Täzelikler
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine hat iberdi

Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda özara ynanyşmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyk täze many-mazmun esasynda baýlaşdyrylýar. Taryhyny gadymy Beýik Ýüpek ýolundan alyp gaýdýan gatnaşyklar iki ýurduň halklarynyň bähbidine yzygiderli ösdürilýär. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hytaýa amala aşyran dostluk saparynyň dowamynda geçiren ýokary derejedäki duşuşyklary hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berdi. Şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyzda saparda bolan hytaý wekiliýetiniň gatnaşmagynda geçirilen gepleşikler, gazanylan ylalaşyklar iki ýurduň milli bähbitleriniň ählumumy ösüş maksatlary bilen sazlaşykly utgaşýandygynyň aýdyň mysaly boldy.

Hormatly Prezidentimiz HHR-iň Başlygy Si Szinpine Türkmenistana sapar bilen gelmäge çakylyk hatyny ugratdy. Munuň özi türkmen-hytaý gatnaşyklarynda täze sahypany açmak bilen, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna badalga berer. Si Szinpin hem döwlet Baştutanymyzyň çakylyk hatyny kabul edip, öz gezeginde, jogap hatyny iberdi. Bu hatda şeýle bellenilýär:

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Siziň iberen çakylyk hatyňyzy aldym.

Siz uzak wagtyň dowamynda hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda tagalla edýärsiňiz, iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlugyň dowam etdirilmegine ägirt uly goşant goşýarsyňyz hem-de dürli möhüm ugurlarda özara hyzmatdaşlyga ýardam edýärsiňiz. Men muňa ýokary baha berýärin. Men hytaý-türkmen hemmetaraplaýyn gatnaşyklarynyň strategik hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürilmegine uly ähmiýet berýärin we Siziň bilen ýakyn gatnaşyk saklamaga taýýardyryn. Türkmenistana gelip görmäge çakylygyňyz üçin Size hoşallygymy beýan edýärin. Iki tarap üçin hem amatly bolan wagtda ýurduňyza sapar bilen barmaga taýýardyryn. Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleri bu mesele boýunça ýakyn aragatnaşykda bolup bilerler.

Siz öz hatyňyzda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde birnäçe iri taslamalary ýatlapsyňyz. Hytaý tarapy iki ýurduň arasynda dürli ugurlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyny yzygiderli goldaýar. Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça komitet degişli başlangyçlary düýpli öwrenip, olary degişli şertlerde durmuşa geçirip biler. Hytaý tarapy Türkmenistan bilen bilelikde gatnaşyklaryň täze aýdyň nusgalaryny döretmek we “Hytaý — Türkmenistan bitewi ykbal bileleşiginiň” mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmak ugrunda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Dostlukly türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk, parahatçylyk, gülläp ösüş arzuw edýärin.

Si SZINPIN,

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.

21.05.2026
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

Aşgabat, 18-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna we ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary geçirildi.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň täze taryhynda Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni milli döwletliligiň dabaralanmagyny, halkymyzyň agzybirligini, döredijilikli işlere ygrarlylygy alamatlandyrýar. Bu goşa baýram türkmen jemgyýetiniň parahatçylyk, ösüş we ynsanperwerlik taglymlaryny baş ugur edinýändigini görkezýär. Türkmenistanyň Esasy Kanuny ýurdumyzyň hukuk ulgamynyň berk binýady bolup, özygtyýarlylygyň mizemezligini, raýatlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň goralmagyny, döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynyň yzygiderli ösdürilmegini kepillendirýär. Baý taryhy tejribä esaslanýan Konstitusiýamyz adamy iň ýokary gymmatlyk hökmünde yglan edip, döwletimizi ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kanunçylyk taýdan berkidýär.

Watanymyzyň parahat asmanda belentde parlaýan mukaddes baýdagy türkmen halkynyň şöhratly geçmişiniň, şu gününiň we beýik geljeginiň baş nyşanydyr. Onuň reňk öwüşginlerinde, özboluşly haly göllerinde halkymyzyň ruhy ýörelgeleri — parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, adalatlylyk, döredijilik, ýokary ynsanperwerlik taglymlary öz beýanyny tapýar. Döwletliligiň bu iki beýik nyşanynyň hormatyna goşa baýramçylygyň bellenilmegi olaryň mazmun taýdan aýrylmaz baglanyşygyny alamatlandyrýar: Konstitusiýamyz jemgyýetimiziň ösüşiniň hukuk çäklerini kesgitleýär, Döwlet baýdagymyz bolsa raýatlarymyzy täze zähmet, döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýar. Bu nyşanlar ýaş nesilde Watanymyza bolan buýsanç duýgusyny terbiýeleýän kuwwatly birleşdiriji güýç bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip ykrar edýän Konstitusiýamyz hem-de Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň, jebisligimiziň ebedilik nyşany bolan Döwlet baýdagymyz biziň milli mukaddesliklerimizdir. Täzelenişi we ýaşaýşy dabaralandyrýan ýaşyl reňkli Döwlet baýdagymyzyň ýüzündäki dünýä nusgalyk haly gölleri milli mertebämiziň, parahatçylygyň, abadançylygyň nyşany bolan zeýtun baldajyklary bolsa ynsanperwerligimiziň dabaralanmasydyr. Biziň her birimiziň gursagymyzda Watana bolan milli buýsanjy oýaryp, täze şöhratly menzillere ruhlandyrýan Döwlet tugumyzda şekillendirilen bäş ýyldyz hem-de ýarymaý agzybirligimiziň we jebisligimiziň sarsmaz kepilligidir.

“Esasy Kanunymyz biziň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň, dünýäde giňden rowaçlanýan parahatçylyk söýüjiligimiziň, hoşniýetli goňşuçylygymyzyň, müňýyllyklardan gözbaş alýan milli ýörelgelerimiziň, demokratik taglymatlarymyzyň berk binýadydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu mukaddesliklerimize daýanyp, hukuk we dünýewi döwleti, adalatly raýat jemgyýetini gurýarys, giň möçberli durmuş-ykdysady, syýasy-hukuk özgertmelerini üstünlikli amala aşyrýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda nygtaýar.

Döwlet baýdagy Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, şöhratly geçmişimiziň, bagtyýar döwrümiziň, beýik geljegimiziň belentligini, abraý-mertebämiziň synmazlygyny alamatlandyrýan gymmatlygymyzdyr. Şoňa görä-de, gadymy haly gölleri, ýarymaý we bäş ýyldyz, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny aňladýan zeýtun baldajyklary şekillendirilen ýaşyl tugumyz Watanymyzyň, merdana halkymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýar.

Täze taryhy eýýamda Türkmenistan giň möçberli ykdysady özgertmeleriň durmuş syýasaty bilen sazlaşykly utgaşýan özboluşly ösüş nusgasyny kemala getirýär. Esasy Kanunymyzdan gözbaş alýan asylly işler döwrebap şäherleriň, senagat, ulag-logistika, durmuş düzümleriniň gurluşygynda öz beýanyny tapyp, Diýarymyzyň keşbini düýpli özgerdýär. Konstitusiýanyň kadalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge, ony halkara hukugyň umumy ykrar edilen ölçeglerine doly laýyk getirmäge aýratyn üns berilýär. Bu işler Türkmenistanyň dünýä giňişliginde ählumumy abadançylygy baş ugur edinýän ygtybarly hyzmatdaş hökmündäki abraýyny has-da pugtalandyrýar.

...Irden Köpetdagyň ajaýyp künjeginiň gözelligi bilen sazlaşykly utgaşýan Konstitusiýa binasynyň ýanynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar, medeniýet işgärleri, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary ýygnandylar. Konstitusiýa binasynyň ýanynda merdana Watan goragçylary hatara düzüldiler.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy binanyň öňündäki baýramçylyk öwüşgininde bezelen ýere gelýär. Hemmeler uly ruhubelentlik bilen döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekleýärler. Hormatly Prezidentimiz haly düşelen ýoda boýunça ýörite ýere geçýär. Ýodanyň iki tarapynda Watanymyzyň daýanjy bolan talyp ýaşlar hatara durlar. Ýaş nesliň wekilleriniň elinde Döwlet baýdagymyz buýsançly parlaýar.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň, döwlet esaslarynyň, demokratik ýörelgeleriniň bitewüligini, halk häkimiýetliliginiň köpasyrlyk däplerini alamatlandyrýan Konstitusiýa binasyna ajaýyp gül çemenini goýdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dabara gatnaşyjylaryň ählisi gül desselerini we çemenlerini goýýarlar.

Eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary we taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýän merdana halkymyz bagtyýar durmuşyny hem-de ýagty geljegini ynamly gurýar. Pederlerimiziň häzirki wagtda aýawly saklanylýan hem-de baýlaşdyrylýan ruhy mirasy esasy Kanunymyza we Döwlet baýdagymyza aýratyn mukaddes güýç berýän berk binýat bolup hyzmat edýär. Türkmen halkynyň beýik akyldarlarynyň agzybirlik, adalatlylyk, özygtyýarly döwlet baradaky wesýetleri şu günki ägirt uly işlerde öz beýanyny tapýar. Adam mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn ösdürmek, ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp bilmekleri üçin ähli şertleri döretmek, bilimi, ylmy, saglygy goraýşy, medeniýeti goldamak konstitusion kepillikler bilen berkidilen ýurdumyzyň döwlet strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Adama, onuň intellektual we beden saglygyna maýa goýumlar ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli maksatnamalaryň özenini düzýär.

...Konstitusiýa binasyna gül goýmak dabarasy tamamlanandan soňra, dabaralar Baş baýdak meýdançasynda dowam etdi. Bu ýerde dünýäde iň belent baýdak sütünleriniň biri ýerleşýär. 133 metr belentlikde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy buýsançly parlaýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulagy Baş baýdagyň öňündäki meýdança gelýär. Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekleýärler.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Hormatly Prezidentimiz Baş baýdaga ajaýyp gül çemenini goýýar. Soňra dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, gül desselerini goýýarlar.

Halkymyz öz tuguna hemişe aýawly garapdyr. Taryhda çuň kökleri bolan mukaddes baýdagymyz halkymyzyň özbaşdak ösüşe, syýasy ugra bolan hukugyny alamatlandyrýar. Ýaşyl tugumyzyň halkara forumlaryň we dünýäniň iri sport ýaryşlarynyň baýdak sütünlerinde dabaraly parlamagy her bir türkmenistanlynyň kalbynda çuňňur buýsanç duýgusyny döredýär. Ol ýurdumyzyň ähli ulgamlarda ýetýän belent sepgitlerini alamatlandyrýar.

