Новости
Parahatçylyk we ynanyşmak

Halkymyzyň milli ýörelgelerinden gözbaş alýan gymmatlykdyr

Her ýyly özboluşly, halkymyzyň milli aýratynlygyna, ruhy dünýäsine, durmuşyna laýyk döwrebap şygar bilen atlandyrmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe asylly däpleriň birine öwrüldi. Ine, belent maksatlary kalbymyzda besläp, ajaýyp arzuwlar bilen garşy alan 2021-nji ýylymyz hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi.

Parahatçylyk, ynanyşmak halkymyzyň milli ýörelgelerinden gözbaş alýan gymmatlyklardyr. Häzirki ajaýyp zamanamyzda bu düşünjeler has çuňňur many-mazmuna eýe bolup, ata-baba dost-doganlyga sarpa goýup gelýän halkymyzyň ruhy dünýäsini şöhlelendirýär. Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň netijesinde bu gün halkara bileleşigi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy gorap saklamak we

birek-birege hormat goýmak hem-de ynanyşmak esasynda ygtybarly hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alyp barýan ägirt uly işleriniň şaýady bolýar. 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip yglan etmek hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararynda bellenilişi ýaly, taryhy taýdan gysga möhletiň içinde Garaşsyz ýurdumyz özüniň Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, Ýer ýüzüniň köp döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmagyň gymmatly tejribesini toplady. Türkmenistanyň teklibi esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dabaralanýandygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.

Parahatçylyk söýüjilik diýen düşünje örän köp zady öz içine alýar. Ilkinji nobatda, ol dünýädäki gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, Ýer ýüzünde parahatçylygy gorap saklamaga, durnuklylygy pugtalandyrmaga maksada okgunly hereketler we anyk işler bilen mynasyp goşant goşmakdyr. 2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynda eden çuň manyly çykyşynda hormatly Prezidentimiz ýokarda agzalyp geçilen taryhy Kararnamanyň kabul edilmeginiň wajyplygyna we zerurlygyna ünsi çekip: «Dünýä bileleşiginiň tagallalaryna garamazdan, Ýer togalagynyň birnäçe sebitlerinde ýagdaýyň çylşyrymly bolmagynda galýandygyny, gapma-garşylyklaryň artýandygyny we ählumumy ösüşiň ýoluna hem-de onuň geljekki ugurlaryna bolan garaýyşlarda ynanyşmagyň, özara düşünişmegiň umumy derejesiniň pese düşýändigini nazara alanyňda, munuň özi has-da ähmiýetlidir» diýip, aýratyn belläp geçdi.

Parahatçylygyň gadyr-gymmatyna çuňňur düşünişi ýaly, türkmen halky ynam diýlen belent hem mukaddes duýga, ynanyşmak diýlen ajaýyp ýörelgä hem aýratyn sarpa goýýar. Kimdir birine «janyňy ynanmak”, «malyňy ynanmak” ýa-da onuň «sözüne ynanmak” ýaly jümleleri näçe mysal getirseň getirip oturmaly. Hut şeýle ynamdan gözbaş alýan ynanyşmak düşünjesi bu gün many ýaýrawyny has giňeldip, dünýä derejeli ähmiýete eýe bolýar. Ilkinji nobatda bolsa, ol ynsanperwer türkmen halkynyň, dost-doganlyk ýurdy bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryndaky, onuň çäklerinde bolsa dünýä ykdysadyýetindäki ornuny aýdyň kesgitleýär. Diňe bir halkymyzyň däl-de, eýsem, dünýä halklarynyň hem bähbitlerini nazarda tutup durmuşa geçirilýän halkara ähmiýetli taslamalaryň ilkinji nobatda özara ynanyşmak ýörelgelerinden ugur alýandygyny aýratyn bellemek gerek. Ata Watanymyzyň başlangyjy hem-de göreldesi bilen şu esaslarda energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmeginiň, durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak maksady bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygynyň berkidilmeginiň üstünlikli ýola goýulmagy we beýleki ugurlardaky ygtybarly hyzmatdaşlyklar biziň her birimiz üçin buýsandyryjy ýagdaýdyr.

Parahatçylyk we ynanyşmak biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly düşünjelerdir. Parahatçylygy gorap saklamak wezipesi, ozaly bilen, halklaryň we döwletleriň birek-birege ynanyşmagy esasynda amala aşyrylýar. Şol ynanyşmak hem soňlugy bilen dost-doganlygy berkidýär, ykdysady üstünliklere giň ýol açýar. «Biz alyp barýan netijeli işlerimiz bilen sebitde durnuklylygy we parahatçylygy berkitmäge, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk ýagdaýyny döretmäge uly goşant goşmagy dowam edýäris” diýip, milli Liderimiz nygtaýar. Hawa, parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany bolan Türkmenistan döwletimiziň hyzmatdaşlary barha artýar, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklar yzygiderli berkidilýär. Abadan, asuda ýurtda özara ynanyşmak esasynda halkara hyzmatdaşlygynyň barha ýaýbaňlanmagy deňiz, awtomobil, demir ýol, howa hem-de turba geçiriji halkara multimodal logistik taslamalary amala aşyrmaga, ýangyç-energetika toplumynda we beýleki ugurlarda ägirt uly üstünlikleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman we Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgeleri hakyndaky ylalaşyklaryň gazanylmagy, hereket edýän Türkmenistan — Hytaý hem-de gurluşygy dowam edýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijileri, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy we beýleki iri desgalar munuň aýdyň subutnamasydyr.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda biz ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyny giňden belläris. Garaşsyz Diýarymyzyň durmuş-ykdysady we daşary syýasat ugry, ilkinji nobatda, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýar. Şonuň üçinem 2021-nji ýylyň şygarynyň bu ajaýyp taryhy sene bilen gabatlaşmagynda uly many bar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da artmagy, şan-şöhratynyň belende göterilmegi üçin il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Döwletmämmet GARAKLYÝEW,

“Balkan”.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21345

22.02.2021
Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany
22.02.2021
Milli ykdysadyýetde täze strategiýa

12-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýylyň jemlerine hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça Strategiýa» hem-de şu Strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler hem-de innowasion ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen çäreler häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde dowam edýän maliýe çökgünliginiň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän ýaramaz täsirleriniň öňüni almakda oňyn netijeleri berdi. Şu ýylyň ýanwar aýynyň netijelerine görä, jemi içerki önümiň 5,9 göterim artandygy hem muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde hususy ulgamyň ykdysadyýetde tutýan paýynyň artmagyna uly ähmiýet berilýär hem-de kiçi we orta telekeçilik innowasion ykdysadyýeti döretmegiň aýrylmaz bölegi hökmünde işjeň ösdürilýär.

Milli Liderimiziň hemaýat-goldawlary hem-de gymmatly maslahatlary esasynda ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge hem-de höweslendirmäge döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Döwletiň we hususy pudagyň hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň çäklerinde milli kanunçylygy bazar ykdysadyýetiniň şertlerine görä yzygiderli kämilleşdirmek, döwlet eýeçiligine degişli bolup, ulanyşdan galan ýa-da ykdysady taýdan peýdasy az bolan, şol sanda ýurtda gurlup gutarylmadyk önümçilik hem-de beýleki desgalary we binalary bellenen tertipde hususylaşdyrmak, döwlete degişli kärhanalary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça işler giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Täze tassyklanylan Strategiýa döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmagyň we özgertmegiň, şeýle hem hususylaşdyrylmaga degişli döwlet eýeçiligindäki kärhanalaryňdyr desgalaryň işleriniň esasy ugurlary boýunça wezipelerini, Strategiýanyň amala aşyrylmagy üçin zerur bolan şertleri hem-de guramaçylyk-usuly çäreleri kesgitleýär.

Häzirki döwrüň talabyna laýyklykda, bazar ykdysadyýetiniň özbaşdak, doly hukukly ulgam hökmünde hereket edip başlamagy üçin eýeçiligiň dürli görnüşleriniň bolmagy we bazar ulgamlarynyň döredilmegi zerur bolup durýar. Şol sebäpden döwlet kärhanalaryny dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak we bazar mehanizmlerine gönükdirmek derwaýys ähmiýete eýedir.

