Новости
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Ýurdumyz we hemmämiz bilelikde ynamly öňe barýarys

Geçen hepdäniň wakalary döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän syýasatyň täzeçillik häsiýetini ähli aýdyňlygy bilen beýan etdi. Milli Liderimiziň başyny başlan giň gerimli özgertmeleri Türkmenistany dünýäniň batly depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hataryna çykaryp, onuň belent halkara abraýyny hem-de dürli ugurlarda ägirt uly mümkinçilikleri bolan ygtybarly hyzmatdaşyň hem-de ylalaşdyryjy döwletiň derejesine çykardy.

Häzirki gün tertibinde milletiň ägirt uly serişdeler we intellektual kuwwatyny herekete getirmek üçin adaty bolmadyk çäreleriň görülmegini talap edýän wezipeler durýar. Döwlet Baştutanymyz ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda innowasion ugur boýunça milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek, bazar gatnaşyklaryna geçmek hem-de döwlete degişli bolmadyk pudagy ösdürmek, sanlylaşdyrmak işlerini işjeňleşdirmek hem-de halkara gatnaşyklary giňeltmek babatdaky bar bolan mümkinçilikleriň doly peýdalanylmagyny kesgitledi.

Milli Liderimiziň golaýda ýolbaşçylar düzümi bilen geçiren iş maslahatlary şol meselä bagyşlanyldy. Şeýlelikde, 8-nji fewralda ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça möhüm çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Bilim ministrliginiň öňünde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda mekdebe çenli edaralaryň işini kämilleşdirmek, okuwçylaryň we talyplaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, hünärler boýunça zähmet endiklerini we olaryň ugruny üýtgetmek, okuwyň ähli tapgyrlarynda elektron binýatlary döretmek, iri halkara uniwersitetler bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, bilim bermegiň iki tapgyrly maksatnamasyna hem-de iki basgançakly okuw maksatnamasyna, hünärmenleri taýýarlamak işine geçmegi öz içine alýar.

Saglygy goraýyş ulgamynda keselleriň öňüni almagyň, bejermegiň we dikeltmegiň innowasion usullaryny ornaşdyrmak, ugurdaş edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, işgärleri hünär taýdan taýýarlamak, esasy kliniki merkezler bilen dünýäniň ösen ýurtlarynyň lukmançylyk okuw edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek zerur bolup durýar.

“Aýratyn zähmet şertleri bolan işlerde goşmaça hak bellemegiň we tölemegiň tertibine” laýyklykda, zyýanlylyk hem-de agyrlyk derejelerine baglylykda, saglygy goraýyş ulgamynda aýratyn zähmet şertleri bolan işleriň, kärleriň we wezipeleriň sanawyny bellenen tertipde taýýarlamak tabşyryldy.

Milli Liderimiziň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň öňünde goýan möhüm wezipeleriniň hatarynda bedenterbiýe we sport bilen giňden meşgullanmagy wagyz etmek wezipesi bar. Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň Olimpiýa oýunlaryna, dünýä, Ýewropa, Aziýa we beýleki halkara ýaryşlara, şol sanda 2021-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek iri halkara ýaryşlara — Welotrek boýunça dünýä çempionatyna, Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň tapgyryny geçirmäge taýýarlygyny üpjün etmegiň möhümdigine aýratyn üns berildi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sport desgalaryny netijeli dolandyrmak, sport mekdepleri bilen sazlaşykly işlemek, ugurdaş desgalarda tölegli esasda okuw-türgenleşik sapaklaryny guramak, olary uzak möhletleýin kärendesine bermek boýunça çäreleri görmeli.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlar syýasatynyň wezipeleriniň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy talap etdi. Oňa laýyklykda, gyzlaryň we oglanlaryň önümçilikde, döwlet gullugynda, ylym we döredijilik işinde alan bilimini netijeli ulanmak üçin amatly şertler döredilmelidir.

Milli Liderimiz ýaşlarda ýolbaşçylyk endiklerini ösdürmegiň, dolandyryş we ekologiýa başlangyçlaryny ilerletmegiň, ýaş maşgalalary goldamak syýasatyny dowam etmegiň aýratyn möhümdigini belledi.

Şeýle hem ýurdumyzyň alymlarynyň öňünde birnäçe möhüm wezipeler, şol sanda döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň içinde Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini ylmy taýdan öwrenmek, Ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň, professorlaryň, mugallymlaryň, talyplaryň ýerine ýetiren ylmy işlerini we açyşlaryny önümçilikde ulanmaga ýardam etmek boýunça wezipeler kesgitlenildi. Şeýle hem geljek üç ýylyň dowamynda Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag edaralaryny hojalyk hasaplaşygyna geçirmek babatda meýilnamany taýýarlamak tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 9-njy fewralda sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçiren maslahatynda daşary syýasy ugry ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçýän şanly ýylda döwletimiziň daşary syýasy ugruny amala aşyrmak boýunça işleri güýçlendirmegiň möhümdigine üns berildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin ýokary hünär derejeli işgärleriň taýýarlanylmagyny esasy maksatlaryň biri hökmünde kesgitledi. Ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryna täze hünärler, şol sanda Gündogary öwreniş, Amerika we Ýewropa ýurtlary, sanly diplomatiýa, kiberhowpsuzlyk, seljerme we strategik meýilleşdirme, şeýle hem internet-žurnalistika we syýasy kommunikasiýa ýaly ugurlar boýunça täze hünärleri açmagyň mümkinçiliklerini seljermek tabşyryldy.

Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen tejribe alyşmak, mugallymlar üçin hünär derejesini ýokarlandyrmagyň okuwlary, talyplaryň döwrebap innowasion tehnologiýalary ulanmak, ýokary okuw mekdeplerinde onlaýn leksiýalary, bäsleşikler, olimpiadalar arkaly daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça tejribe alyşmak aýratyn möhüm bolup durýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Daşary işler ministrliginiň öňünde goýlan wezipeleriň hatarynda BMG we onuň ugurdaş edaralary, şol sanda YHG, GDA we ÝHHG ýaly abraýly halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň esasy wezipeleri kesgitlendi. Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň söwda wekilhanalaryny açmak üçin teklipleri işläp taýýarlamak gerek diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň işini kämilleşdirmek hem-de maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, maliýe-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmek barada tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatda “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşanyny esaslandyrmak hakynda Karara gol çekdi. Şol nyşan bilen Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny durmuşa geçirmäge, dürli ugurlarda daşary ýurt döwletleri bilen gatnaşyklary berkitmäge, abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge goşan şahsy goşandy we Watan öňünde bitiren beýleki hyzmatlary üçin diplomatik gullugyň işgärleri sylaglanar.

10-njy fewralda geçirilen onlaýn iş maslahatynda ýurdumyzyň 2020-nji ýylda ykdysady we maliýe-bank toplumynyň işiniň jemlerine, şonuň ýaly-da şu ýyl üçin kesgitlenen anyk wezipelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz ilatyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny milli ykdysadyýetimizi berkitmek hem-de durnukly ösdürmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda belledi.

Döwlet býujetiniň oýlanyşykly düzülmeginiň we netijeli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň wajypdygy bellenildi.

Halkara tejribeden ugur alyp, býujet-salgyt ulgamy döwrebaplaşdyrylmalydyr, maliýe taýdan hasabatlylygyň, salgyt salmagyň kadalary we usulyýeti yzygiderli kämilleşdirilmelidir, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly ýurdumyzda “Elektron salgyt” ulgamyny doly işe girizmek boýunça işler çaltlandyrylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow önümçilik maksatly, hususan-da, kiçi we orta telekeçiligiň maýa goýumlarynyň möçberlerini we netijeliligini artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmegiň wajypdygyny nygtady.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli gurluşygy tamamlanmagy we ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän hem-de Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän binalaryňdyr desgalaryň maliýe taýdan ygtybarly üpjün edilmegini, tölegleriň öz wagtynda tölenmegini berk gözegçilikde saklamak zerurdyr.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmek üçin, kanunçylygy kämilleşdirip, gymmatly kagyzlaryň bazaryny ösdürmek mümkinçiliklerini nazara alyp, “Aşgabat gazna biržasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işini halkara tejribeden ugur alyp guramak boýunça zerur işler geçirilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine täze iş orunlaryny döretmek, sebitler hem-de pudaklar boýunça işe ýerleşdirmek, zähmet gatnaşyklaryny, zähmete hak tölemek we zähmeti goramak babatda hereket edýän kadalaşdyryjy-hukuk namalary kämilleşdirmek boýunça zerur işleri yzygiderli geçirmegi tabşyrdy.

Pensiýa gaznasyna pensiýa gatançlarynyň doly möçberde gelip gowuşmagy gözegçilikde saklanylmalydyr. Gaznanyň wagtlaýyn ulanylmaýan serişdelerini we pensiýa toplamalaryny maýa goýuma gönükdirip, girdejili dolandyrylmagy üpjün edilmelidir.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň işgärleriniň statistika hasabatyny hem-de maglumatlary ýygnamagyň usullaryny döwrebaplaşdyrmak, Türkmenistanyň esasy maliýe-ykdysady görkezijileri baradaky maglumatlaryň elýeterliligini üpjün etmek boýunça işleri dowam etdirmegi möhümdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň welaýatlarda we sebitlerde ýerleşýän düzüm birlikleriniň hem-de barlaghanalarynyň degişli enjamlar bilen üpjünçiligini, önümleriň we harytlaryň dürli görnüşlerini sertifikatlaşdyrmak mümkinçiliklerini öwrenmek barada tabşyryk berdi.

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynda ätiýaçlandyryşyň döwrebap görnüşlerini we hasaplamagyň kadalaryny ornaşdyrmak hem-de usulyýeti kämilleşdirmek zerurdyr.

Bank ulgamyndaky wezipeleriň hatarynda ýurdumyzda nagt puluň dolanyşygyny kadalaşdyrmak, nagt däl hasaplaşyklaryň möçberiniň 40 göterimden ýokary bolmagyny gazanmak, daşary ýurt puly bilen bagly amallary düzgünleşdirmek bar.

Şonuň ýaly-da, hormatly Prezidentimiz Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky hem-de beýleki halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk strategiýalaryny täzeläp, olardan amatly şertlerde karzlary we maýa goýumlary çekmek boýunça işleri dowam etmegiň maksadalaýykdygy barada aýtdy. Döwlet Baştutanymyz şunda pul geçirimlerinde goraglylygy üpjün etmek maksady bilen, kiberhowpsuzlygyň ýokary derejede bolmagyny gazanmagyň zerurdygyny aýtdy.

Ähli pudaklaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, pul üpjünçiligini, pudagara algy-bergiler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini yzygiderli seljermegiň hem-de bu ýagdaýlary wagtynda çözmek boýunça çäreleri görmegiň zerurdygy bellenildi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň maliýe-ykdysady toplumyndaky işlerde heniz ulanylmaýan mümkinçilikleriň az däldigini belläp, onuň düzümleriniň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmeginiň hem-de netijeliliginiň ýokarlandyrylmagynyň Diýarymyzyň ösüşine, kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň öz wagtynda we doly ýerine ýetirilmegine, amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini çaltlandyrmaga oňyn täsirini ýetirmelidigini aýtdy.

11-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri hem çagyryldy.

Maslahatyň dowamynda ýolbaşçylary wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere, resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna, şeýle hem käbir beýleki meselelere garaldy.

Hususan-da, hormatly Prezidentimiz döwlet dolandyryş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, Hökümetiň işini has-da gowulandyrmak maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň düzümine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýene-de bir orunbasarynyň wezipesini girizmek, ony Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalygyna hem-de Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesine bellemek barada karara gelendigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu wezipä Serdar Berdimuhamedowy belläp, ony senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesinden boşatdy.

Täze wise-premýeriň wezipesi döwlet we jemgyýetçilik gurluşynda, bilim hem-de saglygy goraýyş, maliýe-ykdysady ulgamlarda sanly ulgamy we innowasion tehnologiýalary doly derejede ösdürmekden hem-de bu işlere gözegçiligi üpjün etmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara nebitgaz toplumynyň işini gowulandyrmak üçin öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, şonuň ýaly-da, özara bähbitli şertlerde daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek barada tabşyryk berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň depginini güýçlendirip, onuň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny, ýurdumyzyň nebitgaz goruny artdyrmak maksady bilen geologiýa-gözleg, barlag we buraw işleriniň möçberini köpeltmegi, gazhimiýa toplumlaryny taslama kuwwatyna çykarmagy hem-de ýakyn geljekde gurmak göz öňünde tutulan tebigy gazy gaýtadan işleýän täze zawodlaryň taslamalaryny düzmegi we olary gurmak boýunça işleri çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Şeýle hem ylmy-barlag institutlarynyň işläp taýýarlamalarynyň önümçilige ornaşdyrylyşyny güýçlendirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy we ugurdaş ylmy edaralary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiziň 12-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan meselelerine hem-de şu ýyl üçin halk hojalyk pudaklarynyň öňünde durýan möhüm wezipelere garaldy.

