Etrap merkeziniň içinden geçip, sag egniňe öwrüleniňde, aýna ýaly tekiz ýol Garnas geňeşliginiň üstünden eltýär. Edil birki ýyllykda-da bu ýerler giden boşluk meýdandy. Häzir welin, ol ýerde Amyderýanyň ýakasyny jähekläp oturan döwrebap ýyladyşhana toplumy peýda bolupdyr. Has anyk aýtsak, ol ýerde häzir her biri 3,5 sotuk meýdanda ýerleşýän ýyladyşhanalaryň 38-si bar. Olaryň 27-sinde ekin ekilip, doly güýjünde hasyl ýygnalýar. Galan 11-si-de ekin ekmäge taýýar edilip ýör.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Baýpolat Ergeşowyň hususy eýeçilikde gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek maksady bilen ýyladyşhana toplumyny gurmak üçin bu ýerleri saýlap almagynyň öz sebäbi bar. Kakasy Ergeş Ýakubow uzak ýyllar «Dostluk» daýhan birleşiginde agronom bolup işlänsoň, onuň daýhançylykdan tejribesi ýetikdi. Şonuň üçin ol ýyladyşhana şertlerinde gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmegi maksat edinende, mes topragy göz öňünde tutupdy. Derýa ýakasynyň topragy ýumşak bolansoň, oňa sähel ideg etseň, bol hasyl alyp bolýar. Özi ýaly işjanly daýhanlaryň onusyny ýanyna alyp, işe başlan Baýpoladyň yhlasy ýerine düşdi. Olaryň mes topraga synag esasynda eken pomidorlary, hyýarlary we bulgar burçy ilkinji möwsümden bol hasyl berip başlady. Ikinji ýylda alnan hasyl öňküden biraz köp boldy. Soňra hasyllylyk ýyl-ýyldan artyp, gazanylýan ýokary netijeler ene topraga yhlas edýän telekeçileriň öňküden-de höwesli işlemegine itergi berdi.
Ynha, indi dört ýyl bäri Köýtendagyň bal tagamly gök we bakja önümleri diňe bir Lebap welaýatynyň däl, eýsem, paýtagtymyzyň hem bazarlarynda halkymyza terligine, elýeterli bahalardan hödürlenýär. Olara müşderiler tarapyndan islegiň barha artmagy bilen baglanyşykly telekeçi Baýpolat Ergeşow şeýle gürrüň berdi:
— Gurply toprakda, ýagny tebigy ýagdaýda ekilen gök-bakja ekinleri has tagamly hem ýokumly bolýar. Onda-da Amyderýanyň süýji suwundan ganyp ýatan meýdanlarda ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň tagamy has üýtgeşikdir. Idegini ýetirip dursaň, bu ýerler hasylyny bolluk bilen eçilýär. Ýyladyşhanalaryň 12-sinde pomidor, 5-sinde hyýar, galanlarynda hem bulgar burçuny ösdürip ýetişdirýäris. Geçen ýylyň sentýabr, oktýabr aýlarynda ekilen gök önümler ýylyň aýagyna ýetişip, ýygnalan hasyl Täze ýylyň baýramçylyk saçaklarynyň berekedine bereket goşdy. Pomidordan 1 tonna, hyýardan 8 tonna golaý hasyl aldyk. Bulgar burçundan alnan hasyl hem ep-esli boldy. Kakam bize topraga yhlas etmegi, ondan ýokary hasyl almagyň inçe tärlerini öwredipdi. Onuň: «Topraga näçe köp dökün berseň, şonça-da gurplanyp, hasyly köp berýändir» diýenleri gulagymda galypdyr. Şonuň üçin her möwsümde hasyly ýygnap alan dessimize, ýagny iýun-iýul aýlarynda ýyladyşhanalaryň her birine toprak bilen garyp, 30 tonna golaý ýerli dökün, ýagny ders berýäris. Ol geljek ýylyň hasylyna doly ýetýär.
Pomidoryň «Ibn Sina» diýlip atlandyrylan görnüşini ekýäris. Bu görnüş topraga ekilende hasyly köp berýär. Galyberse-de, ol toprak arkaly gelip biläýjek zyýan berijilere durnukly. Onsoňam, daýhançylykda «Ekiniňki suw bilen» diýen aýtgy-da bardyr. Jeýhunyň süýji suwundan ganan topragyň hasyly görseň, düzüm-düzümdir, tüweleme, ýygnap ýetişseň, bişip ýetişýär. Bu — bereketden nyşan. Ony döretmek üçinem şert gerek. Hormatly Prezidentimiz biz, telekeçilere oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ähli ýeňillikli şertleri döredip berdi. Bizem öz gezegimizde yhlasly işläp, döwlet Baştutanymyzyň aladalaryna mynasyp zähmetimiz bilen jogap bermäge çalyşýarys.
Halkymyzy ýylyň ähli paslynda ýokuma baý, saglyk üçin peýdaly gök we bakja önümleri bilen üpjün etmäge ähli şertleri döredip, il-günüň saglygy, ak bazarlarymyzyň bolçulygy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Merdan ORAZOW.