Türkmenistanda bazar gatnaşyklaryna geçilip başlanandan bäri gowy netijeleri gazanmak başartdy. Soňky ýyllarda ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi işjeňleşdirmek, onuň ykdysadyýetiň dürli pudaklaryndaky hereketini giňeltmek boýunça çäreler amala aşyryldy. Döwlet kärhanalary bilen bilelikde hususy, daşary ýurt we bilelikdäki kärhanalar, kooperatiwler, jemgyýetçilik guramalary we paýdarlar jemgyýetleri üstünlikli işleýärler.

Ykdysadyýetiň pudaklaryny kämilleşdirmek hem-de bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, «Altyn Asyr», «Aşgabat şäher telefon ulgamy», «Türkmen hemrasy», «Deňiz söwda floty», «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Ätiýaçlandyryş hyzmatlary», «Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy», «Aşgabat gazna biržasy», «Türkmentehnogurluşyk» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleri, «Türkmenturba», «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody», «Awtomobil ulag hyzmaty», «Demirýollary», «Awtoulag kärhanalar birleşigi», «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi», «Türkmensenagat eksport-import» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleri döredildi. Şeýle hem önümçilik pudaklarynyň aýry-aýry kärhanalarynyň, desgalarynyň hususylaşdyrylmagy bilen bir hatarda, balyk senagaty we syýahatçylyk pudaklary tutuşlygyna hususy ulgama ynanyldy.

2020-nji ýyldan başlap, pul-karz ulgamynda hem düýpli özgertmeler ýaýbaňlandyryldy. Ýurduň gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek hem-de maliýe ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşi üýtgedilip, açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrüldi.

Täze Strategiýanyň esasy maksatlary milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginli durnukly ösüşini üpjün etmekden, eýeçiligiň dürli görnüşlerini ösdürmekden, täze tehnologiýalary ornaşdyrmakdan, dolandyryşyň häzirki zaman usullary esasynda önümçiliginiň netijeliligi ýokary bolan kärhanalary döretmekden, maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak üçin goşmaça maliýe serişdelerini çekmekden, şeýle hem döwlеtiň we hususy pudagyň gаtnаşyklаryny düzgünlеşdirmеkden, mаddy, mаliýе, intеllеktuаl, ylmy-tеhniki wе gаýry sеrişdеlеriň jеmlеnmеgi üçin hukuk şеrtlеrini dörеtmеkden, bähbitlеriň wе töwеkgеlçiliklеriň dеňаgrаmlylygyny üpjün еtmеkden ybarat bоlup durýаr.

Strategiýada bellenen wezipelere laýyklykda, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak, ykdysadyýetiň bazar mehanizmini hem-de onuň institusional düzümini kämilleşdirmek, ýurduň öz hususy kärhanalaryny döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine giňden çekmek, gozgalmaýan emlägiň obýektleriniň tehniki pasportlaşdyrylmagyny geçirmek arkaly döwlet eýeçiligindäki obýektleri doly tükellemek, eýeçiligiň dürli görnüşleriniň deň şertlerde ösmeginiň we onuň esasynda hojalygy ýöretmegiň ykdysady taýdan netijeli esaslaryny kadalaşdyrmagyň binýadynda bazar gatnaşyklaryny has-da kämilleşdirýän özgertmeleri çuňlaşdyrmak, ykdysadyýetiň düzüminde köp sanly haryt öndürijileri döretmek, senagatyň, gurluşygyň we beýleki pudaklaryň iri kärhanalaryny dolandyrmagyň dürli eýeçilikdäki düzümlerini emele getirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem möhüm strategik ugurlara degişli bolan kärhanalary hasaba almazdan, orta we iri senagat kärhanalaryny döwlet eýeçiliginden aýyrmagyň esasynda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň ösüş depginlerini çaltlandyrmak, döwlet emlägini ulanmagyň hem-de dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, döwlet kärhanalarynyň we esaslyk maýasynda döwletiň paýy bolan hojalyk (paýdarlar) jemgyýetleriniň işiniň maliýe-ykdysady görkezijilerini gowulandyrmak, şol sanda bu işi ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan öz garamagyndaky kärhanalary üçin maliýe taýdan sagdynlaşdyrmak maksatnamalaryny işläp taýýarlamak we tassyklamak arkaly amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Döwletiň we hususy pudagyň eýeçilik bäsdeşligini netijeli ösdürmek üçin şertleri döretmek, maliýe serişdeleriniň elýeterliligini giňeltmegi we karzlaşdyrmagy mundan beýläk hem ösdürmegiň hasabyna kiçi we orta telekeçilige maliýe-karz, maddy-tehniki kömegi bermek arkaly amatly şertleri döretmek, onuň netijeli ösmegi üçin hukuk, dolandyryş, guramaçylyk päsgelçiligini aradan aýyrmak ugrunda kadalaşdyryjy hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, kiçi we orta telekeçiligiň subýektleri tarapyndan öz öndürýän önümlerini eksport etmekde çäklendirmeleri aradan aýyrmak, maýa goýumlaryny höweslendirmek ulgamyny işläp taýýarlamak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. Döwlet emlägini peýdalanmagy kämilleşdirmek, netijeli we maksatlaýyn ulanylmaýan emläkleri, esasy serişdeleri, ilkinji nobatda, binalary, desgalarydyr enjamlary döwlete dahylsyz taraplara kärendesine bermek, döwlet emlägini peýdalanmakdan gelip gowuşýan salgyt däl serişdeleriň hasabyna Döwlet býujetiniň girdejilerini artdyrmak, bilelikdäki kärhanalary, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, önümçilikleri, göni maýa goýumlary aýratyn şertlerde goldamak arkaly ýurduň eksport kuwwatyny we importyň ornuny tutmak mümkinçiligini artdyrmak bilen bagly işleri durmuşa geçirmek bellenilýär.

Strategiýada bellenen ähli çäreleriň amala aşyrylmagy ýakyn geljekde ösen bazar gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge, döwlet emlägini dolandyrmagyň netijeli ulgamyny emele getirmäge, döwlet eýeçiliginiň gurluşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ýurduň haryt öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga giň mümkinçilikleri döreder. Bu bolsa öz gezeginde, geljekde hem ykdysady durnuklylygyň saklanyp galmagyna oňyn täsir eder, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň sebitde we dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyny berkitmäge, ählumumy ykdysadyýetiň ösüşinde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmaga ýardam eder.

Orazmuhammet AŞYROW,

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Strategik we durnukly ösüş müdirliginiň başlygynyň orunbasary, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21467

22.02.2021
Şanly ýylda söwda merkezimize 10 ýyl dolýar

Türkmen halky myhmansöýer millet, şonuň üçin «Myhman — ataňdan uly» diýilýän pähime eýerýän halkymyz bu däbi dowam etdirýär. Öý eýesine myhmana saçagy giňden ýazyp, hezzet-hormat etmekde ýakyn ýardamçylaryň biri-de ýurdumyzyň her bir künjeginde açylyp, ulanylmaga berlen döwrebap söwda merkezleridir. Häzirki döwürde ýurdumyzyň her bir welaýatynda ululy-kiçili söwda merkezleri hereket edýär. Olaryň arasynda ir bilen sagat 8:00-da açylyp, gije sagat tä 23:00-a çenli işleýänleri-de bar. Bu söwda merkezlerinden bolsa, göwün islän azyklyk harydyňy elýeterli bahadan satyn alyp, gelen myhmany-da, maşgala agzalaryny-da naz-u-nygmata baý desterhan bilen hezzetläp bolýar.

