Täzelikler
Aşgabatda hususy pudagyň gazananlarynyň sergisi geçirilýär

Aşgabat, 17-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli giň gerimli sergi öz işine başlady. Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan gözden geçiriliş Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hususy pudagyň depginli ösüşini aýdyň beýan edýär.

Ýurdumyzda hususyýetçiligi hemmetaraplaýyn ösdürmek, döwrebap bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna pudagyň ykdysadyýetimizde eýeleýän ornuny giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir. Kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, Türkmenistany senagatlaşdyrmakda, iri taslamalary amala aşyrmakda, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde telekeçilige aýratyn orun degişlidir. Hususyýetçilere berilýän döwlet goldawlarynyň netijesinde Türkmenistan kuwwatly önümçilik pudagyna eýe bolan, senagat taýdan depginli ösýän döwlete öwrülýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi höweslendirmek boýunça möhüm ädimler ädildi. Amatly hukuk, ykdysady, maliýe şertleri döredildi. Şolaryň hatarynda salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmegini, telekeçilik işini hasaba almak we ygtyýarlylandyrmak tertibiniň ýeňilleşdirilmegini, hususy önüm öndürijileriň harytlaryny daşary ýurtlara eksport etmekleri üçin gümrük işleriniň çaltlandyrylmagyny, ýeňillikli karz serişdeleriniň bölünip berilmegini görkezmek bolar. Döredilýän şeýle amatly şertlerden netijeli peýdalanýan telekeçiler milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. Munuň şeýledigine şu gezekki serginiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Türkmenistan häzirki döwürde ýokary hilli önümleri öndürmek, bäsdeşlige ukyply hyzmatlary hödürlemek babatda ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan ýurt hökmünde tanalýar. “Türkmenistanda öndürildi” diýen haryt nyşany dünýäniň söwda giňişliginde ýurdumyzyň abraýyny artdyrýan möhüm guraldyr. Bu nyşan diňe bir harydyň gelip çykan ýerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, hiliň, milli önüm öndürijileriň ygtybarlylygynyň hakyky görkezijisine hem öwrüldi. Bu başlangyjyň öz wagtynda oýlanyşykly öňe sürlendigi ýetilen strategik sepgitler arkaly subut edildi. Şol üstünlikler Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň öndürýän önümlerine-de degişlidir.

...Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Dabarada döwlet Baştutanymyzyň sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gutlagynda ýurdumyzyň hususy pudagyny ösdürmegiň milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň Garaşsyzlykdan gözbaş alyp gaýdýan ýolunyň uly ösüşlere beslenýändigini nygtaýar. Häzirki döwürde döwletiň ylmy-tehnologik özgertmeler syýasatyny amala aşyrmakda, sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda, senagatyň, oba hojalygynyň, hyzmatlar ulgamynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda ösdürilmeginde türkmen telekeçileri uly işleri alyp barýarlar. Täze ykdysady ugruň hereketlendiriji güýjüne öwrülen hususyýetçiler möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirip, milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmegine, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna saldamly goşant goşýarlar. Hususy ulgamda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly önümleri öndürmäge niýetlenen döwrebap önümçilikler işe girizilýär. Bu kärhanalarda täze iş orunlary döredilýär, ýurdumyzda azyk we haryt bolçulygy pugtalandyrylýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hususyýetçilerimiz agzybirlikde döwletlilik ýolumyzdan ynamly öňe barýarlar. Işewürlik gurşawyny döwrebaplaşdyrmak, kiçi, orta we iri telekeçiligiň gerimini giňeltmek boýunça amala aşyrylýan işleriň esasynda ykdysadyýetde hususy bölegiň paýy yzygiderli ýokarlanýar” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gutlagynda belleýär.

Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynyň okalmagy bu çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy. Döredijilik toparlarynyň çykyşlary bolsa dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Soňra myhmanlar hususy pudagyň ýeten sepgitlerini şöhlelendirýän köpugurly sergi bilen tanyşdylar. Bu gözden geçiriliş ýurdumyzyň hususy pudagynyň döwrebap tehnologiýalary, dolandyrmagyň innowasion usullaryny üstünlikli özleşdirýän kuwwatly dörediji güýje öwrülýändiginiň aýdyň güwäsidir. Şu ýylky sergä milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda iş alyp barýan hususy kärhanalaryň ýüzlerçesi gatnaşýar.

Sergi monitor arkaly görkezilýän maglumatlardan başlanýar. Onda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň 18 ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, hususy ulgamyň gazanýan üstünlikleri we mynasyp bolan güwänamalary barada giňişleýin maglumat berilýär. Geçen ýyllaryň dowamynda birleşmäniň agzalarynyň sanynyň ep-esli artmagy, döredilýän şertleriň netijesinde olaryň hususy başlangyçlarynyň rowaçlanmagy, telekeçileriň alyp barýan işleriniň geriminiň has-da giňemegi bu ugurdaky döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň güwäsidir. Munuň şeýledigine sergide görkezilýän dürli görnüşli önümleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Dürli ugra ýöriteleşen hususy kärhanalar Diýarymyzyň ähli künjeklerinde durmuşa geçirilýän möhüm ähmiýetli taslamalara işjeň gatnaşyp, ykdysadyýetimiziň ösdürilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna mynasyp goşant goşýarlar.

Sergide daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikler we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak babatda gazanylýan üstünlikleri görkezýän diwarlyklar esasy orny eýeleýär. Myhmanlar durmuş-ykdysady syýasatyň esasyny düzýän “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryň dabaralanýandygynyň şaýady bolýarlar. Gurluşyk senagatyna degişli bölümlerde “Derýaplastik”, “Ak bulut” ýaly kärhanalar şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmekde işjeň ulanylýan innowasion işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyrýarlar. Diwarlyklarda görkezilýän ýokary hilli bezeg serişdeleri, asma petikler, polimer turbalar hili boýunça dünýä ülňülerine laýyk gelýär. Bu bolsa ýurdumyzyň işewürleriniň tehnologik taýdan kämilleşýändigini tassyklaýar.

Telekeçileriň sanly ykdysadyýeti ösdürmäge goşýan goşandyna bagyşlanan ekspozisiýalar aýratyn ünsi çekýär. “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti telewizorlaryň, kompýuterleriň, yşyklandyryş ulgamlarynyň we beýleki elektron tehnikalaryň täze nusgalary bilen tanyşdyrýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryny sanlylaşdyrmak boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýär.

Oba hojalyk pudagyna bagyşlanan bölümler ýurdumyzda azyk bolçulygynyň barha pugtalandyrylýandygyna şaýatlyk edýär. “Nurly meýdan”, “Sahabatly” ýaly iri kärhanalar guşçulyk we maldarçylyk önümleri bilen tanyşdyrýarlar. Bu gün olar içerki bazary üpjün etmek bilen bir hatarda, daşarky bazarlara hem ynamly çykýarlar. Süýji-köke önümlerini öndürijileriň diwarlyklary önümleriň dürli görnüşleri bilen gözüňi dokundyrýar. Şolaryň hatarynda “Hasar”, “Misgär” ýaly kärhanalaryň diwarlyklary aýratyn tapawutlanýar. Azyk önümleriniň önümçiliginde halkara howpsuzlyk standartlarynyň ulanylmagy türkmen telekeçilerine dünýä belli haryt nyşanlary bilen üstünlikli bäsdeşlik etmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň kärhanalarynyň halkara ISO hem-de HAССP güwänamalaryna eýe bolmagy olaryň azyk önümleriniň ýokary hillidigine, ekologik taýdan howpsuzdygyna şaýatlyk edýär.

Himiýa senagatynda işleýän hususy telekeçiler öý-hojalyk we ýöriteleşdirilen himiýa serişdeleriniň önümçiliginde gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrýarlar. Oba hojalykçylar üçin ýerli çig maldan öndürilýän suwuk organomineral dökünler, gumin serişdeleri bilen tanyşdyrýan diwarlyklar sergä gelenleriň aýratyn ünsüni çekýär.

Mebel we öý-hojalyk harytlaryna bagyşlanan bölümlerde degişli kärhanalar milli däpleri nazara alyp, öňdebaryjy dizaýnerçilik çözgütleri bilen tanyşdyrýarlar. Hünärmenleriň ýokary ussatlygy, ekologik taýdan arassa serişdeleriň ulanylmagy bu önümleri geçginli haryda öwürýär. Ýeňil senagata bagyşlanan bölümlerde milli nagyşlary häzirki zaman dünýä meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýan egin-eşikler, dokma önümleri tanyşdyrylýar. Hususy tikinçilik kärhanalary milli haryt nyşanly önümleriň önümçiligini üstünlikli özleşdirýärler.

Lukmançylyk senagatynda gazanylýan üstünlikler bilen tanyşdyrýan bölümde Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň mümkinçiliklerine aýratyn üns çekilýär. Diwarlyklarda lukmançylyk serişdeleriniň önümçiligine ýöriteleşen kärhanalaryň önümleri görkezilýär. Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterinde ýokary tehnologiýaly önümçiligiň döredilmegi saglygy goraýyş ulgamyny ýokary hilli serişdeler bilen üpjün etmekde hususy başlangyçlar üçin täze gözýetimleri açar. Munuň özi döwletimiziň innowasion senagat zolaklaryny halkymyzyň saglygynyň bähbidine ulanmaga toplumlaýyn çemeleşýändiginiň güwäsine öwrüler.

Sergide ulag-logistika pudagynda ýetilen sepgitler bilen hem tanyşdyrylýar. “Hazar logistik”, “Ulagly” ýaly kompaniýalar üstaşyr ulag geçelgelerini kemala getirmekde möhüm orny eýeleýärler. Hususy ýük daşaýjylaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrylmagy Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýän wajyp üstaşyr ulag merkez hökmünde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny açyp görkezýär. Söwda we durmuş hyzmatlaryna bagyşlanan bölümlerde halkara standartlar boýunça işleýän supermarketler öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýarlar. Elektron töleg ulgamlarynyň, sanly hyzmatlaryň ornaşdyrylmagy innowasiýalaryň adamlaryň gündelik durmuşyna giňden ornaşýandygyny tassyklaýar.

Serginiň aýratyn bölümi amaly-haşam sungatynda gazanylýan üstünliklere bagyşlanypdyr. Bu ugurda iş alyp barýan telekeçiler pederlerimiziň bize goýan mirasyny aýawly saklaýarlar. Nepis haly önümleri, şaý-sepler şöhratly geçmişimiz bilen beýik geljegimiziň arasynda köpri bolup, myhmanlarda uly gyzyklanma döredýär. Ekspozisiýa hususy pudagyň sport senagatyny ösdürmäge goşýan goşandyny hem doly açyp görkezýär. Ýurdumyzda öndürilýän sport egin-eşikleri alyjylaryň arasynda uly islegden peýdalanýar.

