Täzelikler
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

Aşgabat, 25-nji aprel (TDH). Şu gün Aşgabat atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewlerimiziň at-abraýy dünýä dolýar. Türkmen topragynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Ýurdumyzda milli atşynaslyk pudagy täze belentliklere çykarylyp, atçylyk-sport düzümlerini, atçylyk sportunyň görnüşlerini, milli atşynaslyk däplerini ösdürmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Pudagyň ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjünçiligine hem aýratyn üns berilýär. Tejribeli atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary, bu ugra degişli beýleki hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda zerur işler amala aşyrylýar.

Hususan-da, Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň açylmagy pudagyň ösüşine goşant goşmak bilen, ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrýar.

Diýarymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi dünýäniň dürli döwletleri bilen bu ugurda alnyp barylýan gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň, okuw-ylmy merkezleriň, athanalaryň gurulmagy atşynaslaryň işini döwrebap derejede guramaga ýardam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bina edilen, sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde «Akhan», «Taýçanak» binalarynyň hem-de Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň gurulmagy, şäheriň şaýollarynyň biriniň “Ahalteke atlary şaýoly” diýlip atlandyrylmagy bedewleriň halkymyzyň durmuşynda aýratyn orny eýeleýändigini subut edýär.

Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli we dünýä medeniýetiniň gymmatlygy hasaplanýan bedewlerimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýyny has-da dabaralandyrdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri halkymyzyň bedewlere goýýan sarpasyna, ýurdumyzda ahalteke atlaryny we gadymdan gelýän seýisçilik däplerini aýawly saklamak babatda uly işleriň durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.

...Baýramçylyk çäreleriniň öňüsyrasynda Aşgabat atçylyk sport toplumynyň öňünde türkmen halkynyň atşynaslyk sungatynda uly yz galdyran, halkara gözellik bäsleşikleriniň birnäçe gezek ýeňijisi bolan meşhur ahalteke bedewi Pyýadanyň heýkeliniň açylyş dabarasy boldy.

Dabara gatnaşyjylaryň çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, ahalteke atlarynyň arassa ganlylygyny saklamak, dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmak ugrunda alnyp barylýan işler öz beýanyny tapdy. Bellenilişi ýaly, wepadarlygy, owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy bilen halkymyzyň göz guwanjy, ýakyn syrdaşy bolan behişdi bedewler häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşanyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny artdyrmak, ata-babalarymyzdan miras galan milli seýisçilik sungatyny has-da kämilleşdirmek, dünýä derejesinde uly ýeňişleri gazanyp, halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen bedewleriň atlaryny ebedileşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Çykyş edenler Pyýada atly bedewiň gazanan ýeňişleriniň türkmen seýisçilik sungatynyň dünýä derejesinde uly üstünliklere eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanydygyny nygtadylar. Pyýada Aşgabat şäherinde 1998-nji, 1999-njy, 2000-nji we 2001-nji ýyllarda geçirilen ahalteke atlarynyň gözellik sergileriniň ýeňijisi, 2008-2009-njy ýyllarda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen «Türküstanyň ýyldyzy» atly gözellik bäsleşiginiň baş baýragyna mynasyp boldy. Häzirki wagtda ýazky at çapyşygy möwsüminde üçýaşar atlaryň arasynda 1 müň 800 metr aralyga geçirilýän çapyşyklaryň ýeňijilerine onuň adyny göterýän «Pyýada» baýragy gowşurylýar. Şunuň bilen baglylykda, Pyýadanyň heýkeliniň açylyş dabarasynyň ähmiýeti bellenildi. Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda açylan bu ajaýyp heýkel ildeşlerimiz üçin ajaýyp toý sowgady bolmak bilen, halkymyzyň köpasyrlyk atşynaslyk mekdebine we milli mirasymyza goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Soňra dabaraly ýagdaýda Pyýadanyň heýkeli açyldy.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratyny artdyrmak, atçylyk pudagynyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin çuňňur hoşallyklaryny bildirdiler.

Soňra baýramçylyk mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabat atçylyk sport toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary garşyladylar. Şeýle hem dabara gatnaşyjylaryň hatarynda daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, belli atşynaslar, atçylyk pudagynda zähmet çekýän hünärmenler bar.

Hormatly Prezidentimiz toplumyň baş girelgesiniň öňünde bina edilen meşhur Pyýadanyň heýkelini synlady hem-de bu ýerde medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa etdi. Çykyşlarda halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen ajaýyp ahalteke bedewleriniň waspy ýetirildi. Ýurdumyzyň Hökümet agzalary Pyýadanyň heýkeliniň açylmagy mynasybetli hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hemmelere şanly sene mynasybetli gutlaglaryny beýan edip, bu ýerde ýadygärlik surata düşdi. Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň baş binasyna tarap ugrady.

Hormatly Prezidentimiz ýolugra Arkadag we Aşgabat şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň sergi diwarlyklaryny synlady. Olarda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň ahalteke bedewleriniň keşbini çeper beýan edýän işleri, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, at esbaplary, fotosuratlar ýerleşdirilipdir. Bu eserler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň belent ruhuny şöhlelendirip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik kuwwatyny açyp görkezýär. Her bir eserde ahalteke atlarynyň halkymyzyň durmuşynda eýeleýän orny beýan edilýär. Hususan-da, bedewleri şekillendirýän surat we heýkeltaraşlyk eserlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Suratkeşler olaryň gözelligini, duýgur nazaryny, syrdam keşbini ussatlyk bilen şöhlelendiripdirler. At heýkelleri pederlerimiziň «At — myrat» diýen jümlesini aýdyň şöhlelendirýär. Munuň özi diňe bir bedewleriň gözelligine belent sarpa goýulýandygyny aňlatmak bilen çäklenmän, olara ählumumy söýginiň, milli buýsanjyň hem beýanydyr.

Milli Liderimiz “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabynda: “Ahalteke bedewleriniň dowamaty rowaç bolsun!” diýip belleýär. Bu günki gün bu sözler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuş hakykatyna öwrülýär. Ahalteke bedewine söýgi zergärçilik sungatynda-da mynasyp beýanyny tapýar. Halkymyz bedewlere hemişe buýsanypdyr, gymmat bahaly metallardan, daşlardan olar üçin bezeg esbaplaryny döredipdir, bezegler bilen baglanyşykly köp sanly däp-dessurlar emele gelipdir. Sergi bölümlerinde görkezilýän bedew esbaplarydyr bezeg şaý-sepleri ýerine ýetiriliş usullary bilen tapawutlanýar. At esbaplary türkmen halkynyň şöhratly atşynaslyk medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir. Bu nepis işler ussat türkmen zergärleriniň özboluşly döredijilik mekdebiniň bütin dünýäde deňi-taýy bolmadyk nusgadygyny tassyklaýar.

Sergi bölümlerinde Arkadag we Aşgabat şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazlary ýaňlandy. Şeýle-de bu ýerde ak öýler dikilip, halkymyzyň medeniýetini, köpugurly sungatyny, amaly-haşam, şekillendiriş sungatynyň ösüşini beýan edýän täsin gymmatlyklar toplumy görkezildi. Şolaryň hatarynda milli lybaslar, şaý-sepler, ýaşaýyş-durmuş esbaplary, sungatyň döwrebap görnüşlerine degişli eserler bar.

Aşgabat atçylyk sport toplumynyň baş binasynyň öňünde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary aýdym-sazly, tansly baýramçylyk çykyşyny ýerine ýetirdiler. Hormatly Prezidentimiz toplumyň baş binasyna bardy.

Ähli türkmen halkynyň adyndan döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda alyp barýan giň möçberli işleri, ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermäge berýän aýratyn ünsi üçin hoşallyk sözleri beýan edildi.

Atçylyk pudagyny ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda tagallalaryna çäksiz hoşallygy alamatlandyrýan ahalteke bedewlerini sowgat hökmünde kabul etmek üçin hormatly Prezidentimiz uly hormat bilen dabaralar meýdançasyna çagyryldy.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli döwlet Baştutanymyza Ahal welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Gözbaş, Balkan welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Sumbar, Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Şabat, Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Jeýhun, Mary welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Marguş, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň adyndan Nusaý, Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň adyndan Mertebeli atly ajaýyp bedewler sowgat berildi. Şol pursatlarda welaýatlara, Aşgabat, Arkadag şäherlerine wekilçilik edýän ýaş nesiller ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly waka mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny joşgunly goşgy setirleri arkaly beýan etdiler. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Gaýratly atly bedew sowgat berildi.

Soňra halypa atşynas halkymyzyň «Arkalaşan dag aşar» diýen pähiminiň bardygyny, «arkama-arka» diýen düşünjäniň bolsa nesliň dowamat-dowamlygyny, döwletlilik ýolunyň rowaçlygyny aňladýandygyny belläp, ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan Arkahan atly bedewi sowgat hökmünde kabul etmegini döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi.

Şeýle hem halypa atşynas halkymyzda “dag” diýmegiň daýanç, direg, gorag ýaly düşünjeleri aňladýandygyny aýdyp, “Gahryman Arkadagymyz, at arkasy gutly mübärek bolsun!” diýip nygtady hem-de ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan türkmen halkynyň Milli Liderine Daghan atly ahalteke bedewini gowşuryp bermegini haýyş edip, hormatly Prezidentimize ýüzlendi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz dabara gatnaşýan hormatly ýaşululara hem-de atşynaslara tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan Gahryman Arkadagymyza sowgat berlen Daghan atly bedewiň boýnuna Ogulabat enäniň örüp miras goýan alajasyny, Arkahan atly bedewiniň boýnuna bolsa käbesi Ogulgerek ejäniň ören alajasyny daňdy. Munuň özi asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Soňra bu ýerde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Atçylyk däplerini ösdürmäge, ahalteke atlarynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmaga gönükdirilen bu bäsleşik nusgalyk bedewleri hemmetaraplaýyn ösdürip ýetişdirmegiň usullaryny kämilleşdirmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Geçirilen saýlama tapgyrlaryň barşynda bäsleşigiň jemleýji tapgyryna owadan, syratly, ajaýyp atlaryň 10-sy çykaryldy.

Syn ediş meýdançasyna ahalteke atlarynyň iň naýbaşy nesil ugruny esaslandyran meşhur bedewleriň neslinden bolan, biri-birinden owadan bedewler çykaryldy. Alypbaryjy bedewleriň her biriniň ady hem-de gelip çykyşy bilen tanyşdyrdy. Olar Gojameýdan, Hankerwen, Meýdanly atly mele, Pespälli diýen gurt mele, Edermen, Pähimli, Kerwen atly dor, Adyl atly gara dor, Mekan atly gara we Merdana atly gyr atlardyr. Bu bedewleriň ählisi şöhratly nesil ugurlaryna degişli bolup, ol ýa-da beýleki tohum ugruny dowam etdirijilerdir. Şunda behişdi bedewlere sarpa goýýanlaryň köp sanlysy esasy nesil ugurlarynyň binýadyny goýan şöhratly bedewleriň häzirki nesilleriniň täsin gözelligine baha bermäge mümkinçilik aldy.

Bedewler tomaşaçylaryň öňünden ilki bezelmedik görnüşinde, soňra bolsa ussat zergärleriň taýýarlan milli şaý-sepleri bilen bezelen görnüşde geçirildi. Alypbaryjy gözellik bäsleşigine gatnaşýan atlar baradaky maglumatlary aýdyp, bedewler bilen baglanyşykly milli däpler, olaryň üýtgeşik häsiýetleri barada gürrüň berdi. Bedewlere bagyşlanan şahyrana setirler belentden ýaňlandy.

Soňra Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginiň hem-de bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginde B.Ballyýewiň hojalygyna degişli bolan Meleguş diýen at birinji orna mynasyp boldy.

Bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiginde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gudratly diýen at ýeňiji boldy. Ýeňijilere ýurdumyzyň pudak edaralarynyň baýraklary gowşuryldy.

