Tomusky dynç alyş möwsümi barha golaýlaýar. Hormatly Prezidentimiziň ilatyň saglygyny berkitmek we göwnejaý dynç almagyny üpjün etmek baradaky tagallalary netijesinde, ildeşlerimiz ýurdumyzyň ähli şypahanalary bilen birlikde, şu ýylyň 1-nji iýuny — 1-nji sentýabry aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyşda bolup bilerler.
Awazada dynç almagyň tertibi barada aşakdakylary ýatladýarys:
— Raýatlar dynç alşa gitmezinden öň, ýollamanama alandan soň, welaýatlarda we Aşgabat şäherinde kesgitlenilen ýörite ýerlerde (Saglyk öýlerinde) COVID-19-a garşy sanjym almaly. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy netijesinde, häzirki wagtda sanjymlaryň Russiýa Federasiýasyndan 3 hem-de HHR-den 2 görnüşi getirildi.
— Dynç alşa gidýän 18 ýaşdan uly raýatlara COVID-19-a garşy sanjym edilendigini hem-de soňky 72 sagadyň dowamynda lukmançylyk gözegçiliginden, şeýle-de koronawirus ýokanjynyň ýokdugyna degişli barlagyň geçirilendigini tassyklaýan resminama berler. 18 ýaşdan kiçi raýatlar, öz nobatynda, soňky üç gije-gündiziň dowamynda lukmançylyk barlagyndan geçendigi we test tabşyrandygy barada resminama alarlar.
— «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän myhmanhanalaryň degişli ministrlikleri we pudak edaralary zolagyň çäginde ýerleşýän myhmanhanalarda we kottejlerde dynç almaga isleg bildirýän raýatlara ýollamanama bererler.
— Tomus dynç alyş möwsüminde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň meýilleşdirilýän tertibine laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan goşmaça gatnawlar ýola goýlar.
— Welaýatlardan we Aşgabat şäherinden dynç almaga gitjek raýatlarymyz üçin şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, her gün Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugry boýunça ýörite ýolagçy otly gatnawlaryny ýola goýmak meýilleşdirilýär.
— Tomusky dynç alyş möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gelýänlere hödürlenýän awtoulag hyzmatlaryny has-da gowulandyrmak maksady bilen, şol döwürde ýolagçy ulaglaryň täze gatnaw ugurlary açylar.
— Dynç alýan raýatlara söwda hyzmaty «Awaza» söwda merkezinde ýola goýlar.
Kesellerden goranmagy daşary çykylanda agyz-burun örtüklerini dakynmak, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, 2 metr howpsuz aralygy saklamak bilen utgaşdyryň! Eger-de nähoşlugyň ilkinji alamatlaryny duýsaňyz, hökman maşgala lukmanyna ýüz tutuň!