![](https://fineconomic.gov.tm/storage/app/uploads/public/60a/c6c/257/60ac6c2579af5137011462.jpg)
Düýn paýtagtymyzda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XX köpugurly halkara sergi guraldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen indi her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu sergi paýtagtymyzyň täzeçe şähergurluşyk-binagärlik keşbine eýe bolan şäher düzümini kemala getirmek babatda gazanylan üstünlikleri hem-de ýurdumyzyň bu ugurdaky toplan tejribelerini we mümkinçiliklerini aýdyňlyk bilen açyp görkezdi. Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän sergä gatnaşan firmalaryň we kompaniýalaryň, hususy telekeçiligiň wekilleri öz öndürýän önümleriniň giň toplumyny görkezdiler.
Paýtagtymyzyň hemmetaraplaýyn gazanýan ösüşleriniň görkezijisi bolan «Ak şäherim Aşgabat» atly XX köpugurly halkara sergisiniň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň, şeýle hem Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň toýlanylýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda geçirilmegi özünde çuňňur many-mazmuny jemleýär. Gözel paýtagtymyzyň bu ýubileý baýramçylygynyň dabarasyny goşalandyrýan sergi Aşgabadyň häzirki wagta çenli ýeten belent sepgitlerini aýdyňlyk bilen şöhlelendirýär. Serginiň her ýyl Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guralmagy ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn artýan kuwwatynyň paýtagtymyzyň okgunly ösüşinde öz beýanyny tapýandygynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýar. Ählimiziň bilşimiz ýaly, 140 ýaşy arka atan paýtagtymyzyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky ösüşi düýpgöter täzeçe öwüşgine eýe boldy. Aşgabat häzirki wagtda dünýäniň has ösen we ýaşamak üçin amatly şäherleriň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň Aşgabadyň binagärlik keşbini mundan beýläk hem ösdürmek, kämilleşdirmek ugrunda durmuşa geçirýän şähergurluşyk maksatnamalary paýtagtymyzyň uzak geljegi nazarlaýan ösüşini şertlendirýär.
Halkara serginiň açylyş dabarasynda bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns we ruhubelentlik bilen diňlediler. Milli Liderimiz Gutlagynda şeýle belleýär: «Biz gözel şäherimizde milli öwüşginli, taryhy hem-de medeni gymmatlyklary özünde jemleýän dürli desgalary döretmek ugrunda köp tagalla etdik we serişde gönükdirdik. Şoňa görä-de, Aşgabadyň keşbi, hakykatdan-da, onuň ýaşaýjylarynyň ýürekden söýgüsiniň janly mysalydyr». Soňra baýramçylyk meýdançasynda aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.
Söwda-senagat edarasynyň giň zalynda hakyky baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Giň gerimli gözden geçirilişde döwrebap gurluşyk we timarlaýyş serişdeleri, kompýuter hem-de kommunikasiýa mümkinçilikleri, azyk senagatynda, ekologiýa meselelerini çözmekde, sporty we syýahatçylygy ösdürmekde, ylmy, medeni kuwwaty giňeltmekde gazanylan üstünlikleri, şeýle hem innowasion taslamalaryň köpsanlysy bilen ýakyndan tanyşmaga giň mümkinçilikler bar. Bu ýerde gurnalan sergide ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, hususy ulgamyň agzalarynyň diwarlyklary hem ýaýbaňlandyryldy. Energetika we senagat, nebit we gaz, nebithimiýa, ulag, aragatnaşyk we kommunikasiýalar, dokma senagaty, himiýa pudagy, oba we suw hojalygy, obasenagat toplumy, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, sport hem-de syýahatçylyk, neşirýat, tebigaty goramak — bularyň ählisiniň ösüş depgini hormatly Prezidentimiziň başyny başlan pudaklaýyn maksatnamalaryna laýyklykda wideoşekillerde, maketlerde, metbugat neşirlerinde öz beýanyny tapdy.
Gözden geçirilişde gurluşyk ulgamynyň ýeten sepgitlerine, gazanan üstünliklerine hem giň orun berildi. Serginiň bölümlerinde şäheriň ösüşiniň aýrylmaz bölegi bolup durýan, paýtagtymyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryna — inženerçilik-tehniki we hojalyk desgalaryna, durmuş-ykdysady, bilim hem-de medeni ulgamlaryna işjeň ornaşdyrylýan ýokary tehnologiýalar, häzirki zaman innowasiýalar we nou-haular, türkmen döwlet neşirýat gullugynyň ýurdumyzyň döwrebap neşirýat we çaphana işleri bilen tanyşdyrýan neşir önümleri bu ýere ýygnananlarda uly gyzyklanma döretdi.
Oguljennet PAŞYKOWA,
«Aşgabat».