Berkarar döwletimiziň gözel paýtagtynda şeýle söwda merkezleriniň ençemesi halkyň hyzmatynda. Hatda olar halka döwrebap hyzmat etmekde öz aralarynda bäsleşikleri-de yglan edýärler. Ynha, ýakynda biz hem söwdanyň gidişinden fotoreportaž taýýarlamak maksady bilen, ak şäherimiz Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli bolan «Milli market» söwda merkezine bardyk. Alyjylara medeniýetli hyzmaty, harytlarynyň köp görnüşliligi we ýokary hilliligi bilen adygan bu söwda merkezi depesinde, uly harplar bilen «Söwda merkezi» diýlen ýazgy oturdylan köp gatly binanyň birinji gatynda ýerleşýär. Biz bu ýerde pomidoryň, hyýaryň, kelemiň, soganyň, süýji burçuň, badamjanyň aýnaly gaba gaplanyp, tertipli, göze gelüwli duran tekjeleriniň üstünden bardyk. Alyjylara mylaýymlyk bilen hyzmat edip duran satyjy gyz Çynar Baýramowa bize satyjylyk edýän bölümi we söwda merkezi dogrusynda şeýle gürrüň berdi:

— Söwda merkezimizde hoş gördük! Biziň bölümimizden göwün islän duza ýatyrylyp, gaplanan gök önümlerini satyn alyp bilersiňiz. Gyş paslynda önümleriň duza ýatyrylan görnüşleri has-da geçginli. Olaryň düzüminde ajy burçdur sarymsagyň bolmagy ynsan saglygyny berkitmekde peýdalydyr. Biziň söwda merkezimiziň şu bölüminde alyjylar tarapyndan has-da isleg bildirilýäni ýurdumyzyň sahy topragynda ösdürilip ýetişdirilen gök önümleriň duza ýatyrylan görnüşleri elýeter bahadan ilatymyza ýetirilýär. Olara «Nesil», «Mylaýym», «Bakjam», «Garaja», «Nur» diýlip, ýazylgy nyşanly önümler degişlidir. Duza ýatyrylyp, gaplanan bu önümleriň alyjynyň islegine görä, 500 — 800 gramlyk gaplarda bolşy ýaly, olaryň 1, 2, 3 litrlik aýna gaplara gaplanany-da bar. Söwda merkezimiziň beýleki bölümlerinde-de ýerli telekeçilerimiz tarapyndan öndürilýän azyk önümleri agdyklyk edýär. Bulardan başga-da, alyjy müşderilerimize harytlary eltip bermek hyzmatymyz hem bar. Bu hyzmatymyz köp babatda alyjynyň wagtyny tygşytlaýar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hususyýetçilerimize uly mümkinçilikler döredilýär. Täze söwda merkezleri yzygiderli açylyp, ulanylmaga berilýär.

Biziň söwda merkezimize şu ýyl 10 ýyl dolýar. Merkezimiziň 10 ýyllygynyň ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy bilen gabat gelmegi bolsa, biziň begenjimizi, halka hyzmat etmäge bolan höwesimizi has-da artdyrýar. Sözümiň ahyrynda ilatymyza we paýtagta gelýän myhmanlara «Milli market» söwda merkezinden göwün islän gündelik harytlaryňyzy alyp bilersiňiz, biziň gapymyz alyjylar üçin giňden açykdyr diýip, buýsanç bilen bellemek isleýärin.

Laçyn SAMMAKOWA,

«Bereketli toprak».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21397

22.02.2021
Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini durnukly saklamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2021-nji ýylda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýerine ýetirilmeli işleriň we çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine hem-de beýleki edaralara Meýilnamada göz öňünde tutulan işleriň we çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

***

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine pagta süýüminiň dürli görnüşleriniň bellenilen möçberlerini senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin Dokma senagaty ministrligine degişli bahalardan ýerlemäge ygtyýar berildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däbe öwrülen goňşuçylyk gatnaşyklaryndan we dostlukly hyzmatdaşlykdan ugur alyp, şeýle hem özara hormat goýmak we goldaw bermek ýörelgelerine esaslanyp, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany hökmünde Türkmenistanda öndürilen önümleri bermek maksady bilen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Dokma senagaty ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, azyk önümlerini we harytlary Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna muzdsuz bermek tabşyryldy.

(TDH).


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/declarations/1063?type=official

20.02.2021
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 19-njy fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer şu aýda ykdysadyýetiň pudaklary tarapyndan geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatlarynda düýpli seljermeleriň esasynda jikme-jik seredilip, pudaklary ösdürmek, alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek hem-de döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarydyr öňde goýan wezipelerini nazara almak bilen taýýarlanylan, 2021-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň we çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.

Meýilnamada ähli toplumlar boýunça tabşyryklar jemlenilip, ykdysadyýetiň ýokary depginli ösüşini üpjün etmek hem-de döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň we onuň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny berkitmek, pudaklary özgertmek hem-de önümçilik kuwwatlyklaryny doly ulanmak, işjeň maýa goýum syýasatyny dowam etdirmek, ähli ugurlarda sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça çäreler göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem pudak edaralarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýlaryny yzygiderli seljermek hem-de iş ugurlaryny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, durmuş ulgamynyň ösüşine uly üns bermek we täze iş orunlaryny döretmek boýunça çäreler meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryndan ugur almak bilen, döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak barada teklipler taýýarlanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde zerur işler geçirilip, şolaryň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň 33-sini hususylaşdyrmak teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, düýpli özgertmeler esasynda milli ykdysadyýetimizi innowasion esasda ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň çözülmegine toplumlaýyn we oýlanyşykly çemeleşmegiň möhümdigini belledi. Şunda bazar gatnaşyklaryna geçmek we sanlylaşdyrmak, netijeli, häzirki zaman talaplaryna kybap gelýän guramaçylyk hem-de dolandyryş usullaryny ornaşdyrmak esasy ugurlaryň hatarynda durýar.

Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony wise-premýere elektron resminama dolanyşygy arkaly iberdi hem-de Türkmenistanda 2021-nji ýylda ykdysadyýetiň pudaklarynda işleriň we çäreleriň ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamak barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak baradaky meselä geçip, bu işi çaltlandyrmagyň hem-de degişli usullary has-da kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Munuň özi hususy ulgamyň mümkinçiliklerini önümçilik we hyzmatlar ulgamynda durmuşa geçirmäge ýardam berer. Umuman, bu işler milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge hem-de onuň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga hyzmat eder.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça Strategiýany yzygiderli amala aşyrmagyň ähmiýetini belläp, degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, hususan-da, nebitgaz toplumyna degişli edara-kärhanalarda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň merkezi edaralarynyň düzüminde sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek, ony döwrüň talabyna laýyk getirmek baradaky wezipelere ünsi çekdi. Pudagyň önümçilik we ylmy-tehniki binýadynyň berkidilmegi Diýarymyzyň ýangyç-energetika toplumynyň dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam bermäge, onuň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine saldamly goşant goşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dolandyryş ulgamy, sanly görnüşdäki guýularyň we känleriň, sanly düýpli gurluşyklaryň taslamalary bilen birlikde, nebitgaz pudagynda döwrebap IT tehnologiýalaryň ulanylmagynyň döredýän geljegi barada aýtdy.

Nebitgaz toplumyny innowasion taýdan ösdürmek boýunça teklipleriň işlenilip taýýarlanylmagy we olaryň durmuşa geçirilmegi pudakda döredilýän täze düzümleriň işleriniň esasy ugurlary bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda ýazky ekişe görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, welaýatlarda gowaça ekiljek meýdanlary taýýarlamak we ýuwuş suwuny tutmak hem-de pagta öndürijiler üçin zerur bolan gowaça tohumlaryny taýýarlamak işleriniň dowam etdirilýändigi bellenildi.

Gallaçylar bugdaýa ideg etmek işlerini alyp barýarlar. Agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak boýunça zerur işler geçirilýär.

Ilaty ýurdumyzda öndürilýän gök we bakja önümleri bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde talabalaýyk geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Alymlar we tejribeli hünärmenler oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň döwrebap usullaryny ýola goýmak boýunça önüm öndürijilere degişli maslahatlary berýärler.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň howdanlarynyň ýagdaýyny seljermegiň, ähli derýalary we akabalary barlamagyň, eger zerur bolsa, olarda arassalaýyş we çuňaldyş işlerini geçirmegiň möhümdigini belledi we degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada aýdyp, ýazky ekişe tehnikalaryň taýýarlygyny ýene-de bir gezek içgin gözden geçirmegi tabşyrdy. Bu möhüm möwsümi gysga möhletlerde geçirmek hem-de bugdaýa ýokary hilli ideg edilmegini üpjün etmek zerurdyr.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, ýerli çig malyň esasynda içerki we daşary bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, ugurdaş ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kärhanalarynda bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly, daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýan harytlaryň çykarylyşyny artdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berildi.