Neşirýat we çaphana işine bagyşlanan bölümlerde ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini şöhlelendirýän çaphana önümleri görkezilýär. Ýerli çaphanaçylaryň döwrebap dizaýnerçilik çözgütleri bu ýokary tehnologiýaly pudagyň ösüşiniň ýokary derejesine şaýatlyk edýär.

Käbir hususy kompaniýalar energiýa tygşytlaýjy we awtomatlaşdyrylan ulgamlary ornaşdyrmak boýunça taslamalar bilen tanyşdyrýarlar. Munuň özi türkmen işewürliginiň “ýaşyl” ösüş ýörelgelerine, ýurdumyzyň energiýa serişdelerini netijeli peýdalanmaga ygrarlydyklaryny görkezýär.

Sergi bilen tanyşlygyň dowamynda myhmanlar gözden geçirilişiň ýokary guramaçylyk derejesini, öz diwarlyklary bilen tanyşdyrýan işgärleriň ýokary hünär derejesini belleýärler. Her bir ekspozisiýa öz ykbalyny telekeçiligi ösdürmek bilen baglan adamlaryň tutanýerli zähmetiniň we zehininiň netijesidir. Şu gezekki sergi döwlet Baştutanymyzyň parasatly syýasatynyň we hususy başlangyçlara berýän hemmetaraplaýyn goldawynyň aýdyň netijesidir. Diýarymyzda döredilen amatly hukuk we maliýe şertleri telekeçilere dürli taslamalary durmuşa geçirmäge, geljege ynam bilen garamaga mümkinçilik berýär.

Bu gözden geçiriliş täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak, tejribe alyşmak we uzak möhletleýin geljek üçin hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemek üçin meýdança bolup hyzmat edýär. Bu ýerde döreýän pikirler ertirki gün döwrebap önümçiliklerde öz beýanyny tapyp, müňlerçe iş ornuny döretmäge, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Sergide görkezilýän her bir eksponatda giň möçberli özgertmeleriň ruhy aýdyň duýulýar. Telekeçiler öz zähmeti bilen öňde goýlan durmuş-ykdysady wezipeleri amal etmekde mundan beýläk-de döwletimiziň ygtybarly daýanjy bolmaga taýýardyklaryny subut edýärler.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gazananlarynyň sergisi milli işewürligiň üstünlikleri bilen tanyşmak isleýän paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny bir ýere jemläp, öz işini dowam edýär.

Gözden geçirilişiň çäklerinde 18-nji martda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum geçiriler. Bu forum ýurdumyzyň hususy pudagynyň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança öwrüler. Sergi 19-njy martda öz işini tamamlar. Gözden geçirilişiň ahyrynda oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar gowşurylar.

18.03.2026
«Germaniýa bilen işewür hyzmatdaşlygy» maksatnamasynyň 2026-njy ýyldaky tapgyrynyň toparlarynyň okuw çärelerine söhbetdeşlik yglan edilýär

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi

 Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysadyýet we daşky gurşawy goramak federal ministrligi bilen bilelikde «Partnering in Business with Germany (Germaniýa bilen işewür hyzmatdaşlygy)» maksatnamasynyň 2026-njy ýyl tapgyrynyň çäklerinde «Umumy ykdysady hyzmatdaşlyk» Merkezi Aziýanyň zenanlary toparyna gatnaşjak döwlete dahylsyz taraplaryň arasyndan dalaşgär seçip almak üçin söhbetdeşligi yglan edýär 


Söhbetdeşliklere gatnaşmaga isleg bildirýänler 2026-njy ýylyň 24-nji martyna çenli zerur resminamalary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine tabşyrmaly.

Türkmen hem-de german telekeçileriň arasynda oba hojalygy we azyk senagaty ulgamynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen taslamalary taýýarlan dalaşgärlere wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek okuwlara gatnaşmak we 2026-njy ýylyň dowamynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda 3 hepdelik tejribe geçmek mümkinçiligi döredilýär.

Dalaşgärler iňlis ýa-da rus dilleriniň haýsy hem bolsa birini ýeterlik derejede bilmelidirler.

Dalaşgärlere bildirilýän esasy talaplar:

  • Ýokary bilimli bolmaly.

Telekeçi ýuridiki şahslaryň ýolbaşçysy, düzüm birliginiň ýolbaşçysy ýa-da hususy telekeçi bolmaly (Aşgabat we Arkadag şäherleri hem-de welaýatlar).

Dalaşgäriň azyndan 5 ýyl iş tejribesi, şol sanda ýolbaşçylyk wezipesinde iş tejribesi azyndan 2 ýyl bolmaly.


Goşmaça maglumatlary we doldurylmaly zerur resminamalaryň sanawyny www.fineconomic.gov.tm saýtynda görmek bolar.

Berkidilen faýllar:

Перечень документов.docx

Application Form 2025 05 EN.pdf

Application Form 2025 06 RU.pdf

ANKETA.docx

Партнерская программа делового сотрудничества с Туркменистаном.docx



Ähli soraglar boýunça aşakdaky telefon belgileri boýunça ýüz tutup bilersiňiz:

(99312) 39-43-51, 39-44-19

17.03.2026
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 16-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek maksady bilen, meýdanlarda tekizleýiş, geriş çekmek işleri amala aşyrylýar. Pagta öndürijiler üçin gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, gögeriş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýazky bag ekiş möwsümini, ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim welaýatda Milli bahar baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki zaman ekerançylygynda agrotehnikanyň talaplarynyň berk berjaý edilmeginiň oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almaga, önümleriň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýändigini belledi we bu işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýyl sebitde bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek maksady bilen, ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek we bu jogapkärli möwsümi ýokary derejede geçirmek üçin zerur taýýarlyk işleri dowam edýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda möwsümleýin işler agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Ýazky bag ekiş möwsümini, ählihalk bag ekmek dabarasyny talabalaýyk geçirmek üçin baglaryň ekiljek ýerlerini, nahallaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şeýle-de häkim Milli bahar baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän agrotehniki çäreleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bu işleriň ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelere laýyklykda, häzirki wagtda sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş we tagt suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýazky bag ekmek möwsümine, ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görülýär. Şeýle-de häkim Milli bahar baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginde ylmy taýdan esaslandyrylan kadalaryň we talaplaryň berk berjaý edilmeginiň ýokary hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi hem-de bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak babatda öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek, bu möwsümi agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur taýýarlyk işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Welaýatda ýazky bag ekmek möwsümini, ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek üçin baglaryň ekiljek ýerleri kesgitlenip, nahallaryň ýeterlik möçberi taýýar edildi. Şeýle-de häkim Milli bahar baýramy mynasybetli welaýatda geçirilmegi göz öňünde tutulýan medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işlerine gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, şu günler welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäginde meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek işleri, pagta öndürijiler üçin gowaça tohumyny taýýarlamak işleri dowam edýär. Ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça işleriň çäklerinde ýazky bag ekmek möwsüminde, ählihalk bag ekmek dabarasynda baglaryň ekiljek ýerlerini we nahallaryny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim Milli bahar baýramynyň şanyna welaýatda geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi we häkime degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary, pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumy möwsüme taýýar edildi. Ýurdumyzda ýeralmanyň, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek maksady bilen, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda bu ekinleri ekmek, ekiş geçirilen ýerlerde ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de wise-premýer daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek maksady bilen, ýazky bag ekmek möwsümine başlamak hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmeginiň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, pudagy durnukly ösdürmäge hem ýardam berýändigini belledi we wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde tekizlemek, çil, geriş çekmek, Daşoguz welaýatynda ýuwuş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün etmegi, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen öz wagtynda üpjün etmek üçin ähli çäreleri görmegi, oba hojalyk tehnikalaryny ýazky ekiş möwsümine doly taýýar etmegi, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işlerini agrotehniki möhletlerde geçirmegi, bugdaý meýdanlarynda ösüş suwunyň tutulyşyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ideg işlerini ýokary hilli geçirmek, Daşoguz welaýatynda bu ekinleriň ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak, welaýatlaryň bugdaý, pagta öndürijileri bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamak, ýazky bag ekmek möwsümine, ählihalk bag ekmek dabarasyna gowy taýýarlyk görüp, bu çäräni ýokary derejede geçirmek babatda tabşyryklary berdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Milli bahar baýramy bolan Nowruz baýramynyň ýetip gelýändigine ünsi çekip, welaýatlarda baýramçylyk mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

17.03.2026
Mukaddes aýyň sogaply çäresi

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz agzaçar sadakasyny berdiler

Aşgabat, 14-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda hajy Arkadagymyz we Arkadagly hajy Serdarymyz agzaçar sadakasyny berdiler. Oňa ýurdumyzyň müftüsi, ähli welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň ymamlary, hormatly ýaşulular, dili senaly eneler, köp sanly ýaşlar gatnaşdylar. Munuň özi “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň mübärek Oraza aýynyň mukaddes Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda amal edilýän sogap işleriň üstüni ýetirdi.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda Gahryman Arkadagymyz mukaddes Oraza aýynyň keramatly Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda ýurdumyzyň hormatly ýaşulularynyň, dili senaly eneleriň, welaýatlaryň ymamlarynyň, din wekilleriniň, ýaşlaryň gatnaşmagynda agzaçar sadakasynyň berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belläpdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, munuň özi ata-babalarymyzyň taryhyň dowamynda döreden asylly ýol-ýörelgelerine goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanyna öwrüler. Şunuň bilen baglylykda, “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda hajy Arkadagymyz we Arkadagly hajy Serdarymyz bilelikde agzaçar sadakasyny berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Oraza aýynyň Gadyr gijesiniň hormatyna agzaçar sadakasynyň berilýän ýerine geldiler. Bu agzaçar sadakasynyň berilmegi keramatly aýyň sogabyny artdyryp, keremli günleriň ýagşy dessurlara beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Türkmen halky Oraza aýyna aýratyn hormat-sarpa bilen garap, gadymy döwürlerden bäri ony mukaddes saýyp gelýär. Asylly işler hem-de ynsanperwer ýörelgeler amal edilýän mukaddes aýyň her bir güni sogap işlere beslenýär. Asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlara laýyklykda, şäherlerde we obalarda agzaçar sadakalary berilýär. Onda milli tagamlar taýýarlanyp, ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşy barada doga-dileg edilýär.

Paýhasly pederlerimiz taryhyň dowamynda dünýä nusgalyk baý medeni mirasy, milli gymmatlyklary, ajaýyp däp-dessurlary kemala getirdiler. Oraza aýyna we haýyr-sahawatyň mübärek gijesi hökmünde ykrar edilen Gadyr gijesine aýratyn hormat goýulýar. Ol gün kerem-keramatyň gijesi hasaplanypdyr. Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň beren agzaçar sadakasy asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysalyna öwrüldi.

