Täzelikler
Bedew bady — ösüşlere badalga

Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi

Arkadag şäheri, 12-nji sentýabr (TDH). Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda binýat bolan Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany”: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň giňişligi” atly ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň agzalary gatnaşdylar. Myhmanlaryň hatarynda daşary döwletleriň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, köp sanly ýaşlar bar.

Mejlise gatnaşyjylar ilki Ruhyýet köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Giň möçberli gözden geçirilişde türkmen halkynyň taryhyna we şu günki ýeten derejesine, ösüşleriň belentliklerine tarap gadam urýan ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşine bagyşlanan gymmatlyklar görkezildi. Amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklary sergä gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Şunda bedew esbaplaryna, şaý-seplerine hem möhüm orun berildi.

Soňra “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany”: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň giňişligi” atly ýokary derejedäki halkara mejlis öz işine başlady. Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň buýsanjy” atly täze goşgusynyň okalmagy dabara gatnaşyjylarda aýratyn hoşallyk duýgusyny döretdi. Köşgüň ajaýyp sahnasyndaky monitorda ýurdumyzda medeniýet ulgamynda ýetilen sepgitler, halkara hyzmatdaşlyk bilen bagly ähmiýetli wakalar şöhlelendirildi.

“Dokmaçylar” medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Gahrymany Annajemal Nurmuhammedowanyň ýerine ýetiren joşgunly aýdymy dabara özboluşly bezeg berdi. Meşhur sungat ussady ýurdumyzda halkara gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändigini, türkmen sungatyny we medeniýetini dünýä çykarmak ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini aýtdy. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik geljegi nazarlaýan işleriniň uly rowaçlyklara beslenýändigi nygtaldy. Bu bolsa medeniýetleriň özara baglanyşygyny pugtalandyryp, onuň üsti bilen Watanymyzyň waspynyň ýetirilmegini üpjün edýär.

Mejlisde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýew hem çykyş etdi. Çykyşda bellenilişi ýaly, çeperçilik akademiýasynda talyplara bilim bermek işleri toplumlaýyn esasda alnyp barylýar. Diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarda-da uly meşhurlyk gazanan ussat heýkeltaraş häzirki döwürde sungat äleminde alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini aýtdy. Bu bolsa beýleki ugurlarda bolşy ýaly, milli heýkeltaraşlyk sungatynda hem täze nesilleriň kemala gelmegini üpjün edýär. Munuň özi milli sungatyň beýik geljegi nazarlaýandygynyň we onuň dowamata atarylýandygynyň beýanydyr.

S.Babaýew ýaşlaryň arasynda sungatyň heýkeltaraşlyk ugruna höwes bildirýänleriniň köpdügini nygtap, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlaryndan, atalyk maslahatlaryndan ruhlanyp, talyp ýaşlaryň saýlap alan hünäri boýunça belent derejelere ýetmegi ugrunda döwlet derejesinde yzygiderli alada edilýändigine ünsi çekdi. Şunda ýaşlaryň arasynda ahalteke bedewleriniň çeper keşbini döretmäge höwesekleriň sanynyň artýandygyny bellemek gerek. Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň dünýäniň gyzyklanma bildirýän ýurtlary, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösüşiň täze derejesine çykarylýar. Şunda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda gatnaşyklar yzygiderli häsiýete eýe bolýar.

Soňra ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowa söz berildi. Ol çykyşynda häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Ç.Rustemowa paýhasly pederlerimiziň we zähmetsöýer halkymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň halkara derejede ykrar edilýändigini, munuň şöhraty dünýä dolan Türkmenistanda alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygyny alamatlandyrýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda alnyp barylýan işler, aýratyn-da, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklar işjeň ösdürilýär.

Bellenilişi ýaly, «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, türkmen milli halyçylyk sungaty, türkmen keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri, molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi, ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu bolsa paýhasly pederlerimiziň yhlasyndan dörän milli gymmatlyklaryň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär.

Bu ýerde kaşaň sahnada oturdylan monitorda ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewlerine, olaryň taryhyna, ýyndamlygyna, reňk aýratynlyklaryna bagyşlanan wideoşekiller görkezildi. Diýarymyzda baý taryhy we ruhy mirasy gorap saklamakda, ony dünýäde giňden wagyz etmekde hormatly Prezidentimiziň edýän tagallalaryndan ruhlanyp, asyrlar aşyp gelýän ýörelgeleriň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn üns berilýär.

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlon öz çykyşynda ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda alnyp barylýan işlere, atlar üçin döredilen şertlere ýokary baha berdi. Nygtalyşy ýaly, Ýewropanyň, Aziýanyň, Amerikanyň köp sanly ýurtlarynda ahalteke bedewlerini saklamak, olary ösdürip ýetişdirmek, atlary iri bäsleşiklere gatnaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Bu bolsa bedewleriň dünýäde mynasyp orun eýeleýändiginiň we olaryň atçylyk sporty boýunça uly ýeňişleri gazanmaga ukyplydygynyň güwäsidir.

Ilçiniň çykyşynyň bütin dowamynda monitorda Beýik Britaniýadaky Windzor galasynda Gahryman Arkadagymyzyň hem gatnaşmagynda geçirilen atly sport çärelerindäki çykyşlardan we ol ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi-ýarmarkadan wideoşekiller görkezildi.

Soňra Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça dünýä çempionatynyň baş baýragyna mynasyp bolan atyň eýesi, fransiýaly atşynas Odri Martinesiň wideoýazgy arkaly çykyşy diňlenildi. Ol çykyşynda öz atynyň dünýä giňişliginde belent şöhrata eýe bolan ahalteke bedewleriniň arasyndaky dünýä çempionatynyň baş baýragyna mynasyp bolmagynyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Atşynas Türkmenistanda bu pudagy ösdürmek babatda döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen halkara at çapyşyklaryna, onda ýurdumyzdan ýeňiji bolan çapyksuwarlara bagyşlanan wideoşekiller görkezildi.

Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alena Grandyň çykyşy ahalteke bedewleriniň özboluşly aýratynlygyna bagyşlandy. Häzirki döwürde türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň halkara giňişlikdäki şöhraty barha belende galýar. Bu bolsa Türkmenistanda atçylyk pudagynyň ösdürilmegi we ýurduň atşynaslarynyň iri bäsleşiklere işjeň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meselelere döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini subut edýär. Diplomat ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde döwrebap aýlawlaryň, atçylyk sport toplumlarynyň gurulýandygyny, bu işleriň Türkmenistanda atly sporty ösdürmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändiginiň aýdyň beýanydygyny nygtady.

Ilçiniň çykyşy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça dünýä çempionatynyň baş baýragyna mynasyp bolan fransiýaly atşynasyň baýrak alyp duran pursatlaryndan wideoşekiller bilen utgaşdy.

Soňra Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Wiktor Maýko çykyş etdi. Ol türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Diplomat çykyşynda dünýäde meşhurlyk gazanan ahalteke bedewleriniň taryhyna, şu gününe we milli seýisçilik sungatyna bagyşlanan halkara mejlise gatnaşyp, çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Onuň belleýşi ýaly, dürli döwürleridir nesilleri baglanyşdyrýan ahalteke bedewleri häzirki döwrüň parahatçylykly gatnaşyklarynyň nyşany hasaplanýar.

W.Maýkonyň çykyşy Kronenberg şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda ukrainaly atşynaslaryň baýrak alyp duran pursatlaryndan wideoşekiller bilen utgaşdy. Şeýle-de bu ýerde ahalteke atlarynyň gözelliginiň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde çeper beýan edilişine bagyşlanan wideoşekiller görkezildi.

Halkara mejlis Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebejiniň çykyşy bilen dowam etdi. Diplomat çykyşynda ata Watany Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň dünýä dolmagynyň buýsandyryjy ýagdaýdygyny aýtdy. Onuň nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda iki doganlyk ýurduň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar ösüşiň täze derejesine çykýar. Şunda medeni-ynsanperwer, şol sanda atly sport boýunça gatnaşyklara hem aýratyn orun degişlidir. Ilçi Türkmenistanda ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde dünýä nusgalyk ýörelgeleriň bardygyna we bu ugurda oňyn tejribe toplanandygyna ünsi çekdi.

Türkiýeli diplomatyň çykyşynyň dowamynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Stambul şäherinde geçirilen Halkara etnosport medeniýeti festiwalynda eden çykyşlaryndan wideoşekiller görkezildi.

Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalowyň çykyşy diňlenildi. Çykyş “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherindäki çykyşlaryndan wideoşekiller bilen utgaşdy.

Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda gatnaşyklar giň ugurlary öz içine alýar. Şunda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň, milli atşynaslyk däpleriniň giňden wagyz edilmeginiň ähmiýetine ünsi çekmek zerurdyr. Türki halklaryň hemmesi üçin ähmiýetli bolan “Kitaby dädem Gorkut”, “Görogly” ýaly eserlerde atyň ýigidiň ýakyn syrdaşydygy beýan edilýär. Munuň özi taryhyň dowamynda ahalteke bedewlerine gyzyklanmalaryň örän ýokary bolandygyny subut edýär.

Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimowyň çykyşynyň dowamynda bolsa monitorda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Gündogaryň merjeni” ady bilen geçirilen halkara atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşan türkmen bedewleriniň çykyşlaryndan pursatlar görkezildi. Ilçiniň sözlerine görä, Türkmenistanda medeni mirasy gorap saklamak ugrunda edilýän tagallalar ýokary baha mynasypdyr. Bu işleriň talabalaýyk alnyp barylmagy atlaryň sagdynlygyna, beden gurluşyna oňyn täsirini ýetirýär. Dünýäde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak we olaryň arassa ganlylygyny saklamak meselelerine döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzasy, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy Lilianna Annaýewa öz çykyşynda bilim ojagynda atçylyk boýunça geçilýän sapaklary has çuňňur özleşdirmegiň meseleleri barada durup geçdi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýaşlaryň öňünde geçen umumy okuw sapagynda hem ýaş nesillere atçylyga söýgi döretmegiň ähmiýeti barada gymmatly pikirlerini paýlaşandygyny aýtdy. Şol pursatda monitorda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň haýran galdyryjy çykyşlaryny görkezýän şekiller peýda boldy.

Soňra “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetiren halkara mejlisde beýan edilen pikirdir teklipler barada giňişleýin pikir alyşmalar boldy. Mejlise gatnaşyjylar ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde belent maksatlaryň amal bolýandygyny nygtap, atçylyk däplerini ösdürmek babatda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňra mejlise gatnaşyjylar “Arkadag” binasynyň çägindäki meýdança ýygnandylar. Bu ýerde Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherindäki “Pilbergen” atçylyk sport toplumynda ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşikleriniň dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli dabaraly konsert guraldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maşgala agzalary bilen bilelikde konserte tomaşa etmäge gelmegi ajaýyp künjekde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli dabaralaryň derejesini has-da belende göterdi. Munuň özi ýurdumyzda peder-perzent mekdebiniň asylly ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowamata atarylýandygyny ýene bir ýola äşgär etdi.

Döwlet Baştutanymyz çäreleriň guramaçylyk derejesine ýokary baha berip, ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagy ugrunda zerur tagallalary edýändiklerini belledi we olara alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Behişdi bedewleriň şanyna Arkadag şäherinde guralan dabaralar ýurdumyzda şöhratly seýisleriň asylly ýörelgeleriniň ösdürilmegi arkaly bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny aýdyň görkezdi.

Soňra joşgunly konsert feýerwerkleriň ajaýyp öwüşgini bilen utgaşdy. Tyllaýy agşamda Arkadag şäheriniň asman giňişligini bezän bu şekiller çärä gatnaşyjylarda ýakymly duýgulary döretdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmeleri şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, bu ýerden ugrady.

14.09.2026
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 11-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlarynda “Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy hakynda”, “Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak, şeýle hem “Kärende hakynda”, “Paýdarlar jemgyýetleri hakynda”, “Neşirýat işi hakynda”, “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine gowy taýýarlyk görmek ugrunda degişli işler geçirilýär. Şeýle hem milli parlamentiň wekilleriniň kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Samarkant we Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherlerinde iş saparynda bolandyklary barada maglumat berildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek, kanunçylyk işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň sentýabrynda Aşgabat şäherinde “Innowasiýalar we sanly tehnologiýalar ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýçleridir” atly ylmy-amaly maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, bu maslahatda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler, milli ykdysadyýetiň innowasion ösüşi, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň geljekki ugurlary, döwlet dolandyryşynda, ykdysadyýetiň pudaklarynda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmagyň mümkinçilikleri, elektron hökümet, emeli aň, maliýe tehnologiýalary, sanly hyzmatlar, önümçilik işleriniň kämilleşdirilmegi, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak we halkara tejribäni öwrenmek bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ykdysadyýetiň innowasion ösüşini gazanmaga, ykdysadyýetiň pudaklaryna öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýändigini aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýere Watanymyzyň ykdysady ösüşine bagyşlanan ylmy-amaly maslahaty guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, nebitgaz känlerini netijeli özleşdirmegiň hasabyna nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak maksady bilen, konsern tarapyndan degişli çäreler görülýär. Şunda häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz känlerini netijeli özleşdirmek, çig nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda, welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, bugdaý ekişi dowam edýär. Ekiş möwsüminde gallaçylary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny we bugdaý ekijileri netijeli işletmek, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak babatda degişli işler geçirilýär. Ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Tabşyrylýan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda, pagta kabul ediş harmanhanalarynda kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda mallary talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny artdyrmak, önüm berijiligini ýokarlandyrmak ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýlaryny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak maksady bilen, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň ekiş möwsümini talabalaýyk geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere pagta hasylyny ýygnap almak boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklary we ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryny, ilatymyzy zerur bolan ýokary hilli sement önümleri bilen üpjün etmek üçin sement zawodlaryny doly güýjünde işletmek ugrunda zerur çäreler görülýär. Şunda daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmekde senagat kärhanalaryna uly ornuň degişlidigini aýtdy hem-de Bäherden, Balkan, Lebap sement zawodlaryny bökdençsiz işletmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan resminama gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalaryny has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hasabatda nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümçilik kärhanalaryna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak arkaly öndürilýän önümleriň görnüşlerini we möçberini artdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dokma kärhanalaryna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, öndürilýän önümleriň görnüşini we möçberini artdyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Bäherden tikin fabrigini has-da döwrebaplaşdyrmak işlerini geçirmek boýunça taýýarlanylan teklibi makullady hem-de wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şanly sene mynasybetli şu ýylyň sentýabr aýynyň dowamynda dürli maslahatlar, sergiler, döredijilik duşuşyklary, wagyz-nesihat çäreleri, aýdym-sazly dabaralar geçiriler. Aýyň esasy çäreleriniň hatarynda «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýollary» atly aýdym-sazly dabara, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan raýatlary sarpalamak, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabaralary, Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak, welaýatlaryň we Arkadag şäheriniň baş baýdak meýdançalarynda Döwlet baýdagynyň galdyrylyş dabaralary, dabaraly ýöriş, baýramçylyk konserti we beýleki çäreler bar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň ýetip gelýändigini aýtdy we wise-premýere Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara we çärelere gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow şu ýylyň oktýabr aýynda ýurdumyzyň käbir ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlary geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlaryň intellektual ukyplaryny ösdürmek, kämil hünärmenleri ýetişdirmek ugrunda ulgamlaýyn işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň berýän hemaýat-goldawlary esasynda halkara olimpiadalar, forumlar, sergiler, ylmy-amaly maslahatlar ýokary derejede geçirilip, bu babatda baý tejribe toplanýar.

