Milli Liderimiziň ilaty ýerli önümler bilen üpjün etmek baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzda oba hojalygy bilen meşgullanyp, bol mukdarda önüm öndürýän raýatlarymyzyň sany barha artýar. Oba hojalyk pudagyny ösdürmekde, ýurtda azyk bolçulygyny döretmekde hem-de öndürilen önümler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeginde barha kämilleşýän dürli bank hyzmatlaryny ýerine ýetirmek bank ulgamynyň hünärmenleriniň öňünde goýlan esasy wezipeleriň biridir.
Muňa mysal edip, banklarda kiçi göwrümli karzlar ulgamyny ösdürmek hem-de bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, şeýle hem bellenilen tertipde bölünip berlen melleginde (kömekçi hojalyklaryndaky, ýaýlalardaky ýer böleginde) şahsy hojalygyny ýöredýän raýatlara goldaw bermek, ekerançylygy, maldarçylygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin ýyllyk 10 göterim bilen 30 müň manada çenli 3 ýyl möhletli, 6 aýa çenli ýeňillikli karzlar berilýär.
Kiçi göwrümli karzlaryň esasy ugurlarynyň biri hem, etraplaryň öri meýdanlarynda ownuk şahly mallaryň baş sanyny köpeltmek işlerine raýatlary çekmekden ybaratdyr, ol ýerlerde ýüň, süýt we et önümlerini köpeltmek esasy üns berilýän ugurlaryň biridir. Mundan başga-da, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek boýunça ýerine ýetirilýän işleriň çäklerinde raýatlarymyzyň mellek ýerlerinde, kömekçi hojalygynda ýyladyşhanalary gurmak arkaly, miweli baglary we gök-bakja ekinlerini ýetişdirmäge goldaw berilýär we bu ugurda depginli işler amala aşyrylýar.
Biz — bank işgärleri ilat arasynda kiçi göwrümli karzlaryň sanyny artdyrmakda etrap şahamçalary tarapyndan etraplaryň çäginde howa şertlerini nazara almak bilen, miweli baglary we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça bank karzlarynyň ähmiýeti hem-de amatlyklary barada ilatyň arasynda düşündiriş, mahabat işlerini yzygiderli geçirýäris we bu özüniň oňyn netijelerini berýär.
Munuň özi ekerançylygy, maldarçylygy ösdürmekde, oba hojalyk önümlerini öndürmekde kiçi göwrümli karzlara bolan islegiň barha artýandygyny subut edýär. Ýurdumyzyň karz edaralarynyň işjeňligini hil taýdan täze derejä çykarmak, bank ulgamynyň ykdysadyýetdäki ornuny pugtalandyrmak bank ulgamynyň öňünde duran esasy wezipeleriň biri bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bank ulgamyny has-da ösdürmäge, raýatlara amatly, ýokary hilli we has çalt hyzmat etmäge oňyn şert döredýän häzirki zaman bank hyzmatlarynyň döwrebap usullaryny bank ulgamyna ornaşdyrmak boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.
Bedew batly ösüşler bilen öňe barýan ata Watanymyzyň röwşen geljegi üçin ýadawsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn!
Begmyrat HANOW,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Ahal welaýat şahamçasynyň Ykdysady seljeriş we jemleýiş bölüminiň esasy hünärmeni.