Новости
Ösüşleriň ygtybarly binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, ykdysadyýetimizde hususy eýeçiligiň paýyny ýokarlandyrmak, kiçi we orta işewürligi ösdürmäge ýardam bermek hem-de söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini has-da netijeli guramak işleri giň gerime eýe bolýar. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerini giňden ornaşdyrmaga we ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna çykarmaga gönükdirilen işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär. 2021-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz döwletiň düzgünleşdiriji ornuny göz öňünde tutup, bazar edaralaryny we usullaryny doly derejede ösdürmegiň üpjün edilmelidigine, döwlet eýeçiligine degişli desgalary hususylaşdyrmak boýunça netijeli çäreleriň işlenilip taýýarlanylmalydygyna aýratyn ünsi çekdi.

Ýurdumyzda döwlet emlägini hususylaşdyrmaga ygtyýarly edara hökmünde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi kesgitlenildi we bu işiň bäsleşikli ýa-da göni salgyly esasda geçirilmegi kanuny ýagdaýdyr. Döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy döwlet eýeçiligindäki emläkleriň döwlete degişli bolmadyk ýuridik we fiziki şahslara tölegli esasda berilmegidir hem-de döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň esasy ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegi kabul edilýän döwlet maksatnamalarynyň we çözgütleriniň esasynda amala aşyrylýar. Ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijesinde, döwletiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň bäsleşikli şertlerde hususylaşdyrylyp berlen emläkleri satyn alan fiziki şahslar ýa-da döwlete degişli bolmadyk ýuridik şahslar tarapyndan dürli görnüşli önümçilikleriň we hyzmatlaryň ýola goýulmagy özüniň oňyn netijelerini berýär.

Döwlet emlägini hususylaşdyryp alan fiziki şahslara we döwlete degişli bolmadyk ýuridik şahslara ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan, dürli görnüşli önümçilikleriň we hyzmatlaryň döredilmegi we işe girizilmegi üçin ýeňillikli bank karzlary berilýär. Hususylaşdyrylan emläklere goşmaça maýa goýumlaryň özleşdirilmeginiň netijesinde, täze döwrebap önümleriň öndürilmegini we hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegini hem-de goşmaça iş ýerleriniň döredilmegini şertlendirýär. Döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň esasy ýörelgeleri, ýagny, döwletiň emlägi hususylaşdyrylanda raýatlaryň hukuklarynyň deňligi, çäreleriň bäsleşik esasynda geçirilmegi, işgärleriň durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegi, hususylaşdyrylmagyň aýanlygy we gözegçiligiň üpjün edilmegi bolup durýar.

Milli Liderimiziň döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak, paýdarlar jemgyýetine öwürmek, olaryň binýadynda hususy kärhanalary döretmek babatyndaky tabşyryklary, ýurdumyzda bazar ykdysadyýetini ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Bu ugurda alnyp barylýan we durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde ýurdumyzda syýahatçylyk işleriniň hususy ulgama berilmegi hem hyzmatlaryň görnüşleriniň giňelmegine mümkinçilik döredýär. Hususy ulgama balykçylyk pudagynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde, balyklaryň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge, tutmaga we olary gaýtadan işlemäge giň şertler döredildi. Söwda we hyzmat maksatly binalaryň we desgalaryň hususy ulgama satylmagy bilen, bu ugurdaky işleriň geriminiň has-da artmagyna getirdi. Oba hojalyk maksatly önümçilikleriň hususy ulgama satylmagy, ýurdumyzda azyk bolçulygyny emele getirmäge döredilen giň mümkinçilikleriň biri bolup durýar.

Ýurdumyzyň milli ykdysady ösüşinde möhüm orny tutýan hususy ulgamyň işine berilýän ýokary ähmiýetiň we döredilýän giň mümkinçilikleriň barha pugtalandyrylmagy kanuny ýagdaýdyr. Häzirki zaman ösen sanly tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň batly depginlerde ornaşdyrylýan döwründe kabul edilýän çözgütler, ýurdumyzyň uzakmöhletleýin ykdysady ösüşine özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hususy ulgamyň işewürleriniň döwlet tarapyndan berilýän uly goldawlar we döredilýän ýeňillikler üçin milli Liderimize alkyşlary bimöçberdir.

Goý, ata Watanymyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Annamyrat ALTYÝEW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21769

25.02.2021
Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň gazananlary

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda, halkara nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek işi halkymyzyň asylly ynsanperwer ýörelgeleriniň, hoşniýetli we deňhukukly hyzmatdaşlygyň iş ýüzündäki aýdyň beýanydyr. Şeýle möhüm ugurlarda gazanylýan ösüşler, özgerişler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren miwesidir.

Garaşsyzlygymyzyň beren ajaýyp miweleri barada buýsançly we guwançly gürrüň etmäge esas kän. Taryh üçin gysga wagtyň — şanly 30 ýylyň dowamynda ykdysady ösüşi, umumadamzat bähbitli amala aşyrýan işleri bilen Türkmenistan döwletimiz kuwwatly, ösen döwletleriň derejesine çykýar.

Üstümizdäki «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Garaşsyzlygymyzyň — ata-babalarymyzyň arzuwlarynyň wysal tapan gününiň 30 ýyllygyny baýram edýäris. Bu mukaddes baýram maddy hem ruhy baýlyklary, gadymdan gelýän milli ýörelgeleri, milli däp-dessurlarymyzy, erkinligi bagyş etdi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan döwletimizde belent sepgitlere ýetilip, uly üstünlikler we ösüşler gazanyldy.

Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda nebitgaz senagaty ykdysadyýetiň ösen esasy pudaklarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär, pudagyň innowasiýa babatda ösüşi üpjün edilýär, ýurdumyzyň dünýädäki energetika döwleti hökmündäki orny berkidilýär.

Döwletli, döwranly zamanamyzda, ajaýyp ýurdumyzda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, dünýäde we sebitde üstünlikli alnyp barylýan energetika diplomatiýasy esasynda, türkmen energiýasyny diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä ýurtlaryna çykarmak, nebitgaz infrastrukturasyny yzygiderli ösdürmek ugrunda uly işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gysga wagtyň dowamynda ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň has-da öňe ilerlemegi ugrunda amala aşyrylan işler bimöçberdir.

Nebitgaz toplumynda durmuşa geçirilen we amala aşyrylýan iri taslamalar, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň gurluşygy munuň aýdyň mysalydyr. Hormatly Prezidentimiz: «Günorta-Gündogar Aziýanyň iri ýurtlaryna «mawy ýangyjy» uzakmöhletleýin ugratjak täze energetika ulgamy sebitiň ykdysady taýdan ösmegine kuwwatly itergi berip, durmuş hem-de ynsanperwer häsiýetli wezipeleri çözmäge, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam eder» diýip belleýär.

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň fewralynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň düýbüni tutmak dabarasynyň çäklerinde taslama gatnaşyjy ýurtlaryň Hökümetleriniň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçiriji ulgamy hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Ýurdumyzyň dünýäniň iri energetika döwletleriniň biri hökmündäki derejesi tebigy gazyň gorlaryna berlen baha bilen tassyklanýar. Ägirt uly «Galkynyş» gaz käniniň we beýleki birnäçe iri känleriň açylmagy bilen, Türkmenistan mawy ýangyjyň tassyklanan gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeläp, Aziýanyň gaz bazarynyň iri agzasyna öwrüldi. Bu gaz ýatagyny senagat taýdan özleşdirmek gaz pudagynda amala aşyrylýan iň iri möçberli taslamalaryň biridir. Bu ýerde önümçilik kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gaza barabar bolan zawodlaryň üçüsi işe girizildi.

Şeýle-de 2020-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT-de), hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda, taslama kuwwatlylygy 70 megawat/sagat bolan gazturbinaly elektrostansiýalaryň täze energiýa toplumlarynyň ikisiniň düýbi tutuldy.

Gahryman Arkadagymyzyň tabşyrmagy boýunça nebitgaz pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan dürli görnüşli nebit we gaz önümlerini öndürýän nebiti hem-de tebigy gazy düýpli gaýtadan işlemek babatda uly işler amala aşyrylýar. Muňa 2018-nji ýylda Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurulmagyny mysal getirmek bolar. Bu döwrebap gazhimiýa toplumy «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy boýunça «LG International Corp» hem-de «Hyundai Engineering» (Koreýa Respublikasy) kompaniýalary tarapyndan «TOYO Engineering Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň gatnaşmagynda guruldy. Şeýle hem Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawodyň gurlup ulanylmaga berilmegi buýsandyryjy wakadyr. Bu gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasy, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda, 2019-njy ýylyň iýunynda boldy.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, döwletimiziň nebitgaz pudagynda uly ösüşler gazanylýar, ylmyň we tehnikanyň täze gazananlary önümçilige ornaşdyrylýar. Ýurdumyz häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde «mawy ýangyjy» iberýän esasy döwletleriň hataryna girýär. Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köpşahaly ulgamyny döretmek bilen bir hatarda nebitgaz senagatynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, nebithimiýa, gazhimiýa, himiýa pudaklaryna, elektroenergetika degişli serişdeleriň gaýtadan işlenilmegine ýöriteleşdirilýän iri senagat desgalarynyň gurluşygyna ýurdumyzda uly üns berilýär. Muňa mysal edip, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 14-nji ýanwarynda Türkmenabatda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanylmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli geçirilen dabaralar, şeýle-de 15-nji ýanwarda Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda geçirilen Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabaralary barada aýtmak bolar.

Iri üç desganyň — Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlaryň gurluşygynyň tamamlanmagy döwletimiziň nebitgaz pudagynyň gazananlarynyň beýanydyr.

Ýurdumyzda we sebitde nebitgaz pudagyny ösdürmek ugrunda beýik işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Jennetgül ORAZOWA,

«Watan».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21758

25.02.2021
Hem içerki bazara, hem eksporta

Telekeçi Ruslan Abdullaýewe degişli ýyladyşhanada öndürilýän pomidor hasylynyň 80 ― 90 göterimi daşary ýurtlara eksport edilýär. Bu ýerde dekabrda ýyglyp başlanylan 100 tonna çemesi pomidoryň 70 tonna golaýy Russiýa Federasiýasyna we Gazagystana ugradyldy.

Gabynyň daşynda «Türkmenistanda öndürildi» diýlen ýazgy ýerleşdirilen oba hojalyk önümleri dünýä bazaryndaky ornuny barha giňeldýär. Gazetimiziň geçen sanlarynda hem habar berşimiz ýaly, 2020-nji ýylda welaýatymyzyň hususyýetçileriniň 16-syna degişli ýyladyşhanalarda öndürilen pomidorlaryň ekportundan alnan girdeji Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 3,5 million dollaryna ýakynlaşdy. Alnan girdejide Ruslan Abdullaýewiň ýyladyşhanasynyň hem uly paýy bar.

― 2016-njy ýyldan bäri işläp gelýän ýyladyşhanada şu gezek pomidoryň «Marwelan» we «Altes», ýertudanasynyň bolsa «Festiwal» görnüşleriniň şitillerini oturtdyk. Pomidorlar dekabrda, ýertudanasy bolsa ýanwarda hasyla durdy. Ýygym başlanandan bäri pomidoryň 100 tonna golaýyny, ýer tudanasynyň 1 tonnadan gowragyny ýygdyk ― diýip, ýyladyşhananyň agronomy Timur Andaşew gürrüň berýär.

Umuman, bu ýerde 1 gektar meýdana ýaýylyp ýatan pomidordan iýun aýyna çenli 300 tonna çenli hasyla garaşylýar. Ýokarda-da belleýşimiz ýaly, hasylyň agramly bölegi eksporta ugradylar. Baharyň gelmegi bilen, bu ýyladyşhananyň önümlerini import edijileriň hataryna owganystanly işewürler hem goşular.

Bir ýarym aý bäri ýyglyp ýörlen ýertudanasyndan bolsa möwsümiň ahyryna çenli 8 tonna hasyla garaşylýar. Ýarym gektar meýdanda ýerleşýän ekiniň hasyly, esasan, içerki bazara ugradylýar.