Milli strategiýalarda, maksatnamalarda kesgitlenen wezipelerden ugur alyp, 2026-njy ýylyň oktýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “Gurluşyk we senagat toplumynda innowasion tehnologiýalaryň orny”, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Milli emeli aň tehnologiýalary: sanly ykdysadyýet, «akylly» diwersifikasiýa, durnukly ösüş” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlary geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu maslahatlara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary, alymlary bilen birlikde, dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň, iri halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Olarda “ýaşyl”, howpsuz, “akylly” şäher konsepsiýasy, innowasion gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, önümçilik amallaryny awtomatlaşdyrmak we robot tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ykdysadyýeti “akylly” diwersifikasiýalaşdyrmakda we sanlylaşdyrmakda, durnukly ösüşi üpjün etmekde emeli aň tehnologiýalarynyň innowasion mümkinçilikleri boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak, ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça zerur işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Diýarymyzyň agzalan ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlary geçirmek bilen bagly taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna döwlet saparyna hem-de onuň çäklerinde gatnaşjak “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda ýurdumyzyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrylýar. Şolaryň arasynda Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk aýratyn bellenildi.

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Häzirki wagta çenli iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny berkiden döwletara, hökümetara we pudagara resminamalaryň 118-si baglaşyldy. Syýasy gatnaşyklar barada aýdylanda, iki ýurduň Prezidentleriniň saparlary we ýokary derejedäki duşuşyklary hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orny eýeleýär. Bu babatda soňky ýyllaryň dowamynda döwlet Baştutanlarynyň derejesinde 5 sany döwlet, resmi we iş saparlarynyň amala aşyrylandygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylyň noýabrynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran sapary türkmen-koreý gatnaşyklaryna täze mazmun beren möhüm waka boldy. Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasy halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Bu ýurt Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürýän tekliplerini, hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar.

Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem ösdürilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda maýa goýum taslamalarynyň 17-si hasaba alyndy. Bu babatda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilen iri taslamalary, şol sanda “Galkynyş” gaz käninde kükürt arassalaýan toplumy, Gyýanly şäherçesindäki polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny we beýleki taslamalary görkezmek bolar. Häzirki wagtda-da öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda birnäçe taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmen-koreý gatnaşyklaryny ulgamlaýyn esasda utgaşdyrmak, olary yzygiderli esasda giňeltmek maksady bilen, 2008-nji ýylda Söwda, ykdysady, ylym we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý topary döredildi. Şu günki güne çenli bu toparyň 9 mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda ylym, bilim, medeniýet, durmuş, ynsanperwer ugurlar boýunça köp ýyllaryň dowamynda gatnaşyklar alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň saparynyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrjak döwletara, hökümetara we pudagara ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar. Bu resminamalar ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika, himiýa senagaty, infrastruktura, senagat gurluşygy, daşky gurşaw, suw hojalygy, ylym we bilim ýaly ugurlary öz içine alar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar sebit derejesindäki köptaraplaýyn formatlaryň, hususan-da, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde üstünlikli alnyp barylýar. Bu forum 2007-nji ýylda koreý tarapynyň başlangyjy bilen iki sebitiň arasynda ynamy berkitmek we hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça hereket etjek köptaraplaýyn konsultatiw meýdança hökmünde döredildi. 2024-nji ýyla çenli forumyň işi daşary işler ministrleri derejesindäki mejlisler görnüşinde alnyp baryldy. 2023-nji ýylda Türkmenistan bu forumda başlyklyk etdi. Aşgabatda “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy mejlisi geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna amala aşyrjak döwlet saparynyň çäklerinde “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşmagy köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýene-de bir möhüm ädim bolar.

Wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň bu ýurda döwlet saparyna, şeýle-de “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” sammitine taýýarlyk görülýändigini aýtdy we bu saparyň netijeleriniň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, ony hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Koreýa Respublikasynyň ýurdumyzyň ýakyn hyzmatdaş döwletleriniň biridigini, iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Koreýa Respublikasyna boljak döwlet saparyna, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” sammitine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň raýat uçuşlaryň howpsuzlygyny we yzygiderliligini ýokary derejede üpjün etmek maksady bilen, Halkara raýat awiasiýasy guramasynda (ICAO) kabul edilen halkara standartlara laýyklykda zerur işler alnyp barylýar. Bu işlerde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli awiasiýa pudagyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de awiasiýa pudagynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

12.09.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi

Aşgabat, 11-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Kenji Ýamadany kabul etdi.

Kenji Ýamada duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýada Türkmenistan bilen köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň, Premýer-ministri Sanae Takaitiniň hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle-de ol hormatly Prezidentimiziň “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine, Osaka şäherinde geçirilen “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine gatnaşmak üçin Ýaponiýa amala aşyran saparlarynyň ähmiýetini belledi. Myhman Bütindünýä sergisinde ilkinji bolup Türkmenistanyň Milli gününiň geçirilmeginiň sergide ýurdumyza uly gyzyklanma döredendigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Kenji Ýamadanyň şu saparynyň dowamynda geçirjek duşuşyklarynyň netijeleriniň türkmen-ýapon ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar köpugurly häsiýete eýe bolup, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýar. Hormatly Prezidentimiz syýasy-diplomatik gatnaşyklar barada aýdyp, soňky ýyllarda ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlaryň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berýändigini nygtady. Bu gatnaşyklar diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde, ýagny «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde hem üstünlikli ösdürilýär.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýar. Ol ýokary tehnologiýalar, maýa goýumlar ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga, umumy strategik maksatlara esaslanyp, iki ýurduň milli bähbitlerine laýyklykda çalt depginde ösdürilýär. Ýurdumyzda ulag, gazhimiýa, agrosenagat ulgamlarynda iri taslamalary durmuşa geçirmekde Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň baý tejribesi toplandy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda Ýaponiýanyň innowasion tehnologiýalarda hem-de döwrebap inženerçilik ugurlarynda toplan baý tejribesine ýokary baha berilýändigini, ykdysadyýet, söwda we senagat ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge uly gyzyklanma bildirilýändigini aýdyp, özara gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleriň bardygyna ünsi çekdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Kenji Ýamada däp bolan dostlukly türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

12.09.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 9-njy sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lýuk Pýer Dewini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistanda Ýewropa Bileleşigine wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koştanyň we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýeniň döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Lýuk Pýer Dewini bu ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de onuň bu wezipede ýurdumyz bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklara möhüm ähmiýet berýär. Bu düzüm ýurdumyzyň wajyp halkara hyzmatdaşlarynyň biri bolup, soňky ýyllarda bu gatnaşyklar özara hormat goýmak, ynanyşmak, umumy bähbitlere esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürilýär. Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge, özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmalary işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berýär.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz söwda dolanyşygyny artdyrmak, Ýewropa ýurtlarynyň kompaniýalary bilen işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek, täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Şeýle-de ýurdumyz energetika, ulag-logistika, senagat, oba hojalygy, sanly tehnologiýalar, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär.

Söhbetdeşler ulag-aragatnaşyk ulgamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny aýdyp, Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna çykýan ugurlary we Hazarüsti ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerini ösdürmegiň umumy bähbitlere laýyk gelýändigini bellediler. Şunuň bilen birlikde, energetika ulgamynda, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk hem möhüm ugur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bilim, ylym, medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň özara düşünişmegi berkitmäge hyzmat edýändigi nygtaldy.

Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegi üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, Ýewropa Bileleşigi jenap Lýuk Pýer Dewini Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledi. Onuň ýokary şahsy häsiýetleri özüne ynanylan wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň ynamyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we Ýewropa Bileleşiginiň adyndan ähli beýan etjeklerine doly ynanmagyňyzy haýyş edýäris.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygymyz baradaky ynandyrmalarymyzy ýene-de bir gezek beýan edýäris.

Antonio KOŞTA,
Ýewropa Geňeşiniň Başlygy.

Ursula fon der LÝAÝEN,
Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy.

10.09.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 9-njy sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Alena Grandy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Fransiýada oňyn Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny üstünlikli durmuşa geçirýän Bitarap Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emmanuel Makronyň döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Fransiýanyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, hanym Alena Grandy Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa bu jogapkärli diplomatik wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Fransiýa Respublikasy Türkmenistanyň Ýewropadaky esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Söhbetdeşler Türkmenistanyň hem-de Fransiýanyň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara düzümleriň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini kanagatlanma bilen bellediler. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr.

Hormatly Prezidentimiz türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň özara ynanyşmak, hormat goýmak we açyklyk ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Ol diňe bir döwletara derejede çäklenmän, eýsem, iki ýurduň hususy pudaklarynyň ugry boýunça hem işjeň ösdürilýär. Özara ynanyşmagyň gazanylan ýokary derejesi söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek babatda täze gözýetimleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň energetika, ulag-logistika infrastrukturasy, ylym, medeniýet ýaly ugurlarda täze başlangyçlary bilelikde durmuşa geçirmäge taýýardygyny aýtdy.

Medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagynyň dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýändigi nygtaldy.

Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alena Grand Bitarap Türkmenistanda diplomatik wezipäni ýerine ýetirmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, iki ýurduň halklarynyň bähbidine döwletara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, Bitiren hyzmatlary üçin milli ordeniň kawaleri hanym Alena Grandy Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we meniň adymdan ähli beýan etjeklerine doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Size hormat hem-de dostluk baradaky ynandyrmalarymy ýene-de bir gezek beýan edýärin.

Emmanuel MAKRON,
Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti

10.09.2026
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 7-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde pagta ýygymyna başlamak boýunça geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatda bugdaý ekişine guramaçylykly girişilip, bu jogapkärli möwsümi agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmek üçin degişli çäreler görülýär. Ekişde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilip, bugdaý öndürijileri ýokary hilli tohum bilen doly üpjün etmek babatda degişli işler dowam edýär. Güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmegiň, pagta ýygymyna guramaçylykly girişmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi R.Jumaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde pagta ýygymy möwsümine başlamak boýunça geçiriljek çärelere taýýarlyk işleri ýerine ýetirildi. Şunuň bilen birlikde, welaýatda bugdaý ekişi dowam edip, bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmak, gallaçy daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatyň güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki azyklyk ekinler ekilen ekerançylyk meýdanlarynda ideg işleri geçirilýär.

Häkim ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada-da hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bugdaý ekişini ýokary hilli, guramaçylykly geçirmek, ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini aýtdy hem-de häkime degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewiň welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda pagta arassalaýjy kärhanalar, kabul ediş harmanhanalary, kombaýnlar, pagta daşamakda ulanyljak awtoulaglar möwsüme taýýar edilip, häzirki wagtda pagta ýygymyna dabaraly ýagdaýda başlamak boýunça geçiriljek çärelere taýýarlyk görülýär. Sebitde bugdaý ekişine girişilip, ekiş möwsümini agrotehniki kadalara laýyklykda ýokary hilli geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekişde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilip, bugdaý öndürijiler ýokary hilli tohum bilen üpjün edilýär. Welaýatyň güýzlük gök-bakja, şaly we beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradowa söz berildi. Ol, ilki bilen, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumyny açyp berendigi üçin hormatly Prezidentimize welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Soňra häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnamaga başlamak boýunça dabaraly çärä taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine guramaçylykly girişilip, ekişde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär, önüm öndürijiler ýokary hilli tohum bilen üpjün edilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak, gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatyň güýzlük ýeralma, gök-bakja, şaly we beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaý ekişini öz wagtynda we talabalaýyk geçirmek, pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi hem-de bu babatda häkime degişli görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazgylyjow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatda pagta ýygymyna başlamak boýunça dabaraly çärelere taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Sebitde bugdaý ekişine girişilip, ekiş möwsümini bellenen möhletde ýokary hilli geçirmek, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek, bugdaý öndürijileri ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek babatda zerur çäreler görülýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyklyk oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmak baradaky tabşyryklaryna laýyklykda, welaýatda güýzlük ýeralma, gant şugundyry we beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň guramaçylykly, öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi we bugdaý ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, pagta ýygymy möwsümine doly taýýarlykly girişilmegini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, welaýatlarda şu ýylyň 9-njy sentýabrynda pagta ýygymyna başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi bellenen möhletlerde we talabalaýyk geçirmek maksady bilen, oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde, netijeli işletmek, önüm öndürijileri ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Welaýatlarda güýzlük ekilen azyklyk ekinlere ideg etmek işleri alnyp barylýar. Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen ýerlerinde bolsa hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary guramaçylykly geçirilmeginiň zerurdygyny belläp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda pagta ýygymyna başlamak boýunça geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň, bugdaý ekişiniň agrotehniki kadalara laýyklykda, ýokary hilli geçirilmeginiň, bugdaý ekişinde oba hojalyk tehnikalaryny we ekiji gurallary doly güýjünde, netijeli işletmegiň, bugdaý öndürijileri ýokary hilli tohum bilen üpjün etmegiň, gowaça meýdanlarynda zyýan berijileriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça işleri talabalaýyk geçirmegiň wajypdygyny nygtady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere ünsi çekip, welaýatlarda güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şala ideg etmek işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyryna ideg etmek işleriniň bellenen möhletlerde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda bugdaý hem-de pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklary wagtynda geçirmek, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamak babatda degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

08.09.2026
At — myrat, at agynan ýerde toý bolar

Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşmak maksady bilen, Niderlandlar Patyşalygyna sapary amala aşyrdy.

Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygyna ugramak üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyndan paýtagtymyzyň Halkara howa menziline bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly taryhy üstünliklere beslenýär. Bu şanly ýylda Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça dünýä çempionaty munuň aýdyň mysalydyr.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, halkymyzyň göz guwanjyna, asylly maksatlarynyň myradyna deňelýän, türkmen halkynyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, şeýle hem dünýä derejesindäki halkara gözellik we atly sport bäsleşiklerine gowy taýýarlyk görmek maksady bilen, Guramaçylyk döwlet topary döredildi. Bu topara Gahryman Arkadagymyzyň hut özi ýolbaşçylyk edýär. Munuň özi bedew aty bilen şöhratly ýol geçen halkymyzyň häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hem özüniň köpasyrlyk wepaly ýoldaşyna aýratyn gadyr goýup, dünýä derejesinde sarpalaýandygyny görkezýär.

Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, behişdi bedewleriň arasynda gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça ilkinji gezek geçirilen bu dünýä çempionatynyň netijelerini jemlemek üçin Niderlandlar Patyşalygyna sapary amala aşyrdy.

Bu çäreleriň dowamynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisi geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň bu mejlise gatnaşmagy behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.

...Birnäçe sagatdan soňra, Gahryman Arkadagymyz Düsseldorf halkara howa menziline geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy Germaniýanyň we ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Soňra Milli Liderimiz bu ýerden ugrady.

...Birnäçe wagtdan Gahryman Arkadagymyz Kronenberg şäherindäki “Pilbergen” atçylyk-sport toplumyna geldi. Bu ýerde Milli Liderimiz “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň atly ýigitleriniň ugratmagynda «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynyň binasyna bardy. Bu görnüşler Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen ýylda behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratynyň has-da dabaralanýandygyny aýdyň görkezdi.

Atçylyk-sport toplumynyň binasynyň öňünde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy. Bu ýerde halkymyzyň göz guwanjyna deňelýän ahalteke bedewlerine bagyşlanan ajaýyp edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi. Munuň özi ýurdumyz tarapyndan ahalteke atlarynyň arasynda ilkinji gezek geçirilen gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça dünýä çempionatyna aýratyn öwüşgin çaýdy.

Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen söhbetdeş boldy. Bellenilişi ýaly, behişdi bedewlerimizi wasp edýän aýdymlar türkmen sungatynda aýratyn orna eýedir. Şeýle belent owazly aýdymlaryň Ýewropanyň merkezinde ýaňlanmagy dabaralaryň şowhunyny has-da belende göterdi hem-de ýurdumyz tarapyndan guralýan bu çärelere gatnaşýan daşary ýurtly tomaşaçylar üçin özboluşly sowgat boldy.

Öz gezeginde, ýurdumyzyň sungat ussatlary Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize türkmen sungatyny tutuş dünýäde wagyz etmekde durmuşa geçirýän işleri hem-de medeniýet we sungat işgärleri üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Gahrymany A.Nurmuhammedowany ýaş toýy bilen tüýs ýürekden gutlady.

