Sanly we innowasion tehnologiýalaryň üstünlikleri

Eziz Watanymyzyň bagtyýar ýaşlarynyň häzirki döwrüň talabyna laýyk, umumadamzat we milli gymmatlyklarymyzyň esasynda kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi geljekki ösüşlerimiziň aýdyň beýanydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda üns merkezinde saklaýar. Zehinli ýaşlar, ýaş maşgalalar, ýaş alymlar, ýaş hünärmenler we telekeçiler döwletimiz tarapyndan aýratyn goldaw bilen gurşalýar. Ýaşlaryň jemgyýetdäki durmuş-hukuk ýagdaýyny kesgitlemegiň wajyplygy olaryň ýurduň ösüşinde adam maýasy hökmünde çykyş edýändikleri, jemgyýetiň innowasion ösüşini kesgitleýändikleri bilen baglanyşyklydyr.

Ykdysadyýetiň häzirki zaman ösüş şertlerinde ýaşlaryň gujur-gaýratynyň telekeçilik işjeňligine gönükdirilmeginiň aýratyn ähmiýeti bar. Dünýäniň ykdysady taýdan ösýän islendik döwletiniň mysalynda ýaşlar telekeçiliginiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenilmegi işewürlikde işjeň orny eýeleýär. Munuň özi zähmetsöýer telekeçileriň täze nesliniň kemala gelmegine, kiçi we orta telekeçiligiň innowasion häsiýetde ösdürilmegine, ýurduň maýa goýum çekijiliginiň ýokarlanmagyna, täzeçil pikirlenmeleriň, döredijilikli oýlap-tapyşlaryň artmagyna mümkinçilik berýändigi bilen düşündirilýär.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz 2021-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli geçirilen sergä hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Döwrebap bazar gatnaşyklaryny kemala getirmekde, ýurdumyzyň ykdysady we durmuş syýasatyny özgertmek boýunça işleri ýerine ýetirmekde hususy pudaga uly orun degişlidir. Şoňa görä-de, häzirki döwürde ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary netijeli ösdürmekde amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleriniň döredilmegi bilen döwlet goldawlaryndan peýdalanýan telekeçilerimiz ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mynasyp goşant goşýarlar» diýip nygtady.

Munuň özi ýaşlaryň milli ykdysady ösüşi üpjün etmekde döwrebap taslamalar we döredijilikli başlangyçlar bilen çykyş etmeklerine, dünýäniň telekeçilik tejribesiniň oňyn gazananlaryny ýurdumyzda özleşdirmeklerine giň mümkinçilikleriň döredilýändigi bilen birlikde, ýaşlar tarapyndan täze maglumat tehnologiýalarynyň özleşdirilmeginiň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm wezipeleriň hatarynda durýandygynyň aýdyň beýanydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiz tarapyndan ýaşlaryň telekeçilik işjeňliginiň artdyrylmagyny nazarlaýan dolandyryş-guramaçylyk, hukuk we maliýe goldawlaryň kanunçylyk esasda toplumlaýyn berkidilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

2021-nji ýylyň ýanwarynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy» kabul edildi. Maksatnamada kiçi hem-de orta telekeçilik işini alyp barýan ýaşlary goldamak arkaly olara döwrebap ösen sanly ulgam esasynda maglumat tehnologiýalary bilen üpjün edilen oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini nazarlaýan giň gerimli mümkinçilikleri döretmek meýilleşdirilendir. Bularyň ählisi ýaş nesliň intellektual, hünär we ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmäge, ýurdumyzyň ykdysady ösüşine täzeçil çemeleşýän ýaşlaryň jemgyýetde özlerini ykrar etmeklerine we dünýä bazarlaryna çykmaga zerur şertleri döredýär. Ynsanyň intellektual ukyby — onuň endikleriniň, ukyplarynyň jemi bolman, eýsem ol adam tarapyndan jemgyýetçilik ösüşine itergi berýän bilimleriň, öňdebaryjy tilsimatlaryň we hünäriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ulanylmagydyr.

Ählumumy ösüşiň gazananlarynyň halkara tejribesine esaslananyňda adamyň başarnygyny, onuň intellektual ukybyny tehnologik ösüş we sanly ulgama geçmek babatda netijeli özleşdirmegiň özeninden eriş-argaç bolup geçýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sanly ykdysadyýet dünýäde innowasiýalaryň bäsleşige ukyplylygyna we ykdysady ösüşe möhüm itergi beriji güýç hökmünde ornuny barha pugtalandyrýar. Sanly ykdysadyýetiň giňden ornaşdyrylmagy maglumatlaryň we tehnologiýalaryň elýeterliligine esaslanýan aragatnaşyk ulgamynyň we bu ugurda ýaş hünärmenleriň taýýarlanylmagynyň kämilligine baglydyr. Munuň özi, döwlet Baştutanymyzyň ýaşlar baradaky syýasaty hemişe üns merkezinde saklaýandygynyň, döwrebap ösüşlerden, dünýäniň öňdebaryjy ylmy-tehniki gazananlaryndan olaryň baş alyp çykmaklarynyň döwletimizde ileri tutulýandygynyň nobatdaky mysalydyr.

Häzirki zaman şertlerinde dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň ösüş tejribesi bilimi, ylmy çemeleşmäni, ýokary öndürijilikli maglumat tehnologiýalary, şol sanda pudaklary sanlylaşdyrmagy ileri tutýan innowasion ykdysadyýetiň wajypdygyny ykrar edýär. Innowasion ykdysadyýet bilimi, şeýle hem täze oýlap tapyşlary we tehnologiýalary jemgyýetiň dürli pudaklarynda peýdalanmaga esaslanýar.

Umuman, bagtyýarlyk döwrüniň döwrebap ykdysady gadamlaryna ýaşlaryň telekeçilik işjeňliginiň mynasyp goşant goşmagy döwletimiz tarapyndan döredilýän ähli mümkinçilikleri netijeli peýdalanmaklary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu bolsa ýurdumyzyň kiçi we orta telekeçiliginiň, innowasion ykdysady ösüşiň binýadyny berkitmek bilen birlikde, ekologiýa kadalaryna laýyk gelýän haryt bolçulygyna, ýaşlaryň bazar gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna, ýurdumyzda haryt dolanyşygynyň ýokarlanmagyna giň mümkinçilikleri açýar.

Welimyrat ÖWEZOW,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/28574