Maksat — özgertmeler ýoly bilen öňe gitmek

Ýyllar ýyllardan zyýada. Sebäbi tamamlanýan her bir ýyl halkymyzyň çekýän tutanýerli zähmetiniň netijesinde gazanylýan uly-uly ösüşlere, düýpli özgerişliklere, ýatda galyjy taryhy wakalara beslenýär. Şonuň netijesinde Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde gülläp ösýän, ilaty abadan we eşretli durmuşda ýaşaýan ýurt hökmünde giňden ykrar edilýär. Olar barada geçen anna güni hormatly Prezidentimiziň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde jikme-jik durlup geçildi. Onda 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz giňişleýin mejlisde eden çykyşynda dünýä ykdysadyýetinde ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy sebäpli ýüze çykan kynçylyklara garamazdan, ýurdumyzda geçen ýylda ýokary ösüş depgininiň saklanyp galandygyny kanagatlanma bilen belledi. Halkymyzyň tutanýerli zähmet çekmegi netijesinde milli ykdysadyýetde tamamlanan ýylda düýpli ilerlemeler üpjün edildi: jemi içerki önümiň ösüşi 5,9 göterime barabar boldy. Oňyn ösüşler ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda bolup geçdi. Şeýle guwandyryjy görkezijiler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga, ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini gazanmaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmaga gönükdirilen çuňňur oýlanyşykly maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde gazanyldy.

Ýetilen belent sepgitler, gazanylan üstünlikler geljekki ösüşlere badalga, özgerişliklere pugta binýat bolup durýar. Olara daýanmak arkaly geljegiň has jogapkärli wezipeleri çözülmelidir. Döwlet Baştutanymyz olar barada giňden durup geçdi. Döwletimiziň uly möçberli maýa goýum serişdeleri ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, halkymyzyň bolelin durmuşyny üpjün etmek ýaly wezipeleri çözmäge gönükdirildi. Tamamlanan ýylda ýurdumyz boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna umumy bahasy ABŞ-nyň 8 milliard dollaryna barabar bolan dürli maksatly iri desgalaryň 45-si ulanylmaga berildi. Olaryň birnäçesiniň biziň welaýatymyzda desgalandyrylandygy bellärliklidir. Şeýle binalaryň arasynda ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly binalar agdyklyk edýär. Şu ýerde ýene bir möhüm maglumaty mysal getirmek ýerlikli bolar. Oba milli maksatnamasynyň hereket edip başlan döwründen, ýagny, 2008-nji ýyldan häzirki wagta çenli welaýatymyzda ilatyň ýaşaýşyny düýpli gowulandyrmaga, obadyr şäherlerimiziň tanalmaz derejede özgermegine getiren möhüm desgalaryň 220-siniň gurlup, ulanylmaga berlendigi aýratyn guwandyryjy ýagdaýdyr.

Häzirki döwürde hem welaýatymyzda ýokarda ady agzalan maksatnamanyň çäginde ýurdumyza ösüş, ilata abadançylyk getirjek täze desgalaryň birnäçesiniň gurluşygy ýokary depginlerde dowam edýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji aýynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde welaýatymyzda olaryň birnäçesiniň açylyş dabaralary bolup geçdi. Eýýäm ýakyn geljekde bu buýsandyryjy sanawa Kerki şäherindäki täze howa menzili, welaýat merkezinde gurulýan «Türkmeniň ak öýi» binasy, Çärjew etrabynyň çäginde gurulýan kuwwatly elektrik stansiýasy we beýlekiler goşular. Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden belleniljek ýylynda bolup geçýän şeýle şatlykly wakalar Gahryman Prezidentimiziň gurmak, döretmek ýoluny ynamly ýöredip, ata Watanymyzy röwşen geljege alyp barýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup dünýä ýaň salýar.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen tutumly işler ilatyň saglygyny goramak, raýatlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak, olary ýokary netijeli sporta we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketine giňden çekmek, milletimiziň kalby hasaplanylýan medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek hem-de dünýä ýaýmak ýaly möhüm işler bilen sazlaşykly utgaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň dünýäde parahatçylygy, özara ynanyşmagy pugtalandyrmaga, döwletleriň arasynda köpugurly, deňhukukly hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen parasatly daşary syýasaty halkara jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar.

Tamamlanan ýylda, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatymyzda hem ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ilerlemeler gazanyldy. Pagtadyr bugdaý, gökdür bakja önümlerini we beýleki ekerançylyk, maldarçylyk önümlerini öndürmegiň meýilnamalary berjaý edildi. Bu uly üstünlige daýhan birleşikleri bilen birlikde hususy önüm öndürijiler saldamly goşant goşdular. Olaryň bazarlarymyzy zerur azyk önümleri we hyzmatlar bilen üpjün etmekdäki paýynyň barha artýandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Oba zähmetkeşleri şanly ýylda hem yhlasly zähmet çekip, nygmat bolçulygyny döretmek, ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny ygtybarly üpjün etmek işine ruhubelentlik we maksada okgunlylyk bilen gatnaşýarlar.

Giňişleýin mejlisde döwlet Baştutanymyz döwlet durmuşynyň möhüm ugurlaryna degişli resminamalaryň birnäçesine gol çekdi we olaryň berjaý edilmegini degişli ýolbaşçylardan talap etdi. Ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda agzybirlik bilen zähmet çekilmegi şanly ýylyň rowaçlyklara beslenmeginiň berk kepili bolar.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,

ýörite habarçymyz.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20814