Türkmenistanyň Prezidentiniň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 13-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, söhbetdeşligiň barşynda döwletara gatnaşyklaryň şu günki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler. Pursatdan peýdalanyp, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani ähli musulmanlar üçin mukaddes bolan Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi gutlap, iki dostlukly ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler. “Goý, mukaddes Oraza aýynyň sahawatly günlerinde berjaý eden dessurlaryňyz hem-de doga-dilegleriňiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow doganlyk ýurtlaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk hem-de deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda guralýan hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň döwletara gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýokary baha we aýratyn ähmiýet berýändigini aýtdy.

Söhbetdeşler söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini belläp, häzirki wagtda iki ýurduň gatnaşmagynda bilelikdäki iri taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini nygtadylar. Şunda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy aýdyň mysal hökmünde görkezildi.

Türkmenistan, Owganystan, Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe tarapyndan gol çekilen Ylalaşygyň çäklerinde döredilen “Lapis Lazuli” ulag üstaşyr geçelgesiniň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Mohammad Aşraf Gani bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň Merkezi we Günorta Aziýanyň hem-de Ýewropa döwletleriniň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga ýardam etjekdigini, sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ägirt uly goşant boljakdygyny nygtadylar.

Gürrüňdeşligiň dowamynda söhbetdeşler häzirki wagtda iki goňşy döwletiň tagallalary netijesinde, sebitiň we dünýäniň durnukly ösüşini gazanmaga gönükdirilen täze ulag-energetika geçelgesiniň döredilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Bu taslamalaryň amala aşyrylmagy ýurtlary has-da ýakynlaşdyrar, halklaryň arasynda dostluk we doganlyk köprüsine öwrüler, olaryň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de ösmegi üçin giň mümkinçilikleri döreder, Owganystanyň halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatynyň Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda uzak möhletleýin esasda guralýan gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak üçin ygtybarly esas bolup hyzmat etjekdigine berk ynam bildirdi.

Prezident Mohammad Aşraf Gani owgan halkynyň adyndan türkmen Liderine doganlyk raýdaşlygy hem-de döwletiň durnukly ösmeginde uly goldawy, berýän ykdysady we ynsanperwer kömegi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Owganystan Yslam Respublikasynyň Lideriniň belleýşi ýaly, ýurtda Türkmenistan bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna uly sarpa goýulýar hem-de hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna ýokary baha berilýär. Şol syýasat sebitde durnuklylygy, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Döwlet Baştutanlary däp bolan gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşyp, Türkmenistanyň we Owganystanyň toplan oňyn tejribesine daýanmak bilen, bar bolan mümkinçilikleriň köp ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ulanylýandygyna ýokary baha berdiler.

Döwlet Baştutanlary mukaddes Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi ýene-de bir gezek gutlap, dostlukly ýurtlaryň doganlyk halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler. Biziň halklarymyzy köpasyrlyk umumy taryh, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeni we ruhy däpler birleşdirýär.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani döwletara gatnaşyklaryň dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň iň gowy däpleri, halklaryň hoşmeýilli erk-islegi esasynda ähli ulgamlarda has-da giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/28664?type=feed