Döwrebap ýyladyşhanada bu ekinleriň ikisi boýunça hem baý tejribäniň toplanylandygyny aýratyn nygtamak gerek. Ekini suwarmak we dökünlemek işleri doly awtomatlaşdyrylan. Olar ýörite arylaryň kömegi bilen tozanlandyrylýar. Bu ýerde zähmet çekýän 20-den gowrak işgäre diňe ekine gözegçilik edip ýörmek, käte-de artykmaç baldaklary aýryp, hasyl ýygylýan günlerde bolsa gaýratly işlemek galýar.

Içerki bazara-da, eksporta-da iberilýän hasyly zaýasyz daşamak üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Eksport babatynda ýöriteleşdirilen ýerli kompaniýalaryň hyzmatyndan peýdalanylýan bolsa, içerki bazar üçin ýyglan hasylyň müşderisi ekiniň üstüne gelip dur.

Hawa, ýurdumyzda bazar bolçulygyny döretmekde hususy pudagyň uly paýy bar. Eýýäm birnäçe ýyldan bäri bu pudagyň wekilleri milli ykdysadyýetimizdäki ösüşleriň hem agramly ýüküni egnine alýarlar. Bu işde gündogar sebitiň telekeçileriniň hem mynasyp goşandynyň bardygyna şaýat bolmak ýakymly.

Agageldi ITALMAZOW,

ýörite habarçymyz.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21747

25.02.2021
Sanly ulgam — kämil jemgyýetiň esasy

Hormatly Prezidentimiziň tassyklan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» öz kabul edilen gününden başlap, ýurdumyzyň ähli pudaklaryny täzeçillik howasy bilen gurşap aldy. Bu Konsepsiýanyň durmuşa ornaşdyrylyp başlanylmagy, diňe bir pudak işgärlerini gyzyklandyrman, eýsem, tutuş halkymyzyň uludan-kiçä hemmesini aýratyn bilesigelijilige atardy. Elbetde, özüniň her başlan işini «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgeden ugur alyp durmuşa geçirýän hormatly Arkadagymyzyň baştutanlygynda edilýän her bir iş, ilki bilen halkymyzyň bagtyýar durmuşyny nazarlaýar.

Daşary ýurtlar tarapyndan öndürilen öýjükli telefonlary elimize alyp, onuň mümkinçiliklerinden uly höwes bilen peýdalanyp başlanymyz ýaňy ýalydy. Bu gün bolsa şeýle telefonlary özümiz öndürýäris. Diňe bir öýjükli telefonlar däl, eýsem, kompýuterler, sowadyjylar, telewizorlar ýaly gündelik durmuşymyzda iňňän zerur tehnologiýa enjamlary-da indi özümizde öndürilip başlanyldy. Şeýlelikde, häzirki wagtda biziň ýurdumyz tutuş durky bilen sanly ulgamyň belent sepgitlerini nazarlap öňe barýar. Öňki el güýji bilen edilýän işleri kompýuterlerdir beýleki enjamlaryň düwmelerine basmak arkaly amala aşyrmak, bir tarapdan, işlenip goýlan meýilnama esasynda işiň birkemsiz ýerine ýetirilmegine kömek edýär. Ikinji bir tarapdan bolsa, işiň aňsat usulda ýerine ýetirilmegi, bir ýerde zähmet çekýän adamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň hem özara düşünişmek arkaly dowam etmegine mümkinçilik döredýär. Çünki adamyň işini kyn we fiziki agram berýän usullarda ýerine ýetirmegiň deregine, has tiz we aňsat usulda ýerine ýetirmegi, ony aşa ýadawlykdan halas edýär. Netijede, adamyň öz ruhy dünýäsine serenjam berip, daş-töweregindäki adamlar bilen ýakymly gatnaşykda bolmagyna esas döreýär. Bu bolsa sanlylaşdyrmak usulynyň diňe bir pudagy ýa haýsydyr bir edarany däl, eýsem, jemgyýeti hem kämilleşdirýändiginden aýdyň alamatdyr.

Sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly elektron dolanyşygyna geçen pudaklaryň ilkinjileriniň hatarynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň bolmagy, milli Liderimiziň il saglygy hakynda uly alada edýändigini ýene bir gezek tassyklady. Meselem, näsaglaryň şahsy maglumatlarynyň elektron karta toplanylmagy, lukmany artykmaç wagt sarp edip, gat-gat kagyzlary agdaryp oturmakdan dyndaran bolsa, näsagy gereksiz nobat döredip oturmazdan, derrew işini bitirip, beýleki näsaglara gezek bermäge mümkinçilik döretdi. Gysgaldyp alanyňda, 30-40 minutda bitjek iş ýagdaýynyň, artdyryp alanyňda 10 minutda bitip, lukmanyň öz iş wagtyny has-da netijeli ulanmagyna getirdi.

Saglygy goraýyş pudagynyň sanly ulgamyň netijesinde gazanan üstünlikleri başga-da az däl. Olaryň käbiri saglygy goraýyş işgärleriniň içerki işinde uly ýeňillikler döreden bolsa, köpüsi näsaglar bilen işleşmekde has peýdaly boldy.

Diňe bir saglygy goraýyş ulgamy däl, ylym-bilim, medeniýet, senagat, oba hojalyk, halk hojalygy, nebitgaz pudaklarynda hem esasy maksat, sanly dolanyşyga geçmek. Bir söz bilen aýdanyňda, ýurdumyz tutuş durky bilen sanly ulgamyň belent sepgitlerini nazarlap öňe barýar. Bilşimiz ýaly, ylym-bilim pudagy ýurduň süňňi-sütüni, halkyň aň-derejesiniň ölçegi. Biz diňe ylym-bilim pudagynda alnyp barylýan işlere seredenimizde hem, ata Watanymyzyň dünýä bilen deň gadam urýandygyna buýsançly ýagdaýda göz ýetirýäris. Özüňizem pikir edip göräýiň, ýaňy ak mekdebe gadam basan çaganyň eline alýan zady kitap bilen bir hatarda kompýuter enjamy bolýar. Özi-de, ol kompýuterler çagalara hormatly Prezidentimiziň adyndan uly guwanç bilen gowşurylýar. Hemme zadyň başlangyçdan kemal tapýandygyny aýdýan danalar mamla. Üns berip görseňiz, ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki bilim beriş edaralaryndan daşary ýurt olimpiadalarynda üstünlikli çykyş edip, altyndyr kümüş medallara eýe bolýan okuwçylar barha artmak bilen. Bu buýsandyryjy ýagdaý, şol çagalaryň ak mekdebe baran günleri hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlyk kompýuterleriň gowşurylan pursadyndan gözbaş alyp gaýdýar. Ganaty berk biten guşuň belentlikleri nazarlaýşy ýaly, şat çagalaryň hem ümzükleri diňe öňe tarap.

Eger-de sanly ulgamyň döreden mümkinçilikleri bilen özgeren pudaklar hakda aýtmaly bolsa, biziň öz zähmet çekýän neşirýat ulgamymyzy hem aýtman geçmek bolmaz. Halkyň iň islegli neşir önümleri bolan gündelik, hepdelik gazetler, aýda bir gezek, iki-üç aýdan bir gezek çapdan çykýan žurnallar elektron görnüşe geçeli bäri, okyjylarymyz öz okamak isleýän gazet-žurnallaryny gözlemek aladasyndan ymykly dyndylar. Indi olara öz isleýän gazet-žurnallaryny okamak ýa ýükläp almak üçin neşirýat ulgamynyň metbugat.gov.tm saýtyna girmek ýeterlik. Okyjylar şol ýerden öz okamak isleýän neşirleriniň gerekli sanyny tapyp, okap bilýärler.

Sözümiziň başynda-da belläp geçişimiz ýaly, ýurdumyz sanly ulgama geçmegiň gyzgalaňly döwrüni başdan geçirýär. Hormatly Prezidentimiz pudak ýolbaşçylary bilen geçirýän iş maslahatlarynda döwrüň esasy talaby hökmünde sanly ulgamy durmuşa ornaşdyrmak arkaly, ýerine ýetirilen işler bilen tanyşýar we bu babatda indiki edilmeli işler barada ýörite tabşyryklar berýär. Biz hem, ata Watanymyzy gülletmekde, ösdürmekde, ony dünýä derejesine ýetirmekde öz yhlasyny gaýgyrmaýan Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarys! Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaç bolsun!

«Esger».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21741

25.02.2021
Ykdysady ösüşiň esasy ugry

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 12-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda 2020-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy. Mejlisiň dowamynda şu ýyl üçin Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we degişli ugurda döwlet ähmiýetli birnäçe maksatnamalary tassyklamak hakyndaky Kararlara gol çekildi.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Bu ugurda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak işi hem üstünlikli amala aşyrylýar. Ykdysady ösüşiň esasy ugry bolan sanly ulgamyň ýurdumyzda önümçilige giňden ornaşdyrylmagy halk hojalygynyň pudaklarynyň ýokary depginler bilen ösmegine ýardam berýär. Ýurdumyzda degişli ugurda alnyp barylýan özgertmeler milli Liderimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda durmuşa geçirilýär.

Bilşimiz ýaly, üstümizdäki ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we Diýarymyzda sanly ykdysadyýeti doly ornaşdyrmak bilen bagly meselelere garaldy. Onuň dowamynda döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňüne tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek we ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen degişli Karara gol çekdi. Milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Bu maksatnama «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna», Türkmenistanyň kanunlaryna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Onuň esasy maksady jemi içerki önümde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornuny artdyrmakdan we sanly aragatnaşyk babatda welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmakdan ybaratdyr. Dört ugur boýunça ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýän bu maksatnamada döwlet dolandyryşyny we edilýän hyzmatlary doly sanlylaşdyrmak, «Elektron hökümeti» döretmek, ýerli elektron söwdany ösdürmek we kämilleşdirmek, sanly serişdeleriň hasabyna ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak ýaly wezipeler bar. Olaryň hatarynda ilatyň sanly ulgam babatda sowatlylygyny artdyrmak boýunça degişli çäreleri geçirmek, sanly lukmançylygyň ösen hyzmatlaryny hödürlemek, «döwlet-jemgyýet-işewürlik» gatnaşyklaryny sanly innowasiýalar arkaly düýpli özgertmek we degişli ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak wezipeleri hem göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan degişli Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary netijeleriň gazanylmagyna, bäsdeşlige ukyply we ylmy talap edýän önümçiligiň döredilmegine, kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagyna we durmuş ulgamynyň doly sanlylaşdyrylmagyna ýardam berer. Munuň özi Türkmenistan döwletimizi ykdysady taýdan ösdürmek babatda bimöçber tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzy ýokary durmuş şertlerinde ýaşatmak ugrunda beýik işleri amala aşyrýandygyna doly we aýdyň şaýatlyk edýär.

Çarymyrat USSAÝEW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21567

23.02.2021
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 22-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktorynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna we döwlet durmuşyna degişli birnäçe wajyp meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna, ilki bilen, şol bir wagtyň özünde Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewi çagyrdy.

Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheriň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak, şäher ilatynyň durmuş üpjünçiligini yzygiderli gowulandyrmak bilen baglanyşykly meseleler, şeýle hem ýurdumyzyň baş şäherinde degişli arassaçylyk we abadançylyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň hormatyna guralmagy meýilleşdirilýän dabaralaryň medeni maksatnamalary işlenip taýýarlanyldy. Onuň çäklerinde aýdym-sazly çykyşlar, döredijilik bäsleşikleri, ýurdumyzyň we paýtagtymyzyň ýeten derejesi barada gürrüň berýän sergiler guralar.

Wise-premýer Ş.Durdylyýew Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy, dürli maksatly täze desgalaryň taslamalaryny taýýarlamak, şol bir wagtyň özünde şanly seneleri mynasyp garşylamak ugrunda gözegçilik edýän düzümlerinde durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabatlary diňläp, ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna, jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly senelere görülýän taýýarlyk işleriň derejesine nägilelik bildirdi. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, baýramçylyk çärelerinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan beýik işleriň, ýetilen sepgitleriň we gazanylýan üstünlikleriň öz beýanyny tapmagy ugrunda zerur tagallalary görmegi berk talap etdi.

