Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, döwrümiziň beýik binagäri hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz Türkmenistan iri gurluşyk meýdançasyna, belent-belent binalaryň, köşgi-eýwanlaryň mekanyna öwrüldi. Gurulýan binalaryň hatarynda köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, kottej toplumlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň bolmagy milli Liderimiziň öňe süren «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini ýene bir ýola aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklarynyň netijesinde şol binalarda binagärligiň gadymy milli däpleri häzirki zaman arhitekturasynyň gazananlary bilen sazlaşykly utgaşdyrylýar. Bu bolsa halkymyzyň binagärlik ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändigini hem-de zamanabap derejede kämilleşdirilýändigini subut edýär. Şu babatda gürrüň edilende, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda gurlup ulanylmaga berlen, ýene-de sanlyja günlerden bolsa Balkan, Daşoguz welaýatlarynda-da açyljak «Türkmeniň ak öýi» binalary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Olary synlan islendik adam geçmişde halkymyzy ýel-ýagmyrdan, yssy-sowukdan goran bu täsin öýleriň häzirki zaman keşbine haýran galýar. Döwrebap çözgütler esasynda gurulýan «Türkmeniň ak öýi» binalary, aýratyn-da, daşary ýurtly jahankeşdelerdir binagärlerde uly gyzyklanma döredýär.
Milli Liderimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde ýurdumyzda amala aşyrylýan iri gurluşyk taslamalarynyň ählisini diýen ýaly, indi hut türkmen gurluşykçylary ýerine ýetirýärler. Olar bu ugurda uly tejribe topladylar. Gurulýan döwrebap binalaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamalaryň berilmegi döredijilikli işläp, täzeçe gözleglere ymtylýan milli gurluşykçy hünärmenlerimiziň yhlasly zähmetiniň halkara derejedäki ykrarnamasydyr.
Türkmen gurluşykçylary paýtagtymyzy ösdürmegiň tapgyrlary, Halkara howa menzilleri, medeni-durmuş maksatly binalar, ýyladyşhanalardyr önümçilige niýetlenilen beýleki dürli görnüşli desgalar ýaly, iri gurluşyklaryň taslamalaryny amala aşyrdylar. Häzirki wagtda bolsa olar Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezi, «Aşgabat — Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýaly iri taslamalary durmuşa geçirýärler. Munuň özi olaryň ýurdumyzda geljekde amala aşyryljak iri gurluşyklarda, şol sanda şäher içindäki şähere öwrüljek «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumynyň gurulmagynda-da guwandyryjy netijeleri gazanjakdygyna ynamy berkidýär. Milli Liderimiziň tabşyryklarydyr sargytlaryndan ugur alnyp, şeýle iri möçberli gurluşyklaryň taslamalarynyň taýýarlanylmagydyr ýerine ýetirilmegine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy, Telekommunikasiýalar we informatika instituty ýaly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň — geljekki arhitektorlaryň, dizaýnerlerdir programma operatorlarynyň hem çekilmegi ýurdumyzda bu pudagyň geljeginiň has-da uludygyndan habar berýär.
Milli binagärlik däpleriniň mynasyp dowam etdirilmegine, ýurdumyzda gurluşyk pudagynyň döwrebap derejede ösdürilmegine uly ähmiýet berýän, bu ugurda ähli zerur şertleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Tirkiş JUMADURDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/33826