Döwlet Baştutanymyz hemmeleri şanly seneler bilen tüýs ýürekden gutlap, bu ýerden ugrady.

Bu beýik baýramy uly zähmet sowgatlary, täze üstünlikler bilen garşy alan halkymyz ertirki güne bolan synmaz ynamyny dünýä äşgär edýär. Konstitusiýamyz hem-de Döwlet baýdagymyz Watanymyzy parahatçylygyň, ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen täze belentliklere tarap alyp barýan ýolgörkeziji bolmagynda galýar.

19.05.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Britaniýa sapary

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Patyşa maşgalasynyň çakylygy boýunça Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna ugrady. Maslahat köşgünden Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we onuň Diwanynyň jogapkär ýolbaşçylary ugratdylar.

Ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolan Beýik Britaniýa bilen diplomatik gatnaşyklaryň 1992-nji ýylyň ýanwarynda ýola goýlandygyny bellemek gerek. Beýik Britaniýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň dekabrynda geçirilen 50-nji sessiýasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamanyň kabul edilmegini we ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen döredijilikli başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar.

...Milli Liderimiz paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi hem-de bu ýerden Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna ugrady. Birnäçe sagatdan soňra, Gahryman Arkadagymyzyň uçary Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna bardy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri saparyň çäginde ir bilen Birleşen Patyşalygyň Windzor galasyna bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Windzor Patyşalyk atçylyk çykyşlarynyň guramaçylyk toparynyň ýolbaşçysy Edward Benýon we Windzoryň guramaçylyk işleri boýunça wekili Sara Ruterford-Jons mähirli garşyladylar.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Windzor galasynyň çäginde Onuň Alyjenaby, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III bilen duşuşdy. Karl III türkmen halkynyň Milli Liderini aýratyn hormat bilen garşylady. Şeýle hem ol Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşýandygyna örän şatdygyny nygtady.

Karl III 2015-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň “Çanakkala” ýadygärlikler toplumynda geçirilen çärelerde Milli Liderimiz bilen duşuşandygyny aýdyp, şol duşuşygyň özünde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrandygyny belledi. Şol duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary bu günki gün has-da ýygjamlaşdyrýar. Ol Gahryman Arkadagymyzyň dünýäde uly abraý gazanan meşhur syýasatçy hökmünde tanalýandygyny aýdyp, halkara giňişlikde abraýly Lider bilen duşuşmagyň özi üçin hormatdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Patyşa Karl III-ä hormatly Prezidentimiziň iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşykly ösdürilmeginde ýokary derejede geçirilýän duşuşyklara möhüm orun degişlidir.

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy, öz gezeginde, Gahryman Arkadagymyzdan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyzyň 2023-nji ýylda Beýik Britaniýa amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny nygtady.

Karl III türkmeniň ahalteke bedewleriniň dünýäde meşhur atlar hasaplanýandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyzyň “At — myrat” diýen paýhasly sözlerinde çuňňur manynyň bardygyny belledi. Şeýle hem ol geljekde ahalteke atlarynyň üsti bilen iki ýurduň arasyndaky atçylyk hyzmatdaşlygyny berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Karl III indiki ýyl Beýik Britaniýada geçiriljek halkara atçylyk sport çärelerine behişdi ahalteke bedewleriniň hem gatnaşdyrylmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

Birleşen Patyşalygyň Patyşasy şu günki çärä Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti O.Atabaýewanyň gatnaşmagynyň britan halkyna goýulýan hormat hökmünde kabul edilýändigini belläp, munuň taryhy ähmiýetli wakadygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Karl III gaznanyň wise-prezidentiniň türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwer işlerini mynasyp dowam etdirýändigine ünsi çekdi.

Gahryman Arkadagymyz hem-de Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy birek-birege hoşniýetli sözlerini aýdyp, iki ýurduň halklaryna abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdiler.

Bu ýerde Milli Liderimiz Edinburgyň Gersogy Şazada Edwardyň maşgalasy hanym Sofi Helen bilen gürrüňdeş boldy. Söhbetdeşlikde Sofi Helen Türkmenistanda atlara uly sarpa goýulýandygyny belläp, özüniň hem bedewlere söýgi bilen garaýandygyny beýan etdi. Ol Patyşa maşgalasynda atly sportuň nesilden-nesle geçirilip gelinýändigini, bu däbiň geljek nesillere ýetirilmegi ugrunda uly işleriň alnyp barylýandygyny buýsanç bilen aýtdy. Şazadanyň maşgalasy dünýäde atçylyk pudagyny ösdürmekde, oňa hemaýatkär bolmakda taryhy işleri bitirýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny bildirdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Onuň Alyjenaby, Edinburgyň Gersogy Şazada Edward bilen duşuşdy. Şazada Edward Gahryman Arkadagymyzy britan topragynda görýändigine şatdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz bu ýerde mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Şazada hormatly Prezidentimiziň iberen salamyny, hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Şazada Edward tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz gezeginde, Gahryman Arkadagymyzdan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi.

Duşuşykda Gahryman Arkadagymyz bu ýerde atçylyk bilen bagly çäreleriň ýokary derejede guralandygyny belläp, munuň üçin minnetdarlygyny beýan etdi. Atly sport çärelerine Türkmenistan bilen birlikde, 20 ýurtdan dürli atşynaslar atlary bilen gatnaşdylar. Milli Liderimiz bu çäräniň gözbaşyny 1943-nji ýyldan alyp gaýdýandygyny, ony geçirmek başlangyjyny Şazadanyň ejesi, merhum Şa zenany Ýelizaweta II-niň öňe sürendigini we tassyklandygyny ýatlady. Gahryman Arkadagymyz 1944-nji ýylda at çapyşyklaryna Ýelizaweta II-niň hem gatnaşyp, birinji orny eýeländigini we onuň ýanýoldaşy, Edinburgyň Gersogy Filippiň bolsa atly sportuň beýleki görnüşinde ikinji orny eýeläp, adyny taryha ýazdyrandygyny aýtdy. Şol wagt Şa zenany Ýelizaweta 17-18 ýaşlarynda eken.

Bu sözleri Şazada Edward uly tolgunma bilen kabul edip, ýakymly ýatlamalar we goýýan hormaty üçin Gahryman Arkadagymyza öz adyndan hem-de Karl III-niň adyndan tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Milli Liderimiz duşuşykda 1956-njy ýylda ýurdumyzyň ussat atşynasy Babaly Taýmazowyň alyp gitmeginde Meleguş atly altynsow bedewiň Şa zenany Ýelizaweta II-ä sowgat berlendigine ünsi çekdi. Şonda aty görkezenlerinde, Ýelizaweta II oňa bir zadyň ýetmeýändigini aýdýar. Şol pursat ata eýerini, şaý-seplerini, beýleki esbaplary dakýarlar. Bu pursady synlan Şa zenany ýene-de bir zadyň ýetmeýändigini aýdanda, egnine gyrmyzy dony geýen, ak silkme telpekli ýigit ata atlanýar. Ýatdan çykmajak pursatlara nazary düşen Şa zenany: «Türkmenlerde at — ýigidi, ýigidem aty bezeýär» diýip, bu görnüşe haýran galypdyr. Hormatly Arkadagymyz şu wakany gürrüň berip, munuň şol döwürlerde-de behişdi bedewlerimiziň dünýä dolan şan-şöhratyndan habar berýändigini aýtdy.

Gepleşikleriň dowamynda Şazada Edward Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen gürrüňdeş boldy. O.Atabaýewa behişdi bedewler arkaly, ippoterapiýanyň kömegi bilen ylmy esasda mümkinçiligi çäkli çagalarda bejeriş işleriniň geçirilýändigini aýtdy. Bedewleriň ynsan saglygyna edýän oňyn täsiri halkymyzyň köpýyllyk tejribesiniň aýdyň beýanydyr. Şazada Edward şeýle tejribä uly gyzyklanma bildirdi we geljekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Beýik Britaniýanyň Patyşasy Karl III-ä, şeýle hem Şazada Edwarda, onuň maşgalasyna Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de halkymyzyň adyndan toý sowgatlaryny gowşurdy.

Milli Liderimiz Beýik Britaniýanyň Patyşasy we Şazadasy bilen bolan duşuşyklarda Patyşa maşgalasynyň agzalaryny şu ýyl ýurdumyzda giňden belleniljek Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna hem-de behişdi bedewlerimiz bilen bagly çärelere gatnaşmaga çagyrdy. Bu çakylyklar uly hormat bilen kabul edildi.

Şazada Edward Gahryman Arkadagymyz bilen geçirilen gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň taryhyna täze sahypany ýazjakdygyny belledi we munuň üçin hoşallyk bildirdi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Windzor galasynyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan atly sport çykyşlaryna tomaşa etdi.

Ýewropanyň ösen ýurtlarynyň biri bolan Beýik Britaniýada atçylygyň we atly sportuň dürli görnüşleriniň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu ýerde dürli tohumdaky atlaryň arasynda atly sportuň görnüşleri boýunça halkara bäsleşikler, at çapyşyklary guralýar. Munuň özi atly sportuň dünýäde giňden wagyz edilmeginde ähmiýetlidir.

Abraýly halkara atly sport baýramçylygynyň guralýan ýerinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy buýsançly parlaýar. Behişdi bedewlere aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ahalteke atlarynyň asyl mekany hasaplanýan ýurdumyzda atly sport sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi. Şunda türkmen atşynaslarynyň we çapyksuwarlarynyň halkara derejede geçirilýän atly sport bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýandygyny bellemek gerek.

Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ahalteke bedewlerine bagyşlanan sergini synlady. Sergide dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke atlarynyň gözelligini, olaryň reňkleriniň özboluşly aýratynlyklaryny, toý-tomaşalaryň bezegi bolan bedewleriň syn-sypatyny açyp görkezýän gymmatlyklar ýerleşdirilipdir. Bu ýerde “asman atlarynyň” gözelligini beýan edýän sungat eserleri sergä gelenlerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Şöhratly pederlerimiziň, zehinli ussalaryň elinden çykan at esbaplary, bezeg şaý-sepleri ýerine ýetiriliş usullary babatda nusgalyk hasaplanýar.