Milli Liderimiz geçen ýyl alnyp barlan işleriň netijelerini jemläp, dünýä ykdysadyýetinde ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy sebäpli ýüze çykan ähli kynçylyklara garamazdan, “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen 2020-nji ýylda uly üstünlikleriň gazanylandygyny belledi.

Ýurdumyzyň ýokary derejedäki kanun çykaryjy häkimiýetini üýtgedip gurmak — iki palataly parlamenti döretmek işi doly diýen ýaly tamamlandy.

Milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginleri saklandy. Geçen ýylda jemi içerki önümiň ösüşi 5,9 göterime, şol sanda senagat pudagynda 3,3 göterime, söwdada 15,1 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 4,7 göterime barabar boldy.

12 müňe golaý täze iş orunlary döredildi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy ulgamlary we pudaklary durnukly ösýär.

Göz öňünde tutulan maksatnamalaryň çäklerinde gurluşyk pudagyna 38 milliard amerikan dollaryndan hem köp maýa goýum serişdeleri gönükdirildi. Umumy bahasy 8 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 45 sany iri önümçilik we durmuş maksatly desgalar, şol sanda umumy meýdany 2 million inedördül metrden gowrak bolan ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga tabşyryldy.

1 million 500 müň tonna golaý guşgursak bugdaý, 1 million 200 müň tonnadan hem köp pagta taýýarlanyldy. Bu bolsa ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berdi.

Diýarymyzda çagalar baglarynyň gurluşygy alnyp barylýar, täze ýokary okuw mekdepleri, saglygy goraýyş, medeniýet we sport edaralary açylýar, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar.

Ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna tarap üýtgedip gurmak işleri yzygiderli dowam edýär. 2021-nji ýyl üçin gowy býujet kabul edildi, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleri ýene-de ýokarlandyryldy.

Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny netijeli peýdalanmak, döwletimiziň ägirt uly ykdysady kuwwatyny ulanmak we milletimizi ruhy-medeni taýdan gülledip ösdürmek boýunça ägirt uly işler bitirildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gazanylan ähli üstünlikleriň we ýetilen sepgitleriň diňe alyp barýan syýasatymyzy halkymyzyň giňden goldamagy, durmuşymyzy gowulandyrmak boýunça geçirýän özgertmelerimize işjeň gatnaşmagy netijesinde mümkin bolandygyny belledi hem-de Garaşsyz döwletimiziň gazanan uly üstünliklerine öz zähmeti bilen ýardam edenleriň ählisine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Ata Watanymyzy üstünlikli ösdürmek üçin täze taslamalar, täze pikirler we dolandyryş çözgütleri zerurdyr. Diýmek, köp başlangyçlar bilen çykyş edip, işjeň zähmet çekmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Geljekde hem beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň özümizde öndürilýän möçberi artdyrylmalydyr, ýurdumyzyň egsilmez tebigy baýlyklaryny özleşdirip, ägirt uly mümkinçilikleri netijeli ulanylmalydyr, ilatyň ýaşaýşynyň hilini gowulandyrmaga, girdejilerini artdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge we maýa goýumlaryny çekmäge üns jemlenilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň jemlerini jemlemek bilen, ata Watanymyzyň özümize bagly bolmadyk kynçylyklara garamazdan, parahatçylygy, howpsuzlygy, durmuş-ykdysady ösüşi gazanmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak ugrunda ýerine ýetirilen işleri kanagatlanma bilen belledi. Şeýlelikde, ýurdumyz we hemmämiz bilelikde ynamly öňe barýarys diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň, 2021-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň we Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine badalga berdi.

Mundan başga-da, 2021 — 2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça Strategiýa kabul edildi, himiki önümleri getirmek, öndürmek we ýerlemek babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnama, 2021-nji ýylda welaýatlar we etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberleri, şeýle hem 2021-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy.

Hödürlenilen rejelenen görnüşdäki “Saglyk” Döwlet maksatnamasy barada aýdylanda, ýurdumyzyň welaýatlarynda täze ylmy-kliniki merkezli hassahanalaryň gurluşygyny nazarda tutup, onuň üstünde işlemek tabşyryldy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy we baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara maslahatlary, dabaralary we çäreleri geçirmek hakynda», “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara toparyny döretmek hakynda” we “Türkmenistanda 2021-nji ýylda bag nahallaryny ekmek hakynda” Kararlara gol çekdi.

Hökümetiň mejlisinde welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanmak ugrunda geçirilen däp bolan bäsleşigiň netijeleri jemlenildi. Netijede, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etraby ýeňiji boldy.

Hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, ýeňiji etrabyň häkimligi 1 million amerikan dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglandy. Şeýle bäsleşik şu ýyl hem geçiriler.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda döwlet işgäri bolan, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik eden Ýagşygeldi Kakaýewiň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny giň gerimli ösdürmäge gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirmekde döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny göz öňünde tutup, onuň adyny Halkara nebit we gaz uniwersitetine dakmak baradaky meselä garamagyň maksadalaýyk boljakdygy barada aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, geçen hepde Türkmenistanyň Mejlisi bu meselä garap, bu ýokary okuw mekdebini mundan beýläk «Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti» diýip atlandyrmagy karar etdi.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary Türkmenistanyň täze taryhyna möhüm sahypalaryň birini ýazdy. Şol wakalarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jemgyýetimizi has-da demokratiýalaşdyrmaga, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga we türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň rowaçlygyň hem-de gülläp ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygy ýene-de bir gezek aýdyň ýüze çykdy.

(TDH).



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20747?type=feed

15.02.2021
Ýylyň ýeňiji etraby: bagtyýar durmuşyň nusgasy

Ozal habar berlişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň geçen anna günündäki mejlisinde welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanmak ugrunda geçirilen däp bolan bäsleşigiň netijeleri jemlenildi. Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etraby bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Hormatly Prezidentimiz etrabyň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi.

Ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň merkezi bölegini gurşap alan, dürli milletleriň dogan bolup, agzybirlikde ýaşaýan ýeri bolan bu etrap ata-baba oturymly gadymy mekanlaryň biri hasaplanýar. Welaýatyň günorta çäginiň iň çetinde ýerleşýän obanyň görkünde hem şähere ýakynlygyň özboluşly alamatlary nurlanýar: onuň gyra-ýakasyna uzap gidýän uly ýollaryň bütin boýuny jähekleýän syrdam derekleriň nyzamly hatary sünnä çekilen keşdä meňzeýär. Gahryman Arkadagymyzyň Oba milli maksatnamasyna laýyklykda amala aşyrylýan beýik işleriň netijesinde, etrabyň häzirki çäk-dolandyryş meýdanynyň bu çetki nokadyndan welaýat merkezine çenli bolan aralyk barha golaýlaşýar.

Döwrümiziň döredijilik ruhy bilen amal edilýän işleriň ýakymy her bir obada has täsirli hem aýdyň duýulýar: sungat derejesine ýetirilen gurmak gudratynyň güýjüne, uly özgertmeleriň giň gerimli, egsilmeýän kuwwatly badyna olaryň jümmüşine aralaşdygyňça, has anyk göz ýetirýärsiň. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän nusgalyk işleriň ajaýyp netijeleri etrabyň çägindäki obalaryň ählisiniň görkana keşbinde enaýy şöhlelenýär.

Etrabyň ähli ugurlar boýunça ösýän, özgerýän, günsaýyn gözelleşýän merkezi şäherinde hem-de 91 obasynda jemi 210 müňden gowrak ilat ýaşaýar. Agzybirligiň, jebisligiň hem dost-doganlygyň asylly nusgasyny görkezýän bu adamlar ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň ruhunda, hil taýdan täze belentliklere göterilen bagtyýarlyk döwrümizde özleri barada edilýän çäksiz aladalaryň miwelerini her günde, her ädimde çuňňur duýýarlar. Munuň özi milli Liderimiziň beýik başlangyçlarynyň, geljegi nazarlaýan uly tutumlarynyň rowaçlanýandygynyň hem-de doly amala aşyrylýandygynyň aýdyň nyşanydyr. «Biz Türkmenistanda ýaşaýan her bir adam hakynda aladalanmalydyrys, sebäbi adam biziň esasy baýlygymyzdyr» diýip, hormatly Prezidentimiz aýdýar. Häzirki zamanyň ösen talaplarynyň hil derejesinde obalary ösdürmek boýunça görülýän çäreleriň giň gerimi, Prezident Maksatnamasy esasynda öňde goýlan wezipeleriň anyk çözgüdi we beýleki rowaç işler nurana eýýamymyzy bezeýän gözel alamatlardyr. Şunuň bilen baglylykda, giň gerimli Maksatnamanyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn çäreler wagt hem giňişlik ölçeglerine laýyklykda utgaşykly sazlaşygy bilen buýsanjyňy artdyrýar. Bu maksatnamanyň uzak möhletleýin göz öňünde tutýan wezipeleri bolsa, ilki bilen, oba ilatynyň, etrap merkezlerinde ýaşaýan adamlaryň durmuş-ýaşaýyş şertlerini dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmekden ybaratdyr. Etrabyň iň çet künjegindäki obalarda hem ulag infrastrukturasy, aragatnaşyk kommunikasiýasy döredilýär, döwrebap mekdepler we çagalar baglary, iň kämil lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylan saglyk öýleridir hassahanalar, edara we ýaşaýyş jaýlary, söwda merkezleri, medeniýet öýleri bina edilýär, erkli-ygtyýarly, mally-mülkli daýhan nebereleri bu eşretlerden ygtybarly peýdalanýarlar.

Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän ýeňillikleri, hemaýat-goldawlary, ak bagtyň açaryna deňelen bereket-bolçulygy, durmuş abadançylygynyň üpjünçiligi etrabyň ähli ugurlar boýunça guwandyryjy netijeleri gazanmagyna aýgytly şert döretdi.

Milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri hasaplanýan oba hojalyk pudagyny düşewüntli pudaga öwürmek, agrosenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri has-da kämilleşdirmek barada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty welaýatyň iň iri önümçilik düzümi bolan etrabyň mysalynda aýdyň görünýär. Etrapda geňeşlikleriň 17-si we daýhan birleşikleriniň 14-si bar. Häzirki wagtda «Döwletli», «Şatlyk», «Nowaýy», Oguz han, J.Hudaýbergenow adyndaky daýhan birleşiklerinde, täze oba hojalyk syýasatyna laýyklykda, daýhan hojalyklary döredildi. Pudagy täzeçe dolandyrmagyň, işi ýöretmegiň täze usullarynyň ornaşdyrylmagy oba hojalyk önümleriniň öndürilişini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Täze döredilen daýhan hojalyklarynda pagtanyň, bugdaýyň hasyllylygy ep-esli artdy, bu hojalyklarda ilaty özümizde önýän önümler bilen üpjün etmek boýunça netijeli işler ýola goýuldy.

Durmuş-ýaşaýyş şertleriniň derejesi umumy alnanda, ykdysady görkezijileriň mukdary bilen kesgitlenýär, bu bolsa adamlaryň ruhy we maddy gymmatlyklarynyň aýrylmaz baglanyşyklydygyny görkezýär. S.A.Nyýazow adyndaky etrap ykdysadyýetde, medeniýetde, oba hojalygynda, senagatda, bilimde hem saglygy goraýyşda düýpli öňegidişlikleri gazandy. Geçen ýylda ýetilen sepgitleriň geriminiň uludygyny bolsa şeýle maglumatlar subut edýär: etrap boýunça senagat önümçiliginiň möçberi öňki ýyllardakydan ep-esli artdy; etrabyň halal zähmet çekmegiň asylly nusgalaryny görkezýän daýhanlary ýyly üstünlikli jemlediler, ak pagtanyň 41 müň 536 tonnasy, ak bugdaýyň 31 müň 862 tonnasy öndürilip, döwletimiziň belent harmanyna goşuldy. Etrabyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýeti geçen ýyly ýokary netijeler bilen jemledi. Bu hojalyk boýunça 2420 gektar meýdandan 5100 tonna derek 8223 tonna ak bugdaý öndürilip, şertnamalaýyn tabşyryk artygy bilen berjaý edildi. Welaýatyň çäginde iň iri hojalyklaryň biri bolan paýdarlar jemgyýetinde 7300 gektar meýdandan 17135 tonna «ak altyn» ýygnalyp, 119 göterim ösüş gazanyldy.

