Mawy deňiz, joşly tolkunlar, hyjuwly ýaşlar, «dynman işleýän tehnikalaryň sesi — «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň her günki işiniň özboluşly bir aýratynlygy. Bu ýerde çekilýän zähmetiň netijesinde gazanylýan üstünlikler ýurdumyzyň senagat pudagyna uly goşantdyr. Şeýle-de bu günki senagat pudagynyň ösen mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýandygyny görkezmek bilen, bu kärhana daşary ýurtlarda hem uly gyzyklanma döredip başlady.
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň maksady deňziň türkmen kenarynda täze gämileri gurmak, şeýle hem dürli görnüşdäki gämilerde abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmekdir. Mundan başga-da ol deňiz giňişliginde ýük daşaýan, ýolagçy gatnadýan gämileri, nebit we beýleki işlerde ulanylýan dürli hyzmat ediji gämileri we ýüzüji serişdeleri tehniki taýdan gözden geçirmek işlerini-de alyp barýar. Olary abatlamakda hem-de enjamlaýyn hyzmatlary ýerine ýetirmekde bu ýerde döwrebap şertler döredilendir. Senagat we hojalyk maksatly önümçilik, uly ölçegli demir listleri işlemek, bug gazanlarydyr metal gurnamalary ýasamak işleri hem hut şu ýerde alnyp barylýar.
Esasy bellemeli zatlaryň biri-de, bu ýerde zähmet çekýänleriň aglaba böleginiň ýaşlar bolmagydyr. Bu bolsa ýaş nesliň döwrebap bilim almagy we zähmet çekmegi babatda edilýän tagallalaryň guwandyryjy netijesidir. Bu ýerde zähmet çekýän ýaşlaryň kärine bolan höwesi, hyjuwy deňziň joşgunly tolkunlaryna çalymdaş. Hut şonuň üçinem zawodda üstünlik gazanylýar.
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň goşmaça hyzmatlary-da bar. Köprüler üçin dürli ölçegli demir gurnamalary we şäherlerimiziň görküne görk goşýan yşyklandyryş direglerini ýasamakda uly tejribe toplanyldy. Şonuň bilen birlikde, dürli görnüşli we ölçegli haýatlary, germewleri ýasamak, wallary ýonmak ýaly önümçilik işleri hem alnyp barylýar. Işleriň şeýle ýokary hil derejesinde alnyp barylmagyny gazanmakda we ýola goýmakda, elbetde, halkara tejribe hem içgin öwrenilýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen geçirilýän sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatlarydyr söhbetdeşlikleriň netijesinde, kärhananyň hünärmenleri senagat pudagynda mynasyp orny eýelemegi we dünýä çykmagy öz öňlerinde anyk wezipe edip goýýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, bu ýerde hem sanly ulgam, elektron resminama dolanyşygy ýola goýuldy. Şonuň esasynda balkanshipyard.com.tm elektron saýty döredildi. Gyzyklanma bildirýänler bu saýt arkaly giňişleýin we ynamdar maglumatlar goruna aralaşyp bilerler.
Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy gülledip ösdürmek ugrunda alyp barýan giň gerimli işleriniň netijesinde gazanylýan ösüşlere kärhananyň geljekki üstünlikleri bilen hem mynasyp goşant goşjakdygyna ynanýarys.
Hajymämmet ILMÄMMEDOW,
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň marketing we şertnamalar bölüminiň başlygy.