Şeýle hem häkime paýtagtymyzda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň talabalaýyk ýyladylyşy, şäherde edara-kärhanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleriň berk gözegçilikde saklanmagy babatda anyk tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň, aýratyn-da, desgalaryň gurluşyklarynyň ýokary hil derejesine eýe bolmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunda desgalaryň gurluşyklarynyň bellenilen möhletlerde tamamlanmagyna, olaryň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalygyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, şol bir wagtyň özünde gowaça ekişine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şunda ekiş möwsüminde işlediljek oba hojalyk tehnikalarynyň, beýleki gurallaryň möwsüme doly taýýarlygyny üpjün etmek maksady bilen, zerur işler alnyp barylýar. Şeýle hem welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişi batly depginlerde dowam edýär.

Mundan başga-da “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” hem-de Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri we şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleri öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirmek ugrunda toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygy barada hem hasabat berildi.

Şunuň bilen baglylykda, welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada aýdyp, häkim mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli gurlup, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen gurluşyklaryň depginlerini ýokarlandyrmak, welaýatyň ilatynyň durmuş üpjünçiligini yzygiderli gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň “ak altyn” ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlamagyň, sürüm we tekizleýiş işlerini bellenen möhletlerde geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen bir hatarda, gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek üçin ulanyljak tehnikalar we gurallar abatlanylyp, möwsüme doly taýýar edilmelidir.

Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň ähli agrotehniki talaplara laýyklykda geçirilmegi üçin zerur çäreleri görmek möhümdir. Azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak we bugdaýyň ýokary hasylyny öndürmek üçin bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini ýokary hilli alyp barmagy dowam etmeli diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmegiň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi. Mundan başga-da ýazky bag ekmek möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem-de häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatyň etraplarynyň häkimlikleriniň guramaçylyk meselelerine geçmek bilen, G.Ýazmyradowy Tejen etrabynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary wezipesine, H.Mamydowy Bäherden etrabynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz G.Çopanowy pensiýa gitmegi sebäpli, Babadaýhan etrabynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary wezipesinden boşadyp, bu wezipä N.Gummadowy belledi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz pensiýa gitmegi sebäpli, A.Mämmedowy Sarahs etrabynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary wezipesinden boşadyp, bu wezipä B.Taýyrowy belledi we degişli resminamalara gol çekip, olary elektron resminama dolanyşygy arkaly häkime iberdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Welaýatyň etraplarynda ýaz-meýdan işlerine taýýarlyk işleri toplumlaýyn esasda alnyp barylýar. Möwsümde işlediljek oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallaryň taýýarlyk derejesine möhüm ähmiýet berilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak boýunça zerur işler geçirilýär.

Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmak, ony bellenilen agrotehniki möhletlerde tamamlamak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen birlikde Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işleri üpjün edilýär.

Mundan başga-da häkim ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, welaýatda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk işlerini bellenilen möhletlerde tamamlamak, olarda ýokary hil derejesini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan hemmetaraplaýyn işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýazky ekiş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň talabalaýyk guralmalydygyny, gowaça ekiljek ýerleriň taýýarlygyna, daýhanlaryň ýokary hilli tohumlar bilen üpjünçilik meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, meýilleşdirilen ähli agrotehniki çäreler öz wagtynda ýerine ýetirilmelidir.

Milli Liderimiz ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleriň agrotehniki talaplara laýyk gelmelidigini, olaryň bellenilen möhletlerde geçirilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda göz öňünde tutulan ähli çäreleriň bellenilen möhletlerde we doly möçberde ýerine ýetirilmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we bu babatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gurlup ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak, welaýatyň ilatynyň durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak meseleleriniň yzygiderli üns merkezinde saklanmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz iş maslahatynyň dowamynda wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Balkan welaýatynyň häkiminiň orunbasary B.Mämiýewa berk käýinç yglan etmek hakyndaky Buýruga gol çekip, ony resminama dolanyşygy arkaly häkime iberdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynyň ekiş möwsümine taýýarlygy, aýratyn-da, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary abatlap, möwsüme doly taýýar etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Şunlukda, kärendeçileriň ýokary hilli tohum, dökün we suw bilen üpjünçiligine möhüm ähmiýet berilýär.

Şeýle hem welaýatda ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişini bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirmek ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şunuň bilen baglylykda, bugdaý ekilen meýdanlarda degişli agrotehniki çäreler alnyp barylýar.

Häkim hasabatyň dowamynda Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek ugrunda durmuşa geçirilýän yzygiderli çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak, welaýatyň çäklerinde bar bolan durmuş maksatly desgalaryň üpjünçilik derejesini saklamak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara we ylmyň gazananlaryna doly laýyk gelmelidigini belledi. Şunlukda, welaýatyň toprak-howa aýratynlyklary göz öňünde tutulmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda gowaça ekişine guramaçylykly girişmek we ony bellenilen möhletlerde, ýokary hilli geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök ekinleriň ekişi bellenilen möhletlerde tamamlanmalydyr hem-de olara ideg işleri talabalaýyk ýola goýulmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu babatda wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak bilen baglanyşykly meseleler barada aýdyp, sebitde köpçülikleýin bag nahallaryny ekmegiň ýazky möwsümini guramaçylykly geçirmek, ekiljek baglary taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleleriň üns merkezinde saklanmagyny talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp ulanylmagy maksat edinilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz W.Nurgeldyýewi Daşoguz welaýatynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekip, ony resminama dolanyşygy arkaly häkime iberdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde işleriň ýagdaýy, obasenagat pudagynda möwsümleýin işleriň ýerine ýetirilişi, gowaça we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine görülýän taýýarlyk, güýzlük däne ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri barada hasabat berdi.

Şunuň bilen bir hatarda, ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri hem-de çagalar baglaryny elektrik energiýasy hem-de ýylylyk bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ekişine toplumlaýyn taýýarlyk görmegiň, bu jogapkärli möwsümi gysga möhletlerde geçirmegiň ähmiýetini belledi. Munuň üçin oba hojalyk tehnikalarynyň hem-de enjamlarynyň gurat saklanylmagy, ýer eýelerini ähli zerur serişdeler bilen üpjün etmek barada alada edilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki çäreleriň ýokary hilli ýerine ýetirilişini, şol sanda ösüş suwuny tutmagy, mineral dökünler bilen iýmitlendirmegi gözegçilikde saklamak gerek diýip nygtady. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň hem-de beýleki gök önümleriň degişli derejede ideg edilmegini üpjün etmek zerurdyr.

Şunuň ýaly-da, häkime ýer böleklerini hem-de nahallary ýazky bag ekmek möwsümine doly taýýarlamak tabşyryldy.

Milli Liderimiz kärendeçi ýüpekçileriň pile öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri üçin ähli şertleriň döredilmegini wajyp wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmelidigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýer E.Orazgeldiýewe we welaýatyň häkimine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň inženerçilik-tehniki ulgamlarynyň, şol sanda durmuş maksatly desgalaryň ýylylyk bilen üpjün edilişini elmydama gözegçilikde saklamak barada hem tabşyryk berdi.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” hem-de Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde bellenilen işleri öz wagtynda ýerine ýetirmegiň zerurdygyny nygtap, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerde tamamlanmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän maslahatyň dowamynda A.Joraýewi Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkiminiň gurluşyk işleri boýunça orunbasary wezipesine belläp hem-de degişli Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly häkime iberdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şu günler gowaça ekişine toplumlaýyn taýýarlyk işleri alnyp barylýar, güýzlük bugdaýa ösüş suwuny tutmak hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek çäreleri durmuşa geçirilýär.

Şonuň ýaly-da welaýat häkimi ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, sebitiň ähli ulgamlarynyň işlerini talabalaýyk ýola goýmak boýunça görülýän çäreler, gurluşyklarda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Şeýle-de, ýazky bag ekiş çäresine hem-de pile öndürmek boýunça nobatdaky möwsüme taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gymmatly ekiniň — gowaça ekişiniň bellenilen möhletlerde guramaçylykly geçirilmeginiň hem-de gowaça oňat ideg edilmeginiň “ak altynyň” bol hasylynyň girewidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin zerur çäreleriň görülmelidigini hem-de ähli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmelidigini belläp, öňdebaryjy agrotehnologiýalaryň we ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny işde işjeň ulanmagyň esasynda pagtaçylyk hem-de däneçilik pudaklarynyň düşewüntliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň esasy wezipesiniň ilaty dürli görnüşli azyk önümleri bilen doly möçberde üpjün etmekden ybaratdygyny belläp, welaýatda ýazlyk gök ekinlere ideg edilişini, olaryň suwarylmagyny hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmegini berk gözegçilikde saklamak barada wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem-de häkime degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýat häkimine öňde boljak bag ekmek çäresiniň guramaçylyk wezipesini çözmek boýunça tabşyryklary berdi hem-de gymmatly dokma çig maly bolan pile öndürmek boýunça möwsüme taýýarlygy ünsden düşürmezligi talap etdi.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” hem-de Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegi, Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan durmuş-medeni we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyny ünsden düşürmeli däldigini nygtap, döwlet Baştutanymyz häkime şunuň bilen bagly anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz guramaçylyk meselelerine geçip, işde goýberen kemçilikleri üçin A.Durdyýewi Mary etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä S.Gylyjowy belledi.

Hormatly Prezidentimiz işde goýberen kemçilikleri üçin Ö.Geldiýewi Garagum etrabynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary wezipesinden boşatdy hem-de bu wezipä K.Aşyrowy belledi.

Döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekip, olary elektron resminama dolanyşygy arkaly Mary welaýatynyň häkimine iberdi.

Milli Liderimiz iş maslahatyny dowam edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewiň hasabatyny diňledi.

Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp hem-de guramaçylyk meselelerine geçip, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň oba hojalyk tehnikalary we gurallary boýunça orunbasary wezipesine A.Ballyýewi, şeýle hem oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri boýunça orunbasary wezipesine B.Orazmämmedowy belläp, degişli resminamalara gol çekdi hem-de olary elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberip, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyga “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýewi çagyrdy.

Wise-premýer E.Orazgeldiýew hasabaty dowam edip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän 600 baş bedew üçin niýetlenilen athananyň taslamasyny görkezdi. Bellenilişi ýaly, umumy meýdany 15,4 gektara barabar bolan bu toplumda tohum bedewleri idetmek hem-de ahalteke bedewleriniň häsiýetli aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek üçin ähli zerur şertler dörediler.

Wise-premýer şu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramynyň Mary welaýatynda geçirilýändigini nazara alyp, Mary atçylyk sport toplumynyň durkuny döwrebaplaşdyrmak boýunça meýilleşdirilen işler barada hasabat berdi we ýerine ýetiriljek işleriň gerimine degişli birnäçe çyzgylary we taslamalary görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şöhratly pederlerimiziň döreden we dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant hasaplanylýan milli gymmatlyklarymyzyň giňden wagyz edilmegi, bedewleriň hormatyna guralýan baýramçylyk dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz meýilleşdirilen gurluşyk we döwrebaplaşdyryş işleriniň bellenilen möhletlerde geçirilmegi, olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýewe birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylmagy, olarda zerur mümkinçilikleriň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleler gözegçilikde saklanylmalydyr.

Soňra “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýew Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri, Mary welaýatynda hem-de paýtagtymyzda guralmagy meýilleşdirilýän baýramçylyk çäreleri we bedewleriň şanyna guraljak dabaralaryň maksatnamasy barada hasabat berdi.

