Täzelikler
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 3-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri girizildi. Şeýle hem mejlisde Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol, ilki bilen, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli şahsy düzüminiň adyndan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesi mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny hem-de işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglandygy üçin Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa ýene bir gezek tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi hem-de döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek, şeýle hem Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak maksady bilen zerur çäreler görüldi. Şunuň bilen birlikde, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak boýunça geçirilýän işler, şeýle-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişiň netijeleri barada aýdyldy.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine häzirki wagtda dowam edýän, raýatlary harby gulluga çagyrmak we harby gullukdan boşatmak işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine geçirilen prokuror gözegçiliginiň netijeleri hem-de prokuratura edaralaryny ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň kanunçylyk namalarynyň berjaý edilmegine prokuror gözegçiligini amala aşyrmak işlerini dowam etmegiň, şeýle hem döwlet we jemgyýetçilik bähbitleriniň, raýatlaryň hukuklarynyň goralmagyny hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny belledi we bu babatda Baş prokurora birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow şu ýylyň başyndan bäri gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan jemgyýetçilik düzgün-tertibini we ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, hukuk bozulmalaryň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilen işler, şeýle hem sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” şygary bilen geçirilen biraýlygyň jemleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertip-düzgünini üpjün etmek, hukuk bozulmalaryň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi hem-de ministre ýol hereketiniň kadalarynyň we ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berjaý edilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýanwar — sentýabr aýlarynda gözegçilik edýän düzümleriniň işini kämilleşdirmek we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak, kazyýet edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunçylygy üpjün etmek, raýatlaryň hukuklaryny goramak, şeýle hem kazyýet ulgamyny ösdürmek, işgärleriň hünär bilimini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmegiň zerurdygyny belledi we şunuň bilen baglylykda Ýokary kazyýetiň başlygyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri D.Meredow şu ýylyň dokuz aýynda döwletimiziň milli bähbitlerini goramak we ýurdumyzda asudalygy üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen maksatnamalaýyn işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, ministrlik tarapyndan alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem netijeli dowam etmegiň möhüm ähmiýetini belledi we bu babatda ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy I.Ilamanow şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barlan işler, harby gullukçylaryň gulluk şertlerini we ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň serhediniň dost-doganlyk serhedidigini belledi hem-de gullugyň ýolbaşçysyna serhet goşunlaryny ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda mukaddes serhetlerimiziň goraglylygyny yzygiderli üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra adalat ministri M.Taganow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen alnyp barlan işler, şeýle hem işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we ministrligiň işine öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirmek işini dowam etmegiň möhümdigini belledi hem-de ýurdumyzda kabul edilýän hukuk namalarynyň kanunçylyga laýyk gelmegine yzygiderli gözegçilik etmegi ministre tabşyrdy.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe ýolbaşçylyk edýän düzüminde alnyp barlan işleriň netijeleri, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen görlen çäreler we degişli ösüş maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, gümrük nokatlarynda gümrük düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmegiň, bu ugurda öňdebaryjy tejribeleriň yzygiderli ornaşdyrylmagynyň möhüm ähmiýetini belledi hem-de gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow şu ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işleriň netijeleri, gullugyň işine öňdebaryjy tejribäni işjeň ornaşdyrmak hem-de düzümi ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen geçirilen çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem gullugyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik däplerinden ugur alyp, daşary ýurt raýatlarynyň bir toparyna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek baradaky resminama gol çekendigi üçin ýolbaşçylyk edýän düzüminiň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi hem-de döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gullugyň işini has-da döwrebaplaşdyrmak we raýatlara ýokary hilli hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe görkezmeleri berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we bu ugurdaky işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň parahat hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

05.10.2026
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 2-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Türkmenistanyň Mejlisinde ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 8-si we Mejlisiň kararlarynyň 14-si kabul edildi. “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda” we “Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Şeýle hem raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, buhgalterçilik hasaba alnyşyny we maliýe hasabatlylygy kämilleşdirmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Mejlisde daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlarynyň 7-si kabul edildi. Şeýle hem dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 37-si geçirildi. Halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 93-sine gatnaşyldy. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 20-si amala aşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň we ýurdumyzyň hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň möhüm ähmiýete eýedigini we şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmegi dowam etmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň dokuz aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 3 göterime, gurluşykda 6,7 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterime, söwdada 8,4 göterime, oba hojalygynda 4,1 göterime we hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda jemi öndürilen önüm 9,9 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 10,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 8,3 göterim artdy.

Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 100,1 göterim we çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,2 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary hem-de talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,5 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2026-njy ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini kämilleşdirmegi dowam etmegiň, geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasyny seljerip, bu ugurda alnyp barylýan işleri çaltlandyrmagyň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz wise-premýere jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak, pudaklary sazlaşykly ösdürmek boýunça zerur çäreleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça 2026-njy ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 109,1 göterim ýerine ýetirildi.

Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 106,8 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 119,3 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 114,7 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 112 göterim berjaý edildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 109,1 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, toplumyň kärhanalaryny doly kuwwatynda işledip, ýokary hilli önümleri öndürmegiň wajypdygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere nebitgaz ýataklarynyň täze gorlaryny açmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän toplumynda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 124,2 göterime barabar boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 113,3 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 103,4 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 105,1 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 140,3 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 125,8 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 100,2 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 120,3 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 102,5 göterime hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 104,3 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 144,2 göterim ýerine ýetirildi.

Häzirki wagtda ýurdumyzda bugdaý ekişi, şeýle hem pagta ýygymy dowam edýär. Pagta hasylyny gysga wagtda ýygnap almak hem-de pagta arassalaýjy kärhanalarda kabul edilen hasyly gaýtadan işlemek boýunça degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işlerini, şol sanda pagta ýygymynyň depginini artdyrmak boýunça işleri berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça zerur işleri amala aşyrmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 120,9 göterim berjaý edildi.

Öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça 102,8 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 128,3 göterim, Energetika ministrligi boýunça 107 göterim ýerine ýetirildi. Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 107,1 göterim berjaý edildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 127,7 göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasyna 130,9 göterim amal edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumy boýunça öndürilýän önümleriň möçberini has-da artdyrmak üçin degişli işleri alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere himiýa kärhanalarynyň doly kuwwatynda işlemegini gazanmak, energetika pudagyny yzygiderli ösdürmek, awtomobil ýollaryny gurmak hem-de durkuny täzelemek işlerini dowam etmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 113,2 göterime barabar boldy.

Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106,4 göterim ösüş depgini üpjün edilip, nah ýüplügiň önümçiligi 102,3 göterime, nah matalaryňky 100,9 göterime, tikin we trikotaž önümleriniňki 102,6 göterime, gön önümleriniňki 100,5 göterime deň boldy.

“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda gazanylan umumy girdejiniň ösüş depgini 107,6 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 222 birža söwdasy geçirilip, olarda 23 müň 460 şertnama hasaba alyndy. 2026-njy ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 107,3 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 18 sergi we 10 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 110,4 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 109,2 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň söwda toplumynyň önümçilik kärhanalaryny netijeli peýdalanmagyň, bazarlaryň hem-de söwda nokatlarynyň azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere dokma kärhanalarynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli dürli medeni çäreler we dabaralar geçirildi. “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry, “Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýollary” atly aýdym-sazly dabara guraldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli türkmen toýy bilen bagly aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi. Medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerine döwlet sylaglary gowşurylyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri jemlendi.

Hasabat döwründe Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi. Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen Ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň çäklerinde “Ahalteke bedewi — gözelligiň naýbaşy nusgasy” atly ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan edýän halkara bäsleşik, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň meşhur sungat ussatlarynyň konserti guraldy.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýyny has-da belende götermek, milli atçylyk mirasymyzy giňden wagyz etmek barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, “Sport” teleýaýlymynda “Bedew” atly täze gepleşik taýýarlanyp başlandy. Şeýle hem ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, medeni mirasymyzy giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň wajypdygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere taryhy-medeni ýadygärliklerimizi aýawly saklamak boýunça zerur işleri yzygiderli geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, şu ýylyň dokuz aýynyň dowamynda ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi, okatmagyň öňdebaryjy usullary bilim işine giňden ornaşdyryldy. Okuwçy we talyp ýaşlar halkara bilim bäsleşiklerine gatnaşyp, jemi 1040 medal gazandylar.

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ähli bilim edaralarynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly dabaraly nyzamlar, ilkinji okuw sapaklary geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň adyndan 1-nji synp okuwçylaryna noutbuk kompýuterleri sowgat berildi.

Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, şeýle hem Ahal we Lebap welaýatlarynda täze bilim edaralarynyň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi baýramçylyk çäreleriniň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Hasabat döwründe ylmy barlaglaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, täze tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagyna gönükdirilen işler dowam etdirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň alymlaryna professor, dosent, uly ylmy işgär alymlyk atlary dakyldy.

2026-njy ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp baryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk çäreler toplumy geçirildi.

Şeýle hem bedenterbiýäni, sporty ösdürmek boýunça işler dowam etdirildi. Türgenlerimiz halkara ýaryşlarda ýokary netijeleri görkezip, jemi 554 medal gazandylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, bilim edaralarynda ýaşlara döwrebap ylym-bilim bermek işine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ulanmaga beriljek häzirki zaman saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabarasyna gowy taýýarlyk görmegi we ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ministrlik tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatyny durmuşa geçirmek, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan hasabat döwründe degişli işler amala aşyryldy.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejedäki saparlar we duşuşyklar möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň dokuz aýynyň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Hytaýa, Awstriýa, Russiýa Federasiýasyna, Beýik Britaniýa, Eýrana, Owganystana hem-de Niderlandlar Patyşalygyna saparlary guraldy.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň dokuz aýynyň dowamynda Gazagystana, Azerbaýjana, Gruziýa, Gyrgyzystana hem-de Koreýa Respublikasyna saparlary amala aşyrdy.

Dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň Baş direktory, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş direktory, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşyklary geçirildi.

Mundan başga-da, hasabat döwründe BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory, Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiň Baş sekretary, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýän Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, Daşary işler federal departamentiniň başlygy hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary ýurdumyzda saparda boldular.

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde dürli geňeşleriň, komissiýalaryň mejlisleri, beýleki duşuşyklar hem-de çäreler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 22-nji maýda paýtagtymyzda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi 608 wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi we Türkmenistandan daşary ýurtlarda 1011 wekiliýet saparda boldy. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 355-si geçirildi. Şeýle hem hasabat döwründe Türkmenistanda daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen bilelikde 1682 resmi gepleşikler we duşuşyklar guraldy.

Döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny berkitmek hem esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Ýylyň başyndan bäri 187 halkara resminamalar baglaşyldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek boýunça işler hem amala aşyrylýar. Bu babatda hasabat döwründe Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Awstriýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Seýşeller Respublikasynyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Ýaponiýanyň, Niderlandlar Patyşalygynyň daşary işler ministrleri we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary bilen syýasy geňeşmeleri geçirildi.

Şunuň bilen birlikde, 2026-njy ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Hindistanyň, Marokko Patyşalygynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Germaniýanyň, Zimbabweniň, Azerbaýjanyň, Ugandanyň, Koreýa Respublikasynyň, Ermenistanyň, Belarus Respublikasynyň, Kamboja Patyşalygynyň, Ukrainanyň, Türkiýäniň, Täze Zelandiýanyň, Indoneziýanyň, Ýaponiýanyň we Bangladeşiň daşary syýasat edaralary bilen geňeşmeler guraldy.

Şeýle hem hasabat döwründe Türkmenistanyň daşary işler ministriniň BMG-niň Baş sekretary, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti, Halkara Deňiz Guramasynyň Baş sekretary hem-de Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen gepleşikleri geçirildi.

Daşary ýurt döwletleriniň ilçihanalarynyň üsti bilen diplomatik gatnaşyklaryny ösdürmek we olary has-da kämilleşdirmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Çad Respublikasynyň, Indoneziýanyň, Italiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Argentinanyň, Müsür Arap Respublikasynyň, Finlýandiýanyň, Keniýanyň, Alžiriň, Germaniýanyň, Türkiýäniň, Fransiýanyň, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenilen ilçileriniň we BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň ynanç hatlaryny gowşurandyklary bellenildi.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky, Irlandiýadaky, Maldiwler Respublikasyndaky ilçileri, şeýle hem BMG-niň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilleri ynanç hatlaryny gowşuryp, resmi taýdan işe başladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä ýurtlary bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary yzygiderli berkitmegiň, abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine ýylyň ahyryna çenli geçiriljek halkara çärelere, halkara maslahatlara hem-de Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk baýramyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2026-njy ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 114,7 göterime deň boldy. Ulaglaryň ähli görnüşi arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 108 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 102 göterime barabar boldy.

Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 107,4 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 115,8 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 121,8 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 105 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 115,3 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri doly ýerine ýetirmek üçin toplumyň işini kämilleşdirmegiň, ýurdumyzda ýolagçy we ýük dolanyşygyny artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmegiň möhümdigini nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz jemi içerki önümiň ösüşiniň hasabat döwründe 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýändigini kanagatlanma bilen belledi. Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär, önümçilik pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň, täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň hem-de beýleki desgalaryň gurluşygynyň dowam edýändigini aýratyn belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam edip, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport çärelerini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň döredilendigini aýtdy. Ýylyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda bu guramaçylyk döwlet topary behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça uly işleri alyp bardy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewlerini wasp etmek we olaryň şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça döredijilik bäsleşiklerini geçirmegi dowam etmek, bäsleşiklerde tapawutlanan raýatlary ýylyň ahyrynda sylaglamak boýunça degişli işleri geçirmek barada guramaçylyk döwlet toparyna ýüzlendi.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli çäreleriň ýokary derejede geçirilendigi üçin hemmelere minnetdarlyk bildirdi.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri şu ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda geçirilen halkara çäreleriň ähmiýeti barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geçen aýda ýurdumyzda möhüm milli we halkara ähmiýetli iri çäreler geçirildi. Olaryň arasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini, Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyny bellemek bolar.

Şeýle-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň dowamynda atçylyk we atly sport babatda ýurdumyzda we daşary döwletlerde milli hem-de halkara derejelerde köp sanly çäreler guraldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň döwrebaplaşdyrylan Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasy uly ruhubelentlige beslendi. Halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen toý çapyşygy dabaranyň naýbaşy wakasy boldy. Onda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýokary derejede ussatlygyny görkezmegi aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza sentýabr aýynda möhüm çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine döredilen şertler we berlen goldawlar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

03.10.2026
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär

Aşgabat, 1-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri tarapyndan guralýan forum döwlet düzümleriniň, halkara maliýe institutlarynyň we guramalarynyň, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýokary derejeli wekillerini hem-de bilermenlerini bir ýere jemledi.

Durnukly, ýokary depginli ösüşi gazanmakda ýurduň maliýe-ykdysady syýasatyna we onuň düzüm bölegi bolan maýa goýum syýasatyna aýratyn orun degişlidir. Şundan ugur alyp, ýurdumyzda maýa goýum işjeňligini has-da ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Maýa goýum işiniň döwrüň talabyna laýyklykda guralmagy, onuň yzygiderli kämilleşdirilmegi we ösdürilmegi ýurdumyzda kabul edilen giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge şertleri döredýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda maýa goýum işi üçin ähli amatlyklar döredilendir. Şeýle amatly şertleriň hatarynda, ilki bilen, parahatçylyk, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyzy, durnukly ykdysady ösüşi, halkara talaplara laýyk gelýän hukuk binýadynyň döredilmegini, ýeňillikli salgyt syýasatynyň ýöredilmegini, uzak möhletli ýeňillikli karzlaryň berilmegini, töleg-hasaplaşyk işleriniň öz wagtynda amala aşyrylmagyny, tebigy baýlyklarymyzyň ägirt uly gorlaryny görkezmek bolar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.

Maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmakda milli we halkara derejede geçirilýän forumlara, ylmy-amaly maslahatlara uly orun degişlidir. Olarda garalýan meseleler we gazanylýan ylalaşyklar maýa goýum işini täze derejä çykarmak bilen bir hatarda, bilelikdäki degişli taslamalary ýerine ýetirmäge hem giň mümkinçilikleri döredýär. Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň yzysüre geçirilýän Türkmenistanyň maýa goýum forumy hem şeýle çäreleriň hataryndadyr. Ol Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýylynyň dowamynda gazanan üstünlikleri, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalar bilen ýakyndan tanyşmak, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin şertleri özünde jemleýär.

Foruma ýurdumyzdan, Merkezi Aziýa döwletlerinden, ABŞ, Beýik Britaniýa, Ýaponiýa, Singapur, Saud Arabystany, Germaniýa, Hytaý, Fransiýa, Azerbaýjan, Ermenistan, Türkiýe, Koreýa Respublikasy, Şweýsariýa, Malaýziýa, Niderlandlar Patyşalygy, Belgiýa, Katar ýaly ýurtlardan 700-den gowrak wekiliň gatnaşmagy okgunly ösüş ýolunda ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen özara bähbitli maýa goýum, işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga dünýä giňişliginde gyzyklanmanyň uludygyny aýdyň görkezýär. Gatnaşyjylar, ilki bilen, forumyň çäklerinde guralan, halkymyzyň amaly-haşam sungatynyň eserlerine hem-de ýurdumyzyň hyzmatdaş daşary ýurt kompaniýalarynyň işlerine bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar.

Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň işi «Maýa goýum işjeňligi — ykdysadyýetiň depginli we durnukly ösüşiniň esasy şerti» atly plenar mejlis bilen badalga aldy. Onuň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan öňdebaryjy ýurtlaryň has kämil tejribesini öwrenmek we ornaşdyrmak bilen birlikde, oňyn ykdysady-maliýe gurallaryna hem-de öz ylmy-tehnologik, aň-paýhas kuwwatyna esaslanýan nusgasyny işläp taýýarlamagy esasy maksat hökmünde kesgitleýär we dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulýan döwlet hökmünde tanalýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda häzirki zamanyň ýokary tehnologiýalarynyň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna hem-de bu ugurlara gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberiniň yzygiderli artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. “Biz mundan beýläk-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösüşlerinde çuňňur oýlanyşykly we döwrüň talaplaryna laýyk gelýän maýa goýum syýasatyny amala aşyrmagy üstünlikli dowam etdireris” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belledi.

Mejlisde çykyş eden ýurdumyzyň wekilleriniň belleýşi ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda köpugurly ykdysadyýet kemala getirilýär, senagat düzümi diwersifikasiýalaşdyrylyp, öňdebaryjy ylmy tehnologiýalara esaslanýan gaýtadan işleýän täze kärhanalar hem-de toplumlar döredilýär. Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki binalaryň we desgalaryň gurulmagy dowam edýär. Bilim we ylym ulgamlarynyň maddy-enjamlaýyn binýady hil taýdan döwrebaplaşdyrylyp, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüş depgininiň indi birnäçe ýyl bäri 6,3 göterim derejede saklanylmagy ykdysady ösüşiň durnukly häsiýete eýedigini görkezýär. Şu ýyl ýurdumyzda 41 milliard 200 million manatdan gowrak möçberde düýpli maýa goýumlar özleşdiriler. Onuň agramly bölegi bolsa täze önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna hem-de döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Munuň özi durmuşa geçirilýän ykdysady syýasatyň ýurdumyzyň toplumlaýyn esasda senagatlaşdyrylmagyna we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendigini görkezýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýakynda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Karary bilen, «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy. Onda milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak boýunça uzak möhletleýin wezipeler kesgitlenilýär.

Plenar mejlisde çykyş eden ýurdumyzyň wekilleri Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri we durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalar bilen tanyşdyrdylar. Bellenilişi ýaly, täze tehnologiýalary, döwrebap enjamlary ornaşdyrmaga, adam maýasyna we ýurdumyzyň ekologik, durmuş-ykdysady abadançylygyny üpjün edýän ulgamlary ösdürmäge gönükdirilen daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek Türkmenistanyň maýa goýum syýasatynyň strategik ugurlarydyr. Ýurdumyzyň hem-de daşary ýurt maýa goýumlary üçin amatly ýagdaýlary döretmek, gurluşyga, ulag ulgamyna, maglumat tehnologiýalaryna we telekommunikasiýalara aýratyn üns bermek bilen, taslamalara çekmek ykdysady syýasatyň möhüm ugrudyr.