Wise-premýer şeýle hem ýurdumyzyň sarp edijileriniň isleglerini doly kanagatlandyrmak maksady bilen, daşary ýurtlardan getirilýän senagat we gurluşyk harytlarynyň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini giňeltmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň çözülişi barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli senagat we gurluşyk ulgamynyň kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrmagyň hem-de diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmegiň, pudaklaýyn kärhanalary mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň, öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen täze, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmegiň zerurdygyny belledi.

Sarp edijileriň isleglerini yzygiderli öwrenmek hem-de şonuň esasynda ýurdumyzda öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini giňeltmek we möçberlerini artdyrmak boýunça yzygiderli çäreleri görmek möhümdir. Häzirki zaman marketinginiň gurallaryndan netijeli peýdalanmak, ýurdumyzda öndürilýän harytlary daşary bazarlarda işjeň ilerletmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu ugurda toplumlaýyn işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny hem-de programma üpjünçiligini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Wise-premýer sanly ulgama geçmek boýunça giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygyny, şol sanda maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylýandygyny, ilata ýokary hilli hyzmat etmek üçin häzirki zaman tehnikalarynyň hem-de enjamlarynyň satyn alynýandygyny aýtdy.

Häzirki wagtda “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň müşderileriniň sany gün-günden köpelýär. Sanly tehnologiýalar arkaly müşderilere dürli hyzmatlar, şol sanda töleg hyzmatlary hem-de beýlekiler hödürlenilýär.

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň awtomatlaşdyrylan hasaplaşyk (billing) ulgamyny giňeltmek we kämilleşdirmek boýunça halkara bäsleşik yglan edilip, ýeňiji kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda Türkmenistanda umumymilli maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şolaryň hatarynda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy ileri tutulýan maksatnamalaryň biridir.

Ýurdumyz ähli ulgamlara, şol sanda telekommunikasiýalar hem-de ýokary tizlikli maglumat tehnologiýalary ulgamlaryna täzeçil usullary çekýär. Döwrebap işläp taýýarlamalar, elektron hyzmatlar jemgyýetiň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Döwlet edaralarynyň hem-de ähli pudaklaryň işine intellektual ulgamlar ornaşdyrylýar. Munuň özi önümçiligiň guralyşyny we dolandyrylyşyny düýpli özgerdýär.

Milli Liderimiz bu babatda daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesini, şol sanda sanly ulgamlary dolandyrmak we goramak babatdaky tejribesini öwrenmegiň zerurdygyny aýdyp, elektron maglumatlar ulgamynda ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we programma üpjünçiligini täzelemek meselesi barada aýdyp, wise-premýere bu ugurda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow pagta süýüminiň dürli görnüşlerini senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine ýerlemäge degişli Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda 2021-nji ýylda gaýtadan işlemek üçin 145 557,5 tonna pagta süýümini, 8 500 tonna ýüpek pagta süýümini, 200 tonna gysga süýümi hem-de 200 tonna pagta übtügini satyn almagyň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde dokma senagatynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ýurdumyzyň hem-de dünýäniň iň gowy tejribesini ulanmagyň esasynda ugurdaş senagatyň çalt depginde ösdürilmegi netijesinde, diňe bir Diýarymyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde hem bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýandygyny nygtady.

Ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolmagy bilen baglylykda, dokma senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gaýtadan işleýän ulgamynyň okgunly ösüşiniň aýdyň mysalyna öwrüldi. Pudagyň önümçilik binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, ýokary hilli taýýar önümleriň görnüşleri giňeldilýär, olar daşary ýurtly önüm öndürijileriň harytlary bilen üstünlikli bäsdeşlik edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen ýetişdirilen pagta hasylynyň dokma kärhanalary tarapyndan satyn alynýandygyny hem-de gaýtadan işlenilýändigini aýdyp, pudaklaýyn desgalaryň öz wagtynda gurulmagynyň hem-de ulanylmaga berilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şolaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky ýyllyk kuwwaty 3 650 tonna nah ýüplüge barabar bolan dokma toplumy hem-de Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndaky ýyllyk kuwwaty 3 300 tonna inçe süýümli ýüplüge barabar bolan dokma toplumy bar. Bu kärhanalaryň açylmagy bilen, täze iş orunlarynyň 2 450-si dörediler.

Şunuň bilen baglylykda, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, haryt bolçulygyny döretmek hem-de içerki bazary zerur bolan dokma önümleri bilen üpjün etmek gaýragoýulmasyz wezipeler bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz eksport ugurly önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin pagta süýüminiň dürli görnüşlerini ýerlemek hakynda Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu resminamadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň mart aýynda geçiriljek esasy çärelere we dabaralara hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyşyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, dürli döredijilik çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär.

Halkara zenanlar güni, Milli bahar baýramy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli, dabaralaryň ençemesi göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, baýramçylyk çäreleriniň ählisiniň, aýratyn hem, şanly seneler mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi. Şol dabaralaryň her biri çuň many-mazmuna eýe bolmalydyr, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän, umumadamzat ynsanperwer ýörelgelerine esaslanýan oňyn syýasatyň mazmunyny beýan etmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz medeni diplomatiýanyň wajypdygyny nygtap, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň wekilleriniň Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan, dünýä bileleşiginiň döwletleri bilen dostluk gatnaşyklaryny hem-de köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, türkmen halkynyň ruhy mirasyny tutuş dünýäde giňden wagyz etmäge, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam edýän halkara çärelere gatnaşmagyna üns bermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda welosiped sportuny ösdürmegiň Maksatnamasynyň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasy barada hasabat berdi.

Diýarymyzyň welosiped sportunyň üstünlikleri döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen yzygiderli durmuşa geçirilýän hem-de türkmenistanlylaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine işjeň gatnaşmagyny gazanmaga, türkmen sportunyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga, olimpiýa hereketini ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň netijesidir.

Şol üstünlikleriň hatarynda giň gerimli welosipedli ýöriş çäreleriniň guralmagy, 2018-nji ýylda geçirilen welosiped sürmek boýunça iň köp sanly ildeşlerimiziň gatnaşmagynda okuw sapagy, 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde iň dowamly bir nyzamly welosipedli ýörişiň geçirilmegi bilen, onuň täze dünýä rekordy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi bar. Şu ýyl ýurdumyzda Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljekdigi hem Türkmenistanyň kuwwatly sport döwleti hökmünde ykrar edilýändiginiň tassyklanmasydyr.

Bu ugurda milli Liderimiziň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen, 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmeginiň hem-de bu senäni ebedileşdirmek maksady bilen, paýtagtymyzda “Welosiped” binasynyň açylmagynyň uly ähmiýeti bardyr. Munuň özi Türkmenistanyň olimpiýa taglymatyna ygrarlydygyny görkezýän işlerdir.

Türkmen türgenleriniň ussatlygyny ýokarlandyrmak, ýurdumyzda we dünýäde türkmen welosiped sportunyň abraýyny artdyrmak üçin şertleri döretmek maksady bilen, ýakyn bäş ýyl üçin welosiped sportuny ösdürmegiň maksatnamasy köpugurly işleri özünde jemleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini hem-de sportda ýokary gazanylanlary has-da ösdürmek, şol sanda şu ýyl Aşgabatda trekde welosiped ýaryşlary boýunça dünýä çempionaty bilen birlikde, iri halkara sport ýaryşlaryna taýýarlyk görmek boýunça wajyp wezipeleriň çözülmegine ünsi çekdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sport birleşdiriji, ruhlandyryjy güýç hökmünde döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylygy, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şertidir. Bu bolsa “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçýän ýylda aýratyn wajypdyr.