Şanly senäniň hormatyna Mary welaýatynyň atçylyk sport toplumynda ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşygy, dürli aralyklara at çapyşyklarynyň 6-sy hem-de halypa çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşygy guralar. Aşgabat atçylyk sport toplumynda konkur, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde bolsa atlaryň arasynda uzak aralyga çapyşyk boýunça gyzykly bäsleşikler bolar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” hem-de suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, bezegçileriň, teleoperatorlaryň arasynda şekillendiriş, amaly-haşam sungatynda, neşirýat önümlerinde, fotosuratlarda we teleýaýlymlarda ahalteke bedewleriň çeper keşbini beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlener. Türkmen bedewiniň milli baýramynyň jemleýji gününde bolsa Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda türkmen topragynda şöhrat gazanan ýelden ýüwrük ýyndam bedewleriň arasynda at çapyşyklary geçiriler. Şunuň bilen birlikde, sport bäsleşikleriniň maksatnamasyna sahna oýunlary we beýleki çäreler giriziler.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, meýilleşdirilen baýramçylyk çäreleriniň ýokary derejede geçirilmegi, olaryň häzirki taryhy eýýamyň ruhuna kybap ýagdaýda guralmagy bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynyň çäklerinde sähra giňişliklerinde erkana gezip ýören meýdan atlarynyň häsiýetlerini, olaryň reňk aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin zerur tagallalary etmegi tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, sährada aýry-aýry topar bolup, gezip ýören meýdan atlarynyň taryhda näme maksat bilen ulanylandygyny kesgitlemek we bu ýagdaýlary ylmy taýdan öwrenmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowy çagyrdy. Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, dürli görnüşli önümleriň bolçulygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň oňyn çözülmegine ýurdumyzyň telekeçileriniň goşandy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan döwrebap ýyladyşhanalaryň 6-sy, şol sanda Ahal welaýatynyň Kaka we Ak bugdaý etraplarynda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Görogly, Lebap welaýatynyň Çärjew we Mary welaýatynyň Sakarçäge etraplarynda ýyladyşhanalar ulanmaga bermäge taýýar edildi. Munuň özi ýurdumyzyň telekeçileriniň şanly senelere mynasyp zähmet sowgady bolar.

Milli Liderimiz häzirki döwürde ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmeginiň, bazarlarda ýokary hilli gök, bakja we miwe önümleriniň dürli görnüşleriniň ýeterlik mukdarda üpjün edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Şeýle hem azyk önümleriniň özümizden artýan bölegini eksporta ugratmak we Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurt bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda wise-premýerler Ç.Gylyjowa, E.Orazgeldiýewe hem-de welaýatlaryň häkimlerine anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21608?type=feed

23.02.2021
Maksadalaýyk işler ýola goýulýar

Şu gün­ler kär­ha­na­myz­da ge­çen ýylyň dowamynda ýyg­na­lan pag­ta ha­sy­ly gaý­ta­dan iş­le­nil­ýär. Kär­ha­na­nyň ga­ra­ma­gyn­da­ky pag­ta ka­bul ediş har­man­ha­na­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri işiň bök­denç­siz al­nyp ba­ryl­ma­gy­ny ga­zan­ýar­lar. Pag­ta ha­sy­ly gaý­ta­dan iş­le­ni­le­nin­den soň on­dan alyn­ýan önüm­ler ýur­du­my­zyň dür­li kär­ha­na­la­ry­na ibe­ril­ýär. Ol önüm­le­riň esa­sy bö­le­gi­ni pag­ta sü­ýü­mi tut­ýar. Onuň ýo­ka­ry hil­li bol­ma­gy, ka­bul edi­len ka­da­la­ra la­ýyk gel­me­gi bu önü­me bo­lan is­le­giň ýo­ka­ry bol­ma­gy­ny şert­len­dir­ýär. Kär­ha­na­myz­da ön­dü­ri­len pag­ta sü­ýü­mi­ne di­ňe bir ýur­du­myz­da däl, eý­sem, da­şa­ry ýurt­lar­da hem uly is­leg bil­di­ril­ýän­di­gi bi­zi gu­wan­dyr­ýar. Çün­ki biz se­na­gat taý­dan gaý­ta­dan iş­le­nilen çig ma­lyň hi­li­niň önüm­le­riň hi­li­ne-de gö­nü­den-gö­ni tä­sir ed­ýän­di­gi­ne go­wy dü­şün­ýä­ris.

Kär­ha­na­myz­da pag­ta ha­sy­ly gaý­ta­dan iş­le­ni­lip alyn­ýan önüm­le­riň ýe­ne-de bi­ri go­wa­ça çi­gi­di­dir. Biz et­ra­by­my­zyň daý­han bir­le­şik­le­ri­ni ýo­ka­ry hil­li to­hum bi­len üp­jün ed­ýä­ris. Ýag­ny to­hum­lyk go­wa­ça ekil­jek daý­han bir­le­şik­le­ri bi­len ir­gö­zin­den de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ze­rur bo­lan to­hum­lyk çi­git taý­ýar­la­ny­lan­dan soň hü­när­men­le­ri­miz ola­ryň gö­ge­ri­şe ukyp­ly ýag­daý­da sak­la­nyl­ma­gy üçin ala­da­lan­ýar­lar. Çi­git sak­lan­ylýan am­mar­lar wag­tyn­da ta­la­bala­ýyk ýag­da­ýa ge­ti­ril­ýär we zy­ýan­keş­le­re gar­şy serişdeler bi­len der­man­la­nyl­ýar. Am­mar­la­ryň için­de ge­rek­li ýy­ly­lyk we çyg­ly­lyk üp­jün edil­ýär. Hä­zir daý­han bir­le­şik­le­ri­ne ibe­ril­jek to­hum­lar taý­ýar edil­di.

Pag­ta — bi­ziň baý­ly­gy­myz. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz her ýyl daý­han­la­ryň öňün­de pagtanyň ýo­ka­ry hil­li bol ha­sy­ly­ny ýe­tiş­dir­mek, se­na­gat kär­ha­na­la­ry­nyň öňün­de bol­sa ony gaý­ta­dan iş­le­mek we taý­ýar önümi çy­kar­mak we­zi­pe­si­ni goý­ýar. Bu jo­gap­kär­li we­zi­pä­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek ug­run­da bi­ziň kär­ha­na­myz­da hem ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Kär­deş­ler ar­ka­la­şy­gy­nyň il­kin­ji gu­ra­ma­sy bol­sa ola­ry tu­tan­ýer­li zäh­me­te hö­wes­len­dir­mä­ge gö­ňük­di­ri­len çä­re­le­ri yzy­gi­der­li ge­çir­ýär. Kär­ha­na­my­zyň zähmet­keş­le­ri üçin arassaçylyk ka­da­la­ry­na we teh­ni­ki howpsuz­lyk ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän iş şert­le­ri­ni dö­ret­mek, önü­miň hi­li­niň ta­lap edil­ýän ka­da­la­ra la­ýyk gel­me­gi­ni ga­zan­mak bo­ýun­ça mak­sa­dala­ýyk iş­ler ýo­la go­ýul­ýar. Ag­zy­bir­lik­li çe­kil­ýän zäh­met özü­niň oňyn ne­ti­je­le­ri­ni hem ber­ýär.

Ba­ba­my­rat SOPYÝEW,

Çär­jew pag­ta aras­sa­laý­jy kär­ha­na­sy­nyň kär­deş­ler ar­ka­la­şy­gy­nyň il­kin­ji gu­ra­ma­sy­nyň baş­ly­gy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21516

23.02.2021
Depginli ösüşler we döwrebap çözgütler

Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň öňünde goýýan strategik wezipelerini ýerine ýetirmekde bank ulgamy möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan pul-karz syýasatynyň çäklerinde onuň degişli gurallaryny sazlaşykly ulanmak arkaly ykdysadyýetimiziň depginli ösüşi we makroykdysady deňeçerligi üpjün edilýär. Milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçýän döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek ugrunda diwersifikasiýalaşdyrylan, bäsdeşlige ukyply, innowasion ösüşi üpjün etmek üçin maliýe we bank ulgamlarynyň durnukly bolmagyny gazanmak wajypdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen dabaralandyrylyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň giňden bellenilýän ýylynda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmäge, ygtybarly maliýe-bank ulgamyny döretmäge, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi netijesinde Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky hem öz işjeňligini «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrýar we bu ugurda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň karz edaralary iri maglumat geçiriş ulgamyna eýedir. Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan hem sanly ykdysadyýete geçmegiň çäklerinde nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek, bank kartlary arkaly milli we halkara töleg ulgamynyň gerimini giňeltmek ugrunda degişli çäreler amala aşyrylýar. Şeýle maksatlara gönükdirilen giň gerimli mahabat işleri yzygiderli alnyp barylýar. Netijede, Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky boýunça 2020-nji ýylda bank kart ulgamynda nagt däl hasaplaşyklaryň pul möçberi geçen ýylky görkeziji bilen deňeşdirilende 2,1 essä çenli ýokarlandy.

Ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini has-da kämilleşdirmek hem-de bank ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak boýunça iri söwda nokatlarynda töleg terminallarynyň ornaşdyrylmagy işjeň dowam etdirilýär. Töleg ulgamynyň kämilleşdirilmegi üçin banklaryň hersiniň özüne mahsus bolan kartlaryň ýaýradylmagyna aýratyn üns berilýär. Bankymyz tarapyndan «Maşgala» atly täze bank kart hyzmaty dolanyşyga girizilip, müşderilerimize hyzmat edilip başlandy. «Goýum bank karty» hem ýola goýlup, bu kartyň üsti bilen nagt däl görnüşde söwda edilende, «Cash back» hyzmaty esasynda müşderä bank tarapyndan kesgitlenen 0,5 göterim möçberinde pul sylagy hökmünde yzyna gaýtarylýar. Ady agzalan bank kartlarynyň ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň biri-birinden tapawutly bolmagy bäsdeşligiň ösmegine getirip, banklarymyzyň halkymyza has bähbitli hyzmatlary hödürlemegine hem-de ilat arasynda bank kartlaryna bolan islegiň artmagyna itergi berýär.

Bankymyzda hereket edýän pul-karz syýasatyny kämilleşdirmek barada yzygiderli işler alnyp barylýar. Berilýän karzlaryň yzyna gaýtarylyşyna doly seljerme geçirilýär we gözegçilikde saklanylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginli ösüşini üpjün etmek, ýurdumyzda telekeçiligi has-da ösdürmek, şeýle hem Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça Döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde telekeçilik işini alyp barýan taraplara döwlet tarapyndan giňden goldaw bermäge gönükdirilen maliýe çäreleri durmuşa geçirilýär. 2020-nji ýylyň dowamynda Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan döwlete dahylsyz kärhanalara, hususy telekeçilere hem-de raýatlara jemi 250 million 922 müň manat möçberindäki karzlar resmileşdirildi. Bu görkeziji geçen ýylky bilen deňeşdirilende esli ýokarydyr.

Eziz Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli maliýe-ykdysady syýasatynyň esasynda ýeňillikli salgyt syýasatynyň alnyp barylmagy, ilata pes göterimli karzlaryň berilmegi eýeçiligiň dürli görnüşlerinde täze düzümleri, iş orunlaryny emele getirmäge, kärhanalaryň öz-özüni maliýeleşdirmek ýörelgelerine geçmek arkaly önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmaga, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge, önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, ylmyň gazananlarynyň we innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylyşyny çaltlandyrmaga, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary barha ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Işewürligi ýola goýmak maksady bilen, orta we kiçi telekeçiligi goldamak hem-de ösdürmek boýunça ýerli haryt öndürijiler goldanylýar. Önümçilik bilen meşgullanýan hususy ulgama we telekeçilere eksport üçin öndürýän önümleriň möçberlerini hem-de ýerli haryt öndürijileriň sanyny artdyrmaga gönükdirilen ýeňillikli karzlaryň berilmegi dowam etdirilýär.

Häzirki wagtda Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan raýatlara melleginde (kömekçi hojalygynda, bölünip berlen ýer böleginde) ekerançylyk we maldarçylygy ösdürmek maksady bilen, oba hojalyk önümlerini öndürmek, esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek hem-de iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek maksady bilen, kiçi göwrümli karzlar hem hödürlenilýär. 2020-nji ýylyň dowamynda Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan raýatlara jemi 135 müň manat möçberinde kiçi göwrümli karzlar resmileşdirildi hem-de geljekde bu görkezijini ýokarlandyrmak ugrunda işler alnyp barylar.

Ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösýän ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasaty halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Bu gün ýurdumyzda asuda durmuşy pugtalandyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan özgertmeler dünýä jemgyýetçiliginiň gyzgyn goldawyna eýe bolýar. Bize şeýle ajaýyp zamanada döredijilikli işlemäge hem-de eşretli durmuşda ýaşamaga ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli we umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun!

Gurbanmyrat BÄŞIMOW,

Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň maliýe hasabatlary we ylmy-önümçilik bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21547

23.02.2021
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna

TÜRKMEN IŞEWÜRLIGINIŇ HÄZIRKI ZAMAN NUSGASY

«Atalyk-gurluşyk» hususy kärhanasynyň rowaç menzilleriniň söhbedi

ILKINJI ÄDIMLER

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň täze belentliklerini nazarlaýan döwletimizde beýleki ugurlar bilen bir hatarda, hususy telekeçiligi ösdürmäge hem aýratyn uly üns berilýär. Şonuň üçin bu günki gün ata Watanymyzyň gülläp ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýan, kiçi we orta telekeçilik bilen meşgullanýan türkmen işewürleri hem döwletimiz, hormatly Prezidentimiz tarapyndan uly alada bilen gurşalandyr. Munuň özi ýurdumyzda hususy telekeçiligiň ählitaraplaýyn rowaçlanmagyna getirýär.