S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň «Hasylçy» geňeşliginiň hem-de J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginiň çäginde ýerleşýän döwrebap ýyladyşhanalar welaýatyň gök we bakja önümçiliginde ygtybarly orun eýeleýärler. «Altyn gala» we «Altyn tug» hususy kärhanalaryna degişli bolan bu toplumlarda ýylyň ähli pasyllarynda pomidoryň, ýertudananyň we bolgar burçunyň bol hasyly ýetişdirilýär.

Etrabyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly durmuş maksatly binalaryň, täze ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesi ulanylmaga berildi. Hormatly Prezidentimiziň sahawaty bilen J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşligiň çäginde gurlan hem-de hut özüniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda Bagtyýar zaman obasy döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk gelýän nusgalyk işleriň biri boldy. Umumy tutýan meýdany 144 gektara barabar döwrebap obada adamlaryň döwrümiziň eşretleriniň hözirini görüp, abadançylykda ýaşamaklary üçin ähli şertler döredildi. Hyzmatlar öýi, toý mekany, dükanlar we beýleki durmuş maksatly binalar, multimediýa tehnologiýaly umumy bilim berýän mekdep, çagalar bagy, bedenterbiýe-sagaldyş toplumy täze obanyň görküne görk goşýar. Obada ähli amatlyklary bolan iki hem bir gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 500-si gurlup, ýeňillikli karzlar bilen oba ilatyna berildi.

Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, etrabyň çäginde täze ýaşaýyş jaý we desgalar toplumynyň gurluşygyna badalga berildi. Toplumyň umumy meýdany 71 gektara barabar bolup, bu ýerde jemi 1496 maşgala niýetlenen 70 sany dört gatly jaýlar gurlar. Toplumyň çäginde Saglyk merkezi, göwnejaý enjamlaşdyrylan 240 orunlyk çagalar bagy, 600 orunlyk umumy bilim berýän orta mekdep, hyzmatlar öýi hem beýleki durmuş maksatly desgalar bina ediler. Ilatyň döwrüň hemme amatlyklaryndan bökdençsiz peýdalanmagy üçin beýleki durmuş düzümlerini toplumlaýyn gurmak göz öňünde tutulýar. Jaýlaryň gurluşygy bilen utgaşyklykda agyz suwy we lagym geçiriji ulgamy, elektrik hem gaz ulgamlary çekiler, täze topluma barýan içerki ýollaryň gurluşygy alnyp barlar. Toplum innowasion aragatnaşyk ulgamyna birikdiriler. Bu bolsa durmuşymyza häzirki zaman tehnologiýalarynyň çuňňur aralaşýan döwründe aragatnaşyk hyzmatynyň ýokary derejesini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda etrapda orta mekdepleriň 62-si bolup, olar ylym-bilime höwesiň, täze eýýamyň beýik ruhuny älem-jahana ýaýyp, öwretmegiň, öwrenmegiň, okamagyň, gurmagyň hem döretmegiň gözel ojagyna öwrülýärler. Bu ajaýyp alamatlar ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň dünýäniň iň ösen döwletleriniň derejesine göterilýändigini, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylýandygyny, bu ulgamda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny, okatmagyň täze usullarynyň ornaşdyrylýandygyny aýdyň görkezýär. Etrabyň çägindäki çagalar baglarynda körpelere döwrüň ruhunda kämil terbiýe berilýär.

Etrabyň çägindäki hassahanada, 46 sany oba saglyk öýlerinde we saglyk merkezlerinde ilatyň saglygyny goramak we dikeltmek boýunça lukmançylyk hyzmatlary amal edilýär. Medeniýet merkezi, 10 sany medeniýet öýi ilatyň iň gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ýaşlar sport mekdepleriniň 3-sine, sport desgalarynyň 2-sine gatnaýarlar. S.A.Nyýazow şäherindäki merkezi kitaphana welaýatyň çägindäki beýleki kitaphanalar bilen elektron ulgamyna birleşdirildi. Onuň oba ýerlerindäki şahamçalarynyň 3-siniň okyjylary hem öz isleg bildirýän kitaplaryny şol ulgam arkaly okamak mümkinçiligine eýe boldular.

Bu maglumatlar S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň durmuşyň ähli ugurlary boýunça üstünlikli ösýändiginiň, döwrümiziň döredijilik kuwwatynyň ruhunda özgerýändiginiň, günsaýyn gözelleşýändiginiň delillerini özünde jemleýär.

Ýurdumyzy gurşap alan döredijilikli zähmetiň, bagtyýarlygyň, egsilmez eşretleriň ruhunda ösýän, özgerýän, etrabyň gözel görkli tutuş giňişliginde ak bagtyň şuglasy nur saçýar. Bu gözel dowamat döwletli ojaklara rysgal-bereket eçilýär, barça gowulyklardan uly nesibeli adamlaryň kalbyna mähir paýlaýar. Bu ajaýyplyklar bir ýere jem bolup, täze döwre buýsanmak duýgusyna ganat berýär.

Amanmyrat SAPAROW.

«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÖWEZOW.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20740

15.02.2021
Harytlara isleg uly

Eziz Watanymyzda täze döredilen we häzirki zaman ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrylýan dokma kärhanalarynyň sanlylaşdyrylmagy dokma önümleriniň möçberini we görnüşlerini artdyrmaga ýardam edýär. Şeýle kärhanalaryň hatarynda Aşgabadyň dokma toplumyny, Türkmenbaşy dokma toplumyny, Jinsi toplumyny, Ruhabat we Gökdepe dokma toplumlaryny, Marynyň «Ýeňiş» tikin fabrigini görkezmek bolar.

Bu günki gün ýurdumyzyň dokma toplumlarynda öndürilýän täze haryt nyşanly önümlere halkymyz we daşary ýurtly alyjylar tarapyndan uly isleg bildirilýär. Muňa halk arasynda uly meşhurlygy gazanan «Bedew» haryt nyşanly jinsi önümleri, «Bürgüt» we «Gala» haryt nyşanly sport egin-eşikleri hem-de tikin-örme önümleri, şeýle hem «Ýeňiş» haryt nyşanly erkek köýnekleri aýdyň şaýatlyk edýär.

Watanymyzyň dokma senagatynyň işgärleri häzirki günlerden uly taýýarlyk görüp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna özleriniň zähmet sowgatlary bilen barmagy maksat edinýärler. Biziň baýry ýokary okuw mekdebimiziň dokma önümçiligi fakultetiniň talyplary tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylyk etmeginde paýtagtymyzda ýerleşýän dokma kärhanalarynda önümçilik tejribelerini geçip, hünärlerini kämilleşdirýärler. Munuň özi biz — talyp ýaşlaryň nazaryýetde alan bilimlerimizi tejribe arkaly çuňňur özleşdirmegimiz, ukyp-başarnyklarymyzyň artmagy üçin uly ähmiýete eýedir. Biz — ýaşlaryň bilimli, ylymly, kämil hünärmenler bolup ýetişmegimiz üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza alkyşly sözlerimizi aýdýarys.

Sülgün MEKANMYRADOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20710

15.02.2021
Sanly ykdysadyýetiň esasy

Häzirki wagtda bilim ulgamynyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan yzygiderli üns berilmek bilen, giň gözýetimli täzeçe pikirlenmegi başarýan, döwrüň ösen talaplaryna düşünýän, innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmäge goşant goşup bilýän ýaşlary terbiýelemek möhüm wezipe bolup durýar.

Türkmenistanda bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmegiň barşynda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegine ýardam berýän maddy-enjamlaýyn binýat pugtalandyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän mümkinçiliklerinden ugur alyp, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hem sanly bilimi ösdürmekde tutumly işler amala aşyrylýar.

Uniwersitetimizde ösen döwletleriň innowasion tehnologiýa enjamlary okatmagyň dürli ugurlaryny göz öňünde tutup giňden ornaşdyrylandyr. Şol tehnologiýalardan peýdalanyp, talyplaryň okaýan ugurlaryna garamazdan, olaryň saýlap alan hünärleri boýunça sanly dolandyryş ulgamyndan peýdalanmak arkaly bilim berilýär. Bulardan başga-da, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan kabul edilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamy ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» ugur alnyp, talyplara bu ugurdan bilim berýän mugallymlar üçin sanly ykdysadyýetiň esaslary boýunça ýörite okuw maksatnama düzülip, okuwlar guraldy.

Okuwlaryň şeýle esasda guralmagy diňe bir taraply täsiri döretmän, mugallymlaryň bilim binýadynyň has-da berkemegine, gözýetimleriniň giňemegine-de oňyn täsirini ýetirýär. Munuň özi talyplara berilýän bilimiň hiliniň has-da ýokarlanmagyna getirýär. Bulardan başga-da, uniwersitetiň Maglumat tehnologiýalar merkezinde döredilen mugallymlaryň bilim portalynyň üsti bilen talyplaryň biliminiň aralyk jemlemesi elektron testleme görnüşinde geçirilýär.

Sanly bilim we ösen innowasiýa tehnologiýalaryndan peýdalanmak arkaly uniwersitetiň talyplary dürli döwletlerde geçirilýän internet olimpiadalaryna gatnaşyp, oňat netije gazanýarlar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň internet ulgamyndan halkymyzyň giňden peýdalanmagyna döredip berýän şertleriniň aýdyň netijesidir. Şeýle-de ösen innowasiýa tehnologiýalaryndan peýdalanyp, talyplar öz saýlap alan hünärlerine degişli dürli taslamalary taýýarlap, taslama, ders bäsleşiklerine gatnaşyp, degerli netijeleri gazanýarlar.

Ýurdumyzda bilimiň, ylmyň ösmegine giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, beýik işleri rowaç alsyn!

Aşyrmuhammet RAHMANBERDIÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20722

15.02.2021
Ösüşiň batly gadamlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ykdysady ösüşler bilen ynamly öňe barýar. Bu günki bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzyň ähli sebitleri ösdürilýär. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşleri barha kuwwatlanýar, sanly ulgam üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde uly işler alnyp barylýar.

Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ösüşlere tizlik berýär. Sebäbi dürli resminamalar, ykdysady amallar tiz ýerine ýetirilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy döwrebap üstünlikleri üpjün edýär. Ýurdumyzyň dürli pudaklarynda sanly ulgamyň mümkinçilikleri ýokarlanýar, iň döwrebap usullar ýola goýulýar. Şeýle döwrebap işleri kämil alyp barmakda hünärmenleriň hem kämilliginiň möhümdigini bellemek gerek. Şunda ýaş nesilleriň döwrebap bilimi, ösen aň-düşünjesi baş maksat bolup durýar. Şonuň üçin hem bilimli ýaşlary kemala getirmekde, olaryň döwrebap bilimlere eýe bolmaklarynda uly işleriň durmuşa geçirilýändigini hem bellemelidiris. Ýokary okuw mekdebimizde sanly ulgamdan peýdalanmagyň dürli ugurlary ýaşlara öwredilýär. Munuň ähmiýeti hakynda giňişleýin düşünje berilýär. Bu bolsa ýaşlaryň has-da giň dünýägaraýyşly bolmaklaryna, her bir işe döredijilikli çemeleşmeklerine oňat täsirini ýetirýär.

Häzirki döwürde Türkmenistan maýa goýum serişdelerini yzygider özleşdirýär. Şonuň netijesinde bolsa ykdysadyýete möhüm bolan ugurlar, pudaklar döwrebap enjamlaşdyrylýar, önümçilik desgalary gurulýar. Bu beýik işleriň dowamly bolmagy üçin bolsa geljekde belent maksatlary goýmak, onuň amal edilmegi üçin anyk işleri alyp barmak göz öňünde tutulýar. Şonuň üçin hem maksatlaýyn işler ýola goýulýar, döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hut şonuň üçin hem möhüm ähmiýetli maksatnamalar kabul edilýär we üstünlikli ýerine ýetirilýär. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň ösüşlerini üpjün etmek bilen bir hatarda döwrebap ugurlary kemala getirmäge, işleriň oýlanyşykly alnyp barylmagyna hem mümkinçilik döredýär.

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde kämil tehnologiýalardan habarly hünärmenleri ýetişdirmek hem aýratyn üns berilýän ugurlardyr. Sebäbi kämil hünärmenler sanly ykdysadyýeti ösdürjek, durmuşa geçirjek işgärlerdir. Şonuň üçin hem sanly ykdysadyýete geçmegiň möhüm ugurlary hem hünärmenleriň kämilligidir. Bu hem häzirki wagtda üstünlikli amala aşyrylýar. Ýaşlara tehnologiýalar, iň kämil enjamlar öwredilýär. Şunda hünärmenleriň sanly ulgam baradaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak üçin gaýtadan taýýarlamak işleri hem üstünlikli alnyp barylýar. Bu bolsa tejribeli hünärmenleriň gaýtadan sanly ykdysadyýete gönükdirilmegini göz öňünde tutýar. Sanly ulgama düşünýän kämil hünärmenler işleri döwrebap alyp barmaga oňat ýardam edýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ýurdumyz uly üstünliklere beslenýär. Eziz Diýarymyzy beýik ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Mekan ORAZGYLYJOW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20721

15.02.2021
Çagalaryň hukuklarynyň goragynda

Çagalar — biziň geljegimiz. Ýurdumyzda ýaş nesle bilim we terbiýe bermek, olaryň hemmetaraplaýyn kämil bolup ýetişmeklerini gazanmak ugrunda amala aşyrylýan düýpli işler amala aşyrylýar. Muny çagalaryň hukuklaryny goramagy nazarlaýan kanunlarda we kanunçylyk namalarynda hem bütin aýdyňlygy bilen görýäris.

