Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilip geçiljek şu ýylda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklary netijeli işlemegini dowam edýärler. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen 2020-nji ýylda hem guwandyryjy netijeler gazanyldy. Bular barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen hepdäniň anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hem jikme-jik gürrüň edildi. Onda Hökümetiň 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.
Bellenilişi ýaly, jemi içerki önümiň ösüşi geçen ýyl 5,9 göterime, şol sanda senagat pudagynda 3,3, söwdada 15,1, ulag we aragatnaşyk pudagynda 4,7 göterime barabar boldy.
Göz öňünde tutulan maksatnamalaryň çäklerinde gurluşyk pudagyna 38 milliard amerikan dollaryndan hem köp maýa goýumlary goýuldy. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna bahasy 8 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 45 sany iri önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalar ulanmaga berildi.
Şu ýylyň ýanwar aýynda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 178,9 göterim we çykdajy böleginiň meýilnamasy 83,1 göterim ýerine ýetirildi.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Aşgabat şäherini mundan beýläk-de okgunly ösdürmek hem-de abadanlaşdyrmak meselesi barada hem aýratyn durlup geçildi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň ýanwar aýynda Aşgabat şäher häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 114,4 göterim berjaý edildi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şanly seneleri, ýagny, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramlaryny ýokary derejede belläp geçmelidiris. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan taýýarlyk işleri bilen gyzyklandy.
Hormatly Prezidentimize häzirki döwürde şanly seneler mynasybetli degişli taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy barada hasabat berildi hem-de medeni maksatnama taýýarlanyp, onuň çäklerinde dürli derejedäki döredijilik bäsleşikleriniň, aýdym-saz agşamlarynyň, çeper okaýyşlaryň, festiwallaryň we sergileriň guraljakdygy habar berildi. Meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda taýýarlyk işleri giň gerime eýe boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu seneleriň ak mermerli paýtagtymyzyň durmuşynda aýratyn möhüm orun eýeleýändigini belledi. Meýilleşdirilen dabaralarda hem-de çärelerde ýurdumyzyň, aýratyn-da, Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten derejesi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň okgunly ösüşi we şäher ilatynyň ajaýyp durmuşy öz beýanyny tapmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
«Aşgabat».