Sanly ulgama geçmegi we halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary tehnologiýalary peýdalanmagyň hasabyna ykdysady işjeňligiň netijeliligini ýokarlandyrmagy durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin möhüm strategik ugur hökmünde görkezip bolar. Bu babatda alnyp barylýan işler, uzak möhletleýin geljegi göz öňünde tutmak bilen, ýurduň gülläp ösmegi üçin möhüm binýady üpjün edýär. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi dünýä bazarlaryna çykmaga, halkara hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň peýda bolmagyna, sanly görnüşde ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň paýyny artdyrmaga mümkinçilik berýär. Sanlylaşdyrmak we innowasiýalar Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzak möhletleýin strategiýasynda sanly ykdysadyýetiň ösüşini senagat öwrülişiginiň geljekki tapgyrlaryna esaslanyp amala aşyrmak bellenilendir. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna energiýa tygşytlaýjy we ekologik taýdan arassa tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça milli maksatnamalaryň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Alnyp barylýan döwlet syýasatynyň çäklerinde orta we uzak möhletleýin döwür üçin «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmäge, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmaga, daşky gurşawy goramak babatda innowasion çözgütleri işläp taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen birlikde, sanly tehnologiýalaryň, «ýaşyl» başlangyçlaryň utgaşdyrylmagynyň hem zerurdygyny nygtamak gerek. Bu ugurdaky işleriň üstünlikli mysaly hökmünde Arkadag şäherini görkezmek bolar. Şäheriň gurluşygynda «akylly» şäher konsepsiýasy we daşky gurşawa aýawly çemeleşmek gurluşyk serişdelerini öndürmek döwründen başlap, tä desgalary ulanmaga tabşyrmaga çenli ähli tapgyrlarda durmuşa geçirildi.

Plenar mejlisde çykyş eden dostlukly döwletleriň wekilleri, ilki bilen, Türkmenistanyň ýakynda giň dabaralar bilen bellenilen Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli gutladylar. Olaryň nygtamagyna görä, geçen 35 ýylyň içinde ýurduň gazanan ägirt uly üstünlikleri daşary ýurtly maýadarlarda uly gyzyklanma döredýär. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň maýa goýum babatda özüne çekijiligi diňe bir tebigy serişdeler bilen däl, eýsem, işewürlik üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen çuňňur oýlanyşykly döwlet syýasaty bilen hem şertlenendir. Çykyş edenler Türkmenistanyň ykdysady durnuklylygy pugtalandyrmak we ygtybarly düzümleýin esaslary döretmek boýunça tagallalaryna ýokary baha berdiler. Şunuň bilen birlikde, maýa goýum meýdançasy hökmünde ýurdumyzyň strategik taýdan netijeliligi aýratyn nygtaldy. Bellenilişi ýaly, açyk dialog, özara bähbitli hyzmatdaşlyk durnukly ösüşi we abadançylygy üpjün etmegiň esasy şerti bolup durýar.

Daşary ýurtly wekiller Türkmenistanyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilen we geçirilýän iri halkara taslamalaryň ählumumy ösüşi we parahatçylygy berkitmäge ýardam berýändigini aýratyn bellediler. Şeýle taslamalaryň hatarynda Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijilerini, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijisini hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny we başga-da birnäçe halkara ähmiýetli maýa goýum taslamalaryny görkezmek bolar. Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi netijesinde maýa goýum taslamalarynda ulagyň ähli görnüşlerini halkara derejede ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär we ýokary netijeler gazanylýar.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyçlary we durnukly ösüşde alyp barýan Bitaraplyk we ynanyşmak diplomatiýasy diňe bir syýasy taýdan däl-de, ykdysady taýdan hem halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam edýär. Ynanyşykly halkara gatnaşyklar we parahatçylykly syýasat ýurduň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekýär. Maýa goýujylar bolsa, öz gezeginde, köp babatda durnukly ykdysadyýeti we açyklygy saýlaýarlar. Ýurdumyzda makroykdysady düzgünleşdiriş institutlaryny kämilleşdirmäge, maýa goýum, işewürlik gurşawyny gowulandyrmaga, hususy telekeçiligi ösdürmäge, pul-karz we salgyt syýasatynyň höweslendiriji ornuny güýçlendirmäge, maliýe durnuklylygyny üpjün etmäge, gazna bazaryny ösdürmäge hem-de bäsleşikli bazar gurşawyny kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreler toplumy amala aşyrylýar. Ygtybarly infrastruktura ykdysady ösüşiň binýady, maýa goýumlary çekmegiň esasy şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu ugurda uly ösüşleri gazanandygy bellenildi.

Goňşy we sebit ýurtlarynyň döwlet ykdysadyýet, söwda we maýa goýum edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistan bilen yzygiderli ösdürilýän haryt dolanyşygyna hem üns çekdiler. Bellenilişi ýaly, gazanylan görkezijileriň mundan beýläk-de artdyrylmagyny üpjün etmek üçin ýurtlarymyzyň ägirt uly mümkinçilikleri bar. Ýangyç-energetika, ulag, söwda, oba hojalygy we başga-da özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebitde ählumumy ösüşe ýardam berýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda amala aşyrylýan maýa goýum syýasaty nusgalyk derejä eýedir. Onuň esasy wezipesi Watanymyzy has-da gülledip ösdürmekden, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmakdan we dünýä döwletleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Mejlisiň dowamynda maýa goýum mümkinçiliklerini has doly açmagyň ýollary, ýurdumyzy senagat, ylmy-tehnologik, durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi höweslendirmegiň gurallary barada netijeli pikir alyşmalar boldy. Foruma gatnaşyjylar şu gezekki halkara çäräniň geçirilmeginiň dünýä giňişliginde özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezen Türkmenistanyň abraýyny täze derejä çykarýandygyny aýratyn bellediler.

Soňra Türkmenistanyň maýa goýum forumy ýörite mejlislerde dowam etdi. «Energetika taýdan durnuklylyk we ygtybarlylyk. Türkmenistanyň nebit-gaz we himiýa senagaty pudagyndaky ileri tutulýan ugurlaryň ösüşi» atly mejlisde degişli pudaklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça çykyşlar diňlenildi. Bellenilişi ýaly, uzak möhletli senagat ösüşi üçin ygtybarly binýat bolup durýan iri çig mal ýataklaryny tapgyrlaýyn özleşdirmäge uly üns berilýär. Bu işler öňdebaryjy dünýä tejribesini ulanmak arkaly alnyp barlyp, ýurdumyzyň gaýtadan işleýän kärhanalaryny çig mal bilen üznüksiz üpjün etmegi kepillendirýär. Bu ugurdaky döwlet syýasaty ýapyk aýlawly önümçiligi döretmäge gönükdirilendir. Şeýle önümçilikde çig mal köp tapgyrly arassalaýyş ulgamyndan geçip, ýokary hilli önüme öwrülýär. Nebiti gaýtadan işleýän pudagy döwrebaplaşdyrmak Türkmenistany senagatlaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň möhüm bölegidir. Önümçiligiň täze sepgitlerine çykylmagy maýa goýumlary çekmek, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmek arkaly üpjün edilýär. Döwrebap gazhimiýa toplumlarynyň gurulmagy polimerlerden başlap, oba hojalyk dökünlerine çenli dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän himiýa önümleriniň giň görnüşlerini öndürmäge ýardam berýär.

«Ykdysady ösüşiň durnuklylygynyň kepili hökmünde energetika arabaglanyşygy we energetika howpsuzlygy. Ykdysadyýetiň senagat-gurluşyk pudaklaryny ösdürmek» atly mejlisde bellenilişi ýaly, tebigy serişdeleriň baý gorlaryna eýe bolan Türkmenistan energetika ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly ösdürmäge ygrarlydyr. Bu möhüm ugurda taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi diňe bir sebitde däl, bütin dünýäde hem ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär. Türkmenistanda energiýanyň arassa, daşky gurşawa zyýansyz bolmagy ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi ýurdumyzdaky durnukly energetika taslamalaryna halkara maliýe düzümleriniň gatnaşmagy üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Gurluşyk-senagat toplumynyň ösüşi hem netijeli halkara hyzmatdaşlyk bilen berk baglanyşyklydyr. Täze sement zawodlarynyň, kerpiç, demirbeton gurnamalaryny, aýna we beýleki gurluşyk serişdelerini öndürýän önümçilikleriň gurulmagy Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyklary esasy serişdeler bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Şunda önümçiligiň ekologik taýdan arassa bolmagyna, ýerli çig mal binýadyna esaslanylmagyna aýratyn üns berilýär.

Türkmenistanyň Durnukly ulag ulgamlaryny, logistika arabaglanyşygyny we kommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmäge bagyşlanan mejlisde yklymlary birleşdirýän ulag ýollaryny döwrebaplaşdyrmak meselelerine üns çekildi. Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşen Türkmenistan gysga taryhy döwürde dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, halkara hyzmatdaşlygyň düýbünden täze ugurlaryny işläp taýýarlamak babatda baý tejribe toplady. Ýurdumyzda logistikany ösdürmäge hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Ulag-aragatnaşyk strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi bilen, Türkmenistan sebit we halkara ähmiýetli möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça möhüm ýollary birleşdirýän esasy üstaşyr ulag geçelgeleriniň düzümlerini mundan beýläk-de giňeltmek ugrunda işler üstünlikli alnyp barylýar. Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşi şertlerinde ulag ulgamy ýurduň halkara söwdasyna işjeň goşulyşmagynyň esasy şerti bolup çykyş etmek bilen, halkara ykdysady gatnaşyklaryň durnuklylygyna we deňagramlylygyna düýpli täsirini ýetirýär.

«Durnukly söwdany we hyzmatlar ulgamyny ösdürmek. Täze söwda bazarlaryna çykmak. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy we ony ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ulanmagyň görnüşleri» atly mejlisde çykyş edenler söwdanyň amallarynyň we düzgünleriniň ýönekeýleşdirilmeginiň, sebit arabaglanyşygynyň durnukly ösüş üçin möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Senagat pudagynda iri innowasion taslamalaryň durmuşa geçirilmegi we ýurduň senagat ulgamynda döredilen önümçilik kuwwatlyklary ýurduň daşary söwda dolanyşygynda gurluş üýtgemelerine getirdi. Netijede, gaýtadan işleýän pudaklaryň ýokary goşulan gymmaty bolan önümleriniň eksport edilýän görnüşleri ep-esli artdy. 2022-nji ýylda Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasyna girýän ýurt (işjeň synçy) derejesine eýe boldy. Bu gurama agza bolmak öndürilýän önümleriň daşary ýurt bazarlaryna eksportynyň mukdaryny artdyrmaga mümkinçilikleri açýar we ýurda göni maýa goýumlary çekmek üçin amatly şertleri döredýär. Logistika merkezleriniň, deňiz portlarynyň we halkara howa menzilleriniň utgaşykly işiniň üpjün edilmegi Türkmenistanyň eksport kuwwatyny sebit we dünýä derejesinde artdyrmaga itergi berýär.

«Oba hojalyk işewürligi, howanyň üýtgemegine durnukly oba hojalygy we onuň gaýtadan işleýän pudaklaryny ösdürmäge maýa goýumlar. Howanyň üýtgemegi we durnukly geljek üçin çydamly infrastruktura» atly mejlisde toplumy ulgamlaýyn esasda ösdürmegiň ugurlary maslahatlaşyldy. Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksady, ilkinji nobatda, azyk bolçulygyny döretmekden, dürli görnüşli we ýokary hilli azyk önümleriniň öndürilişini üpjün etmekden ybaratdyr. Ekerançylyk işleriniň kämilleşdirilmegi, gallanyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy we oba hojalyk önümçiligini ýöretmekde döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçilikler, ýeňillikler, oba hojalygynda bazar gatnaşyklarynyň ornaşdyrylmagy azyk önümleriniň öndürilmegini artdyrýar. Oba hojalygyna ylmyň häzirki zaman gazananlarynyň, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagynyň we ekerançylyk medeniýetiniň ýokarlandyrylmagynyň zerurdygy bellenildi.

Halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, olaryň barşynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak üçin geljegi uly ugurlar kesgitlenildi.

Forumyň dowamynda Türkmenistanyň döwlet düzümleri we hususy kärhanalary bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň «OnU H&C» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «CSCEC International Construction Co., Ltd.» («China State Construction Engineering Corporation») kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen «Damen Workboats B.V.» we «Liamol Trading GmbH» kompaniýalarynyň arasynda Türkmenistanyň suw hojalyk ulgamyny has-da ösdürmek we olary kämilleşdirmek ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «Tianjin Bohua Engineering Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanyň himiýa pudagyny ösdürmek ugrunda hyzmatdaşlyga gyzyklanmalary barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen «Damen Technical Cooperation B.V.» we «Liamol Trading GmbH» kompaniýalarynyň arasynda 2026 — 2036-njy ýyllar üçin Türkmenistanda gämi gurluşygy, gämi abatlaýşy, deňiz tehnologiýalary we ýerli önümçilik babatda strategik hyzmatdaşlyk hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar. Şeýle hem «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Hybrid Innovation GmbH» kompaniýasynyň arasynda Şertnama; «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýetiniň arasynda Şertnama gol çekildi.

Türkmenistanyň maýa goýum forumy 2-nji oktýabrda öz işini tamamlar. Onuň ikinji gününde «Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň strategik ugry. Halkara maliýe guramalary we ösüş boýunça hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyk», «Wirtual aktiwleri düzgünleşdirmek we maýning tehnologiýalaryny ornaşdyrmak», «Innowasiýalar, maliýe tehnologiýalary. Durnukly ösüşiň bähbidine sanly we «ýaşyl» özgertmeler» atly mejlisler hem-de «Maýa goýumlaryň hukuk taýdan düzgünleşdirilişi» atly ugurdaş maslahat geçiriler.

02.10.2026
Täze taryhy döwrüň bedew batly gadamlary

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

Aşgabat, 29-njy sentýabr (TDH). Şu gün “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň möhüm ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetiren taryhy pursatlar bolup geçdi. Köpetdagyň eteginiň gözel künjegindäki Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz gatnaşdylar. Bu bolsa häzirki döwrüň şanly wakalarynyň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendirdi.

Daňdanyň tämiz çagynda dag etekleriniň gözelligi Aşgabadyň älemgoşar öwüşginli yşyklary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, ynsan kalbyna ýakymly täsir edýär. Häzirki zamanyň ösen tejribesiniň we täzeçil tehnologiýalaryň netijeli ulanylmagynda çekilen nurana ýollar türkmen halkynyň bagtyýar geljegine uzaýan menzilleri alamatlandyrýar.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň berkararlygynyň aýdyň nyşanyna öwrülen nurana ýol bilen gidip barşyna ady rowaýata öwrülen we Döwlet tugrasynda mynasyp orun alan bedewiň hormatyna gurlan “Ýanardag” binasynyň deňinden geçdi. Munuň özi türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygyna bildirilýän hormatyň güwäsine öwrüldi.

Täzeden gurlan bu ýoluň gurluş aýratynlyklary, onuň her bir tapgyrynyň gurluşygynyň halkara görkezijilere laýyk derejede ýerine ýetirilmegi we aýlawly ýoluň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagy ýurdumyzda sogap iş hasaplanylýan ýol gurluşygyna häzirki zaman talaplaryndan ugur alnyp çemeleşilýändigini görkezýär.

Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyz atyň taýçanaklykdan belent başly bedewe öwrülen şekilini janlandyrýan “Atly aýlaw” halkalaýyn ýolunyň daşyndan öwrüm etdi. Doly döwrebaplaşdyrylan ýolunyň ugrunda türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen bedew şekiliniň ýerleşdirilmegi ynsan gylykly atlaryň köp asyrlaryň dowamynda adamlaryň ýakyn syrdaşyna öwrülendigini görkezýär. Bu ýerde oturdylan bedewiň heýkeliniň ak reňkde bolmagy türkmen halkynyň “Ak zat alnyňa ýagşy” diýen paýhasly jümlesine gabat gelýär. Bedewiň ýüzüniň ilerik bolmagy bolsa ýurdumyzyň ösüşleriniň ilerleýändigini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.

Soňra Milli Liderimiz ýoluny dowam edip, düýpli döwrebaplaşdyrylan, täzeden gurlan Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna geldi.

Toplumyň çäginde Gahryman Arkadagymyzy bu ýerde guralan dabara gatnaşýan Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, hormatly atşynaslar we köp sanly myhmanlar mähirli garşyladylar.

Şanly wakanyň hormatyna ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Dünýä derejesinde uly şöhrat gazanan we ahalteke bedewleriniň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galmagyna mynasyp goşant goşan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň çykyşlarynyň aýdym-sazlaryň ýakymly owazlary bilen utgaşmagy bu ýerde guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Soňra bu ýerde häzirki zaman tehnologiýalary esasynda yşyklandyrylan şüweleň kompozisiýasy görkezildi. Munuň özi dabaranyň has täsirli we ýatda galyjy pursatlaryna öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň toplumyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy bilen, bu gün asmandan nur ýagdy. Nuruň ýagmagy bolsa berekediň, agzybirligiň, abadançylygyň nyşany bolup, behişdi bedewleriň hormatyna guralýan toýuň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Şüweleň tamamlanandan soň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz münbere geçip, dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdi.

Gahryman Arkadagymyz şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilýändigini aýdyp, bu günki taryhy waka — Ahalteke atçylyk toplumynyň açylmagy mynasybetli hormatly Prezidentimizi, mähriban halkymyzy, dabara gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady.

«Behişdi bedewler» diýlip atlandyrylan ahalteke atlarymyz hemişe ata-babalarymyzyň ýakyn syrdaşy bolupdyr. Häzirki wagtda ahalteke bedewi ýurdumyzyň aýdyň keşbi, ösüşiň we abadançylygyň nyşany hasaplanýar. Dünýäde uly meşhurlyk gazanan ahalteke atlarynyň asyl mekanynda atçylyk pudagyny ösdürmek, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende götermek boýunça uly işler alnyp barylýar» diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýän ahalteke atçylyk sport toplumlarynyň hereket edýändigini belläp, Milli Liderimiz ahalteke bedewleriniň ilkinji dörän gadymy hem-de keramatly topragynda bina bolan Arkadag şäherimizde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, «At — myrat» okuw merkeziniň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň hem-de 600 orunlyk athana toplumynyň açylyp ulanmaga berlendigini, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň bolsa dünýä derejeli bäsleşiklerde gazanýan uly üstünlikleriniň halkymyzyň buýsanjyna öwrülendigini aýtdy.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumy ýylyň ähli paslynda atlar üçin ýakymly howa gurşawyna eýedir. Bu künjekde ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek we tohumçylyk işini ylmy esasda alyp barmak üçin tebigy mümkinçilikleriň bardygyny bellemek gerek. Häzirki zaman toplumynyň bezeg işlerinde bedewleriň şekilleri öz beýanyny tapýar. Gurluşyk we binagärlik babatda ýerine ýetirilen işler bu ýeriň tebigaty bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär”.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Gahryman Arkadagymyz bu ýerde atlaryň sagdyn iýmitlenmegi üçin almanyň hem-de käşiriň ösdürilip ýetişdirilýändigini, bu ýerde ekilen Babarap almasynyň gadymy döwürden bäri atlaryň sagdynlygy üçin esasy iýmit bolup durýandygyny belledi. “Ahalteke bedewleri käşiri örän gowy görýär. Şonuň üçin bu ýerde käşiriň atlar üçin ýörite görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Ýörite meýdanda toplumyň bedewlerine niýetlenen ýorunja hem ösdürilip ýetişdirilýär. Weterinariýa ylmynyň tassyklamagyna görä, alma, käşir, arpa we ýorunja hem-de ýorunja bedesi atlar üçin ýokumly bolan serişdelere örän baýdyr. Bu ýerde ot-iým saklamaga niýetlenen ammarlaryň bolmagy atlaryň ýylyň dowamynda bol iýmitini üpjün eder” diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Şeýle hem toplumyň çäginde häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen enjamlaşdyrylan bölümleriň we barlaghanalaryň hereket edýändigine ünsi çekip, Gahryman Arkadagymyz olaryň her birinde atlaryň tohumçylyk işini, saglyk ýagdaýyny, beden gurluşyny ylmy esasda öwrenmek üçin ähli zerur şertleriň bardygyny belledi.

