Новости
Aşgabat — geljegiň şäheri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly, oýlanyşykly hem öňdengörüjilikli ykdysady syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýurdumyzda ýokary depginli ykdysady ösüşler gazanylýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda döwrebap ykdysady-innowasion düzümi emele getirmek babatynda asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanda ylmy esasly innowasion senagat, jemgyýetiň gülläp ösüşiniň binýady bolan bäsdeşlige ukyply innowasion ykdysadyýet kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiziň sanly (elektron) ykdysadyýete geçmek boýunça anyk meseleleri durmuşa ornaşdyrmak barada beren tabşyryklary, şeýle hem «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» öňde goýlan wezipeler üstünlikli berjaý edilýär. Häzirki zaman dünýäni sanly tehnologiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Ol biziň durmuşymyzyň ähli ugurlarynyň ösüşlerine uly ýardam edýär. Täze tehnologiýalar öýde, işde, bilimde, saglygy goraýyşda, umuman, ähli ugurlarda işjeň ulanylýar.

Şähergurluşyk-binagärlik keşbi barha kämil görnüşe gelýän mähriban paýtagtymyz bu gün bagtyýar halkymyzyň göz-guwanjyna, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň buýsanjyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde Aşgabatda ençeme medeni-durmuş maksatly desgalar gurlup ulanylmaga berildi.

Paýtagtymyz Aşgabat Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe uly ösüşlere eýe bolup, jahanyň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Gahryman Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen gün-günden özgerýän paýtagtymyz ajap eýýamda bagtyýar halkymyzyň bagtyýar durmuşyna nur çaýýar. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory mähriban ýurt Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilik ylhamyndan hem-de egsilmez zehininden kemal tapan ak şäherimiz özüniň gaýtalanmajak binagärligi, gözelligi, owadanlygy, bagy-bossanlyga bürelendigi bilen ildeşlerimiziň, daşary ýurtly myhmanlaryň müňlerçesiniň ünsüni özüne çekýär. Aşgabat üýtgeşik binagärlik gurluşy, ak mermere beslenen köpsanly täsin desgalary bilen haýrana goýýar.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan we badalga berlen şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasyna laýyklykda geçen ýylyň 10-njy noýabrynda Aşgabat şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan durmuş-medeni maksatly iri desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Paýtagtymyzy ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde gurlup ulanmaga berlen ajaýyp binalardaky öýlerde «akylly öý» intellektual ulgam ornaşdyryldy. Ýaşaýyş jaýlarynyň şunuň ýaly awtomatlaşdyrylan ulgamy yşyklandyryşy, ýyladyşy, howany çalyşmagy we sowatmagy, howpsuzlyga gözegçiligi we olary dolandyrmagy özünde jemleýär.

Ykjam telefonlaryň we ses buýrugynyň üsti bilen uzak aralykdan dolandyrylýan gorag ulgamy jaýlaryň howpsuzlygynyň toplumlaýyn çözgüdi boldy. Ol gapylaryň we penjireleriň internet ýa-da barmak yzlary boýunça awtomatiki ýapylyşyny we açylyşyny üpjün edýär. Abzallar oturdylan penjireler ýel ýa-da ýagyş bar wagtynda, howa şertlerine görä özbaşdak ýapylýar.

«Akylly öý» ulgamy şeýle hem elektrik energiýasynyň, gazyň, suwuň sarp ediliş möçberi barada maglumatlary almaga, uzak aralykdan öýdäki howanyň derejesini kadalaşdyrmaga we beýleki amallary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda dünýäniň ençeme ýurtlary «Akylly şäherleri» («Intellektual-sanly şäherleri») döretmeklige aýratyn ähmiýet berýärler.

Aşgabat şäheri sanly ulgamy ösdürmekde giň mümkinçiliklere eýedir. Dünýä tejribesiniň täze gazananlaryny özüne siňdirýän gözel we nurana paýtagtymyz Aşgabadyň ýakyn geljekde intellektual-sanly şäherleriň hataryna goşuljakdygy şübhesizdir.

Babamyrat TAGANOW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/17709

13.01.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Hytaý Halk Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge ýardam etmek maksady bilen, jenap Sýan Naýçeni Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim.

Siziň Alyhezretiňiz, jenap Sýan Naýçeniň üstüne ýüklenen wezipäni ýerine ýetirmegi üçin özüne bagly ähli tagallalary etjekdigine ynam bildirmek bilen, ony mähirli kabul edip, ynam bildirmegiňizi hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan wezipe borçlaryny ýerine ýetirende, oňa ýardam etmegiňizi Sizden haýyş edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanda Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi hökmünde wezipesini tamamlan jenap Sun Weýduna wezipesini ýerine ýetiren mahaly oňa işinde ýardam edendigiňiz üçin hoşallyk bildirýärin.

Si SZINPIN,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.

* * *

Aşgabat, 12-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi.

Ilçi döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ynanç hatyny gowşurdy hem-de pursatdan peýdalanyp, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýyl baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Milli Liderimiz mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna hem-de halkyna bagtyýarlyk we abadançylyk barada arzuwlaryny beýan etdi hem-de Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri, hususan-da, sebit möçberindäki möhüm taslamalary amala aşyrmakda strategik hyzmatdaş bolan Hytaý bilen däbe öwrülen dostlukly, özara hormatly gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalaryň we sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köpýyllyk netijeli türkmen-hytaý gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilen asylly işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Hytaýyň dünýäniň gün tertibindäki möhüm meselelere umumy çemeleşmeleriniň we garaýyşlarynyň, halkara başlangyçlarynda biri-birine berýän goldawlarynyň geçen ýyllaryň içinde ähli ugurlar boýunça ýola goýlan netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin binýat bolup hyzmat edýändigi bellenildi.

Häzirki wagtda şeýle üstünlikli hyzmatdaşlyk, umumy pikire görä, halkara işleri oňyn ilerletmegiň, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy saklamagyň hem-de pugtalandyrmagyň, sebitde we dünýäde abadançylygy üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasyndaky ynamly gatnaşyklar türkmen-hytaý gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etdi. 2013-nji we 2014-nji ýyllarda amala aşyrylan özara döwlet saparlarynyň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen resminamalaryň toplumy uzak möhletli, strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berdi.

Duşuşygyň çäklerinde iki ýurduň özara gyzyklanmasyny we özara üsti ýetirilýän, uly kuwwata eýe bolan milli ykdysadyýetleri nazara almak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Mälim bolşy ýaly, hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komiteti şol gatnaşyklaryň netijeli amala aşyrylmagyny ugur edinýär.

Ägirt uly taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi — Türkmenistandan Hytaýa «mawy ýangyjy» akdyrýan halkara gaz geçirijisiniň gurulmagy özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hem-de tagallalary netijeli utgaşdyrmagyň aýdyň mysallarynyň hatarynda görkezildi.

Türkmenistanyň gündogar sebitinde ýerleşen iri Malaý gaz ýatagyndan Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý halkara gaz geçirijisine gymmatly energiýa çig malynyň milliardlarça kub metri baryp gowuşýar.

Ýakynda bu ýerde ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metr bolan Malaý gaz gysyjy desgasy dabaraly ýagdaýda işe giriziler. Ol çep kenardan iki sany kommunikasiýa ulgamy boýunça «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäge akdyryljak türkmen tebigy gazynyň eksportyny iki esse artdyrmaga mümkinçilik berer.

Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen özara gyzyklanma döredýän meseleler boýunça pikir alşylandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy iki ýurduň hem-de olaryň dostlukly halklarynyň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary has-da berkitmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18012?type=feed

13.01.2021