edilýän aladalardygyna şaýat bolýarys. Muňa jogap hökmünde netijeli we döredijilikli işlemek biziň esasy borjumyzdyr.
Şeýle döwrebap özgertmeleriň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman, umumadamzat ähmiýetli işleri elmydama rowaç bolsun!
Ýazga geçiren Allanur ÇARYÝEW.
«Türkmenistan».