“Jemal bagşy, ynha, çet ýurtda Siziň ýaş toýuňyzy hemmämiziň adyndan gutlamak nesip etdi. Siz uzak ýyllaryň dowamynda baý many-mazmunly ajaýyp aýdymlaryňyz bilen halkymyzyň uly hormatyny gazandyňyz. Aýdym-saz sungatyny ösdürmekde we dünýä ýaýmakda uly işleri bitirdiňiz. Birnäçe döwlet sylaglaryna hem-de hormatly atlara mynasyp bolduňyz. Siz döwlet derejesindäki baýramçylyk konsertlerine gatnaşyp, halypa-şägirtlik ýoluny ösdürip, ýurdumyzyň abraýyna abraý goşýarsyňyz” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de A.Nurmuhammedowany ýene bir gezek ýaş toýy bilen gutlap, oňa berk jan saglyk, uzak ömür, owazynyň mundan beýläk-de belentden ýaňlanmagyny, geljekde hem kämil aýdym-saz eserleri bilen Watanymyzy wasp etmekde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Gahrymany A.Nurmuhammedowa ýaş toýy mynasybetli gutlaglary üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de döredijiligine Milli Liderimiziň şeýle ýokary baha bermeginiň özi üçin uly mertebedigini we hormatdygyny aýtdy. A.Nurmuhammedowa mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen aýdym-saz sungatynyň Ýer ýüzünde dabaralanmagy ugrunda edýän tagallalary we aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýene bir gezek tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Soňra bu ýerde ýurdumyzyň ussat aýdymçysy S.Tülegenow Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine döredilen “Jemal bagşy” atly aýdymy ýerine ýetirdi. Munuň özi ýurdumyzda sungat ussatlaryna goýulýan hormat-sarpanyň aýdyň beýany boldy.

Çykyşlar tamamlanandan soňra, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisi geçirildi. Mejlise Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gatnaşmagy onuň ähmiýetini artdyrdy.

Ilki bilen, Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy hanym Marian Weltewreden çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzy we mejlise gatnaşyjylary mähirli mübärekledi hem-de mejlisi açyk diýip yglan etdi.

Marian Weltewreden çäräniň möhüm ähmiýetini belläp, taryhda ilkinji gezek ahalteke atlarynyň gözelligi boýunça dünýä çempionatynyň Ýewropada geçirilendigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, ilkinji gezek atşynaslar, alymlar we çapyksuwarlar iň owadan aty bilelikde, bir meýdançada yglan etmek üçin dünýäniň çar künjeginden — Türkmenistandan, Merkezi Aziýa döwletlerinden, Ýewropa we Amerika ýurtlaryndan bir ýere ýygnandylar. Şeýle hem Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisi ilkinji gezek Ýewropada geçirildi.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2010-njy ýylda Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi. Şeýle hem Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda halkara derejeli atçylyk sport toplumlary, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, Arkadag şäherinde bolsa tutuş Merkezi Aziýada genetika we molekulýar biologiýa ylymlarynyň tohumyň arassalygyna hyzmat edýän bu ugur boýunça ilkinji ýokary okuw mekdebi bolan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bina edildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary döredildi. Topar 2025-nji ýylda Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň Baş baýragyna mynasyp boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplary daşary ýurtly atşynaslar üçin hem hakyky okuw gollanmasyna öwrüldi. 2023-nji ýylyň dekabr aýynda bolsa ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Marian Weltewreden ahalteke atlarynyň bütin dünýäde şöhratynyň artdyrylmagynda Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň uly ähmiýete eýedigini belläp, çykyş etmek üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hormat bilen söz berdi.

Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, türkmen tarapynyň Niderlandlara — şu ajaýyp şähere halkymyzyň hoşniýetli arzuw-umytlary bilen, ahalteke bedewleriniň watany bolan Türkmenistanyň kalbynyň bir bölegini alyp gelendigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz Niderlandlaryň Patyşasy Willem-Aleksandra we onuň maşgala agzalaryna hem-de Niderlandlaryň ähli halkyna myhmansöýerligi we mähirli kabul edendigi üçin iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Premýer-ministr Rob Ýettene Türkmenistan bilen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam berýändigi üçin minnetdarlyk bildirip, häzirki mejlisiň we atçylyk sporty boýunça dünýä çempionatynyň hem-de ahalteke bedewleriniň arasyndaky gözellik bäsleşiginiň munuň aýdyň mysaly bolup durýandygyny belledi hem-de bu çärä ýokary derejede taýýarlyk görendikleri, türkmen tarapy bilen bu ugurda ysnyşykly hyzmatdaşlygy üçin onuň guramaçylaryna aýratyn minnetdarlyk bildirdi.

“Bu gün biziň ählimiz örän ajaýyp wakanyň şaýatlary bolup durýarys. Birnäçe günläp Kronenberg şäheri ahalteke atçylygynyň bütindünýä paýtagtyna öwrüldi. Bu wakalar ahalteke atlary boýunça ähli ussatlaryň, olary ýetişdirýänleriň, barlagçylaryň we hünärmenleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, halkara bileleşikleriň üns merkezinde boldy” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz dünýäde bu atlara uly hormat goýýan şeýle adamlaryň köpdügini bilýändigini, olaryň Aziýanyň, Ýewropanyň, Demirgazyk we Günorta Amerikanyň onlarça ýurduny öz içine alýandygyny, olaryň ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de kämilleşdirmek boýunça köp sanly möhüm işleri alyp barýandyklaryny, bedewleriň şöhratly taryhyny, ajaýyp başarnyklaryny ýaýmakda ýardam berýändiklerini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň halkynyň adyndan türkmen tarapynyň bütin dünýädäki dostlaryna hem-de pikirdeşlerine tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan etdi.

“Ahalteke atlarynyň kemala gelen we şöhraty dünýä dolan döwleti, jemgyýeti, topragy hökmünde biz egnimize düşýän uly jogapkärçilige düşünýäris. Ahalteke aty türkmeniň kalbydyr. Halk, ýurt hökmünde taryhymyzyň, aň-düşünjämiziň aýrylmaz bölegidir. Türkmenistan Garaşsyzlyga eýe bolandan soňra ahalteke atlarynyň arassa tohumlaryny dikeltmek we ösdürmek işinde biz, ozaly bilen, ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däplerine, tejribesine daýandyk” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Bellenilişi ýaly, esasy döwlet nyşanymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezinde ahalteke bedewiniň şekili ýerleşdirildi. Ahalteke atlarynda ylmy-barlag işleri geçirildi, olaryň saglygyna we ösüşine gözegçilik etmegiň ulgamy döredildi. Ylmy taýdan esaslandyrylan seçgi işi ýola goýuldy. Munuň özi diňe bir örän möhüm döwlet işi bolman, eýsem, halkymyzyň öz taryhynyň öňündäki borjudyr, ýurdumyzyň geljekki ösüşi, öňe gitmegi we halkara hyzmatdaşlygy üçin berk binýadyň bir bölegidir.

Gahryman Arkadagymyz soňky ýyllarda Türkmenistanda ahalteke atçylygy ulgamynda uly işleriň ýerine ýetirilendigini aýdyp, şunuň bilen baglylykda, birnäçe mysallary getirdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki zaman atçylyk sport toplumlary gurlup ulanmaga berildi. Aşgabat şäherindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy dünýä derejeli we ähmiýetli ylmy-tejribe merkezine öwrüldi; atlaryň arassa ganlylygyna berk gözegçilik etmek üçin, öňdebaryjy DNK-testlemek usuly ornaşdyryldy. Elektron maglumat binýady döredildi; ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy öz işini yzygiderli ösdürýär. Ol dünýäniň onlarça ýurdundan atşynaslary özünde birleşdirýär; ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi möhüm waka boldy; 2012-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzda milli baýram hökmünde bellenilýän Türkmen bedewiniň gününe bagyşlap her ýyl «Ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini geçirmek hakynda» Karara gol çekdi. Şeýle hem döredijilik işgärleriniň arasynda ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan etmek boýunça bäsleşik yglan edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri munuň bu ugurda edilen we edilýän işleriň hemmesi däldigini, umuman, ahalteke atlaryny gorap saklamak we ösdürip ýetişdirmek işiniň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrülendigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, ahalteke atçylygy boýunça halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek we ösdürmek Türkmenistanyň strategiýasynyň örän möhüm, düýpli ugry bolup durýar.

Şu günki mejlise dünýäniň onlarça döwletine wekilçilik edýän, ahalteke atlarynyň köp sanly assosiasiýalarynyň wekilleri ýygnandy. Şunuň bilen baglylykda, muňa giň möçberli halkara waka diýmek bolar. Bu gatnaşyklar has-da berkeýär, täze gatnaşyklar we görnüşler bilen baýlaşýar. Ahalteke bedewleri dürli milletlerden bolan dürli hünärdäki, dürli ýaşdaky adamlary birleşdirýär. Öňde goýlan maksatlara tarap bilelikde gitmäge çagyrýar. Ahalteke atlary wepalylygyň, gözelligiň, akyl-paýhasyň we gaýduwsyzlygyň nusgasydyr. Bularyň ählisi hemme halklara ýakyn we düşnüklidir.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy giňden makullaýandygyny we goldaýandygyny aýdyp, ýurdumyzyň ahalteke bedewlerine, atly sport ýaryşlaryna bagyşlanan dürli çäreleri geçirmäge öz goşandyny goşmaga, ýöriteleşdirilen ylmy-barlag işine ýardam bermäge we ýakyndan gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.

“Biziň bu ýolda uly üstünlikleri gazanandygymyzy aýtmak isleýärin. Ahalteke bedewleriniň giň gerimli milli hem-de halkara çärelere gatnaşmagy ýokary baha mynasyp boldy. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Şol Karara laýyklykda, 2026-njy ýylda Ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek boýunça Guramaçylyk döwlet topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklandy. Bu bolsa Türkmenistanyň halkara işini mundan beýläk-de ösdürmekde we pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy hem-de şu ýylyň ýanwarynda Monte-Karloda geçirilen nobatdaky halkara sirk festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasynyň hem-de Ýewropanyň Sirk assosiasiýasynyň halkara güwänamalarynyň gowşurylmagynyň ajaýyp waka bolandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, ýylyň adyna bagyşlanan çäreleriň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary guraldy. «Galkynyş» toparynyň şu ýylyň mart aýynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherindäki täsirli çykyşy hakyky dostlugyň we sungatyň baýramçylygyna öwrüldi, ol türkmen atçylygynyň baý däplerini görkezdi. Behişdi bedewler we olaryň çapyksuwarlary maý aýynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen atçylyk sporty boýunça ýaryşda we «Gündogaryň merjeni» gözellik bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler. «Aziýanyň çempiony» we «Dünýä çempiony» diýen hormatly atlara, şeýle hem beýleki baýraklara mynasyp boldular. Şol aýda Kazanda geçirilen halkara ýaryşda hem türkmen çapyksuwarlary baýrakly orunlary, kuboklary eýelemegi başardylar. Ahalteke atlarynyň hormatyna döredilen ýörite baýraklara mynasyp bolup, öz gaýtalanmajak ussatlygyny görkezdiler.

Şunuň bilen bir hatarda, Gahryman Arkadagymyz türkmen wekiliýetiniň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Windzor galasynyň çäklerinde geçirilen atly çärelere gatnaşandygyny belläp, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň VIII Halkara etnosport we medeniýet festiwalyna gatnaşmagynyň şu ýylyň ýylýazgysyna giren ýene-de bir şanly waka bolandygyny, Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen bu çärede «Galkynyş» toparynyň ýokary baýraklara mynasyp bolandygyny we bu çäreleriň dowamynda türkmen wekiliýetiniň öz kärdeşleri bilen birnäçe möhüm duşuşyklarynyň geçirilendigini aýtdy.

“Biz bütin dünýäde ahalteke atçylyk assosiasiýalary bilen gatnaşyklary tutanýerli we belli bir maksat bilen berkidýäris. Şeýlelik bilen, 2026-njy ýylda yglan edilen döwlet şygaryny — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny üstünlikli durmuşa geçirýäris” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de ýurdumyzyň geljekde hem öňde goýlan ähli maksatlary we wezipeleri ýerine ýetirmäge taýýardygyny tassyklady. Bellenilişi ýaly, bu ugurda Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlarynda köp sanly dostlarynyň, hyzmatdaşlarynyň we pikirdeşleriniň, şol sanda şu mejlise gatnaşýanlaryň goldawyny we ýardamyny duýýandygy guwandyryjydyr.

2026-njy ýylda atly sport boýunça dünýä çempionaty we ahalteke atlarynyň arasyndaky gözellik bäsleşigi Ýewropa giňişliginde ahalteke bedewleriniň halkara abraýyny we şan-şöhratyny artdyrmakda esasy waka bolup durýar. Ol bolsa Ýewropanyň iň abraýly atly sport merkezleriniň biri bolan Kronenbergde geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylary bu çäreleriň başlanmagy we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň häzirki açyk mejlisiniň geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, halkara derejede giň we wekilçilikli düzümiň gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de türkmen tarapynyň muny dünýä ahalteke bedewlerini sowgat beren Türkmenistana, halkymyzyň gadymy, baý hem-de özboluşly taryhyna we medeniýetine goýulýan hormat hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz çykyşynyň ahyrynda hemmelere berk jan saglygyny, alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiziň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.

Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Marian Weltewreden çuň manyly we mazmunly çykyşy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, açyk mejlisi alyp barmagy haýyş etdi.

Gahryman Arkadagymyz Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, mejlisi alyp barmak bilen, çykyş etmek üçin Niderlandlar Patyşalygynyň Komissary — Limburg welaýatynyň gubernatory Emil Roemere söz berdi.

Emil Roemer Milli Liderimizi we açyk mejlise gatnaşyjylary Limburg welaýatynda mähirli mübärekläp, ahalteke atlarynyň arasynda gözellik we atly sport boýunça bäsleşikleriň bu ýerde geçirilmeginiň uly ähmiýete eýedigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, atlar Limburgyň aýrylmaz bölegidir. Atşynaslaryň, çapyksuwarlaryň we atlaryň muşdaklarynyň jemlenen bu ýeri halkara derejeli atçylyk sportunyň merkezine öwrüldi. Türkmenistanyň bu ýerden birnäçe müň kilometr uzakda ýerleşýändigine garamazdan, şu gün Kronenbergde iki halkyň atçylyk bilen bagly medeniýeti, däpleri we tejribesi, atlara bolan çuňňur söýgüsi we atly sporta goýýan sarpasy birleşýär. Çykyşynyň ahyrynda Niderlandlar Patyşalygynyň Komissary — Limburg welaýatynyň gubernatory Emil Roemer çäreleriň dünýäniň atşynaslarynda ýakymly täsir galdyrjakdygyny aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz manyly çykyşy üçin Emil Roemere minnetdarlyk bildirip, atlaryň ýurtlary we halklary has-da ýakynlaşdyrýandygyny aýtdy hem-de dünýäde ilkinji gezek geçirilen Ahalteke bedewleriniň dünýä çempionatyny «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda geçirmäge döredilen mümkinçilikler üçin niderlandlar tarapyna minnetdarlygyny beýan edip, ahalteke bedewleriniň üsti bilen iki ýurduň arasynda beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynyň Döwlet ministri Ýan Peter Balkenendene söz berdi.

Döwlet ministri Gahryman Arkadagymyzy we açyk mejlise gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň baý atçylyk däplerine we ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewlerine bagyşlanan dabarada çykyş etmegiň özi üçin uly mertebedigini belledi hem-de dünýäde atlary öz milli gymmatlygy hökmünde ykrar eden ýurtlaryň örän seýrekdigini, Türkmenistanda atlara şeýle çemeleşmäniň taryhy taýdan özboluşly ýagdaýdygyny aýtdy.

“Ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň çäklerinde biz Türkmenistanyň gadymy däpleri, taryhy, milli mirasy hem-de halkara dostlugyň we birek-birege sarpa goýmagyň köprüsine öwrülen ajaýyp dessurlary bilen tanşarys” diýip, Niderlandlar Patyşalygynyň Döwlet ministri sözüni dowam etdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda bolşy kimin, Niderlandlarda hem atlara uly sarpa goýulýar. Ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň Ýewropada ilkinji gezek Niderlandlar Patyşalygynda geçirilmegi hem ýurduň halkyny diýseň buýsandyrýar.

Türkmen medeniýetinde bolşy ýaly, beýleki medeniýetlerde hem atlar diňe bir güýji we tizligi alamatlandyrman, ol gözelligiň, milli buýsanjyň we mertebäniň hem nyşanydyr. Atlar asyrlaryň dowamynda adamzat taryhynyň aýrylmaz bölegi bolupdyr. Olar syýahatçylaryň, alymlaryň esasy ulag serişdesi hökmünde medeniýetleri baýlaşdyrmaga, halklary birleşdirmäge we abadançylygy döretmäge goşant goşupdyrlar, söwda ýollarynyň hereket etmeginde möhüm orny eýeläpdirler.

Türkmenistan hemişe söwda ýollarynyň merkezinde bolupdyr. Geçen asyrlarda hem, häzirki döwürde hem Türkmenistan Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky möhüm merkez bolmagynda galýar. Söwda ýollarynyň uzak aralyklardaky ykdysadyýetleri birleşdirişi ýaly, sport hem halklary bir ýere jemleýär. Şu gün bu ýerde geçirilen bäsleşikler bizi has-da ýakynlaşdyrýar. Bu çäreleriň ähmiýeti diňe bir sport bilen çäklenmeýär. Olarda adamzadyň asylly häsiýetleri bilen bir hatarda, tebigata söýgi hem öz beýanyny tapýar diýip, Ýan Peter Balkenenden nygtady.

Çykyşynyň ahyrynda Niderlandlar Patyşalygynyň Döwlet ministri ýurduň döwletara gatnaşyklary ösdürmäge we medeniýetara alyşmalary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini belläp, medeni we sport çäreleriniň halklary hem-de ýurtlary özara ýakynlaşdyrmaga uly goşant goşýandygyny aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz ahalteke atlaryna ýokary baha berendigi hem-de bu dünýä çempionatyny geçirmäge döredilen mümkinçilik üçin niderlandlar tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyz halkymyzda “Irden tur-da ataňy gör, ataňdan soň — atyňy”, “At — myrat” diýen pähimleriň bardygyny aýdyp, atşynaslyk medeniýetiniň halklaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýändigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz ata-babalarymyzyň ýol çekmek, köpri gurmak ýaly asylly däpleriniň bardygyny aýdyp, bu asylly işleriň ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýetini belledi we çykyşy üçin Döwlet ministrine minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz soňra Ýewropa we Demirgazyk Amerika ÝUNESKO klublarynyň we assosiasiýalarynyň federasiýasynyň ýolbaşçysy Ioannis Maronitise söz berdi. Ol Kronenbergde bolmagyň hem-de bu möhüm çärä gatnaşmagyň özi üçin mertebedigini belläp, halkara hyzmatdaşlygyň, medeni dialogyň we umumadamzat gymmatlyklaryna sarpanyň aýdyň beýany bolan bu çäräniň geçirilmegi ugrunda döredilen mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Ioannis Maronitis çykyşynda Aleksandr Makedonskiniň taryhy ýörişlerinde ýoldaşy bolan meşhur Busefal atly aty barada belläp, gadymy rowaýatlara görä, Busefalyň örän güýçli hem-de boýun egmezek at bolandygyny, ýöne Aleksandr Makedonskiniň onuň ynamyny gazanmagy başarandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Busefalyň taryhy bize uly sapak berýär: hakyky güýç agalyk etmekde däl, eýsem, düşünişmekdedir. At bilen bolan gatnaşyk diňe hormat, söýgi we ynam esasynda guralýar.

Bu gadymy grek taryhy ajaýyp ahalteke bedewleriniň watany bolan Türkmenistan bilen berk köprini döredýär. Ahalteke bedewi gözelligiň, çydamlylygyň, batyrlygyň we milli buýsanjyň nyşanydyr. Ol diňe bir at däl, eýsem, türkmen halkynyň taryhynyň, ruhunyň we ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir.

Gresiýanyň we Türkmenistanyň halklarynyň dilleri hem-de däp-dessurlary dürli hem bolsa, iki halky birleşdirýän bir umumy dil bar — ol hem atçylyk medeniýetidir. Atlar Gresiýa bilen Türkmenistanyň, Gündogar bilen Günbataryň, geçmiş bilen geljegiň arasyndaky iň gözel köprüleriň biridir.

Ýewropa we Demirgazyk Amerika ÝUNESKO klublarynyň we assosiasiýalarynyň federasiýasynyň ýolbaşçysy çykyşynyň ahyrynda Gresiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlugyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny, şeýle hem bäsleşiklere gatnaşyjylara üstünlikleri arzuw edip, şeýle giň gerimli çärä gatnaşmaga çakylyk üçin Gahryman Arkadagymyza ýene bir gezek hoşallygyny beýan etdi.

Milli Liderimiz manyly çykyşy üçin Ioannis Maronitise minnetdarlyk bildirdi hem-de ÝUNESKO-nyň ahalteke atlary bilen bagly alyp barýan işiniň möhüm ähmiýetini belledi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri bu ajaýyp bedewleriň häzirki wagtda hem halklaryň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat edýändigini aýdyp, şunuň bilen baglylykda, Isgender Zülkarneýniň Busefal atly ahalteke aty baradaky rowaýaty gürrüň berdi. Bellenilişi ýaly, rowaýatlarda Isgender Zülkarneýniň Busefal atyna guwanandygy we bu aty bilen Nusaý Patyşalygyna gelende, türkmen gojasynyň akyl-paýhasyna haýran galandygy barada aýdylýar.

Soňra Gahryman Arkadagymyz çykyş etmek üçin Ispaniýa Patyşalygynyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Blanka de Toledo söz berdi. Ol türkmen halkynyň Milli Liderini we mejlise gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, halkara ähmiýetli çärede Ispaniýa Patyşalygyna hem-de Ispaniýanyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, ahalteke aty diňe bir özboluşly baýlyk we owadanlygyň nyşany bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň köpasyrlyk taryhynyň, medeniýetiniň we mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Onuň gözelligi, çydamlylygy, akyllylygy we adam bilen ajaýyp arabaglanyşygy ahalteke bedewini dünýäniň köp ýurtlarynda meşhur etdi.

Blanka de Toledo ýolbaşçylyk edýän assosiasiýasy tarapyndan geljekde hem ahalteke atynyň Ispaniýada we tutuş Ýewropada meşhurlygyny artdyrmak ugrunda degişli işleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýdyp, bu ugurda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belledi. Şeýle hem ol Ispaniýanyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň adyndan ahalteke atçylygyny we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän yzygiderli ünsi hem-de goldawlary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza aýratyn hoşallyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyş üçin hanym Blanka de Toledo minnetdarlyk bildirip, onuň dünýäde ahalteke atlarynyň abraýyny artdyrmak ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz mejlisi jemläp, onuň guramaçylyk meseleleri barada aýtdy we ahalteke atlarynyň arasyndaky dünýä çempionatyny her bäş ýyldan geçirmegi teklip etdi. Milli Liderimiziň teklibi mejlise gatnaşyjylaryň giň goldawyna eýe boldy.

Soňra Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Marian Weltewreden çykyş edip, ýolbaşçylyk edýän assosiasiýasynda ahalteke atçylygyny ösdürmäge uly goşant goşan adamlara hemişe ýokary baha berilýändigini we olaryň ykrar edilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke atçylygyny ösdürmäge goşan aýratyn goşandyny belledi. Türkmen bedewiniň milli baýramy, her ýyl geçirilýän halkara maslahatlar, gözellik bäsleşikleri we sergiler — bularyň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň möhüm başlangyçlarynyň hem-de tаgallalarynyň ajaýyp miweleridir. Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewleri barada ýazan kitaplary bütin dünýäniň atşynaslaryna bu özboluşly tohumyň taryhyny, özboluşlylygyny çuňňur öwrenmäge ýardam berýär. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa türkmen halkynyň bu gadymy sungatyny bütin dünýä meşhur etdi.

Marian Weltewreden ahalteke atlarynyň arasynda şeýle uly dünýä çempionatynyň Ýewropada ilkinji gezek geçirilýändigini belläp, şu taryhy waka bilen baglylykda, Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Gahryman Arkadagymyzy “Atçylygy ösdürmäge goşan uly goşandy üçin” atly baýrak we degişli Kubok bilen sylaglamak kararyna gelendigini aýtdy we bu sylaglary Milli Liderimize gowşurdy.

Gahryman Arkadagymyz «Atçylygy ösdürmäge goşan uly goşandy üçin» atly abraýly baýraga mynasyp bolmagynyň uly hormatdygyny aýdyp, bu ýokary sylagyň, ilkinji nobatda, türkmen halkyna, dünýä meşhur ahalteke atlarynyň mekany bolan Türkmenistana goýulýan hormatyň we minnetdarlygyň nyşany bolup durýandygyny belledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ahalteke bedewleriniň gadymy taryhy biziň halkymyzyň taryhy bilen aýrylmaz baglydyr. Türkmenler halk we döwlet hökmünde uly we köpasyrlyk ýoly geçdi. Ahalteke bedewleri şatlykly we kyn pursatlarda türkmenleriň hemişe wepaly dosty, ýoldaşy, daýanjy we buýsanjy hökmünde ýanynda boldy. Dünýäde şunuň ýaly örän ýakyn, uzak döwürlerden gelýän, hakyky ajaýyp sazlaşygyň mysalyny tapmak kyn.

Gahryman Arkadagymyz ahalteke bedewleriniň geljekki ykbalynyň geçmişden hem şöhratly bolmagyny gazanmagyň hemmeleriň umumy borjy bolup durýandygyna ynam bildirip, häzirki döwürde munuň üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

“Diňe bir Türkmenistanyň tagallasy bilen däl, eýsem, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary yzygiderli berkitmek üçin ahalteke atçylygyny ösdürmegi möhüm hasap edýärin. Häzirki wagtda anyk strategiýany işläp düzmek, ýakyn onýyllykda ahalteke atçylygyny ösdürmek boýunça esasy ugurlary kesgitlemek biziň baş wezipämiz bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, “Pilbergen” ýaly şeýle hünär klasteriniň binýadynda dünýä bäsleşiginiň geçirilmegi mundan beýläk-de biziň maksadymyzy aýdyň görkezýär” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi we şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň garaýyşlaryny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, ilkinji nobatda, dünýä atçylyk sportuna gatnaşmagy giňeltmek möhümdir. Şunda esasy maksat ahalteke atlarynyň Olimpiýa ýaryşlaryna gatnaşmagydyr. Munuň üçin baş öwretmegiň we konkuryň halkara standartlary esasynda ýaş atlary taýýarlamak boýunça maksatnamalary işläp düzmek, şeýle hem biziň tohum atlarymyza degişliler üçin iri halkara baýraklary döretmek zerurdyr.

Şeýle hem «ýaşyl” diplomatiýany we ekosyýahatçylygy ösdürmek möhüm ähmiýete eýedir. Ahalteke bedewlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ugry boýunça atly syýahatyň guralmagy dünýä syýahatçylygynyň täze bir görnüşi bolup biler.

Şunuň bilen bir hatarda, Gahryman Arkadagymyz weterinar ylmyna maýa goýmagyň, özboluşly genomy öwrenmek üçin halkara barlag grantlaryny döretmegiň zerurdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Kronenbergde geçirilýän çäre köp ýurtlardan assosiasiýalary bir ýere jemledi. Bu bolsa ahalteke atlaryny söýüjileriň, bu ugurdaky hünärmenleriň, pikirdeşleriň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak üçin gowy mümkinçilik döredýär.

Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam edip, Halkara assosiasiýalar derejesinde hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn ugurlaryny döretmegiň zerurdygyny aýtdy hem-de olaryň arasyndan aň-bilim we barlag işlerini utgaşdyrmagy, anyk taryhy materiallary we maglumatlary alyşmagy teklip etdi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke bedewlerine bagyşlap köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, telewideniýede, dokumental esasda, sanly çeşmelerde, çap ediş önümi görnüşinde döredijilik eserlerini döretmegiň meýilnamalaryny we maksatnamalaryny işläp düzmegiň üstünde oýlanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy hem-de ahalteke bedewiniň bitewi genetik bankyny, ahalteke atlarynyň Halkara gaznasyny döretmek başlangyjyna seretmegi teklip etdi.

Gahryman Arkadagymyz tagallalary we mümkinçilikleri birleşdirmegiň zerurdygyny belläp, Türkmenistanyň bu işi goldamaga, maslahat beriş, usulyýet ýardamyny etmäge, arhiw we beýleki materiallary bermäge taýýardygyny tassyklady.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke atlary bilen baglanyşykly işleriň ýene-de bir möhüm kesgitleýji ugruna ünsi çekip, ahalteke atlarynyň diňe bir türkmenleriň buýsanjy däl-de, türkmeniň döwletliliginiň, garaşsyzlygynyň, ähli halklar bilen dostluga we özara düşünişmäge açykdygynyň nyşanydygyny belledi.

“Biz dünýä jemgyýetçiliginiň jogapkär agzasy bolan döwlet hökmünde, beýik medeni we taryhy mirasyň eýeleri hem-de ony dowam etdiriji halk hökmünde ýokary ynsanperwer maksatlaryň hatyrasyna adamlaryň birleşmegine ýardam bermegi öz wezipämiz hasap edýäris. Bu wezipäni ýerine ýetirmekde ahalteke atlaryna mynasyp orun berýäris. Goý, onuň çalasyn asylly gadam urşy parahatçylyga we dostluga, özgerişiň we gülläp ösüşiň belentliklerine ýol açsyn!” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de ýokary sylag üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem Milli Liderimiz Kronenberg şäheriniň ýolbaşçylaryna myhmansöýerlik we mähirli garşylandyklary, çäreleri üstünlikli geçirmäge goşan uly goşantlary üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan etdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz «Iň owadan bezelen at» bäsleşiginiň geçirilýän ýerine geldi. Şeýle halkara çäreleriň Ýewropa yklymynda geçirilmegi dünýä ýurtlarynyň halklaryny ýakynlaşdyrmaga kuwwatly itergi berýär. Dünýä çempionaty diňe bir abraýly sport çäresi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen halkynyň baý medeniýeti, dünýä beren milli gymmatlyklary, däp-dessurlary bilen tanyşmak üçin hem giň mümkinçilikleri özünde jemleýär. Ýaýbaňlandyrylan çärelerde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýylyň many-mazmuny täsirli beýan edilýär. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan, atçylyk boýunça halkara düzümlerden bolan eminler topary atlaryň beden gurluşyna, reňk aýratynlygyna we meýdançada özüni alyp barşyna baha berdiler.

Häzirki wagtda bütin dünýäde tohum atlaryň 250-den gowrak görnüşi bolup, ahalteke bedewleriniň medeni atçylygy ösdürmekde halkara ähmiýete eýe bolan arassa ganly, naýbaşy at tohumlarynyň ilkinji üçlüginde orun alýandygyny buýsanç bilen bellemek gerek. Munuň özi ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren milli gymmatlygynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň ýene-de bir aýdyň beýany bolup durýar.

Behişdi bedewlere sarpa goýýanlaryň köp sanlysy esasy nesil ugurlarynyň binýadyny goýan şöhratly bedewleriň häzirki nesilleriniň täsin gözelligine baha bermäge mümkinçilik aldy. Ahalteke bedewlerine mahsus bolan tyllaýy öwüşgin, olaryň owadan keşbi, ýyndamlygy, gujur-gaýraty we çydamlylygy öz işlerini sungat derejesine ýetiren tutanýerli seýisleriň, atşynaslaryň köpýyllyk irginsiz zähmetiniň miwesidir. Tutuş dünýäde ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty barha belende göterilýär. Ähli döwürlerde-de bu bedewler ajaýyp keşbi bilen islendik adamy haýran galdyryp bilipdir.