Milli Liderimiz Windzor galasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Elçin Guliýew bilen duşuşdy. Ol Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize mähirli salamyny ýetirdi we dostlukly ýurduň döwlet Baştutanynyň ýörite sowgatlaryny gowşurdy. Gahryman Arkadagymyz minnetdarlygyny bildirip, Prezident Ilham Aliýewe hoşniýetli sözlerini beýan etdi.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Azerbaýjan Respublikasynyň atly ýigitleriniň görkezme çykyşlaryna tomaşa etdi. Häzirki wagtda dünýäde atlar bilen bagly dürli çärelere uly gyzyklanma bildirilýär. Atlar bilen ýigitleriň bilelikdäki sazlaşykly hereketleri tomaşaçylarda ýakymly täsirleri döredýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2007-nji ýylda döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary hem dünýäde uly meşhurlyga eýedir. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda bu topar ýurdumyzda hem-de dürli ýurtlarda üstünlikli çykyş edýär. Diýarymyzda at çapyşyklaryna, atly sporta, atlar bilen bagly dürli görkezme çykyşlaryna uly ähmiýet berilýär. Bu babatda atşynaslarymyz tejribe toplamak bilen, yzygiderli kämilleşýärler.

Soňra Gahryman Arkadagymyz hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, Windzor galasyndan ugrady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna saparyny tamamlap, Watanymyza ugrady. Birnäçe sagatdan soňra, Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi.

Milli Liderimiziň bu sapary Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly mümkinçiliklerini kesgitlemekde täze gözýetimleri açdy.

(TDH)

18.05.2026
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 15-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa hereket edýän kanunlary döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ministrliklerinden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş, Zähmet, Sanitariýa, Maşgala, Ýaşaýyş jaý kodekslerine, “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda”, “Administratiw önümçilik hakynda”, “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna degişli üýtgetmeleri girizmek boýunça işler geçirilýär.

Mejlisiň deputatlary ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer döwlet syýasatyny, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz-nesihat etmek, bu baýram mynasybetli “Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň hukuk ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlary: häzirki zaman kanunçylygynyň milli modeli” atly ylmy-amaly maslahaty geçirmäge taýýarlyk görmek, hereket edýän kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça degişli işleri alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiz döwrüň talabyna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzda milli standartlaşdyrmak ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hil babatda gözegçiligi amala aşyrmakda degişli çäreler görülýär. Hususan-da, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň garamagyndaky edaralaryň barlaghanalarynda harytlaryň we önümleriň hil görkezijilerini anyklamakda döwrebap serişdeler ulanylýar. Bu babatda daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli standartlaşdyrmak ulgamyny kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň maddy-tehniki üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, korporasiýanyň nebitgaz gözleg ekspedisiýalary tarapyndan ýurdumyzyň günbatar sebitinde ýerleşýän känleriň we meýdançalaryň birnäçesinde nebitiň, tebigy gazyň gözlegine gönükdirilen gözleg-barlag guýularynda buraw işleri netijeli dowam etdirilýär. Şunda kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bu işleri amala aşyrmakda şu ugurda işleýän daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň we tebigy gazyň gorlaryny ýüze çykarmak, gözleg-barlag guýularynyň buraw işlerini döwrebap ýerine ýetirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň maddy-tehniki üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam edýär. Hususan-da, hatarara bejergi, otag etmek we ýekelemek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek, ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli çäreler görülýär. Welaýatlarda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen ilaty ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, ýazlyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Häzirki wagtda pile öndürijiler tarapyndan welaýatlarda ýüpek gurçuklaryna ideg etmek, pile hasylyny ýygnap almak işleri geçirilýär.

Şeýle hem ýurdumyzda ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly, netijeli peýdalanmak maksady bilen, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak ugrunda degişli işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça işleri, welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlaryna agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere bugdaý ekilen meýdanlara ideg etmek bilen bir hatarda, galla oragy möwsümine hem gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Aşgabat şäheriniň 145 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda geçiriljek dabaraly çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, meýilnama laýyklykda, dürli ugurlara bagyşlanan maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary, sergileri, paýtagtymyzyň gözel künjeklerine gezelençleri guramak meýilleşdirilýär. Şu ýylyň 24-25-nji maýy günlerinde “Ak şäherim Aşgabat” atly XXV köpugurly halkara sergini we maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar. Halkara sergide ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerli hususy kärhanalaryň, daşary ýurt kompaniýalarynyň dürli ugurlarda gazananlaryny görkezýän sergi bölümlerini guramak meýilleşdirilýär. Serginiň çäklerinde geçiriljek maslahatyň dowamynda paýtagtymyzy “akylly” şäher konsepsiýasyna laýyklykda ösdürmek, maýa goýumlary çekmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Baýramçylyk günlerinde “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti ýaýbaňlandyrylar.

Dabaralara görülýän taýýarlygyň çäklerinde paýtagtymyzyň şaýollaryny, köçelerini arassa saklamak we olaryň ugrundaky binalaryň abadanlaşdyrylyşy, bezelişi, yşyklandyrylyşy bilen baglanyşykly toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, 24-25-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergini we maslahaty guramaçylykly geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guraljak medeni çärelere gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew 2027-nji ýylyň 19-njy marty — 26-njy sentýabry aralygynda Ýaponiýanyň Ýokohama şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «Green Ekspo — 2027» halkara bagbançylyk sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, «Bagt üçin geljegiň peýzažy» şygary astynda guraljak bu halkara sergä 80-e golaý ýurduň gatnaşmagyna garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiz tarapyndan daşary ýurtlar bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek boýunça netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz 2027-nji ýylda Ýaponiýada geçiriljek halkara bagbançylyk sergisine ýurdumyzyň gatnaşmagy bilen bagly taýýarlanan teklipleri goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa neşirýat ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan gazet-žurnallaryň elektron görnüşi ilata elýeterli edilýär. Şunda bu ugurda hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek zerurlygy ýüze çykýar. Şoňa görä, oňa neşirýat işi babatda döwlet syýasaty, döwlet goldawy hem-de döwlet buýurmasy bilen bagly işleri has-da kämilleşdirmek we düzgünleşdirmek boýunça degişli üýtgetmeleri girizmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda neşirýat ulgamynyň işini kämilleşdirmäge, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge aýratyn üns berilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere neşirýat ulgamynyň kanunçylyk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow 2025-2026-njy okuw ýylynyň tamamlanmagy, “Soňky jaň” dabarasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guraljak çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda okuw ýylynyň tamamlanmagy, Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli 25-nji maýda Garaşsyzlyk binasyna, ýurdumyzyň welaýatlarynyň baýdak meýdançalaryna gül goýmak dabaralaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Soňra ýurdumyzyň ähli orta mekdeplerinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” atly şygar bilen “Soňky jaň” dabaralary geçiriler. Göreldeli uçurymlara, kärine ussat bilim işgärlerine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşurylar. Baýramçylyk gününde uçurymlaryň Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň gözel ýerlerine, medeni-dynç alyş merkezlerine gezelençlerini guramak meýilleşdirilýär. Baýramçylyk mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda baýramçylyk dabaralarynyň giňden ýaýbaňlandyrylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere okuw ýylynyň tamamlanmagy hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli mekdepleriň uçurymlarynyň gatnaşmagynda «Soňky jaň» dabaralaryny ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 13-14-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Russiýa Federasiýasynyň resmi wekilleri bilen syýasy nukdaýnazardan örän möhüm duşuşyklary we gepleşikleri geçirdi. Olaryň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giň ugurlar boýunça mundan beýläk-de berkitmek bilen bagly wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, 13-nji maýda Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn syýasy gün tertibinde duran meseleler, ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri, iki ýurduň bilim, medeniýet ulgamlaryndaky gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meselelere seredildi. Şunlukda, şu ýylyň oktýabrynda Türkmenistanda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibini ara alyp maslahatlaşmaga aýratyn üns berildi. Şeýle hem ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy, esasan-da, ulag-logistika ýaly möhüm ugurda bilelikdäki işleri ilerletmegiň zerurdygy nygtaldy. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan iki döwletiň halklarynyň köpasyrlyk medeni gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe anyk teklipler beýan edildi.

13-nji maýda Kazan Kremlinde Milli Liderimiziň RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ugurda bar bolan giň mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak meselelerine uly üns berildi. Şeýle hem medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýän türkmen we tatar halklarynyň taryhy ýakynlygy barada aýratyn bellenip geçildi.

Gahryman Arkadagymyz we Rustam Minnihanow bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň uly ähmiýetine ünsi çekmek bilen, häzirki wagtda Tatarystanyň bilim edaralarynda ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň 8 müňe golaýynyň bilim alýandygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň ýokary derejeli resmi wekilleri bilen hem birnäçe duşuşyklary geçirdi.

14-nji maýda Gahryman Arkadagymyz “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2026” XVII halkara ykdysady forumynyň işine gatnaşyp, yslam dünýäsine degişli döwletleriň arasyndaky medeni gatnaşyklara çuňňur hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan häsiýetnama berdi. Şeýlelikde, şol günlerde Kazanda geçirilen Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ICESCO) Baş maslahatynyň 15-nji mejlisiniň ähmiýeti barada aýratyn nygtaldy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Kazan şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda ICESCO-nyň mejlisinde Türkmenistanyň bu gurama synçy ýurt hökmünde goşulmagy baradaky çözgüdiň kabul edilmegi uly ähmiýete eýedir. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Kazan halkara atçylyk sport toplumyna baryp, at çapyşyklaryny synlady. Milli Liderimiziň Kazana amala aşyran sapary ýurdumyzyň syýasy durmuşynda möhüm wakalaryň birine öwrüldi we hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändigini belledi. “Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Tatarystan Respublikasynda geçirilen halkara ykdysady foruma we beýleki çärelere gatnaşmagy hem hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ädim boldy” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Wise-premýer, daşary işler ministri hasabatyny dowam edip, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görlüşi barada aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistan GDA-da başlyklyk edýär. Ýurdumyzyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň çäklerinde şu ýylyň başyndan bäri dürli geňeşleriň, komissiýalaryň mejlisleri we beýleki duşuşyklar geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 22-nji maýda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýär. Daşary işler ministrligi tarapyndan Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde duşuşyga taýýarlyk görmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Taýýarlanan maksatnamanyň taslamasyna laýyklykda, 22-nji maýda hormatly Prezidentimiz bilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşine gatnaşjak wekiliýet ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň guralmagy göz öňünde tutulýar. Şeýle hem wekiliýet ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şol gün wekiliýet ýolbaşçylarynyň degişli düzümlerde mejlisleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Olaryň gün tertibiniň taslamasyna laýyklykda möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem mejlisler tamamlanandan soňra, resminamalara gol çekmek dabarasy geçiriler.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Bitarap ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýer, daşary işler ministrine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzda 2026-njy ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek üçin Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, şertnamalaýyn esasda ýurdumyzda ýygnalan bugdaý hasylyny meýdanlardan kabul ediş nokatlaryna, ammarlara we elewatorlara wagtynda, ýitgisiz daşamak, ulag serişdeleriniň bökdençsiz we ýokary netijeli işledilmegini üpjün etmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň awtomobil ulaglary pudagyny ösdürmek, pudagy häzirki zaman awtoulaglary bilen yzygiderli üpjün etmek boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere galla oragyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ulag serişdelerini öz wagtynda taýýarlamak, ýükleri daşamakda hyzmatlaryň möçberini artdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda 18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň giňden bellenip geçiljekdigini, bu baýramçylygyň halkymyzyň jebisligini we agzybirligini has-da pugtalandyrýandygyny belledi. “Şoňa görä-de, Konstitusiýamyza ygrarly bolmak bilen, her bir raýatymyzyň durmuş-ykdysady bähbidini amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek zerurdyr” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlise gatnaşyjylar hem döwlet Baştutanymyzy we Gahryman Arkadagymyzy şanly sene mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

16.05.2026
Dünýä ýurtlaryny birleşdirýän ýollar

Paýtagtymyzda GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi öz işine başlady

Aşgabat, 13-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi öz işine başlady. Bu forum ykdysady gatnaşyklaryň binýadyny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, GDA ýurtlarynyň demir ýol edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň ýolunda möhüm ädimdir.

“Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda guralýan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisiniň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mejlise gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. “2025-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde hödürlenen 2026 — 2035-nji ýyllar üçin «BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygy» atly Kararnamanyň taslamasy şol ýylyň ahyrynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan tassyklanyldy. Munuň özi ulag geçelgelerini ösdürmek, durnuklylygyny ýokarlandyrmak we ähli ýurtlar üçin olaryň elýeterliligini üpjün etmek bilen, halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmäge giň mümkinçilikleri açýar” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belleýär. Mejlise gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek ugrunda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki iri halkara guramalaryň meýdançalarynda hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeleýär. Ýurdumyzyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň, GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän mejlisiň çäklerinde ugurdaş çäreleriň guralmagyna möhüm ähmiýet berlendigini aýtmak gerek.

Mejlisiň dowamynda demir ýol ulagy edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri çykyş edip, GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň döwletara derejede demir ýol ulagynyň işini utgaşdyrmak, halkara demir ýollar torunyň tehnologik bitewüligini üpjün etmek, bu düzümleri häzirki zaman şertlerinde ösdürmek ýaly wezipeleriň oňyn çözgüdini esasy ugur edinýändigini nygtadylar. Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri bu guramanyň işjeň agzasy bolmak bilen, sebitde ylalaşykly ulag syýasatynyň kemala gelmegine uly goşant goşup gelýär. Bu bolsa sebitiň çäklerinde demir ýol ulagy düzümleriniň sazlaşykly ösdürilmegini, utgaşykly ulag syýasatynyň amala aşyrylmagyny üpjün edýär. Munuň özi GDA-nyň çäklerinde halkara üstaşyr ýükleriň daşalmagynyň ugurlarynyň artmagyny şertlendirýär.

Mejlisde GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň geçen döwürde ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy we özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda geňeşiň iş meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek babatda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Çykyş edenler sebitde üstaşyr ýük daşamalaryň möçberini artdyrmakda Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändigini bellemek bilen, ulag düzümlerini düýpli döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek bilen, netijeli halkara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak arkaly bu ugurda ägirt uly mümkinçilikleriň döredilýändigine ünsi çekdiler. Döwletleriň, sebitleriň we yklymlaryň arasynda dostluk, hyzmatdaşlyk köprülerini gurýan Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynda ulag diplomatiýasyna aýratyn ornuň degişlidigini aýdyp, çykyş edenler GDA agza ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän mejlisde hut şu ugurlar boýunça özara pikir alşylmagynyň ähmiýetini bellediler.

2023-nji ýylyň maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda 26-njy noýabry “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Şeýle-de mejlisde çykyş edenler 2016-njy ýylda Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatynyň geçirilendigini aýdyp, Türkmenistanyň ulag ulgamynda öňe sürýän başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigini nygtadylar. Munuň özi Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi esasy ugur edinýän daşary syýasatynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň beýanydyr.

Häzirki döwürde yklymyň möhüm çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz milli ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyrýar. Bu bolsa Türkmenistanyň halkara üstaşyr mümkinçilikleriniň artmagyna giň ýol açýar. Şunda ýurdumyzyň çäginden halkara ähmiýetli awtomobil we demir ýollaryň geçýändigini bellemek gerek. Gazagystan — Türkmenistan — Eýran, Kerki — Ymamnazar — Akina halkara demir ýollaryny, Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat — Farap demir ýol köprüsini muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Olar halkara ulag ýollaryny birleşdirýän esasy ulag geçelgeleri bolup hyzmat edip, ýurdumyzyň üstaşyr mümkinçiliklerinden peýdalanmaga gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň sanynyň yzygiderli artmagyny şertlendirýär.

Günüň ikinji ýarymynda GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisiniň çäklerinde ikinji “Ýaş demir ýolçular” forumy geçirildi. Onda bu ugry sazlaşykly ösdürmegiň strategiýasyny işläp taýýarlamak, demir ýol ulaglary edaralary üçin ýokary hünärli işgärleri ýetişdirmek bilen baglanyşykly meseleler wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Demir ýollary ulanmak arkaly üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmegiň geljegi, sebitde ýük daşamalary artdyrmak barada pikir alyşmalar boldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan halkara giňişlikde durnukly ulag ulgamyny ösdürmekde öňdebaryjy orny eýeleýär. Döwletleriň arasynda ulag aragatnaşygyny ilerletmekde ýurdumyzyň tagallalaryny, bu ugurda gazanylan üstünlikleri we başlangyçlary aýratyn bellemeli. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2026 — 2035-nji ýyllary Durnukly ulagyň onýyllygy diýip yglan etmek hakynda kabul eden Kararnamasynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşmak möhümdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan ýurdumyzyň halkara başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilmegi Garaşsyz Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň belende galmagyny şertlendirýär.

Ýurdumyzyň soňky ýyllarda çalt depginde ösýän demir ýol ulgamy täze tapgyra gadam basdy. Bu bolsa Diýarymyzda ulag-aragatnaşyk ulgamyna degişli iri taslamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň netijesidir. Munuň özi sebitiň çäklerinde Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ulag geçelgeleri boýunça ýük daşamalary artdyrmak, ýurdumyzyň üstaşyr mümkinçilikleriniň ählumumy derejede peýdalanylmagyny üpjün etmek ugrunda başlangyçlaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna giň ýol açar. Ýurdumyzda demir ýol ulagy boýunça geçirilýän halkara forumlar bu ugurda ýola goýlan gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmagynda uly ähmiýete eýedir.

GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi hem-de ikinji “Ýaş demir ýolçular” forumy öz işini dowam edýär.

15.05.2026
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

Gahryman Arkadagymyzyň RF-niň Tatarystan Respublikasyna sapary tamamlandy

Kazan — Aşgabat, 14-nji maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Kazan halkara atçylyk sport toplumyna baryp gördi hem-de Kazan şäheriniň “Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatyna gatnaşdy.

Sport toplumynda Gahryman Arkadagymyzy RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, oba hojalyk we azyk ministri, Atçylyk we atçylyk sporty federasiýasynyň başlygy Marat Zýabbarow hem-de Kazan halkara atçylyk sport toplumynyň direktory mähirli garşyladylar. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow sport toplumynyň çäginde Tatarystanyň oba hojalyk önümlerine bagyşlanan sergini synladylar.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlykda täze sepgitlere ýetilýär. Gahryman Arkadagymyzyň RF-niň Tatarystan Respublikasyna şu gezekki saparynyň çäklerinde Prezident Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk söwda-ykdysady, ulag, oba hojalygy, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz telefon arkaly söhbetdeşlikde birnäçe teklipleri beýan etdi. Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda şu ýylyň oktýabrynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň gün tertibine giriziljek meseleler barada pikir alşyldy.

...Sergide ýerli önümçilige degişli azyk önümleriniň dürli görnüşleri görkezilýär. Hünärmenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny bu önümleriň aýratynlyklary bilen tanyşdyrdylar.

Gahryman Arkadagymyz we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bu ýerde atlara bagyşlanan sungat eserlerini synladylar. Bölümde Milli Liderimiziň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň rus dilindäki nusgasyna aýratyn orun berlipdir. Gahryman Arkadagymyzyň ýelden ýyndam behişdi bedewlere bagyşlap döreden “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew” atly kitaplarynyň möhüm ähmiýetini bellemek gerek. Olar daşary ýurt dilleriniň ençemesine terjime edilip, giň dünýä jemgyýetçiligine ýetirildi hem-de Ýer ýüzünde ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmakda wajyp orny eýeleýär.

Soňra bu ýerde hünärmenler hormatly Arkadagymyzy Kazan halkara atçylyk sport toplumynyň aýratynlyklary we bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdyrdylar.

Milli Liderimiz hem-de Rustam Minnihanow soňra at çapyşyklaryna tomaşa etdiler. Oňa türkmen çapyksuwarlary hem gatnaşdylar.

Kazanyň halkara atçylyk sport toplumy Ýewropanyň iň iri toplumlarynyň biridir. Umumy meýdany 90 gektara golaý bolan bu köpugurly toplum döwrebap düzümleri özünde jemleýär. Onuň çäginde 1 müň 800 we 1 müň 600 metr uzynlykdaky çapuw ýodalary bar. Şeýle hem bir wagtda 6 müň tomaşaçyny kabul edip bilýän açyk we ýapyk meýdançalar hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda atçylyk sportuny, milli atçylyk sungatyny dünýä derejesinde ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Kazan şäherinde geçirilen şu gezekki at çapyşyklarynda türkmen çapyksuwarlarynyň ýokary ussatlygyny görkezmekleri-de munuň aýdyň mysalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň başynda 2026-njy ýylyň dowamynda atçylyk we atly sport çärelerini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak bilen bagly degişli resminama gol çekdi. Munuň özi tutuş dünýäde behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende götermekde möhüm ädim boldy.

Şeýlelikde, Kazan halkara atçylyk sport toplumynda geçirilen ilkinji at çapyşygynda ýurdumyzyň ussat çapyksuwary B.Agamyradow ynamly ýeňiş gazandy. Bu günki geçirilen at çapyşyklarynda türkmen çapyksuwarlary tatar atlarynda ýaryşa gatnaşdylar. Örän çekeleşikli we gyzgalaňly geçen at çapyşygynda ezber türgenlerimiz ussatlyklaryny, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, mertligini görkezip, baýrakly orunlary eýelediler. At çapyşygyndaky baýraklar ahalteke atlarynyň hormatyna goýuldy. Olary almak bolsa türkmen türgenlerine nesip etdi.