Toplumyň esasy we dolandyryş binalary ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlary bilen üpjün edildi. Dolandyryş binasynda sanly ulgam arkaly atlaryň saklanyşy, iýmitlenişi, şeýle hem näçe wagt ukuda, näçe wagt aýak üstünde durandygy bilen tanşyp bolýar. Döwrebap toplumda seýisler hem-de atbakarlar üçin hem ähli amatlyklar döredildi. Toplumyň esasy girelgesindäki atly ýigidiň heýkeli, şeýle-de toplumyň merkezi künjeginde gurlan özboluşly heýkel ahalteke bedewleriniň ýeňişli ýollarynyň alyslara uzaýandygyny görkezýär.

Atçylyk sporty boýunça türgenleşikleri geçirmäge niýetlenen açyk we ýapyk manežleriň hem-de ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigini geçirmäge niýetlenen meýdançanyň döwrebap derejede gurlandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bu ýerde atlar üçin niýetlenen fotostudiýanyň hem enjamlaşdyrylandygyny, onda ýylyň dört paslyny alamatlandyrýan görnüşleriň atlar bilen surata düşýänlerde ýakymly täsirleri galdyrjakdygyny aýtdy.

Häzirki zaman athanalary, atlary seýislemek üçin niýetlenen bina, atlaryň suwda türgenleşdirilýän desgasy, çapuw ýodalary, at çapyşyklaryna tomaşa etmäge niýetlenen münberler häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýär. Topluma gelýän ýol, şeýle-de onuň yşyklandyryş ulgamy hem doly döwrebaplaşdyryldy. Ýoluň başy ady belli «Ýanardag» binasy hem-de «Atly aýlaw» heýkeli bilen bezelen. Şeýle hem tokaý zolaklarynyň döredilmegi bu künjegiň ekologiýa derejesiniň ýokary bolmagyny üpjün edýär.

«Biz ýurdumyzyň beýik ösüşlerini bedew bady bilen baglanyşdyrýarys. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ulanmaga berilmeginiň aýratyn manysy bardyr. Bu toplumyň şu gün dabaraly açylmagy 2026-njy ýylyň şygaryny, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyny has-da şöhratlandyrýar.

Türkmen halkynyň «At — myrat», «At agynan ýerde toý bolar» diýen nakyllary bar. Şonuň üçin-de, bu ajaýyp toplumda dabaraly toýlar tutulyp, at çapdyrylar, ýaryşlar geçiriler. Halkymyzyň bedewlere goýýan hormat-sarpasy bu toplumda geçiriljek dabaralarda has-da belende göteriler.

«Aty baryň — ganaty bar» diýlişi ýaly, täze toplum biziň belent maksatlara ýetmegimize ganat berer» diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň behişdi bedewleriň mekanydygyny, şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan ahalteke atlarymyzyň halkymyzyň milli buýsanjydygyny, ahalteke bedewleriniň owadanlygy, ýyndamlygy, eýesine wepalylygy bilen dünýäni haýran galdyrýandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden mysal getirdi:

At gazanar goç ýigidiň,
Owwal bedew aty gerek.

Milli Liderimiz ahalteke bedewleriniň waspynyň söz ýeterden aňyrdadygyny, «asman atlary» diýlip atlandyrylan behişdi bedewleriň taryhynyň halkymyzyň şöhratly taryhy bilen utgaşyklydygyny belledi. Gadymy döwürlerde pederlerimiz sarsmaz döwletleri, synmaz şäherleri gurupdyrlar. Ähli döwürlerde-de ahalteke bedewleri halkymyzyň ýakyn syrdaşyna öwrülipdir.

Gadymy Merwde, ýagny Maru — şahu jahanda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan maglumatlardan belli bolşy ýaly, türkmen atlarynyň bäş müň ýyldan gowrak taryhy bar. Munuň özi türkmen halkynyň öz işine ussat seýisleriniň, atşynaslarynyň yhlasyndan dörän milli gymmatlykdyr. Türkmen topragynyň dürli künjeklerinde gurlan kerwensaraýlar bu ýerleriň gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň merkezine öwrülendigine şaýatlyk edýär.

«Häzirki döwürde türkmen halkynyň we ahalteke bedewleriniň gadymy şöhraty häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede täzeden dikeldilýär we ösdürilýär. Şunda her birimiziň goşandymyzyň bolmagy haýyr işlere dahylly bolmakdyr» diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

“Bedewleriň iri ýaryşlardaky ýeňşi Watanyň şöhratydyr, halkyň abraýydyr. Şonuň üçinem, ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly, ýaryşlarda atlarymyz ozsun! Watanymyzyň buýsanjy bolan ahalteke atlarymyzyň şan-şöhraty hemişe belentde bolsun!” diýip bellemek bilen, Gahryman Arkadagymyz hemmeleri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň dabaraly açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we dabara gatnaşyjylara berk jan saglygyny, bagtyýarlygy, uly rowaçlyklary arzuw etdi.

Milli Liderimiz çykyşyny bedew hakyndaky goşgy setirleri bilen jemledi.

Ýerde ýörän, gökde uçan tagtym sen,
Syrdaşym sen, myradym sen, bagtym sen,
Ýüregimde ebedilik aýdym sen,
Waspyň sena boldy dillere, bedew!

Soňra Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly elçarpyşmalary bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň toý bagyny kesdi. Şeýlelikde, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan şanly wakalarynyň dabaralandyrylýan pursatlarynda «asman atlarynyň» behişdi mekanynda häzirki zaman binalar toplumy açyldy.

Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylar bilen bilelikde toplumyň çägine girip, onuň ahalteke bedewlerini iýmitlendirmek üçin ýörite ekilen alma baglaryny we käşir ekilen meýdany synlady.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda idedilýän bedewleriň ot-iým üpjünçiliginiň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy nazara alnyp, bu ýerde atlar üçin iýmit önümlerini ýetişdirmäge niýetlenen ýer bölekleri berildi. Onda atlaryň iýmit birliginde zerur hasaplanylýan käşir, alma baglary ösdürilip ýetişdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň çäginde bedewleriň arassa ganlylygyny saklamak, olaryň baş sanyny artdyrmak üçin niýetlenen seleksiýa binasy bolup, bu ýerde degişli işleri ylmy esasda alyp barmak we dünýäniň ösen tejribesini doly derejede özleşdirmek üçin ähli zerur şertler üpjün edilipdir. Munuň özi toplumyň taslamalary taýýarlananda we gurluşyk işlerinde köptaraply tejribeleriň netijeli ulanylandygyny görkezýär.

Ahalteke atçylyk toplumynyň çäginde taýýarlanan ot-iýmleri gyş üçin saklamaga niýetlenen ammarlaryň bolmagy bu ýerde ýylyň ähli paslynda atlaryň ot-iým bilen üpjünçiliginiň nazara alnandygyny görkezýär. Munuň özi toplumyň çäginde bedewleriň sagdynlygy, olaryň ýörite kada esasynda iýmitlenmegi ugrunda ähli zerur şertleriň göz öňünde tutulandygynyň aýdyň güwäsidir.

Soňra Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylar bilen bilelikde, toplumyň çäginde oturdylan we onuň esasy bezegleriniň birine öwrülen kebelekleriň şekillerinden döredilen özboluşly Ýer togalagynyň üstünde ýerleşdirilen taýçanagyň heýkeliniň ýanyna geldi. Bu ýerde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplarynyň bilelikde ýerine ýetirmeginde paýhasly pederlerimiziň zehininden dörän gadymy “Küştdepdi” aýdymly tans dessury ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde guralan çykyşlar şanly wakanyň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendirdi.

Bedewleriň tebigat bilen sazlaşygyny görkezýän şekiliň sebitde ilkinji bolup ýerine ýetirilen Ýer togalagynyň kebelek şekillerinden döredilmeginde çuňňur many bar. Kebelek dünýä halklarynyň arasynda, şol sanda türkmen ilinde kalbyň açyklygynyň, täzeden döreýşiň, söýginiň, gözelligiň, erkinligiň we asudalygyň nyşany hasaplanylýar. Kebelegiň durmuşynda kynçylyklary ýeňip geçmegiň, ösüşiň we tebigy sazlaşygyň ugurlary öz beýanyny tapýar. Kebelekleriň ganatlary bolsa erkinligi, durmuş ajaýyplygyny, nepisligi alamatlandyrýar. «Asman atlarynyň» behişdi mekanynda oturdylan bu şekil türkmen halkynyň döredýän ajaýyplyklarynyň nepisligini özünde jemleýär.

Joşgunly çykyşlar tamamlanandan soň, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Karary esasynda, ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmekde, olaryň sanyny artdyrmakda we türkmeniň atşynaslyk sungatyny dünýä ýaýmakda alyp barýan işlerini göz öňünde tutup, assosiasiýanyň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň “Daqing Huiyou Breeding Co., Ltd.” atçylyk kompaniýasynyň başlygy Liu Şutsine 2023-nji ýylda doglan mele reňkli Dosthan atly ahalteke bedewini we bedewe degişli güwänamany gowşurdy.

Hytaýly myhman ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda bolup, Gahryman Arkadag bilen didarlaşmagyň we dünýä atşynaslarynyň baş arzuwyna öwrülen ahalteke bedewiniň sowgat berilmeginiň özi üçin belent mertebedigini nygtady. Ol munuň üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, kompaniýasynda 1200 baş atyň bardygyny, olaryň 600-den gowragynyň ahalteke bedewleridigini aýratyn buýsanç bilen habar berdi.

Soňra dabara gatnaşyjylar atçylyk toplumynyň döwrebap aýratynlyklary bilen tanyşdylar.

Taryhy müňlerçe ýyllara uzap gidýän türkmen bedewleriniň şan-şöhraty barha artýar. Häzirki döwürde dünýä atşynaslary we ippolog alymlar ahalteke bedewleriniň ylmy esasda öwrenilmegine, olaryň taryhyna we reňk aýratynlyklaryna uly gyzyklanma bildirýärler. Munuň özi türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygynyň halkara giňişlikde nusgalyk derejä eýe bolýandygyny görkezýär.

Bu ýerde atlar üçin niýetlenen fotostudiýanyň bardygyny bellemek ýakymly. Onda ýylyň dört paslyny alamatlandyrýan görnüşler atlar bilen surata düşýänlerde ýakymly täsir galdyrar. Dabara gatnaşýan myhmanlaryň ajaýyp şekilleriň öňünde bedew atlar bilen ýa-da paýtunyň üstünde ýadygärlik surata düşmekleri üçin hem zerur şertler döredilipdir.

Açyk asmanyň astynda döredilen fotostudiýanyň ýörite bölüminde Hazar deňziniň şekili bolup, onda häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalary arkaly bedewiň deňziň gyrasynda duran şekilini janlandyrmak mümkinçiligi üpjün edilipdir. Kenar ýakasynda peýwagtyna gezelenç edýän bedew bilen surata düşmek adamlarda ýakymly ýatlamalary döreder.

Şeýle hem bu ýerde bahar paslynyň joş alýan pursatlarynda gül-gülzarlyga beslenen ýaşyl ýaýlalaryň şekiliniň surata düşýänleriň gyzyklanmasyna mynasyp boljakdygy gürrüňsizdir. Bahar paslynda türkmen kalbyna çalymdaş sähralar haly düşelen ýaly görnüşi janlandyrýar. Gülleriň içinde bedew bilen surata düşmek bolsa ýaşlarda ýakymly duýgulary döreder.

Garagum sährasynyň ýakymly görnüşleri ak alaňlaryň üstünde gezelenç edýän bedewiň şekilini döretmäge mümkinçilik berýär. Bu şekiller eýer-esbaba beslenen bedewleriň gözelligi bilen utgaşyp, adamlarda ýakymly täsir galdyrar.

Gyş paslynda belent dag gerişlerine düşen garyň gözelligini synlamak ýakymly duýgulary döredýär. Gar düşen dag eteklerinde bedew bilen surata düşmek her bir ynsanyň durmuşyndaky ýakymly pursatlaryň birine öwrüler.

Toplumyň bu künjeginde ýaşlaryň surata düşmekleri, bagşy-sazandalaryň şekilli görnüşleri döretmekleri üçin zerur mümkinçilikleriň üpjün edilmegi maksada laýyk bolar. Bu görnüşler täze durmuşa gadam basýan ýaş çatynjalar üçin bagtyýar ýaşaýşa badalga bolar. Munuň özi adam ömrüniň ýakymly pursatlarynyň aýdyň beýany bolup, ýaşlaryň durmuşynyň ajaýyp sahypalaryny özünde jemlär.

Dünýä ýüzündäki şan-şöhraty belende galýan ahalteke bedewlerini ýokary derejede ösdürip ýetişdirmek, olaryň arassa ganlylygyny saklamak we baş sanyny artdyrmak üçin ähli zerur mümkinçilikleri özünde jemleýän toplumyň çäginde başga-da ugurdaş desgalaryň ençemesi guruldy. Olaryň hatarynda atçylyk toplumynyň awtoussahanasynyň bolmagy bu ýerde awtoulaglaryň dürli görnüşlerine ýokary derejeli tehniki hyzmatlaryň ýola goýulmagynyň göz öňünde tutulandygyny görkezýär. Desgalaryň hemmesiniň enjamlaşdyrylyş derejesi häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň çägine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly ilçiler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, atşynaslar hem-de köp sanly myhmanlar mähirli garşyladylar.

Döwlet Baştutanymyz toplumyň Baş girelgesiniň ýanynda ýaýbaňlandyrylan edebi-sazly kompozisiýa we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa etdi. Joşgunly çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlarynyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda gazanylýan üstünlikleriň, ýurdumyzyň ýeten derejesiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň waspy ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz joşgunly şatlyk-şowhunyň astynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Baş girelgesiniň toý bagyny kesdi. Dabara gatnaşýanlaryň şatlygy we ahalteke bedewlerine bolan buýsanjy bu ýerde emele gelen şanly wakalar bilen utgaşyp, ýurdumyzda gazanylýan ösüşleri, taryhy ähmiýeti bolan pursatlary äleme äşgär etdi.

Döwlet Baştutanymyz täze toplumyň çägi bilen gidip barşyna onuň baş bezegine öwrülen “Atly ýigit” heýkelini synlady. Toplumyň bu çäginiň gözelligi, onuň abadanlaşdyrylyş aýratynlygy milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesinden binýat bolan görnüşleri özünde jemleýär. Bu bolsa toplumyň kaşaňlygyny, onuň özboluşly aýratynlyga eýedigini görkezýär.

“Atly ýigit” heýkeli diňe bir sungat eseri bolman, eýsem, çuňňur many-mazmuny, milli nyşanlary özünde jemleýän desgadyr. Heýkel Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelýän myhmanlary garşylaýan esasy nyşandyr.

Ahalteke bedewi asyrlarboýy türkmen halkynyň iň ýakyn hemrasy, wepaly dosty we buýsanjy bolup gelipdir. At üstündäki ýigidiň ynamly keşbi hem Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň okgunly ösüşleriniň, geljege tarap batly gadamlaryň nyşanydyr. Bu binagärlik eseri Türkmenistanyň şöhratly geçmişini we aýdyň geljegini bir bitewi keşpde görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz atçylyk toplumynyň çäginde ýerleşýän ýapyk maneže baryp, ol ýerde atly sport we konkur boýunça türgenleriň görkezme çykyşlaryna tomaşa etdi. Bu görnüşler ýurdumyzda atçylyk sportunyň dürli görnüşleriniň ösdürilmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilmegi netijesinde degişli ugurlar boýunça ussat türgenleriň ýetişýändigini alamatlandyrdy. Mälim bolşy ýaly, atly sport we konkur bäsleşikleri boýunça halkara derejede geçirilýän ýaryşlara işjeň gatnaşýan türkmen türgenleri ýokary netijeleri gazanýarlar.

Şeýle-de bu ýerde döredilen şertler, atlar üçin düşelen toprak, manežiň içiniň kadaly howasy, tomaşaçylar üçin amatlylyk, atlary türgenleşdirmek üçin ýörite döwrebap şertler, hususan-da, sanly ulgamyň aýratynlyklaryny öz içine alýan kämil mümkinçilikler ýaryşlara ýokary derejede taýýarlyk görmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bu manežde atly sport bilen meşgullanýan türgenlerimiz yzygiderli türgenleşikleri geçýärler. Manež halkara ülňülere doly derejede laýyk gelmek bilen, bu ýerde sportuň konkur görnüşi boýunça dürli çempionatlary geçirip bolýar. Bu şertleriň ählisi atçylygy ösdürmek babatda edilýän aladalaryň aýdyň netijesidir.

Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz toplumyň çäginde bar bolan athanalary, olarda atlary saklamak üçin niýetlenen ýokary derejeli mümkinçilikleri synlady.

Hormatly Prezidentimiz türkmen bedewiniň şan-şöhratynyň bu gün Ýer ýüzüni haýran galdyrýandygyny belläp, dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanylýan behişdi bedewlerimiziň halkymyzyň genji-hazynasydygyny we milli mirasydygyny aýratyn nygtady.

Döwlet Baştutanymyz atçylyk toplumynyň açyk manežine geldi we bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlaryna tomaşa etdi. Bu meşhur topar dünýä giňişliginde geçirilýän halkara bäsleşiklere gatnaşyp, yzygiderli baýrakly orunlara mynasyp bolýar. Toparyň dünýä atşynaslarynyň we sirk sungatynyň wekilleriniň ýokary bahasyna mynasyp bolýan çylşyrymly çykyşlary ajaýyp ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galmagyna mynasyp goşantdyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz atçylyk toplumynyň Baş binasyna geldi.

Dabaranyň alypbaryjysy bu ýerde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli 35 sany atly ýigitleriň gatnaşmagynda dabaraly ýörişiň meýilleşdirilendigini yglan edip, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň dabarasyny belende göterjek taryhy wakanyň hormatyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň halk atşynasy, Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary Gahryman Arkadagymyzdan bu ýerde geçiriljek dabara badalga bermegini haýyş etdi.

Gahryman Arkadagymyz münberiň öňündäki meýdança geldi we şanly baýramyň hormatyna guralýan 35 sany atly ýigidiň dabaraly ýörişine rugsat berdi.

Türkmenistanyň Gahrymany, ýurdumyzyň halk artisti Annajemal Nurmuhammedowanyň ak paýtunyň üstünde ýerine ýetiren joşgunly aýdymy bilen dabaraly atly ýöriş başlandy. Bu görnüşler türkmen ilinde ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýulýandygynyň we «asman atlarynyň» şanyna guralýan tutumly toýlaryň uly dabaralara, ýatda galyjy pursatlara beslenýändiginiň ýene bir aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Münberiň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň atyň üstündäki çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ussat estrada ýyldyzlary joşgunly owazlary bilen ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan Garaşsyz Watanymyzy, ahalteke bedewlerimizi wasp etdiler. Ýakymly aýdym-sazlar türkmen topragynyň sahawatynyň, ajaýyp ýurdumyzda berkarar bolan parahatçylygyň, abadançylygyň, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen hasyl bolýan belent maksatlaryň senasy bolup ýaňlandy.

Bu ýerde türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlyklarynyň hatarynda möhüm orun eýeleýän alabaýlaryň gözellik bäsleşiginiň guralmagy toý meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan dabaralaryň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny üpjün etdi. Eminler toparynyň agzalary bäsleşige gatnaşan ýedi sany türkmen alabaýynyň arasyndan has tapawutlananlaryny seçip aldylar.

