Şu gije — mukaddes Gadyr gijesi. Gadyr gijesine «Gijeleriň soltany» diýläýmesi-de bar. Ýylyň iň arzyly, iň mukaddes gijesinde etjek doga-dilegleriňiz kabul bolsun, eziz ildeşler!
Gadyr gijesi bilen bagly düşünjeler çagalykdan aňymyzda galypdyr. Ýöne çagalygyň dünýäsinde Gadyr gijesinde uklaman oturyp bilseň, Hydyr atany göräýmegiň mümkindigi, gijäniň belli bir pursadynda tutan zadyň tokga altyna öwrüljekdigi baradaky özümiziň hem doly düşünmeýän pikirlerimiz aňymyza ornaşan hem bolsa, bu gijänyň asyl ýakymynyň başga-başga zatlardadygyna aňymyz goýalyşansoň göz ýetirdik. Şeýle-de bolsa, Gadyr gijesi baradaky çagalyk we ululyk düşünjelerimizi baglanyşdyrýan bir umumylyk bar. Ol hem şu gijä mahsus ýagşy niýetler. Aslynda, «gadyr» hem-de «ýagşy niýet» düşünjeleriniň arasynda bir baglanyşyk bar ýaly görünýär. Gadyr goýýan adamyňa hemişe ýagşy niýetli bolýarsyň, ýagşy niýetli adamyň gadyry gözüňde hemişe başgaça.
Dini çeşmelerde Jebraýyl perişdäniň Gurhanyň ilkinji bäş aýadyny hut Gadyr gijesinde Muhammet pygambere ýetirendigi aýdylýar. Diýmek, Gadyr gijesi asmandan ýere nuruň inmegi bilen başlapdyr. Şol nur soň sözleriň çygryna sygman, adamlaryň ýüregine çenli ornan bolmaly. Bu gijede adamlaryň biri-birine sylag-hormaty, sarpasy has üýtgeşik.
Gadyr gijesine ählimizem garaşýarys welin, durmuşyň ýollarynda ýalňyşan-ýaňylan bendileriň maşgalalarynyň garaşyşy has başgaça. Her ýyl Gadyr gijesinde Gahryman Arkadagymyz sahawatdan püre-pür ýüregi bilen olaryň ýüzlerçesiniň günäsini geçýär. Şu ýyl hem şeýle boldy. Milli Liderimiziň gol çeken sahawatly resminamasy bilen, iş kesilen bendileriň köp sanlysynyň maşgalalaryna täze bagtyň nury çaýyldy. Hormatly Prezidentimiz azatlyga goýberilenleriň ykbalyna-da nur çaýdy. Bu nur olary mundan beýläk Watanymyz, halkymyz, milli Liderimiz üçin halal, ak ýürekden zähmet çekmäge ruhlandyrar.
Eýýäm ençe ýyldan bäri baharyň goýnunda düşleýän Gadyr gijesi baradaky pikirlere soňlanma ýok. Gadyr gijesinde Arkadag Prezidentimiziň sahawaty bilen nur çaýylan ojaklardaky ýakymy göz öňüne getirip görüň! Bu sahawat adamlara täze bir ömri bagyşlaýar ahyryn!
Şu gezekki Gadyr gijesiniň ýene bir aýratynlygyna üns berip görüň! Ol yzyna tirkäp, Ýeňiş gününi alyp gelýär. Diýmek, sahawat gadyry, gadyr bolsa ýeňşi döredýär. Bu zynjyr ynsan ömrüne-de mahsus dälmi, eýsem?! Goý, her birimiziň ömrümizi şu ajaýyp sazlaşyk bezesin!
Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».