Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Daşoguz welaýat merkeziniň günorta künjeginde üç müň orunlyk «Türkmeniň ak öýi» binasy hem-de şonça orunlyk sadaka jaýy gurulýar. Onuň gurluşyk işlerini «Röwşen» hususy kärhanasynyň işçi-hünärmenleri alyp barýarlar. Umumy meýdany 10,85 gektara barabar bolan bu toplum milli binagärligiň däplerini, häzirki zaman şäher gurluşygynyň täzeçil usullaryny özünde jemleýär. Häzirki wagtda bu ýerde 1300-den gowrak adam üç çalşykda işleýär, dürli kysymly tehnikalaryň 60-a golaýy sazlaşykly hereket edýär.
Medeni-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Daşoguz welaýaty uzak müňýyllyklaryň dowamynda gülläp ösen şäher-kentleriň, köp sanly kerwensaraýlaryň, galalaryň hem aramgähleriň gadymy mekanlarynyň biri hasaplanypdyr. Hormatly Prezidentimiz özüniň çäksiz sahawaty bilen milli däplerimizi täze röwüşlerde gaýtadan dikeldip, onuň many-mazmunyny baýlaşdyrýar. «Türkmeniň ak öýi» binasy il-halkymyzyň toý-baýramlaryny, ata-baba ýörelgelerine laýyklykda, uludan toýlaýandygynyň, täze eýýamymyzda bu däpleri döwrüň belent ruhunda dowam etdirýändiginiň nobatdaky mysalydyr. Halkymyz uly geňeş bilen toý tutmaga başlanynda, toýlaryň ýaraşygy bolan ak öýleri gurýar. Ak bagtdan görk alýan häzirki döwrümiz bolsa toý-baýramlaryň eýýamydyr. Ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen birlikde, bu gadymy mekanda gurulýan giň gurşawly, belent başly toplum şanly toý-baýramlarymyzyň, halkymyzyň kalbyny ganatlandyrýan, ak arzuwlaryny şöhlelendirýän köpçülikleýin medeni çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüler.
Häzirki wagtda «Türkmeniň ak öýi» binasynyň metal-konstruksiýa işleri gyzgalaňly dowam edýär. Işçileriň uly topary onuň dördünji gatynyň diwarlaryny suwamak, aşaky gatlarynyň diwarlaryny timarlamak işlerini alyp barýarlar. Binanyň içinde elektrik ulgamlar çekilýär, howalandyrmak üçin düzümler, ýangyn howpsuzlyk gidranty, ýyladyş ulgamynyň geçirijileri gurnalýar. Ussat gurluşykçylar tutuş boýy häzirki döwrümiziň ruhunda ak mermere beslenip, witraž aýnalar bilen örtüljek binanyň ýerzemin gatynyň, ýokarky üç gatynyň örtgi işlerini geçirýärler. Işçileriň beýleki bir topary bolsa gatlary birleşdirýän içki basgançaklaryň germewlerini gurnap, olary reňklemäge başladylar. Sadaka jaýynyň gurluşyk işleri hem gowşamaýan depginde dowam edýär. Şu günler onuň üçeginiň fals örtügini gurnamak, diwarlaryny suwamak, timarlamak, daşyna örtüljek witraž aýnalaryň gabsasyny gurnamak işleri geçirilýär. Işçiler Ýedibaý Kullyýewiň, Amannazar Atalykowyň, sürüji Röwşen Kerimowyň, işçiler toparynyň ýolbaşçysy Guwanç Sahadowyň kärdeşlerine görelde görkezip, asylly zähmet çekýändiklerini guwanç bilen aýdýarlar. Işleriň göwnejaý guralmagy, munuň üçin amatly şertleriň döredilmegi gurluşygyň depginini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Täze binanyň degre-daşy bag-bossanlyga bürenýär.
Toplumyň çäginde başga-da birnäçe hyzmat ediş desgalary bolar. Binanyň ýanynda suw howdanlarynyň 3-si, dabara geçirilýän meýdançalaryň 2-si, awtoulag duralgalarynyň 2-si, dikuçar meýdançasy ýerleşýär.
Gadymy döwürlerden bäri halkymyz öý gurmagyň belent nusgasyny görkezipdir. Çeper elli gelin-gyzlarymyz bolsa şol öýleriň törüni bezäpdirler. Daşoguz «Çeper» halyçylyk kärhanasynyň Gubadag etrabyndaky önümhanasynda bu toplum üçin dürli ululykdaky halylaryň 8-si dokalýar. Şol halylaryň ählisiniň boýy 88, ini hem 56 metre barabar bolar. Ogulboldy Tekäýewa, Dilfuza Şamyradowa, Nurbibi Bojaýewa, Çynar Seýidowa, Aýnabat Jumaýewa ýaly önümhananyň ussat halyçylarynyň dokaýan bu halylary uly göwrümi, gölleriniň täsin nagyşlary bilen tapawutlanýar. Boldumsaz etrabyndaky önümhananyň halyçysy Jeren Şükürbaýewa täze binalar üçin boýy 6, ini 2 metre barabar bolan, çowdur göli salnan iki sany halyny dokaýar.
Goý, täze gurulýan «Türkmeniň ak öýi» ak bagtyň, toý-baýramlaryň ýaraşygy bolsun!
Amanmyrat SAPAROW.
«Türkmenistan».
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/28660