Habarlar
Innowasiýalar – önümçilige

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Bilim ministrliginiň guramagynda sanly ulgam arkaly «Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna hem-de «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna bagyşlanan forumyň işi berkarar döwletimiziň okgunly innowasiýa ösüşinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň gazananlarynyň ähmiýetini beýan etmekden ybarat boldy.

Ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, alymlaryň we hünärmenleriň täze işläp taýýarlamalaryny milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda netijeli peýdalanmak meseleleri hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Ýurdumyzyň tehnologiýa binýadynyň döredilmegi, sanlylaşdyrmak, informatizasiýa, elektron tehnikasy, senagat biotehnologiýasy ýaly ugurlaryň ösdürilmegi döwlet innowasiýa syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda durýar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ylym-bilim işlerini ösdürmek, häzirki zaman işläp taýýarlamalary we innowasion tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak, giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek aýratyn möhümdir. Bu we beýleki meseleler şu halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürlenildi.

Halkara forum ylym-bilim ulgamynyň ýolbaşçylaryny, alymlary, dürli ulgamlaryň hünärmenlerini, ýokary okuw mekdepleriň mugallymlaryny we talyplaryny bir ýere jemledi. Sanly ulgam arkaly maslahata dünýäniň ýigrimi ýurdundan iri ylmy merkezleriň we ýokary okuw mekdepleriň, ylmy-barlag edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. Munuň özi giň hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmagyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga ýardam berdi.

Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda amatly içerki syýasy ýagdaýyň kemala gelmeginde hormatly Prezidentimiziň aýratyn ornuny biragyzdan bellediler, munuň özi ylmy barlaglaryň işjeňleşdirilmegine, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär.

Ýurdumyzyň ylym ulgamy dünýä derejesinde ösüşe eýe boldy, onuň kanunçylyk we ylmy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça barlag işlerini geçirmek, ýaş alymlary hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimize maslahaty guramaga döredilen mümkinçilik, ylym-bilim ulgamynyň özgerdilmegine, dünýä giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna we bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna ägirt uly üns berýndigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27993

07.05.2021
Möhüm ugurda gymmatly tejribe

Elektrik energetikasy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup, ol diňe bir önümçilik-ykdysady meseleleriň çözülmegine däl, eýsem, durmuş ähmiýetli wajyp wezipeleriň amala aşyrylmagyna gönükdirilip ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz bu pudagyň döwrebaplaşdyrylmagyny hem-de sanly ulgama geçirilmegini gaýragoýulmasyz döwlet wezipeleriniň hatarynda kesgitleýär.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn senagatlaşdyrmak maksatlaryna laýyklykda, iri senagat toplumlary yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu desgalary elektrik energiýasy bilen bökdençsiz hem-de ygtybarly üpjün etmek maksady bilen, elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, giň gerimli işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda hem energetika pudagy üçin ylym-bilimiň we tehnologiýalaryň öňdebaryjy gazananlaryndan oňat baş çykarýan hünärmenler taýýarlanylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary okuw mekdebimizde ýaşlara sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy çuňňur öwretmek maksady bilen, ösen döwletleriň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Muňa mysal edip, ýakynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň guramagynda energetika pudagynda öňdebaryjy döwletleriň alymlarynyň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň professor-mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň, şeýle hem «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgärleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Okuw maslahatynyň barşynda Awstriýa, Belarus Respublikasy, Gazagystan, Ermenistan ýaly döwletlerden bilermenler bilen gaýtadan dikeldilýän energiýanyň çeşmelerini ornaşdyrmagyň aýratynlyklary barada giňişleýin pikir alşyldy.

Häzirki wagtda elektrik energiýasyny öndürmegiň halkara tejribesi öwrenilende, elektrik energiýasyny sarp etmegiň ekologiýa taýdan arassa ulgamynyň ylmy nukdaýnazarlaryny tejribede peýdalanmak döwrümiziň iň derwaýys meseleleriniň biridir. Bütin dünýäde energiýanyň daşky gurşaw üçin zyýansyz, gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine bolan gyzyklanma barha ýokarlanýar. Ýurdumyzda hem döwrüň talabyna eýerilip, energetika kuwwatlyklary dünýä ülňülerine laýyk gelýän innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar. Munuň özi Watanymyzyň ýangyç-energetika pudagyny ösdürmek we ýerüsti hem-de ýerasty baýlyklarymyzy halkymyzyň eşretli durmuşyna, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da artdyrylmagyna gönükdirmek ugrundaky tagallalaryň mundan beýläk hem ilerlemegine ýardam edýär.

Gülälek GURBANOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27867

06.05.2021
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi

Ak bugdaý etraby, 5-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toplumynyň düýbüni tutmak çäresine gatnaşdy.

Göçme mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralarda 2021-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy hem-de ýurdumyzda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly bu düzümleriň işini kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň hojalyk işini kämilleşdirmek, dürli düzümleýin desgalary gurmak, harby gullukçylaryň hem-de ýaşlaryň zähmete bolan söýgüsini ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek meselelerini yzygiderli gözegçilikde saklaýar.

Ir bilen döwlet Baştutanymyz Köpetdagyň eteginde ýerleşýän gözel künjekleriň birine geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary garşyladylar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow bu ýerde geçiriljek çärelere görlen taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty kabul edip, täze toplumyň guruljak ýerini hem-de tebigy aýratynlyklaryny synlady. Bu ýerleriň özboluşly aýratynlygy, dag howasy ahalteke bedewlerine ýaramly howa gurşawyny döreder.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli atçylyk toplumyny bina etmek üçin seçilip alnan ýeri makullap, 500 at saklamak üçin niýetlenen atçylyk toplumynyň taslamalary hem-de çyzgylary bilen tanyşdy.

Bu ýerde içeri işler ministri M.Çakyýew taýýarlanylan taslamalar hem-de toplumyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar we olarda dörediljek şertler barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi.

Toplumy gurmak üçin bölünip berlen ýer böleginiň umumy meýdany 40 gektara barabar bolup, onuň çäklerinde edara binasy, münberler, açyk manež, bedewler, taýlar hem-de höwür atlar üçin niýetlenen desgalar, weterinariýa binasy, ot-iým ammarlary, tehnikalar üçin niýetlenen desga, atlaryň türgenleşik meýdançasy, çapuw ýodasy, suw howuzlary, awtoduralga, karantin binasy we beýlekiler bar.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň gulluk we ýaşaýyş şertleriniň gowulandyrylmagy hem-de bu düzümlere degişli ähli işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleler Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamalar we binalaryň ýerleşjek ýerlerini görkezýän çyzgylar bilen jikme-jik tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda ozal gurlan we ulanylmaga berlen şeýle desgalar ýaly, täze athana hem häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidir. Onda bedewleri ösdürip ýetişdirmek, seýislemek, degişli türgenleşikleri geçmek hem-de çapyşyklara taýýarlamak üçin ähli zerur şertler üpjün edilmelidir.

Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralarda ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, gulluk atlaryny taýýarlamak hem-de at çapyşyklaryna gatnaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. Bu bolsa türkmen halkynyň şöhratly atçylyk däpleriniň täze taryhy eýýamda hem dowam etdirilmegine ýardam etmelidir.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaragly Güýçlerimiziň kuwwatyny berkitmegiň, maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň, goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini belläp, harby gullukçylaryň we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň dürli ugurlar bilen bir hatarda, bedewleri seýislemek, at çapmak, alabaýlar bilen degişli türgenleşikleri geçmek ýaly hünärleri ele almagynyň, olarda zähmete bolan söýgini ösdürmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy türkmen halkynyň buýsanjy we baýlygy hasaplanylýan behişdi bedewlerimiziň, alabaýlarymyzyň — milli taryhymyzyň hem-de häzirki döwrüň janly nyşanlarynyň ata Watanymyzyň döredijiliginiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap batly gadamlarynyň beýanydygyny belledi. Geçmişde bolşy ýaly, ýelden ýüwrük bedewler, buýsançly alabaýlar häzir hem halkymyzyň wepaly hemrasy hem-de Watan goragçylarynyň ygtybarly kömekçileridir.

Döwlet Baştutanymyz binagärlik nukdaýnazaryndan athanada şunuň ýaly desgalarda dünýä tejribesinde giňden ulanylýan inženerçilik-tehniki çözgütler bilen milli binagärlik ýörelgeleriniň utgaşdyrylmalydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň häzirki zaman ösen tehnologiýalar esasynda enjamlaşdyrylmagynyň hem-de ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagynyň, ekologiýa ýagdaýynyň nazarda tutulmagynyň möhüm talapdygyny belledi.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň Diýarymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli şanly seneler bilen utgaşmagynda çuňňur many bardyr. Täze atçylyk toplumy harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini döwrebap derejede ösdürmekde ähmiýetli bolar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şöhratly pederlerimiziň, taryhyň dowamynda öçmejek yz goýan ussat seýisleriň yhlasyndan kemal tapan ahalteke bedewleri dünýäniň medeni gymmatlygyna ägirt uly goşantdyr. Türkmen halky bedewlere aýratyn gadyr goýýar. Bu bolsa bedewleriň dünýädäki abraýynyň belende galmagynyň gözbaşydyr diýip, Arkadag Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy halkymyzyň “At — myrat”, “At agynan ýerde toý bolar”, “Pyýada gözi bilen at alma...”, “At rysgaly alnynda” diýen ajaýyp jümleleri döredendigini we bu gün ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly işleriň halkara derejede ösdürilýändigini belledi.