1 müň 800 metr aralyga geçirilen ýene bir çapyşykda ýurdumyzyň çapyksuwarlary ezberliklerini görkezdiler. Bu çapyşykda B.Berdimuhammedow pellehana birinji bolup gelmegi başardy.

Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Gahryman Arkadagymyz ýeňiji bolan ussat türkmen çapyksuwarlaryna kuboklary gowşuryp, olary gazanan ýeňşi bilen gutlady.

Ildeşlerimiz milli atşynaslygy ösdürmäge we öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge döredýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň abraýyny mundan beýläk-de belende galdyrmakda ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany çapyksuwarlaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdüler.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Kazan şäheriniň “Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatyna gatnaşdy. Agza döwletleriň arasynda bilim, ylym, medeniýet, aragatnaşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, yslam dünýäsiniň siwilizasion maksatlarynyň, yslam gymmatlyklarynyň çäklerinde bu ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek, agza döwletlerde, olaryň çäkleriniň daşynda halklaryň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmak, dürli usullar bilen, şol sanda bilim, ylym, medeniýet arkaly dünýäde parahatçylygy berkitmäge ýardam bermek bu guramanyň esasy maksatlarydyr.

Maslahatda çykyş etmek üçin, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyza söz berildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşynyň başynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa we rus tarapyna «KazanForum — 2026» halkara çärelerine gatnaşmaga çakylyk, bildirilen myhmansöýerlik, netijeli işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

“Halkara ykrarnama eýe bolan Kazan forumy her ýyl öz meýdançalarynda dünýäniň dürli ýurtlaryndan we halkara guramalardan ýokary derejeli wekiliýetleri jemläp, ugurlaryň giň gerimi boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin şertleri döredýär. Şu ýyl hem, ozal bolşy ýaly, Tatarystanyň paýtagtynda halkara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe möhüm çäreler geçirilýär” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we şolaryň hatarynda Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ICESCO) Baş maslahatynyň 15-nji mejlisini aýratyn belledi. Türkmenistan bu duşuşygy durnukly ösüşi üpjün etmegiň, halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň we parahatçylyk medeniýetini ilerletmegiň möhüm şerti hökmünde ynsanperwer ulgamdaky köptaraplaýyn dialogy işjeňleşdirmek üçin amatly mümkinçilik hasaplaýar.

Häzirki zaman ählumumy özgerişler şertlerinde özboluşlylyk we däp bolan gymmatlyklar esasynda medeni köpdürlüligi gorap saklamak aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, halkara guramalaryň işi, olaryň durmuş ulgamynda döwletleriň tagallalaryny birleşdirmekdäki orny has-da möhümdir. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan ICESCO-nyň giň we netijeli ynsanperwer hyzmatdaşlyga ýardam bermäge, yslam medeniýetiniň beýik siwilizasion binýadyny, onuň ynsanperwer gymmatlyklaryny gorap saklamaga we baýlaşdyrmaga, ylymda, bilimde, medeniýetde gazanylanlary goldamaga hem-de ilerletmäge gönükdirilen abraýly halkara gurama hökmündäki işine ýokary baha berýär. Ýaşlaryň intellektual mümkinçiliklerini ösdürmek, olary dünýä ýurtlarynyň baý taryhy-medeni mirasy bilen tanyşdyrmak ugrundaky işjeň, guramaçylykly hereketler şu günki günde örän ähmiýetli bolup durýar.

“Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň esasyny Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleri düzýär. Bu bolsa parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Şeýle hem Bitaraplyk hukuk derejesi Türkmenistanyň bitewi we uzak möhletleýin medeni-ynsanperwer strategiýasyny amala aşyrmagyň esasy şertidir. Türkmenistan ynsanperwer häsiýetli esasy halkara konwensiýalara, şertnamalara goşuldy hem-de Milletler Bileleşigi bilen bilelikde olary milli we ählumumy derejede iş ýüzünde durmuşa geçirmek ugrunda tagalla edýär” diýip, Milli Liderimiz nygtady. Şu nukdaýnazardan, ÝUNESKO bilen ýakyn hyzmatdaşlykda ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda türkmen halkynyň taryhy-medeni we tebigy mirasyny gorap saklamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Netijede, şu güne çenli Türkmenistanyň çäginde 1 müň 500-den gowrak taryhy we medeni ýadygärlik hasaba alyndy. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň taryhy desgalarynyň, Nusaýyň Parfiýa galalarynyň dünýä siwilizasiýasynyň ajaýyp ýadygärlikleri hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi has-da ähmiýetli wakalardyr.

“Ýurdumyzda maddy däl medeni mirasy gorap saklamaga hem aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda olaryň köpüsi, şol sanda türkmen milli halyçylyk sungaty, dutar ýasamak senetçiligi we dutarda saz çalmak hem-de bagşyçylyk sungaty, ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri, türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri ÝUNESKO-nyň degişli sanawlaryna girizildi. Şu günki günde biz Türkmenistanyň daşary syýasatynda medeni meseleleri işjeň öňe sürýäris, bilim, ylym, sungat we medeniýet ulgamlaryndaky möhüm meseleleri çözmäge gönükdirilen täze başlangyçlary taýýarlamak hem-de durmuşa geçirmek boýunça işleri alyp barýarys” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. Milli Liderimiz şunda eýýäm kemala gelen we köptaraplaýyn özara hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşleri hökmünde özüni görkezen taslamalaryň çäklerindäki bilelikdäki işimiziň oňyn tejribesiniň gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini artdyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigine ynanýandygyny aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz şolaryň hatarynda, ilkinji nobatda, «Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty» taslamasyny belläp, bu taslamanyň amala aşyrylmagynyň biziň ýurtlarymyzyň her birine öz halklarynyň köpasyrlyk medeni gazananlary, däp-dessurlary, ruhy we medeni gymmatlyklary bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berýändigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny Kazan şäherine 2026-njy ýylda «Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty» derejesiniň berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň ICESCO-nyň işine uly hormat bilen garaýandygyny we bu gurama bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi halkara ynsanperwer syýasatynyň möhüm ugry hasaplaýandygyny, ICESCO bilen özara gatnaşyklary giňeltmäge, guramanyň ugurdaş başlangyçlaryna gatnaşmaga, dürli ugurlar boýunça amaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

“2026-njy ýylyň martynda Türkmenistanyň ICESCO-da ýurdumyza synçy derejesini bermek baradaky resmi hatynyň iberilmegi biziň üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Biziň tarapymyzdan bu möhüm halkara düzümiň işine goşulmaga Türkmenistanyň bilim, ylym, medeniýet ulgamlaryndaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ähmiýetli tapgyr hökmünde garalýar. Munuň ýurdumyzyň maksatnamalara yzygiderli we köpugurly görnüşde gatnaşmagy, iň gowy tejribeleri alyşmagy, gurama agza döwletler bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy üçin täze goşmaça meýdançany döretjekdigine ynanýaryn” diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri mundan beýläk-de bilelikdäki iş üçin döredijilikli itergi we ugur berip biljek birnäçe anyk teklipleri beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz taryhy miras barada aýdyp, Türkmenistanyň yslam ýurtlarynyň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak we baýlaşdyrmak boýunça ICESCO-nyň uzak möhletleýin Strategiýasyny işläp taýýarlamaga girişmegi teklip edýändigine ünsi çekdi. Şunda diňe bir öwrenmäge we ylmy barlaglara däl-de, eýsem, edebi-publisistik eserleri, kinofilmleri döretmek, wirtual muzeýleri, galereýalary, beýleki giň elýeterli internet meýdançalaryny guramak arkaly yslam medeni mirasyny işjeň ilerletmäge ünsi jemlemek maksadalaýyk hasaplanýar.

Bilim we magaryf işi barada aýdylanda, Türkmenistan «Yslam şygryýet dialogy: paýhas we asyrlaryň baglanyşygy» atly giň gerimli maksatnamany durmuşa geçirmek baradaky başlangyjy öňe sürýär. “Biziň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň jemgyýetçiligini gadymy döwürlerden häzirki wagta çenli yslam şygryýetiniň hem-de filosofik mirasynyň iň gowy eserleri bilen giňden tanyşdyrmak taslamanyň maksady bolar. Liriki we şahyrana pikiriň beýany bolmagy yslam filosofiýasynyň taryhy aýratynlygydyr. Şonuň üçin ilkinji ädim hökmünde musulman dünýäsiniň görnükli şahyrlarynyň, akyldarlarynyň, filosoflarynyň, şeýle hem özüni yslama, yslam medeni koduna, dünýägaraýşyna degişli hasaplaýan awtorlaryň eserlerini öz içine aljak «Yslam şygryýetiniň bütindünýä antologiýasyny» döretmek barada oýlanmagy teklip edýäris” diýip, Milli Liderimiz belledi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň yslam dünýäsiniň «akylly» şäherler diplomatiýasy başlangyjyny öňe sürýändigini aýdyp, şunda gurama agza döwletlerde, şeýle hem Türkmenistanda «akylly» şäherleri döretmegiň döwlet syýasatynyň ugry hökmünde işjeň ösdürilýändiginden ugur alynýandygyny belledi. “Şu günki günde «akylly» şäher diýmek — bu intellektiň, döredijiligiň, binagärligiň, medeniýetiň, ylmyň, tehnologiýalaryň, estetikanyň we durmuş bilimleriniň utgaşmasydyr. Ýagny ICESCO-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň esasyny düzýän düşünjelerdir. Şol sebäpli hem hut şu guramanyň mejlisinde «akylly» şäherler diplomatiýasy arkaly yslam ýurtlarynyň arasynda ösüşiň bu geljegi uly ugrunda tejribeleri, bilimleri we meýilnamalary alyşmagyň hyzmatdaşlyk hem-de hünär gurallaryny ýola goýmagy ýerlikli hasaplaýarys” diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşynyň ahyrynda nygtady hem-de beýan edilen tekliplere we pikirlere düýpli serediljekdigine ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň parahatçylyk we döredijilik, medeni köpdürlülik, durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklap, bilimiň, ylmyň, medeniýetiň döwletleri hem-de halklary birleşdirmäge ukyply ählumumy gymmatlyklardygyny nygtady. “Türkmenistan mundan beýläk-de siwilizasiýalaryň arasyndaky dialogy ösdürmäge, özara ynamy, düşünişmegi pugtalandyrmaga öz goşandyny goşmaga, döwletara gatnaşyklarda ynsanperwer taglymlary we gymmatlyklary ilerletmäge işjeň gatnaşmaga taýýardyr” diýip, Milli Liderimiz sözüni jemledi we ICESCO-nyň Baş maslahatynyň 15-nji mejlisiniň netijeleriniň bu maksatlara ýetmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň beýan eden teklipleriniň ähmiýetini belläp, olary doly goldadylar.

