Kämil bank hyzmatlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynyň biri bolan bank ulgamy yzygiderli kämilleşýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini üpjün etmekde, pul-karz we walýuta syýasatynyň kämilleşdirilmeginde, milli puluň hümmetiniň has-da artdyrylmagynda, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen maliýe özgertmeleriniň amala aşyrylmagynda Türkmenistanyň karz edaralary möhüm orny eýeleýär.

Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna», şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, döwletimiziň bank ulgamyny kämilleşdirmek, hasaplaşyklary döwrebaplaşdyrmak, halkara derejesine çykarmak we raýatlar üçin amatly bolmagyny gazanmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Nagt däl hasaplaşyklaryň amala aşyrylmagy üçin ornaşdyrylan töleg terminallaryny eýeçiligiň görnüşine garamazdan, söwda ýa-da hyzmatlary amala aşyrýan ähli edara görnüşli taraplarda, olaryň şahamçalarynda we wekilliklerinde, hususy telekeçileriň söwda ýa-da hyzmat ediş nokatlarynda, dükanlarda, jemgyýetçilik iýmiti we durmuş hyzmatlary nokatlarynda hem görmek bolýar. Töleg terminalyny ornaşdyrmak üçin söwda we hyzmat ediş nokatlarynyň eýeleri karz edaralaryna ýüz tutup, bellenilen tertipde hasaplaşyk hasabyny açandan soň, karz edarasy we töleg terminalyny ulanyjy hukuklary we borçlary kesgitlemek bilen, töleg terminallaryny ornaşdyrmak we olara hyzmat etmek boýunça degişli şertnama baglaşýarlar.

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky müşderilere edilýän bank hyzmatlarynyň gerimini has-da giňeltmegi göz öňünde tutup, müşderileriniň hasabyndaky pul serişdelerine ýyllyk 5 göterim derejesinde göterim hasaplamak bilen, «Altyn asyr» bank kartlaryny, şeýle hem peýdalanyp bilmeklerini üpjün etmek üçin «Maşgala» bank kartlaryny, raýatlaryň pul serişdeleriniň ynamdar görnüşde saklanmagyny hem-de hasapdaky serişdeleriniň möçberiniň yzygiderli artmagyny üpjün etmek üçin ýyllyk 7 göterim derejesinde göterim hasaplanylmak bilen, «Goýum» bank kartyny dolanyşyga goýbermegi dowam etdirýär.

Ilatyň pul goýumlarynyň banklarda ýerleşdirilmegi hem döwrebap bank amallarynyň iň wajyp görnüşleriniň biri bolup durýar. Türkmenistanyň karz edaralary ilatyň pul serişdelerini dürli görnüşli goýumlara çekmek boýunça hyzmatlaryny halkymyza hödürleýär. Pul serişdeleriniň banklarda ýerleşdirilmegi, möhletleri boýunça, esasan, iki görnüşde, ýagny berilmegi talap edilýänçä goýum görnüşinde ýa-da belli bir möhleti göz öňünde tutmak bilen goýulýan goýum görnüşinde kabul edilýär. Talap edilýänçä saklanylmak şerti bilen goýulýan goýumlar fiziki ýa-da ýuridik şahslar tarapyndan banka goýulýan we müşderiniň talap eden pursadynda oňa gaýtarylyp berilmegi kepillendirilen goýum görnüşidir. Goýumyň bu görnüşinde möhlet kesgitlenilmeýär, goýumyň möçberi çäklendirilmeýär, goýum hasabynyň üstüniň islendik wagtda doldurylmagyna, goýumyň hemmesiniň ýa-da onuň belli bir böleginiň hasaplanylan göterimleri bilen birlikde gaýtarylyp alynmagyna mümkinçilik berilýär. Belli bir möhleti göz öňünde tutmak bilen goýulýan goýumlarda bolsa goýumyň göterim derejesi has ýokary bellenilýär. Möhletli goýum şertnamalary, köplenç halatda, üç, alty aý ýa-da bir ýyl möhlete baglaşylýar we goýuma hasaplanyljak göterimleri her aýda almaga mümkinçilik döredilýär.

«Owerdraft» diýlip atlandyrylýan karz bermek usulyny göz öňünde tutýan hyzmat Türkmenistanda ornaşdyrylan täze bank hyzmatlarynyň ýene bir mysalydyr. Bu görnüşdäki karz hyzmatlaryndan peýdalanyljak wagtynda, karzyň möçberiniň ýokary çägi, karza hasaplanyljak göterimler baglaşylýan şertnamalar arkaly bellenilýär.

Milli ykdysadyýetimizi dünýä derejesine ýetirmek üçin amala aşyrylýan işleriň ählisi halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesiniň durmuşymyzyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýandygyna şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan bu ösüşler ýurdumyzyň raýatlarynyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna goşmaga gönükdirilendir.

Baýramgeldi BALLYÝEW,

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň «Daşoguz» şahamçasynyň hukukçysy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/28537