Gözellik bäsleşiginde eminler tarapyndan gelnen çözgüde görä, dünýä çempionatynyň ýeňijisi yglan edildi. Meýdança Fransiýadan gelen A.Martinesiň hojalygyna degişli Ýyndam atly gara reňkli at çykaryldy. “Absolýut çempion” diýen ada eýe bolan bu aty uly şowhun bilen garşyladylar we onuň şanyna dürli älemgoşar öwüşginli ajaýyplyklar emele geldi. Bu pursatlar ýatdan çykmajak görnüşleri döretdi.

Soňra “Pilbergen” atçylyk-sport toplumynyň “Maya delorez” meýdançasynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen dünýä çempionatynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem-de konsert guraldy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz uly şowhun bilen garşylanyldy.

Dabarada Gahryman Arkadagymyza uly hormat bilen söz berildi.

Milli Liderimiz şu gün Gündogaryň rowaýaty we türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewine bagyşlanan dünýä çempionatynyň jeminiň jemlenýändigini belläp, munuň dünýä atçylygynyň taryhynda möhüm wakadygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, ahalteke bedewi diňe bir gözelligiň, ýyndamlygyň we çydamlylygyň nyşany bolman, eýsem, köpasyrlyk taryhymyzyň janly ýadygärligidir, wepaly ýoldaşymyzdyr. Häzirki wagtda biz ahalteke bedewiniň halklary, yklymlary we medeniýetleri birleşdirýändiginiň şaýady bolýarys.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň ahalteke bedewini dünýäde giňden wagyz etmäge, atçylyk sportuny ösdürmäge we bu ugurda halkara gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen başlangyçlary yzygiderli goldaýandygyny belläp, şu günler Kronenberg şäheriniň dünýä ahalteke atçylygynyň paýtagtyna, dünýäniň dürli ýurtlaryndan getirilen 80-den gowrak ajaýyp ahalteke bedewleriniň bolsa halkara çäräniň bezegine öwrülendigini aýtdy. Nygtalyşy ýaly, çempionatyň çäklerinde geçirilen gözellik bäsleşigi we atly sport ýaryşlary ahalteke bedewleriniň çydamlylygyny, düşbüligini we ukybyny aýdyň görkezdi.

Häzirki dünýä çempionaty sungat ussatlaryny hem bir ýere jemledi. Geçirilen döredijilik bäsleşiginde suratkeşler, heýkeltaraşlar, fotosuratçylar ahalteke bedewiniň gözelligini, ýyndamlygyny açyp görkezdiler. Şeýle-de atlaryň şaý-sepleriniň hem-de atçylyga bagyşlanan türkmen halylarynyň sergisi we sergi-ýarmarka ýokary derejede geçirildi. Türkmen artistleriniň we dünýä belli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary bolsa baýramçylyk şowhunyny döretdi.

Gahryman Arkadagymyz çempionatyň çäklerinde geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisiniň, şeýle hem ahalteke bedewlerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahatyň aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýdyp, şunuň bilen baglylykda, Niderlandlar Patyşalygynyň hökümetine we halkyna myhmansöýerligi hem-de bu taryhy çäräni geçirmäge mümkinçilik döredendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýeňijilere we baýrakly orunlara mynasyp bolanlara ýüzlenip, olaryň gazanan üstünlikleriniň ahalteke bedewine bolan çäksiz söýgini, çeken ägirt uly zähmetini görkezýändigini aýtdy hem-de olara alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri, täze ýeňişleri arzuw etdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň adyndan, ýaryşyň ýeňijisine baş baýragyň — «Ahalteke atlarynyň arasynda dünýä çempiony» diýen «Gran-pri» baýragynyň gowşurylýandygyny aýdyp, bu ajaýyp we owadan bedewiň eýesini şeýle ajaýyp ýeňiş bilen gutlady. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Halkara ahalteke atçylyk bileleşigine agzybirlik, rowaçlyk we täze ýeňişleri arzuw etdi.

Soňra bäsleşigiň netijeleri jemlendi.

«Ahalteke atlarynyň arasynda dünýä çempiony — 2026» atly bäsleşigiň ýeňijisi dabaraly ýagdaýda yglan edildi. Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen atly sport we gözellik bäsleşikleriniň dünýä çempionatynyň ýeňijisi, “Absolýut çempion” diýen ada we «Dünýä çempiony» baýragyna Fransiýadan A.Martinesiň Ýyndam diýen gara reňkli aty mynasyp boldy.

Ýeňijä Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň adyndan iň häzirki zaman ýeňil awtoulagynyň açaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

A.Martines awtoulagyň açaryny ýüzüne sylyp kabul etdi. Türkmen halkynyň asylly däbine laýyklykda, täze awtoulaga un sepildi hem-de alaja daňyldy.

Ýeňiji şeýle ýokary sylaga mynasyp bolmagyň öz durmuşynda ýatdan çykmajak wakadygyny belledi hem-de atşynaslyk pudagyna berýän ünsi, döredilýän hemmetaraplaýyn şertler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

«Ýaş atlaryň çempiony» atly bäsleşikde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň Meledag diýen bedewi ýeňiji boldy. Bu bedew 10 müň ýewro möçberindäki pul baýragyna hem-de bäsleşigiň kubogyna mynasyp boldy.

“Ýewropanyň iň gowy bedewi” bäsleşiginde bu ada Fransiýa Respublikasyndan hususy atşynas A.Beýliniň Agana Şael diýen aty mynasyp boldy. Ýeňijä 10 müň ýewro möçberindäki pul baýragy hem-de bäsleşigiň kubogy gowşuryldy.

“Iň owadan bezelen at” atly bäsleşikde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan mele reňkli Toýly atly bedew ýeňiji boldy we 5 müň ýewro möçberindäki pul baýragyna hem-de bäsleşigiň kubogyna eýe boldy.

Soňra ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen gözellik bäsleşikleriniň ýeňijileri yglan edildi.

1 we 2 ýaşar ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen gözellik bäsleşiginde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna degişli Jerengözli diýen bedew ýeňiji diýlip yglan edildi we bu bedew 3 müň ýewro möçberindäki pul baýragyna hem-de bäsleşigiň kubogyna eýe boldy.

3 ýaşar atlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna degişli Güneş diýen at ýeňiji bolmagy başardy. Bu bedew 3 müň ýewro möçberindäki pul baýragyna hem-de bäsleşigiň kubogyna mynasyp boldy.

3 we 4 ýaşar bedewleriň arasynda geçirilen gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi adyna fransiýaly S.Plaýiniň hojalygyna degişli Ming-de-Ahal atly at mynasyp boldy. Bu bedew 3 müň ýewro möçberindäki pul baýragyna hem-de bäsleşigiň kubogyna eýe boldy.

5 we uly ýaşar ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen bäsleşikde Ukrainadan B.Mamelekowyň hojalygyna degişli Ýagşyja — Owadan atly bedew ýeňiji boldy. Ol 3 müň ýewro möçberindäki pul baýragyna hem-de bäsleşigiň kubogyna mynasyp boldy.

Atyň owadan hereketi üçin (dressaž) bäsleşiginde ukrainaly atşynas Liliýanyň Bady-Saba diýen aty ýeňiji boldy. Ol 3 müň ýewro möçberindäki pul baýragyna hem-de bäsleşigiň kubogyna mynasyp boldy.

Konkur bäsleşiginde bolsa Türkmenistanyň Milli atly sport merkeziniň türgeni Yhlas Çopanow ýeňiji boldy. Ýeňijä 3 müň ýewro möçberindäki pul baýragy hem-de bäsleşigiň kubogy gowşuryldy.

Soňra ahalteke atlarynyň dünýä çempionatynyň çäklerinde heýkeltaraşlaryň, nakgaşlaryň, zergärleriň, halyçylaryň we fotosuratçylaryň arasynda ahalteke bedewleriniň gözelligini wasp etmek boýunça halkara döredijilik bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi.

Atlaryň gözelligini heýkel eserlerinde wasp etmek boýunça bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy P.Patdykow ýeňiji diýlip yglan edildi. Ýeňijä 1 müň 500 ýewro möçberindäki pul baýragy gowşuryldy.

Atlaryň gözelligini nakgaşçylyk eserlerinde wasp etmek boýunça bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy A.Atahanow ýeňiji diýlip yglan edildi. Ol 1 müň 500 ýewro möçberindäki pul baýragyna mynasyp boldy.

Atlaryň gözelligini haly eserlerinde wasp etmek boýunça bäsleşikde “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň esasy hünärmeni O.Amanjaýewa ýeňiji diýlip yglan edildi. Ýeňijä 1 müň 500 ýewro möçberindäki pul baýragy gowşuryldy.

Atlaryň gözelligini fotosurat eserlerinde wasp etmek boýunça bäsleşigiň ýeňijisi ukrainaly fotosuratçy W.Osowskiý boldy. Oňa 1 müň 500 ýewro möçberindäki pul baýragy gowşuryldy.

Atlary şaý-sepler bilen bezemek boýunça zergärçilik eserleriniň arasynda bäsleşigiň ýeňijisi Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy A.Sähedow boldy. Ýeňijä 1 müň 500 ýewro möçberindäki pul baýragy gowşuryldy.

Ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen dünýä çempionatynyň çäklerinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary “Tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan” atly baýrak bilen sylaglanyldy.

Halkara bäsleşigiň ýeňijileri özleriniň zähmetine berlen ýokary baha üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ahalteke atlarynyň dünýädäki şöhratyny has-da ýokarlandyrmak ugrunda geljekde hem zehinini we ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Şeýle hem olar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen şeýle abraýly halkara bäsleşikleriň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňra Gahryman Arkadagymyza Türkmenistan bilen Niderlandlar Patyşalygynyň arasyndaky dostlugyň, özara hormatyň nyşany hökmünde friz tohumly at sowgat berildi.

Baýraklary gowşurmak dabarasy tamamlanandan soňra, ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen gözellik we atly sport bäsleşigi boýunça dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli konsert guraldy. Oňa Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy medeni çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Konsertiň dowamynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň meşhur aýdymçylarynyň ýerine ýetiren çykyşlary ahalteke atlarynyň şanyna guralan giň gerimli çäreleriň ajaýyp dowamy boldy. Konsertiň maksatnamasy häzirki zaman türkmen aýdym-saz sungaty bilen dünýä halklarynyň sungatynyň arasynda ajaýyp sazlaşygy emele getirdi.

Hemmeleriň göwnüni joşa getirýän “Küştdepdi” dabaranyň aýratyn bezegine öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine döredilen «Rowaç» we «Arzuw» atly aýdymlar asylly arzuwlaryň we maksatlaryň hemişe rowaç tapýandygynyň owazy bolup ýaňlandy. Aýdymlaryň ýakymly owazy bilen ahalteke bedewiniň sahnadaky sazlaşykly hereketleri tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir döretdi.

Dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine döredilen «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly ajaýyp aýdym özboluşly sena bolup ýaňlandy.

Feýerwerkleriň we dron şüweleňleri dabaranyň ajaýyp pursatlaryna öwrüldi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz çärelere gatnaşan ýokary derejeli myhmanlary ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara çagyrdy we olar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Biraz wagtdan Milli Liderimiz Germaniýanyň Düsseldorf şäherine geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady.

...Birnäçe sagatdan soňra, Gahryman Arkadagymyz Aşgabadyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Ýurdumyzyň Hökümet agzalary Gahryman Arkadagymyzy Niderlandlar Patyşalygyna amala aşyran saparynyň üstünlikli geçmegi hem-de Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň “Atçylygy ösdürmäge goşan uly goşandy üçin” atly baýragy we degişli Kubok bilen sylaglanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ahalteke atlarynyň halkymyzyň dünýä beren gymmatlygydygyny belledi hem-de atşynaslyk sungatyny geljekki nesillere ýetirmek ugrunda ylmy nukdaýnazardan çemeleşmegiň möhümdigini aýtdy we özüniň birnäçe maslahatlaryny berdi.

Şeýlelikde, Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty türkmen halkynyň milli gymmatlygy bolan behişdi ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny, atşynaslyk sungatymyzy Ýer ýüzünde dabaralandyrmak boýunça Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde durmuşa geçirilýän işleriň taryhy üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.

* * *

Ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň çäklerinde Kronenberg şäheriniň «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda türkmen atçylyk sungatyna, medeniýetine, çeper döredijiligine we Ýewropanyň atçylyk pudagyna bagyşlanan serginiň hem guralmagy dabaralaryň many-mazmunyny, täsirliligini artdyrdy.

Türkmenistanyň sergi pawilýonynda ahalteke atlaryna we milli atşynaslyk pudagynyň ýeten sepgitlerine bagyşlanan gymmatlyklar aýratyn orun eýeledi. Hususan-da, pawilýonda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli mirasymyzy, aýratyn-da, onuň naýbaşy nusgasy bolan milli atşynaslyk sungatymyzyň geçen taryhy ýoluny we häzirki döwürde ýeten sepgitlerini beýan edýän gymmatly eserleri ýerleşdirilipdir.

Asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyz atlaryň özboluşly tohumyny ösdürip ýetişdiripdirler. Umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Türkmen topragynda kemala gelen ahalteke bedewi tebigatyň we adamyň akyl-paýhasynyň ajaýyp sazlaşygynyň, gözelligiň gaýtalanmajak nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda: «Gadymy türkmen taryhynyň tebigatyndan we zähmetsöýer halkynyň aýratyn zehininden kemala gelen ahalteke bedewi özüniň gany bilen ähli münülýän atlaryň görnüşlerini yzda galdyryp, Ýer ýüzüniň atçylyk sungatyny öz yzyna düşürip alyp gitmegiň hötdesinden geldi» diýlip bellenilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewlerimiziň at-abraýy dünýä dolýar. Ýurdumyzda milli atşynaslyk pudagy täze belentliklere çykarylyp, atçylyk-sport düzümlerini, atçylyk sportunyň görnüşlerini, milli atşynaslyk däplerini ösdürmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Pudagyň ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjünçiligine hem aýratyn üns berilýär. Tejribeli atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary, bu ugra degişli beýleki hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda zerur işler amala aşyrylýar. Munuň özi sergide ýerleşdirilen eserlerde öz beýanyny tapýar.

Türkmen medeniýetinde behişdi bedewler aýratyn orun eýeleýär. Şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, haly önümlerinde, zergärçilikde, fotosuratlarda ahalteke bedewleriniň gözelligi çeper beýan edilýär. Bu eserler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň belent ruhuny şöhlelendirip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik kuwwatyny açyp görkezýär. Her bir eserde ahalteke atlarynyň halkymyzyň durmuşynda eýeleýän orny beýan edilýär. Hususan-da, bedewleri şekillendirýän surat we heýkeltaraşlyk eserlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Olar pederlerimiziň «At — myrat» diýen jümlesini aýdyň şöhlelendirýär. Munuň özi diňe bir bedewleriň gözelligine belent sarpa goýulýandygyny aňlatmak bilen çäklenmän, olara ählumumy söýginiň, milli buýsanjyň hem beýanydyr.

Halkymyz bedewlere hemişe buýsanypdyr, gymmat bahaly metallardan, daşlardan olar üçin bezeg esbaplaryny döredipdir, bezegler bilen baglanyşykly köp sanly däp-dessurlar emele gelipdir. Sergide görkezilýän bedew esbaplarydyr bezeg şaý-sepleri ýerine ýetiriliş usullary bilen tapawutlanýar. At esbaplary türkmen halkynyň şöhratly atşynaslyk medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir. Bu nepis işler ussat türkmen zergärleriniň özboluşly döredijilik mekdebiniň bütin dünýäde deňi-taýy bolmadyk nusgadygyny tassyklaýar.