Soňra gadymdan gelýän milli däp-dessurlarymyza eýerilip, ýurdumyzyň ussat çapyksuwarlarynyň arasynda toý çapuwy guraldy. Alypbaryjy toý çapuwyna her welaýatdan, Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinden gatnaşýan ussat çapyksuwarlary we çapuwa taýýarlanan bedewleri mälim etdi. Şeýlelikde, toý çapuwyna gatnaşýan bedewler çapuw meýdançasyna çykdylar.

Arkadag şäherinden Daghan atly bedewi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň halk atşynasy, Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary Gahryman Arkadagymyzyň çapjakdygy yglan edildi. Şol pursatda Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem münberden düşüp, meýdança geldi, Kerimguly Berdimuhamedow bolsa atasy üçin ýörite seýislän Daghan atly bedewi meýdança getirdi. Gahryman Arkadagymyz seýis agtygyna minnetdarlyk bildirdi we ilki bilen, asylly däbe eýerip, bedewiň boýnuna nepislik bilen taýýarlanan alajany daňdy. Bu görnüşler ýurdumyzda asyrlar aşyp gelýän mukaddes peder-perzent mekdebiniň asylly ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändigini we dowamata atarylýandygyny görkezdi. Hut şunuň kimin ýagşy dessurlaryň rowaçlyk bilen dowam etmegi dürli döwürleri we dürli nesilleri baglanyşdyrýan däpleriň halkymyzyň durmuşyna röwşen nuruny çaýýandygyny has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.

Biraz wagtdan toý çapuwyna badalga berildi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinden gatnaşdyrylýan bedewleriň arasynda yglan edilen toý çapuwy barha gyzyşdy. Öz orunlaryny ýygy-ýygydan çalyşýan bedewleriň hemmesiniň ümzügi ýeňşe tarapdy. Ýöne, durmuş tejribesiniň tassyk edişi ýaly, bäsleşikde ussatlar öňe saýlanýar. Bu gezek hem şeýle boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde açylyp ulanmaga berlen täze toplumyň işine özboluşly badalga öwrülen toý çapuwynda ýaş seýis Kerimguly Berdimuhamedowyň taýýarlan bedewini çapan Gahryman Arkadagymyz ýeňiji boldy. Emin agzalary Milli Liderimiziň bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp bolandygyny yglan etdiler.

Şol pursatda Arkadagly Gahryman Serdarymyz münberden düşüp, Gahryman Arkadagymyzy gazanan ýeňşi bilen gutlady. Ýaş seýis Kerimguly bolsa bedewiň eýerini aýyrdy. Toýa gatnaşýan hormatly ýaşulular ýeňiş gazanan bedewe serpaý ýapdylar. Ýaş seýis taýýarlan bedewiniň jylawyndan tutup durşuna atasy, kakasy we hormatly ýaşulular bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdi. Bu görnüşlerde ynsan kalbynda ýakymly duýgulary döredýän özboluşly gudrat bar.

Dürli ugurlar boýunça ýaýbaňlandyrylan toý bäsleşiklerinde gazanylan ajaýyp ýeňşiň hormatyna joşgunly çykyşlara giň orun berildi. Şunda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň çapuw ýodasynda ýaýbaňlandyrylan çykyşlary täsirli pursatlara we ýatda galyjy wakalara baý boldy.

Şeýle hem bu ýerde türkmen toýlarynyň esasy bezegleriniň birine öwrülen pälwanlaryň tutluşyklaryna badalga berildi. Meýdança çykan pälwanlar türkmen milli göreş sungatynyň ajaýyplyklaryny we sportuň bu görnüşiniň tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrýandygyny görkezdiler.

Baýramçylyk dabaralarynyň geçýän ýerinde ýurdumyzyň “Sport” teleýaýlymynda täze döredilen “Bedew” gepleşiginiň ilkinji sanynyň hormatly myhmany hökmünde Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy A.Paýaýew bilen söhbetdeş boldy. Alypbaryjy, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzy gazanan ýeňşi bilen gutlady hem-de ahalteke atlaryna aýratyn gadyr goýýan Milli Liderimiziň bedewleriniň serpaýly bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdi.

Gahryman Arkadagymyz gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, A.Paýaýewe türkmen halkynyň milli gymmatlygy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewlerini ýurdumyzda we halkara giňişlikde wagyz etmek ýaly asylly işlerinde mundan beýläk-de üstünlik arzuw etdi. Munuň özi şöhratly pederlerimiziň bize miras goýan ýagşy dessurlarynyň ýaş nesillere ýetirilmeginde ähmiýetlidir.

Şunuň bilen baglylykda, ahalteke bedewleriniň gadymy şöhratyny dikeltmek, bedewler bilen baglanyşykly geçirilýän çäreleriň ähmiýetini açyp görkezmek we ony ilatyň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmegiň häzirki nesilleriň öňünde durýan wajyp wezipeleriň biridigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu babatda ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça zerur işleriň geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

A.Paýaýew degerli maslahatlary, öwüt-nesihatlary üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we Milli Liderimiziň degerli maslahatlaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň “Sport” teleýaýlymynda ahalteke bedewleri, olaryň taryhy bilen baglanyşykly mowzuklary öz içine alýan gepleşikleriň taýýarlanylýandygyny, şu günki wakalaryň hem şol gepleşiklerde giňden beýan edilmegi ugrunda zerur işleriň geçiriljekdigini aýdyp, türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygyny wasp etmegi sogap iş hasaplaýandygyny nygtady. Şeýle hem ol öňde durýan wezipeleriň abraý bilen ýerine ýetirilmegi ugrunda mundan beýläk-de ähli ukyp-başarnygyny, toplan tejribesini gaýgyrman işlejekdigine ynandyrdy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Soňra çapuw meýdançasynda türkmen toýy bilen bagly däp-dessurlaryň görkezilişi boldy. Onda her welaýatyň özboluşly aýratynlyklaryna degişli toý dessurlary, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň baýramçylyk mynasybetli ýaýbaňlandyrýan tomaşalary görkezildi. Munuň özi ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan tutumly toýlaryň köpöwüşginli häsiýete eýe bolýandygyny görkezdi.

Toý dessurlaryny görkezýän tans we folklor toparlarynyň, toýa gatnaşýan ýaşlaryň sazlaşykly çykyşlary bu ýerde guralan dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Şunda türkmen toýlarynyň gadymdan gelýän milli däplerine laýyklykda kaşaň bezelen kejebe bagt toýuny tutýan ýaşlaryň ömrüniň iň ýakymly pursatlaryny janlandyrdy. Kaşaň kejebäniň münberiň öňündäki meýdança gelip saklanmagy bilen, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan bäsleşikleriň ýeňijileri yglan edildi. Şeýle hem dabaranyň dowamynda ussat çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda geçirilen toý çapyşygynyň baýrakly orunlarynyň ýeňijileri yglan edildi.

Şeýlelikde, toý çapyşygynda Ahal welaýatyna degişli Azamat atly bedew üçünji orna mynasyp boldy. Ony H.Aşyrow çapdy. Ýeňijä “Toyoto Camry” awtoulagy gowşuryldy. Bu ýaryşda ikinji orna Aşgabat şäherinden Şöhratly atly bedew mynasyp boldy. Ony bu ýaryşda T.Pirmyradow çapdy. Oňa “Toyota Fortuner” kysymly awtoulagyň açary gowşuryldy.

Şanly toýuň hormatyna guralan ussat çapyksuwarlaryň toý çapuwynyň birinji ornuna we baş baýraga ýaş seýis Kerimguly Berdimuhamedowyň taýýarlan Daghan atly bedewi mynasyp boldy. Ony bu ýaryşda Gahryman Arkadagymyz çapdy. Ýeňijä “Range Rover Sport” awtoulagynyň gowşurylýandygy yglan edildi.

Şol pursatda dabarany alypbaryjy Gahryman Arkadagymyzdan hoş habaryň gelip gowşandygyny aýan etdi. Onda toý çapuwynda ýeňijiniň mynasyp bolan Şa serpaýyny Türkmenistanyň Goranmak ministrligine, ýagny seržant Kerimguly Berdimuhamedowyň gulluk edýän harby bölümine sowgat hökmünde geçirmek barada aýdylýar.

Türkmenistanyň goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Şa serpaýyny — harby bölüme gowşurylan awtoulagy uly hoşallyk duýgulary bilen kabul etdi.

Soňra türkmen halkynyň dünýä beren gymmatlyklarynyň esasylarynyň biri bolan türkmen alabaý itleriniň gözellik bäsleşiginde ýeňiş gazanan Arwana atly türkmen alabaýynyň ýeňşiniň “Toyoto Corolla” awtoulagy bilen sylaglanylýandygy mälim edildi.

Soňra şanly toýuň hormatyna guralan türkmen milli göreşinde ýeňiş gazanan pälwanlary sylaglamak dabarasy boldy. Agramy 80 kilograma çenli pälwanlaryň arasynda geçirilen tutluşykda pälwan M.Nurberdiýew, 90 kilograma çenli pälwanlaryň arasynda G.Hemraýew, 100 kilograma çenli agram derejeli pälwanlaryň arasynda S.Rejepow, agramy 110 kilograma çenli pälwanlaryň arasynda bolsa A.Allaberdiýew, baş pälwanlaryň arasynda N.Baýdogdyýew ýeňiji boldular.

Has tapawutlanan pälwanlaryň geçiren tutluşyklarynda ýeňiş gazananlara ýurdumyzda öndürilen telewizorlar sowgat berildi. Öz agramlary boýunça ýeňiş gazanan pälwanlar türkmen toýlarynyň bezegi bolan milli göreşiň halkara ähmiýetli ýaryş hökmünde ykrar edilendigi, milli sportuň yzygiderli ösdürilýändigi hem-de döwlet derejesinde sylaglanandyklary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny mälim etdiler.

Ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda geçirilýän dabaralar behişdi bedewlerimiziň jemgyýetimizde möhüm orun eýeleýändigini we atlarymyzyň toý-baýramlarymyzyň esasy bezegine öwrülýändigini alamatlandyrýar. Bu ýerde şanly wakanyň hormatyna guralan dabarada birek-birege göwün beren ýaş juwanlaryň durmuş toýuna möhüm ornuň degişli bolandygyny bellemek ýakymly.

Hormatly Prezidentimiz ýaşlara ýüzlenip, olaryň durmuş toýlarynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna gabat gelmeginde çuňňur manynyň bardygyny aýtdy. “Bedew at myrada ýetirýär, döwlet getirýär” diýen paýhasly jümläni mysal getirip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlary durmuş toýlary bilen ýene-de bir gezek gutlap, olara toý sowgady hökmünde täze jaýyň açaryny gowşurdy.

Şu pursatda ýaşlaryň bagtyýarlygynyň, şatlygynyň çägi bolmady. Aýratyn-da, ýaşlaryň mähriban ejesi hormatly Prezidentimize ene ýüreginden syzdyryp, çuňňur hoşallygyny mälim etdi hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzdan özleri bilen ýadygärlik surata düşmegini haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz bagtyýar maşgalanyň haýyşyny kanagatlandyryp, olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Çapuw meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan dabara bolsa belent ruha, şadyýan aýdym-sazlara, joşgunly tanslara beslendi.

Soňra bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň dabaraly bellenilýän pursatlarynda bu günki ajaýyp waka bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli şu günki ajaýyp wakalar bilen gutlap, hemmelere üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Umuman, behişdi künjekde ýaýbaňlandyrylan dabara ýurdumyzyň täze taryhyna altyn sahypa bolup ýazyldy.

30.09.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz hem-de Tatarystanyň Baştutany iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Halk Maslahatynyň Başlygyny Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolmagynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady hem-de pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize iberen mähirli salamyny, hoşniýetli gutlaglaryny ýetirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri mähirli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine we Hökümetiniň Başlygyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Gahryman Arkadagymyz myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda görýändigine şatdygyny belledi. Şeýle hem myhmanyň döwlet Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli guralan dabara gatnaşmagynyň Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň däp bolan dostluk we netijeli häsiýetine eýedigini tassyklaýandygyny nygtap, Gahryman Arkadagymyz birek-birege ynanyşmak we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryň bu hyzmatdaşlygyň esasyny düzýändigini belledi.

Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli we netijeli esasda ösdürilýär. Ýokary derejede geçirilýän duşuşyklar we gepleşikler hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň maý aýynda Tatarystan Respublikasyna bolan saparynyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygy bellenildi.

Tatarystan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk Russiýa Federasiýasy bilen döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar iş toparyna möhüm orun degişlidir.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz we myhman birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny aýtdylar hem-de Türkmenistanyň we Tatarystanyň doganlyk halklaryna abadançylyk, gülläp ösüş, rowaçlyk arzuw etdiler.

(TDH

29.09.2026
Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi

Aşgabat, 28-nji sentýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewlerimiziň at-abraýy dünýä dolýar. Ýurdumyzda milli atşynaslyk pudagy täze belentliklere çykarylýar hem-de milli atşynaslyk däplerini ösdürmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi ahalteke atlarynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da artdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de halkara jemgyýetçiligiň halkymyzyň medeni mirasy bilen tanyşmagy üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýär. Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, dünýä derejesindäki halkara ýaryşlary ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň döredilmegi halkymyzyň göz guwanjyna, asylly maksatlarynyň myradyna deňelýän, türkmen halkynyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2010-njy ýylda döredilen, ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy milli atşynaslyk däplerini aýawly saklamak hem-de bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça giň gerimli işlere ýardam berýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda assosiasiýa dünýäniň dürli ýurtlaryndan hünärmenleri, atşynaslary we behişdi bedewlere aýratyn gadyr goýýanlary birleşdirýän abraýly meýdança bolup hyzmat edýär.

Ahalteke atyna bolan gyzyklanma we onuň gymmaty barada düşünjeler öz gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň türkmen bedewi barada ýazan birnäçe düýpli ylmy-köpçülikleýin eserlerinde müňýyllyklara uzaýan ahalteke atlarynyň gaýtalanmajak aýratynlyklary barada ylmy, taryhy, edebi maglumatlar, milli seýisçiligiň däp bolan usullary beýan edilip, halkymyzyň milli mirasy bilen aýrylmaz arabaglanyşygynyň filosofiýasy açylyp görkezilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda türkmeniň meşhur ahalteke bedewlerini wasp etmek we dünýä tanatmak boýunça milli hem-de halkara derejede dürli çäreler geçirilýär.

...Hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisiniň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylar bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdi.

Soňra Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz assosiasiýanyň agzalaryny mähirli mübärekläp, ýurdumyzyň baş baýramynyň — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň toýlanýan günlerinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisiniň geçirilýändigini hem-de onuň dowamynda birnäçe soraglara serediljekdigini, şeýle hem ahalteke atçylygyny ösdürmekde uly işleri alyp baran assosiasiýanyň agzalaryna Türkmenistanyň hormatly atlarynyň dakyljakdygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, milli mirasymyzy aýawly saklamak we dünýä ýaýmak Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewler dünýä medeniýetiniň gymmatly we naýbaşy mirasydyr. Ata-babalarymyz behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmäge, olaryň tohum arassalygyny gorap saklamaga uly üns beripdirler. Bu bedewler öz gözelligi we çalasynlygy, şeýle hem adama bolan wepalylygy bilen tapawutlanypdyr.

“Häzirki wagtda ahalteke bedewlerine aýratyn belent sarpa goýulýar. Ahalteke bedewleriniň Ýer ýüzündäki şan-şöhraty barha belende göterilýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda atçylyk pudagynyň berk binýady döredildi” diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilendigini aýdyp, bu şanly ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport ugurlary boýunça birnäçe çäreleriň geçirilendigini belledi.

“Ahalteke tohum atlaryny gorap saklamakda we baş sanyny köpeltmekde, behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna uly orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy häzirki wagtda abraýly halkara gurama öwrüldi” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam etdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde bu assosiasiýanyň ýurdumyzdan we dünýäniň 40-a golaý döwletinden 213 agzasy bar. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Niderlandlar Patyşalygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisi ýokary derejede geçirildi. Şeýle hem ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň geçirilmegi behişdi bedewlerimiziň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda 29-njy sentýabrda Köpetdagyň eteginde durky döwrebaplaşdyrylan, häzirki zamanyň ösen talaplaryna doly laýyk gelýän Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasynyň geçiriljekdigini we oňa assosiasiýanyň agzalarynyň hem gatnaşjakdygyny aýtdy hem-de geljekde-de ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak we dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdiriljekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işini has-da kämilleşdirmek, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň raýatlaryna hormatly atlary dakmak maksady bilen taýýarlanylan resminamalara gol çekdi.

Soňra ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň raýatlaryny sylaglamak dabarasy boldy. Dabaranyň başynda, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryny okady.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Marian Weltewredene, Hytaý Halk Respublikasynyň «Daqing Huiyou Breeding Co., Ltd.» atçylyk kompaniýasynyň başlygy Liu Şutsine, şeýle hem Estoniýa Respublikasyndan hususy atşynas, halkara derejeli weterinar lukmany Kaido Puuseppe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň atly sport we marafon bölüminiň seýsi — topar ýolbaşçysy Durdymyrat Kanaýewe “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly at dakyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň seýisçilik bölüminiň çapyksuwary Begençmyrat Agamyradowa, şeýle hem Aşgabat şäherinden hususy atşynas Berdimuhammet Berdimuhammedowa “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly at dakyldy.

Soňra hormatly atlara mynasyp bolan atşynaslar hoşallyk sözleri bilen çykyş etdiler.

Ilki bilen, Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Marian Weltewreden çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň döwlet sylagyna mynasyp bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, bu buýsançly wakanyň ýatdan çykmajak pursatlary galdyrandygyny aýtdy. Marian Weltewreden Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Türkmenistanyň Prezidentine, türkmen halkynyň Milli Liderine we ähli türkmen halkyna bu beýik hormat üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Soňra dabarada Aşgabat şäherinden hususy atşynas B.Berdimuhammedow çykyş edip, “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly adyň berilmeginiň öz durmuşynda buýsançly waka öwrülendigini aýtdy hem-de Şa serpaýy üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, hormatly atlara mynasyp bolan ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň atşynaslaryny ýene bir gezek gutlady hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw edip, bu ýerden ugrady.

***

Soňra Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisiniň işi dowam etdi.

Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Marian Weltewreden çykyşynda Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllygy bellenilýän günlerde Türkmenistanda bolýandygyna örän şatdygyny, şu günki mejlisde çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady. Şeýle hem ol türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we ýurduň baş baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Marian Weltewreden türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ahalteke tohumyny gorap saklamaga gönükdirilen başlangyçlarynyň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Niderlandlar Patyşalygynyň “Pilbergen” atçylyk sport toplumynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionatynyň we onuň bilen bagly halkara çäreleriň halkara hyzmatdaşlygyň ösüşinde şu ýylyň möhüm wakalarynyň birine öwrülendigi nygtaldy. Oňa 100-den gowrak bedew, şeýle hem dünýäniň 35-den gowrak ýurdundan wekiller gatnaşdylar. Çempionatyň geçirilen üç gününiň dowamynda “Pilbergen” atçylyk sport toplumy dünýäniň dürli sebitlerinden gelen atşynaslaryň, seýisleriň, çapyksuwarlaryň, tälimçileriň, eminleriň hem-de ahalteke atlarynyň muşdaklarynyň jemlenen merkezine öwrüldi. Dünýä çempionaty ahalteke atlarynyň ýurtlaryň we halklaryň arasynda sport, ylym, medeni ugurlarda köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berip bilýändigini dünýä äşgär etdi. Şunuň bilen baglylykda, şeýle ýokary derejeli çäräni guramak boýunça öňe süren başlangyjy we tagallalary üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini beýan edip, Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Marian Weltewreden sözüni jemledi.

