Kiçi göwrümli karzlar

Ýurdumyzyň bank ulgamynda durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmäge, hyzmatlaryň hilini kämilleşdirmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Şolaryň biri kiçi göwrümli karz serişdeleriniň berilmegidir.

Türkmenistanyň karz edaralary tarapyndan ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny karzlaşdyrmak bilen bir hatarda bellenilen tertipde bölünip berlen melleginde (ýer böleginde) şahsy hojalygyny ýöredýän raýatlara kiçi göwrümli karzlaryň berilmegi dowam etdirilýär. Bu bolsa şahsy hojalyklaryň sanynyň we işleriniň artmagy netijesinde bazar gatnaşyklarynyň we milli ykdysadyýetimiziň ösmegine, häzirkizaman telekeçilik ulgamynyň emele getirilmegine, hususy bölegiň oba hojalyk, azyk, ýeňil senagat we hyzmatlar ulgamynda ösdürilmegine ýardam berýär.

Häzirki wagtda welaýatymyzyň çäginde berilýän karzlaryň möçberi barha artýar. Welaýatyň çägindäki bank şahamçalary tarapyndan raýatlara 30 (otuz) müň manada çenli möçberde kiçi göwrümli karzlar ýyllyk 10 göterim bilen, 3 ýyla çenli möhlete (alty aý ýeňillikli döwri bilen) berilýär. Karz serişdeleri önümçiligi guramak, ösdürmek we giňeltmek, önümleriň göwrümini artdyrmak, oba hojalyk tehnikasyny satyn almak, mal ýataklaryny we fermalary gurmak, abzallary, gurallary satyn almak, mallary, balyklary we öý guşlaryny satyn almak, mallar we öý guşlary üçin ot-iýmleri, weterinariýa serişdelerini satyn almak, ösümlikleri ýetişdirmek, tohumlary, mineral dökünleri satyn almak arkaly bu ugurda önümçiligi alyp barmak maksatlaryna berilýär.

Ýurdumyzda kiçi göwrümli karzlaşdyrma ulgamyny ösdürmek hem-de bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, şeýle hem bellenilen tertipde bölünip berlen melleginde (ýer böleginde) şahsy hojalygyny ýöredýän raýatlara goldaw bermek maksady bilen welaýatymyzyň bank şahamçalary tarapyndan 2020-nji ýylyň başyndan häzirki döwre çenli jemi müşderileriň 557-sine 11620 müň manat möçberinde kiçi göwrümli karzlar resmileşdirildi. 2020-nji ýylyň dowamynda müşderileriň 428-sine 9335 müň manat, 2021-nji ýylyň 1-nji martyna çenli bolsa müşderileriň 129-syna 2285 müň manat möçberinde kiçi göwrümli karzlar berildi.

Ýakyn geljekde hem welaýatymyzyň bank şahamçalary tarapyndan müşderileriň 2875-sine 62780 müň manatlyk kiçi göwrümli karzlary bermek meýilleşdirilýär. Bu görnüşli karzlardan şahsy hojalyklaryň ýerlikli peýdalanmagynyň netijesinde bazarlarymyzyň öz topragymyzda öndürilýän ýokary hilli et, gök-bakja hem-de süýt önümleri bilen has doly üpjün edilýändigi aýratyn nygtarlyklydyr.

Bägül AKMYRADOWA,

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat şahamçasynyň ykdysady seljeriş we jemleýiş bölüminiň baş hünärmeni.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/29526