Döwletimiziň milli ykdysadyýetini has-da döwrebaplaşdyryp, ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ylmyň soňky gazananlaryny, döwrebap ösen innowasion sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar.
Sanly ykdysadyýete «Internet arkaly amala aşyrylýan ykdysadyýet» diýlip hem düşünilýär. Şeýle-de, innowasion sanly maglumat — aragatnaşyk tehnologiýalary, ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary özünde jemleýän bu sanly elektron ulgama «Dördünji senagat rewolýusiýasy» diýlip hem aýdylýar.
Ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň kabul eden Kararlaryna laýyklykda, 2017-nji ýylda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», 2018-nji ýylda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem-de 2020-nji ýylda «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasy» tassyklanyldy.
Şeýle hem milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, «Türkmenistanda 2019 —2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň kabul eden Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy» tassyklanyldy.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda talyp ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, olaryň geljekde öz işleriniň hünär ussatlary bolup ýetişmegi üçin taýsyz tagallalar edýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Aýna NOWRUZOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.