Soňra atlaryň tebigy özüne çekijiligini, gözelligini sungat eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi. Onda haly eserini döretmek, zergärçilik, surat we heýkel eserleri, neşir önümleri, fotosurat, teleoperatorçylyk işi ýaly ugurlar boýunça iň gowy işler saýlanyp alyndy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ýeňijilere — «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy M.Annaberdiýewa «Bagtyýar» atly haly eseri; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň dizaýn kafedrasynyň mugallymy B.Amanowa «Türkmen bedewi» atly at şaý-sep toplumy; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň dizaýn kafedrasynyň mugallymy R.Kurbanowa «Toýly Watanym» atly nakgaşlyk eseri; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň mugallymy A.Mälikowa «Türkmen bedew aty Toýly» atly heýkel eseri; Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby I.Çüriýewe «Bedewim — göz guwanjym» atly foto işi; Türkmen döwlet medeniýet institutynyň operatoryň işi we montažyň režissurasy hünäriniň 4-nji ýyl talyby H.Kakabaýewe «Türkmen bedewi» atly wideoşekili üçin baýraklar gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşanlar döredijilik işlerinde gözelligiň, sazlaşygyň ýokary derejesi, täsinligiň belent nusgasy hasaplanýan bedewiň keşbine bolan garaýşyny özboluşly beýan etmäge çalşypdyrlar. Ýeňijiler döredijilik işlerine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmagyň bähbidine mundan beýläk-de ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňra ahalteke bedewleriniň arasynda «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» adyny almak ugrunda geçirilen halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi. «2026-njy ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen ada Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli, 2018-nji ýylda doglan, Hanbegler we Okgyz diýen bedewleriň nesli bolan, meşhur Gaplaňyň ugruna degişli Hankerwen diýen mele at mynasyp boldy.

Halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisine hormatly Prezidentimiziň degişli Buýrugyna laýyklykda, ak reňkli «Toyota Fortuner» kysymly ýeňil awtoulagyň açary, göçme kubok hem-de diplom gowşuryldy.

Ýeňiji bolan bedewiň seýsi gymmat bahaly baýrak, atçylyk pudagyny ösdürmäge berýän ägirt uly ünsi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ol türkmen atşynaslarynyň geljekde-de bu ugurdaky işleri mynasyp dowam etdirjekdiklerine ynandyryp, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyza ajaýyp haly eseri sowgat berildi.

Aşgabat atçylyk sport toplumynyň baş binasynyň öňünde ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar dabaranyň ajaýyp jemlenmesi boldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Şu gün Aşgabat atçylyk sport toplumynyň çäginde baýramçylyk mynasybetli toý sadakasy berildi.

Şeýlelikde, şu günki dabaralar halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen bedewleriň at-owazasyny dünýä ýaýyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň ösüşleriň täze belentliklerine bedew bady bilen okgunly öňe barýandygynyň ýene bir aýdyň nyşany boldy.

27.04.2026
Türkmenistan bilen ESKATO köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen ESKATO köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy

BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) 82-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň ESCAP-yň Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiýa Alişahbana bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ESCAP bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu hyzmatdaşlyk durnukly, netijeli we ekologik taýdan howpsuz ulag-logistika arabaglanyşygyny berkitmek boýunça utgaşdyrylan hereketleri ilerletmäge gönükdirilendir.

Taraplar köpugurly hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belläp, Türkmenistanyň 2019-njy we 2023-nji ýyllarda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça hödürlän Meýletin milli synlaryny üstünlikli taýýarlanylandygyny bellediler. ESCAP-yň 2027-nji ýyla meýilleşdirilen üçünji Meýletin milli syny taýýarlamak işinde maslahat beriş we seljeriş goldawyny bermegi dowam etdirjekdigi nygtaldy.

Türkmenistanyň ESCAP bilen hyzmatdaşlygynyň durnukly ulag, energetika, sanlylaşdyrma we söwda ýaly möhüm ugurlary öz içine alýandygy bellenildi. Bu babatda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň çäklerinde ulag geçelgelerini ösdürmek, energetika geçişi we sebit tejribesini alyşmak boýunça taslamalar işjeň durmuşa geçirilýär.

Türkmenistan-yň we ESCAP sebitiniň üstaşyr mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen iri infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi.

Taraplar Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi babatda we ekologiýa gün tertibini ilerletmekdäki işjeň ornuny hem nygtadylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini ESCAP-yň ýöriteleşdirilen instituty hökmünde döretmek baradaky başlangyjyna aýratyn ähmiýet berildi.

Hanym Alişahbana Türkmenistanyň halkara giňişligindäki işjeňligini, şol sanda Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegine ýokary baha berdi. ESCAP-yň Ýerine ýetiriji sekretarynyň 2025-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada amala aşyran saparynyň Türkmenistan bilen ESCAP-yň arasyndaky hyzmatdaşlyga goşmaça itergi berendigi bellenildi.

27.04.2026
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 24-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda degişli ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň Gümrük kodeksine, başga-da käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek, şeýle hem döwletimiziň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Daşary ýurtlar, halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer syýasatyny parlament diplomatiýasy arkaly dünýä ýaýmak maksady bilen, Mejlisiň wekilleri Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen Parlamentara Birleşigiň 152-nji Assambleýasyna, onuň çäklerinde guralan forumlara we duşuşyklara gatnaşdylar. Şeýle-de zenanlaryň jemgyýetdäki orny, olaryň durmuş kepillikleri babatda tejribe alyşmak hem-de ýurdumyzyň bu ugurda gazananlaryny paýlaşmak maksady bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň birinji mejlisine sanly ulgam arkaly gatnaşylandygy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça netijeli işleriň geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini goldamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty esasynda ýurdumyzyň ähli sebitlerini depginli ösdürmek, welaýatlarda senagat we hyzmatlar ulgamlary bilen birlikde, oba hojalyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, şäher we oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, iş üpjünçiligini has-da gowulandyrmak babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer oba hojalyk önüm öndürijilerini höweslendirmek maksady bilen, maldarçylygy, guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek we hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin zerur çäreleriň görülýändigini aýtdy hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryny ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda konserniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň, hususan-da, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak, nebiti çuňňur gaýtadan işlemek, önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak bilen bagly zerur işler amala aşyrylýar. Bu işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi önümçilik desgalaryny döwrebap enjamlar bilen üpjün etmäge, önümçilik tapgyrlaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitgaz senagatyny döwrebap derejede ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak babatda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy, Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, welaýatlarda gowaça ekişi möwsümi dowam edýär. Hususan-da, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, ilkinji hatarara bejergi işleri geçirilýär. Azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar. Mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, galla oragy möwsümine taýýarlyk işleriniň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, bugdaý ýygýan kombaýnlary taýýarlamak işleri dowam edýär. Häzirki wagtda pile öndürijiler tarapyndan agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri alnyp barylýar.

Şeýle hem wise-premýer hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň döredýän mümkinçilikleri netijesinde, asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda kemala getirilen, halkymyzyň milli buýsanjy, göz guwanjy, gymmatly baýlygy bolan ahalteke bedewleriniň şanyna bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň bellenen meýilnama laýyklykda dowam edýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmegiň, welaýatlarda gowaça ekişini bellenen möhletlerde geçirmegiň hem-de tamamlamagyň, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işlerini dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde paýtagtymyzda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Aşgabady bagy-bossanlyga öwürmek, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin has amatly şertleri döretmek, baýramçylyk çärelerine gowy taýýarlyk görmek we olary ýokary derejede geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, medeni-durmuş maksatly binalaryň daş-töwereginde, seýilgählerde, bag ekilen ýerlerde abadanlaşdyryş işleriniň alnyp barylýandygy aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň geçirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere baýramçylyk çäreleri bilen bagly paýtagtymyzda bezeg işlerini geçirmegi, abadanlaşdyrmak işlerini dowam etdirmegi we baýramçylyga gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew ýurdumyzyň dokma senagaty pudagyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu ugurdaky işleriň çäklerinde ýerli çig mal serişdelerinden daşary ýurt bazarlarynda uly isleg bildirilýän dürli görnüşli, ýokary hilli ýüň ýüplügi öndürmek üçin zerur çäreler görülýär. Munuň özi içerki bazaryň isleglerini kanagatlandyrmak bilen birlikde, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga hem ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda dokma senagatyny ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, döwrebap dokma kärhanalarynda ýokary hilli önümleriň öndürilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki dokma toplumynda täze önümçiligi işe girizmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň maý aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň Tertibi barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, geljek aýyň dowamynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýyly» diýlip yglan edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy, Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dürli çäreleriň, dabaralaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň Aşgabat, Arkadag şäherleri, Ahal we Balkan welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Türki medeniýetiň halkara guramasy bilen alnyp barylýan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde TÜRKSOÝ-yň opera günleri mynasybetli konsertiň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Konstitusiýa binasyna, Baş baýdaga gül goýmak dabarasynyň, «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde bolsa baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda şu ýylyň maý aýynda Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu sene mynasybetli watandaşlarymyzyň gahrymançylygyna goýulýan hormatyň hem-de belent sarpanyň nyşany hökmünde tutuş ýurdumyz boýunça medeni-jemgyýetçilik çäreleri guramak meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk, dostluk, watançylyk baradaky öwüt-nesihatlarynyň ähmiýetine bagyşlanan ylmy-amaly maslahatlar, uruş döwrüniň gahrymançylykly sahypalaryny şöhlelendirýän söhbetdeşlikler, aýdym-sazly duşuşyklar, sergiler, Aşgabat şäherinde “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda, welaýatlardaky söweşjeň şöhratyň mukaddes ýerlerine öwrülen ýadygärliklerde gül goýmak, uruş we zähmet weteranlaryna baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylyş dabaralary geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezen uruş we zähmet weteranlary üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere uruş weteranlaryna, uruş ýyllarynda ýurdumyzda zähmet çeken enelerimize Ýeňiş güni mynasybetli ýadygärlik sowgatlary gowşurmagy, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek hormatly Prezidentimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz köp ýyllaryň dowamynda şu sebitde ýerleşýän ýurtlar bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmak we olary dowamly berkitmek ugrunda uly işleri amala aşyrdy. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu sebitde ýerleşýän döwletler bilen özara gatnaşyklar has-da pugtalanýar. Hususan-da, Hytaý Halk Respublikasy, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy we Malaýziýa bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ulgamlaýyn giňeltmek boýunça işler yzygiderli esasda alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň häzirki zaman dünýä syýasatynda uly orun eýeleýändigini hem-de döwletimiziň olar bilen gatnaşyklaryny, Garaşsyzlyk ýyllarynda toplanan hyzmatdaşlygyň baý tejribesini göz öňünde tutup, birnäçe teklipler beýan edildi.

Döwlet Baştutanymyzyň daşary syýasatynda Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde ýerleşýän ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny nazara alyp, döwletimiziň bu sebitiň ýurtlaryndaky diplomatik wekilçiligini has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky we Malaýziýadaky ilçilerini, degişlilikde, şol bir wagtda, Maldiwler Respublikasyna we Bruneý-Darussalam Döwletine ilçi hökmünde bellemek baradaky teklip beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri, şol sanda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen diplomatik gatnaşyklary yzygiderli alyp barýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu ugurda Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlyk edilýär. Munuň özi pudaga innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda, emeli aň we maglumat-telekommunikasiýa ulgamlary babatda işleri alyp barmakda, öňdebaryjy çözgütleri ornaşdyrmakda wajyp ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga hem möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi bilen bilelikde hünär okuwyny guramak baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden bellenip geçilýändigini nygtady. “Ahalteke bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjy, gymmatly baýlygydyr. Biz geljekde hem ýurdumyzda atçylygy ösdürmek, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça alyp barýan işlerimizi dowam etdireris” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlise gatnaşyjylar hem döwlet Baştutanymyzy we Gahryman Arkadagymyzy şanly sene mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

25.04.2026
Sebitiň ekologik abadançylygynyň bähbidine dialog

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy

Astana — Aşgabat, 22-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Ozal habar berlişi ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady.

Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni Sebitleýin ekologiýa sammitiniň geçirilýän ýerine — “EXPO” halkara sergiler merkezine bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Ýokary derejeli duşuşyga köp sanly döwlet Baştutanlary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri çagyryldy.

Sammitiň öňüsyrasynda wekiliýet ýolbaşçylary “RES 2026 EXPO” halkara sergisi bilen tanyşdylar. Astana şäherinde Sebitleýin ekologiýa sammiti bilen utgaşyklylykda geçirilýän bu sergi Merkezi Aziýanyň «ýaşyl» geljeginiň tehnologik gözden geçirilişine öwrüldi. Sergi merkeziniň meýdançalary dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we innowasion kärhanalarynyň energetika geçişi üçin işläp taýýarlan çözgütleri bilen tanyşdyrýar. Eksponatlar toplumy mowzuklaýyn bölümlere bölünip, olar uglerodyň daşky gurşawa zyňyndylarynyň öňüni almakdan başlap, suwaryşyň döwrebap damjalaýyn ulgamlaryna çenli ähli ugurlary öz içine alýar. Bu meýdança diňe bir tehnologiýalary görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, ekologik jogapkärçilige gönükdirilen täze işewürlik medeniýetini hem kemala getirýär.

