«Türkmenistan – ýaşamak üçin ajaýyp ýurt!»

Bu sözleri dürli ýurtlaryň wekilleri guwanç bilen aýdýarlar

Hormatly Prezidentimiziň jöwher zehininden dörän her bir täze kitaby Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watanydygyny aýdyň görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary halkymyz üçin gymmatly sowgada öwrülip, dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär.

Muňa milli Liderimiziň kitaplarynyň dünýäniň ençeme dillerine terjime edilmegi hem şaýatlyk edýär. Dünýä halklary hormatly Prezidentimiziň dürdäne kitaplary arkaly türkmen halky we onuň gadymy hem-de şöhratly taryhy, özboluşly milli medeniýeti, däp-dessurlary, edim-gylymlarydyr ruhy ýörelgeleri bilen ýakyndan tanyş bolýarlar. Arkadag Prezidentimiziň çapdan çykan «Ak şäherim Aşgabat», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi»,

«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly çuň mazmunly kitaplaryny okan daşary ýurtly okyjylar bu günki Türkmenistanyň bedew batly ösüşleriniň gözbaşynda halkymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, birek-birege ynanyşmak ýaly beýik ýörelgeleriniň durandygyna göz ýetirýärler. Gahryman Arkadagymyz öz mähriban halkynyň bu beýik ýörelgelerini täzeden galkyndyryp, diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde asudalygyň, parahatçylygyň, ynanyşmagyň höküm sürmegini gazanmak babatda abraýly halkara guramalarynyň belent münberinden ählumumy başlangyçlary öňe sürýär, ol başlangyçlar halkara jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar.

Dürli halklaryň wekilleri, ýurdumyzyň myhmanlary bilen Diýarymyzda ýa-da daşary ýurtlarda duşuşanymyzda, ata Watanymyza bolan aýratyn buýsanç duýgusyny başdan geçirýäris. Şonda dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan adamlaryň mähriban Diýarymyzyň bedew batly ösüş-özgerişlerine haýran galýandyklarynyň şaýady bolýarys.

Muňa 2020-nji ýylyň 24-nji fewralynda Birleşen Arap Emirlikleriniň iri işewürlik we maliýe merkezi bolan Dubaý şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan «TOPH gaz geçirijisi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gaz geçirijisidir» atly halkara maslahaty, şeýle hem Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumy şaýatlyk edýär.

«Hyatt Regency Dubai Creek Heights» kaşaň myhmanhanasynda geçirilen göçme forumyň işine dünýäniň 40-a golaý ýurdundan 100-den gowrak iri nebitgaz, hyzmatlar we konsalting kompaniýalarynyň, maliýe düzümleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň wekilleridir bilermenleri gatnaşdy. Olar hormatly Prezidentimiziň energetika howpsuzlygynyň ählumumy gurluşyny döretmäge, tutuş adamzat üçin derwaýys meseleleri çözmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlaryny doly goldaýandyklaryny bellediler. Halkara maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazaryna çykarmagyň köpugurly düzümini döretmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny guwanç bilen nygtadylar. olaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine kuwwatly itergi berjekdigini, parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge ýardam etjekdigini, bu giň gerimli taslamany amala aşyrmagyň barşynyň dünýäniň nebitgaz toparlarynyň wekillerinde uly gyzyklanma döredýändigini aýtmak bolar.

Halkara maslahata gatnaşyjylaryň köpüsi öň ýurdumyzda işlän adamlar bolup, Türkmenistanda zähmet çeken ýyllaryny, türkmen halkynyň gülerýüzlüligini we myhmansöýerligini guwanç bilen ýatladylar. Olaryň mähirli sözleri, Türkmenistana ýene-de gelip görmek islegi, bilelikde işlemek höwesi — bularyň ählisi ata Watanymyza, diňe ýurdumyzyň raýatlary üçin däl-de, eýsem, daşary ýurtly myhmanlar üçin hem abadan durmuşda ýaşamak we işlemek üçin ähli şertleri döreden hormatly Arkadagymyza bolan çäksiz buýsanç duýgusyny döretdi. Sebäbi ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ähli işleriň sakasynda döwlet Baştutanymyzyň zähmeti, taýsyz tagallalary, öz halkyna, onuň şöhratly taryhyna bolan beýik söýgüsi, halkymyzyň şu güni we geljegi baradaky aladalary durýar.


Gauşik MITRA,
Hindistanly işewür:

Hindistanly işewür Gauşik Mitra bilen söhbetdeşligimizde ol şeýle ýatlady: «Men Türkmenistanda iş maksady bilen birnäçe gezek boldum. Türkmenistanyň okgunly ösüşini öz gözlerim bilen gördüm, bu meni diýseň haýran galdyrdy. Dostlukly ýurduň özboluşly medeniýeti, ak mermerli paýtagty mende ýakymly täsirleri döretdi».


Olga LUNEWA,
Russiýanyň «ITE» halkara sergiler kompaniýasynyň wekili:

Russiýanyň «ITE» halkara sergiler kompaniýasynyň wekili Olga Lunewa bolsa şeýle gürrüň berdi:

— Men Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahata we sergä yzygiderli gatnaşýaryn. Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde 4-nji orny eýeleýän Türkmenistanyň uly kuwwaty bar. Türkmenistan — batly depginler bilen ösýän ýurt. Mundan köp ýyl ozal, paýtagtyňyza ilkinji gezek baranymda gören Aşgabat şäherim düýpgöter täzeçe keşbe giripdir. Häzir siziň paýtagtyňyz okgunly özgerip, şäherde örän owadan şaýollar, köçeler peýda boldy. Bilşime görä, Aşgabady ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler medeni-durmuş maksatly desgalary, tutuş ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmak arkaly amala aşyrylýar. Ajaýyp, täze, döwrebap jaýlar ençeme kilometrlere uzalyp gidýär. Munuň özi Türkmenistanyň gurply ýurt bolup, öz düzümini ösdürmäge uly möçberde düýpli maýa goýumyny goýýandygyny görkezýär. Türkmen raýatlaryna gözüm gidýär, olar uly, giň we ýagty jaýlarda ýaşaýarlar. Türkmenistan — ýaşamak üçin ajaýyp ýurt. Ýurtda ýakymly, asuda ýagdaý, düzgün-tertip höküm sürýär, çar ýanyň gözellige bürenip otyr. Bu ýerde sport bilen meşgullanmak, medeniýetli dynç almak üçin ajaýyp şertler bar.

Hawa, dünýäniň dürli künjeklerinde iş saparlary bilen bolanymyzda, daşary ýurtly işewürlerdir dürli kärdäki adamlaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň hem-de onuň ak mermerli paýtagtynyň gözelligi barada, bu ajaýyp ösüş-özgerişleriň sakasynda duran, «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä esaslanýan, ynsanperwer syýasaty amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň adyna aýdylýan hoşallyk sözleriniň köp gezek şaýady bolduk. Şeýle bagtyň eýesi bolmak duýgusy başyňy gök diredýär, mähriban Watanymyza bolan söýgiňi has-da belende galdyrýar.

Şeýle buýsançly pursatlar milli Liderimiziň daşyna mäkäm jebisleşen halkymyza geljekde hem bagtyýarlygyň, rowaçlyklaryň ýaran boljakdygyna ynamymyzy artdyrýar.

Ussa USSAÝEW,

«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/29480