Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatly binýadynyň döredilen döwrüdir. Şu ýyllarda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny innowasion esasda diwersifikasiýalaşdyrmak babatda düýpli işler alnyp baryldy. Innowasion ösüş diňe bir senagaty däl, eýsem, agrosenagat toplumyny, ulag we kommunikasiýa ulgamlaryny, gurluşygy, söwda we beýleki hyzmat pudaklaryny gurşap aldy. Häzirki wagtda innowasion ösüşiň täze tapgyry — sanly ykdysadyýete geçmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Nebitgaz toplumynda uglewodorod serişdeleriniň, ilkinji nobatda, tebigy gazyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmakda düýpli işler durmuşa geçirildi. Häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşyklary hem bu ugurda ýola goýlan tutumly işleriň dowamydyr.
Dünýä bazarlaryna amatly ugurlar boýunça çykmak maksady bilen, ulag we kommunikasiýa infrastrukturasyny kämil derejede ösdürmekde halkara ähmiýetli taslamalar amala aşyryldy. Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşendigini nazara alyp, üstaşyr ulag geçelgeleri, logistika merkezleri döredilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak, öndürilýän önümleri daşary ýurtlara dürli ugurlar bilen çykarmak üçin ähli ulag görnüşleri innowasion esasda ösdürilýär. Gurlup, ulanmaga berlen halkara aerowokzal toplumlary, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty, Demirgazyk — Günorta demir ýol geçelgesi bu işleriň naýbaşylarydyr. Aragatnaşyk ulgamynda ýetilen belent sepgitleriň biri-de, Türkmenistanyň «TürkmenÄlem 52oE» aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy bilen baglydyr. Internet we öýjükli telefon aragatnaşyk abonentleriniň sany yzygiderli artýar. Häzirki wagtda döwrebap awtobanyň gurluşygy alnyp barylýar. Sebitde durnukly ulag ulgamyny döretmekde Birleşen Milletler Guramasy bilen ýygjam gatnaşyklar ýola goýuldy. Türkmenistanyň başlangyçlary bilen, Baş Assambleýa tarapyndan üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça Kararnamalaryň üçüsi kabul edildi. Bu sepgitleriň gazanylmagy Durnukly ösüşiň «Barha ilerleýän, hemme zady öz içine alýan we durnukly ykdysady ösüşe, hemmeleriň önümçilikde meşgul bolmagyna hem-de mynasyp işde işlemegine ýardam bermek», «Durnukly infrastrukturany döretmek, hemme zady öz içine alýan durnukly senagatlaşma we innowasiýalara ýardam bermek», «Hemmeler üçin arzan, ygtybarly, durnukly we döwrebap energiýa çeşmeleriniň elýeterliligini üpjün etmek» maksatlarynyň amala aşyrylmagynda öz beýanyny tapýar.
Ýurdumyzyň azyk üpjünçiligini berkitmek maksady bilen, ekerançylykda azyklyk ekinleriň meýdanlaryny giňeltmek, hasyllylygy ýokarlandyrmak, guşçulygy, iri şahly maldarçylygy ösdürmek babatda düýpli işler alnyp barylýar. Bu ösüşler ýer gatnaşyklaryny, agrar bölekde haryt öndürmegiň eýeçilik görnüşini we dolandyrylyşyny kämilleşdirmek esasynda ýola goýulýar. Agrosenagat toplumy bir bitewi hojalyk mehanizmine öwrülýär. Onda ýyladyşhanalaryň, azyk önümlerini uzak möhletleýin saklamaga niýetlenen sowadyjy ammarlaryň, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän önümçilikleriň gurluşyklary utgaşykly alnyp barylýar. Türkmenistan diňe bir içerki azyk howpsuzlygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, beýleki ýurtlar üçin bu maksadyň amala aşyrylmagyna saldamly goşant goşmaga mümkinçiligi bolan ýurtlaryň hatarynda durýar. Bu işleriň netijesinde, Durnukly ösüşiň «Açlygy ýok etmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we iýmitlenmegi gowulandyrmak hem-de oba hojalygynyň durnukly ösüşine ýardam bermek» maksadyny amala aşyrmak boýunça düýpli öňegidişlikler gazanylýar.
Ýurdumyzda gysga döwrüň içinde ykdysadyýetiň hususy bölegini maksatnamalaýyn esasda ösdürmegiň berk binýady döredildi. Munuň netijesinde, jemi içerki önümiň ösüşinde ykdysadyýetiň hususy böleginde döredilýän goşulan gymmatyň paýy yzygiderli ýokarlanýar. Senagatda, gurluşykda, söwdada we azyk önümlerini taýýarlamakda hususy eýeçilige daýanýan kärhanalaryň sany yzygiderli artýar.
Oba milli maksatnamasy hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagyny üpjün edýän ilkinji başlangyçlarynyň biri boldy we öz ähmiýetini şu günki gün hem saklap gelýän wajyp resminama bolmagynda galýar. Ol, ilkinji nobatda, Durnukly ösüşiň «Şäherleriň we ilatly ýerleriň açyklygyny, howpsuzlygyny, durmuşa ukyplylygyny we ekologik durnuklylygyny üpjün etmek» maksadynyň giň gerimde amala aşyrylmagyna şert döredýär.