Türkmenistanyň «RES 2026 EXPO» halkara sergisindäki milli pawilýony döwletimiziň baý medeni mirasynyň, häzirki zaman ekologiýa ulgamynda gazanan üstünlikleriniň özboluşly sazlaşygynyň aýdyň beýanyna öwrülip, köpugurly gymmatlyklary bilen myhmanlaryň ünsüni çekýär. Ýurdumyzyň wekili belent mertebeli myhmanlary pawilýon bilen tanyşdyryp, ekspozisiýada Türkmenistanyň gaýtalanmajak tebigaty we baý medeniýeti bilen bir hatarda, ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak babatda alyp barýan işiniň esasy ugurlarynyň, bu ulgamda durmuşa geçirilýän başlangyçlaryň, maksatnamalaryň, taslamalaryň hem öz beýanyny tapýandygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan üçin ekologik abadançylyk milli rowaçlygyň we durnukly ösüşiň aýrylmaz şertidir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyz daşky gurşawy goramaga we tebigatdan rejeli peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan milli, sebit, halkara derejede ekologiýa hem-de howa wezipelerini çözmäge saldamly goşant goşýar. Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralary munuň aýdyň mysalydyr. Bu asylly çäreler esasynda dag eteklerimiz we şäherlerimiz gülzarlyga öwrülip, amatly howa gurşawy döredilýär.

Türkmenistan daşky gurşawy goramak boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşmak bilen, sebitde ekologik ýagdaýy gowulandyrmaga, howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine, topragyň ýaramazlaşmagyna garşy durmaga gönükdirilen başlangyçlar bilen çykyş edýär. Bu başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi sebit ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmäge, tehnologiýalary hem-de tejribe alyşmagy giňeltmäge ýardam berýär.

Sergi bölüminiň merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyna möhüm orun berlipdir. Şunuň bilen bir hatarda, diwarlyklarda ýurdumyzyň ekologiýa ulgamynda gazananlary giňden ýaýbaňlandyrylyp, munuň özi Türkmenistanyň ekologik abadançylygy üpjün etmek we tebigata aýawly çemeleşmek ýörelgelerine ygrarlydygyny subut edýär. Amaly-haşam sungatynyň eserleri milli pawilýonymyzyň özüne çekijiligini has-da artdyrdy.

Sergi bilen tanyşlykdan soňra, wekiliýet ýolbaşçylary “Durnukly geljek barada umumy garaýyş” mowzugynda guralýan Sebitleýin ekologiýa sammitiniň plenar mejlisiniň geçiriljek ýerine — Kongresler merkezine geldiler. Bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, plenar mejlis öz işine başlady. Çäräniň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi bilen utgaşykly geçirilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrýar. Sammitiň gün tertibine tebigy ekologik töwekgelçiliklere ykdysady taýdan durnuklylyk we uýgunlaşmak, sebitde azyk howpsuzlygy, tebigy serişdeleri durnukly dolandyrmak, howanyň hapalanmagyna garşy göreşmek, ekologiýa maksatlaryny gazanmagyň mehanizmleri, adalatly, inklýuziw geçiş, ekologiýa we sanly tejribeler bilen bagly birnäçe wajyp meseleler girizildi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew hemmeleri mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip, sammite gatnaşýandyklary üçin hoşallyk bildirdi hem-de döwlet Baştutanlarynyň, halkara guramalaryň we hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynyň bu çäräniň ähmiýetini artdyrýandygyny belledi. Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe Sebitleýin ekologiýa sammitini çagyrmak baradaky başlangyjy, bildirilen myhmansöýerlik hem-de bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin minnetdarlyk bildirdi.

“Bu forum aýratyn möhüm waka bolup durýar. Ilkinji gezek biziň ýurtlarymyz tarapyndan iň ýokary döwlet derejesinde giňeldilen ekologiýa gün tertibi toplumlaýyn, bitewi we hakyky sebit ölçeginde ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu bolsa, biziň pikirimizçe, daşky gurşawy goramagyň, howanyň üýtgemeginiň möhüm meselelerini we olar bilen bagly durmuş ugurly meseleleri çözmekde has täsirli, ulgamlaýyn, geljegi uly çemeleşmelere geçmäge ähli gatnaşyjy döwletleriň taýýardygynyň aýdyň görkezijisidir” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Türkmenistanyň şu forumy hut şeýle many-mazmunda kabul edýändigini belläp, ony ekologiýa, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ekologik ösüşiň beýleki ähmiýetli ugurlary, ykdysady, ynsanperwer, hukuk häsiýetli meseleler barada pikir alyşmak, oňyn teklipleri we başlangyçlary öňe sürmek boýunça netijeli meýdança öwürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady.

“Häzirki wagtda biziň hemmämiz çynlakaý ekologik wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Durmuşyň ähli ugurlaryna ýaramaz täsirini ýetirýän howanyň üýtgemegi bu wehimleriň esasysy bolup durýar. Biz suw serişdeleriniň azalmagynyň, topragyň ýaramazlaşmagynyň, çölleşme hadysasynyň güýçlenmeginiň, biologik köpdürlüligiň ýitirilmeginiň, ýaşaýyş üçin amatsyz bolan çäklerden göçüp gitmek hadysalarynyň artmagynyň şaýady bolýarys. Şeýle şertlerde döwletlerimiziň tagallalarynyň birleşdirilmegi, halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Biziň ýurtlarymyzyň çäklerinde BMG-niň ýöriteleşdirilen sebit merkezleriniň döredilmegi şeýle hyzmatdaşlygyň möhüm guraly bolup durýar. Türkmenistan bu sammitde howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyçlary öňe sürýär” diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we bu düzümleriň öz işini amala aşyrýan obýektlerine ýakyn ýerleşmeginiň ekologik töwekgelçiliklere we wehimlere has takyk, kämil, amaly tejribä daýanyp garşy durmaga, olaryň öňüni almagyň we ýeňip geçmegiň ýollaryny gözlemäge, milli düzümler bilen hyzmatdaşlygyň tejribesini toplamaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerini peseltmek hem-de oňa uýgunlaşmak boýunça amaly çäreleriň görülmelidigini aýratyn nygtap, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda «ýaşyl» ösüş ýörelgelerini ilerletmegiň uly ähmiýete eýedigini, ekologik taýdan durnukly ösüş we döwrebap ekologik standartlary ornaşdyrmak meseleleri babatda sebit dialogyny işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Teklip edilýän başlangyçlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin olary ilerletmegiň guralyny döretmek möhümdir. Hususan-da, öňe sürülýän teklipleri bilermenler derejesinde geçirilýän sebit we sebitara ekologiýa duşuşyklarynda, maslahatlarda deslapdan ara alyp maslahatlaşmak hem-de kämilleşdirmek maksadalaýyk hasaplanýar. Döwlet Baştutanymyz şol duşuşyklardyr maslahatlarda anyk teklipleri durmuşa geçirmegiň umumy garaýyşlary we çemeleşmeleri işlenip taýýarlanylan ýagdaýynda, diňe özara ylalaşyk gazanylandan we degişli resminamalar doly ylalaşylandan soňra ministrler derejesindäki maslahatlary çagyrmagy hem-de bu meseleleri sammitleriň gün tertibine girizmegi teklip etdi.

Hormatly Prezidentimiz serhetüsti suw serişdelerini rejeli we adalatly peýdalanmak meselesiniň aýratyn ünsi talap edýändigini aýdyp, bu meselede Türkmenistanyň resmi garaýyşlaryny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz serhetüsti derýalar we suw akymlary boýunça suw meseleleriniň şu üç esasy ýörelgäniň, hususan-da, suw meseleleri boýunça esasy konwensiýalaryň, beýleki halkara namalaryň berk berjaý edilmegi, serhetüsti derýalaryň ugrunda ýerleşýän ähli döwletleriň bähbitleriniň deň derejede göz öňünde tutulmagy, bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň giňden gatnaşmagy ýörelgeleriniň esasynda çözülmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär.

Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynda suwdan peýdalanmak meseleleri boýunça sebit geňeşini döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu geňeş suw ulgamynda tagallalary utgaşdyrýan netijeli düzüm bolup biler. Ýurdumyz, şol bir wagtyň özünde, Hazar deňzi sebitine girýän döwlet bolup, Hazar deňziniň ähli ekologik meseleleri babatda işjeň çykyş edýär. “Biz Birleşen Milletler Guramasynda Hazar ekologik başlangyjy bilen çykyş etdik, ony durmuşa geçirmegiň Konsepsiýasyny taýýarladyk we ähli Hazarýaka döwletlere iberdik. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan geçen ýylyň awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde kenarýaka döwletleriň wise-premýerleriniň derejesinde Hazar deňziniň ekologik meseleleri boýunça maslahaty gurady. Şu tejribäni dowam edip, şu ýylyň oktýabr aýynyň başynda biz nobatdaky ýokary derejeli duşuşygy geçireris. Onuň netijeleri boýunça Hazarýaka döwletleriň ekologik abadançylygy we Hazar deňzini hem-de onuň özboluşly tebigatyny gorap saklamak meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna çykarys diýip umyt edýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Aral deňzini halas etmek meselesiniň hem möhüm ähmiýetini belledi.

Hormatly Prezidentimiz şu gün Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň geçiriljekdigini nygtap, onda Araly halas etmäge gönükdirilen bilelikdäki işler boýunça zerur çözgütleriň kabul ediljekdigine ynam bildirdi.

“Sebitleýin ekologiýa forumynyň ylalaşykly çözgütleri işläp taýýarlamak üçin netijeli halkara meýdança öwrüljekdigine umyt edýäris. Taryhy we medeni ýakynlygymyz, ýurtlarymyzyň halklaryna hemişe mahsus bolan hoşniýetli goňşuçylyk, raýdaşlyk, özara goldaw bermek ruhy bizi şuňa borçlandyrýar. Şoňa görä-de, Türkmenistan hyzmatdaşlygyň bu formatynyň geljegine ýokary baha berýär. Şu gün biz öňümizdäki ulgamlaýyn işlere gowy itergi berjekdigimize umyt edýäris” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni jemledi we hemmeleri Sebitleýin ekologiýa sammitiniň öz işine başlamagy bilen gutlap, netijeli pikir alyşmalary arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiziň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.

Sammitiň netijeleri boýunça «Merkezi Aziýada ekologiýa raýdaşlygy» atly ekologiýa we durnukly ösüş babatda sebitleýin hyzmatdaşlyk hakynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Jarnamasy kabul edildi. Bu resminama sebitiň ýurtlarynyň ekologik meseleleri çözmekde raýdaşlygyny berkidip, Merkezi Aziýanyň durnukly ösüş we ekologik meseleler boýunça bilelikde hereket etmäge taýýardygyny dünýä jemgyýetçiligine äşgär edýär.

* * *

Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.

Araly halas etmegiň halkara gaznasy (AHHG) onlarça ýyllaryň dowamynda Merkezi Aziýada özboluşly syýasy meýdança we sebit ýurtlarynyň ählumumy ekologik wehimlere garşy tagallalaryny birleşdirýän ýeke-täk döwletara gurama bolup durýar. Gazna Aral deňziniň sebitinde ekologik we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak boýunça bilelikdäki hereketleri utgaşdyrmakda möhüm orny eýeleýär. Guramanyň işi diňe bir tebigy betbagtçylygyň netijelerini ýeňilleşdirmäge däl-de, eýsem, sebit howpsuzlygynyň we durnuklylygynyň esasy şertleriniň biri bolan suw serişdelerini durnukly dolandyrmagyň mehanizmlerini işläp taýýarlamaga hem gönükdirilendir.

