Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň nobatdaky Kararnamasy kabul edildi
Milli Liderimiziň oňyn bitaraplygyň ýörelgelerine esaslanýan hem-de ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli, täzeçillik syýasaty türkmen döwletiniň dünýädäki abraýyny barha artdyrýar. Birleşen Milletler Guramasy bilen depginli ösdürilýän gatnaşyklar hem-de Türkmenistany ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hasaplaýan BMG-niň ýurdumyza bildirýän belent ynamy muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Şu ýylyň 16-njy aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi munuň nobatdaky subutnamasy boldy. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň 72-si bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.
Bilşimiz ýaly, döwlet Baştutanymyz bu başlangyjy 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý sessiýasynyň çäklerinde eden çykyşynda öňe sürüpdi.
Dürli ugurlar boýunça işlemek üçin özboluşly edara bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi döwrüň möhüm meseleleri babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşýar. Türkmenistanyň we merkeziň bilelikdäki işi, tutuşlygyna alanyňda, esasy maksatlara — Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy gazanmaga gönükdirilendir.
BMG-niň Merkezi Aziýa sebitindäki bu edarasynyň işiniň netijeliligi barada BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen hem-de bu düzümiň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli 2017-nji ýylyň noýabrynda kabul edilen Kararnamasynda hem nygtalandygyny belläp geçmek wajypdyr.
Merkezi Aziýanyň ýurtlary sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde, şonuň ýaly-da, sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde wajyp orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, terrorçylyga garşy göreşmekde we güýç ulanmagyň öňüni almakda hyzmatdaşlyk etmek Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň esasy wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlenildi.
Bu gün terrorçylyga garşy wajyp resminamalaryň hereket edýändigini, şolaryň her biriniň öz düzgünleşdiriji ugurlarynyň bardygyny, şol bir wagtyň özünde birek-birek bilen özara baglanyşyklydygyny bellemek gerek. Döwletler BMG-niň terrorçylyga garşy göreş boýunça konwensiýalarynyň binýatlaýyn häsiýetini hem-de halkara hukuk borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmegiň möhümdigini ykrar edip, olary üpjün etmek boýunça ýörite maksatnamalary işläp taýýarlaýarlar. Iş ýüzündäki ädimler hökmünde bu ulgamdaky milli kanunçylygyň kabul edilmegini, sebit derejesinde degişli şertnamalaryň taýýarlanylmagyny, iş toparlarynyň döredilmegini, ýöriteleşdirilen düzümler bilen ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny bellemek bolar.
Kararnamada Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Owganystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen tagallalary bellenilýär. Şeýle hem resminamada sebit merkeziniň BMG-niň ýurt boýunça toparlary, gapma-garşylyklaryň öňüni almak meselelerinde Parahatçylyk gurujylyk gaznasy, şonuň ýaly-da, ýaşlaryň, zenanlaryň jemgyýetdäki, syýasatdaky, ykdysadyýetdäki ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen we ýolbaşçy zenanlaryň toparyny okatmak üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň akademiýasy bilen hyzmatdaşlykdaky oňyn orny nygtalýar.
Umuman, Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň nobatdaky wajyp resminamasynda öz beýanyny tapan, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda işjeň durmuşa geçirilýän netijeli daşary syýasy strategiýasy ýene-de bir gezek dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe boldy. Türkmen döwleti sebit goşulyşmalary boýunça başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirip, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi tarapyndan 2030-njy ýyla çenli Ählumumy gün tertibini durmuşa geçirmek maksady bilen alyp barýan işlerine mundan beýläk-de işjeň gatnaşar.
"Nesil".
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/26284