Buýsançly bedewiň şekiliniň Türkmenistanyň Döwlet tugrasynda ýerleşdirilmegi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we tagallasy bilen döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň birnäçe halkara bäsleşiklere gatnaşyp, abraýly baýraklara mynasyp bolmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň beýanydyr. Milli Liderimiz bedewleriň adamlaryň ruhuny götermäge ukyplydygyny, aýratyn yhlas bildirip, olar bilen iş salyşýan adamlaryň tutumlarynyň rowaç alýandygyny köp ýyllaryň durmuş tejribesiniň subut edendigini aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň binýadynda goýuljak ýadygärlik senenama gol çekdi.

Belent Serkerdebaşymyz täze desganyň düýbüniň tutulýan ýerine geldi. Bu ýerde ýöriteleşdirilen harby mekdebiň okuwçylary milli Liderimiziň toplumyň düýbüniň tutulyş dabarasyna ak pata bermegini haýyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz ýadygärlik ýazgy ýerleşdirilen gutyny gurluşygyň binýadyna oklady.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, täze desganyň binýadyna beton garyndylaryny guýdular. Şeýle hem bu ýerde guralan ähmiýetli çärä Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän ýöriteleşdirilen 1-nji harby mekdebiň okuwçylary gatnaşdylar. Milli Liderimiz okuwçylar bilen söhbetdeş bolup, olaryň okuwlary, boş wagtlarynda näme bilen meşgullanýandyklary hem-de hünäre bolan höwesleri bilen gyzyklandy.

Harby okuwçylar ýöriteleşdirilen harby mekdepde sanly ulgamyň kömegi arkaly döwrebap bilim alýandyklary, häzirki zaman tehnologiýalaryny özleşdirýändikleri barada gürrüň berip, ýaş nesil baradaky aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şeýle hem okuwçylaryň biri saýlap alan hünäri barada aýdyp, harby psiholog bolmagy arzuw edýändigini habar berdi. Döwlet Baştutanymyz okuwçynyň bu hünäre bolan dünýägaraýşy bilen gyzyklandy.

Mälim bolşy ýaly, psihologiýa hünäri adamlar, olaryň häsiýetleri bilen baglanyşykly meseleleri öwrenýär. Döwlet Baştutanymyz okuwçynyň hünäre höwesini, aýratyn-da, dünýä ylmynda ähmiýetli ugur hasaplanylýan psihologiýa ylmyna bildirýän gyzyklanmasyny goldap, oňa maksada okgunly, tutanýerli, yhlasyny gaýgyrman köp okamagy, dünýägaraýşyny giňeltmegi ündew etdi.

Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň okuwdan boş wagtlaryny sport, zähmet bilen utgaşdyrmagynyň aýratyn ähmiýetlidigini belläp, bu ugra uly üns bermelidiklerini nygtady. Milli Liderimiz sanly ulgamy, kompýuter tehnologiýasy boýunça hemmetaraplaýyn bilim almak, innowasion işläp düzmeleri öwrenmek meseleleriniň ähmiýetlidigini, bu ugurlaryň şu günüň we geljegiň esasy wezipeleri hökmünde kesgitlenendigini belläp, bu babatda ýaşlara maslahatlaryny berdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki ylmy-tehniki ösüş döwründe ýaşlar, aýratyn-da, körpe nesiller sanly ulgam, kompýuter tehnologiýasy bilen içgin gyzyklanýarlar. Munuň özi olaryň döwrebap ýörelgeler bilen utgaşykly ösýändigini görkezýär. Şu nukdaýnazardan, okatmak işini guramaga döwrebap çemeleşmek, okuw meýilnamalaryna täze usullaryň ornaşdyrylmagy zerurdyr. Ýaşlaryň bu ugurdaky ukybyny ösdürmek wajypdyr. Şol bir wagtyň özünde, ýaşlaryň Watana söýgüsini has-da artdyrmak, halkymyzyň döreden milli gymmatlyklaryna gyzyklanmalaryny ýokarlandyrmak häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýöriteleşdirilen harby mekdebiň okuwçylaryna bu ýerde guralan dabaraly çäre mynasybetli sowgatlary gowşurdy.

Harby tälim boýunça bilim alýan ýaşlar sowgatlar, Milli goşunymyzyň kuwwatyny hem-de işgärler bilen üpjünçiligini pugtalandyrmaga berýän ägirt uly ünsi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şeýle hem olar hormatly Prezidentimizden özleri bilen ýadygärlik surata düşmegi haýyş etdiler.

Döwlet Baştutanymyz ýöriteleşdirilen okuwçylara alýan bilimlerini tejribede özleşdirmek, bedenterbiýe we zähmet bilen utgaşdyrmak meselelerinde üstünlik arzuw etdi.

Soňra milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümlerine bölünip berlen ýerde harby gullukçylaryň eken miweli baglaryny, üzümçiligi synlady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow bagçylykda we üzümçilikde alnyp barylýan işler, onuň suwaryş ulgamynda ulanylýan täzeçil tehnologiýalar barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, dag eteginde ýerleşýän ajaýyp künjekde miweli baglaryň we üzümiň köp görnüşleri ekildi.

Wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary hormatly Prezidentimize ekilen baglaryň görnüşleri, aýratynlygy, suwaryş ulgamy barada maglumat berýän taslamalary görkezdi. Bu ýerde ir-iýmişleriň alma, armyt, beýi, erik, garaly, hoz, hurma, pisse, şetdaly, zeýtun görnüşleri ekildi. Häzir üzüm dalbarynyň özboluşly görnüşini döretmegiň meýilleşdirilýändigi hem habar berildi.

Bu ýerde üzümleriň alty görnüşi sazlaşykly ösýär. Üzüm agaçlaryny ýörite germewlere galdyrmak we üzüm dalbarlaryny döretmek göz öňünde tutulýar. Munuň üzümiň hasyllylygynyň artdyrylmagynda hem-de olaryň kesele durnukly bolmagynda ähmiýetlidigini milli daýhançylyk tejribeleri subut etdi.

Bu giňişlikde harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby bölümleriniň her biriniň miweli baglary hem-de üzümçiligi ösdürip ýetişdirmekleri üçin ýer bölekleri berildi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümleriniň arasynda zähmet terbiýesiniň hem-de harby düzgün-nyzamyň berkidilmeginde möhüm ähmiýeti bolan işler giň gerimde alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işleriň ylmy esasda ösdürilmegine, suwaryşyň damjalaýyn usulynyň ornaşdyrylmagyna, ylmyň gazananlarynyň we ösen tejribäniň milli bagbançylyk ýörelgeleri bilen utgaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisiniň geçirilýän ýerine ugrady.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi. Ministr özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde geçen dört aýda ýerine ýetirilen işler, Milli goşunymyzyň harby düzümlerini iň täze tehnikalar we enjamlar bilen üpjün etmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýazky çagyryş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça amala aşyrylan işler barada hasabat berdi. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada hem hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň goranmak kuwwatynyň parahatçylygy pugtalandyrmaga, onuň howpsuzlygyny üpjün etmäge hyzmat edýändiginiň, çünki Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň goranmak häsiýetine eýedigini belledi. Soňky ýyllarda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ygtyýaryna gelip gowuşýan iň täze ýerüsti hem-de howa tehnikalary döwletimiziň döwrüň talaplaryna laýyklykda, harby edaralaryň işini guramagyň meselelerine ägirt uly üns berýändiginiň subutnamasydyr.

Milli Liderimiz öňde durýan işleriň ileri tutulýan ugurlary barada aýdyp, Milli goşunymyzyň hünärmenler bilen üpjünçiligini berkitmegiň hem-de harby gullukçylaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň we şahsy düzümiň arasynda watançylyk-terbiýeçilik işlerini güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy nobatdaky çagyryş möwsümi barada aýdyp, ony ýokary derejede geçirmegi üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişi ýokary derejede guramak babatynda aýratyn tabşyryklar berildi.

Soňra içeri işler ministri M.Çakyýew 2021-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýurdumyzda hukuk düzgünleriniň bozulmagynyň öňüni almaga hem-de jemgyýetçilik tertip-düzgünini saklamaga, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmäge we ýollarda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen, ýol gözegçilik gullugynyň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen işler barada hasabat berdi. Şonuň ýaly-da, degişli düzümlerde sanly ulgama geçmek işleriniň barşy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunçylygyň we hukuk düzgün-tertibiniň berjaý edilişine gözegçiligiň möhümdigini nygtady. Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmegiň meseleleri mydama üns merkezinde saklanylmalydyr.