13-nji maýda Kazanda açylan ICESCO-nyň Baş maslahatynyň 15-nji mejlisinde ýurdumyza Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynda synçy derejesi berildi. Agzalan guramanyň ýolbaşçysy Salim Al Maligiň çykyşynda 2028-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabady “Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty” diýip yglan etmek baradaky meselä häzirden seredilýändigi we bu boýunça degişli işleriň geçirilip başlanandygy barada aýtmagy möhüm ähmiýete eýedir.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz we Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow bilelikde Kazan şäheriniň Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menziline geldiler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bildirilen myhmansöýerlik üçin Tatarystanyň Baştutanyna ýene-de bir gezek minnetdarlygyny beýan etdi hem-de onuň bilen hoşlaşyp, Watanymyza ugrady.

Birnäçe sagatdan türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.

Şeýlelikde, Milli Liderimiziň RF-niň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran bu sapary Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagyň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolmagynda galýandygyny tassyklap, ykdysady we medeni dialogy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açdy.

* * *

“KazanForum — 2026” forumynyň çäklerinde Kazan şäherinde “Russiýa — Yslam dünýäsi: hyzmatdaşlyk EXPO” sergisi geçirilýär. Oňa Türkmenistan hem öz milli pawilýony bilen gatnaşýar.

Ýurdumyzyň milli pawilýony ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, hususy pudakda gazanylýan üstünlikler bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Hususan-da, bu ýerde nebitgaz, himiýa, azyk, dokma senagatynyň önümleri, gurluşyk serişdeleri görkezilýär. Şunuň bilen bir hatarda, pawilýonda ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa, saglygy goraýyş, syýahatçylyk ýaly ulgamlarda gazanýan üstünlikleri şöhlelendirilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda elektron senagat yzygiderli ösdürilýär. Sergide bu ulgamyň gazananlary elektron enjamlaryň dürli görnüşleri arkaly giňden beýan edilýär. Türkmenistanyň pawilýonynda meşhur türkmen halylary, ajaýyp şaý-sepler hem bar. Zehinli türkmen halyçylarynyň, zergärleriniň döreden bu eserleri gözelligi, inçeligi bilen tutuş dünýäde meşhurdyr. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyna sergide möhüm orun berlipdir. Dünýäniň dürli dillerine terjime edilen bu eser ähmiýetli gollanma hökmünde ykrar edilendir.

Sergä gatnaşyjylar Türkmenistanyň sergi bölüminiň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdiler. Bu iri gözden geçiriliş ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini görkezýär hem-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Kazan forumynyň çäginde guralýan “Musulman dünýäsiniň zenanlarynyň milli geýimleriniň modasy” festiwalynda ýurdumyzyň milli lybaslary görkezildi. Türkmen milli lybaslarynyň aýratynlyklary we köpöwüşginliligi bu ýere gelenlerde uly täsir galdyrdy. Türkmen modelýerleriniň Kazanda geçirilen bu abraýly festiwala gatnaşmagy milli däp-dessurlarymyzyň, baý medeni mirasymyzyň döwrebap äheňler bilen sazlaşykly utgaşygyny görkezmäge mümkinçilik berdi.

15.05.2026
Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary başlandy

Aşgabat — Kazan, 13-nji maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapar bilen ugrady.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we onuň Diwanynyň jogapkär ýolbaşçylarynyň ugratmagynda Maslahat köşgünden paýtagtymyzyň Halkara howa menziline tarap ýola düşdi.

Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Olar Milli Liderimiziň saparynyň şowly bolmagyny we onuň dowamynda geçiriljek gepleşikleriň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, hemmelere üstünlikleri arzuw etdi we geçiriljek çärelere gatnaşmak üçin Kazan şäherine ugrady.

Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Iň ýokary döwlet derejesinde alnyp barylýan ikitaraplaýyn dialog syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Russiýanyň iri sebitleri bilen göni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa döwletara gatnaşyklary anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga mümkinçilik döredýär.

Türkmenistanyň RF-niň Tatarystan Respublikasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy şeýle gatnaşyklaryň aýdyň mysallarynyň biridir. Ol iki halkyň çuňňur taryhy köklerine hem-de ruhy ýakynlygyna esaslanyp, iri möçberli bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde öz beýanyny tapýar. Yzygiderli alnyp barylýan dialogyň netijesinde taraplar Türkmenistanda amala aşyrylýan senagat özgertmeleriniň çäklerinde tagallalary utgaşdyrmagyň täze ugurlaryny kesgitleýärler.

Senagat kooperasiýasynda «KamAZ» iri maşyngurluşyk kompaniýasy türkmen bazarynda köp ýyllaryň dowamynda netijeli iş alyp barýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün edýän, ýokary derejeli ýerli hünärmenleri taýýarlaýan hyzmat hem-de okuw merkezleriniň giň ulgamy döredildi.

Ýangyç-energetika toplumy hem möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Bu ulgamda Tatarystanyň «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Türkmen hünärmenleri tatarystanly kärdeşleri bilen uglewodorod serişdelerini çykarmagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barýarlar. Hereket edýän nebit ýataklarynyň işini işjeňleşdirmek boýunça bilelikdäki taslamalar olaryň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrmaga, ekologik taýdan howpsuz tehnologiýalary ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Medeni-ynsanperwer ulgamda ýakyn hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Bu bolsa iki halkyň arasynda baglanyşdyryjy halka bolup hyzmat edýär. Türkmen talyplarynyň Kazanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagy milli ykdysadyýetimiz üçin intellektual mümkinçilikleri kemala getirmäge ýardam edýär. Bilelikdäki medeni çäreleriň, döredijilik festiwallarynyň geçirilmegi dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny has-da pugtalandyryp, döwletara dialogy ösdürmek üçin möhüm binýady döredýär.

Şeýlelikde, RF-niň Tatarystan Respublikasynyň işjeň gatnaşmagynda barha giňeldilýän türkmen-rus gatnaşyklary netijeli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Häzirki wagtda oba hojalygy, gurluşyk, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda durmuşa geçirilýän başlangyçlar geljek nesilleriň abadançylygy üçin berk binýat bolup durýar. Bu hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti iki ýurduň milli bähbitlerine doly laýyk gelýär we sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge goşant goşýar.

...Birnäçe sagatdan Gahryman Arkadagymyzyň uçary Kazanyň Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň hem-de Tatarystanyň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menziline gondy. Haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde Milli Liderimizi Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow hem-de ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan Kremline bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow mähirli garşylady.

Milli Liderimiz we Rustam Minnihanow bilelikde Kazan Kremliniň töweregini synladylar. Soňra Gahryman Arkadagymyz bilen Tatarystanyň Baştutanynyň arasynda ikiçäk duşuşyk geçirildi.

Rustam Minnihanow belent mertebeli türkmen myhmanyny ýene bir gezek mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi we köp ýyllaryň dowamynda durnukly ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistany we Tatarystany çuňňur taryhy kökleriň, medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygynyň baglanyşdyrýandygyny aýtdy.

Dostlukly ýurduň Baştutany türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolan sebitara dialogy ösdürmäge berýän yzygiderli ünsi we goldawy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki derejesini kanagatlanma bilen belledi.

Söhbetdeşler dürli pudaklarda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalaryň netijelerine aýratyn üns berip, gatnaşyklaryň gerimini giňeltmegiň möhümdigini tassykladylar. Yzygiderli amala aşyrylýan ýokary derejeli saparlardyr duşuşyklar hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge itergi berýär.

Ikiçäk duşuşyk tamamlanandan soňra, iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda resmi duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň öňüsyrasynda wekiliýet ýolbaşçylary iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde ýadygärlik surata düşdüler.

Rustam Minnihanow çakylygy kabul edendigi üçin belent mertebeli myhmana ýene bir gezek hoşallyk bildirip, Tatarystanda Gahryman Arkadagymyzyň şu gezekki saparyna dostlukly gatnaşyklaryň mizemezliginiň we strategik hyzmatdaşlygyň nobatdaky subutnamasyna öwrülýän ähmiýetli waka hökmünde garalýandygyny nygtady.

Şeýle-de ol türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan binýady goýlup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň iki halkyň bähbidine tagallalary utgaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Rustam Minnihanow Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Gahryman Arkadagymyz çakylyk we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Kazanda geçirilýän halkara forumlara gatnaşmagyň türkmen tarapy üçin asylly däbe öwrülendigini, Tatarystanyň paýtagtynyň bolsa hemişe aýratyn hormat we ýürekdeşlik bilen garşylaýandygyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Rustam Minnihanowa iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu günler geçirilýän «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2026» XVII halkara ykdysady forumynyň Tatarystanyň barha artýan halkara abraýyna şaýatlyk edýändigini aýtdy hem-de Kazanyň şu ýylda “Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Rustam Minnihanowy we Tatarystanyň halkyny tüýs ýürekden gutlap, bu forumyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň wekiliýetiniň şu gezekki saparynyň Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Türkmenistanyň şeýle forumlara işjeň gatnaşýandygyny, däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň nobatdaky foruma milli pawilýony bilen gatnaşmagynyň hem muňa aýdyň şaýatlyk edýändigini nygtady. Söhbetdeşligiň dowamynda iki halkyň doganlyk gatnaşyklarynyň köpasyrlyk däplere, ruhy-medeni umumylyga, özara hormat goýmaga esaslanýandygy, ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklaryň ulgamlaýyn hyzmatdaşlygyň binýady bolup durýandygy bellenildi.

Şeýle hem sanlylaşdyrmak, ýokary tehnologiýalar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna aýratyn üns berildi. Gahryman Arkadagymyz Russiýanyň IT merkezi hökmünde Tatarystanyň tejribesine ýurdumyzda uly gyzyklanma bildirilýändigini we tehnoparklar, ykdysadyýete sanly çözgütleri ornaşdyrmak boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini belledi. Şunuň bilen bir hatarda, nebitgaz, senagat, ulag-logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Aşgabadyň hem-de Kazanyň arasyndaky yzygiderli amala aşyrylýan howa gatnawlary işewürlik we ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirýän möhüm şert hökmünde görkezildi. Ynsanperwer ulgam özara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolmagynda galýar. Häzirki wagtda Tatarystanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň müňlerçesi bilim alýar.