Sport diplomatiýasy döwletimiziň daşary syýasatynyň işjeň ösdürilýän ugurlarynyň biridir, şonuň netijesinde, Türkmenistan iri halkara ýaryşlaryň geçirilýän ýerine öwrülýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen maksatnamanyň taslamasy boýunça birnäçe öwüt-ündewlerini hem-de maslahatlaryny berip, ony döwrüň talabyna laýyk derejede täzeden taýýarlamagyň möhümdigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pederlerimizden miras galan “At almankaň, eýer al” diýen parasatly nakyly mysal getirip, ýurdumyzda welosiped sportuny ösdürmegiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebap ulgamyny döretmek, welosiped duralgalaryny gurmak, ýöriteleşdirilen dükanlary, ussahanalary, söwda merkezleriniň ýanynda olaryň goýulýan ýerlerini açmak hem-de welosiped ýodalaryny çekmek, welosiped bejerýän ussalary taýýarlamak, adamlaryň wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin seýilgählerde ulular we çagalar üçin welosipedleriň hödürlenýän nokatlaryny açmak hem-de seýilgähiň içinde welosiped ýodalaryny çekmek boýunça işleriň göz öňünde tutulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz mundan beýläk ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar gurlanda, şu talaplaryň göz öňünde tutulmalydygyny aýdyp, şunda ilatyň giň gatlagyny sagdyn durmuş ýörelgelerine çekmekde welosiped sportunyň uly ähmiýetiniň boljakdygyny nygtady.

Welosiped ulagyň iň elýeterli, esasysy bolsa, ekologiýa taýdan örän arassa, peýdaly we sagdynlygy üpjün edýän görnüşidir. Hormatly Prezidentimiz welosiped sportunyň ösdürilmegini daşky gurşawy goramaga hem-de halkymyzyň saglygyny üpjün etmäge biziň goşýan goşandymyzdygyny nygtady we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň BMG-niň durmuş ugurly käbir ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigi bellenildi.

Birleşen Milletler Guramasy we onuň esasy düzümleri ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşlarydyr. Häzir Türkmenistan BMG-niň düzümleriniň 11-siniň agzasy bolup durýar. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi, BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysynyň, Ösüş maksatnamasynyň hemişelik wekiliniň edaralary, şeýle hem Çagalar gaznasynyň, Ilat gaznasynyň, Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň wekilhanalary ýerleşýär.

Döwlet Baştutanymyzyň goldaw bermegi bilen, bu hyzmatdaşlyk yzygiderli esasda, Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek maksady bilen, BMG-niň agentlikleri bilen bilelikde durmuş-ykdysady ulgam, ulag we kommunikasiýalar, lukmançylyk, daşky gurşawy goramak ugurlarynda degişli işler geçirilip, taslamalar amala aşyrylýar.

Köpugurly hyzmatdaşlygy dowam etmek bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna saglygy goraýyş ulgamynda özara gatnaşyklar boýunça taslama hödürlenildi, ony BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek baradaky müdirligi (UNOPS) bilen bilelikde durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

Taslamany amala aşyrmak hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, UNOPS-yň Ýerine ýetiriji direktory türkmen tarapyna ýurdumyzda UNOPS-yň wekilhanasyny açmak teklibi bilen ýüz tutdy.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hasabatynyň çäklerinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany hökmünde Türkmenistanda öndürilen önümleri ibermek baradaky teklibi hödürledi.

Şunda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ýaly ugurlarda üstünlikli ösdürilýän türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň strategik häsiýeti aýratyn nygtaldy. Iki goňşy döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakyky dostlukly, ynamly gatnaşyklaryň aýdyň mysalydyr.

Şunuň bilen baglylykda, RF-iň Astrahan welaýatyna ýurdumyzda öndürilen önümleri ibermek barada degişli teklipler taýýarlanyldy. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarynda öndürilen harytlary Türkmenbaşy — Astrahan ugry boýunça Türkmenistanyň deňiz söwda flotunyň gämisi bilen ugratmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, “Açyk gapylar” hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek bilen, abraýly halkara guramalar bilen umumy abadançylygyň bähbidine kybap gelýän gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz BMG bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Şol hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykdy. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygynyň çäklerinde, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak, sebitde we dünýäde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça Milletler Bileleşiginiň tagallalaryny jebisleşdirmäge ýardam berýän anyk başlangyçlar bilen çykyş edýär.

Milli Liderimiz ýurdumyzda BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň biriniň — Taslamalara hyzmat etmek baradaky müdirliginiň wekilhanasyny açmak hakynda türkmen tarapynyň hödürlän taslamasyny we teklibini makullap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-russiýa hyzmatdaşlygy baradaky meselä geçip, iki ýurduň halklaryny taryhy taýdan kemala gelen, hoşniýetli erk-isleg, özara ynanyşmak we doganlyk goldawy ýörelgelerine esaslanýan, däbe öwrülen gatnaşyklaryň birleşdirýändigini belledi. Russiýanyň sebitleri we welaýatlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek häzirki döwürde täze mazmuna eýe bolan netijeli döwletara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biridir.

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýaty Hazar deňzi boýunça Türkmenistanyň ýakyn goňşusy bolup, bu sebit bilen dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Milli Liderimiz RF-iň bu sebitine ýurdumyzda öndürilen önümleri ibermek hakynda teklibi makullap hem-de bu wakanyň türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetiniň nobatdaky nyşanyna öwrüljekdigini aýdyp, degişli Buýruga gol çekdi hem-de ony wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna elektron resminama dolanyşygy arkaly iberdi we resminamada bellenilen wezipeleri durmuşa geçirmekde degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işleriniň netijeleri barada habar berdi.

Mejlis döwlet Baştutanymyzyň 12-nji fewralda geçiren Hökümetiň giňişleýin mejlisinde deputatlaryň öňünde goýan wezipelerinden ugur almak bilen, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi, halkymyzyň abadançylygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça işleri alyp barýar.

Häzirki wagtda birnäçe kanun taslamalarynyň üstünde işlenilýär. Iki palataly ulgamyň döredilmegi bilen baglanyşykly degişli resminamalar taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň çäklerinde, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar bilen bilelikde degişli işler meýilnama esasynda alnyp barylýar. Häzirki wagtda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek boýunça welaýat, Aşgabat şäher, etrap, şäher halk maslahatlarynyň mejlisleri geçirilýär.

Ýurdumyzyň Mejlisi BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we beýleki halkara guramalar bilen yzygiderli gatnaşyklary saklap, olaryň geçirýän çärelerine gatnaşýar.

Şeýle hem milli parlamentiň ýolbaşçysy durmuş syýasatyny amala aşyrmak, hususan-da, köp çagaly maşgalalary, eneligi we çagalygy döwlet tarapyndan goldamak babatda geçirilýän işler barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, Halkara zenanlar güni mynasybetli, 8 we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren zenanlary “Ene mähri” diýen hormatly ada hödürlemek bilen baglanyşykly işleriň geçirilendigi barada aýdyldy.

Deputatlar ýerlerde saýlawçylar bilen duşuşyklary yzygiderli geçirip, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini, döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny halkymyzyň arasynda giňden wagyz edýärler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli guralýan dürli çärelere, maslahatlara gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş-ykdysady özgertmeleri ilerletmäge, türkmen jemgyýetini demokratiýalaşdyrmaga, ýurdumyzy innowasion taýdan ösdürmäge, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen möhüm wezipeleri çözmekde kanun çykaryjylyk işiniň ähmiýetini belledi.

Döwlet Baştutanymyz öňde boljak saýlawlara taýýarlyk görmek baradaky meselä geçmek bilen, türkmen jemgyýetiniň demokratik sütünlerini berkitmekde olaryň ähmiýetini belledi hem-de bu jemgyýetçilik-syýasy çäräniň açyklygyny we aýdyňlygyny üpjün etmegiň, halkara hukugyň esasy kadalaryna kybap gelmeginiň möhümdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz köp çagaly eneleri sylaglamak barada aýdyp, bu çäräni tutuş ýurdumyz boýunça dabaraly ýagdaýda, şol wakanyň ähmiýetine kybap derejede guramagyň zerurdygyny nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş meseleleriniň çözülişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geçen ýylyň güýzünde Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda ýerleşýän Çoganly obasynda Içeri işler ministrliginiň ýaşaýyş jaý toplumy açyldy. Bu topluma Mälikguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy. Häzir bu ýerde ýokary amatlykly kottej jaýlaryň ýene-de 40-synyň gurluşygy alnyp barylýar.