Milli Liderimiz IIM-niň ähli düzümlerinde işleri guramagyň döwrebap usullarynyň ornaşdyrylmagynyň, şonuň ýaly-da, işgärleriň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagynyň ileri tutulýan ugurlardygyna ünsi çekip, bu babatda ministre anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Baş prokuror B.Atdaýew ýolbaşçylyk edýän edarasynda dört aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, ähli ulgamlarda kanunçylygyň berk berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň düzgünleriniň berjaý edilişini seljermek boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda, geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, prokuratura edaralarynyň hukuk düzgünlerini goramak hem-de kanunçylygy üpjün edýän wajyp döwlet edarasy hökmündäki ornuny belledi. Döwlet Baştutanymyz giň gözýetimli hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen işlemek boýunça tejribeli, ýokary hünärli işgärleri saýlap almaga jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekip, edaranyň işgärleriniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň, sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmagyň hasabyna prokuratura edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň meselelerini üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda milli Liderimiz prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky Karara gol çekdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow Türkmenistanda 2017 —2021-nji ýyllarda kazyýet ulgamyny ösdürmegiň döwlet Maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýylyň başyndan bäri amala aşyrylan işler, şonuň ýaly-da, degişli düzümleriň işini döwrüň talaplaryna laýyk guramak, işgärleriň netijeli gulluk etmegi üçin degerli şertleri döretmek boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde, ilatyň arasynda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hukuk medeniýetini ýokarlandyrmagyň wajypdygy, şonuň ýaly-da, durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň maksatlary hem-de wezipeleri barada düşündiriş işlerini geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakyndaky Permana gol çekdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew ýolbaşçylyk edýän düzüminde ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de bellenilen ähli giň möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň aýrylmaz şerti bolan amatly jemgyýetçilik ýagdaýyny saklamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, syýasy durnuklylygyň, halkymyzyň mizemez agzybirliginiň hem-de jebisliginiň, onuň parahatçylykly, döredijilikli zähmetiniň ýurdumyzyň düýpli özgertmeler ýoly bilen üstünlikli öňe gitmeginiň möhüm şertidigini belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Milli howpsuzlyk ministrliginiň öňünde goýlan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek barada ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew 2021-nji ýylyň ilkinji dört aýynda ýolbaşçylyk edýän düzüminde bitirilen işler, ata Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramagy güýçlendirmek, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, parahatçylygyň hem-de abadançylygyň bähbidine eziz Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we doganlyk serhedi bolan Döwlet serhedimiziň eldegrilmesizligini üpjün etmäge gönükdirilendigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylaryň söweşjeň, beden taýdan, syýasy taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, gullugyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Soňra adalat ministri B.Muhamedow ýanwar — aprel aýlarynda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, şol sanda döwrüň belent maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen täze kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, kanunlary halkara hukugyň kadalaryna kybap getirmek işlerini öz içine alýan hukuk özgertmeleriniň wajyp ugurlaryna ünsi çekip, hereket edýän kanunçylyga yzygiderli esasda seljermäni geçirmegiň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiz ilatyň arasynda kabul edilýän hukuk resminamalary barada düşündiriş işlerini ýokary derejede guramagyň wajypdygyny belläp, ministre anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminde şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň gümrük gözegçiliginiň berk berjaý edilmegi babatynda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şonuň ýaly-da, häzirki wagtda Türkmenistanyň serhetlerinden geçýän, şol sanda üstaşyr geçirilýän ýükleriň artmagy bilen baglylykda, döwrüň talaplaryna laýyklykda gullugyň işini guramak maksady bilen görülýän çäreler barada aýdyldy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň çäklerinden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen, gullugyň alyp barýan işleriniň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi hem-de daşary ýurtlaryň ugurdaş düzümleriniň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmegiň zerurdygyny belledi.

Ýükleriň möçberleriniň yzygiderli artmagy Türkmenistanyň halkara giňişlikde ygtybarly hyzmatdaş hökmündäki derejesiniň berkidilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylaryň döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmeginiň hem-de netijeli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döretmek meselelerine aýratyn üns berilmelidigini belläp, birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Öwezow geçen dört aýda durmuşa geçirilen işler baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň gullugyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, işgärler bilen üpjün edilişini pugtalandyrmak barada ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu ulgamda öňdebaryjy dünýä tejribesini işjeň ornaşdyrmagy, ýaş, başarjaň işgärleri taýýarlamagy mundan beýläkki işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Milli Liderimiz gullugyň ähli düzümleriniň işiniň döwrüň talaplaryna laýyklykda guralmalydygyny nygtap, anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ministrliklerde hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine, döwlet emläginiň netijeli ulanylyşyna gözegçilik etmek boýunça dört aýda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmeli desgalardaky işleriň ýagdaýyna geçirilen seljerme işleriniň netijesi barada hem aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, durmuşa geçirilýän giň möçberli maksatnamalaryň durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda depginli ösüşi gazanmaga gönükdirilendigini belläp, bu düzümiň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz bellenilen meýilnamalaryň öz wagtynda hem-de bellenilen tertibe laýyklykda berjaý edilmegine gözegçilik edilmelidigini aýdyp, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalarda gurluşyk işleriniň hiline we möhletlerine berk gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän düzümlerinde “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysynyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň çäklerinde amala aşyrylýan çäreler, şonuň ýaly-da, durmuş meselelerini çözmekde bitirilýän işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde durýan işleriň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz goranmak häsiýetli Harby doktrinanyň wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek üçin harby we hukuk goraýjy düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegiň hem-de Ýaragly Güýçleri mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalarynyň wajypdygyny belläp, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna özüniň garamagyndaky düzümleriň tabşyryklary öz wagtynda hem-de birkemsiz ýerine ýetirmegine yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow göçme mejlisi jemläp, ýygnananlara berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hem-de halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27929?type=feed

06.05.2021
Sanly ulgamyň möhüm orny

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi has-da döwrebaplaşdyryp, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, döwrebap, ösen innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar.

Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmaga döwlet derejesinde aýratyn üns berilmegi netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär.

Sanly bilim ulgamy döwrebap innowasion tehnologiýalaryň çaltlyk bilen ösýän döwrüniň bilim ulgamynyň gurluşynda özboluşly aýratynlyga eýedir. Sanly elektron ulgamdaky okuw-usuly toplum bilim berlişiniň dürli basgançaklarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary arkaly peýdalanylýar. Bu okuw-usuly topluma elektron görnüşli okuw kitaplary, okuw gollanmalary, tejribelik boýunça gollanmalar, umumy we amaly okuwlar we dürli tejribeler boýunça usuly gözükdirijiler hem-de gündelik durmuşda söýlüp okalýan sanly elektron görnüşinde ýola goýlan gazetlerdir žurnallar degişli bolup durýar.

Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmeginde we barha kuwwatlanmagynda ýaşlaryň aň-düşünjeli, oýlap tapyjy, dörediji we gurujy intellektual bolup ýetişmekleri döwrüň möhüm talabydyr.

Bilim ulgamynda döwrebap ösen innowasiýalaryň ornaşdyrylmagynyň barşynda bilim berlişiniň hil derejesiniň ýokarlanmagyny kepillendirýän, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan milli bilim ulgamynyň döwrebap ösdürilmegi ýurdumyzyň ösüşiniň strategik ugrudyr. Şuňa laýyklykda, ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy halk hojalyk toplumynda hem uly ähmiýete eýedir. Ol maglumatly sanly gurşawyň döredilmegine, sanly bilimi ösdürmegiň ähli tapgyrlarynda okatmagyň elektron serişdeleri bilen üpjün edilmegine hem-de sanly bilim berilmeginiň hiliniň ýokarlandyrylmagyna we usullarynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilendir.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda hem talyp ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryndan kämil baş çykarmaklary babatynda çuňňur bilim bermek maksady bilen, sanly ykdysadyýet dersi girizildi. Häzirki wagtda ylym-bilim, döwrebap, ösen innowasion tehnologiýalar bilen düýpli gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykaryp, olaryň ukyp-başarnygyny açyp görkezmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Ýaşlaryň döwrebap bilimli, geljekde öz hünärleriniň ussatlary bolup ýetişmegi babatda bimöçber alada edýän Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirýäris.

Şatlyk MAMEDOW,

talyp.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27828

06.05.2021
Atyzlara gelşik berýär

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda 20 müň gektara gowaça eken Halaç etrabynyň ekerançylary gowaçalaryň hatarara bejergisine köpçülikleýin girişdiler. Her günde meýdana çykarylýan 140-a golaý kultiwator bejergi enjamlary asylan traktorlaryň kömegi bilen gowaçalaryň hatarara bejergisi ýokary hilli geçirilýär.