Mukaddes Oraza aýynyň dowam edýän günlerinde, aýratyn-da, mübärek Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda durmuşa geçirilýän asylly işler halkymyzyň ynsanperwer ýörelgelere ygrarlydygyny nobatdaky gezek äşgär edýär. Bu aýda tutuş yslam dünýäsinde bolşy ýaly, ýurdumyzda hem sogap işler amal edilýär. Oraza aýynda agzaçar sadakalarynyň berilmegi asylly däpdir.

...Hajy Arkadagymyz agzaçar sadakasyna gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz Diýarymyzda milli däp-dessurlarymyzy berjaý etmek üçin ähli şertleriň döredilýändigini, raýatlarymyzyň mukaddes ýerlere zyýarat edip, metjitlere baryp, doga-dilegleri edýändiklerini nygtady we şu gün hem halkymyzyň gadymdan gelýän asylly däbine eýerilip, Remezan aýynda agzaçar sadakasyna jemlenilendigini belledi. “Bilşiňiz ýaly, ertir — mukaddes Gadyr gijesi. Türkmen halky — gursagy Allaly halk. Yslam dininiň gymmatlyklary biziň öňden gelýän türkmençilik däplerimiz bilen berk baglydyr. Mukaddes Oraza aýynda agzaçar sadakasyny bermek hem asylly, sogap işleriň biridir” diýip, hajy Arkadagymyz aýtdy hem-de mübärek Oraza aýynda tutulýan orazalaryň, ýagşy doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.

Milli Liderimiz çykyşyny tamamlandan soňra, Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy. Ol hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly hajy Serdarymyzyň beren agzaçar sadakasynyň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi. Tebärek çykylandan soňra, sadaka gatnaşyjylara dürli tagamlar çekildi. Munuň özi gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, döwürleri hem-de nesilleri baglanyşdyrýan milli däp-dessurlaryň häzirki döwürde dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Jemgyýetiň ruhy sagdynlygyny pugtalandyrmak, ahlak kämilligine ymtylmak, taryhy-medeni mirasa sarpa goýmak, ata-babalarymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän däplerini häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürmek hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Pederlerimiz Oraza aýyny aýlaryň ýagşysy, Gadyr gijesini bolsa gijeleriň serweri hasaplapdyrlar. Ony agzybirlikde, ýagşy niýetler, iň gowy umyt-arzuwlar bilen garşy alypdyrlar. Häzirki döwürde bu ýörelgeleriň ösdürilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň ruhy-medeni gymmatlyklaryň esasynda sazlaşykly ösdürilmeginde aýratyn orna eýedir.

Häzirki wagtda jemgyýetde agzybirligiň we jebisligiň berkidilmegine uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen amala aşyrylýan beýik işler halkymyzyň ynsanperwer däpleriniň täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna gönükdirilendir.

...Agzaçar sadakasynda dürli tagamlardan dadylandan soňra, Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okady.

Hajy Arkadagymyz agzaçar sadakasyna gatnaşandyklary üçin hemmelere sagbolsun aýtdy we halkymyzyň hemişe abadan durmuşda ýaşamagyny arzuwlap edilen doga-dilegleriň, okalan aýat-töwirleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny arzuw etdi.

“Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly hajy Serdarymyzyň beren agzaçar sadakasy pederlerimiziň asylly ýörelgeleriniň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýändiginiň, halkymyzyň bagtyýar geljeginiň bähbidine nesilleriň mizemez arabaglanyşygynyň üpjün edilýändiginiň nobatdaky aýdyň nyşanyna öwrüldi.

16.03.2026
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 13-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsiniň geçilýändigini belledi.

Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, asylly däbe laýyklykda, iş kesilen 336 raýatyň Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly zerur işleri geçirmegi tabşyrdy, günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Soňra Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigi barada öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, häzirki wagtda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, migrasiýa, daşky gurşawy goramak bilen bagly we başga-da birnäçe hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleridir goşmaçalary girizmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, 7-nji martda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan zenanlary sarpalamak dabarasy geçirildi, şeýle hem 7-8-nji martda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde “Ene mähri” adyna eýe bolan zenanlaryň birnäçesine döwrebap öýleriň açarlary gowşuryldy. Dabaralara gatnaşanlar ýurdumyzyň gelin-gyzlarynyň adyndan Watanymyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, türkmen zenanlarynyň bagtyýar durmuşy, mynasyp zähmet çekmegi babatda döredilýän amatly şertler üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Hasabat döwründe Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň zenan parlamentarileriniň arasynda sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirilip, milli kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň wekilleri Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde iş saparynda bolup, Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýewropa Parlamentiniň dokuzynjy parlamentara duşuşygyna gatnaşdylar. Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşykda ýurdumyzda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy hem-de kanun çykaryjylyk, parlament işi boýunça özara tejribe alşyldy.

Hormatly Prezidentimiz häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ätiýaçlandyryş ulgamyny ösdürmek, bu ugurda hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek, onuň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan “Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 44-nji maddasyna laýyklykda, aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak babatda döwlet gözegçileriniň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyryşyny üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ätiýaçlandyryş ulgamyny ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi we wise-premýere ätiýaçlandyryşyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ugurdaky işler geljegi uly nebit we gaz ýataklarynda ulanyş, gözleg-barlag guýularynyň gazuw, özleşdirmek işlerini bökdençsiz alyp barmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitgaz ýataklaryny düýpli özleşdirmek, buraw işlerini ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady hem-de bu ugurda taýýarlanan Karara gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmek we bu möwsümi agrotehniki möhletlerde talabalaýyk geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle-de wise-premýer daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi we bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen taýýarlanan degişli resminamanyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi dowam etdirmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehniki talaplar esasynda geçirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça işleri üns merkezinde saklamagyň möhümdigini aýtdy we Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen, Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakynda Karara gol çekdi hem-de wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň ýolgurluşyk pudagyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan ýol-ulag düzüminiň işini döwrebaplaşdyrmak, möhüm taslamalary durmuşa geçirmek, bar bolan awtomobil ýollarynyň durkuny täzelemek, täze ýollary gurmak, halkara üstaşyr ýükleri daşamagyň hilini döwrüň talabyna laýyk getirmek, bu ugurda hereket edýän kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda awtomobil ýollaryny gurmak, döwrebaplaşdyrmak, halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi hem-de wise-premýere ýol-ulag ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hasabatda nygtalyşy ýaly, “Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin” mowzugynda geçiriljek sergä taýýarlygyň çäklerinde ýurdumyzyň milli pawilýonynyň gurluşyk-gurnama, enjamlaşdyryş we bezeg işleri boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu sergä döwletimiz “Türkmenistan — parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar bilen gatnaşar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň iri möçberli halkara çärelere yzygiderli gatnaşýandygyny belledi. “Munuň özi dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýär” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Türkmenistanyň «EKSPO — 2027» Bütindünýä sergisine gatnaşmagy bilen bagly taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda giňden bellenilýän bu baýram mynasybetli Ahal welaýatynyň “Nowruz ýaýlasynda” geçiriljek dabara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň eserleriniň, Nowruz bilen bagly milli däp-dessurlaryň esasynda taýýarlanylan medeni-köpçülikleýin çäreler bilen badalga alar. Bu ýerde ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny, dürli sergileri ýaýbaňlandyrmak, halkymyzyň ekerançylyk, maldarçylyk, bagbançylyk, senetçilik, maşgala toýlary bilen bagly däp-dessurlaryny beýan edýän çykyşlaryň, medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, wise-premýere ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk dabarasyna gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow şu ýylyň aprel aýynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek aýda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda sanly ulgam arkaly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — halkara sport hyzmatdaşlygynyň we sagdynlygyň mekany” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda makroykdysadyýet dersi boýunça IV Açyk halkara internet olimpiadasynyň, sanly ulgam arkaly “Maliýe bazarlarynyň ösüşiniň häzirki zaman meýilleri” atly III halkara ylmy-amaly maslahatyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda iňlis dili dersi boýunça V Halkara internet olimpiadasynyň, sanly ulgam arkaly “Ýaşlaryň ylmy gözlegleri”, “Daşary ýurt dillerini okatmagyň dünýä we milli tejribesi: ylmy gözlegler we täze garaýyşlar” atly halkara ylmy-amaly maslahatlaryň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde sanly ulgam arkaly “Taryhy we medeni mirasy öwrenmekde häzirki zaman ylmy barlaglary: halklaryň we medeniýetleriň durnukly ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde IV informatika dersinden Halkara açyk internet olimpiadasynyň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde utgaşykly görnüşde “Häzirki zaman oftalmologiýasynyň wajyp meseleleri” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň, Türkmen oba hojalyk institutynda sanly ulgam arkaly “Oba hojalygynda tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak” atly II halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Halkara ylmy-amaly maslahatlara we olimpiadalara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary, alymlary bilen bir hatarda, dünýäniň abraýly bilim ojaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmäge, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga uly üns berilýändigini, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň berkidilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdeplerinde halkara ylmy-amaly maslahatlary we olimpiadalary geçirmek baradaky teklipleri makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Halkara Deňiz Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, halkara guramalar, hususan-da, BMG-niň ulgamyna girýän edaralar, şol sanda Halkara Deňiz Guramasy (HDG) bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan 1993-nji ýylyň 26-njy awgustyndan bäri bu düzümiň agzasy bolup, onuň bilen hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda işjeň ösdürilýär. Ýurdumyz guramanyň 14 konwensiýasyna goşuldy we olaryň kadalaryna laýyklykda, milli kanunçylygymyzy, amaly taýdan ýerine ýetirilýän işleri kämilleşdirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy boýunça öňe sürýän başlangyçlaryny durmuşa geçirmek, Halkara Deňiz Guramasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen taýýarlanylan teklipleri beýan etdi.