Türkmenistanda adamyň, şol sanda çagalaryň hukuklary kanunçylyk esasynda goralýar. Şeýle resminamalar taýýarlanylanda, olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizilende, Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan, umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryndan, ata-baba gelýän ýörelgelerden ugur alynýar. «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem şolaryň biridir. Onda ýurdumyzda ýaş nesliň bähbitleri babatda döwlet syýasatynyň çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegine we goralmagyna, çaganyň saglygynyň, eneligiň, atalygyň we çagalygyň goralmagyna, çaga babatda kemsitmelere ýol bermezlige, hukuklary bozulan ýagdaýynda olaryň dikeldilmegine, çaganyň beden, akyl-paýhas, ruhy we ahlak taýdan terbiýelenilmegine we ösmegine ýardam edilmegine gönükdirilendigi bellenilýär.

Häzirki wagtda bilim edaralarynyň terbiýe we bilim bermekligi bilen bir hatarda çaga terbiýe bermegiň maşgala görnüşiniň höweslendirilmegine, eneligiň goraglylygyna aýratyn üns berilýär. Çünki çaga terbiýesi, ilki bilen, maşgaladan başlanýar. Mundan başga-da ýurdumyzda çagalaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy çygrynda iş alyp barýan işgärleriň taýýarlanylmagyna, olaryň hünär derejeleriniň ýokarlandyrylmagyna we gaýtadan taýýarlanylmagyna uly üns berilýär. Şu maksat bilen umumy bilim berýän orta mekdepleriň mugallymlarynyň çaga psihologiýasy ugry boýunça hünär okuwlaryny geçýändikleri aýratyn bellärliklidir. Şeýle hem çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy çygrynda umumy bilim berýän edaralardan başga-da, jemgyýetçilik birleşikleriniň, şol sanda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, sport mekdepleriniň hem-de beýleki degişli edaralaryň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýlup, ýaş nesliň jemgyýetiň talaplaryna laýyk mynasyp terbiýe we bilim almagy ugrunda yzygiderli işler alnyp barylýar.

Çaganyň hukuklarynyň döwlet tarapyndan goralmagy, munuň üçin ähli şertleriň döredilmegi mynasyp nesli terbiýeläp ýetişdirmäge giň mümkinçilikleri açýar. Olardan ýerlikli peýdalanýan ýaşlar durmuşda öz orunlaryny tapýarlar.

Annamyrat AMANGELDIÝEW,

Çärjew etrap prokurory, 1-nji derejeli ýurist.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20620

13.02.2021
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 12-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Hökümetiň 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Wise-premýerleriň, birnäçe ministrleriň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi hem-de şu ýyl üçin ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz ir bilen “Oguz han” köşkler toplumyndan Ruhyýet köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde geçirilen mejlise milli parlamentiň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, etraplaryň we paýtagtymyzyň häkimleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Milli Liderimiz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer geçen ýylyň makroykdysady görkezijileri, Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hem-de maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlarynyň özleşdirilişi, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Ykdysadyýetiň düzüminde hususy ulgamyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, kiçi we orta telekeçiligi goldamak, döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak hem-de paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berildi.

Wise-premýer 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň netijeleri barada hasabat berip, jemi içerki önümiň 5,9 göterim artandygyny belledi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4,1 göterim artdy, ykdysadyýetiň pudaklarynda durnukly önümçilik görkezijileri gazanyldy.

2020-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda, bölek-satuw haryt dolanyşygy 17,8 göterim artdy.

Geçen aýda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 178,9 göterim we çykdajy böleginiň meýilnamasy 83,1 göterim ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 10,4 göterim ýokarlandy.

Şu ýylyň ýanwar aýynda rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyz boýunça durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 105-siniň, 222,9 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň gurluşyk işleri alnyp baryldy.

Milli Liderimiziň garamagyna “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça Strategiýany tassyklamak hakynda” Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hödürlenen Karary makullady we oňa gol çekip, wise-premýere şu Strategiýada göz öňünde tutulan çäreleriň hem-de işleriň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Geçen ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynyň netijeleri boýunça Döwlet býujetiniň girdejileri boýunça meýilnama 101 göterim, çykdajylary boýunça 99,9 göterim ýerine ýetirildi.

Şeýle hem rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 121,4 göterim ýerine ýetirildi.

2021-nji ýylyň 1-nji fewraldaky ýagdaýyna görä, döwlet býujetiniň girdejileri 1,8 esse, çykdajylar bolsa 83,1 göterim ýerine ýetirildi.

Şu ýylyň ýanwarynda balans toparlarynyň 7 mejlisi, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 6 mejlisi geçirildi, hasabat döwründe döwlet emläginiň 13 desgasy hususylaşdyryldy.

2021-nji ýylyň 1-nji fewraldaky ýagdaýyna görä, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde birnäçe desgalaryň, inženerçilik ulgamlarynyň hem-de 44,7 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy tamamlandy.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegow 2020-nji ýylda we şu ýylyň ýanwar aýynda ministrliklerde hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda bellenilen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Geçen ýylda senagat pudaklarynda, 2019-njy ýyldaky bilen deňeşdirilende, suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça 16,7 göterim, çalgy ýaglary boýunça 11,7 göterim, polietilen boýunça 83,5 göterim, demir önümleri boýunça 1,6 göterim, plastmassadan edilen we aýna süýümli turbalar boýunça 45,8 göterim ösüş gazanyldy.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda gazanylan netijeler barada hasabat berip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nebit koksunyň öndürilişi boýunça 58,7 göterim, sement boýunça 28,6 göterim, plastmassadan edilen we aýna süýümli turbalar boýunça 6,8 göterim, şöhlat önümleri boýunça 2,2 göterim ösüş gazanylandygyny aýtdy.

Hasabat döwründe aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 6,8 göterim artdy.

Oba hojalyk toplumynda şu ýylyň ýanwarynda öndürilen gök önümleriň mukdary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 31,9 göterim, etiň öndürilişi 2,6 göterim, süýdüň öndürilişi 3,7 göterim we ýumurtganyň öndürilişi 2 göterim köpeldi.

Hasabat döwründe ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamynda hem üstünlikler gazanyldy.

Milli Liderimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, milli statistika ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ony sanly ulgama geçirmek, bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Soňra Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew ýolbaşçylyk edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygynyň çäklerinde geçen ýylda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, sanlylaşdyrmak, bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, nagt däl hasaplaşyklaryň möçberlerini artdyrmak we pul dolanyşygyny kadalaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyryldy.

Milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerine laýyklykda, şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzyň bank edaralarynda degişli işler alnyp baryldy. 2021-nji ýylyň 1-nji fewraldaky ýagdaýyna görä, ykdysadyýetimiziň hojalyk subýektleriniň maliýe serişdelerine bolan isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilen karzlaryň umumy möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11 göterim artdy.

Ykdysadyýetimiziň döwlete degişli bolmadyk bölegine berlen karzlaryň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 14,6 göterim ýokarlandy. Ýeňillikli bank karzlarynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,1 göterim köpeldi. Şunda 1 müň 824 taslama maliýeleşdirildi.

Oba hojalygynda zähmet çekýän önüm öndürijilere oba hojalyk tehnikalaryny, enjamlary satyn almak üçin berlen karz serişdeleriniň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 33,5 göterim artdy.

Şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, ipoteka karzlarynyň berilmegi dowam etdi.

Pul dolanyşygyny kadalaşdyrmak, goýumlary çekmek, elektron düzümi netijeli herekete girizmek boýunça amala aşyrylan işler barada hem hasabat berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow 2020-nji ýylda we şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Geçen ýylda nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň meýilnamasy 100 göterim, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasy 101 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy bolsa, 101,7 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmekde 104,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmekde 104,4 göterim, polipropileniň öndürilişinde 102,2 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmekde bolsa 116,7 göterim ösüş gazanyldy. Şeýle hem “mawy ýangyjy” eksport etmegiň we özleşdirilen maýa goýumlarynyň mukdary barada hasabat berildi.

Şu ýylyň ýanwar aýynda nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 100,8 göterim, benziniň öndürilişiniň meýilnamasy 100,4 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 103,4 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 102,5 göterim, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasy 115,9 göterim, “mawy ýangyjyň” eksportynyň meýilnamasy 110,6 göterim, maýa goýumlarynyň özleşdirilişiniň meýilnamasy 131,4 göterim ýerine ýetirildi.

Şeýle hem nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylýan möçberi, buraw işleri hem-de 2D we 3D usullary arkaly seýsmik barlaglaryň geçirilişi barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, pudagy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýygnananlara ýüzlenip, merdana ata-babalarymyzyň eziz Watanymyzyň at-abraýyny belende galdyrmak üçin ähli tagallalary edip, döredip, gurup, taryhda öçmejek yz goýup ýaşap geçendiklerini belledi.

Biz ata Watanymyzyň şan-şöhratyny belende göteren beýik şahsyýetlerimize tüýs ýürekden guwanýarys. Şoňa görä-de, olaryň atlaryny ebedileşdirýäris. Merdana pederlerimiziň ýoluny mynasyp dowam etdirmäge çalyşýarys. Eziz Watanymyzy dünýäniň nusgalyk döwletleriniň derejesine çykarmak ugrunda ähli tagallalary edýäris diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şu maksatdan ugur alyp, jemgyýetimizi döredijilikli zähmet çekip, täze, belent sepgitlere ýetmäge, beýik işleri amala aşyrmaga ruhlandyrmak, häzirki we geljekki nesilleri milli gymmatlyklarymyza buýsanç, beýik ynsanperwerlik kadalary esasynda terbiýelemek maksady bilen, beýik şahsyýetlerimiziň hatyrasyny belentde tutup, olaryň ýagty ýadygärligini ebedileşdirmek ugrunda zerur işleri alyp barýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Şol beýik şahsyýetleriň hatarynda Alty Garlyýew, Maýa Kulyýewa, Bäşim Nuraly ýaly teatr, kino, aýdym-saz sungatynyň wekillerini, Şükür bagşy, Magtymguly Garlyýew, Sahy Jepbarow ýaly meşhur bagşy-sazandalary, A.Agabaýew, O.Ödäýew ýaly ýazyjy-şahyrlarymyzy, belli alymlarymyzy görkezmek bolar. Şeýle hem biz ilatly ýerleriň, obalaryň we beýleki desgalaryň taryhy atlaryny dikeldýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisine Halkara nebit we gaz uniwersitetine Ýagşygeldi Kakaýewiň adyny dakmak baradaky meselä seretmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Ý.Kakaýew ýurdumyzyň görnükli döwlet we jemgyýetçilik işgäridi. Örän uly tejribesi bolan halypady. Ol nebitgaz pudagynyň häzirki zaman ulgamynyň emele gelmegine, şol sanda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň döredilmegine we ösdürilmegine uly goşant goşdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow ulag hem-de aragatnaşyk toplumynyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Ulag-aragatnaşyk toplumynyň düzümlerinde 2020-nji ýylda önümçilik meýilnamasy 123 göterim berjaý edildi.

Toplumyň 2021-nji ýylyň birinji aýynda önümçilik meýilnamasy 106,6 göterim ýerine ýetirildi.

“Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşi 114,7 göterime barabar boldy. “Türkmenawtoulaglary” agentliginde bu görkeziji 100,4 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 102,2 göterime deň boldy. Hasabat döwründe “Türkmenhowaýollary” agentliginde hem degişli işler alnyp baryldy.

Awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 104,6 göterim, ýük dolanyşygynyň meýilnamasy bolsa, 106,2 göterim berjaý edildi. “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça işleriň ösüşi 106,8 göterime barabar boldy.

Wise-premýer hasabatyň dowamynda “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň hünärmenleri tarapyndan “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda” Kararyň taslamasynyň taýýarlanandygyny habar berdi we ony döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hödürlenen resminama gol çekdi hem-de degişli düzümiň ösdürilmelidigini belläp, sanlylaşdyrmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilişini işjeňleşdirmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda 2020-nji ýylda we 2021-nji ýylyň ýanwarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de ýurdumyzda desgalary işe girizmegiň maýa goýum Maksatnamasy, şeýle hem “Himiki önümleri getirmek, öndürmek we ýerlemek babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak hakyndaky” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

2020-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda gurluşyk-senagat ulgamynda önüm öndürmegiň hem-de hyzmatlaryň meýilnamasy 118,4 göterim ýerine ýetirildi. Ösüş 122,5 göterime barabar boldy.