Türkmenistan AHHG-nyň çäklerinde işjeň, döredijilikli orny eýeläp, gaznanyň hukuk we tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen anyk başlangyçlar bilen çykyş edýär. Özüniň başlyklyk eden döwründe we ondan soňky ýyllarda ýurdumyz bu düzümi institusional taýdan pugtalandyrmak, BMG-niň howandarlygynda ýöriteleşdirilen sebit düzümlerini döretmek baradaky pikiri yzygiderli öňe sürdi. Türkmenistanyň Aral meselesi boýunça syýasaty suw diplomatiýasy ýörelgelerine, suw serişdeleriniň Merkezi Aziýanyň ähli halklarynyň umumy baýlygydygyny ykrar etmäge esaslanýar. Ýurdumyzyň bu döredijilikli çemeleşmesi goňşy döwletleriň arasynda ynanyşmagy pugtalandyrmaga, ekologiýa gün tertibiniň ösüşiniň bitewi ugruny kemala getirmäge ýardam berýär.

...Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni mejlisiň geçirilýän ýeri bolan “Akorda” köşgüne geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystanyň Prezidenti mähirli garşylady. Wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikdäki surata düşmek dabarasyndan soňra, Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew mejlise gatnaşyjylary mübärekläp, häzirki şertlerde sebit hyzmatdaşlygynyň strategik ähmiýetini belledi we Aral deňzi sebitiniň ekologik abadançylygynyň gaznany esaslandyryjy ýurtlaryň azyk, energetika howpsuzlygyna gönüden-göni täsir edýändigini nygtady. Soňra mejlise gatnaşyjylara söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň başynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe bildirilen myhmansöýerlik hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu gezekki mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin minnetdarlyk bildirdi. “Biziň esasy maksadymyzyň halklarymyz üçin örän möhüm bolan wezipeleriň ikinji derejä geçirilmegine ýol bermezlikden, gaýtam, sebitde halkara hyzmatdaşlyk we utgaşdyryş gurallaryny gorap saklamakdan hem-de ösdürmekden ybaratdygyna ynanýaryn” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

“Araly halas etmek, onuň geljegi, deňziň sebitinde ýaşaýan adamlaryň ykbaly biziň mertebe işimiz, syýasy we ahlak jogapkärçiligimizdir. Şol bir wagtyň özünde ol möhüm ekologiýa, durmuş, ynsanperwer meseleleri çözmek üçin ýurtlarymyzyň hem-de halkara hyzmatdaşlarymyzyň ykdysady, maliýe, guramaçylyk serişdelerini, diplomatik tagallalaryny birleşdirmek we ulanmak babatda umumy borjumyzdyr” diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de Türkmenistanyň 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk eden döwründe gaznanyň amaly wezipelerine jogapkärçilikli we maksatnamalaýyn üns berendigini, halkara düzümler, ilkinji nobatda, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarydyr institutlary bilen özara gatnaşyklary anyklaşdyrmaga hem-de utgaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berendigini ýatlatdy.

Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça 2018-nji we 2019-njy ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalary kabul edildi. Türkmenistan ilkinji gezek «Rio+20» sammitinde beýan eden “Aral deňziniň basseýniniň ýurtlary üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny” (UN SPAS) döretmek baradaky teklibini ilerletmek bilen, 2019-njy ýylda ýurdumyz bu maksatnamanyň taslamasyny BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasyna (UN ESCAP) hödürledi. Soňra şol komissiýanyň 79-njy sessiýasynda «Aral deňziniň basseýni üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ýörite maksatnamasyny döretmegiň şertlerine garamak» atly Kararnama kabul edildi. Ýurdumyzyň işjeň gatnaşmagynda halkara düzümler bilen hyzmatdaşlykda Aral deňziniň basseýniniň ýurtlaryna kömek bermek boýunça Hereketleriň maksatnamasynyň 4-nji tapgyry (ADBM — 4) işlenip düzüldi. Sebitiň ekologik meseleleri boýunça halkara tagallalary birleşdirmek ýörelgesinden ugur alyp, Türkmenistan BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Ýakyn wagtda ol Aşgabatda öz işine başlar.

“Aral meselelerine garanymyzda, biz olary çölleşme, buzluklaryň eremegi, serhetüsti suw serişdelerini dolandyrmak we beýleki birnäçe möhüm ekologik wehimlerden aýra göz öňüne getirip bolmaz diýen ýörelgeden ugur alýarys. Biziň çuňňur ynamymyza görä, ekologik howpsuzlyk meselelerine Merkezi Aziýanyň durmuş hem-de ykdysady abadançylygyny, sebitiň ösüşiniň we rowaçlygynyň kesgitleýji şerti hökmünde ylalaşygy, hoşniýetli goňşuçylygy üpjün etmek boýunça umumy wezipäniň aýrylmaz bölegi hökmünde bitewülikde garamak zerurdyr. Hut şeýle çemeleşme ygtyýarymyzdaky ähli serişdeleri has netijeli ulanmaga, esasy ugurlarda ünsi jemlemäge mümkinçilik berer” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we ekologik wehimlere garşy milli çemeleşmeleriň sazlaşygyny üpjün etmegi, özara hyzmatdaşlygyň sebit gurallarynyň, hususan-da, daşary syýasat we pudaklaýyn edaralaryň ugry boýunça utgaşdyryjy wezipeleri ep-esli güýçlendirmegiň maksadalaýyk boljakdygyna, bu işde AHHG-nyň utgaşdyryjy ornunyň ýokarlandyrylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz AHHG-nyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri çaltlandyrmagy hem-de geljekki bilelikdäki işiň täze wezipelerini kesgitlemegi teklip etdi. Bu işi esaslandyryjy döwletleriň ählisiniň bähbitlerine laýyklykda tamamlamagy hem-de Aral deňziniň sebitiniň köp sanly meselelerini çözmek bilen bagly taslamalardyr maksatnamalary durmuşa geçirmekde halkara maliýe institutlary, donorlar bilen has işjeň hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik döretmek dogry hasaplanýar.

“Biz Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň halkara düzümler, ilkinji nobatda, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we agentlikleri bilen özara hyzmatdaşlygynyň derejesini düýpli hem-de hil taýdan ýokarlandyrmagyň zerurdygyndan ugur alýarys” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy we Türkmenistanyň dünýäde bolup geçýän üýtgeşmeleri, şol sanda geosyýasy we ykdysady häsiýetli ýagdaýlary göz öňünde tutup, Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan BMG bilen AHHG-nyň hyzmatdaşlygy baradaky Baş Assambleýanyň täze Kararnamasyny bilelikde işlemegi teklip edýändigini nygtady.

Sözüniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmäge girişmegi bilen gutlady hem-de öňde duran işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe Araly halas etmegiň halkara gaznasynda netijeli we üstünlikli başlyklyk edendigi, AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu gezekki mejlisini ýokary derejede geçirendigi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, hemmelere işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Mejlisiň netijeleri boýunça birnäçe resminama gol çekildi. Şolaryň hatarynda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Astana Beýannamasy; Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Prezidentini saýlamak hakynda AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Çözgüdi; Gazagystan Respublikasynyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň netijeleri hakynda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Çözgüdi; 26-njy marty Aral deňziniň, Amyderýanyň we Syrderýanyň halkara güni diýip yglan etmek hakynda AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Çözgüdi bar.

Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady.

Birnäçe sagatdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Gazagystana amala aşyran iş sapary köptaraply dialogy pugtalandyrmakda möhüm tapgyr bolup, ýurdumyzyň sebit hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Döwlet Baştutanymyzyň Sebitleýin ekologiýa sammitiniň işine hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmagy Türkmenistanyň umumy meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan anyk döwletara taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

23.04.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy

Arkadag şäheri, 21-nji aprel (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler we gurulýan hem-de döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň her bir güni zähmet ýeňişlerine, taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda binýat bolan “akylly” şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler hem üstünlikli dowam etdirilýär. Munuň özi dag eteginde ýerleşýän Arkadag şäheriniň gün-günden gözelleşmegini üpjün edýär.

...Ir bilen Gahryman Arkadagymyz türkmen topragynyň ajaýyp künjeginde ýerleşýän döwrebap şäherdäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen we durky düýpli döwrebaplaşdyrylýan mekdebiň çäginde alnyp barylýan işler bilen tanyşmak üçin bu ýere geldi. Döwrebaplaşdyryş işleri batly depginde dowam edýän mekdebiň ýanynda Milli Liderimiz mähirli garşylanyldy. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa mekdebi döwrebaplaşdyrmak işleriniň gaznanyň hemaýat bermeginde alnyp barylýandygy barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy daşary ýurt dillerini öwredýän ýöriteleşdirilen mekdebiň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagy, lingafon otaglarynyň, beýleki okuw otaglarynyň ýokary halkara görkezijilere laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunda dünýäniň ösen tejribesiniň, häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň talabalaýyk özleşdirilmegi möhüm wezipe bolup durýar. “Şeýle hem bu ýerde ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek üçin dürli gurnaklaryň işi ýola goýulmalydyr. Bu bolsa mekdepde bilim alýan çagalaryň daşary ýurt dillerini çuňňur özleşdirmekleri bilen bir hatarda, islän hünäriniň eýesi bolmagynda-da ähmiýetlidir” diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady we bu babatda degişli ýolbaşçylara öz maslahatlaryny berdi. Munuň özi türkmen ýaşlarynyň dil öwrenmegi, dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagy bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmegine täsirini ýetirer. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde açyk we ýapyk görnüşli stadionlaryň bolmagy wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendir. Olarda ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri, aýratyn-da, ýeňil atletikanyň ähli ugurlary bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertler döredilmelidir.

“Mekdebiň ýanynda 320 orunlyk çagalar bagynyň bolmagy onda terbiýelenýän çagalaryň döwrebaplaşdyrylan mekdepde bilim-terbiýe alyp, ýokary hünärli ýaşlar bolup ýetişmeklerini üpjün edýän topluma öwrüler. Bu bolsa ýurdumyzyň ýaşlarynyň sagdyn bedenli we hemmetaraplaýyn bilimli bolmagyna giň ýol açar” diýip, Milli Liderimiz aýtdy hem-de bu ýerde ene-atalar üçin zerur mümkinçilikleri özünde jemleýän otagyň döredilmelidigine ünsi çekdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde meýilleşdirilen gurluşyk we guramaçylyk işleriniň kesgitlenen kadalara laýyklykda alnyp barylmalydygyny nygtady.

Soňra Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz “akylly” şäheriň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan gurluşyk işlerine, döwrebap binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli şekil taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň ozal beren maslahatlaryndan ugur alnyp, şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik, medeni-durmuş maksatly binalaryň taýýarlanylan şekil taslamalary barada giňişleýin maglumat berdiler. Hususan-da, Arkadag şäheriniň önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalarynyň, şäheriň Arkadag merkeziniň binasynyň içki bezeginde ulanylýan serişdeler, desgalaryň iş otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly şekil taslamalary, binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Täze şäheriň Gün elektrik bekediniň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada maglumat berildi.

Hormatly Arkadagymyz görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. “Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalaryň her biriniň özboluşly bezeg aýratynlyklary bolmalydyr. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň bekedinde häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ulanylmagyna zerur üns berilmelidir. Arkadag merkeziniň otaglarynyň, mejlisler, duşuşyklar zallarynyň enjamlaşdyrylyşyna ösen tejribelere laýyklykda çemeleşilmelidir. Şunda döwrebaplyk, amatlylyk reňkleriň sazlaşygy bilen utgaşmalydyr” diýip, Milli Liderimiz belledi we bu babatda öz maslahatlaryny berdi.

“Täze merkeziň içki we daşky bezeg işleri, otaglarynyň ýagtylyk derejesi häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidir. Şol bir wagtyň özünde binanyň yşyklandyryş ulgamy döwrebap bolmalydyr. Munuň özi möhüm binanyň agşamky görnüşleriniň gözelligini üpjün eder” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýratyn nygtady. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy önümçilik, durmuş maksatly binalarda bolşy ýaly, şäheriň edara ediş desgalarynda-da enjamlaşdyrylyş işleriniň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini, olarda degişli işleri, duşuşyklary geçirmek, žurnalistleriň sazlaşykly işini üpjün etmek üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belledi. Milli Liderimiz ýurdumyzda halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden milli binagärlik ýörelgeleriniň nusgalyk mekdebiniň kemala gelendigine ünsi çekip, täze şäheriň gurluşygynda nusgalyk ýörelgeleriň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy.

Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda şäheri ösdürmegiň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, dürli maksatly binalaryň gurluşyklarynyň depginlerini ýokarlandyrmak, olara sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

D.Orazow häzirki döwürde Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň gurluşyk işleriniň depgini, Ahalteke atlary şaýolunyň gurluşygynyň barşy barada maglumat berdi.

Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde şäheriň gurluşyklarynyň depgininiň haýaldygyny we ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hil derejesine laýyk gelmeýändigini belläp, bu ýerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna nägilelik bildirdi hem-de kemçilikleriň gysga wagtda düzedilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. “Aýratyn-da, şäheriň esasy şaýoly bolan Ahalteke atlary şaýolunyň gurluşygynyň depgini güýçlendirilmelidir we bu ýol tiz wagtda açylyp ulanmaga berilmelidir” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady hem-de ähli meýilleşdirilen işleriň depgininiň we hil derejesiniň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygy babatda degişli maslahatlaryny berdi.

Gurluşyklarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, dürli maksatly desgalaryň kesgitlenen möhletlerde ulanmaga berilmegi häzirki döwrüň möhüm wezipesi hökmünde kesgitlenendir. Şunda binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna, şäherde ýokary ekologik ýagdaýyň saklanylmagyna zerur ähmiýet berilmelidir. Gahryman Arkadagymyz “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda ähli tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde bu ýerde Türkmen bedewiniň milli baýramyny ýokary derejede bellemek ugrunda alnyp barylýan işler, şanly sene mynasybetli şäher ilatyny täze ýaşaýyş jaýlaryna göçürip getirmäge görülýän taýýarlyk barada maglumat berdi. Şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilýän günlerinde Arkadag şäheriniň ýörite sergisiniň guralmagy meýilleşdirildi.

Milli Liderimiz Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda uly dabaralara beslenmelidigini, baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi. Şanly sene mynasybetli bagtyýar maşgalalara täze jaýlaryň açarlarynyň gowşurylmagy goşa baýrama öwrüler. Ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda türkmen atşynaslygynyň milli ýörelgelerini giňden wasp edýän telegepleşikleriň taýýarlanylmagy, oňa Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň işjeň gatnaşmagy ugrunda zerur tagallalar edilmelidir.

Taryhy maglumatlaryň ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratynyň hemişe belentde bolandygyny alamatlandyrýan wakalary beýan edýändigini belläp, Gahryman Arkadagymyz 1935-nji ýylda Aşgabat — Moskwa atly ýörişiniň geçirilendigini we şonda 4 müň 300 kilometrlik menziliň kesgitlenen möhletinden üç gün öň, ýagny 84 günde geçilmeginiň ahalteke bedewleriniň dürli şertlere çydamlydygyny äleme äşgär edendigini aýtdy. Munuň özi dünýä derejesinde nusgalyk wakadyr.

Milli Liderimiz öz çägini barha giňeldýän täze şäherde geljekde oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň gurluşygynyň meýilleşdirilýändigini we bu ugra degişli meseleleriň içgin öwrenilýändigini belläp, bu işleriň Arkadag şäheriniň medeni-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagynda ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ähli meýilleşdirilen işleri ýokary hilli alyp barmakda hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

22.04.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy

Aşgabat — Astana, 21-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady.

Hormatly Prezidentimiz Gazagystana ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Sebitiň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda sebitiň ekologiýa meselelerini çözmek boýunça tagallalary birleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistan sebit gün tertibinde ileri tutulýan meseleleriň çözgüdini işläp taýýarlamakda jogapkärli orny eýelemek bilen, umumy bähbitlere laýyk gelýän anyk başlangyçlary öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Merkezi Aziýa babatda BMG-niň maksatlaýyn ekologiýa strategiýasyny taýýarlamak başlangyjyny öňe sürendigini bellemek gerek.

Türkmenistan durnukly ykdysady ösüşi daşky gurşawy goramak syýasaty bilen utgaşykly alyp barýar. Ýurdumyz milli ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmagy göz öňünde tutýan howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýany üstünlikli durmuşa geçirýär. Türkmenistan howanyň üýtgemegi ýaly wajyp ugurda Birleşen Milletler Guramasy we beýleki iri halkara düzümler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. BMG-niň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulan Türkmenistanyň ýokary derejeli forumlarda öňe sürýän başlangyçlary halkara bileleşigiň giň goldawyna eýe bolýar. Şolaryň hatarynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek, BMG-niň Suw strategiýasyny, BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, Hazar deňziniň ekologik abadançylygyny gorap saklamak boýunça başlangyçlar bar.

Aral meselesi sebitara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýar. Türkmenistan sebitde suw diplomatiýasynyň ilerledilmegine aýratyn üns berýär. Şu maksat bilen, ýurdumyz Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň dowamynda Merkezi Aziýa Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjyny öňe sürdi. Türkmenistan Aral meselesiniň has anyk we giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylmagy, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynyň esasynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işini goldamak boýunça çäreleri işläp taýýarlamak ugrunda çykyş edýär.

Umuman, Türkmenistanyň öňe sürýän ekologiýa başlangyçlary BMG-niň möhüm maksatlary we wezipeleri, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça wezipeler bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

...Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Astananyň sammite gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow hem-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary dowam edýär.

22.04.2026
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 20-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek üçin şu günler ak ekin meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda welaýatda gowaça ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi bellenen agrotehniki möhletlerde tamamlamak ugrunda zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri geçirilýär. Ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri dowam edýär. Sebitde pile öndürmek möwsümini üstünlikli tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle hem howanyň gyzmagy bilen baglylykda, welaýatyň çägindäki öri we ekin meýdanlarynda, dag eteklerinde, tokaý-seýilgäh zolaklarynda, awtomobil, demir ýollaryň gyralarynda ýangynyň döremegine garşy arassaçylyk işleri geçirilýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça ekişini ýokary hilli geçirmek we öz wagtynda tamamlamak, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alyp barmak bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Sebitde gowaça ekişi dowam edip, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatda pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam etdirilýär. Howanyň gyzmagy bilen baglylykda, öri meýdanlarda, daglyk, tokaý we düzlük ýerlerde ýangynyň döremegine garşy sürüm işleri geçirilýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça ekişiniň, bugdaýa we ýazlyk ekinlere ideg işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belläp, häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişini ýokary hilli we bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar. Welaýatda pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli işler dowam edýär. Howanyň gyzmagy bilen baglylykda, welaýatyň çägindäki tokaý zolaklarynda, öri we sähra meýdanlarynda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek üçin sürüm işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we önümçiligiň ähli tapgyrlarynda bellenen agrotehniki kadalaryň berjaý edilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Welaýatda gowaça ekişi dowam edip, ekişde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinlerine ideg işleri dowam edýär. Welaýatda pile öndürmek boýunça meýilnamany üstünlikli berjaý etmek maksady bilen degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň tokaý zolaklaryny, öri we ekin meýdanlaryny ýangyndan goramak üçin degişli çäklerde sürüm işleri geçirilýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagyny ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi hem-de häkime bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenen wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň ähmiýetini belläp, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, suw tutmak işleri geçirilýär. Gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär. Welaýatda pile öndürmek möwsümi dowam edip, häzirki wagtda ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. Howanyň gyzmagy bilen baglylykda, sebitiň çägindäki tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda, awtomobil, demir ýollaryň gyralarynda ýangyn howpunyň öňüni almak üçin sürüm hem-de arassaçylyk işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň wajyp talap bolup durýandygyny belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Sebitlerde gowaça ekişi guramaçylykly dowam edip, ekişde oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri geçirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň dokma kärhanalaryny çig mal bilen üpjün etmek maksady bilen, häzirki wagtda ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär. Wise-premýer howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangyn döremeginiň öňüni almak ugrunda görülýän çäreler barada-da hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işlerde agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň, önümçilige innowasion usullaryň ornaşdyrylmagynyň, bu işlerde kuwwatly, döwrebap tehnikalaryň doly güýjünde işledilmeginiň ekinlerden bol hasyl almak bilen bir hatarda, ýer-suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmaga, pudagy durnukly ösdürmäge hem ýardam berýändigini belledi hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlaryndaky işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça ekişiniň öz wagtynda geçirilmeginiň, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg işleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan kadalara laýyklykda alnyp barylmagynyň möhümdigini aýtdy we bu işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangyn döremeginiň öňüni almak üçin ýangyn howpsuzlygy kadalarynyň berk berjaý edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

21.04.2026
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 18-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak maksady bilen, Mejlisde degişli işler alnyp barylýar. Taýýarlanylan kanun taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin şu ýylyň 11-nji aprelinde Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň on ikinji maslahaty geçirildi. Maslahatda ýurdumyzda adam hukuklaryny we azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy, buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy, balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, migrasiýa babatda hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek bilen baglanyşykly birnäçe kanun taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de kabul edildi. Häzirki wagtda Mejlisde ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan tekliplere seljerme geçirilip, ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär.

Daşary döwletler we halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Mejlisiň wekilleriniň Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmek boýunça üçünji sebitleýin parlamentara dialogyň işine gatnaşandyklary bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz döwrüň talap edýän täze kanun taslamalaryny taýýarlamak we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow banklaryň maliýe hasabatlaryna audit barlaglaryny geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Karz edaralary we bank işi hakynda”, “Auditorçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasy hakynda Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň bank edaralarynda her ýyllyk maliýe hasabatlaryna halkara standartlar esasynda audit barlaglaryny geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bank ulgamynyň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bank edaralarynyň maliýe hasabatlaryna audit barlaglaryny geçirmek boýunça taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Galkynyşgaz” döwlet kärhanasyny döretmek hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, konsern bu tapgyryň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak we doly taýýar edip gurmak barada Hytaýyň “СNPС Amudarya Petroleum Сompany Ltd.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga berildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimize hem-de Milli Liderimize nebitgaz toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bellenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, taslamanyň durmuşa geçirilişine gözegçiligi güýçlendirmek we potratçy bilen işleri utgaşykly alyp barmak, desgany doly işe girizmek, geljekde ony dolandyrmak maksady bilen, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berilmeginiň taryhy waka bolandygyny aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz nebitgaz pudagynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda Karara gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekişini bellenen möhletlerde geçirmek maksady bilen, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda ilkinji hatarara bejergi işlerini geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam edýär. Ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla oragy möwsümine görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, bugdaý ýygýan kombaýnlary möwsüme taýýarlamak işleri geçirilýär.

Pile öndürijiler tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak, suw hojalyk desgalaryny abatlamak babatda degişli işler dowam edýär. Şeýle-de Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, welaýatlarda gowaça ekişini bellenen möhletlerde geçirmegiň, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere Türkmen bedewiniň milli baýramyny ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, bu ulgamy kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Munuň özi gurluşyk ulgamyndaky işlere ylmy esasda çemeleşmäge, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk-gurnama, durkuny täzelemek we düýpli abatlamak işlerini döwrüň talabyna laýyklykda dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz gurluşykda täze milli çykdajy-ölçeg binýadyny ulanyşa girizmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürlik maslahatyny we sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu çärelere gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça döwlet edaralarynyň, guramalarynyň, dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň 80-den gowragy hasaba alyndy hem-de gatnaşyjylary hasaba almak işi dowam edýär. Sergä gatnaşjak hytaý kompaniýalary, esasan, maşyngurluşyk, tehnologik enjamlaryň we tehniki serişdeleriň önümçiligi, nebitgaz, energetika, himiýa senagaty, gurluşyk, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, ulag we logistika, sanly ulgamlar, internet hyzmatlary, elektron senagat ýaly ugurlarda iş alyp barýarlar.

Türkmenistan tarapyndan işewürlik maslahatyna we ikitaraplaýyn duşuşyklara degişli ugurlar boýunça ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Forumyň çäklerinde iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmen-hytaý işewürlik maslahatyna we sergisine gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa ýurdumyzda Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň işine işjeň gatnaşýar. Umumy maddy we medeni gymmatlyklary goramak, ösdürmek, olary geljek nesillere ýetirmek işinde türki halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda iş alyp barýan bu gurama belli şahsyýetleriň —akyldarlaryň, ýazyjylaryň, şahyrlaryň mirasyny wagyz etmekde aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer bu gurama bilen medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde şu ýylyň maýynda Aşgabatda türkmen kompozitory Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan opera konsertini hem-de TÜRKSOÝ-yň opera günlerini ýokary derejede geçirmek boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyz bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňden ösdürilýändigini, bilelikdäki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Aşgabat şäherinde türkmen kompozitory Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan opera konsertine hem-de TÜRKSOÝ-yň opera günlerine gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen her ýylyň tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň Gökderede, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatlarda hereket edýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç almaklary, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer häzirki wagtda möwsümi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ýerine ýetirilýän taýýarlyk işleri barada aýtdy we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, saglygyny berkidip, gowy dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatlardaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzyň awtomobil ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen zerur işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň satyn alyp berýän täze, döwrebap awtobuslary, beýleki awtoulag serişdeleri paýtagtymyzda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ilata netijeli hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ilata amala aşyrylýan ulag hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen taýýarlanylan teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň awtomobil ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny, bu ugurda ilata edilýän hyzmatlaryň hiliniň yzygiderli ýokarlanýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýolagçy gatnawyny kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

20.04.2026
Türkmenistan — Hytaý: energetika hyzmatdaşlygynda täze tapgyr

Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar

Aşgabat — Mary — Aşgabat, 17-nji aprel (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurmak we ulanyş guýularyny burawlamak işlerine badalga bermek dabarasy geçirildi.