Irki ekiş geçirilen ýerlerde, eýýäm ýerden iki gulak bolup gögerip çykan ýaşajyk gowaçalar hatarlaryny deňläp, atyzlara gelşik berýär. Bu görnüş pagtaçy daýhanyň çeken zähmetiniň ýerine düşýändigine şaýatlyk edýär. Gowaça ekişindäki üstünlikler daýhany indiki işlere ruhlandyrýar. Ol işler bolsa gämikläp çykan ýaşajyk gowaçalaryň hatar aralaryny bejermekden, soňra dökünläp, üç-dört ýaprak bolandan soň, ösüş suwuny bermekden ybaratdyr. Ine, şundan soň gününi sanap ösýän gowaçalar sähel wagtdan gülläp ugraýar. Şeýdip, biri beýlekisine berk bagly agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegi bol hasylyň girewi bolup durýar.

— Ine, şu gowaça üns beriň, ol eýýäm üç ýaprak bolupdyr. Sähel wagtdan dördünji we bäşinji ýapraklar peýda bolar. Bu döwürde gowaça dessine dökün talap edip başlaýar. Şol döküni gijikdirmän berseň, gowaçanyň ok köki ýene-de aşak, çuňluga tarap uzaýar. Şol kök näçe uzyn bolsa, hasyllylyk şonça-da ýokary bolýar — diýip, etrabyň «Pelwert» daýhan birleşiginiň başlygy Ýolbars Durdyýew tejribeli kärendeçi Bagtyýar Ahmedowyň kärende ýerindäki gowaçalary görkezdi. Alty gektar meýdanda ekilen gowaçanyň «S-2606» sorty kemsiz gögeripdir. Daýanç Jumagulyýew, Aziz Rahmanow ýaly tejribeli mehanizatorlaryň ussatlygyny şundan hem görmek bolýar. Olaryň traktorlaryndan asylan kultiwator enjamlarynyň saz we bökdençsiz işlemegi köp derejede mehanizatora bagly. Aganyýaz Eýýekow, Babamyrat Rozyýew, Hangeldi Jumakulyýew ýaly tejribeli mehanizatorlar hem halypalaryň göreldesine eýerip, hatarara bejergide tutanýerlilik görkezýärler. Oba hojalygyna gelip gowuşýan täze, kämil tehnikalar we enjamlar mehanizatorlar üçin köp ýeňillikleri döredýär. Fransiýanyň «Monosem» kompaniýasynyň önümi bolan sekiz hatarly kultiwator enjamlary kompýuter arkaly dolandyrylýar. Şu ýyl Lebap welaýatynda şeýle kämil tehnikanyň 21-si meýdana çykaryldy.

Oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeler halaçly daýhanlaryň-da işe höwesini artdyrýar. Olaryň 67-si şu ýyl 99 ýyllyk möhlet bilen 779 gektar ýeri uzak möhletleýin kärendesine alypdyr. Şolaryň 38-si eýýäm öz alan ýeriniň 70 göterimine gowaça ekipdirler. Bu bolsa olaryň şu ýyl ýerden gowy hasyl alyp, görelde görkezjekdigine şaýatlyk edýär. Ýeriň dilini tapyp bilen daýhana ol zer eçilýär.

«Kämilligiň çägi ýok» diýlişi ýaly, oba hojalygynda geçirilýän özgertmeler mydama oňyn netijeleri berýär. Şu ýyl Halaç etrabynyň hojalyklarynda gowaçanyň hatar aralarynyň 90 santimetr aralygynda ekilmegi-de gowy netijesini berer. Bu usul mehanizatorlar üçin-de, ekiniň özi üçin-de amatly. Gowaça şeýle usulda ekilse, pagtanyň süýümi-de ýokary bolýar. Galyberse-de, hasyllylyk artýar. Hut şonuň üçin-de etrabyň tejribeli daýhanlary her gektar ýerden 45 sentnere çenli hasyl alýarlar.

Hudaýberen ABRAÝEW.

«Türkmenistan».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/27921

06.05.2021
Belent tagallalaryň ajaýyp miweleri

Her iş güni tamamlanandan soň, paýtagtymyzyň giň we arassa köçeleri bilen pyýada ýöräp, owadan binalary synlap barýarkaň, çar tarapdaky mahabat ekranlaryna, hususan-da, Aşgabadyň gözel künjeginde ýerleşýän «Mahabat» binasynda şöhlelendirilýän mahabatlara gözüň düşýär. Bu binanyň çar tarapa bakyp duran ekranlarynda hödürlenilýän harytlaryň we hyzmatlaryň ählisiniň milli öndürijilere degişli bolmagy göwnüňe ganat baglaýar. Ine, bu mahabatlarda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasatynyň nobatdaky miweleri şöhlelenýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurt başyna geçip, çuňňur oýlanyşykly we öňdengörüjilikli ykdysady özgertmelere badalga bermezden ozal, dükanlarymyzda we söwda merkezlerimizde alyjylara hödürlenilýän milli önümleriň görnüşlerini barmak büküp sanap bolýardy. Häzir bolsa gündelik durmuşymyzda sarp edýän önümlerimiziň esasy bölegi ýerli öndürijiler tarapyndan öndürilýär. Hyzmatlar ulgamynda hem ýerli kärhanalar öňe saýlanmagy başardy.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleri sanlyja ýylyň içinde döwrebap iş usullaryny ýola goýup, ýokary hilli önümleri öndürmek bilen, ýurdumyzda alyjylaryň isleglerini kanagatlandyrmaga we milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýan düzümleri döretdiler. Şolaryň biri hem Mary şäherindäki «Gerçek» haryt nyşanly aýakgap önümlerini öndürýän hususy kärhanadyr. Kärhanada kämil tehnologik enjamlar arkaly dürli görnüşli we dürli ölçegdäki aýakgaplar öndürilýär. Kärhanada hormatly Prezidentimiziň telekeçileri goldamak baradaky tagallalaryndan ruhlanyp, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini artdyrmak, şeýle hem iş orunlaryny köpeltmek boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar.

2015-nji ýylda «Gerçek» hususy kärhanasyny esaslandyran Aýhan Rejepowa häzirki wagtda jemgyýetçilik işinde hem tapawutlanýar. Işewür zenan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň işjeň agzasy, ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň ýanyndaky Türkmenistanyň Işewür zenanlarynyň merkeziniň Mary welaýat bölüminiň ýolbaşçysydyr. Şu ýyl Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygyna bagyşlanan serginiň çäklerinde «Ýylyň öňdebaryjy işewüri» ady bilen geçirilen bäsleşigiň «Ýylyň işewür senagatçysy» diýen ugrunda ýeňiji bolmagy bu işewür zenanyň yhlasynyň myrat tapýandygyny görkezýär.

Kärhananyň önümçilik sehlerinde zähmet çekýän işgärler işlerine uly jogapkärçilik bilen çemeleşýär. Häzirki wagtda kärhanadaky iş orunlarynyň sany 500-den geçip, şolaryň aglabasynyň gelin-gyzlardygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

— Kärhanamyzda hünärmenler tarapyndan ildeşlerimiziň isleglerini öwrenmek arkaly döwrebap, gelşikli we rahat aýakgaplaryň dürli görnüşleri öndürilýär. «Gerçek» haryt nyşanly önümleriň sanawynda, esasan, ýeňil aýakgaplar — gündelik durmuşda we gezelenç edilende geýilýän aýakgaplar, mata köwüşler, şeýle hem lukmançylyk edaralarynyň işgärlerine niýetlenilen aýakgaplar bar. Soňky wagtlarda kärhanada halk hojalygynyň dürli ugurlarynda ulanylyp bilinjek ädiklerem öndürilip başlandy — diýip, Aýhan Rejepowa gürrüň berýär.

Dogrudan-da, kärhanada öndürilýän önümleriň köpdürlüligi haýran galdyrýar. Işewür zenanyň aýtmagyna görä, bu ýerde ýylyň dört paslynyň her birinde geýmek üçin ýörite niýetlenen aýakgaplaryň 600-e golaý görnüşi taýýarlanylýar. Awtomatlaşdyrylan önümçilik kärhanasynda Türkiýe Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrylandyr. Kärhanada birnäçe bölüm hereket edip, olaryň her birinde işiň dürli tapgyrlary amala aşyrylýar. Mysal üçin, bir bölümde aýakgaplaryň aşaky bölegi guýulýan bolsa, beýleki birinde olaryň ýokarky bölegi taýýarlanylýar we bezelýär. Ýene birinde aýakgaplaryň sapakdan örülýän bölegi taýýarlanylýan bolsa, beýlekisinde ähli bölekler birleşdirilip, önüm taýýar görnüşe getirilýär we barlaghana ugradylýar.

Işewür zenan bilen söhbetdeş bolup, onuň bu işe girişmegi hem-de kärhanasynyň önümçilik kuwwatlylygy bilen gyzyklananymyzda, ol:

— Hormatly Prezidentimiziň belent tagallalarynyň netijesinde türkmen telekeçilerine dünýä tejribesini öwrenip, ýokary hilli önümleri öndürmek ugrunda uly mümkinçilikler döredildi. Men hem 2015-nji ýylda Türkiýe Respublikasyndaky iri aýakgap kärhanalarynyň birinde bolanymda, telekeçiligiň bu görnüşiniň ýönekeýligine göz ýetirip, haýal etmän bu ugurda işe girişmeli diýen karara geldim. Ilkibaşda, esasan, çagalar üçin niýetlenen aýakgaplary öndürmegi ýola goýan hem bolsak, bu gün islendik ýaşdaky adamlara niýetlenen önümlerimiz bar. Kärhanamyzyň önümçilik kuwwaty ýylda 19,5 million jübüt aýakgap öndürmäge niýetlenen. Emma häzirki wagtda bazaryň islegini göz öňünde tutup, ýylda 5,5-6 million jübüt köwüş öndürýäris. Olar diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, Owganystan Yslam Respublikasy we Gyrgyz Respublikasy ýaly goňşy döwletlerde hem uly meşhurlyga eýe bolýar. Geljekde bolsa, biz önümlerimiziň hilini yzygiderli ýokarlandyryp, Russiýa Federasiýasyna we beýleki Ýewropa döwletlerine eksporty ýola goýmagy maksat edinýäris — diýip gürrüň berdi.

Söhbedimiz Garaşsyz döwletimizde hususy işewürligiň ösdürilişi we telekeçiligi alyp barmagyň aýratynlygy, bu işlerde hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň şert-mümkinçilikleriniň ähmiýetine ýazanda, kärhananyň ýolbaşçysy:

— Ýurdumyzda senagatçylygy ösdürmek we telekeçilik bilen meşgullanmak üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň saýasynda telekeçilere ýer bölekleriniň bölünip berilmegi, ýeňillikli karzlaryň üpjün edilmegi, şeýle hem ýurdumyzda önümçilik üçin zerur bolan çig mal serişdeleriniň, elektrik energiýasynyň bahalarynyň ujypsyz bolmagy önümiň özüne düşýän gymmatynyň amatly bolmagyna ýardam edýär. Şunlukda, hili boýunça daşary ýurt harytlaryndan birjik-de kem bolmadyk milli önümlerimiz has elýeterli bahasy bilen tapawutlanýar. Bu bolsa olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar. Bize — işewür senagatçylara we telekeçilere halal zähmet çekip, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşmak ugrunda giň şertleri döredip berýän hem-de her bir işde nusgalyk görelde görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! — diýip, çuňňur kalbyndan çykýan alkyş sözlerini beýän etdi.

Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda zähmet çekýän ildeşlerimiz ýaly, «Gerçek» hususy kärhanasynyň agzybir işgärleri hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny uly zähmet ýeňişleri we mynasyp toý sowgatlary bilen garşylamagy maksat edinýärler. Biz hem olaryň alkyşa beslenen ýürek buýsançlaryna sesimizi goşup, Watanymyzyň abraýyny has-da belende galdyrmak hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak ugrunda edýän ýadawsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür we beýik işlerinde rowaçlyklary arzuw edýäris.

Ahmet GELDIÝEW,

«Watan».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27858

06.05.2021
Telekeçilik ösüş ýolunda

DÖWRÜŇ TALABYNDAN UGUR ALYNÝAR

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek babatdaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde, döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, diňe bir şäherlerimizde däl, eýsem, obalarda-da telekeçilik kärhanalarynyň köp sanlysy hereket etmek bilen, dürli pudaklarda amala aşyrylýan giň möçberli işlere mynasyp goşant goşýarlar. Olaryň hatarynda Görogly etrabynyň Yzmykşir geňeşliginiň çäginde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ynsan kalby» hususy kärhanasy hem bar. Biz bu kärhananyň ýolbaşçysy Agamyrat Söýünow bilen alnyp barylýan işler hakynda gürrüňdeş bolduk.

— Agamyrat, söhbedimizi kärhanaňyzyň döredilişinden, ilkinji ädimlerinden başlabereli! Sebäbi her bir işiň başlangyjy hem aladaly, hem gyzykly bolýar.

— Hemmämiziň bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň döwlet baştutanlygyna saýlanan ilkinji günlerinden başlap, esasy üns beren meseleleriniň biri-de telekeçiligi ösdürmekden ybarat boldy. Şeýle aladalaryň netijesinde, bu ugurda iş alyp barmak üçin derwaýys binýat, oňaýly şertler döredildi. Biz hem olar bilen tanyş bolup, hemmetaraplaýyn taýýarlyk görenimizden soň, 2014-nji ýylda şu kärhananyň işini ýola goýduk.

Kärhanamyzyň esasy ugry gurluşyk pudagyna degişli bolup durýar. Biz ilkinji ýyllardan öz işimizi welaýatymyzyň dürli ýerlerinde bilim ulgamyna dahylly jaýlarda, ýagny orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň binalarynyň durkuny täzelemekden, ýeňil hem-de düýpli abatlaýyş çärelerini geçirmekden başladyk. Şeýlelikde, olaryň ençemesini ýokary hilli abatlap, döwrebaplaşdyrdyk.

— Bu barada anygrak aýtsaňyz ýerlikli bolardy.

— Daşoguz şäherindäki, Gurbansoltan eje adyndaky, S.A.Nyýazow adyndaky, Görogly, Akdepe etraplaryndaky orta mekdeplerde, çagalar baglarynda şeýle işleri berjaý etdik. Jemläp aýdanymyzda, kärhanamyz tarapyndan olaryň 43 sanysynda durkuny täzelemek, abatlamak çäreleri ýerine ýetirildi.

— Siz şu döwürde bu işlerden başga-da, kärhanaňyzyň kerpiç öndürýän zawodyny hem gurup işe girizipsiňiz.

— Hawa, 2018-nji ýylda degişli resminamalary taýýarlap, şu zawodyň gurluşygyna girişdik hem-de ony geçen ýyl işe girizdik. Häzirki wagtda kerpiç zawodymyz doly güýjünde hereket edýär.

— Eger mümkin bolsa, ol barada giňişleýin maglumat berseňiz!

— Mälim bolşy ýaly, indi ençeme ýyllardan bäri ýurdumyz, şol sanda welaýatymyz medeni-durmuş maksatly binalaryň, saglyk öýleriniň, orta mekdepleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň örän köp gurulýan mekanyna öwrüldi. Häzir nirä barsaň hem, şeýle gurluşyklaryň gidip durandygyny özüňiz hem görýänsiňiz. Onsoň, bu il-ýurt bähbitli işlere öz goşandymyzy goşmak maksady bilen, kerpiç zawodyny gurmagy meýilleşdirdik hem-de ýaňy belleýşim ýaly, ony iki ýyla golaý wagtyň dowamynda gurup işe girizdik.

Kerpiç zawodymyzda ornaşdyrylan enjamlaryň esasy bölegi daşary ýurtdan, ýagny Hytaýdan getirildi. Muny aýtmagymyň sebäbi, şol enjamlar kerpiç öndürilişiniň netijesiniň ýokary hem-de hiliniň oňat bolmagyna düýpli mümkinçilik döredýär. Zawodymyzyň öndürijiligi möwsümde 5 million kerpiçden ybarat. Bu ýerde jemi 40-a golaý adam zähmet çekýär. Olar enjamlardan, gurallardan talabalaýyk peýdalanmagy doly başarýarlar. Toýly Begjanow, Dädebaý Haýydow, Täçmyrat Söýünow we beýlekiler şeýle yhlasly işgärlerimizdir.

— Agamyrat, häzirki döwürde diňe bir önüm öndürmek ýeterlik däl-de, ony ýerlemek hem gerek. Çünki soňky ýyllarda önüm öndürijiler barha köpelýär.

— Hakykatda haýsy ugurda bolanda hem, önüm öndürijileriň artmagy oňat zat. Çünki bu hyrydarlar üçin has giň mümkinçilikleri açýar. Şonuň bilen birlikde-de, ol biz — önüm öndürijilerden öz işimize has-da ykjam ýapyşmagy, öndürýän önümimiziň hiline aýratyn üns bermegi talap edýär. Dogrusyny aýdanda, häzir hyrydaryň göwni bitmese, ikinji sapar gelmezligi-de mümkin. Ynha, biz hem şu ýagdaýlara üns berip, öndürilýän kerpijiň ýokary hilli bolmagyny gazanmagy esasy wezipämiz hasaplaýarys.

— Gepiň gerdişine görä, hyrydarlaryňyzyň atlaryny-da aýdaýsaňyz!

— Öňi bilen olaryň sanynyň köpdügini belläsim gelýär. Ýöne, ynha, welaýatymyzyň çäklerinde ýaşaýyş jaýlaryny, beýleki binalary gurmakda giňden tanalýan «Körpegurluşyk», «Alýaprak», «Kuwwatly ýyldyz», «Rysgally dört dogan», «Çalýaprak» ýaly hususy kärhanalar biziň esasy hyrydarlarymyz bolup durýar. Biz olar bilen esli wagtdan bäri işleşip ýörüs. Bu hyzmatdaşlyk kärhanalarymyza-da, binalaryň çalt hem-de oňat hilli gurulmagyna-da oňyn täsirini ýetirýär.

— Agamyrat, häzirki wagtda telekeçilik kärhanalaryna önüm öndürmek bilen birlikde, bu ugurdaky işleri has-da giňeltmäge hem ýol açylýar. Belki, siziň hem bu babatda öz maksatlaryňyz, täze meýilnamalaryňyz bardyr?!

— Elbetde, Gahryman Arkadagymyzyň goldawy bilen, soňky ýyllarda telekeçilik kärhanalary üçin juda köp mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde telekeçileri oba hojalyk önümçiligine çekmek barada örän derwaýys teklipleri öňe sürdi, olaryň esasynda bu hakynda degişli çözgütler kabul edildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda «Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda» Karara gol çekdi. Bu aladalar telekeçilere hem uly goldaw boldy. Şunlukda, biz olardan peýdalanyp, kärhanamyzda maldarçylyk, guşçulyk boýunça hem iş alyp barmagy meýilleşdirdik. Häzirki wagtda bu ugurda zerur resminamalar, taslamalar taýýar edildi. Ýeri gelende aýtsak, biziň bu ugurda işleri ýola goýmaga doly mümkinçiligimiz bar. Kärhanamyzyň golaýynda giň meýdanlar, uly akar ýap, beýleki şertler bolup, olar maldarçylygy, guşçulygy ösdürmäge hem örän oňaýlydyr. Nesip bolsa, biz ýakyn ýyllarda bu ugurlarda-da netijeli işleri durmuşa geçireris.

— Agamyrat, beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Işleriňiz rowaç alsyn!

Söhbetdeş bolan Gutlymyrat AŞYROW,

«Daşoguz habarlary».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27831

06.05.2021
«Ellicot Dredges» amerikan kompaniýanyň Baş ýerine ýetiriji direktory Benjamin Sampter bilen iş maslahaty geçirildi

2021-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda «Ellicot Dredges» amerikan kompaniýanyň Baş ýerine ýetiriji direktory Benjamin Sampter bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi.

Iş maslahatyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Güýzgeldi Baýjanow şeýle hem Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Iş maslahatynyň maksady ýurdumyzyň suw hojalyk ulgamyny kämilleşdirmekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Soňky ýyllarda halk hojalygynyň dürli ulgamlarynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary, işewür düzümleri netijeli hyzmatdaşlygy berkitmekde oňyn işler alnyp barylýar.

Şu gezekki geçirilen «Ellicot Dredges» amerikan kompaniýanyň Baş ýerine ýetiriji direktory Benjamin Sampter bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy we olar boýunça pikir alyşmalar boldy.

Iş maslahatynyň ahyrynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary we işewür düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçilikleri, zerur şertleri döredip berýänligi, tutuş dünýäde ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende götermekde bimöçber işleri amala aşyrýanlygy üçin Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak belent başynyň aman, il-ýurt bähbitli umumyadamazt ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi

05.05.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Ýer-suw serişdelerini aýawly ulanmak azyk bolçulygynyň esasydyr

Milli Liderimiziň Ahal welaýatyna iş sapary

Ahal welaýaty, 4-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik işi hem-de onuň inžener-tehniki düzümleriniň desgalary bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynda suwdan rejeli peýdalanmak we tutuş suw hojalyk ulgamyna degişli meselelere aýratyn üns berdi.

Obasenagat toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmek hem-de onuň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň durmuşa geçirýän ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şol strategiýa bolsa halk hojalygynyň ähli pudaklaryny özgertmäge we döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir. Obasenagat ulgamynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga, dürli görnüşli, ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmaga ýardam edýär.

Soňky ýyllarda bazar ykdysadyýetine yzygiderli geçilmegi, telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagy netijesinde, oba hojalygynda hususy ulgam has işjeň häsiýete eýe bolýar. Türkmenistanda işewür düzümleriň netijeli işlemegi üçin zerur şertleriň döredilmegi netijesinde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri döretmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, azyk harytlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, olaryň eksportyny artdyrmak boýunça wezipeleri çözmäge saldamly goşant goşýan döwrebap ugurdaş önümçilikleriň sany barha artýar.

Şonuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow suw serişdelerini rejeli ulanmaga, ekin meýdanlaryny suwarmak meselelerine ylmy taýdan çemeleşmäge aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, suw hojalyk pudagynda suwa aýawly garamak ýörelgelerine hem-de ekologiýa ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy usullary we tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary Kaka etrabynda ýerleşýän “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün edýän suw göteriji bekediň golaýyndaky ýörite meýdança gonýar.

Hormatly Prezidentimiz suw göteriji bekediň suw eltiji akabasynyň hem-de suw durlaýjy desgasynyň işini synlap, bu desganyň tehniki üpjünçiligi bilen gyzyklandy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew milli Liderimizi “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň suw göteriji beketleriniň häsiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdyrdy. Bu suw göteriji beket dünýäniň iň öňdebaryjy tejribesi esasynda guruldy. Bu ýere ekinleri suwarmak üçin zerur bolan suw Garagum derýasynyň 630-njy kilometrliginden tehnologiýalaryň soňky gazananlary bolan, her biri 400 kilowatlyk 6 sany sorujy arkaly 1-nji suw bekedine gelýär.

Ondan soňra suw bu ýerden 12 kilometre golaý uzaklykda 61 metr beýiklikdäki 2-nji suw göteriji bekedine, ondan hem 10 kilometr uzaklykdaky 62 metr beýiklikde bolan 3-nji suw göteriji bekedine, soňra bolsa 5,5 kilometrden gowrak uzaklykda ýerleşýän 60 metr beýiklikdäki, göwrümi 70 müň kub metr bolan merkezi suw howdanyna guýulýar.

Soňra milli Liderimiz “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň 1-nji suw göteriji bekediniň işi bilen gyzyklandy. Wise-premýer E.Orazgeldiýew onuň önümçilik kuwwaty, wezipeleri hem-de tehniki häsiýetleri bilen tanyşdyrdy.

Kuwwatly göteriji enjamlaryň hereket edýän bekedine suw Garagum derýasyndan öz akymyna gelýär. Suw geçiriji ulgamyň umumy uzynlygy 27,5 kilometre golaýdyr.

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň işi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän wideogörnüşler hem hödürlenildi. Paýdarlar jemgyýeti miwe we beýleki gök önümleri öndürmek bilen meşgullanýar. “Gök bulut”, “Hemsaýa”, “Miweli atyz”, “Datly miwe” hojalyk jemgyýetleri onuň paýdarlary bolup durýar. “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetinde 345 iş orny döredildi.

Döwlet Baştutanymyzyň degişli Buýrugyna laýyklykda, hojalyk jemgyýetleriniň — paýdarlaryň her birine uzak möhletli ulanmak üçin Kaka etrabynyň “Watan” daýhan birleşiginiň çäginden 300 gektar ýer bölekleri bölünip berildi. Gök, miwe önümlerini hem-de üzüm öndürmek üçin bölünip berlen ýerleriň umumy meýdany 1200 gektara barabardyr.

“Gök bulut” hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kuwwaty ýylda 370 tonna hoz, 520 tonna alma, 120 tonna garaly, 140 tonna şetdaly, 1 müň 500 tonna armyt öndürmäge niýetlenendir.

“Hemsaýa” hojalyk jemgyýetinde ýylda 180 tonna badam hem-de 2 müň 100 tonna hurma öndürmek meýilleşdirilýär.

“Miweli atyz” we “Datly miwe” hojalyk jemgyýetleri hem badam öndürmäge ýöriteleşdirilendir. Bu ýerde ýylda bu gymmatly önümiň degişlilikde 340 we 320 tonnasyny almak göz öňünde tutulýar. Mälim bolşy ýaly, görnüşi bilen baglylykda, badam terligine azyk hökmünde ulanylýar, süýji-köke önümlerini hem-de dürli tagamlary taýýarlamakda goşundylar hökmünde peýdalanylýar. Ondan şeýle hem badam ýagy, goýaltma, hatda süýt hem taýýarlanylýar.

Mundan başga-da, tutuş hojalyk jemgyýetleri boýunça gök we beýleki önümleri, şol sanda banan we sitrus önümlerini ýetişdirmäge ýöriteleşdirilen tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen ýyladyşhanany gurmak üçin 80 gektar ýer bölünip berildi. Onuň önümçilik kuwwaty ýylda 8 müň tonna barabardyr.

Hojalyk jemgyýetleriniň her birinde degişli inžener-tehniki düzüm döredildi, ýollar çekildi, sowadyjy ammary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek boýunça önümhanalary gurmak göz öňünde tutulýar.

Wideoşekillerde “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň suw hojalyk desgalary hem-de suwaryş ulgamy barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Damjalaýyn suwaryş ulgamy arkaly miweli agaçlary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işi hem amala aşyrylýar.

Şeýlelikde, bu açyk paýdarlar jemgyýetiniň işi ýurdumyzyň bazarlaryny uly islegden peýdalanýan, tagamy hem-de saglyk üçin peýdalylygy bilen tapawutlanýan, dürli ýokary hilli miwe önümleri bilen üpjün etmek hem-de ýurdumyzda öndürilýän azyk harytlarynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça wezipeleri çözmäge ýardam etmelidir.

Soňra milli Liderimiziň garamagyna “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ekin meýdanlarynyň ýerleşişiniň Baş meýilnamasy hem-de suw hojalyk ulgamyna degişli taslamalar hödürlenildi.

Wise-premýer E.Orazgeldiýew suw göteriji bekediň 1-nji, 2-nji we 3-nji desgalary boýunça umumy maglumatlary beýan etdi. Suw bu ýerden howdana akdyrylýar we soňra damjalaýyn suwaryş ulgamy boýunça ekin meýdanlaryna barýar. Munuň özi suwuň tygşytly harçlanmagyna ýardam edýär, akabalaryň arassalygyny saklamaga mümkinçilik berýär. Ekin meýdanlaryny suwarmak işi awtomatlaşdyrylandyr we oňa sanly ulgam arkaly gözegçilik edilýär.

Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanow suw howdanlarynyň göwrümini giňeltmek, suw tygşytlaýjy öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň esasynda suwdan netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, şol sanda agrotehniki kadalara laýyklykda, gowaça we bugdaý ekinlerine ideg etmegiň barşy, galla oragyna guramaçylykly taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän çäreler hem-de döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly ekinleri suwarmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew TSTB-niň suw hojalyk desgalaryny gurmak, hususan-da, suwuň 35 — 50 göterim tygşytlanmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berýän tehnologiýalaryň esasynda hereket edýän suw göteriji beketleriň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şol suw degişli desgalaryň kömegi bilen Garagum derýasyndan 180 metr belentlige çykarylýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän sebitindäki işleriň ýagdaýy hem-de degişli pudaklarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hasabatda suw hojalyk meselelerini çözmek boýunça görülýän çäreler barada hem habar berildi.

Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitde, şol sanda oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işler we şunuň bilen baglylykda, suwdan rejeli peýdalanmagyň kämil usullaryny ornaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalar bilen tanşyp, degişli ýolbaşçylaryň ünsüni oba hojalyk önümçiligi bilen baglanyşykly suw hojalyk meselelerine çekdi.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalygynda suw serişdelerini tygşytly ulanmak maksady bilen, ähli işleri — gelýän suwy akdyrmakdan başlap, ony ekin meýdanlaryna ýetirmäge çenli gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady. Şu maksat bilen, öňdebaryjy usullaryň, bu ulgamda ylmy gazanylanlaryň hem-de dünýäniň iň gowy tejribesiniň ulanylmagy esasynda düzümleýin desgalary gurmak boýunça işleri dowam etmek wajypdyr.

Milli Liderimiz şeýle hem türkmen telekeçileriniň ýurdumyzda iri taslamalary hem-de özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagynyň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow telekeçileriň öz işinde innowasiýalardan, sanly ulgamy, ylmy-tehnologik gazanylanlary iş tejribesine giňden ornaşdyrmakdan ugur almalydygyny belledi.

Ýurdumyz suwy rejeli we netijeli ulanmak işinde uly tejribä eýedir. Suwa aýawly garamak türkmen halkyna gadymdan bäri mahsusdyr. Häzirki döwürde bu parasatly däpler ýurdumyzda tebigaty, hususan-da, suw serişdelerini goramak boýunça amala aşyrylýan maksatnamalaýyn çärelerde, ugurdaş taslamalary durmuşa geçirmekde öz beýanyny tapdy diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Şol taslamalaryň hatarynda Garagum sährasynyň merkezinde täsin gidrotehniki desganyň — “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygyny görkezmek bolar. Bu köl halk hojalygy babatda uly ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ekologiýa we durmuş babatda hem örän wajypdyr. Zeýkeşleriň suwlaryny gaýtadan ulanmak meselesini çözmäge gönükdirilen bu ägirt uly taslama Türkmenistanyň daşky gurşawa aýawly garaýşynyň aýdyň mysalydyr.

Şol taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakdan başga-da, ýurdumyzda suwuň ätiýaçlyk gory döredilýär. Tebigy taýdan arassalamagyň hem-de döwrebap tehnologiýalary ulanmagyň netijesinde, şol suwy obasenagat toplumynyň zerurlyklary üçin, şol sanda täze ýerleri özleşdirmek, öri meýdanlaryny giňeltmek hem-de ekin meýdanlaryny suwarmak, tehniki zerurlyklar üçin ulanmak bolar. Alymlar tarapyndan bu ulgamda degişli barlaglar geçirilýär. Şonuň bilen birlikde, bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Merkezi Aziýa sebitiniň ekologiýasyna oňyn täsir edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, oba hojalygyny durnukly ösdürmek hem-de azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak maksady bilen, tygşytlaýjy tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni we bu ulgamda ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly suwdan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak zerurdyr.

Suw serişdelerini dolandyrmaga, ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmaga, täze pudaklaýyn desgalary, suwaryş ulgamlaryny gurmaga toplumlaýyn, oýlanyşykly çemeleşme zerurdyr. Ekin meýdanlary suwarylanda, ekinleriň dürli görnüşleri üçin suwuň sarp edilişini hem-de ýerli toprak-howa şertlerini göz öňünde tutmak möhümdir.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, häzirki wagtda suw meselesine uzak möhletli geljek üçin umumydünýä ösüş meýilnamalaryndan üzňelikde garamagyň mümkin däldigini belledi. Şoňa görä-de, Türkmenistan sebit we ählumumy derejede “Suw diplomatiýasyny” ilerletmek, suw meselelerine halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň, özara hormat goýmak we bähbitleri nazara almak esasynda hem-de abraýly halkara guramalaryň gatnaşmagynda garamak hem-de çözmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, degişli ýolbaşçylara häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna daýanyp, suw hojalyk meselelerini çözmäge hem-de bu pudagy ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmäge degişli anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz şeýle hem dürli oba hojalyk önümlerini, şol sanda gök önümleri we miweleri ýetişdirmäge ylmy taýdan çemeleşmegiň zerurdygyny nygtap, gök önümleri gaýtadan işleýän ulgamyň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de artdyrmak boýunça degişli görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk hünärmenleri we alymlary bilen bilelikde işläp, Garagum derýasynyň suwunyň tygşytly peýdalanylmagyna möhüm üns berilmelidigini aýtdy. Şeýle hem milli Liderimiz bu derýanyň ekerançylygy, bagçylygy, maldarçylygy, aýratyn-da, balykçylygy ösdürmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi we bu babatda birnäçe öwüt-ündewlerini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumyny üstünlikli ösdürmek, onuň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek üçin suwdan rejeli peýdalanmagyň wajypdygyny ýene-de bir gezek belläp, hemmelere öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi hem-de dikuçarda bu ýerden ugrady.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27777?type=feed

05.05.2021
Asylly terbiýäniň gözbaşy

Ýaş nesle berilýän terbiýäniň halallyk we halal zähmet bilen utgaşykly alnyp barylmagy jemgyýetde arassa kalply, päk ahlakly, ruhubelent, dogruçyl, kämil şahsyýetiň kemala gelmeginde ilkinji ruhy gözbaş bolup hyzmat edýär. Ata-enäniň alyn deri, halal zähmeti, ýagşy gylyk-häsiýetleri perzentler üçin uly mekdepdir. Eşretli zamanamyzda ýaşaýan türkmen maşgalasyna agzybirlik, halallyk, asudalyk, birek-birege hormat goýmak, ulyny sylamak, kiçini söýmek, sabyr-kanagatlylyk ýaly iň gowy gylyk-häsiýetler mahsusdyr. Ynsan durmuşy, jemgyýetçilik ýaşaýşy, üstünlikleri Watana, halka, işine wepalylyk, halallyk ruhunda terbiýelenmegi bilen berk bagly bolup durýar.

Halallyk — halal zähmet, ynsaplylyk, ýagşylyk, päklik ýaly düşünjeleriň kemala gelmegini aňladýar. Şonuň üçin hem nesillerimize halallygy öwretmek, halal ýola ugrukdyrmak ýagty, bagtyýar geljegiň binýadyny gurup bilmekdir. Pederlerimiziň bize miras goýan «Halal zähmet — baky döwlet» diýen pähimi arassa zähmete, halal gazanja uly hormat goýulýandygyny, bagtyýar durmuşda halal zähmet çekmelidigini aňladýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde halkymyzyň durmuş derejesi ýokarlanýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, päk ýürekden we joşgunly zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şonuň üçin hem arassa, halal işlemek, eziz Watanymyza päk ýürekden gulluk etmek biziň her birimiziň borjumyzdyr.