Halkara Deňiz Guramasynyň konwensiýalaryna goşulmak işini yzygiderli ilerletmek maksady bilen, Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan iş toparyny döretmek teklip edilýär. Ýurdumyzyň gämi ulagy we gatnawlary ulgamynda hyzmatdaşlygynyň halkara hukuk binýadyny has-da pugtalandyrmak üçin Türkmenistanyň bu guramanyň Halkara gämi gatnawlaryny ýeňilleşdirmek hakynda Konwensiýasyna goşulmagy boýunça işleri geçirmek bu toparyň ilkinji wezipeleriniň biri bolar. Şeýle-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin 2026-njy ýylyň dowamynda HDG-niň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza saparlaryny guramak, onuň wekilleriniň gatnaşmagynda dürli okuw hem-de amaly maslahatlary geçirmek teklip edilýär. Şular bilen birlikde, ýurdumyzyň agzalan düzüm bilen gatnaşyklaryny has-da berkitmek bilen baglanyşykly teklip beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda Halkara Deňiz Guramasynyň degişli halkara konwensiýalarynyň talaplaryny ýokary derejede üpjün etmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Şunda pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň işini kämilleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi döwlet hyzmatlarynyň gysga wagtda ýerine ýetirilmeginde, maglumatlaryň elýeterliligini, kiberhowpsuzlygy üpjün etmekde giň mümkinçilikleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek we döwlet edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de wise-premýere pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň hukuk binýadyny berkitmek ugrunda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

14.03.2026
Türkmenistanyň himiýa senagaty: ösüşiň we eksportyň täze ugurlary

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, himiýa senagatyny hem diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň himiýa senagatyny halkara derejede ösdürmek maksady bilen, döwlet tarapyndan uly maýa goýum serişdeleri goýberilýär. Garaşsyz Watanymyzyň dürli künjeklerinde himiýa önümlerini öndürýän döwrebap kärhanalar gurlup ulanmaga berilýär. Olarda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly pudagyň önümçilik kuwwatlyklary yzygiderli ýokarlandyrylýar. Şeýle hem himiýa önümlerini we çig mal öndürýän hususy kärhanalary gurmak, telekeçiligi ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Diýarymyzyň ägirt uly tebigy baýlyklaryna esaslanýan bu pudagyň tebigy gazy hem-de mineral serişdeleri çuňňur gaýtadan işlemek strategiýasy içerki zerurlyklary kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, himiýa önümlerini daşarky bazarlara çykarmaga-da mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň himiýa senagatynyň ösüşi döwlet Baştutanymyzyň köpugurly, bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti döretmäge gönükdirilen senagatlaşdyrma strategiýasynyň üstünliklere beslenýändiginiň güwäsidir. Himiýa pudagynyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler ýurdumyzyň we ilatyň bähbitleri üçin türkmen topragynyň tebigy baýlyklaryndan, uglewodorod serişdelerinden, mineral, gidromineral gorlaryndan netijeli peýdalanmakdan ybaratdyr. Tebigy gazyň we mineral serişdeleriň baý gorlaryna daýanýan bu pudak batly depginde ösdürilip, ägirt uly eksport mümkinçiligine eýe bolan ýokary tehnologiýaly senagata öwrülýär. Bu ugurdaky döwlet syýasaty çig maly çuňňur gaýtadan işlemäge, içerki we daşarky bazarlarda isleg bildirilýän önümleri öndürmäge ukyply täze önümçilik desgalaryny döretmäge gönükdirilendir.

Häzirki döwürde adamlaryň gündelik durmuşyny, döwletiň ykdysady ösüşini himiýa önümlerinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Himiýa senagaty kärhanalaryny öz içine alýan «Türkmenhimiýa» döwlet konserni pudagyň şu günüň talaplaryna laýyk gelmegi üçin, ilkinji nobatda, iri döwrebap kärhanalary gurmak, bar bolan önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak babatda toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirýär. Bu ugurda esasy meýilnamalar «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» we beýleki döwlet maksatnamalaryndan ugur alnyp amala aşyrylýar.

Himiýa senagatyny döwrebaplaşdyrmagyň ileri tutulýan ugry mineral dökünleriň önümçiligini giňeltmekdir. Bu bolsa ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Häzirki zaman senagat kärhanalarynyň işe girizilmegi bilen, Türkmenistan azot, fosfor we kaliý dökünleriniň önümçiligini ep-esli artdyryp, ýerli oba hojalyk pudagynyň zerurlyklaryny doly kanagatlandyrýar. Bu giň gerimli çemeleşme diňe bir oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, eksportyň geografiýasyny yzygiderli giňeltmäge-de mümkinçilik berýär.

Hazar deňzindäki gidromineral çig malyň özboluşly ýataklaryny özleşdirmek milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmagyň esasy ugry bolup durýar. Bu ýerde ýod, brom we brom önümleri, derman senagatynda, elektronikada, beýleki pudaklarda giňden ulanylýan dürli görnüşli duzy öndürýän täze, döwrebap önümçilik desgalaryny gurmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Öňdebaryjy ekstraksiýa we arassalaýyş tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy arassa düzümli önümleri öndürmäge mümkinçilik berip, türkmen himiýa önümleriniň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny şertlendirýär.

Pudagy ösdürmegiň strategiýasynda senagat taýdan ösüşiň hil taýdan täze tapgyryna geçmegi alamatlandyrýan gazhimiýa ugruna aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda döredilýän innowasion kärhanalar mawy ýangyçdan dürli görnüşli polimer önümleri, şol sanda polietilen we polipropilen öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu döwrebap materiallar ilatyň köpçülikleýin sarp edýän harytlarynyň, gurluşyk materiallarynyň, gaplama serişdeleriniň önümçiligini höweslendirmek arkaly kiçi we orta kärhanalaryň ösdürilmegi üçin esas bolup hyzmat edýär. Munuň özi bazary importyň ornuny tutýan ýokary hilli ýerli önümler bilen üpjün etmäge ýardam berýär.

Daşky gurşawy goramak, “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak himiýa senagatyndaky ähli maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň möhüm şertidir. Pudagyň desgalaryna ýapyk aýlanyşykly suw ulgamlary, döwrebap arassalaýjy süzgüçler, daşky gurşawyň ýagdaýyna awtomatlaşdyrylan gözegçilik edýän ulgamlar yzygiderli ornaşdyrylýar. Durnukly ösüş ýörelgesine şeýle ygrarlylyk ekologik töwekgelçiligi peseltmäge, senagat taýdan ösüşiň we tebigy deňagramlylygy saklamagyň arasyndaky sazlaşygy üpjün etmäge şert döredýär.

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümçilik meýilnamalaryny ýokary görkezijiler bilen ýerine ýetirmegi ýönekeý bir statistika bolman, eýsem, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň yzygiderli amala aşyrylýandygynyň aýdyň netijesidir. Pudaga gönükdirilýän ägirt uly möçberdäki maýa goýum serişdeleri dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hil we ekologik taýdan arassalyk babatda bäsleşmäge ukyply innowasion önümçilikleri döretmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistan mineral dökünleri öndürýän iri ýurt hökmünde halkara bazarlarda ornuny barha pugtalandyrýar. Şunda Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodyna aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ilkinji kärhanalarynyň biri bolan bu zawod häzirki wagtda Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynyň zerurlyklaryny doly kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, zawodda öndürilýän tehniki kükürt kislotasynyň artýan bölegi daşary ýurtlara-da eksport edilýär. Munuň özi diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, hyzmatdaşlarymyzyň hem azyk howpsuzlygyna goşulýan möhüm goşantdyr.

Bu zawod ençeme ýyllaryň dowamynda Diýarymyzyň senagat klasteriniň esasy kärhanalarynyň biri bolmak bilen, Türkmenistanda fosforly dökünleri öndürmäge ýöriteleşen ýeke-täk kärhanadyr. Onuň esasy önümleriniň biri ammoniý superfosfatydyr. Mundan başga-da, zawodda fosforly dökünleriň çig mallarynyň biri bolan tehniki kükürt kislotasy öndürilýär. Bu ýerde hereket edýän kuwwatlyklary täzelemek işi yzygiderli alnyp barylýar. 2016-njy ýylda täze kükürt kislotasynyň önümçiliginiň ýola goýulmagy munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen bir hatarda, häzirki wagtda tehnologik proseslere gözegçiligiň sanlylaşdyrylmagy ileri tutulýan ugur bolup durýar. Önümçilikde ornaşdyrylan datçikler önümiň hilini seljermäge, onuň ISO 9001 halkara standartyna doly laýyk gelmegini üpjün etmäge ýardam berýär.

Ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijiler zawodyň önümleriniň esasy sarp edijileridir. Olar daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilýän şertlerinde dökünlere bolan zerurlyklaryny doly üpjün edip, azyk bolçulygyny pugtalandyrmaga goşant goşýarlar. Häzirki wagtda kärhana diňe oba hojalygyna niýetlenen himiýa serişdelerini öndürmek bilen çäklenmeýär. Bu ýerde 30-dan gowrak önüm, şol sanda jemagat hojalygy üçin möhüm bolan suw arassalaýjy koagulýant, polimer önümleriň dürli görnüşleri öndürilýär.

Zawodda mineral serişdeleriň önümçiliginde ekologik taýdan ylmy çemeleşmä aýratyn üns berilýär. Ekologiýa strategiýasy diňe bir ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrman, eýsem, topragyň şorlaşmagynyň öňüni alýan, hasyl berijiligini gorap saklaýan önümleriň döredilmegini hem göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenabatdaky himiýa zawodynyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge ýardam berýän we milli ekologiýa syýasatyna laýyklykda hereket edýän önümçilige öwrülýändigini bellemek gerek. 2026-njy ýylda zawodda çylşyrymly dökünleriň täze görnüşleriniň synaglary işjeňleşdirildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde diňe bir ösümlikleri iýmitlendirmek bilen çäklenmän, eýsem, topragyň şorlaşmagynyň öňüni alýan, onuň düzümini gowulandyrýan serişdeleri döretmek boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.

2025-nji ýylyň oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda bu zawodda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşygynyň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzyň himiýa senagaty üçin möhüm waka boldy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda durmuşa geçirilýän iri taslamalar, ulanmaga berilýän täze önümçilik desgalary ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty dökünini öndürmäge niýetlenen täze toplumyň gurluşygy diňe bir önümçilik meýdanlarynyň giňeldilmegi bolman, eýsem, doly derejeli intellektual merkeziň döredilmegidir. Bu ýerde “Senagat 4.0” ýörelgesi ornaşdyrylyp, himiki reaksiýalar emeli aň tarapyndan dolandyrylar. Munuň özi adam faktoryny peseltmäge, himiki birleşmeleriň düzüminde ýokary takyklygy üpjün etmäge mümkinçilik berer. “Senagat 4.0” konsepsiýasynyň ornaşdyrylmagy bilen, Türkmenabatdaky himiýa zawody adaty senagat kärhanasyndan ählumumy sanly ekoulgama birikdirilen ýokary tehnologiýaly merkeze öwrüler. “Akylly” önümçilikde senagat internetiniň, uly maglumatlar (Big Data) seljermesiniň tehnologiýalary fosfor dökünleriniň önümçiligine hakyky wagt tertibinde gözegçilik etmäge, çig malyň we elektrik energiýasynyň sarp edilişini tygşytlamaga, önümçilikdäki bökdençlikleriň öňüni almaga ýardam berer. Şeýle innowasion tehnologiýa ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini, içerki sarp edijileri ýokary hilli fosforly dökünler bilen ygtybarly üpjün etmek bilen bir hatarda, Türkmenistanda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, daşary ýurtlardan getirilýän fosforly dökünleri özümizde öndürmäge-de şert döreder.