Şu ýylyň birinji aýynda gurluşyk-senagat ulgamynda önüm öndürmegiň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 131,6 göterim ýerine ýetirildi.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça hasabat döwründe işleriň meýilnamasy 106,2 göterim ýerine ýetirilip, ösüş 102,4 göterime barabar boldy.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 120,4 göterim ýerine ýetirilip, 120,6 göterim ösüş gazanyldy.

Energetika ministrligi boýunça elektrik energiýasyny öndürmegiň meýilnamasy 108,2 göterim ýerine ýetirilip, 106 göterim ösüş gazanyldy. Elektrik energiýasynyň eksporty boýunça meýilnama 127,7 göterim ýerine ýetirildi, ösüş 112,9 göterime barabar boldy.

Hasabat döwründe “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan önüm öndürmegiň we hyzmatlaryň meýilnamasy 177,2 göterim ýerine ýetirilip, 148,6 göterim ösüş gazanyldy.

Aşgabat şäher häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 114,4 göterim berjaý edildi.

Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýurdumyzda desgalary işe girizmegiň maýa goýum Maksatnamasyny, şeýle hem “Himiki önümleri getirmek, öndürmek we ýerlemek babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak hakyndaky” Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hereket edýän milli kanunçylyga üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegi göz öňünde tutýan täze Düzgünnamanyň kabul edilmeginiň derwaýysdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, wise-premýere bu möhüm resminamany ýerine ýetirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz şu ýyl üçin niýetlenen gurluşyk maksatnamasynyň meselelerine degip geçip, onuň çäklerinde uly işleriň geçirilmelidigini aýtdy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleri boýunça düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 40 milliard manada golaýlaýar. Bu bolsa zawod-fabrikleriň, hassahanalaryň, saglyk merkezleriniň we öýleriniň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, mekdepleriň, medeniýet öýleriniň, dolandyryş merkezleriniň, täze şäherçeleriňdir ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny hem-de durkuny täzelemegi öz içine alýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny, aýratyn-da, ak mermerli paýtagtymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli ulanmaga beriljek desgalaryň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz gurluşygyň hiline aýratyn üns bermegi talap edip, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ykdysadyýetimizi çalt depginler bilen ösdürmek we mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak işinde sanly ulgama geçmek, häzirki zaman tehnikalaryny we iň täze tehnologiýalary ulanmak, innowasion önümçilik düzümlerini döretmek zerurdyr diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekip, onda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de gözegçilik edýän söwda we dokma pudaklarynda hem-de telekeçilik ulgamynda 2020-nji ýylda we şu ýylyň birinji aýynda amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer 5-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda döwlet Baştutanymyzyň söwda toplumynyň öňünde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek maksady bilen, önümçilik kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmak, sanly ulgamlary, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryny giňden ornaşdyrmak, içerki bazar hem-de eksport üçin ýurdumyzda öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak, pudagyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny seljermek hem-de girdejileri köpeltmek boýunça zerur çäreleriň görülýändigini habar berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň mukdary şu ýylyň ýanwar aýynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 110,2 göterime barabar boldy. Öndürilen önümleriň ösüşi 111,5 göterime barabar boldy.

Dokma senagaty ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 117,1 göterime, nah matalaryň önümçiligi 101,8 göterime, tikin we örme önümlerini öndürmek 123,2 göterime, gön önümlerini öndürmek 105 göterime barabar boldy.

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 106 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça ýanwar aýynda birža söwdalarynyň 24-si geçirilip, 2 müň 434 şertnama hasaba alyndy.

Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 116,8 göterime deň boldy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk, azyk hem-de senagat önümleriniň öndürilişiniň ösüşi degişlilikde, 155,6 göterime we 101,3 göterime barabar boldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän düzümlerinde 2020-nji ýylda we 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalarynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

Geçen ýylda Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi döredildi, “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasy” we «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasy” taýýarlanyldy.

Geçen ýylda Ylymlar akademiýasy tarapyndan ylmyň we tehnologiýanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça alnyp barylýan işleriň 346-synyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edildi. 3 doktorlyk we 14 kandidatlyk dissertasiýalary goralyp, degişli alymlyk derejeleri berildi.

Türkmen türgenleri halkara sport ýaryşlarynyň 11-sine gatnaşyp, 12 altyn, 9 kümüş we 18 bürünç medala mynasyp boldular.

2021-nji ýylyň ýanwar aýynda şu ugurlary döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi.

Şu ýylyň birinji aýynda ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylyk ugry boýunça işler dowam etdi. Teleköpri arkaly saglygy goraýyş boýunça IХ türkmen-german forumy geçirildi. Russiýa Federasiýasynda öndürilen “Sputnik-V” hem-de “EpiWakKorona” waksinalary resmi bellige alyndy.

Şu ýylyň başyndan bäri teleköpri arkaly halkara guramalar we daşary ýurtlaryň ugurdaş ministrlikleri bilen duşuşyklar geçirildi. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli, ylmy-amaly maslahatlar, wagyz-nesihat çäreleri guraldy.

Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe resminamalaryň taslamalaryny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda” Karara, 2021-nji ýylda aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň hem-de kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sanyny tassyklamak hakynda Buýruga gol çekip, olary degişli derejede ýerine ýetirmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny rejelenen görnüşde tassyklamak hakynda Kararyň taslamasy barada aýdyp, ýurdumyzyň welaýatlarynda täze ylmy-kliniki merkezli hassahanalaryň gurluşygyny nazarda tutup, onuň üstünde işlemegi tabşyrdy.

Bu saglygy goraýyş desgalary keselleriň öňüni almak we bejermek üçin giň mümkinçilikleri açar. Şeýle hem Aralyň adam saglygyna edýän ýaramaz täsirini öwrenmäge, okuwlary hem-de ylmy we barlaghana işlerini geçirmäge mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, Wirusologiýa, bakteriologiýa we epidemiologiýa ylmy-önümçilik merkezlerini hem gurmaly. Bu merkezlerde epidemiologiýa, molekulýar mikrobiologiýa we immunologiýa ýaly ugurlarda düýpli ylmy barlaglary geçirmek üçin şertler döredilmelidir. Şonuň ýaly-da, olarda endemik keselleriň we onuň döremeginiň sebäplerini ylmy taýdan öwrenmek göz öňünde tutulmalydyr. Ýokanç keselleriň ýaýramagynyň mümkinçiligi, öňüni alyş çäreleri, etiologik çeşmeleriniň täsiri kesgitlenmelidir. Şeýle hem daşky şertler bilen baglylykda, barlaghana barlaglaryny geçirmegiň serişdeleri boýunça öwrenmek guralmalydyr.

Bu merkezlerde epidemiologiýa, molekulýar biologiýa, wirusologiýa, bakteriologiýa, gen inženeriýasy, biotehnologiýa, ekologiýa we biologiýa howpsuzlygy babatda täze ylmy bilimleri almaga gönükdirilen düýpli ylmy-barlag işleri geçirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de bu meseleleri ýene-de bir gezek maslahatlaşyp, maksatnamanyň taslamasyny goşmaça işläp, Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlemegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda 2020-nji ýylda we 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Geçen ýyl iri medeni çäreler, sergiler, duşuşyklar, döredijilik bäsleşikleri, aýdym-sazly dabaralar, medeni-durmuş maksatly desgalary ulanmaga bermek bilen bagly çäreler guraldy.

Wideoaragatnaşyk ulgamy boýunça dürli duşuşyklar geçirildi, halkara hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy boýunça meýilnama 108,9 göterim ýerine ýetirildi.

Hasabat döwründe tele we radioýaýlymlarda ýurdumyzda amala aşyrylýan işler giňden şöhlelendirildi, döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynyň wakalaryna, milli däp-dessurlaryna bagyşlanan gepleşikler yzygiderli berildi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk komiteti döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Garaşsyzlygyň şanly senesi hem-de türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygy mynasybetli dürli döredijilik bäsleşikleri yglan edildi. Baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede guramak maksady bilen, dünýäniň öňdebaryjy tejribesi öwrenilýär.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen baglylykda, Daşary işler ministrligi tarapyndan 2020-nji ýylda hem-de 2021-nji ýylyň ýanwarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Geçen ýylda hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasynda resmi saparda boldy hem-de ýurdumyza iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy. Hasabat döwründe döwlet Baştutanymyz onlaýn tertipde geçirilen ýokary derejeli duşuşyklaryň we forumlaryň birnäçesine gatnaşdy, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary we daşary ýurt döwletleriniň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirildi. Olaryň barşynda umumy bähbitlere laýyk gelýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Wise-premýer, daşary işler ministri 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň netijeleri barada hasabat berip, şu döwürde bolan wakalaryň ähmiýetini nygtady. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda teleköpri arkaly Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy ugry boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk hem-de üstaşyr akymlarynyň ulanylmaga tabşyrylmagy mynasybetli guralan dabara bar. Şu mynasybetli geçirilen dabaralara teleköpri arkaly Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani gatnaşdylar.

Ýene-de bir möhüm waka Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy bilen baglanyşyklydyr. Däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini alamatlandyrýan bu möhüm resminama gol çekmek dabarasyna göni wideoaragatnaşyk arkaly iki ýurduň Liderleri Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew gatnaşdylar.

29-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna resmi taýdan badalga berildi. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda dabara geçirildi.

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip yglan edilmegi mynasybetli halkara maslahaty, dabaralary we çäreleri geçirmek hakynda”, “Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyny tassyklamak hakynda”, “Eksport-import amallary üçin «Bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara topary döretmek hakyndaky” Kararlaryň taslamalaryny hödürledi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp we Kararlara gol çekip, wise-premýere, daşary işler ministrine olary ýerine ýetirmek, şol sanda meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça milli parlamentiň 2020-nji ýylda we şu ýylyň birinji aýynda ýerine ýetiren işleri barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň çäklerinde we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň 11-nji fewralynda deputatlar bilen geçiren duşuşygynda öňde goýan möhüm wezipeler nazara alnyp, zerur işler durmuşa geçirildi.

Mejlisiň dört maslahaty geçirildi. Jemi 102 resminama, şol sanda 57 kanun we milli parlamentiň kararlarynyň 45-si kabul edildi.

Mejlisiň 2021-nji ýyl üçin kanun çykaryjylyk işiniň meýilnamasy taýýarlanyldy. Häzirki döwürde degişli ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda täze hukuk resminamalary taýýarlanylýar.

Mejlis Merkezi saýlaw topary, welaýatlaryň häkimlikleri, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek boýunça degişli işleri alyp barýar. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, zerur bolan kadalaşdyryjy-hukuk namalary, düzgünnamalar we usulyýet gollanmalary, saýlaw resminamalarynyň nusgalary, saýlaw toparlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary, synçylar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin gollanmalar taýýarlanyldy.

Parlamentiň deputatlary we hünärmenleri ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegini, kanun çykaryjylyk işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegini we döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän wideoduşuşyklara hem-de maslahatlara gatnaşdylar.

Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik we netijeli daşary syýasatynyň, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 30 ýyllygynyň ähmiýetini, hereket edýän kanunlaryň mazmunyny düşündirmek boýunça wagyz-nesihat işleri yzygiderli alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň demokratik, hukuk we dünýewi esaslarynyň berkidilmegine, ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginleriniň üpjün edilmegine, raýatlarymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde milli kanunçylyk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýubileý ýylynda ýurdumyzyň deputatlarynyň öňünde Garaşsyz ýurdumyzyň geljekki ösüşini, onuň raýatlarynyň abadançylygyny üpjün edýän täze kanunlary kabul etmek bilen baglanyşykly möhüm wezipeleriň durýandygyny belledi. Deputatlar jemgyýetçilik wakalarynyň jümmüşinde bolmalydyrlar, halkymyzyň oňyn çözgütlere we özgertmelere bolan isleglerini işjeň öwrenmelidirler diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine hem söz berildi.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy we şu ýyl üçin kesgitlenen wezipeler barada hasabat berdi.

Soňra häkim şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabatyny dowam etdi.

Häkim şu günler welaýatda bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň agrotehniki kadalara laýyk derejede alnyp barylýandygyny, 2021-nji ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak üçin gowaça ekişinde ulanyljak tehnikalary we iş gurallaryny abatlamak işleriniň tamamlanandygyny habar berdi.

Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Welaýatyň ýolbaşçysy şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hem hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, häkim häzir ak ekin meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki çäreler, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişine taýýarlamak işleriniň agrotehniki kadalara laýyk derejede alnyp barlyşy, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow geçen ýylda sebitde geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, häkim welaýatda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Diýarymyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak we bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ak ekinlere ideg etmek işleri agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar. Häzirki wagtda öňümizdäki ekişe taýýarlyk görmek boýunça işler ýokary depginde dowam etdirilýär.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Soňra häkim şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şu günler oba hojalygyny düýpli özgertmek boýunça öňde durýan wezipelerden ugur alnyp, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki çäreler, ýaz ekişine görülýän taýýarlyk işleri batly depginde gyzgalaňly dowam etdirilýär.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Şeýle hem häkim şu ýylyň ýanwar aýynda amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda ak ekinlere ideg etmek işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Şeýle hem gowaça ekişine we beýleki ekinleriň ýaz ekişine taýýarlyk işleri agrotehniki kadalara laýyk derejede dowam edýär.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Geçen ýylda, 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, obasenagat toplumyna degişli ministrlik we pudaklaýyn dolandyryş edaralary boýunça önümçiligiň ösüşiniň 104 göterime barabar bolandygy bellenildi. Maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 120,4 göterim ýerine ýetirildi.

Şu ýylyň ýanwar aýynda tutuş obasenagat toplumy boýunça önüm öndürmegiň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň möçberiniň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 104,2 göterime deň boldy. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 104,3 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 103,6 göterime hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 104 göterime barabar boldy. Maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 125,2 göterim ýerine ýetirildi.

Şu günler pagtaçylar ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görýärler. Mallaryň baş sanyny köpeltmek hem-de ot-iýmler bilen üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, geçen ýylyň güýz möwsüminde ýurdumyzyň welaýatlarynda jemi 35 müň gektar meýdanda ot-iýmlik ekinler ekildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Ýurdumyzda 2021-nji ýylda bag ekmek hakynda” Karara, şeýle hem “2021-nji ýylda ýurdumyzyň welaýatlary we etraplary boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberlerini tassyklamak hakynda” Buýruga gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow 2020-nji ýylda we şu ýylyň birinji aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, giň möçberli harby özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Kiberhowpsuzlyk boýunça döwlet topary hakynda” Düzgünnama laýyklykda, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek boýunça döwlet maksatnamasyndan we ony ýerine ýetirmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen, Kiberhowpsuzlyk boýunça döwlet toparynyň dört mejlisi geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli goşunymyzyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşyny kämilleşdirmek, ähli düzümleriň ýokary söweşjeň taýýarlygyny üpjün etmek arkaly döwletimiziň goranyş kuwwatyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň wezipelerine ünsi çekdi we Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine hem-de halkymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine hemişe ygrarlydygyny belledi. Ýurdumyzyň tutuşlygyna goranyş we parahatçylyk söýüjilik häsiýete eýe bolan Harby doktrinasy hut şu ýörelgelere esaslanýar.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryna halkara standartlara laýyk gelýän sanly ulgamy we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň täze gazananlaryny yzygiderli ornaşdyrmak işleriniň amala aşyrylýandygyny nazarda tutup, bu ulgamlaryň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça utgaşykly işleriň alnyp barylmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, kiberhowpsuzlyk ulgamynyň işini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Milli Liderimiz bu düzümlerde ýaýbaňlandyrylan hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine, döwrebaplaşdyrylmagyna, harby gullukçylaryň hünär derejesiniň taýýarlygyna hem-de degişli gulluklary we ýokary derejeli durmuşy üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň möhümdigini belledi we Watan goragçylarynyň söweşjeň taýýarlygyny yzygiderli kämilleşdirmegiň hem-de olara watansöýüjilik terbiýesini bermegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly senesi mynasybetli ulanylmaga beriljek önümçilik we durmuş maksatly iri desgalaryň hem-de binalaryň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag, aragatnaşyk we elektrik energetikasy ulgamlaryndaky iri sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda, birnäçe desgalary ulanmaga bermek boýunça meýilleşdirilen işleriň ählisi öz wagtynda tamamlandy.

Çärjew etrabyndaky “Malaý” ýatagynda gaz gysyjy beket ulanylmaga berildi.

Wise-premýer paýtagtymyzyň şu ýyl ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarynda dowam edýän gurluşyk işleri barada-da hasabat berdi.

Şanly senäniň hormatyna ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan önümçilik we durmuş maksatly binalaryň gurluşygynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi hem-de milli binagärlik ýörelgeler bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagy, gurluşyk serişdeleriniň hili we üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyga öňdebaryjy tehnologiýalary we nou-haulary giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz binagärlik taslamalaryny işläp taýýarlamaga ylmy çemeleşmäniň hem-de olaryň maýa goýum babatdaky bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmegiň wajypdygyny belledi.

Milli Liderimiz baýramçylyk desgalarynyň Garaşsyz Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň, onuň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ägirt uly özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe gitmeginiň nyşanydygyny belläp, wise-premýere, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygyna alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşyna we hiline gözegçiligi güýçlendirmegi, desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerini jemledi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, geçen ýyl biziň üçin çylşyrymly we ýeňil bolmadyk ýyl boldy. Ýöne, dünýä ykdysadyýetinde ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy sebäpli ýüze çykan ähli kynçylyklara garamazdan, mähriban halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde, biz “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen 2020-nji ýylda uly üstünlikleri gazandyk.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bellenen ähli meýilnamalaryň diýen ýaly amala aşyrylandygyny aýtdy. Ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanan ähli çäreler geçirildi. Üýtgewsiz ýörelgeleri, Garaşsyzlygy hem-de Bitaraplygy, parahatçylygy we demokratiýany özünde jemleýän kanunlary işläp taýýarlamak hem-de kabul etmek babatdaky işler dowam etdirildi.

Konstitusiýa üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi bilen bagly ýokary derejedäki kanun çykaryjy häkimiýeti üýtgedip gurmak — iki palataly parlamenti döretmek işi doly diýen ýaly tamamlandy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depgini saklap galdyk. Geçen ýylda jemi içerki önümiň ösüşi 5,9 göterime, şol sanda senagat pudagynda 3,3 göterime, söwdada 15,1 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 4,7 göterime barabar boldy.

12 müňe golaý täze iş orunlary döredildi. Puluň hümmetsizlenmegi bellenen çäklerde saklandy. Ata Watanymyzyň kuwwatyny we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň ýolunda täze ädimler ädildi. Milli ykdysadyýetimiziň esasy ulgamlary we pudaklary durnukly ösýär.

Göz öňünde tutulan maksatnamalaryň çäklerinde, biz gurluşyk pudagyna 38 milliard amerikan dollaryndan hem köp maýa goýumlaryny goýduk diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna bahasy 8 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 45 sany iri önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalar ulanylmaga berildi.

Başarjaň daýhanlarymyz we mülkdarlarymyz hem geçen ýylda oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almagy başardylar. 1 million 500 müň tonna golaý guşgursak bugdaý, 1 million 200 müň tonnadan hem köp pagta taýýarlap, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdiler diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Kabul edilen döwlet maksatnamalarymyzy amala aşyrmagyň barşynda şäherlerimiziň we obalarymyzyň, tutuş ýurdumyzyň keşbi düýpli özgerýär. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, ähli üpjünçilik ulgamlary bolan täze şäherçeleriň gurluşygy dowam edýär.

Geçen ýyl biz meýdany 2 million inedördül metrden hem köp bolan ýaşaýyş jaýlary, şol sanda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga berdik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Netijede, müňlerçe maşgalalar, şol sanda az üpjünçilikli maşgalalar jaý toýlaryny toýladylar.

Ylym, bilim we terbiýeçilik ulgamlarynyň ösüşinde hem täze tapgyr başlandy. Köp sanly çagalar baglary gurulýar, iň kämil tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan täze ýokary okuw mekdepleri, saglygy goraýyş, medeniýet we sport edaralary açylýar. Iň esasysy bolsa, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanyp, ertirki güne ynamy artýar diýip, milli Liderimiz belledi. Jemgyýetimizde demokratiýa we aç-açanlyk ýagdaýy barha giňden ykrar edilýär. Ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna tarap üýtgedip gurmak işleri yzygiderli dowam edýär.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu ýyl üçin gowy býujet kabul edildi, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleri ýene-de ýokarlandyryldy.

Garaşsyzlygymyzyň, Bitaraplygymyzyň we raýatlarymyzyň asuda durmuşynyň kepili bolan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranmak ukyby barha pugtalanýar.

Türkmenistan ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklary ýola goýmak bilen bir hatarda, iri halkara guramalar bilen köpugurly özara hyzmatdaşlygy hem işjeň ösdürýär. Şolaryň hatarynda BMG, ÝHHG, ŞHG, GDA, Goşulyşmazlyk Hereketi, YHG we beýleki abraýly halkara guramalar bar.

Dünýäde parahatçylyk söýüji, netijeli daşary syýasaty alyp barýan Bitarap döwletimiziň halkara abraýy yzygiderli ýokarlanýar. Ýurdumyzyň öňe süren köp sanly başlangyçlaryna abraýly halkara guramalarda düşünmek bilen garalýar we bu başlangyçlar uly goldaw tapýar.

Milli Liderimiz Bitarap Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny döretmäge hem-de hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly goşant goşandygyny we goşmagyny dowam edýändigini belledi. Bularyň ählisi Garaşsyz Watanymyzyň dünýäde eýeleýän ornuny berkitmäge we onuň abraýyny ýokarlandyrmaga ýardam berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, umuman, geçen ýyl köp sanly möhüm wakalara hem-de üstünliklere beslendi we onuň taryhda hem-de halkymyzyň hakydasynda hemişelik galjakdygyny ynamly aýtsa bolar. Sebäbi 2020-nji ýylda ýurdumyzyň örän köp tebigy baýlyklary netijeli peýdalanyldy, döwletimiziň ägirt uly ykdysady kuwwatyny ulanmak we milletimizi ruhy-medeni taýdan gülledip ösdürmek boýunça ägirt uly işler bitirildi.

Döwlet Baştutanymyz gazanylan ähli üstünlikleriň we ýetilen sepgitleriň diňe alyp barýan syýasatymyzy halkymyzyň giňden goldamagy, durmuşymyzy gowulandyrmak boýunça geçirýän özgertmelerimize işjeň gatnaşmagy netijesinde mümkin bolandygyny belledi. Şoňa görä-de, milli Liderimiz Garaşsyz döwletimiziň gazanan uly üstünliklerine öz zähmeti bilen ýardam edenleriň ählisine, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna hem-de ýönekeý zähmetkeşlere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň durmuşyndaky her ýylyň belli bir şygar boýunça geçirilýändigini belledi. Şu ýyl üçin şygarymyzy “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip kesgitledik. Bu sözler uly many-mazmuny özünde jemleýär.

Milli Liderimiz bu barada aýtmak bilen, halkymyzyň watançylyk ruhunyň ýokarlanmagynyň, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, onuň ykdysady kuwwatynyň berkidilmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna ýardam berýändigini belledi.

Munuň özi biziň ählimize aýratyn jogapkärçilik hem ýükleýär. Şoňa görä-de, bu şygary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin örän köp we tutanýerli zähmet çekmelidiris.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýakynda geçirilen ýörite iş maslahatlarynda 2020-nji ýylda ähli toplumlarda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, ýol berlen kemçilikleri düzetmek boýunça çäreler bellenildi. Ýolbaşçylaryň indiki wezipesi işleri gowulandyrmak üçin berlen tabşyryklary we bellenen çäreleri gysga wagtda ýerine ýetirmekden ybaratdyr.

Ata Watanymyzy üstünlikli ösdürmek üçin bize täze taslamalar, täze pikirler we dolandyryş çözgütleri zerur. Şoňa görä-de, siz köp başlangyçlar bilen çykyş etmeli, işjeň zähmet çekmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we hemmeleriň güýç-gaýratyny gaýgyrman işlemekleriniň zerurdygyny aýtdy.

Biz geljekde hem beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň özümizde öndürilýän möçberini artdyrmalydyrys. Ýurdumyzyň egsilmez tebigy baýlyklaryny özleşdirip, ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmalydyrys.

Şu ýyl ähli ýolbaşçylaryň esasy wezipesi ilatyň ýaşaýşynyň hilini gowulandyrmak, girdejilerini artdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek we maýa goýumlaryny çekmek bolup durýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şanly seneleri, ýagny mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramlaryny ýokary derejede belläp geçmelidiris.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan taýýarlyk işleri bilen gyzyklandy.

Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow häzirki döwürde şanly seneler mynasybetli degişli taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi we medeni maksatnama taýýarlanyp, onuň çäklerinde dürli derejedäki döredijilik bäsleşikleriniň, aýdym-saz agşamlarynyň, çeper okaýyşlaryň, festiwallaryň we sergileriň guraljakdygyny habar berdi. Meýilleşdirilen çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi ugrunda taýýarlyk işlerine giň gerim berildi.

