Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bütin dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň hatyrasyna alnyp barylýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriň, döwrebap özgertmeleriň netijesinde bu gün ata Watanymyzyň, eziz halkymyzyň abraý-mertebesi barha belende galýar. Ösüş-özgerişliklerini taryhyň gadymy gatlaryndan alyp gaýdýan ata Watanymyz häzirki wagtda syýasy, ylym-bilim babatda öňe gitmek bilen, dünýä jemgyýetçiliginde ösýän döwlet hökmünde ykrar edilýär.
Ähli amatlylyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, durmuş maksatly iri kärhanalary, häzirkizaman şäher gurluşyk gurşawyny öz içine alýan döwrebap etraplar, şäherlerdir obalar kemala gelýär. Nebit-gaz, oba hojalyk, gurluşyk, energetika, medeniýet ulgamlarynda hem Türkmenistanyň ykdysady taýdan durnukly depginler bilen ösýän hem-de ynamly öňe barýan berkarar döwletdiginiň subutnamasy bolan toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe beýik zähmet ýeňişlerini gazanmak arkaly ösüşleriň täze belent sepgitlerini eýeleýän mähriban halkymyz eziz Diýarymyzyň beýik geljeginiň hatyrasyna döredýär, gurýar. Garaşsyzlyk ýurdumyzyň demokratik, dünýewi we hukuk döwlet hökmünde dünýä bileleşigine ynamly goşulmagyna mümkinçilik berip, taryhy hem-de merdana halkymyzyň dostluk, parahatçylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini rowaçlandyrdy, bagtyýar hem-de abadan durmuşy bagyş etdi. Bu gün milli Liderimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda Garaşsyzlygymyzy pugtalandyrmak bilen birlikde milli ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylmagyna we senagatlaşdyrylmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň, hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna ýardam berýän syýasy, ykdysady, medeni özgertmeler, tutumly maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Dünýewi, hukuk we demokratik döwletiň syýasy, ykdysady hem-de ruhy esaslary döredildi. Ata Watanymyz ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly we hukuk taýdan mizemez döwlete öwrüldi.
Serdar IÝAMBERDYÝEW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň welaýat müdirliginiň Kerki etrap, şäher bölüminiň uly döwlet bellige alyjysy, 2-nji derejeli ýurist.