Şeýle hem paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda hem-de Ahal welaýatynyň Änew şäherinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň geljekde hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, şeýle hem olaryň maşgala agzalary üçin amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek hakynda hemmetaraplaýyn alada etjekdigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz durmuş düzüminiň desgalarynyň toplumlaýyn gurulmagynyň wajypdygyny belledi hem-de anyk tabşyryklary berdi.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyny üstünlikli amala aşyrmak bilen, biz degişli ugurda işleri dowam ederis diýip, milli Liderimiz wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy S.Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň G.Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde gurlan gök-bakja önümlerini ýetişdirýän ýyladyşhananyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Wise-premýer milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Şol maksatnamalaryň esasynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikler döredilýär.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer 8 gektar meýdanda döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürýän döwrebap ýyladyşhananyň ulanmaga bermäge taýýardygy barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmegiň durmuş-ykdysady syýasatyň möhüm ileri tutulýan ugrudygyny nygtady. Obasenagat pudagyny we azyk senagatyny depginli ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň, Diýarymyzyň haryt öndürijilerine döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldawlaryň berilmegi netijesinde, bu ulgamda örän uly üstünlikler gazanyldy.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda iri ýyladyşhana toplumlary guruldy we gurulýar. Şolarda öňdebaryjy tejribä esaslanylýar, häzirki zaman tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz şanly seneler mynasybetli gurulýan desgalara ünsi çekip, binagärlik taslamalarynyň işlenilip düzülmegine ylmy çemeleşmäniň hem-de olaryň maýa goýum taýdan bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmegiň wajypdygyny belledi we alnyp barylýan gurluşyklardaky işleriň barşyna hem-de hiline gözegçiligi ýola goýmagy, olaryň bellenen möhletinde tamamlanmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Wise-premýer hasabatyny dowam edip, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň işini gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” we “Türkmenistanyň halk itşynasy” diýen döşe dakylýan nyşanlaryň hem-de “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen medalynyň görnüşleri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, dünýäde milli taryhy-medeni mirasymyzy goramagyň hem-de wagyz etmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Bu ugurda türkmen alabaýlarynyň tohumçylyk işini ösdürmek, bu täsin tohum itleriniň sanyny artdyrmak alnyp barylýan işleriň möhüm ugruna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz döşe dakylýan nyşanlaryň we medalyň hödürlenen görnüşleri bilen tanyşdy we olary makullady. Munuň özi ata-babalarymyz tarapyndan ýola goýlan gadymy itşynaslyk däplerine hormat goýulýandygynyň beýanydyr, bu bolsa alabaýlaryň tohumyny has-da kämilleşdirmek boýunça häzirki döwürde görülýän çärelerde mynasyp dowam etdirilýär diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21375?type=feed

20.02.2021
Toýa ýaraýan ak pagta

«Pylanam toýuny çaltlaşdyrypdyr, pagtasyn-a geçirip gaýdypdyrlar» diýen süýji habar köplere tanyşdyr. Iki tarap ylalaşyp, sähet bellenensoň, Lebap sebitlerindäki toý hysyrdylary gyz tarapyndan tikiljek ýorgandyr düşekçeler üçin bir top pamyk eltip gaýtmakdan başlanýar. Ony guda ýere öýlenjek ýigidiň dostlarynyň ýa jigileriniň biri eltip gaýdar. Baý, özem ýeňil gopýandyr-ow şol ýigdekçe. Ýakynda dosty (ýa agasy) öýlenjek ýigit-dä!

Döwletli etrabynyň Kerkiçi şäherçesindäki pagta arassalaýjy kärhanada bolanymda, şol süýji duýgular ýene bir ýola serime doldy. Asyl, biz obamyzda atlandyrylyşy ýaly, «toý pagtalarynyň» taýýarlanylýan ýerine gelen ekenig-ä! Kärhananyň, takmynan, 100 metre dagy uzaýan iş zynjyrynyň bir çetinden girýän pagtalar beýleki çetine «toý pagtasy» bolup çykyp dur. Aňyrsy 10 — 15 minutdan hem bir top (200 — 225 kilogram çemesi) pagta taýýar.

— Kärhanamyz 2020-nji ýylda 90 ýaşady. Ýöne görşüňiz ýaly, ol 90 ýaşly kärhana çalym edenok, juwan görünýär. Sebäbi milli Liderimiziň tagallasy bilen kärhana mundan üç ýyl ozal — 2017-nji ýylda täzeden enjamlaşdyrylyp, mümkinçilikleri artdyryldy. Oturdylan enjamlar hem Germaniýa, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Türkiýe ýaly döwletleriň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň önümleri. Şeýlelikde, bu ýer Diýarymyzyň iň kuwwatly pagta arassalaýjy kärhanalarynyň birine öwrüldi — diýip, kärhananyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy Akmal Nyýazow gürrüň berdi.

Bu kärhana Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Lebappagta» önümçilik birleşigine degişli bolup, önümçilik kuwwaty günde 200, ýylda 68 müň tonna pagtany arassalamaga we gaýtadan işlemäge doly mümkinçilik berýär. Eger 200 tonna pagtadan bary-ýogy 10 tonna çemesi galyndy çykýar diýip hasaplasak, galan pagtanyň 62 tonnasyny süýüme, 115 tonnasyny pagta çigidine, 4 tonnasyny linte, 2 tonnasyny ulýuga we 7 tonnasyny has ýumşak önümçilik galyndysyna (puh) öwrüp bolýar. Üç çalşykda alnyp barylýan işleriň netijesinde, bir günde şeýle toplaryň 200 çemesini öndürip bolýar.

Kärhanada şu günler täze hasyl gaýtadan işlenilýär. Munuň üçin onuň bir çetinde birnäçe tonna pagta üýşürilipdir. Harmanhanadan pagtany alyp, arassalap, ony taýýar önüme öwürmäge çenli ähli işler awtomatlaşdyrylan ýagdaýda alnyp barylýar. Işgärlere diňe enjamlaryň saz işleýşine gözegçilik etmek ýeterlik. Ýeri gelende aýtsak, kärhanada 265 adam zähmet çekýär. Olaryň 66-sy gönüden-göni önümçilik bilen bagly işgärlerdir.

Kärhana Döwletli we Köýtendag etraplarynyň daýhan birleşiklerinde ýygnalan «ak altynyň» bir mukdaryny gaýtadan işleýär. Has takygy, kärhananyň alty sany harmanhanasy bar. Olar Kerkiçi şäherinden başga-da, Burguçy, Daşrabat, Tallymerjen, Jeýhun we Ýylgynagyz obalarynda ýerleşýär. Harmanhanalarda ýygnalan «ak altyn» MTZ-80 traktorlarynyň 30-a golaýy bilen daşalýar. Taýýar önümleri dokmadyr ýag öndüriji kärhanalara daşamak işi bolsa ýük ulaglarynyň 6-sy bilen amala aşyrylýar.

— Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen alnyp berlen täze enjamlaryň toplumy işlenen pagtanyň galyndysynyň has azalmagyna getirdi. Şol bir wagtyň özünde-de, önümlerimiziň hili görnetin ýokarlandy. Şeýle bolansoň, olar dokma we ýag öndüriji kärhanalaryň talaplaryny doly ödeýär. Harmanhanalardan ýylyň ähli paslynda pagta gelip dur. Şonuň üçin hemişe iş ýetik. Döwrebap şertler işgärlerimizde ýadawsyz işlemäge bolan höwesi has-da artdyrýar — diýip, kärhananyň tehniki howpsuzlyk bölüminiň ýolbaşçysy Penji Gurbanow aýdýar.

...Kärhananyň çäginden çykyp, gaýdyp barýarkak, üsti top-top süýümli ýük ulaglarynyň ýene biri dokma toplumlarynyň birine tarap ýola düşdi. Bu topraklarda biten «ak altyn» bir gün egne ýaraşykly lybas bolup dolanyp geler...

Agageldi ITALMAZOW.

