Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň gurluşyk pudagyny ösdürmek hem-de gurluşyk önümçiliginiň kuwwatyny ýokarlandyrmak babatdaky tagallalaryna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem saldamly goşantlaryny goşýarlar. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bäherden etrap birleşmesiniň başlangyjy esasynda bu etrabyň Garagan geňeşliginiň çäginde ýerleşýän gazbeton we gury gurluşyk garyndylaryny öndürýän zawodlar toplumynda bolanymyzda anyk göz ýetirdik.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ukyply kärdeşler» hususy kärhanasyna degişli bu zawodlar toplumynyň işe girizilenine sanlyja ýyl boldy. Şeýle-de bolsa, gürrüňi edilýän innowasion tehnologiýaly zawodlar toplumy daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk materiallarynyň ornuny tutýan, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply gurluşyk önümlerini öndürmekde uly meşhurlyga eýe boldy. Bu ýerde öndürilýän gazbeton önümleri we gury gurluşyk garyndylary ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.

Zawodlar toplumy bilen tanyşlygymyzy çig mal saklanýan bölümden başladyk. Ýokary talaplara laýyklykda enjamlaşdyrylan bu bölümde degişli gurluşyk önümlerini öndürmek üçin gerek bolan sement, kwars çägesi, üwelen gips, ýakylmadyk hek saklanylýar hem-de önümçilik işinde ulanylmaga taýýarlanylýar. Hünärmenleriň gürrüň bermegine görä, önümçilik işinde ýerli çig mal ulanylýar. Kwars çägesi, sement, hek we gips ýaly çig mal ýurdumyzyň çägindäki ýataklardyr kärhanalardan gelip gowuşýar.

Önümçilik bölümlerinde bolanymyzda, işleriň awtomatik usulda dolandyrylýandygyna we olara kompýuterde gözegçiligiň amala aşyrylýandygyna göz ýetirmek örän ýakymly boldy. Germaniýa, Türkiýe döwletleriniň iň öňdebaryjy enjamlarynyň giň mümkinçilikleri we amatlyklary işleriň sazlaşykly alnyp barylmagyna şert döredýär.

Ýyllyk kuwwaty 70 müň tonna gury gurluşyk garyndylaryny, 180 müň kubmetre barabar gazbeton önümlerini öndürmäge niýetlenen bu zawodlar toplumynyň önümleri içeri we daşary bazarlarda uly islegden peýdalanylýar. Munuň şeýledigine diňe geçen ýylyň özünde bu ýerde öndürilen önümleriň aglaba böleginiň daşary ýurtlara eksport edilmegi hem şaýatlyk edýär. Zawodda öndürilýän dürli ölçegdäki gazbeton bloklaryna we keramiki plitalar üçin ýelimlere, daşky we içki gruntlama şpaklýowkasyna, sepleri doňdurýan garyndylaryna we beýleki gurluşyk önümlerine islegiň has-da uludygyny bellemek gerek. Bu önümleriň öndürilişiniň yzygiderli artmagy hem şeýle diýmäge esas berýär. Dünýä standartyna laýyk gelýän şol önümler ýörite gaplara gaplanyp, sarp edijilere ýetirilýär.

Täze taryhy döwrümiziň häzirki günlerinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň çäginde giň gerim alan gurluşyk işlerinde gürrüňi edilýän zawodlar toplumynyň önümleri giňden ulanylýar. Bu ýerde öndürilýän önümler bahasynyň elýeterliligi, hiliniň ýokary bolmagy bilen tapawutlanýar. Munuň özi ýerli çig malyň hasabyna öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar.
Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz. SURATLARDA: zawodlar toplumynyň işinden görnüşler. Surata düşüren awtor.