Innowasiýalar – önümçilige

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Bilim ministrliginiň guramagynda sanly ulgam arkaly «Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna hem-de «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna bagyşlanan forumyň işi berkarar döwletimiziň okgunly innowasiýa ösüşinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň gazananlarynyň ähmiýetini beýan etmekden ybarat boldy.

Ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, alymlaryň we hünärmenleriň täze işläp taýýarlamalaryny milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda netijeli peýdalanmak meseleleri hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Ýurdumyzyň tehnologiýa binýadynyň döredilmegi, sanlylaşdyrmak, informatizasiýa, elektron tehnikasy, senagat biotehnologiýasy ýaly ugurlaryň ösdürilmegi döwlet innowasiýa syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda durýar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ylym-bilim işlerini ösdürmek, häzirki zaman işläp taýýarlamalary we innowasion tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak, giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek aýratyn möhümdir. Bu we beýleki meseleler şu halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürlenildi.

Halkara forum ylym-bilim ulgamynyň ýolbaşçylaryny, alymlary, dürli ulgamlaryň hünärmenlerini, ýokary okuw mekdepleriň mugallymlaryny we talyplaryny bir ýere jemledi. Sanly ulgam arkaly maslahata dünýäniň ýigrimi ýurdundan iri ylmy merkezleriň we ýokary okuw mekdepleriň, ylmy-barlag edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. Munuň özi giň hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmagyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga ýardam berdi.

Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda amatly içerki syýasy ýagdaýyň kemala gelmeginde hormatly Prezidentimiziň aýratyn ornuny biragyzdan bellediler, munuň özi ylmy barlaglaryň işjeňleşdirilmegine, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär.

Ýurdumyzyň ylym ulgamy dünýä derejesinde ösüşe eýe boldy, onuň kanunçylyk we ylmy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça barlag işlerini geçirmek, ýaş alymlary hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimize maslahaty guramaga döredilen mümkinçilik, ylym-bilim ulgamynyň özgerdilmegine, dünýä giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna we bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna ägirt uly üns berýndigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27993