Ykdysady ösüşleriň ýoly bilen

Durnukly depgin rowaçlanýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri üstünlikli amala aşyrylýan düýpli ykdysady özgertmeleriň zamanasy boldy. Arkadag Prezidentimiziň badalga beren düýpli özgertmeleri milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly we durnukly ösüşini üpjün edip, ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna kuwwatly itergi berýär. Halk hojalygygymyzyň dürli pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklary işe girizilýär. Sanly ykdysadyýeti ösdürmeklige uly üns berilýär.

Milli Liderimiziň beýik başlangyçlaryndan gözbaş alýan ykdysady özgertmeler täze tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň hasabyna uly üstünliklere beslenýär. Şeýle ösüşli depginiň üstümizdäki — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hem saklanyp galjakdygy guwandyrýar. Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň çar künjeginde kämil tehnologiýaly döwrebap kärhanalar ulanmaga berilýär.

Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan ýokary hilli, bäsleşige ukyply önümleriň öndürilmeginde uly işler bitirilýär. Şol bir wagtda daşary ýurtlara eksport edilýän önümleriň we harytlaryň mukdarynyň artdyrylmagynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda öndürilip, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň we harytlaryň mukdarynyň ýylsaýyn artýandygyna biz gündelik iş tejribämizden göz ýetirýäris. Bu bolsa Garaşsyz döwletimiziň durnukly ösüş depgininiň rowaçlanýandygyna güwä geçýär.

Berdimyrat GURBANOW.

Welaýat gümrükhanasynyň gümrük kadalarynyň bozulmalaryna garşy göreş bölüminiň harby gullukçysy, maýor.

Täze ulgamyň mümkinçilikleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary boýunça uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere eýe bolunýar. Arkadag Prezidentimiziň beýik başlangyçlaryndan gözbaş alýan düýpli özgertmeleriň bady artýar. Şeýle tutumly işleriň türkmen ýaşlarynyň ylym-bilim alyp, hünärli adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak bilen sazlaşykly utgaşdyrylýanlygy guwanjymyza guwanç goşýar.

Milli Liderimiz ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmeklige uly üns berip, täze ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly wajyp wezipeleri öňde goýýar. Bu wezipelerem elektron senagaty ösdürmegiň, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagyň zerurlygyny öňe çykarýar. Sanly ulgamyň ylym-bilim ulgamynda ähmiýeti has-da ýokary bolmak bilen, bu babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Täze ulgam talyp ýaşlara bilim berip, hünär öwretmekde giň mümkinçilikleri açýar. Şonuň üçinem lukmançylyk mekdebimizde sanly ulgama geçmek bilen bagly tagallalar gowy netijesinem berýär. Köptaraplaýyn bähbitli bu ulgama geçilmegi talyplara bilim bermegi hil taýdan täze derejelere çykarmaga amatly mümkinçiliklere ýol açýar. Şonuň üçinem sanly ulgama geçmek, onuň eýeleýän ornuny giňeltmek häzirki döwrüň wajyp wezipesi bolup durýar. Bu mesele boýunça Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ýetiljek belent sepgitler uly geljege badalga bolar.

Aşyrmyrat AMANMYRADOW.

S. A. Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20763