Soňra mejlisde «Daqing Huiyou Breeding Co.,Ltd.» atçylyk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Liu Şutsine söz berildi. Ol dünýäniň dürli döwletlerinden atşynaslary we bedew muşdaklaryny bir ýere jemleýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisinde çykyş etmegiň hem-de ýokary döwlet sylagyna mynasyp bolmagyň uly mertebedigini we ýatdan çykmajak buýsançly wakadygyny belledi. Liu Şutsin bu ýokary sylagyň diňe bir öz zähmetine berlen baha bolman, eýsem, Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda atçylyk ulgamyndaky köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklaryň häzirki döwürde täze mazmun bilen ösdürilýändiginiň aýdyň nyşanydygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, ahalteke aty gözelligiň, ýyndamlygyň we wepadarlygyň kämil nusgasydyr. Hytaý halky gadymy döwürlerden bäri bu ajaýyp bedewlere uly sarpa goýup, olary «Asman atlary» diýip atlandyrýarlar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda, halklarymyzyň arasynda asyrlaryň dowamynda kemala gelen dostlukly gatnaşyklar häzirki wagtda täze many-mazmuna eýe bolýar. Mukaddeslik derejesinde görülýän bu bedewler iki halkyň arasyndaky baky dostlugyň köprüsi bolup hyzmat edýär.

«Daqing Huiyou Breeding Co., Ltd.» atçylyk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Liu Şutsin çykyşynyň ahyrynda zähmetine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Liderine ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra mejlisde Estoniýa Respublikasyndan hususy atşynas, halkara derejeli weterinar lukman Kaido Puuseppe söz berildi. Ol Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisine gatnaşmaga çagyrylandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Myhman hünär ýolunyň köp ýyllardan bäri atlar, hususan-da, ahalteke bedewleri bilen baglanyşyklydygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, ahalteke atlarynyň gadymy mekany bolan Türkmenistanda geçirilýän çärelere gatnaşmak atlary ösdürip ýetişdirmek boýunça döwrebap mümkinçilikler bilen tanyşmaga, tejribeleri baýlaşdyrmaga we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge şert döredýär.

Kaido Puusepp şeýle hem Niderlandlar Patyşalygynda taryhda ilkinji gezek geçirilen ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna gatnaşmagyň ýatdan çykmajak wakalara beslenendigini belledi. Estoniýaly hünärmen çykyşynyň ahyrynda özüniň toplan hünär tejribesini paýlaşmaga, behişdi ahalteke bedewleriniň bähbidine hünärmenleriň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine öz şahsy goşandyny goşmaga mundan beýläk hem taýýardygyny aýratyn nygtady.

Mejlisde çykyş eden ýurdumyzyň atşynaslary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň toýlanýan günlerinde özleriniň zähmetine berlen ýokary sylag üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

29.09.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Aşgabat, 27-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ösüşleriniň, üstünlikleriniň hem-de abadançylygynyň nyşanyna öwrülen Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Munuň özi “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ata Watanymyzyň özygtyýarlylygyny alamatlandyrýan şanly senäniň hormatyna guralýan dabaralaryň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana halkymyz ýurdumyzyň baş baýramyny — Garaşsyzlyk gününi täze zähmet ýeňişleri we geljege bolan beýik maksatlar bilen garşylaýar. Garaşsyzlyk baýramy ata-babalarymyzyň özbaşdaklyk we berkarar döwlet gurmak baradaky arzuwlarynyň hasyl bolmagydyr.

Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda syýasy, ykdysady we medeni-durmuş ugurlarynda ägirt uly ösüşleri gazanyp, bedew bady bilen ösýän, halkara giňişlikde parahatçylygy, dost-doganlygy pugtalandyrmakda öňe sürýän başlangyçlary bilen dünýä bileleşiginde uly abraýa eýe bolan döwlete öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolan ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty has-da ýokarlanýar. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda durmuşa geçirilýän iri taslamalar munuň aýdyň güwäsidir.

Halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan parahatçylyk we ynsanperwerlik, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty dünýä giňişliginde durnukly ösüşi we abadançylygy üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitler Garaşsyz Watanymyzyň geljeginiň ygtybarly binýadydyr.

Hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň baş baýramy mynasybetli halkymyza Gutlagynda bellenilişi ýaly: “Mizemez berkararlygymyzyň we agzybirligimiziň nyşany bolan mukaddes Garaşsyzlygymyz biziň baş buýsanjymyzdyr. Garaşsyzlyk milli döwletliligimiziň sarsmaz binýadydyr, şöhratly geljegimiziň öçmez nurudyr. Garaşsyzlyk düşünjesinde merdana pederlerimiziň azat, garaşsyz, bagtly durmuş baradaky iň süýji arzuwlary, Watanymyzyň şanly geçmişi, şu güni hem-de röwşen geljegi baradaky beýik pelsepeleri jemlenendir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz täze şäherlerdir obalary, ajaýyp binalary gurmak, belent sepgitleri gazanmak, geljegiň uly maksatnamalaryna badalga bermek bilen, ata-babalarymyzyň arzuwlaryny hakykata öwürýäris hem-de Garaşsyzlygymyzyň binýadyny has-da pugtalandyrýarys”.

Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we eneler, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.

...Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy Garaşsyzlyk binasynyň ýanyna geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi dabara gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Soňra Birleşen harby orkestriň ýerine ýetirmeginde Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň döwlet berkararlygynyň we özygtyýarlylygynyň nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna gül dessesini goýdy. Hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, beýleki dabara gatnaşyjylar hem gül desselerini goýdular.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda döwlet Baştutanymyz: “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň abraýyny belende galdyrmak, Watanymyzy, halkymyzy söýmek hem-de guwanmak biziň her birimiziň borjumyzdyr. Garaşsyzlygymyz we hemişelik Bitaraplygymyz, bagtyýar we abadan durmuşymyz üçin örän tutanýerlilik bilen zähmet çekmelidiris. Öňde goýlan täze wezipeleri hem-de belent maksatlary agzybirlikde amala aşyrmalydyrys” diýip nygtady.

Dabaraly çäre tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyryldy.

28.09.2026
Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Aşgabat, 27-nji sentýabr (TDH). Şu gün mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli giň gerimli baýramçylyk dabaralary Watanymyzyň ähli künjegini gurşap aldy. Bagtyýar halkymyz bu möhüm senäni döretmek, gurmak, öňegidişlik we gülläp ösüş ýolunda gazanan ägirt uly üstünlikleri, uly baýramçylyk ruhy bilen garşylaýar.

Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýadydyr. Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynyň içinde gazanylan ajaýyp ýeňişler, ýetilen belent sepgitler mähriban halkymyzyň watansöýüjiligi, agzybirligi, jebisligi, halal we tutanýerli zähmeti bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, syýasy, ykdysady, medeni hem-de durmuş ugurlary boýunça ägirt uly ösüşler gazanylyp, Türkmenistan kuwwatly ykdysadyýeti, kämil durmuş ulgamy bolan, çalt depginler bilen ösýän döwlete öwrüldi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary derejede geçirilmegi we onda il-ýurt bähbitli möhüm çözgütleriň kabul edilmegi ýurdumyzyň her bir raýatynda eziz Watanymyza bolan buýsanjy, söýgini artdyryp, agzybirligimizi, jebisligimizi has-da pugtalandyrdy.

Döwlet berkararlygynyň geçen 35 ýylynda ýetilen sepgitler behişdi bedewleriň batly gadamlaryna deňelýär. Şoňa görä-de, Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy baýram edilýän şu ýylyň ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy möhüm waka boldy. Bu günki gün milli buýsanjymyz we gymmatlygymyz bolan türkmen bedewleriniň at-owazasy dünýäde dabaralanýar.

...Asylly däbe görä, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli esasy dabaralar Döwlet münberiniň öňünde ýaýbaňlandyryldy. Dabaraly harby ýörişiň dowamynda Watanymyzyň goranyş kuwwaty, halkymyzyň parahat we asuda durmuşynyň, mukaddes serhetlerimiziň, Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň goragynda duran türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygy, başarjaňlygy görkezilýär.

Baýramçylyk görnüşinde bezelen Döwlet münberi köp sanly myhmanlary garşylady. Şolaryň hatarynda Hökümet agzalary, Mejlisiň Başlygy, Halk Maslahatynyň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri, daşary ýurtlaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, baýramçylyk mynasybetli ýurdumyza gelen daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary bar.

Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşun görnüşleriniň harby gullukçylary nyzama düzüldi.

...Dаbаrаly hаrby ýörişiň sеrkеrdеsi polkownik R.Aýazow goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýewe Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň gözden geçirilişe taýýardygy barada hasabat berýär. B.Gündogdyýew hasabaty kabul edýär.

Sagat 10:00. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän dabaraly harby ýörişiň geçirilýän ýerine gelýär.

Bellenen ýerde Türkmenistanyň goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa Ýaragly Güýçleriň şahsy düzüminiň dabaraly harby ýörişe taýýardygy barada hasabat berýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty kabul edip, ýörite awtoulagda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän dabaraly harby ýörişe gatnaşyjylaryň hatarlarynyň öňünden geçýär. Şahsy düzüm hormatly Prezidentimizi «Belent Serkerdebaşa şöhrat!» diýen sözler bilen dabaraly garşylaýar.

Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy dabara meýdançasynyň merkezinde — münberiň ýanynda saklanýar. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow dabaraly harby ýörişe gatnaşyjylara ýüzlenýär:

— Salam, hormatly esgerler we serkerdeler!

— Salam, Belent Serkerdebaşymyz! — diýip, harby talyplar, esgerler we serkerdeler jogap berýärler.

Soňra hormatly Prezidentimiz dabaraly harby ýörişe gatnaşyjylary mübärekledi:

— Hormatly Watan goragçylary, sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli gutlaýaryn!

Şol pursat dabaraly harby ýörişe gatnaşyjylaryň ählisi bir wagtda «Ura!» diýip seslenýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Döwlet münberiniň syn ediş ýerine barýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän toplumlaýyn harby özgertmeleriň çäklerinde esgerleriň, serkerdeleriň gulluk we ýaşaýyş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar. Ýaragly Güýçleriň düzümleri döwrebap tehnikalar, ýaraglar bilen üpjün edilip, olaryň işine sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Harby hem hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümi iň täze tehnikalara ussatlyk bilen erk edýändiklerini, nazary, söweşjeň taýýarlygynyň ýokary derejesini görkezmek bilen, döwletimiz tarapyndan edilýän yzygiderli aladalara mynasyp jogap berýärler.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Baýdak sütüninde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy belende galdyrylýar.

...Meýdançada nyzama düzülen serkerdeler, esgerler we harby talyplar Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk baradaky mukaddes kasamy aýdýarlar. Milli goşunymyzyň harby gullukçylary asyrlaryň dowamynda toplanyp, häzirki günlere ýetirilen şöhratly däpleri saklamak bilen birlikde, ata-babalarymyzyň öwüt-ündewlerine wepalydyklaryny iş ýüzünde tassyklaýarlar.

Däp boýunça baýramçylyk ýörişini baýdakçylar topary açýar. Olar dabaraly ýörişiň owazy astynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşun görnüşleriniň baýdaklaryny göterip, münberiň öňünden batly gadamlar bilen geçýärler. Soňra münberiň öňünden Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary sazlaşykly gadam urup geçýärler.

Ýurdumyzyň ýaş harby gullukçylary, goşunlaryň ähli görnüşleriniň şahsy düzümi ady hemişe belentden tutulýan, häzirki ýaşlar üçin hakyky watançylygyň nusgasy bolup hyzmat edýän gaýduwsyz esger, döwlet Baştutanymyzyň garry atasy Berdimuhamet Annaýewiň nusgalyk işlerinden mertlik göreldesini alýarlar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly baýrama beslenýän altyn güýzüniň ilkinji günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçen umumy okuw sapagynda beren gymmatly maslahatlary, öwüt-ündewleri ähli ýaş nesil üçin Watany söýmegiň terbiýe mekdebidir.

Zenan harby gullukçylar şu gezekki dabaraly harby ýörişiň bezegine öwrüldi. Olar ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda Watanymyza wepaly gulluk edýärler. Dabaraly harby ýörişi Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň serkerdeler batalýony dowam edýär. Olary göreniňde, ata Watanymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň ygtybarly ellerde saklanýandygyna ýene bir gezek göz ýetirýärsiň. Olaryň yzysüre ýurdumyzda kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmäge uly goşant goşýan içeri işler edaralarynyň serkerdeler düzümi geçýär. Harby ýörişi Milli howpsuzlyk ministrliginiň serkerdeler batalýony dowam edýär.

Meýdançadan Döwlet serhet gullugynyň serkerdeleri geçýärler. Olar berkarar Watanymyzyň dostluk we doganlyk serhetlerini, döwletiň hem-de halkyň mizemez daýanjyny, rowaçlygyny we abadan durmuşyny alamatlandyrýan mukaddes çäklerini gözleriniň göreji deýin goraýarlar. Döwlet gümrük we migrasiýa gulluklarynyň serkerdeler batalýonlary meýdançadan batly gadamlar bilen geçýärler.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda bitewi harby bilim ulgamy döredildi. Onuň esasy wezipesi häzirki zaman tehnikalarynydyr enjamlaryny dolandyrmagyň başarnyklaryny ele alýan serkerdeleriň ýaş neslini kemala getirmekden ybaratdyr. Harby institutyň we Harby-deňiz institutynyň alyp barýan işleri hem öňde goýlan şol maksada ýetmäge gönükdirilendir. Bu harby ýokary okuw mekdepleriniň talyplary-da meýdançadan nyzamly ädimler bilen geçýärler. Olardan soňra Raýat goranyşy we halas ediş harby talyplar batalýony dabaraly ýörişi dowam edýär.

Içeri işler ministrliginiň institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň, Serhet institutynyň talyplary münberiň öňünden sazlaşykly ýöräp geçýärler. Beýleki ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, bu institutlarda hem okuw-terbiýeçilik işleri häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär.

Motoatyjylar batalýonynyň esgerleri-de söweşjeň taýýarlygyň we ýokary ussatlygyň nusgasyny görkezmek bilen, Watanymyzyň parahatçylygynyň, abadançylygynyň üpjün edilmegine uly goşant goşýarlar. Olaryň yzy bilen baýramçylyk meýdançasynda Harby-howa güýçleriniň uçarmanlary peýda bolýarlar. Türkmen uçarmanlary Watanymyzyň asuda asmanyny ygtybarly goraýarlar. Soňra meýdançadan tankçylar we artilleriýa batalýonlary geçýär. Olar häzirki zamanyň kuwwatly harby tehnikalaryny dolandyrmaga ussatlarça erk edip, berkarar Watanymyzyň goragynyň mizemez galkany bolup durýarlar.

Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanyp guralýan dabaraly harby ýörişde aragatnaşykçy harby gullukçylar ilkinji gezek buýsançly gadamlar bilen geçýärler. Deňiz-pyýada we Dag atyjylar batalýonlary hem şu gezekki gözden geçirilişe gatnaşdylar. Olar harby okuw-türgenleşik çäreleriniň dowamynda ýokary ussatlygyny görkezýärler.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň başynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatynda Ýaragly Güýçleriň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem Diýarymyzda giňden bellenilen Watan goragçylarynyň gününe gabatlanyp harby we hukuk goraýjy edaralara degişli birnäçe desgalaryň açylyş dabaralary geçirildi. Şeýle işler harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş zerurlyklaryny doly derejede kanagatlandyrmaga ýardam berip, olary mukaddes gulluk borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmäge ruhlandyrýar.

Meýdança Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň we Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Döwlet serhet gullugynyň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen «Türkmen edermen» diýlip at berlen ýörite maksatly batalýonlarynyň esgerleri çykýarlar. Bu bölümiň harby gullukçylarynyň tapawutly aýratynlygy söweşjeň, nazary we beden taýýarlygynyň ýokary derejesinden, batyrlykdan hem-de aýgytlylykdan ybaratdyr.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesi mynasybetli 35 atlydan ybarat atçylyk toparynyň baýramçylyk ýörişi dabaranyň aýratyn bezegine öwrüldi. Ady rowaýata öwrülen ganatly bedewler gaýduwsyz ýigitlerimiziň wepaly ýoldaşy, baýramçylyklarda olaryň ýakyn dostlary bolupdyr. Gadymy döwürlerde bolşy ýaly, häzirki wagtda-da behişdi bedewler, türkmen alabaýlary ýaly, Watan goragçylarynyň ygtybarly kömekçileridir. Harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, gulluk üçin atlary taýýarlamak, sportuň atly görnüşlerini ösdürmek meselelerine aýratyn üns berilýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna gelip gowşan iň häzirki zaman harby tehnikalarynyň gözden geçirilişi Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň goranyş ukybynyň ýokary derejesini we taýýarlygyny görkezýär. Döwlet münberiniň meýdançasynda gurnalan ýörite uly ekran arkaly çärä gatnaşyjylar göni ýaýlymda Hazar deňzinde geçirilýän harby deňiz flotunyň baýramçylyk ýüzüşini synladylar.

Harby-deňiz güýçlerine gelip gowşan, iň kämil ýaraglar bilen enjamlaşdyrylan «Deňiz han» korwet söweşjeň gämisi baýramçylyk gözden geçirilişini açýar. Bu kuwwatly gämi deňziň üstündäki we astyndaky, howadaky hem-de gury ýerdäki nyşanalary ýok etmäge ukyplydyr. Onuň yzy bilen «Edermen», «Gaýratly» raketa gämileri dabaraly ýüzüşi dowam edýär. Olar ýurdumyzyň deňiz serhetleriniň howpsuzlygyny üpjün edýär.

Soňra gezek Milli goşunymyzyň düzüminde duran döwrebap harby tehnikalara ýetýär. Meýdançadan dürli kysymly goşunlaryň mehanizirlenen hatary geçip başlaýar. Dabaraly harby ýörişiň öňüni «INKAS TITAN» kysymly sowutlanan harby awtoulag çekýär. Onuň ýöriş hatary bilen «DAGOR» kysymly harby awtoulaglarda Watan goragçylary öz wepaly ýoldaşy bolan türkmen alabaýlary bilen geçýärler.

Dabaraly harby ýörişi «Land Rover» kysymly harby maksatly şahsy düzüm üçin niýetlenen awtoulaglary, şeýle hem bu harby awtoulagyň binýadyndaky «Rohde Şwars» kysymly aragatnaşyk toplumy, «Al SHIBL2», «Al ASIFA2», «NIMR» kysymly häzirki zamanyň döwrebap sowutlanan awtoulaglary dowam edýär. Baýramçylyk mynasybetli dabaraly harby ýörişden «KIA KLTV-181» kysymly sowutlanan harby awtoulaglar we Ýaragly Güýçlerimize täze kabul edilen «DJI MATRIX 30T» kysymly uçarmansyz uçýan enjamlar geçirilýär. «Türkmen edermen» ýörite maksatly bölümleriniň «BTR-80A» kysymly bronetank tehnikalary, şeýle hem «INKAS TITAN» we «KIRPI» kysymly sowutlanan harby awtoulaglar ýöriş meýdançasyndan geçýärler. Bu awtoulaglar pulemýotlary, göçme asmana atyjy raketa toplumlaryny özünde jemleýär.

Ikinji mehanizirlenen kerweniň öňüni «TAÝFUN» kysymly, köp maksatly sowutlanan harby awtoulag çekýär. Kuwwatly bronetank tehnikalary bolan «T-72M» we «T-90S» kysymly söweşjeň tanklar ýörite awtoulaglarda ýörişi dowam edýärler. Döwlet münberiniň meýdançasyndan häzirki zamanyň iň kämil söweşjeň tehnikalary bolan «BMP-2D», «BMP-3» kysymly pyýada goşunyň sowutlanan tehnikalary, «KOBRA» kysymly sowutlanan tehnikalar, şeýle hem guryýer goşunynyň «ZSU-23-4 ŞILKA» asmana atyjy toplumy we «2S-1 Gwozdika» kysymly özi hereket edýän söweş tehnikalary «MAN» kysymly agyr ýük çekiji awtoulaglaryň üstünde geçýärler. «BM 21A BELGRAD» kysymly reaktiw ulgamy hem-de «SMERÇ» kysymly reaktiw ulgamy ýörişiň hatarlary bilen barýar. Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň netijesinde, Inžener goşunlarynyň düzümi hem täze tehnikalaryň hasabyna kämilleşdirilýär. «SHAHMAN» awtoulagyň binýadyndaky «HZ-100» derýa halkaly panton köprüsi we «HZ-100» kenarýaka halkaly panton köprüsi hem şolaryň hataryndadyr.