Bulardan başga-da, sergi pawilýonynda halkymyzyň medeniýetini, köpugurly sungatyny, maddy medeni mirasyny beýan edýän gymmatlyklar toplumy görkezildi. Şolaryň hatarynda nepis halylar, milli lybaslar, şaý-sepler, ýaşaýyş-durmuş esbaplary, sungatyň döwrebap görnüşlerine degişli eserler bar. Gözelligi, nepisligi, köpöwüşginliligi, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň asylly ýörelgeleri, milli aýratynlyklary, ruhy dünýäsi jemlenendir. Haly gölleriniň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň döwlet nyşanlarynyň esasy bezegine öwrülmeginde hem çuňňur many bar. Bu nyşanlar türkmen halkynyň agzybirligini, bitewüligini alamatlandyrmak bilen, ata-babalarymyzyň wesýetlerine ygrarlylygyň, gazanylýan üstünliklere buýsanjyň, nurana geljege ynamyň aýdyň beýanydyr. Gelin-gyzlaryň yhlasyndan, zehininden dörän milli nagyşlardyr keşdeler bilen bezelen lybaslaryň her biri özboluşly sungat eseridir. Milli keşdeçilik sungatymyzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi gadymy döwürden gözbaş alýan medeni mirasymyzyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Şeýle hem sergide Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen çap edilen «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabyň esasynda taýýarlanylan milli tagamlar görkezildi. Ussat aşpezler myhmanlary milli tagamlary taýýarlamagyň usullary bilen tanyşdyrdylar. Milli aşpezlik sungaty halkymyzyň özboluşly medeniýetiniň möhüm bölegidir. Myhmanlara türkmen tagamlaryndan dadyp görmek mümkinçiligi hem döredildi.

Bu ýerde ak öýler dikilip, olaryň ýanynda bagşy-sazandalar halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Halkymyzyň döreden gymmatlyklarynyň hatarynda aýdym-saz sungaty aýratyn orun eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan milli aýdym-saz sungatymyz täze derejelere göterildi. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň güwäsidir.

Türkmen toýuna mahsus çykyşlar hem ýerine ýetirildi. Folklor toparlary türkmen halkynyň üme däp-dessurlaryny görkezdiler. Munuň özi türkmen sungatynyň özboluşlylygynyň we žanrlarynyň köpugurlylygynyň, däp-dessurlaryň dowamatlylygynyň beýanyna öwrülip, dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.

Türkmenistanyň sergi pawilýony bilen bir hatarda, bu ýerde daşary ýurtlaryň hem sergi bölümleri bar. Olarda atçylyk ulgamynda gazanylan üstünlikleri görkezýän gymmatlyklara hem-de atly sport esbaplaryna orun berlipdir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ahalteke bedewleri parahatçylygyň ilçileri hökmünde halklaryň we ýurtlaryň arasynda dost-doganlygyň, özara ynanyşmagyň berkidilmegine goşant goşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň wekiliýetiniň ýylyň başyndan bäri dürli ýurtlarda ahalteke bedewlerine bagyşlanyp geçirilen halkara festiwallara, maslahatlara, çempionatlara, gözellik bäsleşiklerine gatnaşmagy türkmen bedewleriniň şöhratyny has-da belende göterýär.

Soňra bu ýerde ýörite gurnalan manežde birnäçe abraýly halkara bäsleşikleriň ýeňijisi bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Galkynyş» topary diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde meşhurlyk gazandy. Toparyň agzalary dünýäniň ençeme ýurtlarynda geçirilýän halkara bäsleşiklerde baş baýraklara mynasyp bolup, türkmen Tuguny belentde parladýarlar.

Geçen ýyl sirk dünýäsiniň iň meşhur bäsleşigi hasaplanýan Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda hem bu topar täsin çykyşlary bilen Baş baýraga we ýörite baýraklara mynasyp boldy. Şu ýylyň başynda Monako Knýazlygynda geçirilen Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ähmiýetini has-da artdyran möhüm waka boldy. Toparyň agzalary şu ýyl Azerbaýjanda we Türkiýede geçirilen çärelerde hem ussatlyk bilen çykyş etdiler.

«Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda toparyň görkezen çykyşlary ilkinji pursatlardan tomaşaçylaryň ünsüni çekdi. Olarda çeýelik, gözellik hem-de ussatlyk bir bitewi sazlaşygy emele getirip, çykyşyň täsirliligini artdyrýar. Ajaýyp bedewleriň gözelligi, çeýeligi, çapyp barýan atyň üstünde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän artistleriň ussatlygy tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Bu bolsa toparyň agzalarynyň bu sungatda ussatlyk derejesine ýetendigini aýdyňlygy bilen görkezýär.

Şeýlelikde, bu medeni çäreler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň milli medeniýetimizi ösdürmek, medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmak boýunça asylly başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.

(TDH)

07.09.2026
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 4-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Premýer-ministr Nikol Paşinýan Ermenistanda Türkmenistanyň gazanýan ösüşlerine ýokary baha berilýändigini, dostluga we deňhukuklylyga esaslanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özara ynanyşmak, hormat goýmak, açyklyk ýörelgelerine daýanýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasy diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara düzümleriň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.

Dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygy Türkmenistanyň ählumumy ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini belledi hem-de hormatly Prezidentimizi şu ýylyň oktýabr aýynda Ýerewan şäherinde BMG-niň Bioköpdürlülik baradaky Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 17-nji maslahatynyň (COP 17) öň ýanynda geçiriljek Liderleriň sammitine gatnaşmaga çagyrdy.

Döwlet Baştutanymyz çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, bu çäräniň daşky gurşawy goramak işinde möhüm waka boljakdygyny belledi hem-de Türkmenistanyň oňa işjeň gatnaşjakdygyny tassyklady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu ýyl Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde 9-njy oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň geçiriljekdigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Premýer-ministr Nikol Paşinýany ýene bir gezek bu sammite gatnaşmaga çagyrdy.

Premýer-ministr Nikol Paşinýan çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň sebitde durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasatynyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýandygyny belledi hem-de Ermenistanyň bu sammite işjeň gatnaşjakdygyny aýtdy.

Şeýle hem telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şunda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň möhümdigi bellenildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Premýer-ministr Nikol Paşinýan Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk we jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa abadançylyk arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik ermeni tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi

05.09.2026
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 4-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly birnäçe meseleler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew şu ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň düzümlerinde alnyp barlan işler, şeýle hem harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada hem aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, şol sanda harby hünärmenleriň bilimini we tejribesini ýokarlandyrmak, şeýle hem harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi we şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe tabşyryklary berdi.

Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işler, hususan-da, ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň talabalaýyk berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak, şeýle hem prokuratura edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak we degişli ösüş maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kanunlaryň hem-de hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişini hemişe gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi we Baş prokurora birnäçe görkezmeleri berdi.

Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň dowamynda “Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda” Karara gol çekdi.

Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda düzgün bozulmalaryň öňüni almak, ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek, şeýle hem ministrligiň edaralaryna sanly tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Içeri işler ministri ýurdumyz boýunça sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde geçirilýän çäreler barada-da aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi hem-de sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly bir aýlyk çäräni guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew hasabat döwründe bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, hususan-da, kazyýet ulgamynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek hem-de öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak, kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwlet hem-de jemgyýetçilik bähbitlerini goramak, kanunylygy we hukuk tertibini, raýatlaryň hukuklaryny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etmegiň, kazylaryň hünär derejesini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda Ýokary kazyýetiň başlygyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri D.Meredow şu ýylyň başyndan bäri döwletimiziň milli bähbitlerini goramak we ýurdumyzda asudalygy üpjün etmek, şeýle hem düzümiň işine döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň asudalygyny üpjün etmäge gönükdirilen işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etmegiň möhüm ähmiýetini belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy I.Ilamanow şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ata Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň goraglylygyny üpjün etmek, harby gullukçylaryň gulluk şertlerini we ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem düzümiň işine sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Döwlet serhediniň dost-doganlyk serhedi bolup durýandygyny belledi hem-de serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmek babatda gullugyň ýolbaşçysyna anyk görkezmeleri berdi.

Soňra adalat ministri M.Taganow ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işler, şol sanda halkara tejribäni ornaşdyrmagyň hasabyna milli kanunçylygy kämilleşdirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de düzüme sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagyň, kanunçylygy düşündirmek bilen bagly wagyz-nesihat işlerini geçirip, raýatlara berilýän hyzmatlaryň hilini yzygiderli ýokarlandyrmagyň möhümdigini belledi hem-de bu ugurda birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, hususan-da, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, sanly ulgamy we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna işiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gümrük nokatlarynda gümrük düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmek işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek babatda gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işler, şol sanda düzümiň işini kämilleşdirmek, şeýle hem gullugyň işine sanly ulgamy we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Gullugyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz welaýaty boýunça müdirliginiň edara binasyny hem-de Mary welaýaty boýunça müdirliginiň Ýolöten etrap bölüminiň edara binasyny we gulluk ýaşaýyş jaýyny gurmak hakynda-da hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz welaýaty boýunça müdirliginiň edara binasyny hem-de Mary welaýaty boýunça müdirliginiň Ýolöten etrap bölüminiň edara binasyny we gulluk ýaşaýyş jaýyny gurmak hakynda» Karara gol çekdi hem-de gullugyň ýolbaşçysyna ýurdumyzda migrasiýa hyzmatlaryny sanly ulgam esasynda döwrebaplaşdyrmak, düzümiň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak işlerini üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýyl ýurdumyzyň Garaşsyzlygyna 35 ýyl dolýandygyny, bu şanly baýramyň uly dabaralar bilen bellenilip geçiljekdigini aýtdy hem-de bu baýrama gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, şeýle-de Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de alnyp barylýan bu işleriň mundan beýläk-de dowam etjekdigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara berk jan saglygyny we halkymyzyň parahat hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etd

05.09.2026
Ýurdumyzyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Aşgabat, 1-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary açylyp ulanmaga berildi. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabat gelen bu şanly wakalar milli bilim ulgamyny dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek ugrunda giň gerimli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli tejribeleriň dünýäniň öňdebaryjy gazananlary bilen utgaşdyrylmagy esasynda bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň özi bilim ulgamyny halkara derejede kämilleşdirmäge, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmaga, ösüp gelýän ýaş nesli milli hem-de umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemäge, olara döwrebap bilim bermäge itergi berýär.

Bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ýurdumyzyň yzygiderli ösüşlerini, halkymyzyň bagtyýar geljegini kesgitleýän möhüm şertleriň biridir. Türkmenistanda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň mümkinçiliklerini ösdürmek, bu ulgamda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleriň kemala getirilmegine gönükdirilendir. Häzirki wagtda Diýarymyzyň ýokary okuw mekdepleri diňe bir döwrebap bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary we hünärmenleri taýýarlamak üçin talabalaýyk enjamlaşdyrylan okuw merkezleri bolmak bilen çäklenmän, olar jemgyýetimiziň aň-bilim, medeni-ruhy ösüşiniň, Watanymyzyň durmuş-ykdysady abadançylygynyň hem ygtybarly binýady bolup durýar.

...Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň öňündäki meýdança geldi. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Bu ýerde talyp ýaşlaryň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýörite taýýarlanylan münbere barýar.

Hormatly Prezidentimiz hemmeleri mähirli mübärekläp, Berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyzyň her bir gününiň täze taryhy wakalara beslenýändigini, şu günem Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumlarynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilýändigini aýtdy we dabara gatnaşyjylary, mähriban halkymyzy Bilimler we talyp ýaşlar güni, döwrebap bilim ojaklarynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, ylym we bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, ony hil taýdan täze derejä çykarmak biziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Garaşsyz ýurdumyzda ylmyň iň soňky gazananlaryny bilim ulgamyna ornaşdyrmaga, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär.

“Ýurdumyzda döwrebap bilim edaralarynyň binalaryny gurmak boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Şu gün paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde institutlaryň täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi Diýarymyzda bilim özgertmeleriniň giňden rowaçlanýandygyny görkezýär” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şu gün ýurdumyzyň dürli künjeklerinde häzirki zaman orta mekdepleriniň we çagalar baglarynyň birnäçesi açylyp ulanmaga berilýär. Bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelerimize bolsa ýadygärlik sowgat — «Bilimli» atly kompýuterler gowşurylýar. Bularyň ählisi bilim ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna uly ornuň degişlidigini belläp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy tarapyndan bina edilen 5 müň orunlyk Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň häzirki zamanyň ösen talaplaryna doly laýyk gelýändigini aýtdy.

“Bu bilim ojagy 13 gatdan ybarat bolan baş binany, 8 fakulteti we 28 sany kafedrany, kitaphanany, mejlisler zalyny özünde jemleýär. Institutyň okuw binalary döwrebap enjamlar bilen üpjün edilip, onda professor-mugallymlaryň netijeli işlemegi, talyp ýaşlaryň bilim almagy üçin ähli şertler döredilendir. Şeýle hem häzirki zaman bilim şäherçesinde talyplar üçin 2 müň 600 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy, mugallymlar üçin 2 sany, her biri 40 öýli ýaşaýyş jaýy göz öňünde tutuldy” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz nygtady hem-de bu döwrebap bilim ojagynda ýokary derejeli binagärleriň, gurluşykçy inženerleriň, senagatçylaryň kemala geljekdigine berk ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, şu gün açylyp ulanmaga berilýän bilim ojaklarynyň ýene-de biri Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumydyr. 5 müň orunlyk bu döwrebap bilim toplumy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy tarapyndan bina edildi. Bu bilim ojagy 5 gatdan ybarat bolan baş binany, 8 fakulteti we 22 sany kafedrany, mejlisler zalyny, kitaphana binasyny özünde jemleýär. Täze institutyň binalary häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Ol ýerde professor-mugallymlaryň bilim işini has-da döwrebap guramagy, talyp ýaşlarymyzyň ýokary hilli bilim almagy üçin ähli amatly şertler döredildi. Bu ýerde talyplar üçin 2 müň orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy göz öňünde tutuldy. Şeýle-de sport bilen meşgullanmak we medeni çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Meşhur türkmen şahyry Seýitnazar Seýdiniň adyny buýsanç bilen göterýän bilim ojagynyň täze binalar toplumy geljekde hem kämil mugallymlaryň, bilim işgärleriniň täze neslini kemala getirmäge hyzmat eder.

“Häzirki döwürde watansöýüji, ruhubelent ýaşlarymyz kemala gelýär. Bu ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegidir” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de ýaşlarymyzyň okamak, öwrenmek we yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Diýarymyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterjekdiklerine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz hemmeleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bellenýän Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumlarynyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, işlerinde we okuwlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy ýörite gurnalan monitorda sanly ulgam arkaly Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara hem görkezildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çykyşy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi.

Soňra Türkmenistanyň at gazanan arhitektory hormatly Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylyş toý bagyny kesdi. Şol pursatda dürli reňkdäki şarlar asmana uçuryldy. Soňra döwlet Baştutanymyz institutyň täze binalar toplumynda döredilen şertler bilen tanyşdy.

Institutyň eýwanynda ýörite gurnalan monitoryň üsti bilen täze binalar toplumy barada maglumat berildi. Institutyň umumy meýdany 32,2 gektara barabar bolup, döwrebaplygyň we milli äheňleriň sazlaşygyny özünde jemleýär. Bu ýokary okuw mekdebiniň dolandyryş bölümleri üçin niýetlenen baş binasynyň depesinde binagärlik hem-de inženerçilik senediniň baş nyşany bolan sirkulyň we ölçeg guralynyň şekili ýerleşdirilipdir. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda üstünlikli durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen döwrebap sazlaşygy emele getirýär. Täze binalar toplumynda institutyň professor-mugallymlarynyň okuw işini has-da döwrebap alyp barmaklary, talyplaryň bolsa dünýä standartlaryna laýyklykda ýokary hilli bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin ähli amatly şertler döredilipdir.