(Öz habarçymyz). Surata düşüren Merdan ORAZOW.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21372

20.02.2021
Yhlasly zähmetiň netijesi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda eziz Diýarymyzyň ýataklaryndan uglewodorod çig mallaryny gözläp tapmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň hünärmenleri netijeli zähmet çekýärler. Olar burawlanan hem-de burawlaýyş işleri dowam edýän guýularda Ýeriň geofiziki gatlaklaryny anyk öwrenmek, takyklanan önümli çuňluklarda zerur bolan halatynda partlaýyş işlerini amala aşyrmak ýaly möhüm işleri ýerine ýetirýärler. Her biri anyk kesgitlemeleri talap edýän bu derwaýys işlerde müdirligiň Balkanabatdaky barlamhanalaryndan, Arkadag Prezidentimiziň hemaýat-goldawy esasynda daşary ýurtlardan satyn alnyp, iň kämil awtoulaglarda ýerleşdirilen tehnologiýalardan netijeli peýdalanylýar. Nebitgaz toplumynyň häzirki zaman enjamlarydyr tehnologiýalary bilen ýeterlik derejede üpjün edilen müdirligiň ekspedisiýalarynda we ýörite gulluklarynda bitirilýän işler ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.

Kärhanada oňat görkezijilere eýe bolunýar. Şu ýylyň geçen döwründe kärhananyň önümçilik düzümleri boýunça jemi 7 million manatlyga golaý işler özleşdirilip, meýilnama 122 göterim ýerine ýetirildi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň dabaraly belleniljek ýylyny ýokary zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinýän geofizikler iş depginlerini has-da ýokarlandyrýarlar.

Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW,

«Balkan».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21343

20.02.2021
Nagt däl hasaplaşyklaryň döwrebap mümkinçilikleri

Bank ulgamyny döwrebap ösdürmekde aýratyn orunlaryň biri nagt däl hasaplaşyklara degişlidir. Ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini has-da kämilleşdirmek üçin dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak boyunça ençeme işler geçirilýär.

Ýurdumyzyň karz edaralary ylmyň iň soňky gazanan üstünliklerini we döwrebap usullaryny peýdalanyp, raýatlarymyza bank kartlarynyň üsti bilen amala aşyrylýan nagt däl hasaplaşyklaryň giň mimkinçiliklerini hödürleýär. Nagt däl hasaplaşyklaryň giňden ulanylmagy we bank kartlarynyň hyzmatlarynyň köpeldilmegi milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşine hem oňyn täsirini ýetirýär.

Bank kartlary nagt däl görnüşde hasaplaşyklary geçirmegiň döwrebap töleg guraly bolup, olar jemgyýetimize giňden ornaşdyryldy. Ilatyň döwlet kömek pullary, pensiýalar, zähmet we talyp haklary degişlilikde olaryň «Altyn Asyr», «Millikart» bank kartlaryna geçirilýär. Ýurdumyzyň karz edaralary we olaryň ähli şahamçalary tarapyndan raýatlaryň «Altyn Asyr» we «Millikart» bank kart hasaplaryndaky galyndy pul serişdelerine ýyllyk azyndan 5 göterim hasaplanylýar we tölenilýär. Bu amatlylyklar raýatlarymyza goşmaça girdeji çeşmesini emele getirmäge ýardam berýär.

Bank kartlary arkaly ýerine ýetirilýän hasaplaşyklaryň ýene bir görnüşi «Maşgala» bank kartydyr. «Maşgala» bank karty «Altyn Asyr» ýa-da «Millikart» bank karty hasabyna birikdirilmek bilen, müşderiniň islegine baglylykda maşgalanyň agzalaryna, şol sanda ýedi ýaşdan uly bolan çagalara açylyp bilner. Müşderiniň arzasy ýa-da «Internet-bank» ulgamy arkaly maşgalanyň her bir agzasy üçin aýratynlykda hepdelik sarp ediljek pul mukdarynyň möçberini kesgitlemäge mümkinçilik döredilendir. «Maşgala» bank karty çagalara we talyplara gerekli okuw esbaplaryny we beýleki harytlary satyn almaga, söwda we hyzmat ediş nokatlarynda hasaplaşyklary geçirmäge, «Internet-bank» we «Mobil-bank» ulgamlary arkaly karzlaryň esasy bergisini gaýtarmaga we hasaplanylan göterimi tölemäge, öý telefon, öýjükli telefon, IP-TV we internet hasabyny doldurmaga we bank kartynyň galyndysyny bilmäge amatly mümkinçilikleri döredýär.

Bank ulgamynyň sanlylaşdyrylmagynyň netijesinde müşderilere hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, sanly ulgamda hyzmatlaryň «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda», «Galtaşyksyz töleg» ýaly täze, döwrebap görnüşlerini durmuşa ornaşdyrmaga ýardam berilýär. Karz edaralary tarapyndan berilýän dürli görnüşli karzlaryň esasy bergilerini gaýtarmak we olara hasaplanylan göterimleri tölemek, aragatnaşyk hyzmatlary üçin tölenilýän tölegleri tiz we amatly usulda tölemek ýaly hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlary uly ähmiýete eýedir.

«Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlary müşderiniň bank amallaryna we hyzmatlaryna bolan islegini kanagatlandyrmaga, pul geçirimlerini tizleşdirmäge, netijede ilatyň gymmatly wagtyny we serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda «Altyn Asyr» bank kartynyň eýeleri öz hyzmat edýän banklarynyň internet sahypalary arkaly bank kartlaryny «Internet-bank» hyzmatyna özbaşdak birikdirip bilýär.

Nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen ýurdumyzyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky «Halkbank terminal» atly täze hyzmaty ornaşdyrdy. «Halkbank terminal» döwrebap, ygtybarly tehnologiýalaryň esasynda taýýarlanylan hem-de nagt däl hasaplaşyklarda ulanylýan adaty töleg terminalynyň ornuny tutýan mobil programma üpjünçiligi bolup durýar. Bu hyzmat söwda we hyzmat ediş nokatlarynda töleg terminallarynyň eýeleriniň öz müşderilerine sanly ulgamda galtaşyksyz, goragly esasda hyzmatlary ýerine ýetirmäge döredilýän nobatdaky mümkinçilik bolup durýar.

«Halkbank terminal» mobil ulgamy ykjam telefona gurnalmak bilen, harytlar we hyzmatlar üçin tölegleri kabul etmek, amaly ýatyrmak ýa-da yzyna gaýtarmak, kassany ýapmak we söwdanyň jemi möçberini çykaryp görkezmek, amallaryň taryhyny görmek ýaly hyzmatlardan peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň karz edaralarynyň netijeli işjeňligi bolsa her bir bankyň ösüş derejesinden, häzirkizaman bank önümlerini ulanmagyndan we müşderiler tarapyndan ýokary islegden peýdalanýan hyzmatlaryň köpsanly görnüşlerini ýerine ýetirmekden ybarat bolup durýar.

Farhad ABDULLAÝEW,

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat şahamçasynyň hukuk işleri boýunça baş hünärmeni.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21269

20.02.2021
Ilatyň saçagyna — ter önümler

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz ösüşlerden ösüşlere ýol salýar. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzy döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barha rowaçlanýar. Ykdysadyýetimizi düýpli diwersifikasiýalaşdyrmak, önümçilige innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmak, ýerli çig malyň esasynda işleýän önümçilikleri köpeltmek ýaly ugurlaryň ösüşi döwrüň talaplary bilen sazlaşýar. Etrabymyzyň obasenagat düzümi has kämilleşdi, döwrebap önüm öndürýän kärhanalaryň hasabyna olaryň üsti ýetirilýär. Şolaryň birisi «Parahat» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän ýokary hilli guş etiniň 500 tonnasyny we 2,5 million sany ýumurtga öndürýän guşçulyk toplumydyr. Häzirki wagtda onuň önümleri tutuş welaýatymyzyň ilatyna ýetirilýär.