Meýdança üçünji kerweniň tehnikalary çykýar. Olaryň başyny «INKAS TITAN» kysymly sowutlanan harby awtoulag çekýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýörişde «MERCEDES-BENZ ATEGO» kysymly awtoulagda «Bayraktar TB2» kysymly söweşjeň uçarmansyz uçýan enjam, şeýle hem Ýaragly Güýçlerimize täze kabul edilen «MAN» kysymly awtoulaglarda «SKY SAKER FX-80», «SKY STRIKER», «ORBITER-2B» we «СW-15D» kysymly uçarmansyz uçýan enjamlar geçýärler.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranyş kuwwaty dünýäniň öňdebaryjy harby tehnikalarynyň hasabyna yzygiderli artdyrylýar. Dabara meýdançasyndan Ýaragly Güýçlerimize täze kabul edilen «MAN» kysymly awtoulagda «POINT BLANK» hem-de «ThunderB-VTOL» kysymly uçarmansyz uçýan enjamlar harby ýörişe ilkinji gezek gatnaşýan, ýurdumyzyň Harby-deňiz güýçlerine täze kabul edilen «MAN» kysymly awtoulagda «KATANA PLUS» kysymly uzak aralykdan dolandyrylýan suwüsti gaýygyň göçme dolandyryş nokady, «KATANA» kysymly uzak aralykdan dolandyrylýan suwüsti katerler geçýärler.

Döwlet münberiniň öňünden «ÝLS-18A» radiolokasiýa toplumy, «DWL-002» radioelektron ýagdaýa gözegçilik toplumy, Döwlet migrasiýa gullugyna degişli ýörite awtoulag hem-de halas ediş we himiýa goşunlarynyň topary enjamlary bilen geçýärler.

Soňra dabaraly harby ýörişde «FM-90», «KS-1A» we «FD-2000» kysymly iň kämil asmana atyjy raketa toplumlary görkezilýär. Olaryň yzy bilen Ýaragly Güýçlerimize täze kabul edilen «KDP-2000» uniwersal ulag platformasynyň binýadynda «FK-2000» kysymly asmana atyjy raketa-artilleriýa toplumlary dabaraly harby ýörişden geçýärler.

Dabaraly harby ýörişde dördünji mehanizirlenen kerweniň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby awtoulaglary geçip başlaýar. Meýdançadan Döwlet serhet gullugynyň «KIA KLTV 141» kysymly sowutlanan söweşjeň awtoulaglary hem-de «MOTOWEZDEHOD» kysymly häzirki zaman kwadrasikller geçýär.

Münberiň öňünden üstünde merdana serhetçiler, olaryň wepaly ýoldaşy bolan türkmen alabaýlary oturan «Toyota Hilux» awtoulaglary geçýär. Olaryň yzy bilen «KIA KLTV 141», «KIA KLTV», «COBRA», «PMW SURVIVOR II» kysymly, köp maksatly, sowutlanan söweşjeň awtoulaglar barýar. Bu ulag serişdeleri Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramakda netijeli ulanylýar. Dabaraly harby ýörişden Serhet goşunlarynyň «KIRPI» kysymly sowutlanan harby awtoulaglary, «Mantra» kysymly awtoulagynda 120 mm kalibrli minomýotlary geçýär. Ýörişi «IVECO» awtoulaglary dowam edýär. Olaryň binýadynda «ZU-23» kysymly asmana atyjy raketa toplumlary, «Simbat» raketa uçurma ulgamy, «Orbiter 2B» kysymly uçarmansyz uçýan enjamlar ýerleşdirilendir. Soňra Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylary «HONDA» kysymly motoulaglarda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly toýunyň hormatyna «35» ýazgyny emele getirip geçýärler.

Dabaraly harby ýörişiň bäşinji mehanizirlenen kerweniniň öňüni Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň düzümindäki «IVECO M65» kysymly söweşjeň awtoulag çekýär. Kerweni «STORM-RIDER», «LAZAR III» kysymly häzirki zaman sowutlanan söweşjeň awtoulaglar dowam edýär.

Altynjy mehanizirlenen kerweniň çäklerinde Türkmenistanyň Içeri işler edaralarynyň ýöriteleşdirilen tehnikalary geçip başlaýar. Kerweniň öňüni «INKAS TITAN» kysymly sowutlanan söweşjeň awtoulag çekýär. Onuň yzy bilen «MAN» kysymly awtoulagda «СW-15D» kysymly uçarmansyz uçýan enjamlar we «FORD HENNESSEY» kysymly awtoulaglar geçýär. Soňra meýdançada Içeri işler ministrliginiň «FORD ATLAS 150», «TOYOTA TUNDRA», «GMS Sierra», «PMV-SURVIVOR II» hem-de «INKAS TITAN» kysymly sowutlanan söweşjeň awtoulaglary peýda bolýar. Bu döwrebap awtoulaglar ýurdumyzyň asudalygynyň hem-de abadançylygynyň, hukuk we jemgyýetçilik tertibiniň üpjün edilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir.

Dabaraly ýörişde içeri işler edaralarynyň işgärleri «YAMAHA» kysymly ýöriteleşdirilen motoulaglarda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesini dabaralandyrýan «35» san belgisini emele getirip, harby ýörişe özboluşly bezeg berýärler. «MERCEDES-BENZ» kysymly ýöriteleşdirilen awtoulaglar we «TOYOTA FORTUNER» kysymly awtoulaglar Döwlet münberiniň öňünden geçýärler.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýöriş Watanymyzyň asuda howa giňişliginde dowam edýär. Howadaky dabaraly ýörişi «Mi-17W-5» kysymly dikuçarlar açýar. Olar guryýer goşunlarynyň söweş hereketlerini howadan goldamak, goşunlary, harby tehnikalary daşamak üçin niýetlenendir. Olaryň yzy bilen, «Mi-24P» kysymly söweşjeň dikuçarlar asman giňişliginde peýda bolýar. Olary ýokary uçuş ussatlygyny göwnejaý ele alan türkmen uçarmanlary dolandyrýarlar. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň söweşjeň dikuçarlary Watanymyzyň howpsuzlygyny, halkymyzyň parahat durmuşyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýärler.

Içeri işler ministrliginiň «Eurocopter-145», Milli howpsuzlyk ministrliginiň «Eurocopter-365» kysymly dikuçarlary asman giňişliginde harby ýörişi dowam edýär. Bu dikuçarlaryň her biri ýokary söweşjeň häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Soňra asmanda Döwlet serhet gullugynyň «Agusta-139» kysymly häzirki zaman dikuçarlary uçup geçýär.

Baýramçylyk harby gözden geçirilişine «С-27J SPARTAN» kysymly häzirki zaman harby-ulag uçary hem-de «A-29 Super Tucano» kysymly söweşjeň uçarlar hem gatnaşýar. Olaryň yzy bilen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-howa güýçleriniň «Su-25» kysymly söweşjeň uçarlary geçýär. Türkmen uçarmanlary söweşjeň uçarlary we dikuçarlary ussatlyk bilen dolandyryp, ýokary hünär derejelerini görkezýärler.

Şu gün görkezilen kämil harby howa tehnikalarynyň hatarynda «M-346» kysymly uçarlar-da bar. Bu kysymdaky uçarda ilkinji synag uçuşyny türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz amala aşyrypdy. Munuň özi harby uçarmanlar üçin gaýduwsyzlygyň nusgalyk mekdebidir. Söweşjeň uçarlar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli asuda asmanymyzda ajaýyp öwüşginleri emele getirýärler.

Dabaraly harby ýörişde görkezilen döwrebap ýerüsti, deňiz we howa tehnikalary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimizi döwrebaplaşdyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine uly üns berilýändigini nobatdaky gezek subut edýär.

Soňra Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aýratyn hormat garawuly polkunyň harby gullukçylary düzülýärler. Her ýylda geçirilýän dabaraly harby ýörişde bu polkuň harby gullukçylary ýokary nyzam emelleri bilen ajaýyp şekilleri döredip, dabara aýratyn öwüşgin çaýýarlar. Olar şu ýyl hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýuna baýramçylyk sowgady bilen geldiler. Meýdançada türkmen halkynyň milli buýsanjyna — ahalteke atlaryna söýgüsini şöhlelendirýän, Arkadag şäherine bezeg berýän «Taýçanak» binasynyň şekili emele getirilýär. Olar şeýle hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň nyşanyny — behişdi bedewiň keşbini ussatlyk bilen şekillendirýärler. Soňra meýdançada dabaraly harby ýörişiň ýöriş sazlaryny ýerine ýetiren harby we hukuk goraýjy edaralaryň Birleşen harby orkestri peýda bolýar. Onuň ýerine ýetirýän sazlarydyr mukamlary Milli goşunymyzyň watançylyk ruhuny belende göterýär. Ýurdumyzyň şanly baýramy mynasybetli ajaýyp sazly sowgady taýýarlan bu orkestriň joşgunly çykyşy harby ýörişe aýratyn öwüşgin çaýdy. Olaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan ajaýyp aýdym dabaraly harby ýörişiň jemlenmesine öwrüldi.

Soňra Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli giň gerimli dabara dowam etdi. Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan dabara döwrebap telekommunikasiýa we ýaýlyma beriş serişdeleri, aragatnaşyk ulgamlary arkaly göni ýaýlymda köpçülige ýetirildi. Munuň özi ýurdumyzyň baş baýramynyň şanyna guralan baýramçylyk çäresine watandaşlarymyzyň hem-de dünýä döwletleriniň ýaşaýjylarynyň tomaşa etmegine mümkinçilik döretdi.

Bu ýerde milli lybasdaky iki çapyksuwar ajaýyp ahalteke bedewini meýdança çykardy. Ussat zergärleriň zehininden dörän şaý-sepler bilen bezelen at esbaplary behişdi bedewiň gözelligine gözellik goşýar. Watan atly akýal mele reňkli bu ajaýyp bedew Hankerwen we Şaperi diýen atlaryň neslindendir. Ady rowaýata öwrülen Gaplaňyň ugruna degişli bolan bu bedew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli, türkmen halkynyň bagtyýarlygy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda edýän yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany hökmünde Hökümet agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa sowgat berildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewi Watanymyzyň gülläp ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly gadamlarynyň, halkymyzyň döredijilik zehininiň, milli mirasymyzyň dowamatlylygynyň nyşanydyr. Ajaýyp ahalteke bedewi meýdançada buýsanç bilen gezim edip, dabara gatnaşyjylarda we myhmanlarda ýakymly duýgulary döretdi.

Soňra baýramçylyk meýdançasynda diňe bir ýurdumyzda däl, daşary ýurtlarda-da uly şöhrata eýe bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýörişi başlandy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen topara şu ýylyň başynda Monako Knýazlygynda geçirilen Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara güwänamalaryň gowşurylmagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň rowaçlyklarynyň özboluşly başlangyjyna öwrüldi. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary şu ýyl Azerbaýjanda, Türkiýede, Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň çäklerinde çykyş edip, at üstünde ussatlarça ýerine ýetiren tilsimleri, çylşyrymly akrobatik hereketleri tomaşaçylary ýene bir ýola haýran galdyrdy. Ýeri gelende bellesek, Ýewropada ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen dünýä çempionatynyň çäklerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary «Tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan» atly baýrak bilen sylaglanyldy.

Soňra Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bagtyýar talyplary ahalteke bedewleri bilen «35» ýazgyny emele getirip geçýärler. Häzirki wagtda ýurdumyzda atçylyk pudagy ylym, bilim, innowasiýa we milli däp-dessurlary özünde birleşdirip, dünýä derejesinde täze ösüşlere beslenýär.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanyp, ýurdumyzda we daşary döwletlerde birnäçe iri çäreler geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyjy we tagallalary bilen ýakynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty dünýä atşynaslygynyň hem-de atly sportunyň hakyky baýramçylygyna öwrüldi. Onuň giň gerimli çäreleri dünýäniň dürli yklymlaryndan köp sanly wekilleri we ahalteke atlaryny bir ýere jemledi. Behişdi bedewleriň mekany bolan ata Watanymyzdan naýbaşy bedewler çempionatyň abraýly baýraklarynyň birnäçesine eýe boldular. Bu çäre ýurtlaryň we halklaryň arasynda medeni-ynsanperwer dialogy berkitmekde hem ähmiýetli boldy.

Soňra Döwlet münberiniň öňünde teatrlaşdyrylan sahnalar ýaýbaňlandyryldy. Olarda şöhratly türkmen şahsyýetleriniň, şol sanda nesilbaşymyz Oguz hanyň we beýleki meşhur şahsyýetleriň keşpleri janlandyryldy. Bu görnüşler ýurdumyzyň meşhur estrada aýdymçylarynyň Watanymyzy, mukaddes Garaşsyzlygymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adamzat ähmiýetli beýik işlerini wasp edýän aýdymlary bilen utgaşyp, bu günki dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Baýramçylyk ýörişini Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri dowam edýärler. Meýdançadan milli nyşanlar bilen bezelen awtoulag platformasy geçýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan demokratik özgertmeler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Döwrüň talaplaryna, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu işlerde Türkmenistanyň Halk Maslahatyna, Mejlisine we jemgyýetçilik guramalaryna möhüm orun degişlidir.

Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde we döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen möhüm çözgütler kabul edildi. Ahalteke bedewlerimiziň baş sanyny artdyrmak we olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak işlerini dowam etmek maksady bilen, «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan ýylda möhüm waka boldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlary bilen, «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli konsepsiýasy, «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy. Ählihalk forumy täze taryhy döwürde halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, halk häkimiýetiniň dabaralanýandygynyň nobatdaky aýdyň mysalydyr.

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, halk arasynda uly abraýdan we sylag-hormatdan peýdalanýan ildeşlerimiz döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy.

Soňra kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň häkimliginiň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulag platformasy meýdança çykdy. Mälim bolşy ýaly, täze şäheriň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri dizaýnyň öňdebaryjy tejribesi bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu täsin şäher dünýäniň şähergurluşyk, inženerçilik-tehniki tejribesiniň innowasion hem-de öňdebaryjy gazananlaryny, adamlaryň ýaşamaklary üçin has amatly şertleri özünde jemleýär. Şäheriň ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýändigi köp sanly halkara güwänamalardyr baýraklar bilen tassyklanyldy. Döwrebap şäherde atçylyk pudagynyň ylym, bilim, önümçilik we sport desgalary döredilip, olar iň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem-de çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň çagalaryň abadan ýaşaýşynyň bähbidine durmuşa geçirýän ynsanperwer işleri dünýä nusgalykdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar.

Soňra Aşgabat şäher häkimliginiň paýtagtymyzyň binagärlik nyşanlary bilen bezelen awtoulag platformasy Döwlet münberiniň öňünden geçýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan şähergurluşyk syýasatynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ak mermerli paýtagtymyzyň ösüşiň hem-de gözelligiň şäheri hökmünde dünýädäki at-abraýy barha artýar. Milli binagärligiň iň gowy ýörelgeleri öňdebaryjy gurluşyk tejribesi bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp gurulýan dürli maksatly desgalar ýokary durmuş şertlerini üpjün etmek bilen bir hatarda, paýtagtymyzyň täze, döwrebap keşbini emele getirýär. Şol desgalaryň birnäçesi dünýä binagärliginiň ajaýyp täsinligi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girizildi.

Soňra dabaraly ýöriş ýurdumyzyň bäş welaýatyna wekilçilik edýän awtoulag platformalarynyň toparynyň geçmegi bilen dowam etdi. Suratly pannolarda dünýä belli taryhy-binagärlik ýadygärlikleri, häzirki döwrüň iri desgalary, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň ajaýyp künjeklerinde ýerleşýän binalaryň şekilleri görkezilýär. Welaýatlaryň döredijilik toparlarynyň çykyşlarynda milli däp-dessurlarymyzyň özboluşlylygy şöhlelenýär. Döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda, sebitleriň durmuş-medeni, ykdysady infrastrukturasy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Oba milli maksatnamasynda, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan işleriň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde kemala gelýän täze obalardyr şäherçeler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegi nazarlaýan giň gerimli özgertmeleriň aýdyň nyşanydyr.

...Hormatly Prezidentimizi hem-de dabaranyň köp sanly myhmanlaryny awtoulag platformalarynda barýan ýaşulular, ýaş nesliň wekilleri mübärekleýärler. Joşgunly aýdym-sazlar, asmana uçurylan köpöwüşginli şarlar adamlaryň baýramçylyk ruhuny belende göterýär.

Döwlet münberiniň öňündäki meýdançadan Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulagy, köp sanly türgenler geçýärler. Şolaryň hatarynda sportuň dürli görnüşleriniň ussatlary, milli we halkara derejedäki ýaryşlaryň ýeňijileri, olaryň tälimçileri bar. Öňdengörüjilikli döwlet strategiýasynyň esasynda häzirki wagtda milli sport ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar. Türkmenistanda sport bilen meşgullanmak, türgenleriň başarnyklaryny kämilleşdirmek, tälimçileriň, beýleki hünärmenleriň işlemekleri üçin ähli şertler döredilýär. Netijede, türkmen türgenleri dürli abraýly halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýärler we baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda yklym we dünýä möçberli iri ýaryşlar, çempionatlar yzygiderli geçirilýär.

Soňra Döwlet münberiniň öňünden Bilim ministrliginiň baýramçylyk äheňinde bezelen awtoulaglary, bu ulgamyň wekilleri, ýaş nesiller geçýärler. Täze taryhy döwürde durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri bu ulgamy halkara standartlaryň derejesine çykarmaga mümkinçilik döretdi. Bilimiň we ylmyň döwletiň, jemgyýetiň ösüşiniň, döredijilik mümkinçilikleriniň möhüm binýadydygyny nygtamak gerek. Watanyň daýanjyna deňelýän ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamaga, olaryň jemgyýetçilik, syýasy we döwlet işine, halkara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşmagyny üpjün etmäge hem möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyny» tassyklamak hakynda Karara gol çekmegi bu ugurda anyk wezipeleri kesgitledi.

Her täze okuw ýylyny täze, döwrebap bilim edaralarynyň birnäçesiniň açylyş dabaralary bilen utgaşdyrmak ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen paýtagtymyzda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary açylyp ulanmaga berildi.

Baýramçylyk ýörişini saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri dowam etdirýärler. Halkyň sagdyn, bagtyýar durmuşda ýaşamagy baradaky alada döwlet syýasatynyň baş maksady bolup durýar. Soňky ýyllarda milli saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejä çykdy we raýatlara halkara standartlara laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterli bolmagyny üpjün etdi. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenilip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we oňa degişli desgalary döwrebaplaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, derman senagatyny ösdürmek maksatlaryna gönükdirilen giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda, welaýatlarda bu ulgama degişli öňdebaryjy ýöriteleşdirilen enjamlar, iň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap desgalar gurulýar. Arkadag şäherinde iri lukmançylyk klasteriniň gurlup ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzyň derman we lukmançylyk enjamlary senagatynyň önümçilik kuwwaty has-da artar. Şanly ýylda hem saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge, ilatyň saglygyny berkitmäge gönükdirilen möhüm strategiýalar kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda saglygy goraýyş ulgamyna degişli ýene birnäçe iri taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigini nygtady. Aşgabat şäherinde Halkara pediatriýa merkeziniň, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda bolsa «Arçman» şypahanasynyň goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň meýilleşdirilýän açylyş dabaralary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň yzysüre belleniljek Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe aýratyn öwüşgin çaýar.

