Bagtyýarlyga beslenýän eziz Diýar

Ynsanyň kalbyny, göwünleri gülledýän döwürdir. Şu bagtyýar döwür hakynda, parahatçylykda gülläp ösýän Arkadagly Watanymyzyň ösüş-özgerişleri barada oýlananymda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň «Döwrüň bilen, bagtyýar biz Arkadag!» diýen setirleri şol bada serime doldy. Biz şahyryň nygtaýşy ýaly, sözüň doly manysyndaky Arkadagly döwrüň bagtyýar ýaşaýjylarydyrys. Bu bagtyýarlygy duýup, görüp, wasp edip ýaşamak biziň her birimiziň jana-jan borjumyzdyr.

Tereň derýalaryň joşup-joşup akyşy ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bat beren özgertmeleri bilen ösüşlerden-ösüşlere sary galkynyp, bütin dünýä ýaň salan üstünlikleri gazandy. Ýurdumyzyň ähli pudaklary gülläp ösdi, Watana, milli Liderimize bolan söýgi bilen galkynan raýatlarymyzyň gaýnap joşan zähmetinden tanalmaz derejede özgeren şäherdir oba-kentlerimiz göreni haýrana goýdy. Elbetde, şeýle ösüşleri bagyş eden jebisligiň özeninde “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgäniň bardygyny turuwbaşdan nygtamalydyrys. Bu ajaýyp taglymaty mertebesi belent Gahryman Arkadagymyz döwlet Baştutany wezipesine girişen ilkinji günlerinde öňe sürüpdi. Halkymyzy eşretli durmuşa eýe edip, ýurdumyzy özgerden hormatly Prezidentimiziň bu taglymaty durmuşda giňden öz beýanyny tapdy.

Bu joşgunly zähmete galkynyşyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda has-da rowaçlanjakdygyna berk ynanýarys. Şol üstünliklere ýetirjek zähmete ruhlandyrjak hormatly Prezidentimiziň halkymyzy has eşretli durmuşda ýaşatmak baradaky aladalara ýugrulan beýik işleridir. Halkymyzyň arzuwlap ýeten mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyny ýokary derejede geçirmäge bagyşlanyp guralýan bäsleşikler we çärelerdir. Şonuň bilen birlikde ýetilen belent sepgitleriň täze üstünliklere ruhlandyrýan badalgasydyr. Halkymyzyň hormatly Prezidentimize, eziz Watanymyza bolan joşgunly söýgüsidir, sarpasydyr, hormatydyr.

Elbetde, adamlary ýaşaýan zamanasyna, zähmete ruhlandyrmakda medeniýete we sungata aýratyn orun degişlidir. Muňa hormatly Prezidentimiziň “Medeniýet halkyň kalbydyr” diýen paýhasly jümlesiniň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Ruhlandyryjy güýç bolan medeniýetiň we sungatyň eziz ýurdumyzda gülläp ösmeginde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bardyr. Sungata aýratyn sarpa goýýan milli Liderimiz onuň ähli ugurlarynyň sazlaşykly ösmegine, halkymyzyň uly ruhubelentlige galkynmagyna ýokary derejede üns berýär. Ýurdumyzda döwlet derejesinde geçirilýän döredijilik bäsleşikleriniň ýaş zehinleri ýüze çykarmakda uly ähmiýetiniň bardygyny yzygiderli nygtaýar. Bu ulgamyň gülläp ösýän Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ýaýmakda hem aýratyn ornunyň bardygyny belleýär.

Ýakynda hormatly Prezidentimiz medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Şonda milli Liderimiz milli gymmatlyklarymyzy, medeni mirasymyzy gorap saklamakda, dünýä ýaýmakda, ýaş zehinleri ýetişdirmekde medeniýet ulgamyna örän uly ornuň degişlidigini ýene bir ýola nygtady. Halkyň kalby bolan medeniýetiň adamlaryň aň-düşünjesini ýokarlandyrmakda, işjeňligini artdyryp, agzybirligini berkitmekde, köpçüligi beýik işlere galkyndyrmakda uly güýje eýedigini aýtdy. Şonuň ýaly-da, ýazyjy-şahyrlaryň tolgundyryjy sözleriniň, bagşy-sazandalaryň kalbyňa ornaýan şirin mukamlarynyň, suratkeşleriň täsirli şekilleriniň hiç kimi biparh goýmaýandygyny bellemek bilen, biziň millet derejesinde gazanan üstünliklerimiz, ýeten sepgitlerimiz medeniýetimiziň ösüşi bilen aýrylmaz baglydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ösüş-özgerişlerimiziň waspçysy, ony bütin dünýä ýaýmakda uly orny eýeleýän medeniýet ulgamy we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda has-da uly borçlara beslenýär. Ýagny, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygyny we beýleki döwlet derejesinde bellenilýän baýramçylyklary ýokary derejede geçirmekde hem-de Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny çeper dilde makalalaryň, goşgularyň, publisistik eserleriň, aýdym-sazlaryň, garaz, sungatyň ähli görnüşleriniň üsti bilen wasp etmekde netijeli işleriň durmuşda beýanyny tapjakdygyna ynanýarys. Muňa eýýämden bu ugurda yglan edilen bäsleşikler-de, meýilnamalaýyn çäreler-de şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda kämil hünärmenleriň ýetişmegine hem aýratyn üns berilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ösdürmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Hut şonuň netijesinde milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär. Sanly bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Ol elektron maglumat binýadynyň ähli ugurlarynyň üpjünçiligini öz içine alýar. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, geçen ýyl Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi döredildi. “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy” hem-de “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” tassyklanyldy.

Elbetde, on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň ýurdumyzyň bilim ulgamyny uly üstünliklere eýe edendigini-de aýratyn nygtamalydyrys. Şeýle-de tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda bilim hem-de terbiýeçilik işlerine okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň gazananlary, innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Bilim edaralarynyň resmi web-saýtlaryny we elektron resminama dolanyşygy ulgamyny döretmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylmagy ýurdumyzyň bilim ulgamynyň geljekde hem uly üstünliklere ýetjekdigine ynam döredýär. Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň:

Watanyň ýetendir şöhrat-şanlyga,
Öz aýry däldigiň bir ten-janlyga.
Il-günüň söýgüsi mähribanlyga,
Ygraryňdyr, yhlasyňdyr, Arkadag 
—  diýip nygtaýşy ýaly, Watanymyzyň ýeten ösüş-özgerişleri hormatly Prezidentimiziň ady bilen, eziz Watanymyza bolan beýik söýgüsi, yhlasy, ygrary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Ogulkeýik PAŞŞYÝEWA,

“Mugallymlar gazeti”.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20888