2009-njy ýylda ýurdumyzda «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen, bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň ygtybarly hukuk esaslary goýuldy. Bu bolsa häzirki zaman bazar gatnaşyklary şertlerinde barha ösüşlere beslenýän döwletimizde diňe bir öz ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä bazarynda hem bäsleşige ukyply önümleri hödürleýän türkmen işewürleriniň alyp barýan telekeçilik işleriniň kämil hukuk binýadynyň döredilendiginden habar berýär.

Ýurdumyzyň işewürlerine döwlet tarapyndan döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, öz hususy telekeçilik işini ýola goýan ildeşlerimiziň biri-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Berdi Atalykow bolmaly. Ol 2011-nji ýylyň aprel aýynda «Atalyk-gurluşyk» hususy kärhanasyny esaslandyrmak bilen, telekeçilik işine girişýär. Golaýda «Atalyk-gurluşyk» hususy kärhanasynyň gurluşykçylarynyň şu günler alyp barýan derwaýys işleri bilen ýakyndan tanyş bolup, olaryň iş üstünde armasyny ýetirmek maksadynda baranymyzda, kärhananyň ýolbaşçysy bilen turuwbaşdan sözümiz alşyp gitdi.

— Hususy telekeçilik bilen meşgullanmak höwesi mende orta mekdepde okap ýören döwrümde döredi. Ýöne telekeçilik işi aýratyn ukyp-başarnygy talap edýär. Şonuň üçin hem öz hususy kärhanamyzy döretmezden öň, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde dürli maksatly desgalaryň gurluşygyny alyp barýan edara-kärhanalarda özüm ýaly ýaş gurluşykçy oglanlardan topar düzüp, olar bilen iş bölüp alyp işlemek bilen, öz tejribämi has-da artdyrdym. Şeýle hem şol döwürde gurluşyk işlerini alyp barýan hususy kärhanalaryň işi bilen hem ýakyndan tanyş boldum. Netijede, hususy kärhanamyzy esaslandyranymyzdan uzak wagt geçmänkä welaýatymyzyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň merkezinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna» laýyklykda 6 müň 500 metr uzynlykdaky, göwrüminiň ululygy 63 millimetrden 200 millimetr aralygynda bolan agyz suw geçirijisiniň gurluşygyna 2012-nji ýylyň maý aýynda girişip, onuň gurluşygyny 2014-nji ýylyň noýabr aýynda doly tamamladyk. Ol döwürde biziň gurluşyk ugrundan ýeterlik iş tejribämiz bolmanlygy sebäpli, welaýatymyzda şular ýaly gurluşyk işlerini alyp barýan hususy kärhanalaryň hünärmenleri bilen ýygy-ýygydan tejribe alşyp durýardyk. Munuň özi gurluşygyny alyp barýan suw geçiriji ulgamymyzyň gurluşygyny talabalaýyk derejede hem-de öz wagtynda tamamlamagymyza oňaýly täsirini ýetirdi. Onuň gurluşygynda kärhanamyzyň halypa işgärleri — iş öndüriji Bagtyýar Maşaripow, ussa Ata Dädebaýew, «JCB» kysymly ýer gazyjy traktoryň sürüjisi Nurgeldi Halmyradow, işçiler Gudrat Pälwanow, Atabek Maşaripow, Döwlet Gadamow, turbalary birleşdiriji ussalar Aýbek Kadambaýew we Menzil Gulmyradow dagy has hem tapawutlanyp işlediler. Şol günden bäri hem bu işgärlerimiziň köpüsi bilen welaýatymyzyň çäginde dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda bir-birek bilen düşünişip, agzybirlikde zähmet çekip gelýäris — diýip, hususy kärhananyň ýolbaşçysy Berdi Atalykow özüniň telekeçilik ugrundaky ilkinji ädimlerini guwanç bilen ýatlady.

GERIMI GIŇ GÖZÝETIMLER

Hususy kärhananyň gurluşykçylary ondan soňra Gubadag etrabynyň Abadanlyk geňeşliginiň Bäsdeş obasynyň ilatyny agyz suwy bilen bolelin üpjün etmek maksadynda, ol ýerde umumy uzynlygy 13 kilometr 700 metre barabar bolan dürli ululykdaky suw geçirijilerini çekmek bilen, bu ugurda öz iş tejribelerini has-da baýlaşdyrdylar. Şonuň üçin hem göwrüminiň ölçegi 75 millimetrden 250 millimetr aralygynda bolan bu ulgamyň gurluşygy bellenen möhletlerde, ýagny 2013-nji ýylyň mart aýynda başlanyp, 2015-nji ýylyň sentýabr aýynda üstünlikli tamamlanýar. Munuň özi, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzy arassa agyz suwy bilen talabalaýyk üpjün etmek ugrundaky sargytlaryndan ugur alyp, bu ugurda netijeli işleri alyp barýan, başyna baran işi bitip, tutýan tutumlary maksadalaýyk tamamlanýan hususy kärhananyň işgärleriniň abraý-mertebesini has hem artdyrýar. Netijede, olaryň öňünde telekeçilik işini ösdürmekde gerimi giň gözýetimler açylýar. Şeýlelikde, 2014-nji ýylyň başyndan başlap, tä 2015-nji ýylyň sentýabryna çenli birbada birnäçe desgada, ýagny Gubadag etrabynyň Bitarap Türkmenistan geňeşliginiň Garagöl obasynda öň bar bolan agyz suw geçiriji ulgamyň 14 müň 350 metr ýeriniň durkuny täzelemekde hem-de şol etrabyň Abadanlyk geňeşliginiň Bäsdeş we Çagatýap obalaryna Baýdak geňeşliginiň çäginde ýerleşýän süýji suw saklaýjy desgasyndan suw eltiji, göwrüminiň ululygy 225 millimetr bolan suw geçirijileri çekmekde has kämilleşen hususy kärhananyň agzalarynyň durmuşa geçirýän wajyp işleriniň netijesinde, şol obalaryň ilatynyň arassa agyz suwy bilen üpjün bolmagyna giň mümkinçilikler döreýär. Munuň özi bagtyýarlyk döwrümizde halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmakda möhüm wezipeleriň biridir.

BINA GURMAK BAGTY

— 2014-nji ýylyň gyş günleridi. Daşoguz şäheriniň «Nowruz» ýaşaýyş jaý toplumynda Bitaraplyk şaýolunyň ugrundaky 75 millimetrlikden 110 millimetrlik aralygyndaky ölçeglerdäki agyz suw geçirijiniň durkuny täzelemek işlerini gyzgalaňly dowam edýärdik. Durkuny täzelemeli suw geçirijisiniň uzynlygy bir müň iki ýüz metr töweregidi. Şonda biziň alyp barýan işlerimiz bilen ýakyndan tanyş bolan ýerli ýolbaşçylar biziň hususy kärhanamyza welaýat merkezinde bir sany köp gatly ýaşaýyş jaýynyň gurluşyk işlerini dowam etdirmegi ynandylar.

Munuň özi biziň kärhanamyzyň her bir agzasynyň köpden bäri edip ýören arzuwydy. Ol Daşoguz şäheriniň Şähribossan köçesiniň ugrunda ýerleşýän 4 gatdan ybarat bolan, 16 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy eken. Bu binanyň gurluşygyna 2015-nji ýylyň tomsunda paýly gurluşyk esasynda girişip, ony 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda üstünlikli tamamladyk. Şol jaýam welaýatda paýly gurluşyk esasynda gurlan ilkinji bina boldy. Şondan soňra döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmakda hem biziň işlerimiz ýola düşüp, rowaç alyp gidiberdi — diýip, hususy kärhananyň ýolbaşçysy buýsanç bilen aýtdy.

Kärhananyň gurluşykçylarynyň paýly gurluşyk esasynda gysga möhletlerde gurup, 2017-nji ýylyň maýynda ulanmaga beren, Daşoguz şäheriniň Baýdak köçesiniň ugrunda bina edilen 4 gatly, 16 öýli, ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýy hem oňa göçüp baryp, jaý toýlaryny tutan bagtyýar ýaşaýjylarda egsilmez şatlyk duýgularyny döredýär. Çünki bu 2 we 3 otagdan ybarat bolan jaýlar bahasynyň arzanlygy sebäpli köpler üçin elýeterlidi. Şonuň üçin hem «Atalyk-gurluşyk» hususy kärhanasynyň gurluşykçylarynyň paýly gurluşyk esasynda bina edýän ýaşaýyş jaýlarynyň ýokary hilliligi hem-de bahasynyň elýeterliligi sebäpli, oňa bolan isleg ilat arasynda barha artyp başlaýar. Şuny göz öňünde tutan kärhananyň ussat gurluşykçylary soňra Daşoguz şäheriniň Daşoguz köçesiniň ugrunda 4 gatly, 24 öýli ýaşaýyş jaýyny, Görogly köçesiniň ugrunda hem edil ýokardaky ýaly bir sany ýaşaýyş jaýyny hem-de 4 gatly, 16 öýli ähli amatlyklar göz öňünde tutulan döwrebap ýaşaýyş jaýyny yzly-yzyna gurup, ulanmaga tabşyrýarlar. Netijede, welaýatyň ýaşaýjylarynyň ençemesi gysga möhletlerde şäheriň iň gözel ýerlerinde gurlan döwrebap, saýlantgy ýaşaýyş jaýlaryň eýelerine öwrülýärler.

Saýlantgy diýilmeginiň sebäbi, bu jaýlaryň hersi 3 we 4 otaglardan ybarat bolup, olaryň birinjisiniň içiniň göwrümi 171 inedördül, ikinjisiniňki bolsa 203 inedördül metrden gowrakdyr. Şeýle hem olarda ýaşamak üçin ähli şertler döredilip, gündelik zerur bolan ähli amatlyklar goşa-goşadandyr. Kärhananyň barha ussatlyga eýe bolýan binagärleri tarapyndan 2018-nji ýylyň ýanwarynda gurluşygyna girişilip, geçen ýylyň sentýabr aýynda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramçylygyna gabatlanyp ulanylmaga berlen, Daşoguz şäheriniň Daşoguz köçesiniň ugrunda ýerleşýän 4 gatly, 32 öýli, 4 gatly, 24 öýli we 4 gatly, 16 öýli ýaşaýyş jaýlary hem şeýle amatlyklary bolan döwrebap desgalardyr. Olaryň gurluşygyny kärhananyň ezber gurluşykçylary şol toplumda ýerleşýän aşaky gaty azyk dükanly, ýokarsynda bolsa ilata durmuş taýdan hyzmat ediş toplumy ýerleşýän bina bilen bir wagtda güýçli depginlerde alyp bardylar.

NETIJELI IŞLER, AÝDYŇ MAKSATLAR

Meniň öňümde «Atalyk-gurluşyk» hususy kärhanasynyň agzybir gurluşykçylarynyň soňky döwürlerde bina eden ýaşaýyş jaý toplumlaryna hem-de kärhananyň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga degişli dürli maglumatlary dur. Olaryň arasynda ünsümi özüne çeken zat häzirki döwürde Daşoguz şäheriniň Bitaraplyk şaýolunyň ugrunda gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýan 2 sany 4 gatly, 32 öýli we 1 sany 4 gatly, 16 öýli ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy boldy. Paýly gurluşyk esasynda birbada şular ýaly ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygyny utgaşykly alyp barmak, elbetde, ýeňil-ýelpaý iş däl. Munuň özi hususy kärhananyň önümçilik kuwwatynyň barha artýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Bu ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň dekabr aýynda guramaçylykly girişen kärhananyň agzybir gurluşykçylary ony şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şöhratly toýuna gabatlap, ulanmaga bermegi maksat edinýärler. Diýmek, şu ýyl Garaşsyzlyk baýramymyzyň uludan toýlanýan günlerinde welaýatymyzda ýene-de 80 sany maşgala «Atalyk-gurluşyk» hususy kärhanasynyň ezber elli gurluşykçylarynyň tagallalary netijesinde, döwletli ojagyň, ähli amatlyklary bolan döwrebap öýleriň eýeleri bolarlar. Welaýat häkimliginiň goldamagynda Daşoguz şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda gurulýan bu ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurluşygynyň güýçli depginlerde dowam edýändigini buýsanç bilen bellemek bolar.