Soňra baýramçylyk meýdançasyndan Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Awtomobil ýollary ministrliginiň işgärleri dabaraly ýagdaýda geçýärler. Gurmak we döretmek häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridir. Muňa ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan täzeçil şähergurluşyk strategiýasy hem şaýatlyk edýär. Onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, şäherleriň we obalaryň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän awtomobil ýollarynyň gurluşyk taslamalary Watanymyzyň halkara ulag geçelgeleriniň möhüm merkezi hökmünde ornuny barha berkidýär. Şolaryň hatarynda şu ýylyň aprel aýynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň tamamlaýjy tapgyry bolan Mary — Türkmenabat böleginiň açylyp ulanmaga berlendigini bellemek möhümdir.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň platformasynda-da ýetilen sepgitler görkezilýär. Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda senagaty ösdürmäge, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleriň önümçiligini ýola goýmaga, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman kärhanalaryny gurmaga, hereket edýän önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça meýilnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde senagat infrastrukturasy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar we giňeldilýär. Watanymyzyň şanly baýrama barýan günlerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Karary bilen, «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň» tassyklanylmagy ýurdumyzy toplumlaýyn esasda ösdürmek boýunça geljekde hem giň gerimli işleriň durmuşa geçiriljekdiginiň nobatdaky aýdyň mysaly boldy. Himiýa senagatynda täze önümçilikleri döretmek babatda-da netijeli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynyň düzüminde mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşyklary alnyp barylýar. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumynyň açylmagy şanly ýylda ýurdumyzyň himiýa senagatynyň işgärleri üçin ajaýyp sowgat bolar.

Täze taryhy döwürde elektroenergetika pudagynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek, içerki sarp edijileri doly we üznüksiz üpjün etmek bilen bir hatarda, elektrik energiýasynyň eksport edilýän möçberini hem yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýän ygtybarly ugurdaş infrastrukturany döretmek boýunça işler-de dowam etdirilýär. Pudakda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler meýdançadan geçen Energetika ministrliginiň awtoulag platformasynda öz beýanyny tapdy.

Meýdança Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň awtoulag platformalary çykýar. Bu düzümleriň alyp barýan işi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, türkmen önümlerini dünýä bazaryna çykarmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşant goşýar. Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de häzirki zaman bazar gatnaşyklary bilen ýokary netijeli ykdysadyýeti döretmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda «Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşanly harytlara dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär.

Kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna ýardam bermekde, bäsdeşlige ukyply, import edilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksporta gönükdirilen önümleri öndürmek, azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna uly orun degişlidir.

Soňra dokma we halyçylyk pudaklarynyň mümkinçilikleri görkezildi. Döwletimiz tarapyndan pudagyň maddy-tehniki binýadyny berkitmäge uly üns berilýär. Bar bolan kärhanalar döwrebaplaşdyrylýar, ýerli çig mal esasynda ýokary hilli önümleri öndürýän täze kärhanalar gurulýar. Dokma senagaty ministrliginiň we «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň awtoulag platformasynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda sarp edijiler tarapyndan uly isleg bildirilýän dürli önümler şöhlelendirilýär.

Soňra meýdançadan maliýe we ykdysadyýet toplumyna wekilçilik edýän awtoulag platformalary geçdi. Şu ýyl berkarar döwletimiziň baş maliýe meýilnamasyndan bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge, önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeler goýberildi. Watanymyzyň ykdysadyýeti durnukly ösýär. Milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmagyň çäklerinde ýurdumyzda bu pudagy döwrebaplaşdyrmak boýunça maksada gönükdirilen çäreler görülýär. Bank işine sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar, olaryň gerimi giňeldilýär, elektron töleg ulgamy kämilleşdirilýär we nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi artdyrylýar.

Häzirki döwürde ulag-kommunikasiýa toplumyny maksatnamalaýyn esasda ösdürmek, ýükleriň daşalmagyny kämilleşdirmek, ýolagçylary gatnatmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary, Aragatnaşyk, Awtomobil ulaglary ministrlikleriniň, «Türkmenhowaýollary» hem-de Deňiz we derýa ulaglary döwlet gulluklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk ösdürilip, kuwwatly tehnikalar yzygiderli satyn alynýar. Ulagyň ähli görnüşleri bilen ýolagçy we ýük dolanyşygyny ösdürmek, ýurdumyzyň halkara üstaşyr ulag mümkinçiligini doly ulanmak boýunça degişli işler amala aşyrylýar. Şu ýyl «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlan «Gadamly» atly gury ýük gämisiniň ulanmaga berilmegi möhüm taryhy waka boldy. Baýramçylyk meýdançasyndan topluma degişli edara-kärhanalaryň işgärleri we bezelen awtoulag platformalary geçýärler.

Soňra Döwlet münberiniň öňünden milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy bolan nebitgaz toplumynyň işgärleri we awtoulag platformalary geçýär. Türkmenistan energiýa serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolup, ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirýär. Şunda gazyp alýan, gaýtadan işleýän pudaklaryň kuwwatyny artdyrmaga, ýokary hilli önümleriň dürli görnüşlerini öndürýän innowasion önümçilikleri döretmäge, energiýa serişdelerini eksport etmek üçin köpugurly turbageçiriji infrastrukturany kemala getirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Dünýäde iri uglewodorod ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn esasda özleşdirmek işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu ýyl Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda bu gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryna, ýagny ýylda harytlyk gazyň 10 milliard kub metrini öndürmäge niýetlenen döwrebap zawodyň gurluşygyna badalga berildi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy ýurdumyzyň ägirt uly energetika kuwwatynyň ösüş arkaly sebitde abadançylygy we dost-doganlygy berkitmäge hem hyzmat edýändigini görkezýär.

Oba hojalyk we azyk senagaty ulgamyna degişli pudaklaýyn düzümleriň baýramçylyk äheňinde bezelen awtoulaglary we işgärleri dabaraly ýörişi dowam edýärler. Azyk bolçulygyny pugtalandyrýan Türkmenistan ýylyň-ýylyna oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrýar, pudagyň infrastrukturasy kämilleşdirilýär, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap tehnikalary we enjamlary yzygiderli satyn alynýar. Döredilýän amatly şertlerden ruhlanyp zähmet çekýän merdana daýhanlarymyz oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirip, ýurdumyzda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmäge öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şu ýyl oba hojalyk işgärleri Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak galla hasylyny tabşyryp, bugdaý taýýarlamak boýunça döwlet borçnamasyny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak, suw hojalygy, maldarçylyk we guşçulyk senagaty, atçylyk pudaklary hem okgunly ösdürilýär. Ýer-suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, täze suw howdanlaryny gurmak boýunça maksada gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär.

Dabara medeniýet ulgamynyň işgärleriniň ýörişi bilen jemlendi. Halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasyny aýawly saklamakda, ony mundan beýläk-de ösdürmekde, dünýä ýaýmakda medeniýet ulgamyna uly orun degişlidir. Ruhy baýlyk bolan milli medeniýetiň we sungatyň ösdürilmegine, maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna, döredijilik işgärleriniň ukyp-başarnyklaryny doly derejede açmaklary üçin şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber goldaw-hemaýatlary bilen medeniýet, sungat, döredijilik işgärlerine hormatly atlar dakylyp, olar döwlet sylaglary bilen sylaglanylýar.

Halkymyzyň milli gymmatlyklary tutuş dünýäde giňden wagyz edilýär we halkara jemgyýetçilik tarapyndan ykrar edilýär. Türkmen halkynyň sungatynyň hem-de senetçiliginiň birnäçe görnüşleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Diýarymyzyň bäş welaýatyna wekilçilik edýän aýdymçylaryň we tans toparlarynyň, ýaşajyk artistleriň çykyşlary Döwlet münberiniň öňündäki dabaralaryň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi. Olar çykyşlarynda Watanymyzy, agzybir türkmen halkyny, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini wasp etdiler.

Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly ýöriş tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Dabaranyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa hormatly Prezidentimiziň degişli Permanyny okady.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny we degişli şahadatnamany gowşurdy.

Döwlet sylaglaryna mynasyp bolan harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna yzygiderli aladalary hem-de ýokary ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, geljekde hem Watanymyzyň parahatçylygyny we asudalygyny, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň mukaddes çäkleriniň eldegrilmesizligini, kanunylygyň hem-de hukuk düzgün-tertibiniň berk berjaý edilmegini üpjün etmegiň bähbidine tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňra bu ýere ýygnananlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de Gahryman Arkadagymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şany senesi bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyzyň we Milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni-durmuş ugurlarynda gazanylýan ösüşler munuň aýdyň güwäsidir.

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, mukaddes Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli dabaraly harby ýörişiň ýokary derejede geçirilmegi, harby gullukçylaryň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanylmagy, şeýle-de hemmeleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

* * *

Paýtagtymyzda badalga alan baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyryldy.

Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli dabaralar gijagşama çenli dowam etdi. Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen baýramçylyk kabul edişligine Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň hem-de halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Watanymyzyň baş baýramynyň hormatyna dabaralar «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirilen konsert bilen dowam etdi. Bu ýere ýygnanan köp sanly tomaşaçylaryň öňünde meşhur hem-de ýaş artistler, folklor-tans toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Baýramçylyk feýerwerki «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly senesiniň – Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň dabarasyny has-da artdyryp, Aşgabadyň gijeki asmanyna ajaýyp baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

28.09.2026
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna

Eziz watandaşlar!

Hormatly adamlar!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ägirt uly taryhy ähmiýetli wakasy — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Mizemez berkararlygymyzyň we agzybirligimiziň nyşany bolan mukaddes Garaşsyzlygymyz biziň baş buýsanjymyzdyr. Garaşsyzlyk milli döwletliligimiziň sarsmaz binýadydyr, şöhratly geljegimiziň öçmez nurudyr. Garaşsyzlyk düşünjesinde merdana pederlerimiziň azat, garaşsyz, bagtly durmuş baradaky iň süýji arzuwlary, Watanymyzyň şanly geçmişi, şu güni hem-de röwşen geljegi baradaky beýik pelsepeleri jemlenendir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz täze şäherlerdir obalary, ajaýyp binalary gurmak, belent sepgitleri gazanmak, geljegiň uly maksatnamalaryna badalga bermek bilen, ata-babalarymyzyň arzuwlaryny hakykata öwürýäris hem-de Garaşsyzlygymyzyň binýadyny has-da pugtalandyrýarys. Garaşsyzlygyň bagtyna hem-de ruhlandyryjy güýjüne daýanyp, baş baýramymyzy agzybirlikde, jebislikde giňden belläp geçýäris. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň gadyr-gymmatyny, bagtyýar durmuşymyzy we agzybirligimizi, gazanýan üstünliklerimizi hem-de ösüşlerimizi dabaralandyrýan edebiýat, şekillendiriş, heýkeltaraşlyk, binagärlik, amaly-haşam, aýdym-saz, sahna we kino sungatynyň ajaýyp nusgalaryny döredýäris. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda ýokary zähmet görkezijilerini gazanyp, ýurdumyzyň ykdysady garaşsyzlygyny we durnuklylygyny has-da berkidýäris, mähriban halkymyzyň bagtyýar, bolelin durmuşyny üpjün edýäris.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarymyzda döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlaryny, innowasion tehnologiýaly senagat kärhanalaryny, häzirki zaman lukmançylyk we bilim merkezlerini, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny dabaraly açyp ulanmaga berdik. Keremli topragymyzdan bol hasyl ýygnamak we ajaýyp zähmet üstünliklerini gazanmak bilen, Garaşsyzlygymyza bolan hormatymyzyň beýikdigini, söýgimiziň çäksizdigini we wepalylygymyzyň bakydygyny görkezdik. Bu işleri ýokary watansöýüjiligimiz, agzybirligimiz hem-de jebisligimiz, gurujylyk we döredijilik güýjümiz bilen subut etdik. Bularyň ählisi biziň her birimizi Garaşsyzlygymyzyň nurly ýoly bilen has-da ägirt uly üstünlikleri gazanmaga, geljekki ýeňişlere we belent maksatlara tarap ynamly gadam basmaga hem-de täze sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýar.

Eziz watandaşlar!

Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk şöhratly taryhynda müňýyllyklardan gözbaş alýan agzybirlik we jebislik, dostluk we ylalaşyk, gurmak we döretmek ýoluna berk eýerilip, döwletimiziň demokratik, hukuk, dünýewi binýady yzygiderli pugtalandyryldy. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan tebigy baýlyklarymyz milli we ählumumy bähbitlere gönükdirilip, ykdysady galkynyşyň netijesinde senagat taýdan ösen, kuwwatly we berk binýatly Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz kemala geldi. Adam döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilip, halk häkimiýetliliginiň nusgawy ýörelgelerini özünde jemleýän kämil döwlet dolandyryş edaralary we täze demokratik esaslar döredildi.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy», Oba milli maksatnamasy esasynda häzirki wagtda ykdysadyýetimiziň pudaklaryny yzygiderli döwrebaplaşdyrýarys, innowasion tehnologiýalara esaslanýan täze senagaty döredýäris. Sebitleri senagatlaşdyrmak hem-de sanly ykdysadyýete geçmek arkaly durnukly ösüşiň ygtybarly binýadyny has-da berkidýäris.

«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgämiz esasynda amala aşyrylýan nusgalyk işler halkymyzyň bagtyýarlygyny hem-de agzybirligini has-da pugtalandyrýar, täze üstünlikleri, ykdysady galkynyşlary hem-de bütindünýä ykrarnamalaryny gazanmaga ruhlandyrýar.

Eziz watandaşlar!

Türkmenistan Garaşsyzlygy ykrar edilen ilkinji günlerden müňýyllyklardan gözbaş alýan bitaraplyk we ynanyşmak taglymatlaryna, parahatçylyk we dostluk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny we halkara gatnaşyklar ulgamyna goşulmagyň milli ýoluny saýlap aldy. Geçen 35 ýylyň dowamynda biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden, ýokary derejeli sammitlerde, forumlarda, maslahatlarda bitaraplyk, öňüni alyş, energetika, ulag, ekologiýa, ylmy-lukmançylyk, medeni diplomatiýa boýunça öňe süren başlangyçlary bütin adamzat üçin örän bähbitli ählumumy tekliplere öwrüldi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň Bitaraplygy hakyndaky Kararnamanyň üç gezek kabul edilmegi parahatçylyk söýüji daşary syýasatymyzda gazanan ägirt uly ýeňişlerimizdir. Geljekde hem biz biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan Garaşsyzlyk we Bitaraplyk düşünjelerimize hem-de taglymatlarymyza eýerip, ähli tagallalarymyzy halklaryň arasynda parahatçylygy, ynanyşmagy hem-de ylalaşygy pugtalandyrmaga, ählumumy ösüşi we abadançylygy gazanmaga gönükdireris.

Eziz watandaşlar!

Hormatly adamlar!

Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, asuda we abadan durmuşy, egsilmez bagty, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW

27.09.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

Aşgabat, 26-njy sentýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk çäreleriniň guramaçylyk derejesi, aýratyn-da, behişdi bedewlerimiziň şanyna guralýan dabaralara görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Munuň özi “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň üns merkezinde saklanýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, uly dabaralara beslenýän ýylyň şanly wakalarynyň hatarynda türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygy bolan ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly çärelere möhüm orun degişlidir. Şunda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli guralýan baýramçylyk çäreleriniň milli atşynaslyk ýörelgeleri we türkmen halkynyň dünýä nusgalyk däp-dessurlary bilen utgaşýandygyny bellemek ýakymlydyr.

Baýramçylygyň öňüsyrasynda ýokary derejede geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ahalteke bedew atlarynyň genofonduny gorap saklamaga, baş sanyny artdyrmaga hem-de halkara giňişlikde olaryň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrmaga gönükdirilen “Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna gol çekmegi döwletimiziň bu ugurdaky kanunçylyk binýadynyň üstüni ýetirdi.

...Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisiniň we milli atşynaslyk hem-de seýisçilik sungaty boýunça pikir alyşmalaryň geçiriljek ýerlerinde döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, halkara çäreleriň guramaçylyk meseleleri boýunça hiç bir zat ünsden düşürilmeli däldir. Şunuň bilen baglylykda, meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylykly geçirilmeginde ähmiýeti bolan mümkinçilikleriň ýokary derejesi üpjün edilmelidir.

Ahalteke atlarynyň dünýä ýüzündäki şan-şöhratynyň belende galýandygyny nazara alyp, Gahryman Arkadagymyz meýilleşdirilen çäreleriň ýokary halkara görkezijilere we häzirki zaman talaplaryna laýyk derejedäki guramaçylyk işlerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylaryň maglumatlaryny diňledi.

Bellenilişi ýaly, ahalteke bedewlerine bagyşlanan çäreler we halkara forumlar ýylyň ahyryna çenli dowam eder. Munuň özi geçirilýän çärelerde şu ýylyň şygarynyň öz beýanyny tapmagy ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir. Bu ýerde degişli ýolbaşçylar gözegçilik edýän ugurlary boýunça alnyp barylýan işler, şanly Garaşsyzlygymyz mynasybetli meýilleşdirilen toý-baýramlaryň uludan dabaralandyrylmagy barada giňişleýin maglumat berdiler.

Öňde boljak baýramçylyk çäreleri we meýilleşdirilen maslahatlaryň medeni maksatnamasy hem-de halkara forumlaryň gün tertibine giriziljek meseleler häzirki döwürde halkara giňişlikde ahalteke bedewlerine bolan gyzyklanmalar nazara alnyp taýýarlanyldy. Munuň özi ýurdumyzda giňden bellenilýän toý-baýramlaryň çäklerinde guralýan halkara we milli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün eder.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepow öňde boljak çärelere görülýän taýýarlyk işleri, assosiasiýanyň 16-njy mejlisiniň gün tertibine girizilen meseleler barada giňişleýin maglumаt berdi.

Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň dowamynda ahalteke atlary bilen baglanyşykly halkara we milli çäreleriň birnäçesiniň geçirilendigini belledi. Olar ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratynyň belende galmagyny üpjün etdi. Şunuň bilen baglylykda, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalarynyň sanynyň yzygiderli artýandygyny bellemek gerek. Niderlandlar Patyşalygynda atly sport boýunça ýaryşlaryň, ahalteke bedewleriniň arasynda gözellik bäsleşiginiň geçirilmegi türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň abraýyny has-da belende göterdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew şu ýylyň dowamynda, aýratyn-da, baýramçylyk günlerinde meýilleşdirilen toý-baýramlaryň, at çapyşyklarynyň we çäreleriň ýokary derejede guralmagy ugrunda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, bedew atlarymyz bilen baglanyşykly çäreler türkmen halkynyň milli toý dessurlary bilen utgaşdyrylar.

Şeýle hem wise-premýer Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy bilen Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlap, atçylyk pudagyny ösdürmekde döredilýän şertler üçin özüniň hoşallygyny bildirdi.

Milli Liderimiz Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralarda halkymyzyň behişdi bedewlerimize bolan mizemez söýgüsiniň duýulmalydygyny belledi. Tutulýan toýlar ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten derejesiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň aýdyň güwäsine öwrülmelidir.

Taryhy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän ahalteke bedewleri türkmen halkynyň dünýä atşynaslygyna goşan ägirt uly goşandydyr. Ynsan gylykly bedewler asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ýakyn syrdaşyna, hemrasyna öwrülipdir. Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň milli dünýägaraýşynyň we seýisçilik sungatynyň dünýä nusgalyk ýörelgelerini özünde jemleýär. Şeýlelikde, türkmen atlary dünýä giňişliginde aýratyn orna mynasypdyr.

Gahryman Arkadagymyz ahalteke bedewleriniň türkmen halkynyň toý-baýramlarynyň baş bezegine öwrülendigini belläp, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň dowamynda ýaýbaňlandyrylan çäreleriň behişdi bedewlerimiziň şöhratyny has-da belende göterendigini aýtdy. Munuň özi ahalteke atlarynyň dünýä jemgyýetçiliginiň gymmatlygyna öwrülendiginiň aýdyň güwäsidir. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Milli Liderimiz ahalteke bedewleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri tarapyndan giňden wagyz edilmeginiň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan GDA gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda “Bedew bady: güýç hem gözellik” atly telewizion filmleriň döwletara bäsleşigini yglan etdi. Munuň özi Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň teleýaýlymlarynyň işgärleriniň ahalteke bedewlerine bagyşlanan wideofilmleri döretmeklerine giň ýol açdy. Şunuň bilen baglylykda, ähli meýilleşdirilen çäreleriň, telewizion filmleriň döwletara bäsleşiginiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda degişli düzümleriň bilelikdäki tagallalarynyň zerurdygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu işlere degişli ýolbaşçylaryň örän jogapkärçilikli we oýlanyşykly çemeleşmelidigini belledi we bu babatda maslahatlaryny berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz meýilleşdirilen baýramçylyk çäreleri bilen bir hatarda, atçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belledi. Munuň özi dünýäniň ösen tejribesiniň we bu ugur boýunça häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň netijeli özleşdirilmeginde ähmiýetlidir.