Milli Liderimiz bilim edaralarynyň arasyndaky göni gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygyny nygtap, «Tatar gyzy — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryny Aşgabatda geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Tatarystan Respublikasynyň Baştutany ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp, Gahryman Arkadagymyzyň bu teklibini goldaýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Tatarystan Respublikasynyň Baştutany şu gezekki saparyň Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynam bildirip, iki ýurduň doganlyk halklaryna parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Gahryman Arkadagymyzyň Kazana sapary dowam edýär.

14.05.2026
Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy bilen duşuşdy

Aşgabat, 12-nji maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikan bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Malaýziýada Türkmenistan bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Soltan Ibrahimiň we Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem ol paýtagtymyz Aşgabadyň binagärlik keşbiniň ýyl-ýyldan gözelleşýändigini nygtap, Milli Liderimizi Türkmenistan bilen «PETRONAS» kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllyk şanly senesi bilen gutlady.

Gahryman Arkadagymyz myhmany mähirli mübärekläp, bu saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze sepgitlere çykarmak nukdaýnazaryndan aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady hem-de Malaýziýanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ykdysadyýet, söwda, ulag, energetika, bilim we medeniýet ýaly strategik ugurlary öz içine alýan türkmen-malaý gatnaşyklarynyň okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Milli Liderimiz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň türkmen-malaý gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýandygyny, bu ugurda işjeň hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny nygtap, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde Malaýziýanyň kompaniýalarynyň mynasyp goşandyna ünsi çekdi.

Ýangyç-energetika pudagy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda «PETRONAS» kompaniýasy bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýetine ýokary baha berilýändigini, Garaşsyzlyk ýyllarynda bilelikde köp işleriň ýerine ýetirilendigini aýtdy we pursatdan peýdalanyp, kompaniýanyň işgärlerini bu iri energetika düzüminiň Türkmenistanda işe başlamagynyň şanly 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Milli Liderimiz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde ýurdumyzda bu şanly sene mynasybetli ylmy-amaly maslahatyň we onuň çäklerinde türkmen-malaý gatnaşyklaryna bagyşlanan serginiň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Öz gezeginde, myhman Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda «PETRONAS» kompaniýasyna netijeli iş alyp barmaga berilýän goldaw üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallygyny bildirip, kompaniýanyň mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri geçen döwrüň içinde «PETRONAS» kompaniýasynyň Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmekde we nebitgaz pudagy üçin ýokary bilimli milli hünärmenleri taýýarlamakda uly goşant goşan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde özüni görkezendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ýurdumyzyň ägirt uly serişde mümkinçiliklerine ünsi çekip, Hazar deňzindäki özara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak meseleleri barada pikir alyşdylar. Tan Şri Mohd Hassan Marikan Malaýziýanyň harytlyk gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak maksady bilen, ägirt uly «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek we burawlamak boýunça taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Hormatly Arkadagymyz bu teklipleriň ähmiýetini belläp, hyzmatdaşlaryň tagallalarynyň gazhimiýa senagatyndaky täze taslamalary durmuşa geçirmäge hem gönükdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Malaýziýanyň wekili kompaniýanyň bu ugurda birnäçe teklipleri hödürlemäge taýýardygyny tassyklady.

Milli Liderimiz Malaýziýanyň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň arasynda täjirçilik şertleri barada Teswirnama gol çekilmeginiň strategik ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen birlikde, Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza amala aşyrjak saparynyň çäklerinde “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.” kompaniýasynyň arasynda Önümi paýlaşmak hakynda şertnama gol çekilmeginiň meýilleşdirilýändigi bellenildi.

Gahryman Arkadagymyz medeni-ynsanperwer, hususan-da, bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga ünsi çekip, Malaýziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň bilim alýandygyny, munuň özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşant goşýandygyny aýtdy.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri geljekde sanly tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmakda, energiýa tygşytlaýjy ulgamlary kämilleşdirmekde, ekologik howpsuzlygy berkitmekde hyzmatdaşlygyň has-da ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikan ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

13.05.2026
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 11-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap almak we talabalaýyk saklamak üçin taýýarlyk işleri geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak, kadaly gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere ideg işleri alnyp barylýar. Maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy we düýelerden köşek almak möwsümi guramaçylykly dowam edýär. Pile möwsüminiň çäklerinde häzirki wagtda kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlaryndaky möwsümleýin işlerde, hususan-da, gowaça we bugdaýa ideg işlerinde agrotehniki kadalaryň berjaý edilmeginiň, galla oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edip, tohumlyk bugdaýyň hasylyny bildirilýän talaplara laýyklykda ýygnap almak, kabul ediljek hem-de saklanyljak ýerlerini taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri geçirilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda möwsümleýin ideg işleri alnyp barylýar. Maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak boýunça bellenen meýilnama üstünlikli berjaý edildi. Pile möwsüminiň çäklerinde pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri dowam edýär. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli, guramaçylykly geçirilmeginiň, bu işlerde kuwwatly oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmagyň, galla oragy möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap almak, talabalaýyk saklamak boýunça taýýarlyk işleri dowam edýär. Welaýatda gowaça ekişi dowam edip, endigan gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek işleri geçirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, suw tutmak işleri geçirilýär. Pile taýýarlamak boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, şu günler ýüpekçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär. Häkim welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak boýunça bellenen meýilnamanyň doly ýerine ýetirilendigini habar berdi. Mundan başga-da, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerine, hususan-da, pagta, bugdaý ýaly aýratyn ünsi talap edýän ekinlere ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň, galla oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi we häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýetişdirilen tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap almak we saklamak üçin galla kabul ediş nokatlary möwsüme doly taýýar edilip, häzirki wagtda kombaýnlary, ýük awtoulaglaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Sebitde ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinlerine ideg işleri dowam edýär. Welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümi üstünlikli geçirilip, häzirki wagtda ýaş mallara degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär. Pile möwsüminiň çäklerinde ýetişdirilen pile hasylyny ýygnamak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we oba hojalyk ekinlerine ideg işleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan kadalara laýyklykda geçirilmegini, bugdaý oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda suw tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, däne ýygýan kombaýnlary we awtoulaglary galla oragy möwsümine taýýar etmek, tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap almak, talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatyň gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň baş sanyny we olardan alynýan önümleriň möçberini artdyrmak babatda zerur işler alnyp barylýar. Pile möwsüminiň çäklerinde ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda, hususan-da, gowaça we bugdaý ekilen meýdanlarda dowam edýän möwsümleýin işleriň ýokary hilli, guramaçylykly geçirilmeginiň, bu ugurda oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmeginiň, galla oragy möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi hem-de häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berildi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň hemaýat-goldawlary, döredýän giň mümkinçilikleri netijesinde şu ýylyň 9-10-njy maýynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde “Gündogaryň merjeni” ady bilen geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiklerinde ýurdumyzyň atşynaslarynyň behişdi ahalteke bedewleri bilen üstünlikli çykyş edip, ýeňiji bolmaklary mynasybetli döwlet Baştutanymyzy tüýs ýürekden gutlap, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Soňra wise-premýer ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Galla oragy möwsümine taýýarlyk görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri alnyp barylýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinlerine ideg etmek, bu ekinleriň irki ýetişen hasylyny ýygnap almak we ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Pile möwsüminiň çäklerinde ýüpek gurçugyna ideg etmek hem-de ýetişdirilen pile hasylyny ýygnamak işleri geçirilýär, maldarçylyk hojalyklarynda bolsa owlak-guzy, köşek almak möwsümi dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we gowaça hem-de bugdaý ekilen meýdanlarda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, galla oragy möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetini ýene-de bir gezek belledi we pile öndürmek, dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

12.05.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi

Aşgabat, 11-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikany, «PETRONAS» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy we baş ýerine ýetiriji direktory Tan Şri Tengku Muhammad Taufigi, «PETRONAS» kompaniýasynyň Baş önümçilik direktory, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, gözleg we agtaryş, özleşdirme we çykaryş bölümçesiniň baş ýerine ýetiriji direktory Mohd Jukris bin Abdul Wahaby kabul etdi.

Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Malaýziýada Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtadylar hem-de ýurdumyzda iş alyp barmagyň «PETRONAS» kompaniýasy üçin uly hormatdygyny bellediler. Dostlukly ýurduň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy pursatdan peýdalanyp, Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Soltan Ibrahimiň we Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň hormatly Prezidentimize iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz myhmanlary mähirli mübärekläp, Malaýziýanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de şu saparyň Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmekde uly ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz myhmanlaryň saparyň dowamynda geçirjek duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemekde, anyk çäreleri durmuşa geçirmekde möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Malaýziýa bilen gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk hemişe özara hormat goýmak we deňhukuklylyk esasynda alnyp barylýar. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk netijeli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýokary derejede geçirilýän duşuşyklaryň, özara saparlaryň döwletara gatnaşyklary berkitmekde möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-malaý gatnaşyklarynyň wajyp ugry bolup durýar. Türkmenistan bilen Malaýziýanyň ykdysady mümkinçiliklerinden peýdalanmakda “PETRONAS” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy. Hormatly Prezidentimiz şu ýyl ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga 30 ýyl dolýandygyna ünsi çekip, şol döwürde “PETRONAS” kompaniýasynyň Türkmenistanda uglewodorod serişdelerini çykarmak, Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşandygyny, ýurdumyzyň nebitgaz senagaty üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda üstünlikli işleri alyp barandygyny aýtdy. Malaýziýanyň wekiliýetiniň ýurdumyza şu gezekki saparynyň çäklerinde “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.” kompaniýasynyň arasynda täjirçilik şertleri barada Teswirnama gol çekilmegi meýilleşdirilýär.

Myhmanlar «PETRONAS» kompaniýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýylyň dolmagy mynasybetli hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutladylar. Olar malaý-türkmen gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini belläp, ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini bütin adamzadyň bähbidine gönükdirýändigini aýtdylar we mümkinçilikden peýdalanyp, «PETRONAS» kompaniýasynyň öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryna mundan beýläk-de ygrarly boljakdygyna ynandyrdylar.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Malaýziýa bilen däp bolan özara bähbitli gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklap, ýurdumyzyň gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Malaýziýanyň wekilleri birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, netijeli hyzmatdaşlygyň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

12.05.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy

Türkmenbaşy — Aşgabat, 9-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, paýtagtymyza ugramak üçin Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde welaýatyň sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Hoş owazly aýdym-sazlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp zähmet üstünlikleri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan giň möçberli işleri öz beýanyny tapdy.

Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň agzalary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna iş saparynyň üstünliklere beslenmegi hem-de täze “Gadamly” gury ýük gämisiniň ulanmaga berilmegi mynasybetli döwlet Baştutanymyzy we Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutladylar. Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda ýurdumyzyň sebitlerini, şol sanda Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Bu bolsa welaýatlaryň ykdysady taýdan ösüşiň täze derejesine çykmagyny, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny şertlendirýär.

Döwlet Baştutanymyz hemmelere alyp barýan jogapkärli işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden paýtagtymyza tarap ugrady. Biraz wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Balkan welaýatyna amala aşyran iş sapary ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek boýunça döwletimiz tarapyndan ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy. Hormatly Prezidentimiziň saparynyň dowamynda täze gurlan “Gadamly” gury ýük gämisiniň ilkinji halkara ýüzüşine ak pata bermegi “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirdi.

Häzirki döwürde Watanymyzyň milli deňiz flotunyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Şunda pudak üçin kämil hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalarynyň we dünýä ylmynyň täze gazananlarynyň özleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň baş şertini emele getirýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň welaýatlary boýunça amala aşyrýan iş saparlary hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşe badalga bolmak bilen bir hatarda, dürli ugurlarda täzeçil usullaryň ulanylmagyny we ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlanmagyny üpjün edýär.

11.05.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dag etekleriniň ähli ajaýyplygyny özünde jemleýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Häzirki wagtda toplumda düýpli döwrebaplaşdyrmak işleri batly depginde dowam edýär. Onuň çäklerinde ýerine ýetirilýän işleriň häzirki zaman talaplaryna, ýokary halkara görkezijilere laýyk gelmegi ugrunda edilýän tagallalar öz oňyn netijesini berýär.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň bahar paslynyň hoştap howasy bu künjege gaýtalanmajak sungat eserine çalymdaş gözellik eçilýär. Türkmen tebigatynyň her pasla mynasyp gözelligi ynsan kalbyna oňyn täsirini ýetirýär. Şu günler tutuş daş-töwerek al-ýaşyl öwüsýär.

Gahryman Arkadagymyz ir bilen Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna geldi. Bu ýerde toplumda alnyp barylýan döwrebaplaşdyryş işleriniň derejesi we gurluşyklaryň depgini barada giňişleýin maglumat berildi.

Milli Liderimiz, ilki bilen, toplumyň merkezi girelgesinde oturdylan bedew heýkelini, girelgäniň aýmançalarynyň bezeg aýratynlyklaryny we toplumyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyny synlady. “Bu ýerde alnyp barylýan işler künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen utgaşykly ýerine ýetirilmelidir, bezeg işlerinde reňkleriň sazlaşygyna, gurluşyk we bezeg serişdeleriniň hil derejesine aýratyn üns berilmelidir” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we bu babatda öz maslahatlaryny berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň çäginde ýaýbaňlandyrylan işler häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede alnyp barylýar. Toplumyň bagy-bossanlyga bürenmegi ugrunda edilýän tagallalar oňyn netijesini berýär. Munuň özi bu ýerde atşynaslar üçin bolşy ýaly, ahalteke bedewleri üçin hem amatly mümkinçilikleriň üpjün edilýändigini görkezýär.

Milli Liderimize topluma gelýän ýoly döwrebaplaşdyrmak, onuň ugrunda ýol belgilerini, degişli şekilleri ýerleşdirmek, onuň yşyklandyryş ulgamynyň aýratynlyklary, ýol gurluşygynyň häzirki zaman usullary barada maglumatlar berildi. Bellenilişi ýaly, ýoluň gurluşygy on gatlakdan ybarat bolup, olarda ulanylýan serişdeler hil derejesi, berkligi babatda ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýär. Şeýle hem ýoluň gurluşygynyň şu görnüşdäki serişdeleriniň sebitde ilkinji gezek ulanylýandygy aýdylyp, bu usulyň ýoluň berkligine bolşy ýaly, onuň gyralarynda ýagyn suwlaryny bir ýere toplamak, degişli ugra gönükdirmek ýaly mümkinçilikleri hem üpjün edýändigi nygtaldy. Munuň özi häzirki zaman ýol gurluşygynda döwrebap tejribedir.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow ýoluň germewleriniň, ýol belgileriniň we yşyklandyryş ulgamynyň döwrebap bolmalydygyna ünsi çekdi. Bu ýerde alnyp barylýan işler tassyklanan meýilnama laýyklykda batly depginde dowam etdirilmelidir. Gurluşyklaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, olaryň kesgitlenen möhletde tamamlanmagy möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy toplumyň çäginde oturdyljak monitorlary, binalaryň aýnalaryny synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy. Binalaryň içki bezeginde bolşy ýaly, olaryň daşky görnüşlerinde, toplumyň çäginde goýulýan serişdeleriň aýratynlyklarynda-da bir bitewi sazlaşyk döredilmelidir. Toplumyň çäginiň ýylyň ähli paslynda gök öwsüp durmagy ugrunda zerur tagallalar edilmelidir. Gahryman Arkadagymyz bu babatda maslahatlaryny berip, toplumyň çapuw meýdançasynyň tomaşaçylar üçin niýetlenen münberine bardy. Bu ýerde at çapyşyklaryna tomaşa edýänler üçin zerur şertleriň döredilmegine toplumlaýyn esasda çemeleşilýär. Aýratyn-da, münberiň belent mertebeli myhmanlar üçin niýetlenen otagynda döredilýän mümkinçilikler häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidir. Milli Liderimiz münberiň ähli ýerinden at çapyşyklaryny doly derejede synlamak babatda zerur şertleriň üpjün edilmelidigini, oturgyçlaryň amatlylyk derejesiniň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini belläp, munuň atçylyk sporty bilen gyzyklanýan adamlar üçin döredilýän şertleriň esasy ugurlarynyň biri bolmalydygyna ünsi çekdi.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza çapuw ýollaryna türkmen sährasynyň çägesiniň düşelýändigi, onuň ýörite garyndylar bilen utgaşygynyň atyň toýnaklary üçin ýakymlydygy, bu örtügiň uzak möhletleýin häsiýete eýedigi we bu usulyň atşynaslyk pudagynda işjeň ulanylýandygy barada habar berildi. Milli Liderimiz ahalteke bedewleriniň gadymy mekany bolan türkmen topragynyň her bir künjeginiň, howasynyň, suw we toprak serişdeleriniň atlar üçin ýaramlydygyny, muny uzak ýyllaryň tejribesiniň görkezýändigini aýdyp, türkmen tebigatynda bedewler üçin zerur bolan ähli amatlyklaryň bardygyna ünsi çekdi we bu babatda degerli maslahatlaryny berdi.

Soňra toplumyň açyk manežiniň gurluş aýratynlyklary, bu ýerde atlaryň gözellik bäsleşiklerini guramak üçin döredilen mümkinçilikler görkezildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzda atçylyk we atly sport boýunça giň möçberli halkara çäreleriň, bäsleşikleriň yzygiderli geçirilýändigini nygtap, bu ýerde gözellik bäsleşigine gatnaşýan atlary synlamak we olara baha bermek üçin mümkinçilikleriň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigini aýtdy.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän atçylyk toplumlaryny, aýlawlary häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede saklamak, olarda döredilen mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde durýar. Mälim bolşy ýaly, ahalteke atlaryna aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirmegi netijesinde Diýarymyzda atly sporty ösdürmek, arassa ganly bedewleriň baş sanyny artdyrmak, olaryň dünýädäki şöhratyny belende götermek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Şeýle hem bu ýerde ýapyk görnüşli athana bolup, onda bedewler üçin ähli amatlyklar döredilýär. Athananyň howa çalşygyny üpjün etmek, atlary iýmlemek, suwa ýakmak ýaly işler sanly ulgam arkaly amala aşyrylar. Mundan başga-da, bu ýerde atlaryň saglyk ýagdaýyna yzygiderli gözegçiligi ýola goýmaga niýetlenen enjam oturdylýar. Emeli aňyň mümkinçilikleri we sanly ulgam arkaly atlaryň saglyk ýagdaýyna degişli maglumatlar ýörite merkezde jemlener. Toplumyň çäginde döwrebap enjamlaşdyrylýan ýapyk maneže çäge düşelipdir. Hünärmeniň belleýşi ýaly, onuň çägesi aşakdan çyglylandyrylar. Bu bolsa çägäniň dykyzlygyny üpjün edip, atlar üçin amatlylygyň baş şertini emele getirer. Munuň özi ýurdumyzda atçylygy we atly sporty ösdürmek, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak ugrunda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, täzeçil tehnologiýalaryň ulanylýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Gahryman Arkadagymyz toplumyň otaglarynyň içki bezeg işlerine ünsi çekip, otaglarda ýerleşdirilýän şekilleriň görnüşleriniň onuň ähmiýetine laýyk derejede bolmalydygyny belledi. Şunda milli ýörelgeler bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylmalydyr. Şeýle-de binalaryň we otaglaryň içiniň bezeg işleri ýerine ýetirilende reňk sazlaşygyna aýratyn üns berilmelidir.

Milli Liderimiziň maslahatlaryndan ugur alnyp, manežiň gyra germewlerine maýyşgak serişdeler ornaşdyrylýar. Munuň özi çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän atlaryň toýnagyna, injiklerine zeper ýetmeginiň öňüni alýan döwrebap usuldyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy toý-baýramlaryň bezegine öwrülen ahalteke bedewleriniň halkymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýändigini, hünärine yhlasly seýisleriň tagallasy bilen dünýäde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleriniň ösdürilip ýetişdirilendigini belledi. “Häzirki döwürde dünýäniň dürli ýurtlarynda ahalteke bedewlerini saklaýan we ösdürip ýetişdirýän jemgyýetleriň, merkezleriň sany az däl. Ýöne iň arassa ganly bedewler ahalteke atlarynyň asyl mekany bolan türkmen topragynda bar” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, bedewleri saklamak, seýislemek, atly sportuň dürli görnüşlerini ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler häzirki zaman talaplaryna we umumy ykrar edilen kadalara laýyk gelmelidir. Milli Liderimiz bu babatda degişli ýolbaşçylara öz maslahatlaryny berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurluşyk we bezeg işleri boýunça häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, ylmyň soňky gazananlarynyň işjeň ulanylýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa bu ýerde ulanylýan tejribeleri özleşdirmek babatda birnäçe maslahatlary berdi. Bu bolsa Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna, dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda dowam etdirilmeginde ähmiýetlidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hemmelere kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

(TDH)

11.05.2026