Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara köpugurly serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň bellenilmegi türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin örän guwandyryjy we buýsandyryjy wakalaryň biridir. Baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzda halkara sergini geçirmek hem indi asylly däbe öwrüldi. Bu serginiň halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we özara tejribe alyşmakda ähmiýetiniň örän uly boljakdygyna berk ynanýaryn.
Bu şanly waka mynasybetli geçirilýän halkara sergide ak şäherimiz Aşgabadyň ajaýyp keşbi, gaýtalanmajak gözelligi, ykdysadyýetde, ylym-bilim, saglygy goraýyş, aragatnaşyk, medeniýet ulgamlarynda we beýleki ugurlarda ýeten belent derejeleri öz beýanyny tapýar. Bu köpugurly sergi ata Watanymyzyň ýüregi hasaplanýan Aşgabadyň şähergurluşyk babatda gazananlaryny dünýä äşgär eder, halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrar. Paýtagtymyzyň has-da gözelleşmegine, dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin iň amatly şäherleriniň birine öwrülmegine uly itergi berer.
Hormatly adamlar!
Gadyrly dostlar!
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda gözel paýtagtymyzyň 140 ýyllygy bellenilýär. Aşgabat taryhy geçmişiň merkezidir. Biz onuň taryhyna, şanly geçmişine hormat goýýarys. Aşgabat şäheri döredileninden bäri onuň durmuşynda ähli ugurlar boýunça özgertmeler boldy, döwrebap, häzirki zaman şäheri kemala geldi. Ähli döwürlerde-de türkmenistanlylar öz paýtagtyny tüýs ýürekden söýüp geldiler we oňa guwandylar, ýubileý ýylynda bolsa buýsanç duýgusy has-da artdy. Aşgabat, onuň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri, täsin binagärligi ilatymyzy hem-de ýurdumyzyň myhmanlaryny haýran galdyrýar. Aşgabat dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin has amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyryp, sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezine öwrüldi.
Biz gözel şäherimizde milli öwüşginli, taryhy hem-de medeni gymmatlyklary özünde jemleýän dürli desgalary döretmek ugrunda köp tagalla etdik we serişde gönükdirdik. Şoňa görä-de, Aşgabadyň keşbi, hakykatdan-da, onuň ýaşaýjylarynyň ýürekden söýgüsiniň janly mysalydyr. Aziýanyň merjen şäheri hökmünde tanalýan paýtagtymyzda bina edilen köp sanly desgalaryň halkara derejede mynasyp ykrarnama eýe bolmagy ak şäherimiziň dünýäniň iň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Munuň şeýledigine Aşgabadyň birnäçe desgalarynyň binagärlik aýratynlygy boýunça Ginnesiň rekordlar kitabynda orun almagy hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Hormatly adamlar!
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheri Garaşsyz Watanymyzyň ýüregidir. Ol berkarar döwletimiziň at-abraýyny we dünýä bileleşigindäki ornuny görkezýän merkezdir. Aşgabat dünýäniň ýokary medeniýet ulgamy bolan, ykdysady taýdan ösen, iň owadan şäherleriniň biridir.
Biz paýtagtymyzyň häzirki döwürde gazanan üstünliklerine, ajaýyp binagärlik keşbine buýsanýarys. Özboluşly binalar, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, oklaw ýaly köçelerdir şaýollar, gözel seýilgähler, ajaýyp ýadygärlik toplumlary baş şäherimiziň görküne görk goşýar. Ony Gündogaryň merjen şäherine öwürýär.
Häzirki wagtda gözel paýtagtymyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde ägirt uly işler ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek, onuň çäklerinde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaý toplumlaryny we dürli maksatly binalary, ýol-ulag düzümine degişli desgalary gurmak, binalaryň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmak uzak geljege gönükdirilen şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli gözel paýtagtymyzda ençeme binalar we desgalar dabaraly ýagdaýda açylyp, halkymyzyň bagtyýarlygyny artdyrdy. Şol desgalaryň hatarynda Halk Maslahatynyň Diwany, Maslahatlar merkezi, Kabul ediş merkezi, «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik hem-de «Senagat» paýdarlar-täjirçilik banklary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezi, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumy, beýleki medeni, durmuş maksatly binalar ulanylmaga berildi.
Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!
Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilýän sergi bu ýere gelen köp sanly aşgabatlylarda hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrar.
Ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de okgunly ösdürmek we hemmetaraplaýyn abadanlaşdyrmak babatda öňde uly wezipeler durýar. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämiz bilen ak şäherimiz Aşgabadyň dünýä üçin abadançylygyň hem ösüşiň nusgalyk merkezine öwrüljekdigine berk ynanýaryn.
Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara köpugurly serginiň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/declarations/1523?type=official