Bu ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda kärhananyň baş inženeri Şyhnepes Ödäýewiň ýolbaşçylygynda gurluşyk meýdançasynyň başlygy Guwanç Annadurdyýew, iş öndüriji Sabyr Ahmedow, ussalar Esen Akçaýew, Myrat Myradow, gurluşykçylaryň topar ýolbaşçylary Baýramgeldi Ýesenow, Maksat Işmedow, kerpiç örüjiler Hangeldi Halmyradow, Döwran Myradow, Öredurdy Işmedow, Guwanç Borjakow, galyp we demir-beton işlerini ýerine ýetirýän işçiler Şatlyk Nazarow, Maksat Agaýew, Hamit Ahmedow, timarlaýyş we boýag işlerini alyp barýan gurluşykçylaryň topar ýolbaşçysy Bäşim Sarybaýew, suwagçylar Döwran Jumageldiýew, Wepa Sarybaýew, Mekan Babaýew dagynyň öwgä mynasyp işleri durmuşa geçirýändiklerine ol ýerde bolanymyzda biz has aýdyň göz ýetirdik. Bu ýerde elektrik bilen kebşirleýjiler Nurgeldi Hojakulyýew, Saparmyrat Nuryýew hem-de elektrik ussalary Ibadulla Açylow, Aziz Gabizow dagynyň birleşen tagallalary netijesinde toplumda alnyp barylýan kebşirleýiş we gurluşyk-gurnama işleriniň ýokary hil derejesinde amal edilýändigini öz gözleriň bilen görmek has hem ýakymly.

— Häzirki zaman gurluşyk-gurnama işlerini kuwwatly tehnikalarsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Şonuň üçin beton garyjy awtoulaglaryň sürüjileri Hojadurdy Bjyýew, Amandurdy Guljanow, öz ýüküni özi düşürýän, ýük göterijiligi 20 tonna bolan awtoulaga erk edýän Yslam Rozmetow, ýük daşaýan hem-de öz ýüküni özi düşürýän 25 tonnalyk zamanabap kuwwatly awtoulagyň sürüjisi Ýazmyrat Akbaýew dagy her bir işde biziň ygtybarly hemaýatkärlerimizdir. Şeýle hem başy göge uzaýan belent-belent binalary gurmakda kuwwatly ýük göteriji ulaglaryň sürüjileri Gurbangeldi Dädebaýew, Bahram Japbarow hem-de diňli ýük göterijiniň maşinisti Şermet Kazakow dagynyň ýerine ýetirýän nusgalyk işleri esasynda biz öz iş meýilnamalarymyzy her aýda üstünlikli ýerine ýetirip gelýäris. Olaryň ýük ýükleýji hem-de ýer gazyjy traktorlaryň sürüjileri Nurgeldi Halmyradow, Ýagşymyrat Pirjanow dagy bilen agzybirlikde çekýän zähmetleri netijesinde kärhanamyzyň gurluşykçylary tarapyndan alnyp barylýan depginli işler barha ilerlemek bilen — diýip, kärhananyň baş inženeri hoşallyk bilen aýtdy.

PAÝLY GURLUŞYK — YGTYBARLY GURLUŞYK

Arada ýolagçy awtobuslarynyň birine münüp, iş saparyna ugranymda, iki sany ýaşulynyň bu kärhana barada edýän gürrüňleri gulagyma ildi. Şonuň üçin hem olara golaý duranymy kem görmedim. Gürrüň kärhananyň ussat gurluşykçylary tarapyndan paýly gurluşyk esasynda ýylyň-ýylyna bina edilýän döwrebap ýaşaýyş jaýlary barada gidýärdi. Ýaşulularyň ak sakgallysy gaty dilewara meňzeýärdi. Ol ýoldaşyna:

— Paýly gurluşyk diýmek — bina şol jaýda ýaşajak adamlaryň hususy serişdesiniň hasabyna gurulýar diýmek. Özem uzak möhletleýin karzlaşdyryşyň hasabyna gurulýan jaýlara garanyňda, bu usulda bina edilýän jaýlar örän çalt ulanylmaga berilýär. Ýene-de bu jaýlar müşderileriň islegine görä gurulýar. Paýly gurluşyk — ygtybarly gurluşyk diýmek. Çünki munda ähli gurluşyk işleri şol jaýda ýaşamaly adamlaryň gözegçiligi astynda alnyp barylýar. Jaýyň umumy bahasynyň töleginiň 30 göteriminiň öňünden tölenmegi bina gurýan gurluşyk kärhanalaryna işleri depginli alyp barmaga mümkinçilik berýär. Galan tölegini bolsa iki ýylyň dowamynda töläbermeli. Ýene-de, şeýle gurluşyk ýoly bilen gurulýan jaýlaryň otaglary has giň hem ýaşamak üçin amatly bolýar. Meniň bir oglum şäherde «Atalyk-gurluşyk» kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan bina edilen jaýlaryň birinde ýaşaýar. Ynha, menem şu gün şonuňka agtyklarymy göreýin diýip, obadan myhmançylyga gelýärin. Eger şäherde barmaga ýeriň bolmasa, senem myhman alyp biljek, sakaldaş! — diýmek bilen, ol paýly gurluşygyň peýdaly taraplaryny düşündirip, gapdalynda oturan ýaşulyny şäherde täze alan jaýlaryna myhmançylyga çagyrdy.

Ýolagçy ýaşulynyň bu gürrüňlerinden paýly gurluşygyň peýdaly taraplary barada awtobusyň içinde barýan ýerimde men hem belli bir derejede özüme gerekli zatlary ýandepderçäme belläp aldym.

BAZAR BOLÇULYGYNA GOŞANT BOLAR

Kärhananyň Görogly etrabynyň Ýagtylyk geňeşliginiň çäginde ýylda 2 million bişen kerpiç öndürmäge mümkinçiligi bolan kerpiç zawodynyň bolşy ýaly, welaýatyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Magtymguly adyndaky geňeşliginde umumy eýeleýän meýdany 7 gektara barabar bolan gök-bakja önümlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen ýyladyşhana toplumynyň gurluşygynyň hem güýçli depginlerde alnyp barylýandygyna ol ýerde bolanymyzda doly göz ýetirdik. Şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý toýuna gabatlanyp işe girizilmegi meýilleşdirilýän bu toplumyň gurluşygynda Türkiýäniň «Seratek» kompaniýasynyň gurluşyk önümleri ulanylýan eken. Bu döwrebap toplumyň işe girizilmegi bilen, welaýatda halkymyzy ýylyň islendik döwründe ekologiýa taýdan arassa ter gök önümleri bilen üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilýän işler has hem rowaçlanar. Munuň özi kärhananyň ýolbaşçylarynyň Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda hususy telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak we ösdürmek ugrunda durmuşa geçirýän beýik işlerinden ruhlanyp, telekeçilik işini köptaraplaýyn ýola goýmak ugrunda alyp barýan gözlegli işleriniň nobatdaky subutnamasydyr.

Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň: «Biziň oba hojalygyndaky esasy maksadymyz, ilkinji nobatda, ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmekden hem-de bäsleşige ukyply, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini daşary ýurtlara ibermekden ybaratdyr» diýen çuň many-mazmunly sözlerinden ugur alýan, ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan hususy telekeçilerimiz ýerlerde daýhan hojalyklaryny, hususy kärhanalary döretmek bilen, gök-bakja hem-de miwe önümleriniň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirip, ýurdumyzyň ak bazarlarynyň azyk bolçulygyna goşant goşmaga hem işjeň gatnaşýarlar. Bagtyýarlyk eýýamynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda hususy telekeçiligi ösdürmäge şular ýaly giň mümkinçilikleriň döredilmegi, bir tarapdan, kiçi we orta telekeçiligiň barha rowaçlyga beslenmegine getirse, ikinji bir tarapdan, ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösüşlerine hem öz oňaýly täsirini ýetirýär. Şeýle-de döwlet ykdysadyýetinde döwlete dahylsyz pudagyň, ýagny hususy telekeçiligiň tutýan ornuny has-da ýokarlandyrmak meselesi «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» esasy ileri tutulýan ugurlaryň biridir.

Kärhanada bolanymyzda, onuň ýolbaşçysy Berdi Atalykowdan geljekde ýer böleklerini uzakmöhletleýin kärendesine alyp, daýhan hojalygyny döredip, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek işine garaýşy bilen gyzyklandym. Şonda ol: «Biziň ata-babalarymyz öz rysgal-berekedini mele toprakdan tapan, ýer bilen bagry badaşan adamlar bolan. «Ýykylsaň ýere ýapyş», «Çekseň zähmet — ýagar rehnet» diýlişi ýaly, halal zähmet çekip, ýere hyzmat edip bilseň, ýerem öz berekedini kemsiz eçilýär. Bereketli toprak hiç wagt hümmeti egsilmeýän hazyna. Şonuň üçin hem häzirki döwürde biz öz gurluşyk işlerimizden daşary, welaýatyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda 7 gektar meýdanda ýyladyşhana toplumyny gurýan bolsak, geljekde ýer böleklerini uzakmöhletleýin kärendesine alyp, daýhan hojalygyny döredip, gök-bakja we dürli görnüşli oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegi hem meýilleşdirýäris. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde hem biz — telekeçilere uly ynam bildirýär. Şonuň üçin geljekde bu ugurda hem öz güýjümizi synap görmek, gök-bakja we dürli görnüşli azyklyk önümleri ösdürip ýetişdirip, ak bazarlarymyzda haryt bolçulygyny döretmäge goşant goşmak meýillerimiz bar» diýip, öz geljekki maksatlary bilen tanyşdyrdy.

HAÝYRLY HEM UGURLY IŞLER

Pähimdar pederlerimiz ozaldan guýy gazyp, teşne gandyrmagy, bag ekip, miwe ýetişdirmegi hem-de bina gurup, il şatlygyna şärik bolmagy sogaply işler hasaplapdyrlar. Şonuň üçin hem «Atalyk-gurluşyk» hususy kärhanasynyň işgärleriniň öz döwletli tutumlarynyň başyny arassa agyz suw geçirijilerini gurmakdan başlamagy olaryň her bir işde halkymyzyň arkama-arka gelýän milli ýörelgelerine çäksiz hormat goýýandygyndan habar berýär. Kärhananyň ussat gurluşykçylarynyň bagtyýarlyk eýýamynda öz elleri bilen bina eden, Daşoguz şäheriniň görküne-görk goşup duran döwrebap ajaýyp ýaşaýyş jaýlarynda bolsa häzirki Gahryman Arkadagly zamanamyzda bagtdan paýly, päk zähmetden serpaýly bagtyýar ildeşlerimiziň ençemesi döwletli döwranyň hözirini görüp ýaşaýarlar.

Kärhanada bolanymyzda, onuň ýolbaşçysynyň orunbasary Döwlet Atalykow edara binasynyň howlusynda bag zolagyny döretmek maksadynda öz elleri bilen eken miweli daragtlarynyň ýaş nahallaryny görkezdi. Munuň özi ýakyn wagtlarda bu ýerde, ýagny «Atalyk-gurluşyk» hususy kärhanasynyň dolandyryş edara binasynyň howlusynda görenleriň gözlerini özünde eglejek datly miweli baglaryň ösüp kemala geljekdiginden habar berýär. Diýmek, kärhananyň agzybir agzalary halk arasyndaky «Daragt ek, ömrüň saýaly bolar» diýen pähime eýerip, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda badalga beren beýik işlerine-de öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şahyryň meşhur şygrynda:

Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär,
Dünýäň kitabynda onuň ady bar 

— diýip ýazyşy ýaly, bir düýp agaç ekmek, munuň özi tebigata öz adyňy ebedi ýazmak diýmekdir. Bize bu sözlerden soňra şular ýaly sogaply işleri durmuşa geçirýän kärhananyň agzybir işgärlerine mundan beýläk hem ata Watanymyzyň ösüşleriniň hatyrasyna alyp barýan telekeçilik işlerinde gadamlarynyň batly, menzilleriniň bolsa şöhratly bolmagyny arzuw edäýmek galýar.

