Telekeçilik ösüş ýolunda

DÖWRÜŇ TALABYNDAN UGUR ALYNÝAR

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek babatdaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde, döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, diňe bir şäherlerimizde däl, eýsem, obalarda-da telekeçilik kärhanalarynyň köp sanlysy hereket etmek bilen, dürli pudaklarda amala aşyrylýan giň möçberli işlere mynasyp goşant goşýarlar. Olaryň hatarynda Görogly etrabynyň Yzmykşir geňeşliginiň çäginde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ynsan kalby» hususy kärhanasy hem bar. Biz bu kärhananyň ýolbaşçysy Agamyrat Söýünow bilen alnyp barylýan işler hakynda gürrüňdeş bolduk.

— Agamyrat, söhbedimizi kärhanaňyzyň döredilişinden, ilkinji ädimlerinden başlabereli! Sebäbi her bir işiň başlangyjy hem aladaly, hem gyzykly bolýar.

— Hemmämiziň bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň döwlet baştutanlygyna saýlanan ilkinji günlerinden başlap, esasy üns beren meseleleriniň biri-de telekeçiligi ösdürmekden ybarat boldy. Şeýle aladalaryň netijesinde, bu ugurda iş alyp barmak üçin derwaýys binýat, oňaýly şertler döredildi. Biz hem olar bilen tanyş bolup, hemmetaraplaýyn taýýarlyk görenimizden soň, 2014-nji ýylda şu kärhananyň işini ýola goýduk.

Kärhanamyzyň esasy ugry gurluşyk pudagyna degişli bolup durýar. Biz ilkinji ýyllardan öz işimizi welaýatymyzyň dürli ýerlerinde bilim ulgamyna dahylly jaýlarda, ýagny orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň binalarynyň durkuny täzelemekden, ýeňil hem-de düýpli abatlaýyş çärelerini geçirmekden başladyk. Şeýlelikde, olaryň ençemesini ýokary hilli abatlap, döwrebaplaşdyrdyk.

— Bu barada anygrak aýtsaňyz ýerlikli bolardy.

— Daşoguz şäherindäki, Gurbansoltan eje adyndaky, S.A.Nyýazow adyndaky, Görogly, Akdepe etraplaryndaky orta mekdeplerde, çagalar baglarynda şeýle işleri berjaý etdik. Jemläp aýdanymyzda, kärhanamyz tarapyndan olaryň 43 sanysynda durkuny täzelemek, abatlamak çäreleri ýerine ýetirildi.

— Siz şu döwürde bu işlerden başga-da, kärhanaňyzyň kerpiç öndürýän zawodyny hem gurup işe girizipsiňiz.

— Hawa, 2018-nji ýylda degişli resminamalary taýýarlap, şu zawodyň gurluşygyna girişdik hem-de ony geçen ýyl işe girizdik. Häzirki wagtda kerpiç zawodymyz doly güýjünde hereket edýär.

— Eger mümkin bolsa, ol barada giňişleýin maglumat berseňiz!

— Mälim bolşy ýaly, indi ençeme ýyllardan bäri ýurdumyz, şol sanda welaýatymyz medeni-durmuş maksatly binalaryň, saglyk öýleriniň, orta mekdepleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň örän köp gurulýan mekanyna öwrüldi. Häzir nirä barsaň hem, şeýle gurluşyklaryň gidip durandygyny özüňiz hem görýänsiňiz. Onsoň, bu il-ýurt bähbitli işlere öz goşandymyzy goşmak maksady bilen, kerpiç zawodyny gurmagy meýilleşdirdik hem-de ýaňy belleýşim ýaly, ony iki ýyla golaý wagtyň dowamynda gurup işe girizdik.