Bu giň möçberli taslamanyň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň tehniki bilim berýän ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryny täze iş orunlary bilen üpjün eder we durmuş-ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berer. Önümçilik gazlarynyň ýapyk aýlawly ulgamynyň hasabyna daşky gurşawa zyňyndylaryň nol derejesiniň üpjün edilmegini göz öňünde tutmagy zawoddaky täze tehnologiýalaryň aýratynlyklarynyň ýene biridir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň ekologiýa syýasaty “Daşky gurşawa aýawly çemeleşmek arkaly ösüş” ýörelgesine esaslanyp, ol howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýada berkidilendir. Ýurdumyz daşky gurşawda uglerod gazyny peseltmek we tebigy serişdelerden tygşytly peýdalanmak maksady bilen, senagat pudagyna halkara ekologik standartlary işjeň ornaşdyrýar. Bu babatda Türkmenabatdaky himiýa zawodynyň döwrebaplaşdyrylmagy diňe bir ykdysady taslama bolman, eýsem, ýurdumyzyň ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça borçnamalaryny hem üstünlikli ýerine ýetirmegiň aýdyň mysalyna öwrüler.

“Ýaşyl” ykdysadyýete geçmek we biodürlüligi gorap saklamak bu syýasatyň esasy ugrudyr. Himiýa kärhanasynda bu ýörelgeler suw dolanyşygynyň ýapyk aýlawly ulgamyny, zyňyndylary arassalamagyň döwrebap usullaryny işe girizmek arkaly ýerine ýetirilýär. Ýokary tehnologiýaly enjamlaryň ornaşdyrylmagy topraga, suw serişdelerine tehnogen täsiri ep-esli peseltmäge mümkinçilik berýär. Daşky gurşawyň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik kärhananyň ekologik meselelere jogapkärçilikli çemeleşýändigini tassyklaýar. Halkara bilermenler zawodda täze süzgüç ulgamlarynyň ornaşdyrylmagynyň atmosfera ýetirilýän täsiri ep-esli peseltmäge ýardam edendigini belleýärler.

Işgärler zawodyň esasy gymmatlygydyr. Bu ýerde halypa-şägirtlik ýoluna uly ähmiýet berilýär. Kärhanada amatly zähmet şertleri bilen birlikde, işgärleriň dynç almagy, saglygyny berkitmegi üçin hem ösen infrastruktura üpjün edilipdir. Zawod Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdepleri bilen ýakyn gatnaşyk saklap, ýaşlary goldamak boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge goşant goşýar. Talyplar önümçilikde iş tejribesini geçip, alan nazary bilimlerini amalyýetde berkidýärler.

Ýakyn geljekde bu ýerde ýyladyşhana hojalyklarynda uly isleg bildirilýän suwuk dökünleriň önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär. Bu önümçilik kärhana içerki bazarda barha artýan talaby kanagatlandyrmaga ýardam berer. Zawodyň çägindäki her bir täze desganyň işi halkyň bähbidini we ylmy-tehniki ösüşi ileri tutulýan ugur edinýän kuwwatly, gülläp ösýän döwletiň binýadynyň berkidilmegine goşantdyr. Geçmişiň däplerini, geljegiň tehnologiýalaryny özünde jemleýän Türkmenabatdaky himiýa zawody bu gün Türkmenistanyň senagat kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrülýär.

Uzak möhletleýin geljekde Türkmenistanyň himiýa senagaty innowasiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmaga goşant goşmagyny dowam etdirer. Işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegi we dünýäniň öňdebaryjy ylmy-barlag merkezleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýeneki üstünlikleriň berk binýadyny goýýar. Şeýlelikde, ýerli himiýa senagaty täze sepgitlere ynamly çykyp, häzirki döwürde Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň döredijilik kuwwatyny aýdyň görkezýär.

(TDH)

13.03.2026
Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň, durnuklylygyň we netijeli hyzmatdaşlygyň binýadyny pugtalandyrmaga goşant

Türkmenistan möhüm sebit, sebitara we ählumumy meseleler boýunça köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary öňe sürmek bilen, olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin yzygiderli işleri alyp barýar. Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarly bolan ýurdumyz döwletleriň we halklaryň arasynda özara ynanyşykly, netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam bermäge, derwaýys meseleleriň özara kabul ederlikli çözgütlerini işläp taýýarlamakda syýasy-diplomatik gurallary ilerletmäge çalyşýar. Geçen ýylyň sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde öňe süren 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy hem hut şu maksatlara gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan hemişe ähli halkara başlangyçlaryny BMG-niň Tertipnamasyna we onuň esas goýujy resminamalaryna, uzak möhletli maksatlaryna laýyk getirýär. Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň ileri tutýan strategik ugry bolup durýar. Türkmenistan halkara işlerde BMG-niň eýeleýän esasy ornuny pugtalandyrmak ugrunda yzygiderli çykyş etmegini dowam etdirer. Şunda halkara hukugyň berkidilmegi, halkara kadalaşdyryş binýadynyň kämilleşdirilmegi, BMG-niň konwensiýalarynyň, şertnamalarynyň, ylalaşyklarynyň we beýleki köptaraplaýyn resminamalarynyň durmuşa geçirilişiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy esasy şertdir.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ugurdaş döwlet edaralary bilen bilelikde 2028-nji ýylda Halkara hukugyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça 2026-njy ýyl üçin çäreleriň meýilnamasyny işläp taýýarlady. 18-nji fewralda bolsa bu resminamany durmuşa geçirmek boýunça ilkinji maslahat geçirildi. Meýilnama dürli çäreleriň toplumynyň, şol sanda guramaçylyk-usuly, ylmy-amaly, bilim, maglumat, aragatnaşyk häsiýetli çäreleriň geçirilmegini göz öňünde tutýan bäş esasy ugry öz içine alýar. Onuň çäklerinde halkara maslahatlar, ýaşlara niýetlenen wagyz-nesihat çäreleriniň toplumy, degişli okuw we usuly gollanmalaryň işlenip taýýarlanylmagy bellenilendir. Maglumat bilen üpjün etmegiň çäklerinde Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda ýörite bölümiň döredilmegi, ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly düşündiriş häsiýetli işleriň alnyp barylmagy göz öňünde tutulýar. Şunda parahatçylygy, durnuklylygy, hyzmatdaşlygy goldamagyň täsirli syýasy-hukuk guraly hökmünde Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň mümkinçiliklerini açmaga aýratyn üns berilýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda hormatly Prezidentimiziň öňe süren netijeli başlangyçlaryny, hususan-da, 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibini iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen bagly meselelere 23-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisinde hem garaldy. Bu ugurda esasy konwensiýalara, ylalaşyklara, beýleki resminamalara goşulyşmak bilen, ýurdumyz öz üstüne alan borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar. Şu maksat bilen döredilen pudagara topar tarapyndan milli hukuk binýadyny kämilleşdirmek, kanunçylyga umumy ykrar edilen kadalary ornaşdyrmak boýunça ulgamlaýyn işler alnyp barylýar. Türkmenistan bu babatda BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, Ýewropa Bileleşigi, ÝHHG ýaly düzümler bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär.

Toparyň mejlisinde “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň”, “Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň” ýerine ýetirilmeginiň tamamlanandygy bellenildi. 2026 — 2030-njy ýyllar üçin täze meýilnamalaryň taslamalary BMG-niň adam hukuklary boýunça şertnamalaýyn edaralarynyň tekliplerini, Ählumumy döwürleýin synyň dördünji tapgyrynyň maslahatlaryny, Durnukly ösüş maksatlaryny nazara almak esasynda taýýarlanyldy. Bularyň ählisi ýurdumyzyň parahatçylygy, durnuklylygy, netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ählumumy meseleleriň çözgüdine jogapkärli çemeleşýändigini tassyklaýar.

Mälim bolşy ýaly, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) hem-de “Merkezi Aziýa we Azerbaýjan” formatynda guraljak döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk edýär.

GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde Türkmenistan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerinde başlangyçly orny eýeläp, Arkalaşygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine, onuň işini häzirki döwrüň zerurlyklaryna laýyklykda täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam edýär. Ýurdumyz diňe bir GDA-nyň çäklerindäki ýokary derejeli duşuşyklardyr çärelere yzygiderli esasda gatnaşman, eýsem, olaryň geçirilýän merkezine hem öwrülýär. Şunda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2012-nji we 2019-njy ýyllarda-da başlyklyk edendigini nygtamak gerek. 2019-njy ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen Arkalaşygyň sammitiniň jemleri boýunça GDA gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnama biragyzdan kabul edildi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen bu resminamada Arkalaşygyň giňişligindäki hyzmatdaşlykda toplanan tejribeler, milli we umumy bähbitleriň deňeçerligi sazlaşykly utgaşyp, özara bähbitli gatnaşyklarda ylalaşylan çemeleşmeler, ony ösdürmegiň hem-de utgaşykly işi goldamagyň ugurlary kesgitlenendir. Bu Jarnamanyň möhüm ýörelgeleri GDA-ny ykdysady taýdan ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Strategiýasy ýaly Arkalaşygyň maksatnamalaýyn resminamasynyň binýadyny emele getirdi.

Şu gezekki başlyklyk etmek wezipesi barada aýdylanda, 2025-nji ýylyň oktýabrynda Duşenbede geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň bilelikde çözmeli wezipeleriň gerimine doly derejede düşünip, Arkalaşykda başlyklyk etmek wezipesine jogapkärçilikli çemeleşjekdigini nygtady. Şu maksat bilen, döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny öz içine alýan, ony mundan beýläk-de depginli ösdürmäge gönükdirilen degişli Konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy. Resminama laýyklykda, sebit howpsuzlygynyň we özara ynanyşmagynyň pugtalandyrylmagyna, bitaraplyk ýörelgeleriniň ilerledilmegine, parahatçylyk dialogynyň, özara düşünişmegiň meýdançasy hökmünde GDA-nyň ornuny berkitmek maksady bilen, diplomatik gurallaryň işjeňleşdirilmegine syýasy nukdaýnazardan uly ähmiýet berildi. Ýurdumyz halkara hukugy goramak üçin tagallalaryň birleşdirilmegi ugrunda çykyş edip, hyzmatdaş döwletlere BMG-niň çäklerinde ylalaşylan diplomatik çäreleri işläp taýýarlamagy teklip edýär.

Türkmenistan Arkalaşykda başlyklyk etmek wezipesini söwda, ykdysady, ulag, energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny ilerletmek babatda ulanmagy maksat edinýär. Şunda GDA-nyň ykdysady ösüşiniň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Strategiýasy esasy ýolgörkeziji bolup durýar. Arkalaşyga agza döwletleriň logistika we infrastruktura mümkinçiliklerini doly ýüze çykarmaga uly ähmiýet bermek bilen, ýurdumyz 2027-nji ýyly «GDA-nyň ulag arabaglanyşygynyň ýyly» diýip yglan etmegi teklip edýär. Ulag geçelgelerini ösdürmek bilen bir hatarda, sebitiň dünýä giňişligindäki bäsdeşlige ukyplylygynyň häzirki möhüm şerti bolup durýan sanly ösüşe, innowasiýalar boýunça hyzmatdaşlyga hem aýratyn üns berilýär. Ynsanperwer ugur, şol sanda bilim, ylym, medeniýet, syýahatçylyk, sport, ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň wajyp ugrudyr. Şeýle hyzmatdaşlyk Arkalaşygyň çäklerinde dostlukly, hoşniýetli döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, halklaryň ruhy we medeni mirasyny gorap saklamagyň aýrylmaz şerti bolup durýar.

2026-njy ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda “Saglygy goramagyň ýyly” diýlip yglan edildi. Milli saglygy goraýyş ulgamyny toplumlaýyn ösdürmegi we döwrebaplaşdyrmagy, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda kesgitlän Türkmenistan bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, şeýle özara gatnaşyklary GDA-nyň giňişliginde hem ilerletmegi maksat edinýär. Hormatly Prezidentimize Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň «Saglygy goraýyşda parahatçylygy, agzybirligi we diplomatiýany öňe sürmekde goşan goşandy üçin» atly ýörite sylagynyň gowşurylmagy ýurdumyzyň bu ulgamda alyp barýan işleriniň, gazanan üstünlikleriniň ýokary baha eýedigini nobatdaky gezek tassyklan waka boldy. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyz ekologiýa, daşky gurşawy goramak, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek meselelerini üns merkezinde saklaýar. Bu wezipeler Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynda hem beýanyny tapdy.

Umuman, şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndaky başlyklygy dürli ugurlarda özara hormat goýmak, ynanyşmak, netijelilik ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklara itergi bermäge we mazmun taýdan baýlaşdyrmaga, hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini ýüze çykarmaga gönükdirilendir.

Goňşy ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary berkitmek Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugrudyr. Türkmen halkyny hem-de bu ýurtlaryň halklaryny asyrlaryň dowamynda kemala gelen medeni umumylygy, dost-doganlyk gatnaşyklary, birek-biregi goldamak däpleri baglanyşdyrýar. Bu öňdengörüjilikli strategiýa eýermek bilen, Türkmenistan sebit we sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk teklipleri öňe sürüp, özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmak ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň uly ähmiýeti bardyr.

Azerbaýjan Respublikasynyň bu formata doly hukukly agza hökmünde goşulmagy hakyndaky başlangyç türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen duşuşygynda öňe sürlüpdi. Gahryman Arkadagymyz şol duşuşykda eden çykyşynda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmekde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň hyzmatdaşlygynyň hem-de özara goldawynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdi. Bu biziň umumy taryhy, ruhy we medeni ýakynlygy bilen birleşýän doganlyk halklarymyzyň bähbitlerine doly laýyk gelýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýokary derejeli ulgamlaýyn syýasy dialogyň möhümdigine ähmiýet berýän sebit hyzmatdaşlygyna düýbünden täzeçil çemeleşmek hakynda birnäçe ýyl mundan ozal öňe süren başlangyjy häzirki wagtda wajyp ähmiýete eýe bolýar. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň soňky ýyllarda geçirilen duşuşyklary munuň aýdyň güwäsidir. 2021-nji ýylyň awgustynda ýurdumyz üçünji konsultatiw duşuşygy kabul etdi. Ol “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň noýabrynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda nygtaýşy ýaly, Türkmenistan 2026-njy ýylda başlyklygy kabul etmek bilen, doganlyk halklaryň arasynda agzybirligi we jebisligi pugtalandyrmak, ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek, uly göwrümli maýa goýumlar we iri halkara taslamalary durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary eder. Döwlet Baştutanymyz ulag, energetika, söwda, önümçilik, tehnologiýa hyzmatdaşlygyny özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Hormatly Prezidentimiz döwrebap, köpşahaly, netijeli, durnukly ulag-logistika infrastrukturasyny döretmek babatda tagallalaryň birleşdirilmeginiň döwletlerimiziň strategik bähbitlerine laýyk gelýändigine ynam bildirdi. Energetika hyzmatdaşlygy barada aýdylanda, Türkmenistan bu ugurdaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça geljekki anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr. Şunda gürrüň diňe bir turba geçiriji taslamalar däl, eýsem, elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň möhümdigi barada hem barýar.

Ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalaryň halkara energetika we ulag arabaglanyşygynyň täze arhitekturasyny kemala getirmekde hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň, sazlaşykly ugurdaş düzümleri döretmegiň ýolunda anyk ädim bolandygyny bellemek gerek. 2025-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen “Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar)” hem-de “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamalar şolaryň hataryndadyr.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda hormatly Prezidentimiz senagatda we obasenagat toplumynda önümçilik zynjyrlarynyň döredilmegini, ýurtlarymyzyň çäklerinde dürli ugurly bilelikdäki kärhanalary döretmäge işewür toparlaryň has işjeň gatnaşmagyny, serhetýaka, sebit söwdasynyň giňeldilmegini wajyp wezipeleriň hatarynda görkezdi. Şunuň bilen bir hatarda, deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak, özara düşünişmek, raýdaşlyk esasynda sebitde suw meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň, ekologiýa meseleleri boýunça bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň möhümdigi bellenildi. Döwlet Baştutanymyz ynsanperwer hyzmatdaşlygyň goldanylmagynyň ýurtlarymyz üçin hemişe ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi.

Şeýlelikde, parahatçylyk döredijilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýän Bitarap Watanymyz sebit we ählumumy derejede ikitaraplaýyn görnüşde hem-de abraýly halkara guramalaryň, köptaraplaýyn meýdançalaryň çäklerinde syýasy dialogyň, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygyň, ynsanperwer gatnaşyklaryň ilerledilmegine uly goşant goşýar.

(TDH)

11.03.2026
Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara

Aşgabat, 8-nji mart (TDH). Şu gün Söwda-senagat edarasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň hormatly myhmanlarynyň hatarynda köp çagaly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, medeniýet işgärleri, dürli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlar, daşary döwletleriň, halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri bar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary esasynda, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda zenanlar döwlet tarapyndan aýratyn üns-alada bilen gurşalýar. Maşgalanyň, enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak, zenanlaryň zähmet çekmekleri, dynç almaklary üçin zerur şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir.

Döwlet Baştutanymyzyň Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, müňýyllyklardan gözbaş alýan milli maşgala mukaddesliklerimizi dowam etdirip, şahsyýetiň, maşgalanyň, jemgyýetiň we döwletiň arasyndaky baglanyşygy has-da berkitmekde, aýratyn-da, ýokary watançylyk duýguly, milli buýsançly ýaşlarymyzy — Watanymyzyň daýanjy bolan täze nesilleri terbiýelemekde dilleri senaly enelerimiziň hem-de zenanlarymyzyň ägirt uly hyzmatlary bardyr. Berkarar Watanymyzda gülden näzik gyzlarymyzyň, asylly gelinlerimiziň, mährem enelerimiziň sylag-sarpasy, abraý-mertebesi örän belentdir.

Häzirki wagtda türkmen zenanlary diňe bir maşgala ojagynyň eýesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýärler, telekeçilik işini alyp barmak bilen, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşýarlar, döwletimiziň syýasy durmuşyna işjeň gatnaşyp, jemgyýetde aýratyn orny eýeleýärler. Türkmenistanyň milli hukuk ulgamy erkeklerdir zenanlaryň deň hukuklaryny üpjün edýän berk kepillikleri özünde jemleýär. Esasy Kanunymyz jynsyna garamazdan, ähli raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň deňdigini ykrar edýär. «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny durmuşyň ähli ulgamlarynda gender deňligini üpjün etmek üçin esasy binýada öwrüldi. Bu bolsa jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda demokratik we deňhukuklylyk ýörelgelerinden ugur alynýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyň çäginde zenanlaryň meseleleri boýunça BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär we bu ugurdaky halkara konwensiýalaryň düzgünlerini yzygiderli durmuşa geçirýär. Döwletimizde zenanlaryň mertebesini belent tutup, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek durnukly ösüşiň özeni hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz zenanlaryň ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara başlangyçlar bilen çykyş edýär, bu babatda sebit maksatnamalaryna işjeň gatnaşýar. Geçen ýylyň dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda geçirilen «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahat munuň anyk güwäsi boldy.

Zenanlar Diýarymyzda bellenilýän her bir baýramçylyga özboluşly bezeg berýärler. Olaryň näzik elinden, döredijilik ylhamyndan dörän halylar, milli egin-eşiklerimiz, halk döredijiliginiň naýbaşy eserleri bolan läleler, hüwdüler, monjugatdylar, öleňler medeni mirasymyzyň kemala gelmeginde ähmiýetli orny eýeläpdir. Mähriban gelin-gyzlarymyzyň zehininden kemal tapan türkmen milli halyçylyk, keşdeçilik we ýüpekçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi-de muny doly tassyklaýar.

Ýurdumyzyň köp sanly zenanlary ýylyň-ýylyna döwlet sylaglary — ordendir medallar bilen sylaglanylýar. Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda hem hormatly Prezidentimiz köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana we edara-kärhanalarda zähmet çekýänlerden başlap, pensiýadaky enelere, mekdep okuwçylaryna, çagalar baglarynda terbiýelenýänlere çenli ähli gelin-gyzlara pul sowgatlaryny gowşurmak hakynda Buýruga gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça köp çagaly maşgalalara täze öýleriň açarlarynyň gowşurylmagy olaryň baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrdy.

Döwletimiziň özleri baradaky aladasyny hemişe duýup ýaşaýan ýurdumyzyň zenanlary hemmetaraplaýyn goldawlar, maşgala ojaklaryndaky abadançylyk, saýlap alan ugurlarynda öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, çagalaryny gülläp ösýän abadan ýurtda terbiýelemek babatda döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny bildirýärler.

...Söwda-senagat edarasynda Watanymyzyň ajaýyp gelin-gyzlarynyň hormatyna geçirilen dabara şowhunly pursatlara baý boldy. Dabarada meşhur aýdymçylar, tans toparlary çykyş etdi. Konsert ýurdumyzyň birleşen teatr artistleriniň ýerine ýetirmeginde «Arkadagly, Arkadagly Serdarly gül Watanda eneleriň mähri bar» atly aýdym-sazly edebi kompozisiýa bilen açyldy. Çykyşda türkmen zenanlarynyň we mährem enelerimiziň gözelligi, hoşniýetliligi, päk ahlaklylygy, berkarar Watanymyzda zenanlara goýulýan hormat-sarpa wasp edildi.

2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly aýdym şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Bu joşgunly aýdymda Türkmenistanyň bedew batly ösüşleri, Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler wasp edildi.

