Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady Komissiýasynyň 69-njy mejlisi ikinji güni öz işini dowam etdi

2021-nji ýylyň 21-nji aprelinde Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen 69-njy mejlisiniň ikinji günündäki mejlisiniň işine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammmetgeldi Serdarow we ministrligiň degişli wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda, onuň gün tertibine laýyklykda, birnäçe meseleleriň üstünde durlup geçildi we olary çözmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň gün tertibiniň sekizinji soragy bolan Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň jogapkär weziplei taraplaryny saýlamak bilen bagly meselä seredildi. Ýagny, Ýewropa Ykdysady Komissiýasyna häzirki wagta çenli ýolbaşçylyk eden Belarus Respublikasynyň ýerine 2021-2023-nji ýyllar döwri üçin ýolbaşçy wezipesine Awstriýa Respublikasy saýlanyp, Komissiýanyň ýolbaşçysynyň orunbasarlary wezipelerine Türkmenistan hem-de Şweýsariýa Konfederasiýasy saýlandy.

Soňra, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili A.Haljanow, öz çykyşynda, türkmen wekiliýetiň adyndan Türkmenistanyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň işine Bitaraplyk ýörelgeleriniň esasynda işjeň gatnaşjakdygyny aýtdy.

Mejlise gatnaşan döwletleriň wekilleri ýolbaşçy wezipelerine täze saýlanan döwletleriň wekillerini mähirli gutladylar.

Mejlisiň ahyrynda bu mejlisiň işiniň gutarnykly hasabaty kabul edildi we mejlis öz işini tamamlady.

Mejlisiň ahyrynda Mähriban Watanymyzyň halkara giňişliginde abraý-mertebesiniň belende galmagynda, ýurdumyzyň halkara guramalary bilen hyzmatdalygyny işjeňleşdirmekde ägirt uly işleri amala aşyrýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi