Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýyly dünýä derejesinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir. Munuň özi dünýä halklarynyň asuda durmuşda ýaşamak baradaky pikirleriniň esasyny düzýän beýik başlangyçdyr.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ählumumy maksatnamalary, dünýä halklarynyň isleglerini özünde jemleýän başlangyjy Ýer ýüzinde uly goldawa eýe bolýar. Çünki, dünýä halklary ynanyşmak bilen öňe gitmegi, asuda durmuşda ýaşamagy, işlemegi maksat edinýär. Şonuň üçin bilelikdäki tagallalar hem-de umumy jogapkärçilik hyzmatdaşlygy ösdürmäge we giňeltmäge mümkinçilik döredýär. Parahatçylykly ýaşaýşy üpjün etmek wezipesi ähli döwürlere hem ilkinji zerurlyk hasaplanylypdyr.
Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň mazmuny döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda asudalygy hem-de ynanyşmagy berkitmek, sazlaşygy üpjün etmek maksady bilen, anyk hereketler arkaly dünýä bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmakdan ybaratdyr. Parahatçylyk hem-de ynanyşmak düşünjesi dünýä halklary üçin hyzmatdaşlygy we durnukly ösüşi rowaçlandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Elbetde, parahatçylyk, birek-birege ynanyşmak dünýäde özara gatnaşyklary ýola goýmagyň berk binýadydyr. Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetinde halkara derejesinde ylalaşygy höweslendirmek, birek-birege sarpa goýmak ýaly ynsanperwer ýörelgeler kemala gelýär.
Gahryman Arkadagymyz dünýä döwletleri, şol sanda iri halkara guramalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak bilen bir hatarda şol hyzmatdaşlygyň dostlukly hem-de umumadamzat derejesinde bähbitli we oňaýly gatnaşyklardan ybarat bolmagy ugrunda tagalla edýär. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda biz dostluk we ynanyşmak arkaly ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň has ygtybarly hem-de hemişelik bolýandygyna berk ynanýarys we şu ýörelgä pugta eýerýäris. Türkmenistana dostluk goluny uzadýan ýurtlaryň, netijeli gatnaşyklary ösdürmäge döwtalap we bu ugurdaky hyzmatdaşlyklara uly gyzyklanma bildirýän halkara guramalarynyň sanynyň barha artýandygy biziň hemişe parahatçylygy we ynanyşmagy pugta ýörelge edinýän Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň Ýer ýüzünde goldanylýandygyny hem-de gyzgyn seslenme döredýändigini aňladýar. Şoňa baglylykda hormatly
Prezidentimiziň taýsyz tagallalary we ýöredýän öňdengörüjilikli hoşniýetli syýasaty netijesinde dünýäniň iri halkara guramalary bilen köpugurly hem-de giň möçberli hyzmatdaşlyklaryň gerimi parahatçylyk we ynanyşmak arkaly has-da giňeýär.
Mähriban halkymyz milli Liderimiziň başda durmagynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň her bir gününi Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine çekýän tutanýerli we döredijilikli zähmetde gazanýan ajaýyp üstünliklerine besleýär. Ähli ýeňişlerimiziň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, türkmen halkynyň röwşen geljeginiň hatyrasyna alyp barýan beýik işleri rowaç bolsun!
Hudaýnazar DURDYÝEW,
Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň başlygy.