Ilatyň ähli gatlaklarynyň sagdyn durmuşyny üpjün etmekde halkara ülňülere laýyk gelýän işler alnyp baryldy. Durnukly ösüş syýasatynyň bu wajyp ugry giň gerimliligi bilen tapawutlanýar. Şunda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň ösüşini belläp geçmek zerurdyr. Bu ugurda ýurdumyzda dürli keselleri bejermäge we öňüni almaga niýetlenen lukmançylyk merkezleriniň we hassahanalaryň, saglyk öýleriniň gurluşyklaryny aýratyn nygtamak gerek. Şu döwürde döwletimiz lukmançylyk senagatyna, ilkinji nobatda, derman önümçiligine giň goldaw berdi. Şypahana bejergisiniň ähmiýeti göz öňünde tutulyp, hereket edýän şypahanalaryň durky düýpli täzelendi, täzeleri gurlup, ulanmaga berildi. Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi işjeň alnyp barylýar, şol bir wagtda hem Türkmenistan iri sport ýaryşlarynyň we çempionatlaryň geçirilýän mekanyna öwrülýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy diňe bir ilatyň dynç alyş-sagaldyş merkezi bolmak bilen çäklenmän, ýokary derejedäki duşuşyklaryň, halkara maslahatlaryň, forumlaryň, festiwallaryň we beýleki çäreleriň geçirilýän ýeri hökmünde uly abraýdan peýdalanýar. Hormatly Prezidentimiziň bu köpugurly syýasaty Durnukly ösüşiň «Sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmek we ähli ýaşdakylaryň abadançylygyna ýardam bermek» maksadynyň dolulygyna ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir.
Milli ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin hünärmenleri taýýarlamak işini diwersifikasiýalaşdyrmaga hem uly üns berildi. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde taýýarlanylýan hünärmenleriň saýlap alýan hünär ugurlarynyň ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlary bilen kybapdaş gelmegi üns merkezinde saklanylýar. Döwrebap tehnikalara we tehnologiýalara erk edip bilýän hünärmenleri iş bilen üpjün etmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu işler Durnukly ösüşiň «Hemmeleriň ýokary hilli bilim almagyny üpjün etmek we olara bütin ömrüniň dowamynda okamaga mümkinçilik döretmek» hem-de «Hemmeler üçin gender deňligini üpjün etmek we aýallaryň hem-de gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek» maksatlarynyň bähbidine alnyp barylýar.
Milli Liderimiz durnukly ösüşiň ekologik meseleleriniň doly berjaý edilmegini-de üns merkezinde saklaýar. Uglewodorod serişdeleri özleşdirilende, täze kärhanalar gurlanda, daşky gurşawy goramak, tokaý zolaklaryny döretmek we ösdürmek, çölleşmek meýline garşy zerur çäreleri geçirmek bu günki gün hökmany işleriň hatarynda goýulýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerini bagy-bossanlyga öwürmek üçin giň möçberli işler amala aşyrylýar. «Ýaşyl ykdysadyýetli» iri önümçilikleriň döredilýändigini belläp geçmek zerurdyr. Birinji Hazar ykdysady forumynda hem Hazaryň ekologiýa ulgamyny goramak üçin hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmek bilen bagly teklipler öňe sürüldi. Aral deňzini halas etmek babatda Türkmenistanyň alyp barýan işleri hem sebitiň ekologik durnuklylygyny üpjün etmegiň wajyp ugry bolup durýar. Bu toplumlaýyn işleriň netijesinde, Durnukly ösüşiň «Howanyň üýtgemegi we onuň netijeleri bilen göreşmek boýunça gyssagly çäreleri görmek», «Durnukly ösüşiň hatyrasyna ummanlary, deňizleri, deňiz serişdelerini goramak we netijeli peýdalanmak», «Gury ýeriň ekologik ulgamyny goramak we dikeltmek hem-de olaryň rejeli peýdalanylmagyna ýardam bermek, tokaýlary rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň degradasiýasyny bes etmek we yzyna öwürmek hem-de biologik dürlüligiň ýitmegini bes etmek» ýaly maksatlarynda düýpli öňegidişlikler gazanylýar.
Ýokarda bellenip geçilen sepgitlere ýetmek üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan ylmy taýdan esaslandyrylan bir bitewi durnukly ösüş syýasaty toplumlaýyn häsiýetde alnyp barylýar. «Giň, köpugurly halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen oýlanyşykly syýasatymyz geljege ynam bilen garamaga mümkinçilik berýär» diýip, Gahryman Arkadagymyz belleýär. Munuň şeýle boljakdygy şübhesizdir.
Muhammetgeldi ATAÝEW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň «Maliýe we ykdysadyýet» žurnalynyň baş redaktory, ykdysady ylymlaryň doktory, professor.