Konsertde ajaýyp aýdym-sazlar, meşhurlyk gazanan we täze aýdymlar, nusgawy sazlar, daşary ýurtlaryň aýdym-sazlary, şol sanda italýan we iňlis dillerinde aýdymlar ýaňlandy. Baýramçylyk gutlaglary bilen utgaşan konsertde Türkmenistanyň halk we at gazanan artistleri, meşhur aýdymçylar, ýaş ýerine ýetirijiler belent ruha, iň gowy arzuwlara beslenen aýdymlaryny mährem gyz-gelinlerimize bagyşladylar. Ähli çykyşlaryň wideogörnüşler bilen utgaşdyrylmagy konsertiň özüne çekijiligini has-da artdyrdy.

Dabara gatnaşyjylar «Küştdepdi» tansyny joşgunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Bu ajaýyp tans halkymyzyň medeni we ruhy mirasynyň köpöwüşginli gözelliginiň beýanydyr.

Baýramçylyk dabarasy dünýämizi bezeýän, oňa sazlaşyk, döredijilik şatlygyny bagyşlaýan ähli enelerimize, uýalarymyza, gyzlarymyza, zenanlarymyza bagtyýarlyk baradaky iň gowy arzuwlaryň beýanyna öwrülen «Bagtyýar Diýaryň mähribanlary» atly aýdym bilen jemlendi.

* * *

Halkara zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly dabaralar ýurdumyzyň ähli künjeklerinde — paýtagtymyzyň, Arkadag şäheriniň, welaýatlaryň konsert merkezlerinde-de ýaýbaňlandyryldy. Mährem zenanlarymyza bagyşlanan ajaýyp dabaraly çäreler şatlyk-şowhuna beslendi.

09.03.2026
Zenanlar we çagalar baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Diýarymyzda Halkara zenanlar gününiň giňden bellenilýän gününde häzirki zamanyň ösen talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede bina edilen Arkadag şäherinde bolup, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň mährem enelerini, gelin-gyzlaryny gutlady.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda bahar paslynyň ilkinji günlerinde mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň baýramynyň — Halkara zenanlar gününiň giňden bellenip geçilýändigini aýdyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent ruhly, päk ahlakly, çeper elli türkmen zenanlarynyň sarpasynyň belent tutulýandygyny, dürli kärde zähmet çekýän gelin-gyzlaryň zähmetine uly hormat goýlup, olar üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi.

Milli Liderimiz mähriban ene-mamalarymyzy, bagtyýar gelin-gyzlarymyzy, eziz uýalarymyzy, gyzjagazlary ajaýyp bahar baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we ata-babalarymyzyň zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak ýaly milli däpleri kämilleşdirip, mukaddeslik derejesine ýetirendiklerini nygtady. Türkmen halky ene-mamalarymyza, mähriban zenanlarymyza maşgala ojagynyň, maşgala abadançylygynyň eýesi hökmünde garap gelipdir. “Mährem enä, wepaly ýanýoldaşa, mähriban uýa bolan aýratyn hormat asyrlardan aşyp, halkymyzyň asylly däpleri hökmünde biziň günlerimize gelip ýetipdir. Ynsana ýaşaýşy peşgeş beren ene hemişe tagzym edilmeli mukaddeslikdir. Ol Watan, ýurt, toprak bilen deň derejede goýulýandyr. «Ene toprak» diýlen düşünje hem ýöne ýerden dörän däldir. Şahyryň sözleri bilen aýtsak, biz enäni dünýäniň görki we durky hasaplaýarys. Eneleri begendirmek, razy etmek iň uly bagtdyr. Eneleriň ak patasy, alkyşy ýollaryňy açýan gudrat hasap edilýär” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Halkara zenanlar gününiň baýramçylyk dabaralarynyň giňden toýlanylýandygyny belläp, Milli Liderimiz bagtyýar zenanlaryň gazanylýan ähli üstünliklere, ata Watanymyzyň kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga mynasyp goşantlaryny goşýandyklaryny, milli däp-dessurlarymyzy aýawly saklamakda olaryň aýratyn ornunyň bardygyny nygtady. “Döwletimiz köp çagaly maşgalalary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak barada aýratyn alada edýär. Her ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan köp çagaly eneleri sarpalamak dabarasyny geçirýäris. Köp çagaly maşgalalaryň uly toparyna ýokary amatlyklary bolan täze öýleriň açarlary gowşurylýar” diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýurdumyzyň zenanlaryna pul sowgatlaryny gowşurmagyň asylly däbe öwrülendigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz gelin-gyzlarymyzyň Watanymyzyň owadan gül-gunçalarydygyny, öýlerimiziň bagt ýyldyzlarydygyny nygtady we zenanlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, işlemekleri üçin mundan beýläk-de ähli zerur şertleriň dörediljekdigini tassyklady.

Milli Liderimiz ene-mamalarymyzy, gelin-gyzlarymyzy, gyzjagazlary, ähli zenanlary ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, egsilmez bagt, maşgala ojaklarynyň abadan bolmagyny arzuw etdi.

...Soňra Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan gyzjagazlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny gowşurmak dabarasy boldy. Olara Gahryman Arkadagymyzyň adyndan baýramçylyk sowgatlarynyň hem gowşurylmagy bu ýerde guralan dabaranyň ähmiýetini has-da belende göterdi.

Häzirki döwürde bagtyýar çagalygyň we nurana arzuwlaryň hasyl bolýan mekany hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Şunda ýaş nesilleriň saglygyny berkitmek, olaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu hakykat çagalaryň we olaryň ata-eneleriniň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdýan çuňňur alkyşlarynda-da öz beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň adyndan gowşurylan baýramçylyk sowgatlary uly buýsanç duýgulary bilen kabul edildi. Merkezde bejergi alýan çagalar belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlaryň üsti bilen tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

(TDH)

09.03.2026
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 6-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň iki aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda, Jenaýat we Jenaýat iş ýörediş kodekslerine, “Migrasiýa hakynda”, “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda”, “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda”, “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna we başga-da birnäçe kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça işler dowam edýär.

Welaýatlarda täze döredilen etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine 29-njy martda geçiriljek saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, saýlaw toparlaryna bu syýasy-jemgyýetçilik çäresiniň ähmiýetini we saýlaw kanunçylygyny düşündirmekde guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam berilýär.

Çad Respublikasynyň we Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, ýurdumyzdaky daşary ýurt wekilhanalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 5-si geçirildi. Mejlisiň deputatlarydyr hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 14-sine gatnaşdylar. Halkara tejribeleri öwrenmek maksady bilen, deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 3-si amala aşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1,9 göterime, gurluşykda 6 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,5 göterime, söwdada 8,5 göterime, oba hojalygynda 2,4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň iki aýynda jemi öndürilen önüm 10,3 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 10,3 göterim, daşary söwda dolanyşygy 0,8 göterim artdy.

Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,1 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 21,3 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmek üçin netijeli işleri alyp barmagyň, jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamagyň, ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan önümçilik meýilnamalarynyň doly ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzyň welaýatlary boýunça durmuş-ykdysady taýdan ösüşi üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 107,3 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 107,1 göterime deň boldy. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 122,7 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 106,4 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 102,7 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 119,7 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 106,7 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegiň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere nebitgaz toplumynyň bar bolan önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmagy, gazylyp alynýan ýerasty baýlyklaryň täze gorlaryny gözläp tapmak üçin netijeli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 107,5 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 109,3 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 103,6 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 134,6 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 109,2 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 100,3 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 100 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 108,7 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 100 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 100,5 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 107,2 göterim ýerine ýetirildi.

Häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, gowaça ekiljek meýdanlarda ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, ýeralma we gök ekinleri ekmek, ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlyk görmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy we köşek almak möwsümine guramaçylykly girişildi. Şeýle hem welaýatlarda suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak, suw hojalyk desgalaryny abatlamak boýunça zerur işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek bilen bagly agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmegiň, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy almak möwsümini talabalaýyk geçirmegi, ýazky bag ekmek möwsümine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 129,7 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 105,6 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 122,3 göterim, Energetika ministrligi boýunça 109,4 göterim boldy. Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 108,6 göterim berjaý edildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 158 göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasyna 119,4 göterim amal edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda senagat pudaklaryny ösdürmek boýunça netijeli işleri durmuşa geçirmegiň, binagärlik, taslama we gurluşyk babatda bellenen kadalaryň berjaý edilişine gözegçiligi üpjün etmegiň, himiýa kärhanalarynyň doly kuwwatynda işledilmegi üçin geçirilýän işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegi, awtomobil ýollaryny gurmak hem-de durkuny täzelemek işlerini güýçlendirmegi, şu ýyl ýurdumyzda ulanmaga beriljek binalardyr desgalaryň gurluşygynyň ýokary hilli alnyp barylmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabatda nygtalyşy ýaly, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106,7 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,5 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 100,7 göterim, şol sanda nah ýüplügiň önümçiliginde 100 göterim, nah matalaryňkyda 100,1 göterim, gön önümleriniňkide 103,7 göterim ösüş depgini gazanyldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 104,5 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan hasabat döwründe 50 birža söwdasy geçirilip, olarda 4 müň 876 şertnama hasaba alyndy.

2026-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 128,1 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe bir sergi, 5 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,5 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 106,3 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň söwda toplumynyň önümçilik kärhanalarynyň kuwwatyny doly peýdalanmagyň, bazarlarda we söwda nokatlarynda azyk önümleriniň, beýleki harytlaryň üpjünçiligini hemişe gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi. “Dokma senagaty kärhanalarynda ýokary hilli önümleri öndürmek işine üns bermek, hususy pudagy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamak zerurdyr” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda 2026-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy, milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar, belli seneler mynasybetli dürli medeni çäreler hem-de dabaralar geçirildi. Kinoteatrlarda, kinokonsert merkezlerinde kino görkezilişleri, konsertler geçirilip, kitaphanalarda, muzeýlerde, taryhy-medeni ýadygärlikler toplumlarynda medeni hyzmatlar hödürlenildi.