Döwlet Baştutanymyz bu seneleriň paýtagtymyzyň durmuşynda aýratyn möhüm orun eýeleýändigini belledi. Meýilleşdirilen çärelerde ýurdumyzyň, aýratyn-da, Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten derejesi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ösüşleri we şäher ilatynyň ajaýyp durmuşy öz beýanyny tapmalydyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, 2020-nji ýylyň başynda ýylyň jemleri boýunça welaýatda durmuş-ykdysady we medeni görkezijileri babatda iň ýokary netijeleri gazanan etraplary we etrap hukukly şäherleri kesgitlemek maksady bilen, däp bolan bäsleşigiň yglan edilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylygyndaky ýörite toparyň bu bäsleşigiň jemini jemländigini aýdyp, hasabat bermek üçin Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy G.Ataýewa söz berdi.

Bellenilişi ýaly, berlen maglumatlar, şeýle hem bilermenleriň seljermeleri esasynda 2020-nji ýylyň jemleri boýunça geçirilen bäsleşikde iň gowy etrap kesgitlenildi.

Şeýlelikde, geçirilen işlerde Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça görkezijiler, bugdaý we pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilişi, dürli maksatly desgalaryň gurluşygy, durmuş meseleleriniň çözülişi, şol sanda ilatyň iş bilen üpjünçiligi, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine bolan gatnaşygy, medeni derejesiniň ýokarlanyşy, ösüp barýan ýaş nesillere berilýän terbiýe we beýleki wajyp görkezijiler nazara alyndy.

Bäsleşigiň jemleri boýunça Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etraby ýeňiji diýlip yglan edildi.

Hormatly Prezidentimiz maglumaty diňläp, ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adynda etrabynyň häkimligini ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglamak hakynda we bu bäsleşigi 2021-nji ýyl üçin yglan etmek hakynda Buýruklara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň jemlerini jemlemek bilen, ata Watanymyzyň özümize bagly bolmadyk kynçylyklara garamazdan, parahatçylygy, howpsuzlygy, durmuş-ykdysady ösüşi gazanmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak ugrunda ýerine ýetirilen işlere kanagatlanma bildirdi. Şeýlelikde, ýurdumyz we hemmämiz bilelikde ynamly öňe barýarys.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, uly üstünlik, mähriban halkymyza bolsa abadançylyk arzuw etdi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20699?type=feed

13.02.2021
Hyrydarly önümler

Ýurdumyzyň altyn gaznasy hasaplanylýan telekeçiler özleriniň irginsiz zähmeti bilen milli ykdysadyýetimiziň ösmeginde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde ýokary işjeňlik görkezýärler.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň hususy ulgamynda döredip berýän giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýan türkmen telekeçileri ýylyň-ýylyna guwandyryjy zähmet üstünliklerini gazanýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde uly işler alnyp barylýar we döwlet tarapyndan ýeňillikli karzlar esasynda uly goldaw berilýär. Ýurdumyzda ilatyň ösen isleglerini kanagatlandyrmakda, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde hususy pudakda bäsdeşlige ukyply birnäçe kärhanalar döredildi. Ýurdumyzda öz öndürýän önümleri bilen uly meşhurlyk gazanan «Miweli ülke» hususy kärhanasy hem «Hoşwagt» haryt nyşanly önümleri bilen adygandyr. Biz golaýda kärhananyň hünärmeni Agamyrat Döwletmyradow bilen bu ýerde öndürilýän önümler dogrusynda söhbetdeş bolduk.

— «Miweli ülke» hususy kärhanamyz Mary şäherinde ýerleşýär, ol 2016-njy ýylda döredildi. Kärhanamyzda innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylyp, dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri öwrenilýär. Täze tehnologiýalaryň kömegi bilen halkymyzyň ösen isleglerine laýyk gelýän, ýokary hilli önümler öndürilip, olaryň görnüşleri artdyrylýar. Bu günki gün importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek her bir telekeçiniň baş maksady bolup durýar. Bu maksatdan ugur alyp, kärhanamyzyň agzybir işgärleri öndürilýän önümleriň ekologiýa taýdan arassalygyny, hil derejesiniň ýokarylygyny gazanmaga uly üns berýärler. Biziň kärhanamyzda gowrulan günebakar çigidi, çipsi, kofe, gant, mekgejöwenden taýýarlanylýan önümler öndürilýär. Kärhanamyzyň ähli harytlary «Hoşwagt» haryt nyşany bilen gözegelüwli owadan gaplara gaplanylyp halka ýetirilýär. Dürli tagamly «Berk», «Süýtli», «Tokaý hozy tagamly», «Kapuçino» ýaly kofelerimiz halk arasynda uly islegden peýdalanýar. «Hoşwagt» haryt nyşanly kofeleriň her aýda 10,5 tonnasy öndürilýär. Bu kofeler bilen bir hatarda, «Gyzgyn şokolad» we «Gold» atly gaplanan kofeler diňe bir öz ýurdumyzyň içine däl, eýsem, eksporta hem gönükdirilýär.

Her aýda çipsileriň 109,71 tonnasy öndürilýär, olar aýratyn tagamlylygy bilen tapawutlanýar. Mekgejöwen çipsilerimiz peýnir, gyzylburç, gaýmak, çişlik tagamlary bilen hödürlense, «Hoşwagt» nyşanly gant süýjüligine limon, malina, tokaý miweleriniň tagamlary berlip, her aýda onuň 28,57 tonnasy, mekgejöwen önümleriniň 15,57 tonnasy, gowrulan günebakar çigidiniň 64,3 tonnasy öndürilip halka ýetirilýär. Bulardan başga-da, kärhanamyzda dürli agramlarda pisse maňzynyň gowrulan, duzlanan görnüşleri taýýarlanylyp, söwda nokatlaryna ugradylýar. Geljekde kärhanada un we unaş önümlerini öndürmek hem göz öňünde tutulýar. «Miweli ülke» kärhanasynyň wekilleri welaýatlarymyzyň we gözel paýtagtymyzyň söwda nokatlaryny öndürýän önümlerimiz bilen yzygiderli üpjün edýärler.

Kärhanamyz ýylyň ähli paslynda halkymyzy elýeter bahadan ter miweler, bakja önümleri bilen üpjün etmeklige hem uly goşant goşýar. Kärhana ter önümleri talabalaýyk saklamak üçin ammarlar, tomus paslynyň jöwzaly günleri üçin kuwwatly sowadyjyly ammarlar bilen üpjün edilendir. «Lezzeti tebigatdan, hili bizden» şygary bilen üstünlikleri nazarlaýan hususy kärhanamyzyň ümzügi ileri.

Telekeçilige giň ýol açan, mähriban halkymyza bolelin durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowaç bolsun! — diýip, söhbetdeşimiz ýürek buýsanjyny beýan etdi.

Dursun HOJATOWA,

«Aşgabat».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20667

13.02.2021
Işler talabalaýyk ýola goýulmalydyr

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

10-njy fewralda milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we geljek ýyl üçin kesgitlenen anyk wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatyna ykdysadyýet we maliýe ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýer, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, bank düzümleriniň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň rektorlary gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu toplumyň alyp barýan işi ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi, Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri, ýeten derejesi we halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr. Toplumyň işiniň döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirilmegi, onuň düzümleriniň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmegi, netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy ýurdumyzyň ösüşine, kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň öz wagtynda we doly ýerine ýetirilmegine, amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini çaltlandyrmaga oňyn täsirini ýetirmelidir.

Ilki bilen, maliýe we ykdysadyýet ministri çykyş edip, ol 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bu ugurda ýerine ýetirilýän işleriň netijelerine nägilelik bildirip, hormatly Prezidentimiz ministre döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmagyň gurallaryny kämilleşdirmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlyklary, Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory degişli ugurlarda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdiler. Ilatyň iş bilen üpjünçiligi babatda ministrligiň alyp barýan işlerine nägilelik bildirip, milli Liderimiz iş bazaryndaky ýagdaý hakynda maglumat bermegi kämilleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy. Şeýle hem «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirip, döwlet Baştutanymyz öndürilýän önümleriň hem-de harytlaryň, ýerine ýetirilýän işleriň we hyzmatlaryň hiline, howpsuzlygyna geçirilýän barlaglaryň dünýä tejribesinde umumy kabul edilen standart hil derejesine laýyk gelmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysyna komitetiň işini dünýä tejribesine laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmek barada anyk tabşyryklary berdi. Türkmenistanda ätiýaçlandyryş bazarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, milli Liderimiz düzümiň işine nägilelik bildirdi, degişli ugur boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Merkezi bankyň başlygynyň hasabatynda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň çäklerinde, milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli sazlaşykly ösüşini saklamak, ony sanlylaşdyrmak, pul toplumyny kadalaşdyrmak boýunça işler ýerine ýetirildi. Bank ulgamynyň işine düýpli nägilelik bildirip, hormatly Prezidentimiz maýa goýum işjeňligini goldamak boýunça toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň, «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň, «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň, «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Döwlet ösüş bankynyň, «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň, «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlyklary degişli yzygiderlilikde ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şu ýyl üçin bellenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary barada hasabat berdiler. Hasabatlary diňläp, milli Liderimiz soňky ýyllarda bankyň işini talabalaýyk ýola goýmak meseleleriniň ünsden düşürilendigini aýtdy, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Iş maslahatynyň dowamynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektorlary ýokary okuw mekdeplerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Döwlet Baştutanymyz bu ýokary okuw mekdepleriniň halk hojalygy toplumynda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça öňde durýan wezipeleri netijeli çözmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamagy esasy ugur edinýändigini belledi, rektorlara degişli tabşyryklary berdi.

Ykdysadyýet we maliýe ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýer geçen ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Döwlet býujetiniň we maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýum serişdelerini özleşdirmek işleriniň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi. Wise-premýeriň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işlere nägilelik bildirip, hormatly Prezidentimiz ykdysady durnuklylygy, ösüşi üpjün etmek üçin zerur çäreleriň amala aşyrylmagynyň, dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýyny nazara alyp, halk hojalygynyň pudaklary tarapyndan maliýe serişdeleriniň ulanylyşyna yzygiderli gözegçilik edilmeginiň wajypdygyny belledi.

Ykdysadyýet we bank ulgamynyň işine bagyşlanan maslahaty jemlemek bilen, milli Liderimiz toplumyň işini gowulandyrmak üçin, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý ýylynda hemmeleriň has tijenip işlemelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde toplumda bar bolan mümkinçilikleri doly peýdalanyp, işleri döwrüň talaplaryna laýyk guramaly. Ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda işe sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmaly, dünýä derejeli iň kämil usullary ulanmaly. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz maslahata gatnaşyjylara degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

"Nesil".



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20684

13.02.2021
Milli ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we geljek ýyl üçin kesgitlenen anyk wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, bank düzümleriniň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň rektorlary gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu toplumyň alyp barýan işi ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi, Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri hem-de ýeten derejesi we halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr.

Häzirki wagtda döwletimiz bu ulgamy ösdürmek üçin ähli zerur tagallalary edýär. Iň kämil döwrebap enjamlar satyn alynýar, pudaklaýyn edaralar we guramalar üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Ýöne, muňa garamazdan, heniz bu ugurda kemçilikleriň we ulanylmaýan mümkinçilikleriň az däldigini bellemek gerek diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Toplumyň işiniň döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirilmegi, onuň düzümleriniň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmegi hem-de netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy ýurdumyzyň ösüşine, kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň öz wagtynda we doly ýerine ýetirilmegine, amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini çaltlandyrmaga oňyn täsirini ýetirmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de şu günki maslahatda bu meseleler boýunça degişli teklipleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.

Iş maslahatynyň dowamynda milli Liderimiz degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, toplumyň işini gowulandyrmak üçin, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý ýylynda hemmeleriň has tijenip işlemelidigini nygtady.

Häzirki döwürde toplumda bar bolan mümkinçilikleri doly peýdalanyp, işleri döwrüň talaplaryna laýyk guramaly. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda işe sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmaly, dünýä derejeli iň kämil usullary ulanmaly diýip belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylara degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlygymyzyň şanly ýubileýiniň bellenilýän ýylynda döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak we durnukly ösdürmek, ilatyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak üçin zerur çäreleri görmeli diýip belledi. Pudaklaryň maliýe-ykdysady ýagdaýy, önümçilikleri doly kuwwatynda we bökdençsiz işletmek, pudagara algy-bergileri azaltmak boýunça yzygiderli seljermeleri geçirmek zerurdyr.

Milli Liderimiz Döwlet býujetiniň oýlanyşykly düzülmeginiň we netijeli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi. Býujetiň girdeji we çykdajy bölegi boýunça meýilnamalaryň berjaý edilmegine, salgytlaryň doly we wagtynda tölenmegine, býujet serişdeleriniň rejeli hem-de maksadalaýyk sarp edilişine gözegçiligi güýçlendirmeli.