Gahryman Arkadagymyz ähli kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

27.09.2026
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara

Aşgabat, 26-njy sentýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi. Dabara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem gatnaşmagy onuň ähmiýetini we derejesini has-da artdyrdy.

Berkarar döwletimiziň iň täze taryhy, bedew badyna deňelýän ösüşlerimiz we üstünliklerimiz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Garaşsyzlygymyzdan başlanýar. Watanymyzyň iň täze taryhynda ýurdumyzda dünýä ýaň salan ägirt uly işler bitirilip, ähli ugurlarda asyrlara barabar ýol geçildi. Özygtyýarly ösüş ýolunda geçilen bu döwürde Garaşsyz Türkmenistan dünýäde belent abraýa eýe bolup, halkara giňişlikde parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň, dost-doganlygyň merkezine öwrüldi.

...Mejlisler merkeziniň öňünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylanyldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda uly özgerişler bolup geçdi. Döwlet Garaşsyzlygymyz ruhy we maddy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge, müňýyllyklardan gözbaş alyp, nesilden-nesle geçip gelýän parahatçylyk, dostluk we belent ynsanperwerlik däplerimizi Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrmaga mümkinçilik berdi. Geçen 35 ýylyň dowamynda mähriban halkymyzyň jebisligine, agzybirligine, ägirt uly döredijilik we zähmet başlangyçlaryna, ýurdumyzyň kuwwatly mümkinçiliklerine daýanylyp, berkarar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen, hemmetaraplaýyn oýlanyşykly maksatnamalar üstünlikli amala aşyryldy. Ykdysadyýetiň milli nusgasy döredilip, bu ugurda ýokary netijeler gazanylýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda giň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi, onda Watanymyzyň ösüşi üçin möhüm çözgütleriň kabul edilmegi halkymyzyň: “Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris” diýýän hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, nurana şu gününi we geljegini döredýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.

...Mejlisler merkezinde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabarasyna şeýle hem Hökümet agzalary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň wekilleri, talyplar, şeýle-de baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen köp sanly daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyzy ýygnananlar uly ruhubelentlik, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Hormatly Prezidentimiz hemmeleri mübärekläp, bellenilen ýere geçdi.

Ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlar Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünlikleriniň ajaýyp waspnamasyna öwrüldi. Watançylyk mazmunly, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerine bagyşlanan aýdymlar konsert çykyşlarynyň başyny başlap, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini şöhratlandyrdy.

Sazandalaryň, meşhur halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň, çagalar döredijilik toparlarynyň ajaýyp çykyşlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň ýeten sepgitlerini aýdyň şöhlelendirdi. Watanymyzyň iň täze taryhyna şöhratly sahypalary ýazýan Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ady bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan beýik döwrümiziň gazananlaryny wasp edýän aýdymlar ajaýyp pursatlary bagyşlady. Çünki Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hut halkymyzyň agzybirligi, ägirt uly döredijilik kuwwaty, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýokary depginde sazlaşykly ösýän döwlete öwrüldi.

Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, şeýle hem Arkadag şäherinde, welaýat, etrap merkezlerinde, güneşli Diýarymyzyň her bir künjeginde halkyň medeni-ýaşaýyş derejesi ýokarlanýar, ilatyň durmuş üpjünçiligini has-da gowulandyrýan, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän ýaşaýyş jaýlarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, saglyk we medeniýet öýleriniň, sport merkezleriniň, dolandyryş we edara jaýlarynyň, halk hojalyk we senagat ähmiýetli desgalaryň, ýollaryň sany artýar. Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň düýpli özgerýän keşbi, halkymyzyň bagtyýarlygy gurýan we döredýän döwletimiziň döredijilik kuwwatyny has-da äşgär edýär. Konsertiň dowamynda Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan bu üstünlikleri joşgunly aýdym-sazlaryň we şekilleriň üsti bilen beýan edildi.

Halkymyzyň ençeme müňýyllyk taryhy ýelden ýüwrük behişdi bedewler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewi Watanymyzyň döredijiligiň we gülläp ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly gadamlarynyň, halkymyzyň döredijilik paýhasynyň, milli mirasymyzyň dowamatlylygynyň ajaýyp nyşanyna öwrüldi. Bedewiň ajaýyp keşbiniň milli döwletliligimiziň nyşany bolan Döwlet tugrasynyň merkezinde orun almagy muny aýdyň görkezýär. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy giňden bellenilýän şu ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagy hem çuňňur mana eýedir. Munuň özi Garaşsyz Watanymyzyň belent sepgitlerini, gazanýan üstünliklerini milli gymmatlyklarymyzyň üsti bilen dünýäde tanatmaga ajaýyp mümkinçilik boldy. Ýurdumyzda we daşary döwletlerde ýylyň şygaryna bagyşlanyp köp sanly möhüm ähmiýetli çäreler geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine döredilen “Bedew” atly aýdymyň ýerine ýetirilmegi Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly ýyllarynda bedew badynda gazanan üstünlikleriniň ajaýyp waspnamasyna öwrüldi. Ganatly bedewlerimizi wasp edýän bu aýdymyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň Watanymyzyň täze taryhyna ýazylýan ajaýyp wakalaryny görkezýän wideoşekiller bilen utgaşmagy has-da täsirli boldy.

Baýramçylyk dabarasynyň baý döredijilik keşbinde häzirki zaman türkmen sungatynyň özboluşlylygy, onuň žanrlarynyň köpugurlylygy, däp-dessurlaryň dowamatlylygy öz beýanyny tapdy. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlar ýakymly owazy, çuň manyly sözleri bilen diňleýjileriň ählisiniň kalbyna ornaşyp, olarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalarynyň dowamly bolmagy hem muny aýdyň görkezdi.

Konsert maksatnamasynda ýurdumyzyň estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde söýgi aýdymlaryna, dünýä halklarynyň naýbaşy aýdym-saz eserlerine hem möhüm orun berildi. Hemmeleriň göwnüni joşa getirýän «Küştdepdi» konsertiň aýratyn bezegine öwrüldi.

Dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly aýdym baýramçylyk konsertiniň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň döreden bu ajaýyp aýdymy tutuş halkymyzy bedew batly ösüşlere we maksada okgunlylyga ruhlandyrýan özboluşly sena bolup ýaňlandy. Bu joşgunly aýdym şeýle hem halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda nurana geljege tarap okgunly öňe barýan Watanymyzyň häzirki bagtyýar döwrüne buýsanjynyň beýanydyr.

Soňra bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli asylly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, hemmeleri ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi bilen gutlady hem-de olara üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

27.09.2026
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 25-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp: “Hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsini geçýäris, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys” diýip belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, asylly däbimize eýermek bilen, iş kesilen 1054 raýatyň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamagyny arzuw etdi.

Soňra Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde hem-de hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda agzybirlik, ruhubelentlik ýagdaýynda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen halk häkimiýetliligiň milli däplerine ygrarlydygyny, eziz Watanymyza bolan buýsanjy, çäksiz söýgini, röwşen geljegimize berk ynamy berkidýän ägirt uly syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli waka boldy.

Maslahatda milli demokratiýamyz giňden dabaralandyrylyp, halkymyz hem-de Watanymyz üçin bähbitli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we taryhy ähmiýetli çözgütler, kararlar kabul edildi. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur many-mazmuna, egsilmez pähim-paýhasa ýugrulan çykyşlary Diýarymyzy mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen strategik häsiýetli binýatlyk taglymat bolup, maslahata gatnaşyjylar hem-de ähli halkymyz tarapyndan ruhubelentlik bilen garşylanyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ahalteke bedew atlarynyň genofonduny gorap saklamaga, baş sanyny artdyrmaga hem-de halkara giňişlikde olaryň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrmaga gönükdirilen “Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna gol çekmegi döwletimiziň kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, ahalteke bedewlerini gorap saklamakda hem-de dünýäde giňden wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli raýatlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak barada beren tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň raýatlaryna döwlet sylaglarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden gelip çykýan wezipeleriň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini aýtdy we bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy giňden bellenilýär. Bu şanly sene döredijiligiň, rowaçlygyň we gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň taryhynda täze sahypany açyp, bagtyýar halkymyzy täze belentliklere hem-de ösüşlere ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň muzeýlerinde şanly sene mynasybetli sergiler ýaýbaňlandyrylýar, kitaphanalarda we beýleki medeniýet ojaklarynda dürli çäreler geçirilip, kinoteatrlarda we kinokonsert merkezlerinde filmleriň görkezilişleri guralýar. Teatrlarda mähriban halkymyzyň beýik gahrymançylygyna, bagtyýarlygyna hem-de watansöýüjiligine bagyşlanan sahna oýunlary görkezilýär.

Şanly senä bagyşlanan gepleşikler hem-de wideoşekiller taýýarlanyp, milli we daşary ýurtlaryň hyzmatdaş teleýaýlymlarynda görkezilýär. Bu şanly senäni, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitleri, gazanylan üstünlikleri, şol sanda halkara derejede gazanylan üstünlikleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan etmek boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertlerine ýokary derejede taýýarlyk görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini aýtdy we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow “Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakynda” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu syýasatyň esasy ugurlarynyň biri hem ýurdumyzda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini goramakdan, olaryň jemgyýetimiziň durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylygymyza we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň hem-de raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek, olaryň hukuk ýagdaýyny düzgünleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, hususan-da, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Nygtalyşy ýaly, şeýle hyzmatdaşlygyň çäklerinde raýatsyzlygyň öňüni almak we ony azaltmak, adamlaryň hukuk taýdan goraglylygyny üpjün etmek, şeýle hem bu ugurda Türkmenistanyň toplan tejribesini halkara derejede paýlaşmak boýunça degişli çäreler amala aşyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesinden ugur alnyp, ýurdumyzda daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak babatda uly işler durmuşa geçirildi. Hususan-da, bu işleriň netijesinde, häzirki wagta çenli 5 müň 294 daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi.

Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanda hemişelik ýaşamak isleýän daşary ýurt raýatlarynyň şahsy ýüztutmalaryna seretmek boýunça degişli işler yzygiderli alnyp barylýar. Hususan-da, Türkmenistanyň raýatlary bolup durýan hossarlarynyň ýanynda ýaşaýan, ýurdumyzyň raýatlary bilen nika baglaşan, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletler bilen wiza düzgüni girizilmezinden ozal Türkmenistanda ýazga alnan daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýyny düzgünleşdirmek boýunça degişli çäreler görülýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama almak baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 146 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi boýunça degişli işler geçirildi. Ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnama berilmegine hödürlenilýän adamlar dünýäniň 7 döwletiniň raýatlary we 16 milletiň wekilleri bolup durýarlar. Olaryň 99-sy aýal-gyzlar, 47-si bolsa erkek adamlardyr. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen, bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakynda” Karara gol çekip, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabatyny dowam edip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen resminamalaryň syýasy ähmiýeti barada aýtdy. Ilki bilen, wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimizi şu ýylyň 23-nji sentýabrynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli mejlise gatnaşyjylaryň adyndan tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, her ýyl ýurdumyzda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleriniň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Bu mejlisler döwlet durmuşynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, öňde durýan wezipeleri kesgitlemek we ýurdumyzyň geljekki ösüşiniň esasy ugurlaryny anyklamak babatda möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň giň wekilçilikli mejlisiniň şu ýylyň iň möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalarynyň biri bolandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň mejlisdäki taryhy çykyşlarynda Türkmenistanyň gazanan uly üstünliklerine we ýeten belent sepgitlerine aýratyn üns çekildi, ýurdumyzyň ösüşiniň esasy netijeleriniň beýan edilmegi bilen bir hatarda, geljek döwürde öňde durýan möhüm wezipeler aýdyň kesgitlenildi. Şeýle hem çykyşlarda döwletimiziň syýasy-hukuk esaslaryny ulgamlaýyn pugtalandyrmak, ykdysady kuwwatyny yzygiderli artdyrmak, türkmen jemgyýetinde asudalygy, jebisligi we agzybirligi berkitmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeler giňden beýan edildi.

Mejlisiň dowamynda bu möhüm wezipeleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen çözgütler hem kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz birnäçe wajyp döwlet resminamalaryna gol çekdi. Olaryň her biri ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň aýratyn möhüm ugurlaryny öz içine alýar. Şol resminamalaryň biri hem “Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasydyr”. Bu strategiýanyň kabul edilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli senagatlaşma syýasatynyň täze tapgyra gadam basýandygyny aýdyň görkezýär.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň senagat ösüşine aýratyn ähmiýet berildi. Bu ugurda düýpli başlangyçlar öňe sürüldi we möhüm işler durmuşa geçirildi. Hususan-da, 2012-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda geçirilen ählihalk forumynda, ýagny Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda Milli Liderimiz döwlet Baştutany hökmünde ýurdumyzy senagat taýdan ösen, häzirki zaman döwletine öwürmek, ýagny senagatlaşan jemgyýeti kemala getirmek baradaky möhüm başlangyjy öňe sürdi. Şol döwürden bäri bu ugurda giň möçberli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda nebitgaz, himiýa, maşyn gurluşygy, dokma we beýleki pudaklarda döwrebap önümçilik kärhanalary guruldy, iri senagat toplumlary döredildi. Doly önümçilik tapgyrlaryny öz içine alýan täze kuwwatlyklar ýola goýuldy, gaýtadan işleýän senagatyň binýady berkidildi. Şunuň ýaly ägirt uly başlangyçlaryň we gazanylan tejribäniň esasynda häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan bu asylly işlerini täze şertlerde ýokary derejede dowam edýär. Şu maksat bilen, ýurdumyzyň senagat taýdan ösüşiniň täze tapgyryna gönükdirilen 2030 — 2045-nji ýyllar üçin möhüm wezipeler kesgitlenildi we degişli Milli strategiýa tassyklanyldy. Bu resminama ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmaga, senagaty döwrebap ösdürmäge we ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyply bolmagyny ýokarlandyrmaga ýardam berjek uzak möhletleýin maksatlary özünde jemleýär.

Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda gol çekilen “Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy” hem uly ähmiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden bäri ösüp gelýän ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň kemala gelmegine we yzygiderli ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigi aýratyn bellenildi. Bu döwlet syýasaty häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary netijesinde täze many-mazmun bilen baýlaşýar. Döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda tutýan ornuny has-da berkitmäge, olaryň öz döredijilik we intellektual mümkinçiliklerini doly açyp görkezmäge aýratyn üns berýär. Şu maksada laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen nobatdaky gurultaýyna gatnaşyp, ýaşlar syýasatynyň geljekki ugurlary boýunça maksatnamalaýyn çykyş etdi.

Ýaş nesle bildirilýän döwlet aladasynyň aýdyň beýany hökmünde 2023-nji ýyl ýurdumyzda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edildi. Şunuň bilen birlikde, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň halkara ugurlaryny ösdürmek maksady bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyny» tassyklady. Ýaşlaryň ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmelere we halkymyzyň jemgyýetçilik durmuşyna has işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek meselelerine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hem aýratyn üns berildi. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan bu mejlisde gol çekilen täze Döwlet maksatnamasy ýurdumyzyň ýaşlar babatdaky syýasatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça 2031-nji ýyla çenli anyk wezipeleri we täze başlangyçlary öz içine alýar.

Halk Maslahatynyň mejlisinde gol çekilen resminamalaryň ýene biri “Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanunydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda türkmen halkynyň milli mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan ahalteke bedewleriniň arassa tohumyny gorap saklamak, atçylyk we atly sport pudagyny ösdürmek, milli seýisçilik däplerini kämilleşdirmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz bu asylly işleri täze derejede dowam edýär. Ahalteke bedewleriniň taryhyny öwrenmek, olaryň genetiki seljerme işlerini geçirmek, baş sanyny artdyrmak we şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça döwlet derejesinde toplumlaýyn çäreler alnyp barylýar.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän 2026-njy ýylda ahalteke bedewlerimizi we milli atçylyk sungatymyzy dünýäde giňden tanatmak boýunça giň gerimli milli we halkara çäreler üstünlikli geçirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen, milli atşynaslyk däplerini, ahalteke bedewleriniň genofonduny we bu ugurda toplanan baý tejribäni döwlet tarapyndan ygtybarly goramak hem-de geljek nesillere ýetirmek üçin zerur hukuk şertleri döredildi.

Halk Maslahatynyň mejlisinde «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli konsepsiýasyna hem gol çekildi. Bu resminama ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna ygrarly bolmaga aýratyn ähmiýet berýär. Bu ugurdaky köpýyllyk tagallalaryň nobatdaky möhüm netijesi hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilendigi aýratyn bellenildi. Bu möhüm resminama halkara hukugyň ýörelgelerini berkitmäge, döwletleriň halkara hukuk kadalaryna ygrarly bolmagyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Wise-premýer, daşary işler ministri pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly ýubileýi mynasybetli ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlap, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen resminamalaryň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwletimiziň halkara abraýyny belende galdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu günler Garaşsyzlyk baýramçylygyna bagyşlanan çäreleriň geçirilýändigini belledi we şunuň bilen baglylykda, bu çäreleri guramaçylykly geçirmek işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň ýetip gelendigini aýtdy. “Geçen 35 ýyl berkarar Watanymyz, mähriban halkymyz üçin şan-şöhratly ýyllar boldy. Biz mundan beýläk-de berkarar döwletimiziň binýadyny has-da berkitmek, halkara abraýyny yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

* * *

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi tamamlanandan soňra, “Oguz han” köşkler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak dabarasy boldy.

Dabaranyň başynda milli parlamentiň ýolbaşçysy D.Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli kararyny okady. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy halkymyzyň ýokary ruhubelentliginde uly dabaralara beslenilip, guwandyryjy zähmet üstünlikleri bilen garşylanylýar. Halkara gatnaşyklarda hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, dünýä döwletleri we halklary bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini ileri tutýan döwlet hökmünde tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranyş kuwwaty we maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli harby özgertmeleriň netijesinde, Watan goragçylarynyň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertleri düýpli özgerdilip, olaryň netijeli gulluk etmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň öz halkyna we Watanyna ak ýürekden gulluk etmegi, mukaddes borja wepalylygy, Watany goramak baradaky pähimleri raýatlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň harby-watançylyk duýgularyny ýokarlandyrmakda, olary ruhubelent, ösen we sagdyn dünýägaraýyşly adamlar edip ýetişdirmekde görelde mekdebidir.

Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny berkitmekde we gorap saklamakda, ýurdumyzyň goranmak kuwwatyny ýokarlandyrmakda, Watanymyzyň hem-de onuň raýatlarynyň howpsuzlygyny, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmekde, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan taryhy başlangyçlary bilen Ýer ýüzünde durnuklylygy hem-de parahatçylygy pugtalandyrmakda we döwletimiziň halkara abraýyny belende galdyrmakda bitiren uly hyzmatlaryny, harby gullukçylary Watana bolan söýgi we wepalylyk, mertlik, halallyk ruhunda terbiýelemekde goşan uly şahsy goşandyny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini göz öňünde tutup, halk wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan, raýatlardan gelip gowşan teklipleriň esasynda hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna, Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly gowşurylýar.

Soňra dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly ýubileý medaly gowşuryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň Hökümet agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimizi döwlet sylagy hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür hem-de Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramyny uly dabaralara besläp, guwandyryjy zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýylynyň içinde ýurdumyzy ýokary depginler bilen ösdürmekde beýik işler amala aşyryldy.

Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli şahsy düzüminiň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň gowşurylmagy bilen, şeýle hem şanly baýramçylygymyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Diňe goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna doly laýyk gelýän ýurdumyzyň Harby doktrinasynda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda Milli goşunyň döwrebaplaşdyrylmagyna, maddy-enjamlaýyn we ylym-bilim binýadynyň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler Watan goragçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, Ýaragly Güýçlerimiziň goranyş kuwwatyny artdyrmaga ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli ýubileý medalynyň berilmegini halkymyza gowşurylan sylag hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Dabaranyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz hemmeleri ýene-de bir gezek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

26.09.2026