Talyplar ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin döredilýän mümkinçilikler, şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurlup ulanmaga berlendigi üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz aýdym-sazly çykyşlara tomaşa etdi. Soňra döwlet Baştutanymyz institutyň mejlisler zalyna bardy we bu ýerde sanly ulgam arkaly Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Sanly ulgam arkaly göni ýaýlymda Hormatly il ýaşulusy E.Talipow Arkadagly Gahryman Serdarymyzdan institutyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna ak pata bermegini haýyş etdi. Döwlet Baştutanymyz institutyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna ak pata berdi.

Dabara gatnaşýan hormatly ýaşulular toý bagyny kesdiler. Soňra Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda döredilen şertler bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi.

Täze binalar toplumynyň meýdany 26 gektara golaý bolup, bu ýerde talyp ýaşlar, professor-mugallymlar, hünärmenler üçin zerur bolan ähli amatlyklar göz öňünde tutulypdyr. Institutyň täze binalar toplumy baş binany, mejlisler zalyny, okuw binalaryny, müň orunlyk naharhanany, kitaphanany, ähli amatlyklary bolan 2 müň orunlyk 6 sany umumy ýaşaýyş jaýyny, sport meýdançalaryny hem-de beýleki tehniki desgalary öz içine alýar. Bilim ojagynyň täze binalar toplumynyň okuw otaglaryna kämil sanly tehnologiýalar ornaşdyrylypdyr. Okuw binalarynda talyplaryň ylmy-barlag işlerini alyp barmaklary üçin onlarça tejribehana otagy hereket edýär. Olar himiýa, biologiýa, fizika, zähmet we tehnologiýalaryň esaslary, defektologiýa ýaly beýleki ugurlara degişli tejribehanalar bolup, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilendir.

Bu ýerde taryh, arheologiýa we etnografiýa, ösümlik, haýwanat dünýäsi muzeýleri hereket edýär. Muzeýlerde ýurdumyzyň baý medeni mirasy, taryhy-medeni ýadygärlikleri, ösümlik we haýwanat dünýäsi, sanly bilim ulgamy, ýokary okuw mekdebiniň taryhy barada maglumat berýän eksponatlar ýerleşdirilipdir. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynda 1 milliona çenli kitaby saklamaga niýetlenen döwrebap kitaphana binasy bolup, ol 700 orunlyk okalga zalyndan, 100 orunlyk elektron kitaphanadan ybarat. Institutyň kitaphanasynda okuw kitaplarynyň, ylmy, ylmy-köpçülikleýin we çeper edebiýatlaryň baý gorunyň, täze okuw neşirleriniň, olaryň elektron göterijilerdäki nusgalarynyň bolmagy talyplaryň ähli zerur okuw-usuly, ylmy maglumatlar bilen üpjün edilmeginde hem-de berilýän bilimiň has içgin özleşdirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.

Institutyň täze binalar toplumyndaky sport binasy, sport meýdançalary dünýä standartyna laýyk gelmek bilen, bu ýerde futbol meýdançasy, woleýbol, basketbol üçin ýörite sport zallary hem-de beýleki sport desgalary ýerleşýär.

Soňra Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumyna halkara güwänamalary gowşurmak dabarasy boldy. lki bilen, «Cert International» halkara guramasynyň wekili Marat Habibuline söz berildi.

Ol hormatly Prezidentimizi we dabara gatnaşyjylary mübärekläp, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy we «Cert International» guramasynyň adyndan instituta ISO-nyň 5 sany halkara standartyna laýyklyk güwänamalaryň gowşurylýandygyny aýtdy. Munuň özi institutyň ýokary derejesini tassyklap, täze binalar toplumy bilim, ylym, sanly tehnologiýalar, halkara hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýar. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Türkmenistanda we GDA ýurtlarynda bir wagtda şu bäş halkara standart boýunça sertifikatlaşdyrylan ilkinji ýokary okuw mekdebidir.

Soňra M.Habibulin döwrebap bilim ojagynyň täze binalar toplumynyň hil dolandyryş ulgamyna degişli ISO 9001:2015 halkara standartyna; daşky gurşawy dolandyrmak ulgamyna degişli ISO 14001:2015 halkara standartyna; zähmet howpsuzlygy we saglygy goramak dolandyryş ulgamyna degişli ISO 45001:2018 halkara standartyna; bilim guramalary üçin dolandyryş ulgamyna degişli ISO 21001:2018 halkara standartyna; maglumat howpsuzlygyny dolandyrmak ulgamyna degişli ISO 27001:2022 halkara standartyna laýyk gelýändigini tassyklaýan halkara güwänamalary gowşurdy.

Soňra Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýana söz berildi. Ol hemmeleri bu şanly waka bilen gutlap, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistanyň köpýyllyk ygtybarly hyzmatdaşydygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Ösüş maksatnamasynyň hünärmenleri institutyň alymlary we hünärmenleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edip, innowasion hem-de ekologik taýdan netijeli tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna ýardam berdiler. Institutyň täze binalar toplumyna döwrebap ekologik standartlara hem-de durnukly ösüş ýörelgelerine laýyk gelýändigini tassyklaýan abraýly halkara güwänamalaryň gowşurylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Bu toplum diňe bir döwrebap okuw meýdançasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, geljekki binagärleri, inženerleri we gurluşykçylary taýýarlaýan ylmy-tejribe binýadydyr.

Hanym Narine Saakýan pursatdan peýdalanyp, durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlylygy, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy üçin Türkmenistanyň Hökümetine hoşallygyny beýan etdi hem-de energiýa netijeliligi boýunça “ýaşyl” güwänamany; suw tygşytlaýjy tehnologiýalar boýunça “ýaşyl” güwänamany; talyp ýaşlary durnukly energetikany ösdürmäge çekmek boýunça “ýaşyl” güwänamany; suw serişdelerini tygşytlamak we dolandyrmak boýunça güwänamany; energiýa netijeliligi we monitoring boýunça güwänamany; şeýle hem bilim we hünär başarnyklaryny artdyrmak boýunça güwänamany gowşurdy.

Soňra «Pearson VUE» kompaniýasynyň «Certiport» bölüminiň dolandyryjy direktory Kenworti Taý Jozefe söz berildi. Ol bu dabara gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, wekilçilik edýän düzüminiň adyndan döwrebap bilimi, sanly tehnologiýalary hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän uly ünsi üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan etdi.

“Şu gün biz Türkmenistanda bilim mümkinçiliklerini giňeltmekde möhüm ädimiň şaýady bolýarys. Ýokary okuw mekdebine «Certiport» tarapyndan ygtyýarlandyrylan halkara synag merkeziniň derejesi berilýär. Bu bolsa instituta «Certiport» halkara güwänamasyna laýyklykda synaglary geçirmäge we talyplardyr hünärmenlere öz hünär hem-de sanly başarnyklaryny halkara ykrar edilen standartlar boýunça tassyklamaga mümkinçilik döreder” diýip, myhman belledi hem-de institutda «Certiport» tarapyndan ygtyýarlandyrylan halkara synag merkeziniň (Certiport Authorized Testing Center) döredilendigi baradaky güwänamany gowşurdy.

Halkara güwänamalary gowşurmak dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz institutyň okuw binasynyň ýokary hilli, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen okuw otaglary bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, binagärlik we seýsmika durnukly gurluşyk-barlag tejribehanasyna geldi. Bu ýerde institutyň mugallymy hem-de talyplary hormatly Prezidentimizi döwrebap enjamlar bilen tanyşdyrdylar. Bellenilişi ýaly, tejribehanada Italiýanyň «Moho», «Sara Electronic Instruments» kompaniýalarynyň ýertitremeler we seýsmiki gözlegler üçin enjamlary, Şweýsariýanyň «Leica» kompaniýasynyň ýokary takyklykdaky geodezik ölçegleri geçirmek üçin enjamlary, Türkiýäniň «UTEST» kompaniýasynyň gurluşyk serişdeleriniň, boýaglaryň, betonlaryň galyňlygyny ölçemek üçin niýetlenen enjamlary ýerleşdirilipdir.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz «Motion Systems PS-6TM-550» enjamynyň aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy.

Nygtalyşy ýaly, bu enjam binagärlik, gurluşyk inženerçiligi, seýsmiki barlaglar üçin niýetlenen ýokary takyklykly döwrebap synag meýdançasydyr. Ol tejribehanalarda hakyky ýertitremeleriň yrgyldylarynyň täsirini döretmekde, binalaryň durnuklylygyny barlamakda ulanylýar. Enjamyň üstünde iki sany dürli gurluşyk usuly we binagärligi taýdan tapawutlanýan jaýyň kiçeldilen nusgalary ýerleşdirilip, hakyky ýertitremeleriň yrgyldylary emeli usulda döredilip, olaryň durnuklylygy synagdan geçirilýär. Synag pursadynda jaýlaryň göteriji sütünlerindäki ýörite duýujy gurallar arkaly alynýan yrgyldy hem-de beýleki maglumatlar sanly ulgama geçirilýär we ýörite programma üpjünçiligi arkaly 3D görnüşde göni ekrana çykarylýar. Netijede, ýertitremeleriň täsirleri tejribäniň üsti bilen anyklanylýar.

Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz tejribehanada ornaşdyrylan «Sara Electronic Instruments» kompaniýasynyň önümi bilen tanyşdy. Bellenilişi ýaly, bu enjamlar toplumy ýertitremeleri hasaba almak, möhüm desgalaryň yrgyldy ýagdaýyny uzak möhletleýin gözegçilikde saklamak, seýsmiki monitoringi alyp barmak üçin niýetlenendir. Bu toplumyň ýokary duýgur sensorlary ýeriň, desgalaryň has ujypsyz yrgyldylaryny hem ýazga alyp, olary sanly görnüşde seljermäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, bu enjam binalaryň, köprüleriň, önümçilik desgalarynyň, beýleki wajyp gurluşlaryň ýagdaýyny yzygiderli gözegçilikde saklaýar.

Institutyň mugallymy we talyplary Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumyny gurduryp berendigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňra hormatly Prezidentimiz talyplary institutyň täze binalar toplumynyň açylmagy bilen gutlady hem-de elektromehanika tejribehanasyna bardy.

Bu ýerde talyplar maşyn gurluşygy, elektroenergetika, önümçiligi awtomatlaşdyrmak ýaly ugurlar boýunça tejribe işlerini alyp bararlar. Tejribehanada ýerleşdirilen döwrebap enjamlar arkaly elektrik ulgamlaryň, hereketlendirijileriň, dolandyryş enjamlarynyň işleýşi öwrenilýär, dürli synaglar geçirilýär. Bu ýerde Kanadanyň «CM LABS» kompaniýasynyň agyr tehnikalary, gurluşyk mehanizmlerini dolandyrmagy öwretmek üçin niýetlenen döwrebap interaktiw okuw türgenleşik enjamy ornaşdyrylypdyr. Bu enjamda 10-a golaý dürli gurluşyk tehnikasynyň işleýiş maksatnamalary ýerleşdirilýär. Enjam agyr gurluşyk tehnikalaryny ýa-da ulaglary sanly gurşawda howpsuz dolandyrmagy öwretmekde ulanylýar. Bu türgenleşik enjamyň kömegi bilen talyplar gurluşykda ulanylýan tehnikalaryň dolandyryş panellerini dogry we takyk peýdalanmagy, ýer tekizlemek, ýer gazmak, ýük götermek ýaly işleri has takyk, ýokary hilli ýerine ýetirmegi öwrenerler. Tejribehanada kebşirleýji hünärmenleri taýýarlamak üçin Ispaniýanyň «Seabery» kompaniýasynyň «Soldamatic» wirtual simulýator enjamy ulanylýar. Bu enjam “AR” tehnologiýasyna esaslanýan kebşirleme işlerini okatmaga niýetlenen häzirki zaman ulgamydyr. Ol wirtual ulgamda dürli kebşirleme seplerini emele getirip, işiň gidişini wirtual esasda bahalandyrmaga mümkinçilik berýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz Germaniýanyň «Lucas Nülle» kompaniýasynyň synagdan geçirmek üçin taslama enjamlarynyň toplumy bilen tanyşdyryldy. Bu enjamlar toplumy «CRK 11 Kuka» senagat roboty bilen üpjün edilendir. Toplum mehatronik synag stansiýasy arkaly giňişleýin barlag işlerini ýerine ýetirýär. Dürli sensorlar enjamda ýerleşdirilen taýynçanyň düzümini barlaýar ýa-da synagdan geçirýär. Synagyň netijeleri ýörite işlenip düzülen «Profinet» ulgamy arkaly robota iberilýär. Synagyň netijelerine baglylykda, robot degişli hereketleri etmäge ukyplydyr.

Talyplar ähli mümkinçilikler döredilen täze ýokary okuw mekdebini gurduryp berendigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler.

Soňra hormatly Prezidentimiz mugallymlary we talyplary täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de umumy himiýa tehnologiýasy tejribehanasyna baryp, bu ýerde döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy.

Tejribehanada Germaniýanyň öňdebaryjy «Spectro» kompaniýasy tarapyndan öndürilen, rentgen flýurosent derňewi üçin niýetlenen «Spectrocube» enjamy ornaşdyrylypdyr. Bu enjam rentgen şöhleleriniň kömegi bilen barlanylýan nusganyň düzümindäki himiki elementleriň mukdaryny ýokary takyklykda kesgitleýär. Barlaga başlamazdan ozal, barlanylýan sement nusgasy 100 mikrondan kiçi bolan bölejiklere çenli owradylýar. Taýýar bolan nusga ýörite gapjagazda enjama ýerleşdirilýär we barlanylýar. Barlagyň netijesinde sement nusganyň düzümindäki Ca, Si, Fe, Al ýaly elementleriň mukdary ýokary takyklykda kesgitlenilýär. Netijeler kompýuteriň ekranynda görkezilýär.

Tejribehanada hormatly Prezidentimiz Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary arkaly geçirilýän derňewler bilen hem tanyşdyryldy. Bu ýerde ýokary hilli gaz hromatogram enjamy, ştangenserkul enjamy, HPLC suw hromotograf enjamlary ýerleşdirilipdir. Bu enjamlar talyplara himiki garyndylary, olaryň düzümini iň kiçi mikrolitr ölçeginde kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa talyplaryň nazaryýetde alan bilimlerini önümçilikde özleşdirmeklerine şert döredýär.

Talyp ýaşlar ähli mümkinçilikler döredilen täze ýokary okuw mekdebini gurduryp berendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Döwlet Baştutanymyz talyplara okuwlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimize Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň adyndan ajaýyp türkmen halylary sowgat berildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz institutlaryň Hormatly myhmanlarynyň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Institutyň rektory Şa serpaýy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň agzalary Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, Gahryman Arkadagymyzy Bilimler we talyp ýaşlar güni, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylmagy bilen hemmeleri ýene-de bir gezek gutlady we olara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Şeýlelikde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylmagy ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe ajaýyp toý sowgady bolup, bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüldi.

* * *

Şu gün hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen açylyp ulanmaga berlen Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna halkara güwänamalary gowşurmak dabarasy boldy.

Şolaryň hatarynda innowasion pedagogikany durmuşa ornaşdyrýandygy üçin Russiýa Federasiýasynyň Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň güwänamasy; Türkmenistanda mugallymçylyk ugrundan hünärmenleri taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmaga hem-de bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga goşan uly goşandy üçin “Geljege goşant” atly howandarlyk gaznasynyň güwänamasy; Türkmenistanda durmuş ulgamynda bilimi ýokarlandyrmaga we inklýuziw bilimi ösdürmäge goşan aýratyn goşandy hem-de hyzmatdaşlygy üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň güwänamasy; täze, döwrebap binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berlendigi üçin ÝUNESKO-nyň Bilimde maglumat tehnologiýalary institutynyň Minnetdarlyk haty; ÝUNESKO-nyň Halkara uniwersitetler assosiasiýasynyň agzalyk güwänamasy bar.

Güwänamalary gowşurmak dabarasyndan soňra, instituta hormatly Prezidentimiziň adyndan awtoulaglaryň açarlary gowşuryldy.

* * *

Şu gün Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli toý sadakalary berildi.