Dädebaý NARTYÝEW,

žurnalist.

23.02.2021
Işleri täzeçe guramak döwrüň möhüm talaby

Ulag pudagy dünýäde globallaşma hadysasynyň ýüze çykmagyny şertlendirýän ýagdaýlaryň biri bolup, durnukly ösüşi üpjün etmegiň häzirki tapgyrynda sebitleri we yklymlary birleşdiriji güýje öwrülýär. Her bir döwlet özüniň geografiki taýdan amatly ýerleşişiniň we mümkinçilikleriniň hasabyna milli derejede ösüşi üpjün etmekde geosyýasy we geoykdysady bähbitleri öňe sürýär.

Ýurdumyz Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän döwlet bolup, ulagyň ähli görnüşlerini ösdürmekde uly mümkinçiliklere eýedir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, halkara ulag ulgamynyň ornuny işjeňleşdirmek döwletleriň we sebitleriň ulag-üstaşyr akymlaryna goşulyşmagy arkaly ykdysady ösüşi höweslendirmäge, olaryň arasyndaky ösüş derejesindäki bökdençlikleri aradan aýyrmaga gönükdirilendir. Bu babatda ýurdumyz Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry boýunça «Lapis Lazuli» ulag geçelgesini, Demirgazyk — Günorta we Hazar deňzi — Gara deňiz multimodal ulag geçelgesini işjeňleşdirmäge mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan agzalan ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ýokarlandyryp, söwda-ykdysady mümkinçilikleri doly derejede durmuşa geçirmeklige bütindünýä ähmiýetli mesele hökmünde garaýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda kämil ulag infrastrukturasyny kemala getirmek we onuň kanunçylyk binýadyny berkitmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Muňa 2018-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda «Ulag howpsuzlygy hakynda», 2018-nji ýylyň 9-njy iýunynda «Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esaslary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Olar ýurdumyzda ulag babatda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň aýratyn üns merkezinde saklanylýandygyny görkezýär. Açyklyk, bäsdeşlik, howpsuzlyk, ygtybarlylyk, elýeterlilik, ulag akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak bolsa Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň esasy ýörelgeleri hökmünde çykyş edýär.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 6-njy fewralynda milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurt Baştutanymyz Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň professor-mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň öňünde hem möhüm wezipeleri goýdy. Bu möhüm wezipeleriň birnäçesi soňky ýyllar Gahryman Arkadagymyzyň aýratyn üns merkezinde durýan sanly ulgam we ony ornaşdyrmak bilen bagly işlerdir. Olar ylmy-tejribe işlerini geçirmek üçin sanly aragatnaşyk ulgamlaryny ulanmak arkaly halkara ýokary okuw mekdepleri hem-de beýleki abraýly bilim edaralary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmegi öz içine alýar. Olaryň hatarynda sanly bilimi okuw işine giňden ornaşdyryp, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanmak, daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň ylmy merkezleri we IT kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak ýaly wezipeler bar.

Bulardan başga-da, şeýle möhüm tabşyryklaryň hatarynda bilimiň hilini ýokarlandyrmak, halkara tejribesini giňden peýdalanmak hem-de hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we onuň gerimini giňeltmek esasy wezipeler hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň innowasion bilim maksatnamalaryny ornaşdyrmak arkaly ýaşlara berilýän bilimiň hilini halkara ülňülerine laýyklykda ýokarlandyrmak babatda beren tabşyryklary ýokary okuw mekdebimizde alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna laýyklykda guramaga uly itergi berer.

Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň ylym-bilim bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýär. Ýaşlaryň ylyma giňden çekilmegine, okuw we önümçilik işleriniň özara utgaşyklylykda alnyp barylmagyna aýratyn üns berilýär. Şoňa görä, döwlet Baştutanymyzyň talyp ýaşlaryň taýýarlaýan ylmy işlerini, innowasiýalaryny we oýlap tapyşlaryny önümçilige ornaşdyrmak boýunça zerur çäreleri görmeklige, ýokary okuw mekdebiň işini döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmeklige uly ähmiýet berýär. Talyplaryň multimodal ulag ugurlary boýunça ylmy işlere çekilmegi bolsa, ulag we beýleki birnäçe pudaklar babatda zerur bolan ýokary derejeli hünärmenleriň täze neslini ýetişdirmäge ýardam eder. Munuň özi şeýle möhüm wezipeleri durmuşa geçirmekde alnyp barylýan düýpli işleriň çuňňur ylmy esasda amala aşyrylmagyna oňaýly täsir eder.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ulag diplomatiýasyny üstünlikli amala aşyrmak, ulag pudagy hem-de ýaşaýyş jaý-jemagat ulgamlary üçin zerur bolan ýokary derejeli inženerleri ýetişdirmek boýunça Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda alnyp barylýan işler örän wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň öňde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek, netijeli işleri durmuşa geçirmek maksady bilen beren anyk tabşyryklaryny öz wagtynda we gyşarnyksyz ýerine ýetirmek biziň mukaddes borjumyzdyr.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda ylym-bilim babatda döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek babatda birnäçe işler amala aşyrylýar. Ylmy barlag işleri ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini ylmy taýdan öwrenmäge, pudagyň öňünde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde ylmy çemeleşmeleri we esaslandyrmalary öňe sürmäge gönükdirilendir. Institutyň degişli kafedralarynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan hasaba alnan ylmy barlag işleri hem geçirilýär. Ýokary okuw mekdebimizde «Demir ýol ulagynyň tehniki-ulanyş we ekologik görkezijilerini ýokarlandyrmak», «Türkmenistanyň ýolýaka hyzmatlary toplumynyň tehniki taýdan ulanyş netijeliligini ýokarlandyrmak», «Sanly tehnologiýalar esasynda ulag logistika ulgamyny kämilleşdirmek» atly ylmy barlag işleri professor-mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmaklarynda ýerine ýetirilýär. Olar ulag pudagynda depginli ösüşleri gazanmakda täzeçe ylmy çemeleşmeleri we çözgütleri hödürleýär.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde ýakynda institutyň binýadynda döredilen Ulag-logistika ylmy merkezinde «Türkmendemirýollary» agentligi bilen «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «Demir ýol ulaglarynda içerki gatnawlaryň tariflerini hasaplamagyň ylmy usulyýetini kämilleşdirmek» atly ylmy-barlag işini uly depgin bilen dowam etdirýär. Bu bolsa Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda bilimiň, ylmyň we önümçiligiň iş ýüzünde özara utgaşdyrylýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Ýurdumyzyň ulag infrastrukturasyny has-da kämilleşdirmek we ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatda bimöçber tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Gylyçmuhammet JORAÝEW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uly mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21568

23.02.2021
Ylym-bilim — ýolumyzyň şamçyragy

Ösen bazar gatnaşyklaryny nazarlaýan işjeň syýasatyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýan ylmy tehniki döwrebaplaşmak, ähli ulgamlarda innowasiýalary ornaşdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan ösen senagaty kemala getirmek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan ýurdumyzyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar. Şonuň üçin ýurdumyzda umumymilli maksatnamalar durmuşa geçirilýär, şolaryň hatarynda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy hem ileri tutulýar. Sanly ykdysadyýete geçilmegi maýa goýum işjeňligini ösdürmäge, döwlet dolandyrylyşynyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge, maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ähli pudaklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Ylym-bilim — beýik daragt. Olar ýolumyza şugla saçýar. Ýurdumyzyň innowasion ösüşinde ylmyň kuwwatyny we ornuny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzda ylmy işleri amala aşyrmak, ylmy gözlegleriň gerimini giňeltmek, olaryň netijesini işe ornaşdyrmak üçin hemme şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge berýän uly ünsi netijesinde ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Olaryň işine iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, şol sanda internetiň we elektron kitaphanalaryň üsti bilen maglumatlara ýokary tizlikli elýeterlilik giňden ornaşdyrylýar.

Watanymyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy maksadydyr. Şol syýasatyň maksadalaýyk durmuşa geçirilmeginiň netijesinde Türkmenistan dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşýan durnukly ykdysadyýeti bolan ýurda öwrüldi. Ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, telekeçiligi, täzeçil başlangyçlary höweslendirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, bilelikdäki kärhanalary we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, ätiýaçlandyryşy, gazna biržasyny we gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek, ähli pudaklarda düýpli özgertmeleri amala-aşyrmak milli Liderimiziň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ykdysadyýeti, durmuş we ynsanperwer ulgamyny sanlylaşdyrmaga ugur alyndy, ähli ýerde häzirki zaman kompýuter ulgamy we aragatnaşyk serişdeleri, elektron resminama dolanyşygy ornaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan döredilen amatly şertlerden ýurdumyzyň telekeçileri hem netijeli peýdalanýarlar. Olar önümçiligiň we marketingiň döwrebap tehnologiýalaryny özleşdirmek bilen halkara derejelere çykarylýar. Türkmen önüm öndürijileri hormatly Prezidentimiziň öňe gitmek üçin bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, munuň üçin bolsa işewürlige innowasiýany ornaşdyrmagyň zerurdygy barada aýdanlaryny üstünlikli ýerine ýetirýärler. Ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Soltanjemal SÄHETMYRADOWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21435

22.02.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Biz eziz Diýarymyzy gülläp ösýän mekana öwreris!

Watanymyzyň durnukly ösüşini we halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň baş maksadydyr. Bazar gatnaşyklaryna geçmek, häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän netijeli guramaçylyk-dolandyryş usullaryny, innowasion tehnologiýalary ulanmak, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilik we eksport ugurly kärhanalary döretmek ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

15-nji fewralda döwlet Baştutanymyz Içeri işler ministrligine degişli Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkezine bardy we şol enjamlaryň nusgalary, häsiýetli aýratynlyklary hem-de ulanylyşy, enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň garamagyna merkeziň gurluşygynyň baş meýilnamasynyň çäklerinde bina edilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň taslamalary görkezildi. Milli Liderimiz taslamalara birnäçe düzedişleri girizip, olaryň gurluşygynda öňdebaryjy tejribäniň, täzeçil tehnologiýalaryň ulanylmalydygyny, uçarmansyz uçýan enjamlaryň dürli pudaklarda netijeli peýdalanylmagy üçin ähmiýetli bolmalydygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň IIM-niň bu düzümi bilen tanyşlykdan soňra, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda şu merkeziň işi we ony mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň ugurlary hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmelidigini belledi. Munuň özi sanly tehnologiýalary hem-de täzeçil usullary işjeň ornaşdyrmakdan, elektron senagatyndan we häzirki zaman ylmyndan baş çykaryp bilýän ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr.

Milli Liderimiz Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň depginleri barada aýdyp, Aşgabat-siti taslamasynyň nazara alynmalydygyny, bu ýolda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek, ulaglaryň tehniki ýagdaýyny kesgitleýän enjamlary herekete girizmek hem-de ulaglaryň daşky gurşawa edýän täsirini kesgitlemek we onuň çäginde degişli eýeçiligi ýola goýmak meselelerine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.

16-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Irfan Ahmedi kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika, ulag, aragatnaşyk we ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Diplomat Pakistanyň TOPH gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşyklarynyň tizleşdirilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady we bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň sebit hem-de halkara derejedäki ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegini üpjün etjekdigine ynam bildirdi.

17-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow bilen duşuşygynda sebit we dünýä gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara giňişlikde özara ynanyşmak we birek-birege goldaw bermek işleriniň ýokary derejä eýedigi nygtaldy hem-de abraýly halkara düzümleriň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň, GDA-nyň, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanmalar beýan edildi. Sebit howpsuzlygy meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk etmek we goňşy Owganystana goldaw bermek ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy.

Döwlet Baştutanymyz hem-de myhman syýasy-diplomatik meseleler bilen bir hatarda, ikitaraplaýyn ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Gaz, elektroenergetika, ulag-aragatnaşyk, söwda, oba hojalygy we beýleki ugurlardaky bilelikdäki işler hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Duşuşygyň dowamynda geçen ýylda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda haryt dolanyşygynyň 8,6 göterim artmagynyň hyzmatdaşlygyň ýokary netijä eýedigini aňladýandygy bellenildi.

