Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ak şäherim, Aşgabat» atly täze kitabynyň neşir edilip, halkymyza gowuşmagy bagtyýar ilimiz üçin ajaýyp toý sowgady boldy, gözel paýtagtymyza bolan buýsanjy has-da artdyrdy.
Täze kitabyň «Giriş», «Aşgabatda ak arzuwlar amala aşýar», «Göwni açygyň — ýoly açyk», «Aşgabat — dünýä binagärliginiň merjeni», «Toýlar toýa ulaşýar», «Sözsoňy» atly bölümlere bölünmegi hem-de paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň dürli görnüşli suratlary bilen bezelmegi, çaphana işleriniň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi, Aşgabadyň şöhratly taryhyna degişli gymmatly maglumatlaryň ýerleşdirilmegi eseriň ähmiýetini, many-mazmunyny has-da artdyrýar, baýlaşdyrýar. Kitapdaky owadan suratlar paýtagtymyzyň gözel ýerlerine özboluşly syýahata äkidýär.
Gahryman Arkadagymyzyň şähergurluşyk syýasaty bilen paýtagtymyzyň binagärlik keşbi, durmuş we ýaşaýşyň şertleri özara sazlaşýar. Soňky ýyllarda Aşgabadyň binagärlik keşbi dünýä ülňülerine laýyklykda ýokary derejede özgerdi. Şularyň ählisi ýurdumyzyň paýtagtyny ösdürmek babatda döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň netijesidir. Mermer paýtagtymyzyň ösdürilmegi tapgyrma-tapgyr, toplumlaýyn görnüşde amala aşyrylýar.
Kitabyň girişinde nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragydan getirilen:
Eşit, adam, dogan ilden
Gaýry mähriban ýurt bolmaz —
diýen setirler aýratyn ýakymly ýaňlanýar.
Kitapda ählimiziň söýgüli şäherimiziň üýtgeşik gözelligini açyp görkezýän fotosuratlar döredijilik duýgurlygy bilen saýlanyp alnypdyr, olar paýtagtymyzyň taryhyny, şu gününi we geljegini beýan edýär. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen bu şäheriň taryhy ýüzýyllyklara uzap gidýär. Muňa mysal edip, Aşgabadyň eteginde ýerleşýän, Gadymy Parfiýa döwletiniň paýtagty Nusaý galalaryny görkezmek bolar.
Kitabyň üsti bilen okyjy özboluşly binagärlik desgalarynyň täsinligini, giň şaýollary, iň täze awtobanlary synlamaga mümkinçilik tapýar. Bu ajaýyplyklaryň ählisi soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen guruldy. Aşgabat ýaşaýjylar üçin döredilen oňaýly şertler babatda hem, binalarynyň hili babatda hem nusgalyk şäherdir. Ol medeniýet, bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport hem-de halkara hyzmatdaşlygyň özboluşly merkezidir.
Aşgabadyň giň we gözel köçeleri, ajaýyp binalary şähere has-da görk berýär. Bu binalaryň her biriniň çeper we many taýdan milli bezegler bilen tapawutlanmagy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy dünýä derejesinde ösdürmek babatdaky tagallalarynyň aýdyň netijesidir. Biz ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgeleriniň, gadymy binagärlik sungatynyň häzirki wagtda mynasyp dowam etdirilýändigine buýsanýarys.
Kitapda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzy ösdürmekde gazanylan üstünlikler hakynda jikme-jik gürrüň berilýär. Bu eseri okap, milli Liderimiziň zehinine, häzirki zamanyň ösen şähergurluşyk ylymlaryndan baş çykaryp, iň täsin taslamalary hem ýokary netijelilik bilen durmuşa geçirmek ussatlygyna haýran galýarsyň. Täze kitap döwlet Baştutanymyzyň Watanymyza, paýtagtymyza, mähriban halkymyza çuňňur söýgüsinden döräpdir. Okyjy bu kitap arkaly häzirki zaman gurluşyk, inženerçilik işleri, hyzmatlar ulgamy babatda täze düşünjeler bilen hem tanyş bolýar.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň hem-de gözel paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde bize şeýle ajaýyp kitaby peşgeş beren milli Liderimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Ismail ORAZOW,
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/28412