Kerpiç zawodymyzda ornaşdyrylan enjamlaryň esasy bölegi daşary ýurtdan, ýagny Hytaýdan getirildi. Muny aýtmagymyň sebäbi, şol enjamlar kerpiç öndürilişiniň netijesiniň ýokary hem-de hiliniň oňat bolmagyna düýpli mümkinçilik döredýär. Zawodymyzyň öndürijiligi möwsümde 5 million kerpiçden ybarat. Bu ýerde jemi 40-a golaý adam zähmet çekýär. Olar enjamlardan, gurallardan talabalaýyk peýdalanmagy doly başarýarlar. Toýly Begjanow, Dädebaý Haýydow, Täçmyrat Söýünow we beýlekiler şeýle yhlasly işgärlerimizdir.

— Agamyrat, häzirki döwürde diňe bir önüm öndürmek ýeterlik däl-de, ony ýerlemek hem gerek. Çünki soňky ýyllarda önüm öndürijiler barha köpelýär.

— Hakykatda haýsy ugurda bolanda hem, önüm öndürijileriň artmagy oňat zat. Çünki bu hyrydarlar üçin has giň mümkinçilikleri açýar. Şonuň bilen birlikde-de, ol biz — önüm öndürijilerden öz işimize has-da ykjam ýapyşmagy, öndürýän önümimiziň hiline aýratyn üns bermegi talap edýär. Dogrusyny aýdanda, häzir hyrydaryň göwni bitmese, ikinji sapar gelmezligi-de mümkin. Ynha, biz hem şu ýagdaýlara üns berip, öndürilýän kerpijiň ýokary hilli bolmagyny gazanmagy esasy wezipämiz hasaplaýarys.

— Gepiň gerdişine görä, hyrydarlaryňyzyň atlaryny-da aýdaýsaňyz!

— Öňi bilen olaryň sanynyň köpdügini belläsim gelýär. Ýöne, ynha, welaýatymyzyň çäklerinde ýaşaýyş jaýlaryny, beýleki binalary gurmakda giňden tanalýan «Körpegurluşyk», «Alýaprak», «Kuwwatly ýyldyz», «Rysgally dört dogan», «Çalýaprak» ýaly hususy kärhanalar biziň esasy hyrydarlarymyz bolup durýar. Biz olar bilen esli wagtdan bäri işleşip ýörüs. Bu hyzmatdaşlyk kärhanalarymyza-da, binalaryň çalt hem-de oňat hilli gurulmagyna-da oňyn täsirini ýetirýär.

— Agamyrat, häzirki wagtda telekeçilik kärhanalaryna önüm öndürmek bilen birlikde, bu ugurdaky işleri has-da giňeltmäge hem ýol açylýar. Belki, siziň hem bu babatda öz maksatlaryňyz, täze meýilnamalaryňyz bardyr?!

— Elbetde, Gahryman Arkadagymyzyň goldawy bilen, soňky ýyllarda telekeçilik kärhanalary üçin juda köp mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde telekeçileri oba hojalyk önümçiligine çekmek barada örän derwaýys teklipleri öňe sürdi, olaryň esasynda bu hakynda degişli çözgütler kabul edildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda «Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda» Karara gol çekdi. Bu aladalar telekeçilere hem uly goldaw boldy. Şunlukda, biz olardan peýdalanyp, kärhanamyzda maldarçylyk, guşçulyk boýunça hem iş alyp barmagy meýilleşdirdik. Häzirki wagtda bu ugurda zerur resminamalar, taslamalar taýýar edildi. Ýeri gelende aýtsak, biziň bu ugurda işleri ýola goýmaga doly mümkinçiligimiz bar. Kärhanamyzyň golaýynda giň meýdanlar, uly akar ýap, beýleki şertler bolup, olar maldarçylygy, guşçulygy ösdürmäge hem örän oňaýlydyr. Nesip bolsa, biz ýakyn ýyllarda bu ugurlarda-da netijeli işleri durmuşa geçireris.

— Agamyrat, beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Işleriňiz rowaç alsyn!

Söhbetdeş bolan Gutlymyrat AŞYROW,

«Daşoguz habarlary».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27831