Rowaçlygyň mekany

Obada önüp-ösüp, indi bolsa ençeme ýyl bäri şäherde ýaşap ýöremsoň, bu iki mekany deňeşdirere-seljerere mysaly şahsy durmuşymdan alanymda-da ýeterlik. Odun bilen ojakdyr peç gyzdyran kişi hökmünde häzirki eşretiň hözirini il-gün bolup görüp ýörenimize ýüz müň şükür.

Asyl kärim gurluşykçy bolansoň, şäherdir obalarymyzyň sähel salymda tanalmaz derejede özgermegi üçin neneňsi yhlas-tagalla edilýändigini göz öňüne getirmek kyn däl. Şunda iň esasysy — bu ymaratlaryň halkymyza öňräkden bäri döwrebap hyzmat edýändigini indi täzelik däl-de, bolaýmaly gündelik bir zat hasaplap, şu ýerde kärdeşlerimiziň gözünden sypýan aýratyn bellemeli bir zat bar: paýtagtyň özünde senagat we gaýry önümçilik desgalarynyň onçakly köp gurulmaýandygynyň özi, ozaly bilen, ekologiýa abadançylygyna oňyn täsir etse, bu ýagdaý şäheriň binagärlik durkuna hem täzeçe sazlaşyk berýär. Şeýdibem, baş şäher ýurduň medeni we işewürlik merkezi bolmak wezipesini hem has göwnejaý ýerine ýetirmäge gaýym-döwrebap mümkinçilik alýar. Has dogrusy, Aşgabat Bitarap Türkmenistanyň paýtagty hökmünde bireýýäm bu we beýleki ugurlarda halkara derejeli forumlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülip gitdi. Şeýle hem sportuň dürli ugurlaryny ösdürmekde aýratyn tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň yhlas-aladasy ýerine düşüp, Aşgabat indi sportuň dünýä derejeli ýaryşlarynyň geçirilýän ynam-ykrarly mekanyna öwrüldi.

Dünýäniň islendik künjeginde, ylaýta-da, biziňki ýaly ýiti çogly sebitde ekologiýanyň has täsirli bölegi bagy-bossanlyk bolmagynda galýar. Bu babatda Aşgabat, hakykatdan-da, ýap-ýaşyl şäherdir. Bir uly daragtyň goýry saýa bolmakdan daşgary, bir adama ýeterlik arassa howa berýändigini alymlar nygtaýarlar. Diýmek, az hasapdan her ýaşaýja we myhmana bir düýp daragt gerek. Bizde bu ugurda baglaryň düýp sany gereginden has aňyrda bolsa gerek. Çünki şäheriň daşyndaky ýaşyl gurşaw hem tapylgysyz lybas-gelşik we mäkäm tebigy-ekologik galadyr. Howanyň tutuş dünýäde düýpli üýtgemeginiň häzirki möwjeýän döwri şeýle işleriň ähmiýetini has-da artdyrýar. Onsoňam, uly önümçilik desgalarynyň sebitleriň dürli ýerlerinde gurulmagy oba ilatynyň iş bilen üpjünçiligine we ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ähli jähetden şäheriňki ýaly ýokary göterilmegine getirýär.

Munuň üstesine, oba hojalygy pudagynyň özi hem senagatlaşmak arkaly obalaryň şäherleşmegini güýçlendirýär. Öňräkden ýörgünli düşünje — agrosenagat toplumy indi has kämil tehnologiýalara eýe bolan senagat desgalary bilen baýlaşýar. Diýmek, diňe bir paýtagtymyz däl-de, eýsem, tutuş ýurt urbanizasiýa ýaly dünýä dahylly üýtgeşmelere barha işjeň we içgin goşulýar. Şunda Aşgabadyň ýurduň ylym merkezi hökmünde bitirýän işi aýratyn bellärliklidir. Dünýä özgerişleriniň ugurdyr meýlini dogry we doly kesgitlemek, sebitiň we ýurduň özünde bolup geçýän ösüşleri ylmy taýdan seljermek, halkyň medeniýetinidir milli mirasyny has giňişleýin we çuňňur öwrenmek ýaly biri-birinden möhüm wezipeleri çözmekde paýtagtyň ylmy gatlagynyň üstüniň ýaş zehinleriň hasabyna yzygiderli doldurylyp durulmagy, munda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegidir dünýä tejribesiniň ýerli ýagdaýlara görä özleşdirilmegi hut baş şäheriň başda durmagynda berjaý edilýär.

Häzir innowasiýanyň iň ýörgünli we agramly ugry — sanly ykdysadyýetiň ösmeginiň hem paýtagtyň ylmy-infrastruktura we aragatnaşyk-maglumat binýadyndan başlanýandygy bellidir. Şeýle hem häzirki dünýäniň ümzüginiň «akylly» şäherleriň döredilmegine bakandygyny nazara alsaň, bu ugurda ýurduň özüniň aragatnaşyk emeli hemrasynyň bolmagy uly utuşdyr. Munuň özi, ylaýta-da, ykdysady tygşytlylykdyr amatlylygy we aragatnaşyk ygtybarlylygydyr howpsuzlygy doly üpjün etmäge ýeterlik şertleri döredýär.

Şeýdibem, Aşgabadyň hemmetaraplaýyn ösüşi tutuş ýurduň köpugurly ösüşini kesgitleýär. Diýmek, bu ýerdäki tutumly özgerişler diňe bir paýtagtyň ilatyna däl, eýsem, ýurdumyzyň alys künjeklerinde-de özgerişlere badalga bolýar. Ýeke mysal: tutuş ýurt üçin taýýarlanylýan ýokary hünärli ýaşlaryň alan ylym-bilim baýlyklaryny ertir sebitlere siňdirjekdikleri öz-özünden düşnükli.

Şundan çen tutsaň, Aşgabat tutuş halk üçin mährem-mähriban şäher bolmaly. Bu, hakykatdan-da, şeýle. Diýmek, bizde guwanara-buýsanara jana rahat we aňrybaş parahat, nurana paýtagtymyz, arka tutunara beýik Watanymyz bar.

Hakberdi AMANMYRADOW.

«Türkmenistan».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/28662