Bagtyýarlygyň binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ynsan saglygyny goramak ilkinji orunda durýan wezipedir. Ynsan ömrüne howp salýan zyýanly endikleriň garşysyna geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri oňyn netijesini berýär. Ýurdumyzda bolup geçýän özgerişleriň şaýady bolup, durmuşyň ähli ugurlarynda gazanylýan beýik ösüşlere goşant goşmaga gatnaşýan ildeşlerimiz sagdynlygy we ruhubelentligi özlerine hemra edinýärler. Aýratynam, ýaşlar sport we köpçülikleýin bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanýarlar. Sport we bedenterbiýe saglygyň hem ruhubelentligiň gözbaşydyr. Şonuň üçinem ýurdumyzda kämil şahsyýetleri terbiýelemekde «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» diýen ýörelgeden ugur alynýar.

Döwlet Baştutanymyzyň bedenterbiýäni we sporty ösdürmek bilen bagly işleri berk bedenli, sagdyn ruhly nesilleriň kemala gelmegine giň ýol açdy. Berk bedenli, maksada okgunly, sagdyn ruhly ýaşlar bolsa Watanymyzyň daýanjydyr. Şonuň üçinem ösüp gelýän ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kämil adamlar bolup ýetişmeklerini, olaryň çilimkeşlik, naskeşlik ýaly ýaramaz endiklerden daşda bolmaklaryny gazanmak mukaddes borjumyzdyr.

Döwletgylyç MÄMMETNUROW,

welaýat Polisiýa müdirliginiň 4-nji bölüminiň 2-nji bölümçesiniň uly gözegçisi, polisiýanyň maýory.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/29605