Şeýle hem söhbetdeşler medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdüler. Hususan-da, milli Liderimiz Aşgabatda «Daşkent” atly seýilgähiň guruljakdygyny habar berdi. Dünýä taryhynda we medeniýetinde öçmejek yz goýan belli şahsyýetleriň, şol sanda Özbegistanyň beýik döwlet işgäri, şahyr Zahiriddin Muhammad Baburyň hormatyna bilelikdäki dabaralaryň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Beýik şahyryň we filosofyň doglan gününiň 538 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn maslahatyň Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilendigini bellemek gerek. Bu çäre doganlyk türkmen-özbek gatnaşyklaryny berkitmekde we iki ýurduň taryhy-medeni gymmatlyklaryny bilelikde öwrenmekde möhüm ädime öwrüldi.

18-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Hazar deňziniň nebitgaz serişdelerini özleşdirmekde, bu sebite iri daşary ýurt maýa serişdelerini uzak möhletleýin esasda çekmekde, pudaga täzeçil tehnologiýalary we sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmakda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda “Dostluk” deňiz käninde bilelikdäki gözleg işlerini alyp barmak, işläp taýýarlamak we özleşdirmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmeginiň ähmiýeti bellenildi.

W.Alekperow diňe bir Hazar deňziniň däl, eýsem, Baltika we beýleki deňizleriň ýalpaklygynda işlemek boýunça kompaniýanyň ägirt uly tejribe toplandygyny belläp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň “Dostluk” taslamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalary ulanjakdygyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ynandyrdy. Bu käni ekologiýa talaplaryna laýyklykda işläp taýýarlamak bilen bir hatarda, täze uglewodorod ýataklaryny gözlemek işleri hem geçiriler.

Milli Liderimiziň Ministrler Kabinetiniň wideoaragatnaşyk arkaly 19-njy fewralda geçiren nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy we maglumat howpsuzlygynyň üpjün edilişi, milli senagat toplumynyň kuwwatlyklarynyň köpugurly esasda ösdürilişi, täze ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň döredilişi we ýurdumyzyň hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk operatorynyň programma üpjünçiliginiň döwrebaplaşdyrylmagyna, harby gullukçylaryň we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mart aýynda geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna, durmuş-medeni maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli dabaralaryň medeni maksatnamasy barada hasabat berildi.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz şu aýda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça geçen ýylyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen iş maslahatlarynyň netijeleri boýunça seljermeleriň esasynda taýýarlanylan 2021-nji ýyl üçin işleriň hem-de çäreleriň maksatnamasyny tassyklady. Onda milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşini we döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün etmek, pudaklaryň işini üýtgetmek, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, maýa goýum syýasatyny işjeň durmuşa geçirmek boýunça zerur çäreler göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, ugurdaş düzümleriň maliýe-ykdysady ýagdaýyna yzygiderli seljermeleri geçirmek, durmuş ulgamyny ösdürmek, täze iş orunlaryny döretmek boýunça tagallalary işjeňleşdirmek babatda zerur çäreler bellenildi hem-de döwlet eýeçiligine degişli 30-dan gowrak desgany bäsleşik esasynda hususylaşdyrmak boýunça teklipler taýýarlanyldy.

Milli Liderimiz döwlet eýeçiligine degişli desgalary hususylaşdyrmak we onuň degişli gurallaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerini tizleşdirmegiň zerurdygyny belläp, Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda döwlete degişli kärhanalary dolandyrmak hem-de üýtgetmek boýunça Strategiýany yzygiderli durmuşa geçirmegiň ähmiýetini nygtady, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda welosiped sportuny ösdürmegiň Maksatnamasynyň taslamasy we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy bilen tanyşdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda welosiped sportuny ösdürmek üçin maddy-enjamlaýyn binýady döretmek, welosiped parklaryny gurmak, ýöriteleşdirilen dükanlary, ussahanalary, söwda merkezlerinde duralga zolaklaryny açmak, welotrassalary gurmak, welosipedi abatlamak boýunça ussalary taýýarlamak, seýilgählerde ulularyň we çagalaryň wagtyny peýdaly geçirmegi üçin welosipedleri hödürleýän bölümleri açmak we welosiped ýodalaryny gurmak boýunça zerur işleriň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, geljekde durmuş maksatly binalaryň gurluşygynda şu talaplaryň göz öňünde tutulmagynyň wajypdygyny belledi.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerine garaldy. Köpugurly hyzmatdaşlygy dowam etmegiň çäklerinde, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda özara gatnaşyklary dowam etdirmegiň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi. Ony BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek boýunça müdirligi (UNOPS) bilen bilelikde amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Ony üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, türkmen tarapyna ýurdumyzda UNOPS-nyň wekilhanasyny açmak baradaky teklip gelip gowuşdy.

Milli Liderimiz taslamany we teklibi makullap, oňyn Bitaraplyk, “Açyk gapylar” ýörelgelerine hem-de giň hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistanyň abraýly halkara guramalar bilen ählumumy abadançylygyň bähbidine kybap gelýän özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-russiýa gatnaşyklary barada aýdyp, Russiýanyň sebitleri bilen oňyn, netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň häzirki döwürde täze mazmun bilen üsti ýetirilýän netijeli döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi.

Milli Liderimiz Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna Saglygy goraýyş we derman senagaty hem-de Dokma senagaty ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarynda öndüren önümlerini muzdsuz bermek hakyndaky Buýruga gol çekip, onuň türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgesine üýtgewsiz eýerýändiginiň nobatdaky subutnamasydygyny belledi. Ynsanperwer ýüki Türkmenbaşy — Astrahan ugry boýunça deňiz arkaly Türkmenistanyň deňiz söwda flotunyň gämisi elter.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Dokma senagaty ministrligine gaýtadan işlemek üçin dürli görnüşli pagta süýümini ýerlemek hakyndaky Karara gol çekdi. Meýilnama laýyklykda, 145 müň 557,5 tonna pagta süýümi, 8500 tonna inçe süýüm, 200 tonna gysga süýümli pagta we 200 tonna pagta übtügi satyn alnar. Bu bolsa şol bir wagtyň özünde Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda açyljak ýyllyk kuwwaty 3650 tonna pagta süýümi bolan dokma toplumynyň hem-de Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda açyljak, ýyllyk kuwwaty 3300 tonna inçe süýümli ýüplüge barabar bolan dokma toplumynyň çig mal bilen üpjünçiligine gönükdiriler. Olaryň işe girizilmegi bilen, 2450 sany täze iş orny dörär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” we “Türkmenistanyň halk itşynasy” döşe dakylýan nyşanlaryň hem-de “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” medalynyň görnüşlerini tassyklady. Bu nyşanlar pederlerimiziň döreden gadymy itşynaslyk ýörelgelerine we häzirki döwürde alabaý tohumyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere goýulýan hormaty alamatlandyrýar.

Halkara wakalar barada aýdylanda bolsa, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň BSGG-niň Ýurt edarasy bilen bilelikde guramagynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin geçirilen nobatdaky maslahatda pandemiýa ýokanjynyň öňüni almak boýunça möhüm maglumatlary işläp taýýarlamagyň netijeli usullaryna garaldy. Duşuşyga gatnaşyjylar bu ugurda dünýäniň ösen tejribesi bilen tanyşdylar we bu babatda ýörite gollanmany taýýarlamak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara ylmy-okuw merkezinde saglygy goraýyş boýunça onlaýn teleköpri arkaly II türkmen-koreý maslahaty geçirildi. Oňa Koreýanyň alym-professorlary, ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň, paýtagtymyzyň lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Dostlukly ýurduň hünärmenleri Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň sazlaşykly ösdürilýändigini belläp, bu ugurda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa möhüm ornuň degişlidigini nygtadylar.

Maslahatyň dowamynda bu ugurda ýerine ýetirilýän işlere baha berildi, COVID-19 ýokanjyna garşy göreşmekde ilata lukmançylyk hyzmatlarynyň ilatyň elýeterliligini üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy we adatdan daşary ýagdaýlara, olara gyssagly garşy durmaga, şol döwürden soňky dikeldiş wezipelerini ýerine ýetirmäge taýýarlyk meselelerine garaldy.

Daşary işler ministrliginde onlaýn tertipde Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda wekili hanym Emma Nikolsonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmen tarapy üçin ýörite tehnikalary we enjamlary ugratmaga uly gyzyklanma bildirýän “JСB Sales Limited” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk meselelerine möhüm üns berildi. Şeýle hem bilelikdäki taslamalara maýa serişdelerini gönükdirmegiň meselelerine we beýleki ugurlara garaldy.

DIM-de wideoaragatnaşyk arkaly iki dostlukly ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda türkmen-gazak geňeşmeleri boldy. Taraplar Türkmenistanyň we Gazagystanyň halkara hem-de sebitara düzümleriniň çäklerinde özara gatnaşyklar boýunça oňyn tejribe toplandygyny belläp, Merkezi Aziýanyň we goňşy sebitleriň ägirt uly kuwwatyny herekete girizmek üçin bilelikdäki başlangyçlary taýýarlamaga ikitaraplaýyn gyzyklanmalary beýan etdiler. Hususan-da, Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň şu ýyl Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän VI sammitiniň gün tertibini işjeňleşdirmek boýunça teklipler beýan edildi.

Şeýle hem diplomatlar port düzümlerini, ýangyç-energetika we senagat pudaklaryny herekete girizmek arkaly ulag-üstaşyr geçelgeler babatda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň meselelerine garadylar, ekologiýa, ylym-bilim, saglygy goraýyş we derman senagaty ugurlarynda gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021 — 2023-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna gol çekildi.

Her ýylyň 18-nji fewralynda bellenilýän ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistanyň diplomatiýasy — onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi” atly ylmy maslahat geçirildi. Çykyşlarda ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda köpugurly halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, sebit we ählumumy möçberde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna gönükdirilen netijeli daşary syýasaty alyp barýandygy bellenildi.

Milli Liderimiziň yzygiderli goldaw bermegi netijesinde, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar hem-de döwrebaplaşdyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Karary bilen “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşany tassyklanyldy.

Maslahatyň dowamynda diplomatik gullugyň ýaş işgärleri we Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary döwletimiziň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandyklary üçin degişli diplomlar bilen sylaglanyldy.

Geçen hepde Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň zähmetkeşleri üçin baýramçylyk dabaralaryna beslendi. Bagtyýar zaman obasynda 2020-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby bäsleşiginiň ýeňijisine mynasyp bolan baýragy gowşurmak dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň ähli ilatyna iberen Gutlagynda Watanymyzyň senagat taýdan ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň wajypdygyny belledi. “Halal zähmetimiz bilen eziz Diýarymyzy gülläp ösýän, raýatlarymyzyň asuda, bagtyýar we bolelin durmuşda ýaşaýan gözel mekanyna öwürmelidiris, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny yzygiderli ýokarlandyryp, onuň dünýädäki ornuny has-da berkitmelidiris” diýlip, milli Liderimiziň Gutlagynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek boýunça wajyp syýasy möwsüm dowam edýär. Geçen hepdede welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň halk maslahatlarynyň agzalygynyň 48 mandatyna 81 dalaşgär hödürlenildi. Olaryň 15-si Ahal welaýatyndan, 15-si Balkan welaýatyndan, 9-sy Daşoguz welaýatyndan, 16-sy Lebap welaýatyndan, 15-si Mary welaýatyndan we 11-si Aşgabat şäherinden hödürlenildi. Dalaşgärleri hödürlemek 2-nji marta çenli dowam eder we bellige almak işleri 7-nji martda tamamlanar. Saýlawyň geçişine öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde milli synçylar gözegçilik ederler.

28-nji martda geçirilmegi meýilleşdirilýän saýlawlar Türkmenistanda milli Liderimiziň başlangyjy we ýolbaşçylygy bilen ýaýbaňlandyrylan demokratik özgertmeleriň ýolundaky möhüm ädime öwrüler. Bu başlangyçlaryň üstünlige beslenmegi täze belentliklere ynamly gadam urýan ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini tizleşdirer.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary Türkmenistanyň ählumumy dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagynyň ýolundaky hereketiniň anykdygyny we ynamlydygyny, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen syýasatynyň ösüşlere beslenýändigini ýene bir gezek tassyklady.

(TDH).



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21488?type=feed

22.02.2021