Hasabatlylyk — sanly bilimiň möhüm ugry

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň we gazanylýan durmuş-ykdysady görkezijileriň gözbaşynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet kadalaşdyrylyşynyň we döwlet dolandyrylyşynyň ýörelgeleri durandyr. Jemi içerki önümiň düzüminde senagat pudagynyň paýynyň barha artmagy ýurdumyzyň innowasiýalara, ylmyň we tehnikanyň gazananlaryna esaslanýan, öndüriji güýçleri çalt ösýän döwlete öwrülýändigine şaýatlyk edýär. Bu ösüş-özgertmeler bolsa, ykdysady bilimleriň kämilleşdirilmegi baradaky wezipeleri öňe çykarýar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda beýan edişi ýaly, ýurduň ösüşi, ilkinji nobatda, onda ylym-bilimiň döwrebap ösüşi babatdaky döredilýän mümkinçiliklerde jemlenendir.

Barha ösýän şertler ykdysadyýeti döwrüň talaplaryna laýyk ösdürmek wezipelerini öňde goýýar. Häzirki döwürde sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça wezipeler ähli pudaklara, ulgamlara işjeň ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz ýakynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak baradaky Karara gol çekdi. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, täze Maksatnamanyň kabul edilmegi birnäçe wezipeleri öz içine alýar. Prezident Maksatnamasyna laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde ýaş alymlary, inženerleri, tehnologlary we hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmegiň anyk ugurlary kesgitlenildi. Ýurdumyzda yzygiderli döredilýän innowasion önümçilikleriň, kuwwatly gaýtadan işleýän senagat toplumlaryň üstünlikli işlemeginiň ylym bilen önümçiligiň sazlaşygy esasynda mümkindigi bellidir.

Häzirki döwürde ylma güýçli döwlet goldawy berilýär. Ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça barlaglary geçirmek, döwrebap tehnologiýalaryň esasynda täze önümleri döretmek, innowasiýa syýasatyny durmuşa geçirmek, ylmyň milli ykdysadyýetiň pudaklary bilen aragatnaşygyny pugtalandyrmak ugrunda möhüm çözgütler kabul edilýär. 2019 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň ähli pudaklaryny we sebitlerini sanly ykdysadyýete geçirmek wezipesi bellenilip, bu işler «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrylýar.

Sanly ykdysadyýetiň hünärmen we ylym-bilim üpjünçiligini ösdürmek, býujet ulgamynda «sanly bilim», «sanly saglygy goraýyş», «elektron resminamalar dolanyşygy», «elektron görnüşde döwlet hyzmatlary», «maliýe işlerini awtomatlaşdyrmak — meýilnamalaşdyryş we hasabatlylyk ulgamlary» ýaly sanly tehnologiýalaryň paýyny artdyrmak, tehnologik başlangyçlary we ylmy çözgütleri emele getirmäge şertleri döretmek, ygtybarly maglumat goraglylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek, maglumat üpjünçilik ulgamyny döretmek ýaly wezipeler maksatnamalaýyn durmuşa geçirilip başlandy.

Sanly ykdysadyýetiň durnukly ösmeginde ýurduň tutuş ykdysady, maliýe we bank ulgamlarynyň sazlaşykly ösüşi uly ähmiýete eýedir. Sanly intellektual tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy arkaly býujet serişdelerine takyk gözegçilik etmek hem-de olary dolandyrmak üçin şertleri üpjün edýän maliýe maglumatyny dolandyrmagyň döwlet ulgamynyň döredilmegi derwaýys meseleleriň hatarynda durýar. Bu ulgamyň esasy maksady has köp zähmeti talap edýän işleri awtomatlaşdyryp, maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň işiniň tizligini we dessinligini artdyrmakdan, býujeti taýýarlamak, ýerine ýetirmek we hasabaty düzmek işine gatnaşyjylar tarapyndan hödürlenýän maglumatlaryň netijeliligini, dürslügini, takyklygyny we şunuň netijesinde hilini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şunda ykdysady ugurdan bilim alýan talyplara ykdysadyýetde möhüm ähmiýete eýe bolan dolandyryş hasaba alnyşyny dogry amala aşyrmagy, awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamy bilen işlemegi döwrebap derejede öwretmek bilim ulgamynyň esasy wezipeleri hökmünde öňe çykýar. Ykdysady subýektiň hasaba alnyşy şol ýa-da başga görnüşde döwlet dolandyryşynyň ähli ulgamynda diýen ýaly bardyr. Nazaryýet derejesinde hojalyk ulgamynda dolandyryş hasaba alnyşyň özboluşly kesgitli alamatlary bardyr.