Halkara tejribesinden ugur alyp, býujet-salgyt ulgamyny döwrebaplaşdyrmaly, maliýe taýdan hasabatlylygyň, salgyt salmagyň kadalaryny we usulyýetini yzygiderli kämilleşdirip durmaly. Sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly ýurdumyzda «Elektron salgyt» ulgamyny doly işe girizmek boýunça işleri çaltlandyrmaly.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýdyp, merkezi we sebit balans toparlarynyň işini talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Şonuň ýaly-da, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we häkimlikleriň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyna düýpli seljermeleri geçirip, olaryň işini kämilleşdirmek boýunça teklipleri bermek barada tabşyryk berildi.

Maýa goýumlary jemi içerki önümiň esasyny düzmek bilen, ykdysadyýetiň önümçilik kuwwatyny artdyryp, ykdysady ösüşi goldaýar we goşmaça iş orunlaryny köpeltmäge ýardam berýär. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz önümçilik maksatly, hususan-da, kiçi we orta telekeçiligiň maýa goýumlarynyň möçberlerini we netijeliligini artdyrmak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini nygtady.

Milli Liderimiz Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin, binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşyny, maliýeleşdirilişini, Döwlet kabul ediş topary tarapyndan kabul edilip ulanylyşyny we ulanyjylaryň hasabyna geçirilişini gözegçilikde saklamalydygyny belledi.

Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli gurluşygy tamamlanmagy we ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän hem-de Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän binalaryň we desgalaryň maliýe taýdan ygtybarly üpjün edilmegini, tölegleriň öz wagtynda tölenmegini berk gözegçilikde saklamak gerek.

Bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmek üçin, kanunçylygy kämilleşdirip, gymmatly kagyzlaryň bazaryny ösdürmek mümkinçiliklerini nazara alyp, «Aşgabat gazna biržasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işini halkara tejribesinden ugur alyp guramak boýunça zerur işleri geçirmeli.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, zähmete ukyply raýatlary sebitler we pudaklar boýunça işe ýerleşdirmek üçin zerur işleri yzygiderli geçirmegi tabşyrdy.


«Aşgabat».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20672

13.02.2021
Milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň anyk wezipeleri

10-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we geljek ýyl üçin kesgitlenen anyk wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, bank düzümleriniň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň rektorlary gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynyň gün tertibine geçip, maslahata gatnaşyjylara söz berdi. Olar öz gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de şu ýyl üçin bellenen meýilnamalar barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de okgunly ösüşini üpjün etmek boýunça öňde durýan birnäçe möhüm wezipelere ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowyň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi we ykdysady durnuklylygy, ösüşi üpjün etmek üçin zerur çäreleriň amala aşyrylmagynyň, dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýyny nazara alyp, halk hojalygynyň pudaklary tarapyndan maliýe serişdeleriniň ulanylyşyna yzygiderli gözegçilik edilmeginiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýet we bank ulgamynyň işini gowulandyrmak üçin, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý ýylynda hemmeleriň has tijenip işlemelidigini nygtady.

Häzirki döwürde toplumda bar bolan mümkinçilikleri doly peýdalanyp, işleri döwrüň talaplaryna laýyk guramaly. Hormatly Prezidentimiz ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda işe sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmaly, dünýä derejeli iň kämil usullary ulanmaly diýip belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylaryň her birine anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Döwlet býujetiniň oýlanyşykly düzülmeginiň we netijeli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi. Býujetiň girdeji we çykdajy bölegi boýunça meýilnamalaryň berjaý edilmegine, salgytlaryň doly we wagtynda tölenmegine, býujet serişdeleriniň rejeli hem-de maksadalaýyk sarp edilişine gözegçiligi güýçlendirmeli.

Halkara tejribeden ugur alyp, býujet-salgyt ulgamyny döwrebaplaşdyrmaly, maliýe taýdan hasabatlylygyň, salgyt salmagyň kadalaryny we usulyýetini yzygiderli kämilleşdirip durmaly. Sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly ýurdumyzda «Elektron salgyt» ulgamyny doly işe girizmek boýunça işleri çaltlandyrmaly.

Hormatly Prezidentimiz merkezi we sebit balans toparlarynyň işini talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Şonuň ýaly-da, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we häkimlikleriň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyna düýpli seljermeleri geçirip, olaryň işini kämilleşdirmek boýunça teklipleri bermek barada tabşyryk berildi.

Milli Liderimiz önümçilik maksatly, hususan-da, kiçi we orta telekeçilige maýa goýumlarynyň möçberlerini we netijeliligini artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmegiň zerurdygyny nygtady.

Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin, binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşyny, maliýeleşdirilişini, Döwlet kabul ediş topary tarapyndan kabul edilip alnylyşyny we ulanyjylaryň hasabyna geçirilişini gözegçilikde saklamalydygy bellenildi.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli gurluşygy tamamlanmagy we ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän hem-de Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän binalaryň we desgalaryň maliýe taýdan ygtybarly üpjün edilmegini, tölegleriň öz wagtynda tölenilmegini berk gözegçilikde saklamak gerek.

Bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmek üçin, kanunçylygy kämilleşdirip, gymmatly kagyzlaryň bazaryny ösdürmek mümkinçiliklerini nazara alyp, «Aşgabat gazna biržasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işini halkara tejribeden ugur alyp guramak boýunça zerur işleri geçirmeli.

Ugurdaş ýokary okuw jaýlarynyň professor-mugallymlarynyň, ykdysatçy alymlaryň ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň hünärmenleri bilen bilelikde dünýä ykdysadyýetinde garaşylýan ykdysady çökgünlikleriň tapgyrlaryny yzygiderli seljermegi hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirip biljek oňaýsyz täsiriniň öňüni almak boýunça çäreleri işläp taýýarlamagy hem-de ykdysadyýet, maliýe we bank toplumy üçin ýokary dere jeli hünärmenleri taýýarlamagy döwrüň talabyna laýyklykda guramagy hökmandyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryna döwlet we milli maksatnamalara, Konsepsiýalara laýyklykda, okuwyň hilini ýokarlandyrmak boýunça innowasion tehnologiýalary we ylmyň soňky gazananlaryny nazary taýdan öwrenip, durmuşa geçirmek boýunça işleri güýçlendirmek tabşyryldy.

Ýerine ýetirilýän ylmy işleriň hiline uly üns bermeli we olary ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ornaşdyrylmagyny gazanmak üçin ähli zerur çäreleri görmeli. Bu ugurda dürli zehin bäsleşiklerini we telegepleşikleri yzygiderli guramaly.

Hünärmenleri taýýarlamagyň täze innowasion usullaryny giňden ornaşdyryp, döwrüň talabyna laýyk gelýän täze hünärleri girizmeli.

Ylmyň we tehnologiýalaryň, şeýle hem halkara tejribäniň gazananlaryny hasaba alyp, mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak işini hemişe gözegçilikde saklamak, ykdysatçy mugallymlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler babatda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde gepleşikleri yzygiderli berilmegini we makalalaryň çap edilmegini guramaly diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa ýüzlenip, döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösüşini üpjün etmek, jemi içerki önümiň ösüş depginini kadaly saklamak, döwletiň girdejilerini has-da artdyrmak we ykdysadyýetde bazar gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça degişli işleri durmuşa geçirmek zerurdyr diýip belledi.

Ähli pudaklaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, pul üpjünçiligini, pudagara algy-bergiler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini yzygiderli seljermeli hem-de bu ýagdaýlary wagtynda çözmek boýunça çäreleri görmeli. Toplumyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmeli hem-de bellenen meýilnamalaryň öz wagtynda ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmeli diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça işleri giň gerimde alyp barmagyň, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde hususylaşdyrmaga degişli desgalaryň sanawyny taýýarlamak boýunça guramaçylyk işlerini güýçlendirmegiň wajypdygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda geçen ýylda alnyp barlan işler jikme-jik we düýpli seljerildi. Şonuň netijesinde, bu pudaklaryň işindäki köp sanly kemçilikler maliýe-ykdysady toplumyň ýaramaz işlemegi, wise-premýer G.Müşşikowyň ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işine gowşak ýolbaşçylyk etmegi netijesinde emele geldi diýen pikir döredi.

Hormatly Prezidentimiz tabşyryklaryň berlendigine garamazdan, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň maliýe ýagdaýlary düýpli öwrenilmeýär hem-de degişli teklipler berilmeýär diýip belledi. Netijede bolsa, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň esasy wezipesiniň Döwlet býujetiniň netijeli hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek bolup durýandygyna garamazdan, geçen ýylyň ahyrynda Döwlet býujetiniň öňündäki bergiler, ýylyň başyndaky bilen deňeşdirilende, ep-esli köpeldi.

Şeýle hem milli Liderimiz wise-premýeriň, biziň üçin örän möhüm bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine talabalaýyk gözegçilik etmeýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz banklaryň işine hem Hökümetde köp sanly nägilelikler bar diýip belledi. Merkezi bank ileri tutulýan milli maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşmalydyr hem-de ykdysadyýetiň önümçilik pudaklaryny karzlaşdyrmak boýunça beýleki banklaryň işini ýokarlandyrmalydyr.

Ýarym ýylyň jemleri boýunça bank toplumynyň işine ýene-de bir gezek düýpli serediler we şonda Merkezi bankyň we beýleki banklaryň ýolbaşçylarynyň işine gutarnykly baha berler.

Döwlet Baştutanymyz degişli Buýruklara gol çekip, wise-premýere ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de depginli ösdürmäge ýardam berjek çäreleri işläp düzmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

«Daşoguz habarlary».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20662

13.02.2021
Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň ýolunda

Hormatly Prezidentimiz 6-njy fewralda ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri hasaplanýan bu ulgamyň ösüş depginini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylan işlere baha berip, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleri hem kesgitledi. Milli ykdysadyýetimiziň tapgyrlaýyn bazar gatnaşyklaryna geçýändigini nazara alyp, inžener-tehniki we ulag-aragatnaşyk ulgamlary üçin hünärmenleri taýýarlamakda hususy ulgam bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak, degişli ugurlar boýunça okuw meýilnamalaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de halkara IT kompaniýalarynyň taslamalaryna işjeň gatnaşmak bilen bagly meseleler bolsa Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň esasy wezipeleri hökmünde öňe sürüldi. Olaryň üstünlikli amala aşyrylmagy talyplara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, olary ylmy we taslama işlerini ýerine ýetirmäge çekmekde, okuw işine innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmakda täze mümkinçilikleri açýar. Dünýäniň ylmy-tehniki gazananlarynyň öňdebaryjy usullarynyň bilim işinde yzygiderli peýdalanylmagy, öz gezeginde, ýurdumyzda döwrebap hünärmenleriň kemala gelmegini, ýaş alymlaryň sanynyň artmagyny kepillendirýär.

Häzirki wagtda milli Liderimiziň ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly tabşyryklaryna laýyklykda, ylmyň hem bilimiň arabaglanyşygyny has-da pugtalandyrmak, talyplardyr aspirantlaryň, ýaş alymlaryň we professor-mugallymlaryň toplumlaýyn ylmy barlaglary geçirmegi üçin ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda sanly tehnologiýa we innowasiýa merkezlerini döretmek bilen bagly işlere aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaş alymlar merkezleriniň, elektron kitaphanalaryň, döwrebap tejribehanalaryň alyp barýan işleri netijesinde, talyplar nazaryýetde alan bilimlerini taslamalary işläp düzmek arkaly berkidýärler.

Ýokary okuw mekdebimizde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň hojalyk hasaplaşygy esasynda hereket edýän IT meýdançasynyň döredilmegi hem bilim ulgamyny düýpli kämilleşdirmekde täzeçe çemeleşmedir. Täze döredilen «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň binýadynda hünärmenlerdir mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, talyplaryň täze tehnologiýalar boýunça bilim derejesini artdyrmak, ylym, bilim babatda tejribe alyşmak hem-de täze programma üpjünçiligi ulgamynda okuwlary geçmek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Hormatly Prezidentimiziň iş maslahatynyň dowamynda bu ugurdaky işleriň gerimini giňeldip, ýaş alymlaryň oýlap tapyşlaryny önümçilige ornaşdyrmak, dünýäniň ugurdaş ýokary okuw mekdepleri we abraýly bilim edaralary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça anyk tabşyryklary bermegi institutymyzyň mugallymlaryny hem-de talyp ýaşlaryny täze ylmy gözlegleri alyp barmaga iterdi. Ýaş alymlaryň innowasiýa babatdaky täzelikleri we oýlap tapyşlary ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine mynasyp goşantdyr.

Aganepes AKUMMEDOW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20535

12.02.2021