Ir bilen Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerden türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary Mary welaýatyna tarap ugur aldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň energetika syýasaty diňe bir eksportyň möçberini artdyrmaga däl, eýsem, ýangyç-energetika toplumyny tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmaga hem gönükdirilendir. Döwletimiz energetika ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, tutuş Ýewraziýa giňişliginde energetika howpsuzlygyny üpjün edýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ornuny has-da pugtalandyrýar. Ägirt uly gaz känleriniň yzygiderli özleşdirilmegi, uglewodorod serişdelerini çuňňur gaýtadan işlemegiň innowasion usullarynyň ornaşdyrylmagy esasynda Türkmenistan çig maly eksport edijiden ýokary goşulan bahaly önümleri öndürýän ýurda öwrülýär.

Häzirki zaman dünýäsinde ekologik standartlara ygrarlylyga we «ýaşyl» diplomatiýanyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça döwrebap tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy, gaz akdyryjy ulgamlaryň kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň ekologiýa meselesine jogapkärçilikli çemeleşýändigini aýdyň görkezýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň amala aşyrylmagy we gaz eksportynyň Gündogar ugrunyň giňeldilmegi esasynda Türkmenistan Gündogar bilen Günbataryň arasynda baglanyşdyryjy halka hökmünde çykyş edip, sebitiň uzak möhletleýin ykdysady abadançylygy üçin berk binýady döredýär. Bu gün bolsa «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga badalga berilýär. Şu ýylyň martynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) arasynda dördünji tapgyryň desgalaryny taslamalaşdyrmak we gurup ulanmaga bermek barada şertnama baglaşyldy. Bu tapgyr ýylda goşmaça 10 milliard kub metr gazy taýýarlamaga mümkinçilik berip, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini has-da giňelder.

«Galkynyş» käninden alynýan gazyň eksport ugurlarynyň hatarynda Hytaý esasy orunlaryň birini eýeleýär. Häzirki wagtda mawy ýangyç Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň üç ugrunyň üsti bilen iberilýär. Käniň serişde binýady gaz geçirijiniň dördünji ugruny (D ugry) gurmak üçin hem esasy şert bolup durýar. Bu bolsa Hytaýa iberilýän gazyň mukdaryny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. Gaz çykarmagyň tehnologik taýdan kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň ekologiýa syýasaty bilen utgaşykly alnyp barylýar. Käniň çäginde «ýaşyl» başlangyçlar işjeň ornaşdyrylýar. Hünärmenler önümçilik meýdançalarynyň töwereginde çägä garşy berkitme işlerini geçirýärler we ösümlik dünýäsini baýlaşdyrýarlar. Munuň özi tozanly ýelleriň enjamlaryň işine ýetirýän täsirini azaltmaga ýardam edýär.

«Galkynyş» gaz käni milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary üçin itergi beriji güýç bolup çykyş edýär. Känleriň we gaýtadan işleýän desgalaryň töwereginde ösen ulag, durmuş infrastrukturasy kemala gelýär. Işgärler üçin döwrebap ýaşaýyş toplumlary, ýollar, suw üpjünçilik ulgamlary gurlup, tutuş Mary welaýatynyň senagat taýdan ösüşine goşant goşulýar. «Galkynyş» — bu diňe bir gaz käni bolman, eýsem, döwletimiziň energetika garaşsyzlygyny onlarça ýyllar öňünden kepillendirýän strategik serişdedir. Onuň yzygiderli özleşdirilmegi ýurdumyzyň senagatlaşdyrylmagy we dünýäniň iri gaz döwleti hökmünde ornunyň pugtalandyrylmagy üçin täze gözýetimleri açýar.

...Biraz wagtdan Gahryman Arkadagymyzyň uçary Mary şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Soňra Milli Liderimiz dikuçarda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çägindäki «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek işlerine badalga bermek dabarasynyň geçiriljek ýerine bardy.

Şeýle hem Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň uçary Mary şäheriniň Halkara howa menziline gondy we bu ýerden dabaranyň geçirilýän ýerine ugrady. Dabaranyň geçirilýän ýerinde uly ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hytaý wekiliýetiniň ýolbaşçysyny mähirli garşylady hem-de onuň bilen bilelikde türkmen-hytaý aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdi. Dabaranyň geçirilýän ýeriniň esasy girelgesiniň öňünde milli lybasly çagalar Gahryman Arkadagymyzy hem-de Din Sýuesýany türkmen-hytaý dostlugy baradaky goşgular bilen garşyladylar. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri we belent mertebeli myhman bagtyýar nesiller bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdüler hem-de dabaraly çäräniň geçiriljek binasyna tarap ugradylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de hytaý wekiliýetiniň ýolbaşçysy ýolugra halkymyzyň taryhyny we medeniýetini giňden beýan edýän amaly-haşam sungatynyň eserlerini, asyrlar aşyp gelýän milli däplerimiziň ajaýyp nusgalaryny synladylar.

Sergide görkezilen gymmatlyklar, milli lybaslar, şaý-sepler, surat eserleri Türkmenistanyň taryhyna, häzirki döwürde ýeten derejesine, türkmen halkynyň döreden milli gymmatlyklaryna göz ýetirmäge, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Gözelligi, nepisligi, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary jemlenendir. Türkmen halyçy zenanlary öz işlerinde mähriban tebigatymyzyň gaýtalanmajak öwüşginlerini, ady rowaýata öwrülen bedewleri şekillendiripdirler.

Soňra Gahryman Arkadagymyz we Din Sýuesýan şu günki dabara mynasybetli guralan sergi bilen tanyşdylar.

Sergide her ýylda harytlyk gazyň 10 milliard kub metrini öndürmäge niýetlenen zawodyň şekil taslamasy görkezilýär. Tehnologik ulgamlaryň her biri çig maly kömürturşy gazyndan we kükürtli wodoroddan arassalaýan, suwuklyklary aýyrýan, tehniki kükürdi öndürýän desgalardan ybaratdyr. Şeýle hem bu ýerde guýulary burawlamakda ulanylýan enjamlar görkezilýär. Bu enjamlar buraw guýularynyň giňişlikde takyk ýerleşişini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň goldaw bermeginde satyn alnan döwrebap geofiziki abzallar görkezilýär. Olar “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynda geofiziki işler geçirilende ulanylar. Şeýle hem sergide 3D robotlaşdyrylan kebşirleýji enjam, awtomatlaşdyrylan robot gözegçisi, guýularyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin niýetlenen enjamlar toplumy we dürli himiki serişdeler görkezilýär.

Soňra Gahryman Arkadagymyz we myhman bu ýerde “Galkynyşyň” dördünji tapgyryny özleşdirmek işlerinde ulanyljak ýöriteleşdirilen awtoulaglary, kuwwatly tehnikalary synladylar. Bu ýöriteleşdirilen tehnikalar häzirki zaman innowasion tehnologiýalarynyň ornaşdyrylandygy bilen tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şeýle döwrebap tehnikalaryň satyn alnyp berilmegi işleriň hiliniň ýokary derejesini üpjün eder.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Din Sýuesýan dabara mynasybetli ýörite gurnalan mejlisler zalyna bardylar. Ilki bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi.

Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, häzirki döwürde eziz Diýarymyzyň her bir gününiň şanly wakalara beslenýändigini, şu gün hem ýurdumyzyň gaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm bolan ýene-de bir tutumly işe — «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berilýändigini belledi.

“Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ykdysadyýetimizi ösdürmek, onuň pudaklaryna innowasiýalary ornaşdyrmak işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Döwrebap senagat önümçiliklerini döretmek boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu özgertmeler daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge giň ýol açýar. Hususan-da, nebitgaz toplumyny netijeli we düýpli ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Biz ýangyç-energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmäge aýratyn üns berýäris. Bu pudaga uly möçberde maýa goýumlary goýýarys. Bu serişdeler pudagy yzygiderli ösdürmäge, nebitgaz kärhanalaryny döwrebap enjamlaşdyrmaga niýetlenendir. Şeýle hem olar geologiýa-gözleg we buraw işlerini üstünlikli amala aşyrmaga, täze nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmäge gönükdirilendir” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi we döwletimiziň diwersifikasiýa syýasaty esasynda energetika bazarlaryny tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmek baradaky teklipleri yzygiderli öňe sürüp gelýändigini, döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmek, daşky gurşawy gorap saklamak, ekologik taýdan arassa energiýany ulanmaga geçmek boýunça özara bähbitli başlangyçlar bilen çykyş edýändigini nygtady.

Çykyşda bellenilişi ýaly, berkarar Watanymyzyň örän baý nebitgaz serişdeleriniň diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem bähbidine netijeli ulanylmagy döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan durmuşyny yzygiderli ýokarlandyrmaga hyzmat edýär. Durmuşa geçirilýän giň möçberli maýa goýum taslamalary hem özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berýär.

“Hytaý Halk Respublikasy Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden başlap Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan döwletleriň biridir. Türkmenistan Hytaý bilen döwletara gatnaşyklary ösdürmäge we pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýär” diýip, Milli Liderimiz aýtdy hem-de ýakynda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmekde wajyp ähmiýetine ünsi çekdi. Saparyň dowamynda netijeli duşuşyklar geçirilip, möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk, aýratyn-da, «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça hem netijeli gepleşikler geçirildi.

“Özara gatnaşyklarymyzda we ykdysady hyzmatdaşlykda dostlukly Hytaý Halk Respublikasy bilen bilelikde amala aşyrýan işlerimiz örän uly ähmiýete eýedir. Biziň Hytaý bilen durmuşa geçirýän bilelikdäki giň gerimli taslamalarymyz iki döwletiň geljege ynamly garaýandygynyň aýdyň güwäsidir. Bu işler geljekde uzak möhletli ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýratyn bellemek isleýärin. Bu mümkinçilikleri netijeli ulanmak diňe bir iki döwletiň bähbitlerine däl-de, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitini ösdürmegiň maksatlaryna hem doly laýyk gelýär. Şoňa görä-de, ýurdumyz Hytaýa öz strategik hyzmatdaşy, şol sanda nebitgaz pudagynda esasy hyzmatdaşy hökmünde garaýar” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.

2009-njy ýylda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlygymyzy has-da berkiden taryhy wakalaryň biri boldy. Indi 17 ýyla golaý wagt bäri bu gaz geçiriji arkaly eksport edilýän türkmen mawy ýangyjy dostlukly ýurduň ykdysadyýetini ösdürmäge uly goşant goşýar.

Gahryman Arkadagymyz döwletimiziň eksport mümkinçilikleriniň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini, dürli ugurlar boýunça turba geçirijiler ulgamynyň döredilmegini ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezip, dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmeginiň döwletimiziň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde, eksporta niýetlenen çig mal binýadyny berkitmekde uly ähmiýete eýedigini belledi. Ýurdumyzyň Mary welaýatynyň günortasynda ýerleşýän bu gaz käni Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen geologlarynyň iň uly açyşlarynyň biri boldy.