Häzirki wagtda etrabymyzyň çäginde hususy daýhan we ýyladyşhana hojalyklarynyň onlarçasynda gök, bag-bakja we beýleki azyklyk ekinleriň bol hasyly ýetişdirilýär. «Azatlyk», «Parahat», «Jeýhun», «Dostluk» daýhan birleşiklerinden telekeçilere bölünip berlen ekerançylyk ýerlerinde döredilen 60 tonnadan başlap 2000 tonna çenli önüm ýetişdirmäge niýetlenilen ýyladyşhanalar görenleri guwandyrýar. Olaryň pomidordyr hyýar ýaly önümleri ilatyň saçaklaryna gyşyn-ýazyn ýetirilip dur. Aýratyn-da, welaýat merkeziniň alkymynda ýerleşen «Dostluk» daýhan birleşiginiň çäginde ýyladyşhanalaryň uly toplumy döredildi. Olaryň arasynda «Altyn bürgüt» hususy kärhanasy hem bar. Kärhana degişli ýyladyşhana hojalygynyň önümleri daşary ýurtlara eksporta hem iberilýär. Şu ýerde döredilen «Tebigy ekin» daýhan hojalygy hem öz önümleri bilen il arasynda adykdy. 2020-nji ýylda daýhan hojalygynyň zähmetsöýer adamlary gök we bakja ekinlerinden 24 million 600 müň manatlyga barabar ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli ýokumly önümleri ýygnap, ilatyň saçagyna hödürlediler. Ekerançylyk ýerleriniň welaýat merkeziniň golaýyndan bölünip berilmegi hususyýetçiler üçin hem, ilat üçin hem örän amatly boldy. Önüm bolçulygyny döredýän hususyýetçileriň zähmet çekmekleri üçin döwletimiz tarapyndan zerur bolan goldawlar yzygiderli berilýär.

Orunaý BABAKULYÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Çärjew etrap birleşmesiniň hünärmeni.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21264

20.02.2021
Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatyna eýerip

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

AŞGABAT, 18-nji fewral (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda baradaky ýörite wekili hanym Emma Nikolsonyň ýolbaşçylygyndaky wekilleri bilen söwda-ykdysady meseleleri boýunça onlaýn duşuşyk geçirildi.

Türkmen tarapyndan mejlise Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi bankyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mejlise gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan “Açyk gapylar” syýasatynyň oňyn häsiýetini bellediler. Bu syýasat Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda söwda gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilmegini şertlendirýär.

Gepleşikleriň dowamynda «JCB Sales Limited» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk meselesine aýratyn üns berildi, bu kompaniýa Türkmenistan üçin ýörite tehnikalary we enjamlary ibermäge gyzyklanma bildirýär.

Şeýle hem maýa goýumlary çekmek hem-de bilelikdäki taslamalaryň beýleki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

***

Şu gün DIM-de wideomaslahat görnüşinde daşary syýasat edaralarynyň arasynda türkmen-gazak geňeşmeleri geçirildi, oňa Gazagystan Respublikasyndan Premýer-ministriň orunbasary, daşary işler ministri M.Tleuberdi gatnaşdy.

Taraplar halkara we sebit düzümleriniň, hususan-da, BMG-niň, GDA-nyň YHG-nyň hem-de beýleki guramalaryň çäklerinde iki ýurduň toplan oňyn hyzmatdaşlyk tejribesini bellediler. Türkmenistanyň we Gazagystanyň halkara meselelerine ýakyn garaýyşlary nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn görnüşde hem, köptaraplaýyn görnüşde hem bilelikdäki işi dowam etmäge özara taýýarlyk beýan edildi.

Hazar meselesi aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Hyzmatdaşlygy, şol sanda port düzümlerini herekete getirmek babatynda ulag-üstaşyr ulgamda gatnaşyklary giňeltmek boýunça pikir alşyldy. Şu ýyl Türkmenistan Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitini geçirmäge taýýarlyk görýär. Şunuň bilen baglylykda, taraplar sammitiň gün tertibini işjeňleşdirmek maksady bilen birnäçe teklipleri öňe sürdüler. Şeýle hem ekologiýa ulgamynda, şol sanda Aral meselesi boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygyna görülýän taýýarlyk boýunça pikir alşyldy. Taraplar Merkezi Aziýa we goňşy sebitleriň ähmiýetli mümkinçilikleriniň açylmagy üçin bilelikdäki başlangyçlaryň işlenilip düzülmegine gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Bu ugurda taraplar Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerindäki özara hereketleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.

Diplomatlar ýangyç-energetika, ulag-logistika we senagat pudaklarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerine garadylar. Ylym, bilim, saglygy goraýyş we farmasewtika ugry boýunça gatnaşyklaryň ösdürilmegine gyzyklanma bildirildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk hakynda maksatnama gol çekildi.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21198

19.02.2021
Türkmenistanyň Prezidenti “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 18-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhman bilen salamlaşyp, dünýäniň iri uglewodorod serişdelerini öndürijileriň biri bolan Türkmenistanyň energetika ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda yzygiderli çykyş edýändigini nygtady. Ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak, energiýa serişdeleriniň çykarylýan hem-de dünýä bazarlaryna iberilýän möçberlerini köpeltmek ýaly möhüm ugurlaryna aýratyn üns berilýär.

Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Türkmenistanyň nebitgaz senagatynda amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalar hem-de düzümleýin taslamalar hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Ägirt uly ykdysady, energetika we ulag-logistika kuwwatyna eýe bolan strategik taýdan möhüm merkez hasaplanylýan Hazar sebiti ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy. Bularyň ählisi şu ýerde hukuk kadalaryna, özara hormat goýmaga hem-de birek-biregiň bähbitlerini nazara almaga esaslanýan ylalaşykly halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň zerurlygyny şertlendirýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek hem-de özleşdirmek hakynda golaýda gol çekilen Ähtnamanyň ähmiýeti nygtaldy.

Bu taryhy resminama gol çekilmegi Hazarda energetika ulgamynda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hem-de ösdürmek nukdaýnazaryndan möhüm waka boldy. Mundan başga-da, bilelikdäki iş üçin täze mümkinçilikler açylýar hem-de bu sebite uzak möhletleýin esasda iri daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýär.

Şundan ugur alyp, biz “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň “Dostluk” ýatagyny özleşdirmäge gatnaşmak meýlini goldaýarys hem-de bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça anyk maýa goýum tekliplerine garamaga taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ýurdumyz ekologiýa ugruny hem-de iň soňky ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary nazara alyp, nebitgaz pudagyna öňdebaryjy tejribäni we ýokary tehnologiýalary çekmek meselelerine uly üns bermek bilen, esasy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Öz nobatynda, “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň göz öňünde tutulan meýilnamalary barada aýdyp, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda, şol sanda onuň gaýtadan işleýän ulgamynda Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleriniň tutuş dünýäde ykrar edilendigini nygtady. Bu ulgamda döwrebap tehnologiýalar işjeň ulanylýar. Türkmenistan bilen gol çekilen taryhy ylalaşyk ýurduň nebitgaz senagatyny okgunly ösdürmekde täze tapgyr bolar.

Wagit Alekperow diňe bir Hazar deňziniň däl-de, eýsem, Baltika deňziniň ýalpaklygynda hem “Lukoýlyň” uly iş tejribesiniň bardygyny belläp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bildirýän uly ynamy üçin hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň “Dostluk” atly möhüm ähmiýetli taslamany durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Ilkinji nobatda, munuň özi işiň takyklygyna we netijeliligine hem-de ekologiýa ugruna degişlidir. Biz Hazaryň uly üns berilmeli ulgamdygyny bilýäris, şoňa görä-de, ykdysady nukdaýnazardan öňdebaryjy we maksadalaýyk tehnologiýalar doly ulanylar diýip, işewür aýtdy.

“Lukoýlyň” ýolbaşçysy şol bir wagtyň özünde täze ýataklary gözlemek işleriniň alnyp baryljakdygyny aýdyp, Türkmenistanyň ýangyç-energetika kuwwatyny has-da artdyrmaga gönükdirilen bu taslamany ýokary hilli, ekologiýa talaplaryna laýyklykda durmuşa geçirmek hem-de bellenen möhletinde tamamlamak üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini ýene-de bir gezek nygtady.

Duşuşygyň dowamynda nebitgaz senagatyna, pudaga innowasion tehnologiýalary we sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmaga hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryny giňeltmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýangyç-energetika toplumynda ägirt uly kuwwata hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine eýe bolan Türkmenistanda nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy aýratyn nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýanyň iri energetika kompaniýasynyň ýolbaşçysy birek-birege hoşniýetli arzuwlary beýan edip, anyk netijä gönükdirilen netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21204?type=feed

19.02.2021