“Bedew bady: güýç hem gözellik” atly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döwletara telewizion filmleriniň bäsleşigi yglan edildi. Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky medeniýet ojaklarynda Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan birnäçe çäreler we dabaralar, şol sanda Garaşsyzlyk ýyllarynda surata düşürilen filmleriň hepdeligi geçirildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýakyndan ýardam bermeginde surata düşürilen “Kompozitor” atly filmiň Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) iki sany ýörite baýragyna mynasyp bolmagyna bagyşlanyp, paýtagtymyzda dabaraly maslahat geçirildi. Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň we Hytaýyň sungat wekilleriniň gatnaşmaklarynda “Ýüpek ýoly karnawaly — Bahar baýramy festiwaly” atly bilelikdäki medeni çäre geçirildi. Italiýanyň Rim şäherinde “Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary” atly arheologik sergi öz işini dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň işini döwrebap alyp barmak boýunça zerur çäreleri dowam etdirmegiň, kitaphanalarda, muzeýlerde we beýleki medeni ojaklarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere taryhy-medeni ýadygärliklerimizi aýawly saklamak, öwrenmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi, göz öňünde tutulan medeni çäreleri ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilim işine okatmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga, ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Okuwçy we talyp ýaşlar halkara ders, internet bäsleşiklerine gatnaşyp, dürli derejedäki medallary gazandylar. Abraýly ýokary okuw mekdepleri, diplomatik wekilhanalar bilen sanly ulgam arkaly duşuşyklar, maslahatlar, okuw sapaklary geçirildi. Ylym ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirildi. 2026-njy ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň, alymlyk derejelerine dalaşgärleriň, kliniki ordinatorlaryň sany tassyklanyldy. Ylmyň we tehnologiýalaryň wajyp ugurlary boýunça barlaglar alnyp baryldy.

Hasabat döwründe ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda keselleriň öňüni almagyň, bejermegiň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak işleri dowam etdirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli operasiýalar, bejergiler amala aşyryldy. Paýtagtymyzda “Bütindünýä saglygy goraýyş çygrynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog” atly halkara okuw maslahaty ýokary derejede geçirildi. Bedenterbiýäni, sporty ösdürmek boýunça işler hem dowam etdirildi. Ýurdumyzyň türgenleri halkara ýaryşlarda jemi 23 medal gazandylar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, dürli çäreler guraldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan ynsan saglygyny goramak, lukmançylyk ylymlaryny ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatynda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli kararyň taslamasyny hödürledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaş nesli terbiýelemäge, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge uly ähmiýet berilýändigini, şoňa görä-de, bilim bermegiň hilini has-da ýokarlandyrmak boýunça netijeli işleri durmuşa geçirmegiň möhümdigini belledi. “Ylym ulgamyny kämilleşdirmegi, ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmagy üns merkezinde saklamak, sporty ösdürmäge aýratyn üns bermek, saglygy goraýyş ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek zerurdyr” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, lukmançylyk ylmyny kämilleşdirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny” tassyklamak hakynda Karara gol çekip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatyny durmuşa geçirmek, Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn gatnaşyklary babatda öňde goýýan wezipelerini, tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan hasabat döwründe degişli işler amala aşyryldy. Mälim bolşy ýaly, ýokary derejedäki saparlar we duşuşyklar ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşinde möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň guralandygy bellenildi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň diplomatik gullugy tarapyndan dürli döwletleriň daşary syýasat edaralary bilen bilelikde 2026-njy ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlara saparlaryny guramak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 21 — 23-nji ýanwarda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktorynyň ýurdumyzda saparda bolandygy aýdyldy. Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi 66 wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi we Türkmenistandan 165 wekiliýet daşary ýurtlarda boldy. Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 73-si geçirildi. Şeýle-de hasabat döwründe Türkmenistanda daşary ýurtlar, halkara guramalar bilen bilelikde resmi gepleşikleriň we duşuşyklaryň 291-si guraldy. Döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti halkara resminamalaryň 20-si bilen ýetirildi.

Daşary işler ministrligi bilen beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek boýunça işler yzygiderli amala aşyrylýar. Bu babatda hasabat döwründe Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Bulardan başga-da, hasabat döwründe Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti, Halkara Deňiz Guramasynyň Baş sekretary bilen gepleşikler geçirildi.

Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Hindistan Respublikasynyň, Marokko Patyşalygynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Zimbabwe Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň daşary syýasat edaralary bilen geňeşmeler guraldy. Daşary ýurt döwletleriniň ilçihanalarynyň üsti bilen diplomatik gatnaşyklary ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Hasabat döwründe Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri ynanç hatlaryny gowşurdylar. Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky ilçisi hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilleri ynanç hatlaryny gowşuryp, resmi taýdan işe başladylar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýermek bilen, ählumumy abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýandygyny, dünýäniň ähli döwletleri, halkara guramalar bilen deňhukukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda ýola goýlan gatnaşyklary berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2026-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 114,3 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 101,1 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 103,2 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 106 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 126,2 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 118,7 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 113,8 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça 113,2 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň, Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň, ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmak boýunça işleri alyp barmagyň möhümdigini nygtady. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz wise-premýere aragatnaşyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, geçen iki aýda alnyp barlan işleriň gowy netijeleri görkezendigini belledi. “Biziň alyp barýan syýasatymyz netijesinde ata Watanymyzy ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär, önümçilik pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, täze, döwrebap kärhanalary gurmaga we bar bolan kärhanalary döwrebaplaşdyrmaga uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp galandygyny kanagatlanma bilen belledi. Nebitgaz, söwda, ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, oba hojalyk pudagynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär. “Şeýle hem täze senagat desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de öňde goýlan maksatlary üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, kabul edilen maksatnamalary amala aşyrmak boýunça netijeli işleri geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ýurdumyzda Halkara zenanlar gününiň giňden bellenip geçiljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Halkara zenanlar gününi dabaraly bellemek we 8-nji martdaky dynç gününi 9-njy marta — duşenbe gününe geçirmek barada resminama gol çekdi. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz eziz enelerimizi, mähriban gelin-gyzlarymyzy Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

07.03.2026
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 4-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle-de Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Watan goragçylarynyň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda amala aşyrylan işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň, Milli goşunymyzy ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmakda dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini yzygiderli öwrenmegiň möhümdigini belledi hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Baş prokuror B.Muhamedow milli kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek, bu ugurda sanly ulgamy işjeň ulanmak we prokuratura edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanunlaryň we hukuk namalarynyň takyk ýerine ýetirilişine prokuror gözegçiligini dowam edip, mundan beýläk-de kanunylygy pugtalandyrmagyň, raýatlaryň hukuklaryny üpjün etmek babatda netijeli işleri alyp barmagyň wajyp wezipe bolup durýandygyny aýtdy hem-de bu babatda Baş prokurora birnäçe görkezmeleri berdi.

Içeri işler ministri M.Hydyrow geçen iki aýda ýurdumyzda hukuk tertibini pugtalandyrmak, düzgün bozulmalaryň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmek babatda ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, kazyýet edaralaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, kazyýet ulgamyny kämilleşdirmegiň barşy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunylygy üpjün etmek, döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini, raýatlaryň hukuklaryny goramak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň, kazyýet edaralarynyň işiniň hilini has-da ýokarlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi hem-de bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri D.Meredow şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işler, Watanymyzda parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimiziň konstitusion gurluşyny, milli bähbitlerini goramak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmek, milli howpsuzlyk edaralarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy I.Ilamanow geçen iki aýda Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça görlen çäreler, bu ugurda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň döwlet serhediniň dost-doganlyk serhedi bolup durýandygyny belledi hem-de onuň goraglylygyny üpjün etmek, serhet goşunlarynyň işini kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Adalat ministri M.Taganow halkara tejribäni ornaşdyrmagyň hasabyna milli kanunçylyk işini kämilleşdirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, bu düzüme sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ýylyň başyndan bäri amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek işlerini has netijeli dowam etdirmegiň, raýatlara kanunçylygy düşündirmek bilen bagly wagyz-nesihat işlerini geçirmegiň zerurdygyny aýtdy we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şol sanda sanly ulgamy, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna işiň netijeliligini ýokarlandyrmak, gullugy ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Türkmenistanyň gümrük nokatlarynda gümrük düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow migrasiýa hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, düzümi ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, şu ýylyň iki aýynda amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, migrasiýa edaralarynyň işini kämilleşdirmegi üns merkezinde saklamagyň, ýokary hilli migrasiýa hyzmatlaryny üpjün etmek boýunça işleri netijeli dowam etdirmegiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda gullugyň ýolbaşçysyna anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

05.03.2026
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 2-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Häkim welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde dowam edýän oba hojalyk işleriniň çäklerinde bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek we ony talabalaýyk geçirmek maksady bilen, meýdanlary, ýokary hilli gowaça tohumyny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatda geçirilmegi göz öňünde tutulýan medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk işleri, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin agrotehniki çäreleriň guramaçylykly geçirilmeginiň oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bugdaýyň ýokary hasylyny ýetişdirmek we ilatymyzy galla önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, oba hojalyk tehnikalaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişini bellenen möhletlerde tamamlamak babatda zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatda geçiriljek baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk işleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda meýilleşdirilen işleriň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ekerançylyk işinde ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň ýokary hilli önüm almaga ýardam berýändigini belledi we häkime welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde sebitde şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, azyk bolçulygyny pugtalandyrmak boýunça öňde goýan wezipelerine laýyklykda, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin işer dowam edýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda tekizlemek, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, pagta öndürijiler üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny, oba hojalyk tehnikalaryny ekiş möwsümine taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Welaýatda soganyň, kelemiň ekişine girişildi. Şeýle hem häkim Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we häkime bugdaýa ideg etmek hem-de ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek işlerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde şu ýyl bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ak ekin meýdanlarynda goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak, tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak ugrunda degişli işler geçirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar. Şeýle-de häkim Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatda geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerine gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda nygtalyşy ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri utgaşykly dowam etdirilýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde ekerançylyk meýdanlarynda tekizlemek we geriş çekmek, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek babatda zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatda meýilleşdirilen dabaraly çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny nygtap, häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenen wezipeleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini aýdyp, bu ugurdaky işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek, jogapkärli möwsümi talabalaýyk geçirmek maksady bilen, meýdanlary hem-de pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Ilaty ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde ýazlyk gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak, ýeralmanyň we gök ekinleriň ekişini guramaçylykly geçirmek ugrunda degişli işler dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki strategik ornuna ünsi çekdi we möwsümleýin oba hojalyk işlerinde ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň önümçilikde ýokary netijeleri gazanmak bilen bir hatarda, ýer-suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga, topragyň şorlaşmagynyň öňüni almaga ýardam berýändigini belledi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetine ýene bir gezek ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde tekizlemek, çil we geriş çekmek, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda ýuwuş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün etmegi, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen öz wagtynda, ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi, oba hojalyk tehnikalaryny ýazky ekiş möwsümine doly taýýar etmegi, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg etmek, goşmaça dökünleri bermek işini agrotehniki möhletlerde geçirmegi, bugdaý meýdanlarynda ösüş suwunyň tutulyşyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişini agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmegiň, Daşoguz welaýatynda bu ekinleriň tohumlaryny we ekiljek ýerlerini ekiş möwsümine doly taýýar etmegiň, welaýatlaryň bugdaý, pagta öndürijileri bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramy mynasybetli welaýatlarda meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede geçirmegiň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, sebitlerde şu ýyl göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigini belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

03.03.2026