Gahryman Arkadagymyzyň mermer paýtagtymyzyň waspyny ýetirip ýazan «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň neşir edilmegi toý-baýramly günlerimiziň hoş habarlarynyň üstüni ýetirip, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna ajaýyp sowgat boldy. Kitabyň, turuwbaşdan, milli Liderimiziň döreden adybir goşgusy we hormatly Prezidentimiziň agtygy Kerimiň bu goşga ýazan sazynyň notasy bilen açylmagy-da ýöne ýerden däl. Döwlet Baştutanymyzyň çyn söýgüsinden dörän «Ak şäherim Aşgabat» atly goşgy bu gün dillerimiziň senasyna öwrüldi. Ol aýdym bolup ýaňlananda, köňüllere ganat baglap, ýürekleri joşdurýar.
Kitapda ýerleşdirilen gyzykly maglumatlar — Aşgabadyň düýni, şu güni we geljegi bilen tanşanyňda, owadan suratlara syn edeniňde, owazasy dünýä dolan ak şäheriň goýnunda ýaşaýandygyňa buýsanjyň artýar. Dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülen, ýaşamak üçin amatly paýtagtymyzyň göreni haýran edýän gözel keşbine, ösüş-özgerişlerine, milli binagärligine guwanjyň artýar. Bu gözellikler halkymyzyň bagtyýar şu gününi, nurana geljegini üpjün edýär.
«Aşgabat — dünýä binagärliginiň merjeni». Ynha, täze kitabyň bir bölümi şeýle atlandyrylýar. Biz onda Aşgabadyň milli binagärlik keşbini hem-de ajaýyp geljegini görýäris. Gurulýan döwrebap desgalar, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaý toplumlary, dünýä ülňülerine laýyk gelýän medeni-durmuş, saglyk maksatly binalar, giň we ýagty ýollar, seýilbaglardyr söwda we dynç alyş merkezleri paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyňdyr myhmanlarynyň hyzmatynda. Elbetde, täze taslamalarda orta mekdeplerdir çagalar baglarynyň, ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň binalarynyň göz öňünde tutulmagy ýaş nesliň geljegi ugrundaky çuňňur aladalardan, olaryň döwrebap terbiýesinden nyşan.
Mekdebimiz saz ugruna ýöriteleşdirilen soň, ýurdumyzda ýaş nesliň döredijilik başarnygynyň dünýä derejesinde ösdürilmegi babatda alnyp barylýan işler bizi has-da begendirýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen paýtagtymyzda açylan «Jahan» döredijilik merkeziniň zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda mynasyp orny bar. Bu merkezde sungata, aýdym-saza höwesli ýaşlar dünýäniň iň kämil, häzirki zaman saz gurallaryny ulanyp, ukyp-başarnyklaryny ösdürýärler. Aşgabadyň täze keşbinde orun aljak beýleki iri taslamalaryň hatarynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň, medeniýet we sungat mekdepleriniň täze binalarynyň taslamalary bar. Munuň özi köňül buýsanjymyz bolan baş şäherimiziň geljekde sungat ussatlarynyň, parlak ýyldyzlaryň şäheri hökmünde hem dünýä tanaljakdygynyň beýanydyr.
Göwher HOJAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki saz ugruna ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/29286