02.09.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy

Arkadag şäheri, 29-njy awgust (TDH). Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik sungatynyň aýdyň nyşany hökmünde ykrar edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan işler, döwrebaplaşdyrylýan Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky işleriň barşy bilen tanyşdy.

Gün-günden gözelleşýän Arkadag şäheriniň keşbinde häzirki zamanyň ösen tejribesi, binagärligiň döwrebap usullary öz beýanyny tapýar. Şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan işler batly depginde dowam edýär. Bu ýerde dürli maksatly desgalaryň gurluşyk işlerini çaltlandyrmak ugrunda degişli düzümler bilelikde tagalla edýärler. Ikinji tapgyrda gurulmagy meýilleşdirilen desgalaryň taslamalary we gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeleriň berklik, amatlylyk derejesi häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär. Bu bolsa şähergurluşyk maksatnamasynyň ýokary derejede amala aşyrylmagyny, Arkadag şäheriniň dürli maksatly desgalarynyň bir bitewi binagärlik sazlaşygyny üpjün edýär.

...Ir bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň 30 müň adama niýetlenen metjidiniň çäklerinde gurulýan muzeýiň ýanyna geldi. Bu ýerde Milli Liderimiz mähirli garşylanyldy. Gahryman Arkadagymyz muzeýiň binasynyň daşky keşbini we bezeg aýratynlygyny synlady. Hajy Arkadagymyz muzeýiň içiniň, daşynyň bezeg işlerine, binanyň ýanaşyk ýerleriniň ýokary derejede abadanlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi hem-de bu babatda maslahatlaryny berdi.

Milli Liderimiz binanyň içine girip, bu ýerde oturdylan sanly tanyşdyrylyş ulgamynyň aýratynlyklaryny gözden geçirdi. Muzeý gymmatlyklary halkymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän däpleriniň häzirki günde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýändigini subut edýär. Bu ýerde halkymyzyň şöhratly ýoluny görkezýän gymmatlyklar öz beýanyny tapar. Muzeýiň gymmatlyklary sanly ulgam esasynda görkeziler. Munuň özi Arkadag şäherinde zähmet çekýän ýaşlaryň pikirleriniň peýdalanylmagynyň netijesidir. Gahryman Arkadagymyz ýaşlara, olaryň tekliplerine wajyp ähmiýet berilmelidigini yzygiderli nygtaýar. Arkadag şäheriniň gurluşyk işlerinde-de ýaşlaryň pikirlerini netijeli ulanmagy maslahat berýär. Çünki döwrebap pikirleniş ukybyna eýe bolan ýaşlar ýurdumyzyň geljegidir. Arkadag şäheri hem ýaş, döwrebap şäherdir. Arkadagly ýaşlar sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden oňat baş çykaryp, internet arkaly innowasion tehnologiýalara degişli derejede erk edip bilýärler, intellektual mümkinçilikleriň ähmiýeti barada düşünjelerini paýlaşýarlar.

Bu ýerde döwrebap tehnologiýaly, 3D monitorly animasiýa görnüşli wideoşekiller görkezildi. Emeli aň tehnologiýasy ornaşdyrylan monitorda taryhda şöhratly yz goýan we häzirki döwrümiziň guwanjyna öwrülen ahalteke bedewleriniň şekilleri ýerleşdirilen halylar görkezilip, olar barada giňişleýin maglumat berilýär. Maglumatlarda halylar, bedewler, türkmen tebigaty öz beýanyny tapýar. Gözellikleriň ählisi haly çitimlerine siňendir. Bu tanyşdyrmalaryň üç dilde — türkmen, iňlis, rus dillerinde amala aşyrylmagy ýola goýlupdyr. Monitor arkaly gözleýän ugruňa degişli düwmäni basyp, özüňi gyzyklandyrýan maglumatlar bilen tanşyp bolýar. Innowasion tehnologik gurluşly monitoryň ýüzünde Watanymyzyň gözel tebigatyny, dag-derelerde, ýaýlalarda ahalteke bedewleriniň we taýçanaklaryň çapyp barýan pursatlaryny, bedew şekilleri çitilen halylary 3D görnüşli animasion wideoşekiller arkaly synlap bolýar. Bu bolsa muzeýe gelýänlerde täsin duýgulary döreder.

Milli Liderimiz bu görnüşleri synlap, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa birnäçe degişli belliklerini aýdyp, maslahatlaryny berdi hem-de şunda ýaşlaryň pikirlerini köpräk peýdalanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. “Ahalteke bedewiniň türkmen halysy we tebigatymyz bilen utgaşmasy ajaýyp sazlaşygy döredýär. Milli mirasymyza degişli gymmatlyklarymyzyň tebigat bilen aýrylmaz arabaglanyşyklydygyny halkymyza, şol sanda bu ýere geljek daşary ýurtly myhmanlara görkezýäris” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de şeýle innowasion tehnologik gurluşly sanly ulgamy muzeýiň ähli ýerinde ornaşdyrmagy maslahat berdi.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygyna Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň çäginde taslamalary amala aşyrylýan çagalar bagynyň hem-de daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdebiň şekil taslamalary we çyzgylary görkezildi. Bu ýerde D.Orazow şekil taslamalary, olara degişli alnyp barylýan işler boýunça maglumat berdi.

Çagalar baglaryna, mekdeplere degişli taslamalar ýurdumyzda çagalar hakyndaky aladanyň Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Milli Liderimiz ýaşlar baradaky aladany hemişe öňdäki orunda goýup, olaryň hemmetaraplaýyn düşünjeli, döwrebap pikir-garaýyşly, sagdyn ösüp, hakyky watançylar bolmaklarynyň ýurdumyzyň geljekki ykbalyny kesgitleýän güýçdügini nygtaýar. Şoňa görä-de, bu ýörelgeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna hödürlenen şekil taslamalary hem şol işleriň nobatdaky aýdyň mysalydyr. Taslamalarda bilim-terbiýeçilik edaralarynyň gurluşygynda ulanylmagy meýilleşdirilýän ýere düşeljek we diwarlara goýuljak mermer bezeg daşlarynyň dürli görnüşleri görkezildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy şekil taslamalary, berlen maglumatlar bilen tanyşlygyň dowamynda olara birnäçe belliklerini aýdyp, käbir düzedişleri girizdi hem-de degişli maslahatlaryny berdi. Gahryman Arkadagymyz çagalar bagynyň, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdebiň milli aýratynlyklar esasynda degişli bezegler bilen üpjün edilmeginiň zerurdygyny belledi. “Çünki ýaşlar alan milli terbiýesi esasynda geljekde ösüşlere goşant goşup, Watanymyzyň bedew badyna dahylly bolarlar. “Şoňa görä-de, olaryň häzirki wagtdan kalbynyň, aňynyň millilige ýugrulan watansöýüjilik ruhuna baý bolmagyny gazanmak gerek” diýip, Milli Liderimiz aýtdy.

Diýarymyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasaty ýaş türkmenistanlylaryň sagdyn ösmegi, kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi ugrunda has amatly şertleri döretmäge, jemgyýetiň we döwletiň bähbidine olaryň aň-paýhas, döredijilik, ruhy kuwwatyny doly derejede amala aşyrmak üçin mümkinçilikleri giňeltmäge gönükdirilendir. Ýaş raýatlaryň hukuk, durmuş goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna mahsus ruhy-ahlak, medeni gymmatlyklary, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek Türkmenistanyň ýaşlar strategiýasynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilip, täze wezipeler kesgitlenilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap çagalar baglary we mekdepler gurulýar. Çünki hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýaşlar Watanyň daýanjydyr. Olar ýurdumyzyň geljegidir.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna tarap ugrady. Milli Liderimiz toplumyň atly sport oýunlary binasyna geldi. Bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepow hem çagyryldy. Milli Liderimize Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryndan, Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewlerinden ugur alnyp taýýarlanylan şekil taslamalary görkezildi.

Wise-premýer T.Atahallyýew toplumy döwrebaplaşdyrmak, şol sanda onuň daş-töweregini abadanlaşdyrmak, mundan beýläk-de bagy-bossanlyga öwürmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berdi. Topluma degişli binalaryň içki we daşky durkuny özgertmek ugrunda alnyp barylýan işleriň häzirki ýagdaýy barada giňişleýin durlup geçildi.

Hormatly Arkadagymyz beýan edilen maglumatlar we görkezilen şekil taslamalary bilen tanşyp, olara degişli käbir belliklerini aýtdy, maslahatlaryny berdi. Milli Liderimiz atşynaslardan gelip gowşan teklipler esasynda bu ýerdäki at çapyşyklaryna niýetlenen ýodanyň döwrebaplaşdyryş işleri geçirilende, onuň düşegine öz ýurdumyzyň topragynyň ulanylmalydygyny belledi. Çünki türkmen topragy arassalygy, peýdalylygy bilen tapawutlanyp, bedewleriň çapyşygynda olaryň aýak urşuna kybap gelýär. Halk Maslahatynyň Başlygy topluma gelýänleriň ahalteke bedewlerimiziň çykyşlaryny, dürli çäreleridir ýaryşlary, şol sanda at çapyşyklaryny synlamaklary üçin ähli amatlyklaryň bolmalydygyny aýratyn nygtady. “Özi-de halkymyzyň milli aýratynlyklaryndan ugur alnyp, bu ýerde döredilýän amatlyklar Köpetdagyň bu ajaýyp künjeginiň tebigy şertleri bilen sazlaşykly utgaşmalydyr” diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde-de sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmalydygyna ünsi çekip: “Toplumyň çägindäki muzeýiň, edara binasynyň haýatlarynyň we bassyrmalarynyň her biriniň döwrebaplaşdyryş işleri öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmelidir. Bu ýerdäki Aba Annaýew şäherçesinde ýaşaýan atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyryp, olar üçin has amatly şertler üpjün edilmelidir hem-de bu işleriň gadyr-gymmatyna oňat düşünilmegi gazanylmalydyr” diýip nygtady. Bellenilişi ýaly, at çapyşyklaryna niýetlenen toplumyň aýlaw meýdançasynyň ýaşyl zolakly böleginiň merkeziniň bezeg serişdeleri yşyklar arkaly döwrebaplaşdyrylmalydyr, şonuň ýaly-da toplumyň gijeki görnüşleri dürli yşyklandyryjy we ýagtylandyryjy serişdeler bilen şugla saçmalydyr. Gahryman Arkadagymyz bu babatda maslahatlaryny berip, amala aşyrylýan işleriň Watanymyzyň ýokary we döwrebap derejede uly ösüşleri gazanýandygyny alamatlandyrmalydygyny belledi. Munuň özi “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda aýratyn many-mazmuna eýe bolar.

Soňra Gahryman Arkadagymyz toplumyň atly sport oýunlary binasynyň ýapyk manežine baryp, adaty endigine görä, öz seýislän Hanbeg atly bedewi bilen didarlaşdy hem-de ynsan gylykly bedewinde birsellem gezim etdi. Aty seýislemek we at çapmak boýunça baý tejribe toplan Milli Liderimiz bedewi ilki gorgunyna goýberdi, soňra bolsa az-kemden onuň badyny artdyrdy. Şol pursat atyň bady tizlendi. Şeýle pursatlarda ösüşleriň belentliklerini nazarlaýan ýurdumyzyň okgunly gadamlary öz beýanyny tapýar.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasyny tassyklamagy şu ýylyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirdi. “At — myrat” diýen paýhasly jümläni döreden halkymyz nurana arzuwlaryny, beýik maksatlaryny ahalteke bedewleri bilen baglanyşdyrypdyr. Bedewler toý-baýramlaryň baş bezegidir. Häzirki döwürde şöhratly pederlerimiziň bedewleri bilen baglanyşykly dünýä nusgalyk ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde has-da ösdürilýär. Şunda Milli Liderimiziň ahalteke bedewleri baradaky düýpli ylmy-köpçülikleýin eserleri örän uly ähmiýete eýedir. «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly kitaplarda gözbaşy müňýyllyklara uzaýan ahalteke atlarynyň özboluşly aýratynlyklary açylyp görkezilýär.

Gahryman Arkadagymyz Hanbeg atly bedewde gezim etmegini tamamlady. Munuň özi ynsan bilen bedewiň birek-birege bolan garaýşynyň çuňňurdygynyň aýdyň nyşanydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda Milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ahalteke bedewleriniň halkara giňişlikdäki abraýy belende göterilýär. Şunda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýä derejesinde gazanan köp sanly üstünliklerini bellemek gerek. Ýakyn günlerde bolsa ahalteke bedewleriniň şanyna Niderlandlar Patyşalygynda halkara çäreler geçiriler. Bu bolsa türkmeniň milli gymmatlygynyň dünýädäki şan-şöhratynyň has-da belende galmagynda taryhy waka öwrüler.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň girelgesiniň ýanynda ýerleşdirilen şekil taslamalaryny synlady. Olarda Arkadag şäheriniň Ahalteke atlary şaýolunyň “Taýçanak” binasyndan “Polatly” binasyna çenli aralykdaky ýoluň gurluşygyna degişli çyzgylar, şekiller görkezildi. Bu şekil taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow maglumat berip, işleriň alnyp barlyşy, ulanylmagy göz öňünde tutulýan gurluşyk, bezeg serişdeleri we beýlekiler barada aýtdy.

Hormatly Arkadagymyz ýol gurluşygy boýunça işleriň depginini gowşatmaly däldigini belledi we ýoluň gurluşygynyň ýokary hilini üpjün etmäge örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, ýollarda ulaglar, adamlar üçin oňaýlylyk we rahatlyk gazanylmalydyr. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, ýoluň ugrunda döredilýän bagy-bossanlyga-da aýratyn üns berilmeginiň, onuň gyralarynda atlaryň heýkelleriniň öz wagtynda, ýokary hil derejesinde oturdylmagyny üpjün etmegiň möhümdigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň hem-de beýleki degişli düzümleriň ýolbaşçylary işlerini sazlaşykly gurap, utgaşykly alyp baranlarynda, ýokary netijeleri gazanyp boljakdygyny aýdyp, öz maslahatlaryny berdi. Gahryman Arkadagymyz ýolbaşçylara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

31.08.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 28-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebejini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Ilçi duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ata Watany Türkmenistanda Türkiýe Respublikasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz Prezident Rejep Taýyp Ärdogana iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Şener Jebejini Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barjak ýokary diplomatik wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan üçin Türkiýe Respublikasy iň ýakyn doganlyk döwlet bolmak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklar uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedir. Iki ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklar özara hormat goýmak, birek-birege ynanyşmak esasynda alnyp barylýar. Ýokary döwlet derejesindäki gatnaşyklar, Hökümet wekiliýetleriniň yzygiderli amala aşyrýan özara saparlary we gepleşikler hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly çärelere gatnaşmagynyň ýokary derejede alnyp barylýan döwletara hyzmatdaşlygyň has-da ilerledilmegine täze itergi berendigini nygtady.

Ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn derejede däl, eýsem, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Bu babatda halkara syýasatyň we sebit gatnaşyklarynyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri boýunça, hususan-da, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde iki ýurduň garaýyşlarynyň meňzeşdigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdyp, Türkiýäniň ýurdumyzyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridigini nygtady. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara topara we işewürlik geňeşine uly orun degişlidir.

Söhbetdeşligiň dowamynda iki döwletiň we olaryň halklarynyň arasynda medeniýet, ylym, sungat, döredijilik ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň giň gerimde alnyp barylýandygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz diplomatyň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynam bildirdi.

Şener Jebeji bildirilen uly ynam üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, diplomatik wezipesinde iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, Türkiýe bilen Türkmenistanyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yhlasly zähmet çekjekdigine ynandyrdy.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa

Gadyrly dostum!

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Şener Jebejini Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň şahsy häsiýetleri we ukyp-başarnyklary öz wezipesini Siziň Alyhezretiňiziň ynamyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi, şeýle hem meniň adymdan we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Size bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna abadançylyk, dostluk baradaky arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Rejep Taýyp ÄRDOGAN,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.

29.08.2026