Aşgabat, 13-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Söhbetdeşligiň başynda ýapon hökümetiniň Baştutany milli Liderimize kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly gynanç we duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.
Mälikguly aganyň yhlasly zähmeti, türkmen döwletiniň öňünde bitiren hyzmatlary baradaky ýagşy ýatlamalar ynsan kalbynda hemişelik saklanar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medet beriji sözleri üçin jenap Ýosihide Suga minnetdarlyk bildirip, Ýaponiýanyň şu agyr pursatda gynanjyny paýlaşýandygyna ýokary baha berdi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar häzirki döwürde türkmen-ýapon dostlukly aragatnaşyklaryň işjeň we netijeli häsiýete eýedigini, özara düşünişmek, ynanyşmak hem-de birek-birege goldaw bermek gatnaşyklarynyň ýokary derejede alnyp barylýandygyny nygtap, olaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny bellediler.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Ýosihide Suga döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we onuň geljekki ösüşiniň esasy ugurlaryny, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara syýasatyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, halkara giňişlikde-de ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Söhbetdeşler abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ählumumy hem-de sebit möçberdäki oňyn başlangyçlara we tekliplere özara goldaw berilýändigini belläp, gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmaga bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmalary tassykladylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Ýaponiýanyň hökümetiniň Baştutany söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde döwletara ykdysady gatnaşyklar strategik, durnukly we uzak möhletleýin häsiýete eýe boldy.
Premýer-ministr Ýosihide Suga hormatly Prezidentimize ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine yzygiderli goldaw berýändigi we oňyn başlangyçlary öňe sürýändigi üçin hoşallyk bildirdi. Ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda köp sanly taslamalaryň, şol sanda döwrebap nebitgaz we gazhimiýa toplumlarynyň gurluşygy boýunça möhüm taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy munuň aýdyň netijesidir.
Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, bu gün ýaponiýaly hyzmatdaşlar ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmaga öz goşandyny goşýarlar. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, ýapon kompaniýalaryna we maliýe düzümlerine ýurdumyzda zerur goldaw beriljekdigini ynam bildirdi. Şeýle hem söhbetdeşler Türkmenistanda durmuşa geçirilýän we milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşdyrylmagyna, köpugurly ösdürilmegine, täze, häzirki zaman ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň, dünýä bazarlarynda ýokary hilli hem-de bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge niýetlenen senagat kärhanalarynyň döredilmegine gönükdirilen iri möçberli, uzak möhletleýin maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigini nazara almak bilen, ähmiýetli taslamalar boýunça işleriň dowam etdirilmelidigini nygtadylar.
Nebitgaz toplumy, elektroenergetika, ulag we aragatnaşyk pudaklary, suw hojalygy, dokma senagaty ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen birlikde, iki döwletiň halklarynyň ýakynlaşmagynyň we olaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň berkidilmeginiň möhüm şerti bolan medeni-ynsanperwer ulgama möhüm ornuň degişlidigi bellenildi.
Söhbetdeşler ylym-bilim ulgamy boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň wajypdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen hünärmenlerini okatmakda we taýýarlamakda berýän goldawy üçin ýapon tarapyna minnetdarlyk bildirdi hem-de hyzmatdaşlygyň bu ugurda üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynanýandygyny aýtdy.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde Lebap welaýatynda Ýaponiýanyň “Sumitomo Сorporation” kompaniýasynyň gatnaşmagynda gurulýan gazturbinaly elektrik bekediniň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny belledi. Milli energetika ulgamynda möhüm hasaplanylýan bu desga ýurdumyzyň elektroenergetika kuwwatynyň artdyrylmagyna itergi bermek bilen, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdürilýändigini aňladýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Sugany gazturbinaly elektrik bekediniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin awgust aýynyň ahyrynda Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Milli Liderimiz şol saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Birek-birege ynanyşmak we dostlukly ýagdaýda geçen telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Ýaponiýanyň Premýer-ministri birek-birege hem-de iki ýurduň halklaryna hoşniýetli arzuwlaryny aýtdylar.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/28666?type=feed