Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy bilen Diýarymyzy senagat taýdan ösdürmek, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşmak, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça belent wezipeler goýuldy. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda ekologiýa ugurly önümleri çykarýan önümçiligi ösdürmek üçin taýsyz tagallalar edýär. Muňa Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän zawody mysal getirip bolar.
Bu möhüm maýa goýum taslamasy döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan ýurdumyzyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky ädimdir. Täze zawod öz keşbi bilen iň häzirki zaman äpet uly ylmy-tehniki barlaghanany ýatladýar. Bu ýerde ýokary basyşyň astynda hem-de örän uly temperaturalarda çylşyrymly himiki reaksiýa — gazyň suwuk uglewodoroda öwürmegi amala aşyrylýar. Zawodda çykarylýan sintetik ýangyç örän kämil ekologiýa häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Milli Liderimiziň ak pata bermeginde açylyp ulanylmaga berlen bu zawod ylmyň we tehnologiýanyň täze gazananlaryny özünde jemleýär.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, tebigy gazyň ägirt uly gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy orny eýeleýän ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň nebitgaz we senagat pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Energetika pudagynda däp bolan strategik gatnaşyklary saklamak bilen bir hatarda,Türkmenistan Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar, Günorta-Gündogar ugurlary boýunça energetika hyzmatdaşlygyny has-da giňeldýär. Şeýle-de, dünýäniň öňdebaryjy nebit-gaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Şolaryň esasynda köpugurly gaz geçiriji ulgamy döretmek, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy.
Milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, soňky on ýylda Türkmenistanyň önümçilik pudagyna ägirt uly möçberde döwlet we daşary ýurt maýa goýumlary gönükdirilip, milli ykdysadyýetimizi yzygiderli we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin pugta binýat döredildi. Şunda has iri maýa goýumlar nebit-gaz pudagyna, gazhimiýa senagatyna gönükdirilýär. Şeýle-de, ähli pudaklara öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga eksport ugurly we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän, eziz Diýarymyzda çykarylýan önümleriň hilini gowulandyrmaga gönükdirilen önümleri döretmäge, kiçi we orta telekeçiligi goldamaga, ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga hem-de durmuş ulgamyny ösdürmäge ilkinji nobatda üns berilýär.
Ylma we häzirki zaman tehnologiýalaryna daýanyp, ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Myrat TÄÇMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.