“Biz «Galkynyş» gaz känini toplumlaýyn özleşdirmäge 2009-njy ýylyň dekabrynda girişdik. 2013-nji ýylda biz Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy hormatly jenap Si Szinpiniň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz käninde harytlyk gazy taýýarlamak boýunça zawodlar toplumyny dabaraly açyp ulanmaga berdik. Şu gün bolsa biz «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desganyň we şol möçberdäki gazy çykarmaga niýetlenen guýularyň gurluşygyna badalga berýäris. Bu işler «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy esasynda, baş potratçy bolup çykyş edýän Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy tarapyndan ýerine ýetiriler” diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Bu taryhy taslamany durmuşa geçirmegiň barşynda gaz guýularynyň gurluşygyndan başlap, gaz ýygnaýjy, gaz arassalaýjy we gazy gaýtadan işleýän desgalaryň, gaz geçirijileriň, daşky eltiji ulgamlaryň, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy amala aşyrylar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, 1 müň 41 sany täze iş orny dörediler. Täze guruljak desgalar mawy ýangyjyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça oňaýly şertleri döreder. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň ýurdumyzda alyp barýan işlerine yzygiderli goldaw bermegiň, hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň geljekde hem dowam etdiriljekdigini nygtady.

Çykyşynyň ahyrynda Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylaryň ählisini «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra çykyş etmek üçin Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýana söz berildi.

Myhman Gahryman Arkadagymyzy hem-de dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, häzirki wagtda “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berilýändigini belledi. Bu möhüm taslama Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda, şol sanda iki ýurduň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ähmiýetli wakadyr.

Din Sýuesýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu günki dabara gatnaşmagynyň ähmiýetini nygtap, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň we Hytaýyň Hökümetiniň adyndan “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, iki dostlukly ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň tagallalary esasynda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda, beýleki ugurlar bilen bir hatarda, tebigy gaz pudagyndaky hyzmatdaşlykda-da ýokary netijeler gazanyldy. 13 ýyl mundan ozal Başlyk Si Szinpiniň we Gahryman Arkadagyň gatnaşmagynda “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäklerinde zawodlar toplumy ulanmaga berildi. Bu taryhy waka iki ýurduň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygyna güýçli itergi berdi. Din Sýuesýan şu gün badalga berilýän bu möhüm taslamanyň iki ýurduň halklarynyň umumy bähbitlerine hyzmat etjekdigini hem-de tebigy gaz pudagyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarjakdygyny aýtdy.

Myhmanyň bellemegine görä, Gündogar müçenamasy boýunça şu ýylyň ýylky ýylydygy, şeýle hem Türkmenistanda 2026-njy ýylyň şygarynyň bedew bilen baglanyşyklydygy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Munuň özi halklarymyzy umumy gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygyny alamatlandyrýar. Çykyşynyň ahyrynda myhman Hytaýyň Türkmenistan bilen dürli ugurlardaky netijeli hyzmatdaşlygy, iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň we sebitde durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň bähbidine gatnaşyklary yzygiderli çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny tassyklap, “Galkynyş” gaz käniniň nobatdaky tapgyrynyň işine üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilişiniň taryhy tapgyrlary we ýurdumyzyň nebitgaz senagatynda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi. Wideoşekiller tamamlanandan soňra, türkmen we hytaý hünärmenleri sanly ulgam arkaly Gahryman Arkadagymyzdan «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň ilkinji gaz guýusynyň buraw işlerine ak pata bermegini uly hormat bilen haýyş etdiler.

Milli Liderimiziň ak pata bermegi esasynda buraw desgasy işe başlady.

Soňra ýaş nesliň wekilleri Gahryman Arkadagymyzdan we Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýandan täze desganyň düýbüniň tutulyş dabarasynyň ýadygärlik sene ýazgysyny galdyryp bermegi haýyş etdiler.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we hytaý wekiliýetiniň ýolbaşçysy bilelikde desganyň düýbüni tutmak üçin taýýarlanan ýere bardylar. Bu ýerde milli lybasly çagalar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyndan we hormatly myhmandan desganyň düýbüni tutup bermeklerini haýyş etdiler.

Gahryman Arkadagymyz we hormatly myhman ýadygärlik sene ýazgysy salnan gutyny dabaraly ýagdaýda düýbi tutulýan desganyň binýadyna okladylar hem-de ilkinji beton garyndysyny guýup, gurluşyga badalga berdiler.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli toý sadakasy berildi.

Dabara tamamlanandan soňra, Din Sýuesýan Gahryman Arkadagymyz bilen hoşlaşyp, Mary şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden öz ýurduna ugrady.

Soňra Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, dikuçarda Mary şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden paýtagtymyza ugrady. Biraz wagtdan Gahryman Arkadagymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy.

Şeýlelikde, «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyrynyň özleşdirilmegi ýurdumyzyň energetika garaşsyzlygyny pugtalandyrmak üçin strategik binýady emele getirer, täze önümçilik kuwwatlyklarynyň işe girizilmegi bolsa türkmen mawy ýangyjynyň eksport ugurlaryny giňeltmäge ýol açar. Uzak möhletleýin geljekde bu taslama ýurdumyzyň senagat taýdan ösüşiniň kuwwatly hereketlendiriji güýjüne öwrülip, sebitiň durnukly ykdysady ösüşine saldamly goşant goşar.

18.04.2026
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany

Çäginden Beýik Ýüpek ýoly geçen Türkmenistany irki döwürlerde hem «Ýedi ýoluň çatrygy» diýip atlandyrypdyrlar. Bu gün bolsa Ýewropanyň we Aziýanyň ýurtlaryny birleşdirýän häzirki zaman halkara ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz sebitiň, tutuş dünýäniň abadançylygynyň hem-de durnukly ösüşiniň bähbitlerine laýyk gelýän özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak üçin ulag ulgamynda öz mümkinçiliklerini amala aşyrmaga çalyşýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty esasynda Türkmenistan ulagyň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny we infrastrukturasyny yzygiderli pugtalandyrýar hem-de döwrebaplaşdyrýar, halkara ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgelerini döredýär.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän şu ýylyň 10-njy aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu möhüm waka ýurdumyzyň ulag ulgamynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.

Aşgabat — Türkmenabat awtobany Diýarymyzdaky ulag taslamalarynyň iň irileriniň biridir. Onuň durmuşa geçirilmegi üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän awtoýollaryň köpşahaly ulgamyna çalt çykmagyny üpjün eder. Şeýlelikde, Türkmenistanda uzak aralyga ýükleriň çalt we arzan daşalmagyna mümkinçilik berjek täze ýokary tizlikli awtomobil ýoly kemala geldi. Bu ýol ýurdumyzyň logistika ulgamyny, işewürligi, döwletimiziň tutuş halkara gatnaşyklar ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmak bilen bagly wezipeleri çözmekde uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ulag-kommunikasiýa ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň netijeli häsiýete eýedigini bellemek gerek.

Häzirki zaman şertlerinde ulag-kommunikasiýa pudagy ykdysadyýetiň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we sazlaşyklylygyna gönüden-göni täsir edýän esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden ulag meseleleriniň çözülmegine diňe bir milli ýa-da sebit derejesinde däl, eýsem, dünýä derejesinde üns berilmeli ugur hökmünde aýratyn ünsi çekýär. Baş Assambleýa Türkmenistanyň başlangyjy bilen ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen Kararnamalaryň birnäçesini kabul etdi. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar)» atly Kararnamanyň kabul edilendigini nygtamak gerek. Bu resminama Türkmenistanyň ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmekde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen syýasatynyň logiki dowamydyr.

Ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmekde, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmekde we durmuşa geçirmekde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» aýratyn orun degişlidir. Türkmenistan ulag-aragatnaşyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine öz çemeleşmelerini kemala getirip, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýa Beýik Ýüpek ýolunyň aýrylmaz hem-de wajyp bölegi hökmünde garalmagyndan ugur alýar. Birnäçe taryhy, geosyýasy, ykdysady ýagdaýlaryň täsiri bilen baglylykda, bu sebit diňe bir yklym derejesinde däl, eýsem, umumymilli işlerde hem möhüm orny eýeleýär.

Degişli üstaşyr ulag-kommunikasiýa ulgamlarynyň döredilmegi Merkezi Aziýanyň halkara gatnaşyklara üstünlikli goşulyşmagyna ýardam eder. Gürrüň Gara deňiz we Baltika sebitleriniň, Günorta, Günorta-Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň deňiz terminallaryna çykmak arkaly Ýewraziýa yklymynyň giňişligini gurşap alýan ulag we üstaşyr gatnawyň ýaýbaňlandyrylan, toplumlaýyn utgaşykly düzüminiň gurluşygy barada barýar. Bu taslama Hytaý, Hindistan, Pakistan, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary ýaly, kuwwatly ykdysady merkezlere çykmak bilen, Günorta we Gündogar ugurlarda ulag düzümine goşulmak mümkinçiligini göz öňünde tutýar.

Ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerine garalanda, Türkmenistan bu işlere Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň gatnaşmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyz Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň Merkezi Aziýa üçin Türkiýä çykalgasy boljak modal ýoly döretmek başlangyjyny dolulygyna goldaýar we bu taslamanyň amala aşyrylmagyna ýakyndan goldaw bermäge taýýardygyny tassyklaýar. Şeýle hem BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasy ýaly guramalaryň çäklerinde Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgesiniň gurluşygynyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak işi has-da işjeňleşdirildi. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyz TRACECA maksatnamasynyň işjeň hyzmatdaşy we gatnaşyjysy hökmünde çykyş etmäge taýýardyr. Merkezi Aziýadan Günbatara ulag geçelgesiniň döredilmegi Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek hem-de Ýewraziýanyň dünýä ykdysady polýuslarynyň ikisini hil taýdan täze derejede birleşdirmek ýaly maksada ýetmekde uly ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Watanymyzyň gülläp ösmegini, türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler yzygiderli ilerledilýär. Döwlet Baştutanymyzyň 13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nygtaýşy ýaly, “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda degişli işleri alyp barmak zerurdyr. Milli ykdysadyýetiň pudaklary, şol sanda ulag we aragatnaşyk pudagy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» esasynda ösdürilýär. Ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumyny düýpli özgertmek hem-de ony dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylyň 11-nji iýulynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligini ýatyrmak hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, onuň garamagyndaky degişli agentlikleriň binýadynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi, Aragatnaşyk ministrligi, Awtomobil ulaglary ministrligi, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy hem-de Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy döredildi.

Ösüşiň häzirki tapgyrynda ulag ulgamynyň pudaklarynda düýpli, düzümleýin we institusional özgertmeler amala aşyrylýar. Ulag pudagynyň işi üçin täze durmuş-ykdysady şertlere laýyk gelýän hukuk binýady döredilýär. Döwlet dolandyryşy, ykdysady işler kämilleşdirilip, ulag işini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň bazar şertlerine laýyk gelýän ulgamy döredildi. Soňky ýyllarda ýol gurluşygyny ösdürmek, täze halkara ulag geçelgelerini döretmek, ýük we ýolagçy gatnawlarynyň möçberini yzygiderli artdyrmak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýol-ulag düzüminiň barha kämilleşdirilmegi, öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak esasynda täze awtomobil ýollarynyň, köprüleriň gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr. “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýylda-da ýurdumyzyň sebitlerini birleşdirýän ulag ýollaryny, goňşy ýurtlara uzaýan halkara ähmiýetli awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdiriler. Şunuň bilen bir hatarda, ýükleriň üstaşyr geçirilişiniň möçberiniň artdyrylmagy üçin ulagyň ähli görnüşleri arkaly ýük dolanyşygyny ýokarlandyrmak, täze üstaşyr geçelgeleri ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Bu ugurda marketing işini işjeňleşdirmek, ulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek meýilleşdirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň ýolgurluşyk pudagyny kämilleşdirmek, döwrebap awtomobil ýollaryny gurmak, täze halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça öňdengörüjilikli başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Onuň gurluşygy Aşgabat — Tejen (203 kilometr), Tejen — Mary (109 kilometr), Mary — Türkmenabat (288 kilometr) ugurlary boýunça üç tapgyrda amala aşyryldy.