Häzirki döwürde Türkmenistanda dolandyryş hasaba alnyşyny kämilleşdirmek boýunça mynasyp işler durmuşa geçirilýär. Hasaba alnyş döwlet dolandyryşynyň özbaşdak uniwersal we pudagara guraly bolup durýar. Döwlet hojalyk subýektlerinden dolandyryş hasaba alnyşy kesgitlemek we ýygnamak ýoly bilen, birnäçe wezipeleri çözýär. Meselem, olaryň hatarynda ykdysadyýetiň degişli pudaklarynda ösüşiň gidişiniň we hadysalaryň monitoringini amala aşyrmak, hojalyk subýektleriniň düzgüne laýyk ýöredilişine gözegçilik etmek, döwlet edaralary üçin möhüm bolan hojalyk subýektleriniň görkezijilerini kesgitlemek we gözegçilik etmek ýaly wezipeler bar. Bu wezipeler bolsa, ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşine gönüden-göni täsir edýär. Şonuň üçin ykdysadyýet biliminde ýaşlaryň sanly ykdysadyýetiň möhüm ähmiýete eýe bolan innowasiýa maglumat-aragatnaşyk gurallaryndan sowatly bolmaklary şu günüň öňe çykaran talabydyr. Innowasiýa maglumat-aragatnaşyk gurallary býujet işine gatnaşyjylaryň arasynda yzygiderli maglumatlaryň alşylmagyny aňsatlaşdyrýar, tizleşdirýär, dürs we takyk maglumatlaryň öz wagtynda elýeter bolmagyny hem-de howpsuzlygyny üpjün edýär. Hödürlenýän maglumatlaryň dessin barlagyny awtomatlaşdyrylan usulda alyp barmaga we olaryň esasynda jemlenen maglumatlaryň dürli görnüşlerini taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Ýuridiki şahslary we maýa goýum taslamalary döwlet tarapyndan bellige almak işinde internet ulgamynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly talap edilýän resminamalaryň sanawyny azaltmaga şert döreder. Kärende we hususylaşdyrylýan desgalaryň tölegleri boýunça kagyz göterijide amal edilýän hasaplaşyklary elektron görnüşinde geçirmegi ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir. Toplanan ylym-bilim tejribeleriniň netijeleri seljerilip, şolar esasynda XXI asyrda durnukly ýaşaýşy üpjün etmegiň taglymatynyň döredilmegi möhümdir” diýlip bellenilýär. Intellektual we tehnologik bäsdeşligiň barha ýiti häsiýete eýe bolýan häzirki döwürde taryhy tejribe dünýä hojalygynda öňdebaryjy orunlary eýelemegiň diňe ykdysadyýeti innowasiýalara esaslanýan ýurtlara başardýandygyny görkezýär. Şonuň üçin-de, bilim-terbiýeçilik işleriniň ykdysady ösüş, innowasiýalar, sanly bilim bilen utgaşdyrylyp kämilleşdirilmegi milletiň gurýan döredijilik ýolunyň dowamat-dowamdygyny aýdyň görkezýär. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini we ylym, bilim ulgamlaryny ösüşiň täze derejelerine çykarýan hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys.

Bahar JEPBAROWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20905