Intellektual eýeçilik ulgamy: ösüşiň hukuk esaslary

Intellektual eýeçiligiň obýektlerini hukuk taýdan goramak boýunça halkara ýörelgelere laýyk gelýän kanunçylyga esaslanýan bu ulgam senagat, ylym we awtorlyk hukugy çygrynda döwletiň üstünlikli ösüşiniň esaslarynyň biri bolup durýar. Intellektual eýeçiligi goramak çygryndaky kanunçylygyň esaslary, döwlet gullugy we hünärmenler intellektual mümkinçilikleri ösdürmäge, tehniki innowasiýalary ornaşdyrmaga, şol sanda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge şert döredýär.

Milli ulgam 1993-nji ýyldan bäri hereket edýär. 2008-nji ýylda bu ugurda birnäçe täze kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi hem-de 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň döredilmegi, şeýle hem 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda «Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzda bu ugry ösdürmäge uly üns berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy intellektual eýeçiligiň obýektlerini döretmek, goramak we peýdalanmak bilen baglanyşykly gatnaşyklary hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň esasy çeşmesi bolup durýar. Onda her bir adamyň medeni durmuşa gatnaşmaga, çeper, ylmy we tehniki döredijiligiň erkinligine hukugynyň bardygy, ylmy, tehniki döredijilikde, şeýle hem çeperçilik, edebiýat we medeniýet işinde awtorlyk hukuklarynyň hem-de bähbitleriniň kanun bilen goralýandygy kesgitlenilýär.

Ykdysadyýetde we söwdada bazar gatnaşyklarynyň ösüşi, ýurduň senagat eýeçiliginiň goragy, haryt nyşanlary, hyzmat ediş nyşanlary ulgamynda halkara ylalaşyklaryň we şertnamalaryň birnäçesine goşulmagy hereket edýän kanunçylygy düýpli kämilleşdirmegi talap etdi. Milli parlament tarapyndan kabul edilen Türkmenistanyň Kanunlary intellektual eýeçilik boýunça hukuk giňişligini döretmäge mümkinçilik berdi.

Hormatly Prezidentimiziň çykyşlarynda oýlap tapyşlary we beýleki ylmy-tehniki gazananlary peýdalanmagyň möhüm ähmiýeti, ylmyň önümçilik bilen ýakyndan arabaglanyşygyny ýola goýmagyň zerurlygy barada yzygiderli nygtalýar. Intellektual iş hem-de onuň netijelerini halk hojalygynda netijeli ornaşdyrmagyň şu we beýleki meselelerini çözmekde möhüm serişdeleriň biri-de intellektual eýeçilik hakynda kanunçylygyň kemala getirilmegi we yzygiderli kämilleşdirilmegi bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen, «Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda», «Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakynda», «Haryt nyşanlary hakynda», «Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakynda», «Rasionalizatorçylyk işi hakynda», «Senagat nusgalarynyň hukuk goragy hakynda», «Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak hakynda» we başga-da birnäçe Kanunlaryň kabul edilmegi ulgamyň kanunçylyk esaslaryny kämilleşdirmäge, ony halkara talaplara laýyk getirmäge mümkinçilik berdi. Mundan başga-da, «Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, intellektual eýeçilik hukuklaryny goramak boýunça alnyp barylýan işleri utgaşdyrmak, ulgamyň obýektlerini goramak babatda hukuk bozulmalaryň öňüni almak boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirmek, şeýle hem bu ugry halkara kadalara laýyklykda has-da ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň maý aýynyň 21-ine geçirilen nobatdaky mejlisinde intellektual eýeçiligiň obýektlerini goramak boýunça Pudagara topary döretmek hakynda Karara gol çekdi we onuň düzümini hem-de düzgünnamasyny tassyklady. Topar intellektual eýeçiligiň hukuklaryny goramakda kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek, bu ugurda halkara şertnamalardan gelip çykýan borçlar babatda alnyp barylýan işleri utgaşdyrmak, ynsapsyz bäsdeşligiň öňüni almak we intellektual eýeçiligiň obýektleriniň medeniýetli bazaryny döretmek boýunça degişli işleri durmuşa geçirer.

Toparyň döredilmegi halkara tejribeleri göz öňünde tutmak bilen, intellektual eýeçilik ugrunda hukuk bozulmalaryň öňüniň alynmagynda hem-de hukuk eýeleriniň hukuklarynyň goralmagynda, ýurtda täze oýlap tapyşlaryň, senagat nusgalarynyň, haryt nyşanlarynyň we beýlekileriň döremegine milli haýyşnamaçylaryň höwesini artdyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Intellektual eýeçilik bilen bagly meseleleri düzgünleşdirýän kanunçylygyň ähmiýeti milli ykdysadyýetde amala aşyrylýan düýpli özgertmeler we onuň ähli pudaklar boýunça durnukly ösüş depginleri bilen kesgitlenýär. Innowasion tehnologiýalaryň netijeli ornaşdyrylmagy oýlap tapyşlary, senagat nusgalaryny döretmekde we özleşdirmekde, öndürilýän önümleriň we hyzmatlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmekde eýeçiligiň ähli görnüşli kärhanalarynyň we guramalarynyň gyzyklanmasyny ýokarlandyrmak arkaly gazanylýar. Şunda işgärleriň intellektual işini höweslendirmegiň gurallaryny kämilleşdirmek möhüm ähmiýete eýedir.

Milli intellektual eýeçilik ulgamy döredileli bäri halkara hyzmatdaşlyk babatda uly üstünlikler gazanyldy. Munuň özi intellektual eýeçilik çygrynda halkara ulgama goşulyşmagymyza ýardam etdi. Häzirki wagtda biziň ýurdumyz intellektual eýeçilik babatda halkara konwensiýalaryň we ylalaşyklaryň 15-siniň agzasydyr.

Halkara ylalaşyklar Garaşsyzlyk ýyllarynda milli bazara uly höwes bildirýän daşary ýurt kompaniýalary, kärhanalary ýa-da şahsy taraplar üçin uly mümkinçilikleri döretdi. Daşary ýurtly haýyşnamaçylar milli ýa-da halkara hasaba alnyş arkaly, Türkmenistanyň çäginde senagat eýeçiliginiň obýektleriniň gorag hukugynyň eýeleri bolup bilerler. Halkara derejedäki hyzmatdaşlara Intellektual Eýeçiligiň Bütindünýä Guramasy, Ýewraziýa Patent Guramasy hem-de bu ulgamda hereket edýän beýleki abraýly guramalar degişlidir. Intellektual Eýeçiligiň Bütindünýä Guramasy we Ýewraziýa Patent Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklamak, gatnaşyklaryň örüsini giňeltmek, şeýle hem intellektual eýeçilige degişli hukuklary goramak ugrunda halkara we milli tejribe bilen tanyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan milli we sebitleýin okuw maslahatlary geçirilýär. Halkara guramalar we daşary ýurt döwletleriniň bilermenleri bilen guralýan maslahatlara we simpoziumlara işjeň gatnaşmak işgärleriň hünär taýýarlygyny artdyrmaga hem-de özara tejribe alyşmaga giň mümkinçilik berýär.

Gysga döwrüň içinde intellektual eýeçilik çygrynda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini özünde jemleýän häzirki zaman kanunçylyk esaslarynyň kemala getirilmegi döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady hem-de demokratik özgertmeler ýoly bilen okgunly ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam berýär.

Nazarmuhammet BABAÝEW,

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/33828