Mälim bolşy ýaly, bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji tapgyry bolan Aşgabat — Tejen bölegi 2021-nji ýylyň oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda ulanmaga berildi. 2024-nji ýylyň aprelinde bolsa döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda awtobanyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy. Awtobanyň birinji böleginiň degişli güwänamalara — awtomobil ýolunyň hiliniň ISO 9001 standartyna laýyklygy hem-de taslamany düzmek we gurluşyk boýunça işleriň halkara standartlara, hususan-da, “Ýol gurluşygyny taslamalaşdyrmak” we “Gurluşyk işleri” standartlaryna laýyk gelýändigini, ýoluň ýokary derejede howpsuzlygyny, gurluşygynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylandygyny tassyklaýan güwänamalara mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Munuň özi ýurdumyzda gurulýan awtomobil ýollarynyň bildirilýän esasy talaplara, öňdebaryjy tejribelere, täze tehnologiýalara esaslanýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Halkara derejeli bu ýol alty sany hereket zolagyndan ybarat bolup, tehniki taýdan dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýär. Ýoluň ugrunda ýolagçylardyr sürüjiler üçin ähli amatly şertler döredilip, söwda nokatlary, naharhanalar, myhmanhanalar, inženerçilik desgalary bina edildi, döwrebap elektron töleg terminallary, aragatnaşyk ulgamlary, wideogözegçilik enjamlary, tizlik ölçeýjiler gurnaldy. Bularyň ählisi awtoulag serişdeleriniň sanynyň artýandygyny nazara almak bilen, ulag gatnawlaryny kadalaşdyrmaga hem-de ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmaga mümkinçilik berer. Awtobanlar tutuş dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň esasy aýratynlygy onuň diňe ýokary tizlikli hereket üçin niýetlenendiginden ybaratdyr. Şoňa görä-de, bu ýokary tizlikli ýol beýleki ýollar, şol sanda awtomobil ýollary ýa-da welosiped ýodajyklary bilen kesişmeýär.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça awtomobil ulagy pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan ulgamlaýyn işleriň çäklerinde ýurdumyzy goňşy döwletler bilen baglanyşdyrýan täze ýokary tizlikli awtomobil ýollary, köprüler gurlup ulanmaga berilýär. 2025-nji ýylyň noýabrynda döwlet Baştutanymyz umumy uzynlygy 207 kilometr bolan Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak we umumy uzynlygy 354 metr bolan Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Bu döwrebap köpri ýurdumyzyň içerki ýol-ulag ulgamyny kämilleşdirmek bilen bir hatarda, halkara ulag geçelgelerini döretmek arkaly Türkmenbaşy hem-de Garabogaz şäherlerini Gazagystan bilen birleşdirer. Mundan başga-da, täze awtomobil köprüsi Merkezi Aziýanyň ygtybarly awtomobil ýol ulgamynyň bir bölegi bolup, Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň, Hindistanyň deňiz, demir ýol, awtomobil ulaglary arkaly daşaýjylar üçin Demirgazyk we Günbatar Ýewropa ýurtlaryna çykmakda ykdysady taýdan netijeli ugur bolup hyzmat eder.

Awtoulag parkynyň üstüniň sürüjiler üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen tehnikalar, awtoulaglaryň beýleki görnüşleri bilen yzygiderli ýetirilip durulmagy bilen, ýolgurluşyk işleriniň hiline, ähli tehniki düzgünleriň berjaý edilmegine we ulanmaga berlen awtomobil ýollarynyň halkara ülňülere doly laýyk gelmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Täze häzirki zaman ulag geçelgesi nženerçilik-tehniki we ulanyş ölçegleri boýunça köpri gurmagyň halkara kadalaryna doly laýyk gelýär. Köpriniň taslamasynda agram, ýük göterijilik, hereketiň tizligi nazara alnyp we örän berk gurnamalar peýdalanyp, ýokary seýsmiki durnuklylyk göz öňünde tutuldy. Köpriniň gurluşygynda ylmy-gözleg, geofiziki, geologik, inženerçilik-tehniki, gurluşyk-gurnama işleriniň uly toplumy berjaý edildi.

Ýewraziýa yklymynda ulag gatnawlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek pikiri iş ýüzünde amala aşyrylyp başlanýar. Oňa barha täze geografik giňişlikler, ykdysady we önümçilik merkezleri çekilýär. Munuň özi işjeňligiň ýokarlanmagyna, iri maýa goýumlaryň çekilmegine, köp sanly iş orunlarynyň döredilmegine ýardam eder.

Awtomobil gatnawlarynyň ýylsaýyn artmagy esasynda döwrebap, netijeli hereket edýän awtoulag ulgamynyň kemala getirilmegi okgunly özgerýän Aşgabat üçin wajyp wezipedir. Bu bolsa, öz gezeginde, şäheriň durmuş-ykdysady taýdan işjeňleşýändigine, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, şäheriçi awtobus ulgamynyň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny nygtamak zerur. 2025-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Yutong ZK6128HG» kysymly 700 sany awtobusy satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň «Yutong Bus Сo., Ltd.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar bermek hakynda Karara gol çekdi.

Häzirki wagtda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler hem häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, şäheriň çäklerinde, oňa barýan ýollaryň ugurlarynda ýerine ýetirilýän işler şähergurluşyk maksatnamasynyň esasynda alnyp barylýar. 27-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda şäheriň çäklerinde gurulýan dürli maksatly binalar, aýratyn-da, döwrebaplaşdyrylan şaýol, köprüler, ýol-ulag düzümine degişli desgalar bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Gahryman Arkadagymyz Gökdepe şaýoly bilen Akhan şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän döwrebap köprini synlady. Häzirki döwürde Arkadag şäheriniň çäklerinde ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygyna, olaryň oňaýlylyk, uzak möhletleýinlik derejesine möhüm ähmiýet berilýär. Desgalaryň bezeg işlerine, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär. Milli Liderimiz bu köpriniň “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelere laýyklykda bina edilýändigini belläp, halkymyzyň köpri gurmagy, ýol çekmegi, bina galdyrmagy sogap iş hasaplaýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan ministrligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň ýokary derejesini üpjün etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 27-nji fewralynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde awtomobil ulagy pudagynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin milli kanunçylygy halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda awtomobil ulagy pudagyny ösdürmekde, ulag howpsuzlygyny üpjün etmekde kanunçylyk işiniň halkara kadalar esasynda kämilleşdirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz halkara ulag gatnawlarynda sürüjileriň iş we dynç alyş düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi kämilleşdirmek bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Täze taryhy eýýamda Türkmenistanda döwrebap ulag ulgamynyň kemala getirilmegine uly ähmiýet berilýär. Pudaga uly möçberdäki maýa goýumlaryň gönükdirilmegi, bu ugra degişli iri taslamalara halkara maliýe institutlarynyň çekilmegi munuň şeýledigini aýdyň subut edýär. Çünki ýollar islendik döwürde hem şäherleri we obalary özgertmek, bereketli topragy özleşdirmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak üçin zerur bolan durmuş-ykdysady şertleriň döredilmeginde möhüm wezipäni ýerine ýetiripdir. Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan ulag ulgamyndaky iri taslamalar ýurdumyzyň täze taryhyna ýazylýar we Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek bilen bagly ýörelgede öz beýanyny tapýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bu taryhy ýoluň ýüregi hasaplanýar.

(TDH)

18.04.2026
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

Aşgabat, 16-njy aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyzda saparda bolýan Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi.

Din Sýuesýan hytaý wekiliýetine türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, HHR-de Türkmenistan bilen ýola goýlan strategik hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Başlyk Si Szinpiniň hormatly Prezidentimize iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz hytaý wekiliýetiniň ýurdumyza amala aşyrýan sapary üçin minnetdarlyk bildirip, HHR-iň Başlygyna mähirli salamyny beýan etdi hem-de Türkmenistanda Hytaýyň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryna berýän uly ünsüne ýokary baha berilýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, ynanyşmak, hormat goýmak, milli bähbitleri hasaba almak ýörelgeleri köp ýyllaryň dowamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň binýady bolup durýar. Bu berk binýat strategik hyzmatdaşlygyň derejesini pugtalandyryp, iri möçberli taslamalary üstünlikli amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komiteti we onuň kiçi komitetleri möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasarynyň gatnaşmagynda geçiriljek Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar giň ugurlary, şol sanda ykdysadyýet, medeniýet, ylym-bilim ulgamlaryny öz içine alýar. Ýangyç-energetika pudagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda ileri tutulýan ugur bolup durýar. Şu ýyl Türkmenistan bilen Hytaýyň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygyny belläp geçmegi bu pudagyň strategik ähmiýetini tassyklaýar. “Biz Mary welaýatynda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berýäris. Bu ugurdaky üstünlikler ýokary derejede syýasy dialogyň işjeň alnyp barylmagy bilen baglydyr” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we geçen ýyl Hytaý Halk Respublikasyna bolan saparyny, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda bu ýurda amala aşyran dostluk saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini bellediler. Ählumumy parahatçylygy berkitmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlara özara goldaw berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle hem «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň, «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň sebit hyzmatdaşlygyny berkitmekde binýat bolup çykyş edýändigi aýdyldy. Türkmen we hytaý halklaryny köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklaryň, medeni-taryhy umumylygyň, ruhy gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygyny nygtap, söhbetdeşler umumy taryhy mirasy gorap saklamak boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler we medeni gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.

Hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasy bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýdyp, ýurdumyzyň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň umumy abadançylygyň bähbidine ugurlaryň giň gerimi boýunça mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

17.04.2026
Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy

Aşgabat, 15-nji aprel (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri myhmany mähirli mübärekläp, HHR-iň wekiliýetiniň ýurdumyza şu gezekki saparynyň türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini görkezýän möhüm waka bolup durýandygyny aýtdy.

Din Sýuesýan türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Hytaýda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň Milli Liderimize iberen mähirli salamyny ýetirdi. Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary häzirki wagtda özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýan hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýandygyny aýtdy hem-de bu gatnaşyklary ilerletmekde hormatly Arkadagymyzyň goşandyny belledi.

Myhman Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýakynda Hytaýa amala aşyran dostluk saparynyň wajyp ähmiýetine ünsi çekip, onuň netijeleriniň iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim bolandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz HHR-iň Başlygy Si Szinpine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, “Açyk gapylar” syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň Hytaý bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini, özara düşünişmek, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki döwürde many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýandygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, halkara giňişlikde ýurtlarymyz iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň, “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynyň çäklerinde tagallalary utgaşdyrýarlar. Taraplar dünýä gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini görkezýärler. Halkara düzümleriň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlarynyň yzygiderli goldanylmagy Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky berk syýasy ynamy tassyklaýar. Iň ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan dialog uly mümkinçilikleri açyp, syýasy-diplomatik ulgamda ýakyn hyzmatdaşlyk üçin berk binýady emele getirýär. Ykdysady, söwda, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek babatda amatly şertleri üpjün edýär.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň HHR-iň BMG-niň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýandygyny we mundan beýläk-de goldajakdygyny aýtdy. Şunuň bilen bir hatarda, Milli Liderimiz Hytaýyň öňe sürýän Howpsuzlyk, Siwilizasiýa, Ösüş, Dolandyryş ýaly ählumumy başlangyçlarynyň ähmiýetine ünsi çekdi. “Bularyň ählisi Türkmenistanyň “Ösüş arkaly parahatçylyk”, “Dialog — parahatçylygyň kepili” ýaly halkara başlangyçlarynyň maksatlaryna hem-de filosofiýasyna, ýurdumyzyň dünýä syýasatynda ynanyşmak we deňhukukly özara hormat goýmak ýörelgelerini berkarar etmek boýunça strategik ugruna laýyk gelýär” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Din Sýuesýan Türkmenistanda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan şygarynyň Gündogar müçenamasy boýunça ýylky ýylyna gabat gelmeginiň türkmen döwletiniň okgunly ösüşini alamatlandyrýandygyny belledi.

Hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşmalaryň dowamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ugurlaryň giň gerimini, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, logistika, senagat, tehnologiýalar, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýandygy bellenildi. Ýangyç-energetika ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen mawy ýangyjynyň Hytaýa iberilmegini üpjün edýän gaz geçirijini gurmak boýunça amala aşyrylan bilelikdäki taslama bu hyzmatdaşlygyň aýdyň netijesidir. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda gol çeken resminamasyna laýyklykda, Hytaýyň “CNPC” korporasiýasy bilen bilelikde “Galkynyş” gaz käniniň nobatdaky tapgyryny özleşdirmäge girişiler. Şunuň bilen baglylykda, Din Sýuesýan Türkmenistanda hytaý kompaniýalarynyň netijeli iş alyp barmaklaryna döredilýän amatly maýa goýum şertleri üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasynyň “Bir guşak, bir ýol” hytaý başlangyjy bilen utgaşdyrylmagynyň çäklerinde ulag-logistika ulgamy hyzmatdaşlyk üçin täze gözýetimleri açýar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem ösüş depgini bilen tapawutlanýar. Hytaý ýurdumyzyň iň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Dokma senagaty, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Hytaý bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

16.04.2026