Ata-babalarymyzdan gelýän: «Halal işle, haýyr tap!» diýen pähimden ugur alýan halkymyz bagtyýar durmuşy halal ýaşap, halal zähmet çekmekden gözleýär. Ilatyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmegi, raýatlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagyny döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitleýän hormatly Prezidentimiz ýaşlara milli terbiýe bermek barada aýratyn durup geçýär. Eger-de adam ýaşlykdan halallyga, bilim almaga we zähmet çekmäge uýgunlaşsa, ol durmuşda horluk çekmeýär. Şoňa görä-de, ýaşlary mekdep ýyllaryndan arassa, halal zähmet çekmäge endik etdirmek we bu endigi olaryň häsiýetine geçirmek terbiýeçilik ulgamynyň esasy wezipeleriniň biri hasaplanylýar. Çünki ýurdumyzyň, halkymyzyň geljegi terbiýeli ýaşlara baglydyr.

Halal baýlygyň çeşmesi zähmetdir. Halal zähmet çekmek, halal gazanmak jemgyýetiň agzybirligi, sagdynlygy we asudalygy barada aladalar bilen baglanyşyklydyr. Çünki dünýäde halal zähmet çekip, ak ýürekliligi bilen ýagşy at galdyrmak her bir ynsanyň borjudyr.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Zähmet endigini ele almadyk adam, edil elsiz-aýaksyz ýalydyr, ýönekeý ýagdaýlarda hem başyny çarap bilmän durandyr. Zandynda zähmet terbiýesi bolan adam hökman bir ugur tapar. Zähmet ugurtapyjylygy hem terbiýeleýär» diýip bellenilýär. Zähmet her bir adamyň ýüzüniň tuwagy, daşynyň goragydyr, bereket çeşmesidir, halal gazançdyr. Ynsanyň eýe bolan abraýy, hut halal, päk zähmetiň üsti bilen gazanylan hormat-sylagydyr, belent mertebesidir. Şonuň üçin hem köpi gören ata-babalarymyz «Zähmet soňy rehnet», «Halal işle, at gazan», «Işlemedik dişlemez», «Käri bolan har bolmaz» ýaly zähmet terbiýesi bilen bagly onlarça nakyllary döredipdirler. Zähmet çekmek adamy mätäçlikden, garaşlylykdan goraýar. Halal zähmet ynsanyň rahatlygyny üpjün edip, rysgalyny artdyrýar. Zähmet bilen gümra bolup ýören adamlaryň wagty hem hoş geçýär. Çünki zähmet adamy bikärlikden, ýaramaz endiklerden, ýakymsyz pikirlerden goraýar. Zähmet bilen taplanan adam paýhasly, akylly, salyhatly bolýar. Zähmet adamy ähli zada oýlanyşykly çemeleşmäge, gazanan emlägiňe şükrana bolup, halallygyň gadyryny bilmäge ugrukdyrýar. Lukmanlar hem zähmetiň adam bedenini berkidýändigini, aňyna gowy pikirleri guýýandygyny aýdýarlar.

Milleti has-da bitewileşdirýän, jemgyýetimiziň jebisligini polat ýaly taplaýan hoşmeýillilik ýüreklerimize ornady. Biziň her birimiz şeýle asylly ýörelgä eýermek bilen, halallygyň, sagdynlygyň hem ruhubelentligiň, ýagty geljegiň, bagtyýarlygyň dowamat bolmagynyň hatyrasyna gadamlarymyz barha batlanýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halal zähmetiň sarpasy belent tutulýar, asylly zähmet çekmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Biz — ýaşlar, halal zähmet çekip, hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödäp, Watana wepaly adamlar bolup zähmet çekeris. Döredijilikli we halal zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredýän, türkmen halkyna bagtyýarlygy peşgeş edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Maksat ÇARYÝEW,

Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň işgäri.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27728

05.05.2021
Köýtendagyň bal tagamly bakjasy

Etrap merkeziniň içinden geçip, sag egniňe öwrüleniňde, aýna ýaly tekiz ýol Garnas geňeşliginiň üstünden eltýär. Edil birki ýyllykda-da bu ýerler giden boşluk meýdandy. Häzir welin, ol ýerde Amyderýanyň ýakasyny jähekläp oturan döwrebap ýyladyşhana toplumy peýda bolupdyr. Has anyk aýtsak, ol ýerde häzir her biri 3,5 sotuk meýdanda ýerleşýän ýyladyşhanalaryň 38-si bar. Olaryň 27-sinde ekin ekilip, doly güýjünde hasyl ýygnalýar. Galan 11-si-de ekin ekmäge taýýar edilip ýör.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Baýpolat Ergeşowyň hususy eýeçilikde gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek maksady bilen ýyladyşhana toplumyny gurmak üçin bu ýerleri saýlap almagynyň öz sebäbi bar. Kakasy Ergeş Ýakubow uzak ýyllar «Dostluk» daýhan birleşiginde agronom bolup işlänsoň, onuň daýhançylykdan tejribesi ýetikdi. Şonuň üçin ol ýyladyşhana şertlerinde gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmegi maksat edinende, mes topragy göz öňünde tutupdy. Derýa ýakasynyň topragy ýumşak bolansoň, oňa sähel ideg etseň, bol hasyl alyp bolýar. Özi ýaly işjanly daýhanlaryň onusyny ýanyna alyp, işe başlan Baýpoladyň yhlasy ýerine düşdi. Olaryň mes topraga synag esasynda eken pomidorlary, hyýarlary we bulgar burçy ilkinji möwsümden bol hasyl berip başlady. Ikinji ýylda alnan hasyl öňküden biraz köp boldy. Soňra hasyllylyk ýyl-ýyldan artyp, gazanylýan ýokary netijeler ene topraga yhlas edýän telekeçileriň öňküden-de höwesli işlemegine itergi berdi.

Ynha, indi dört ýyl bäri Köýtendagyň bal tagamly gök we bakja önümleri diňe bir Lebap welaýatynyň däl, eýsem, paýtagtymyzyň hem bazarlarynda halkymyza terligine, elýeterli bahalardan hödürlenýär. Olara müşderiler tarapyndan islegiň barha artmagy bilen baglanyşykly telekeçi Baýpolat Ergeşow şeýle gürrüň berdi:

— Gurply toprakda, ýagny tebigy ýagdaýda ekilen gök-bakja ekinleri has tagamly hem ýokumly bolýar. Onda-da Amyderýanyň süýji suwundan ganyp ýatan meýdanlarda ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň tagamy has üýtgeşikdir. Idegini ýetirip dursaň, bu ýerler hasylyny bolluk bilen eçilýär. Ýyladyşhanalaryň 12-sinde pomidor, 5-sinde hyýar, galanlarynda hem bulgar burçuny ösdürip ýetişdirýäris. Geçen ýylyň sentýabr, oktýabr aýlarynda ekilen gök önümler ýylyň aýagyna ýetişip, ýygnalan hasyl Täze ýylyň baýramçylyk saçaklarynyň berekedine bereket goşdy. Pomidordan 1 tonna, hyýardan 8 tonna golaý hasyl aldyk. Bulgar burçundan alnan hasyl hem ep-esli boldy. Kakam bize topraga yhlas etmegi, ondan ýokary hasyl almagyň inçe tärlerini öwredipdi. Onuň: «Topraga näçe köp dökün berseň, şonça-da gurplanyp, hasyly köp berýändir» diýenleri gulagymda galypdyr. Şonuň üçin her möwsümde hasyly ýygnap alan dessimize, ýagny iýun-iýul aýlarynda ýyladyşhanalaryň her birine toprak bilen garyp, 30 tonna golaý ýerli dökün, ýagny ders berýäris. Ol geljek ýylyň hasylyna doly ýetýär.

Pomidoryň «Ibn Sina» diýlip atlandyrylan görnüşini ekýäris. Bu görnüş topraga ekilende hasyly köp berýär. Galyberse-de, ol toprak arkaly gelip biläýjek zyýan berijilere durnukly. Onsoňam, daýhançylykda «Ekiniňki suw bilen» diýen aýtgy-da bardyr. Jeýhunyň süýji suwundan ganan topragyň hasyly görseň, düzüm-düzümdir, tüweleme, ýygnap ýetişseň, bişip ýetişýär. Bu — bereketden nyşan. Ony döretmek üçinem şert gerek. Hormatly Prezidentimiz biz, telekeçilere oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ähli ýeňillikli şertleri döredip berdi. Bizem öz gezegimizde yhlasly işläp, döwlet Baştutanymyzyň aladalaryna mynasyp zähmetimiz bilen jogap bermäge çalyşýarys.

Halkymyzy ýylyň ähli paslynda ýokuma baý, saglyk üçin peýdaly gök we bakja önümleri bilen üpjün etmäge ähli şertleri döredip, il-günüň saglygy, ak bazarlarymyzyň bolçulygy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Keýik UMAROWA.

«Türkmenistan». Surata düşüren Merdan ORAZOW.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27759

05.05.2021